Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 19-njy madda)
(20.12.2014 ý. № 164-V, 18.06.2016 ý. № 414-V we № 419-V, 02.03.2019 ý. № 127-V, 20.04.2020 ý. № 246-VI, 22.08.2020 ý. № 267-VI, 05.06.2021 ý. № 386-VI, 20.11.2022 ý. № 512-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI, 25.11.2023 ý. № 75-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet serhedi
Türkmenistanyň Döwlet serhedi (mundan beýläk – Döwlet serhedi) – Türkmenistanyň döwlet çäginiň (gury ýeriniň, ýer astynyň, suwunyň we howa giňişliginiň) çäklerini kesgitleýän çyzykdyr we şol çyzyk boýunça dik geçýän tekizlikdir, ýagny Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygynyň hereketiniň giňişlik çägidir.
2-nji madda. Döwlet serhedinde hukuk gatnaşyklaryny
düzgünleşdirmegiň ýörelgeleri
Türkmenistan öz Döwlet serhedini bellemekde we ony üýtgetmekde, ýanaşyk döwletler bilen gatnaşyklary saklamakda, şeýle hem serhetýaka etraplarynda hem-de halkara gatnaw ýollarynda hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde aşakdaky ýörelgelerden ugur alýar:
1) Türkmenistanyň howpsuzlygyny we halkara howpsuzlygyny üpjün etmek;
2) daşary ýurt döwletleri bilen birek-birege peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak;
3) serhet meselelerini parahatçylykly ýol bilen çözmek.
3-nji madda. Döwlet serhedi hakynda Türkmenistanyň
kanunçylygy
1. Döwlet serhedinde Türkmenistanyň öz ygtyýarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen Döwlet serhedi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz önünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
4-nji madda. Döwlet serhedini bellemek
1. Döwlet serhedi şu aşakdaky tertipde bellenilýär:
1) gury ýerde – ýeriň relýefiniň häsiýetli belli nokatlary we çyzyklary ýa-da aýdyň görnüp duran belgiler boýunça;
2) deňizde – Türkmenistanyň çäk deňziniň daşky çägi boýunça;
3) gämi gatnawy bolan derýalarda – derýanyň esasy gämi gatnaw ýolunyň orta aralygy boýunça; gämi gatnawy bolmadyk derýalarda (çeşmelerde) - olaryň hanasynyň orta aralygy boýunça ýa-da derýanyň (çeşmäniň) esasy akymynyň orta aralygy boýunça; köllerde we beýleki suwlarda – Döwlet serhediniň kölüň ýa-da beýleki suwlarynyň kenaryna çykyşlaryny birleşdirýän göni çyzyk boýunça. Derýa (çeşme), köller we beýleki suwlar boýunça geçýän Döwlet serhedi olaryň kenarlarynyň sudurynyň ýa-da suwuň derejesiniň üýtgemegi, şeýle hem derýanyň (çeşmäniň) hanasynyň bir ýa-da beýleki tarapa süýşmegi bilen ýerini üýtgetmeýär;
4) suw howdanlarynda we beýleki emeli suw desgalarynda – olar suwdan doldurylýança Döwlet serhediniň çyzygy bilen baglylykda geçýän ýerlerinde;
5) demir ýol we gara ýol köprülerinde, bentlerde we beýleki desgalarda – suwda Döwlet serhediniň geçişine garamazdan şu desgalaryň orta aralygy ýa-da olaryň tehnologiki oky boýunça.
2. Türkmenistanyň çäk deňzine ini 12 deňiz miline barabar bolan Hazar deňziniň kenarýaka suwlary degişlidir. Deňiz milleri Türkmenistana degişli materikde hem, adalarda hem has uly gaýtgynyň çäk çyzygyndan ýa-da degişli nokatlary birikdirýän göni çäk çyzyklarynyň başlanýan ýerinden hasaplanylýar. Şol nokatlaryň geografik koordinatlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
3. Türkmenistanyň сäk deňziniň çäklerinde taze dörän adalar Türkmenistanyň çäginiň bir bölegi hasaplanylýar.
4. Hazar deňziniň akwatoriýasynda, ýagny onuň ýanaşyk döwletleriň çäk deňzi bilen galtaşmaýan ýerinde Döwlet serhedi Türkmenistanyň çäk deňziniň daşarky çägi boýunça bellenilýär.
Bäşinji bölek 20.11.2022 ý. № 512-VI Türkmenistanyň Kanuny bilen güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.
6. Türkmenistanyň içerki suwlaryna şu aşakdakylar degişlidir:
1) Hazar deňzindäki Garabogazköl, Türkmenbaşy we Türkmen aýlaglarynyň suwlary;
2) Türkmenistanyň deňiz portlarynyň suwlary, ýagny portlaryň gidrotehniki we beýleki desgalarynyň deňiz tarapyna has daşlaşyp gidýän nokatlarynyň üsti bilen geçýän göni çäk çyzygy bilen çäklendirilen suwlar;
3) kenarlary Türkmenistana degişli bolan derýalaryň, kölleriň we beýleki suwly ýerleriň Döwlet serhedine çenli bolan suwlary.
7. Döwlet serhedi Türkmenistanyň baglaşan döwletara şertnamalary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden kararlary esasynda bellenilýär hem-de üýtgedilýär.
5-nji madda. Döwlet serhedini goramak we gorap saklamak
1. Milli howpsuzlygy üpjün etmegiň döwlet ulgamynyň düzüm bölegi hökmünde Döwlet serhedini goramak öz ygtyýarlyklarynyň çäginde döwlet edaralarynyň bilelikdäki ylalaşylan hereketlerinde kabul edilen syýasy, harby, dessin-agtaryş, diplomatik, gümrük, ykdysady, ekologiki we beýleki çärelerden ybaratdyr.
2. Döwlet serhediniň goralyp saklanylmagy Döwlet serhedini goramagyň esasy bölegi bolup, Döwlet serhedinde milli bähbitleri durmuşa geçirmäge päsgelçilik berýän şertleri, ýagdaýlary ýa-da olara howp döredilmegini ýüze çykarmak we öňüni almak boýunça hukuk, guramaçylyk, goşunçylyk, dessin-agtaryş, gümrük, tehniki, habar beriş çärelerini yzygiderli geçirmekden ybaratdyr.
3. Döwlet serhedini goramak döwlet edaralarynyň Türkmenistanyň kanynçylygynda bellenen ygtyýarlyklarynyň çäginde olaryň üstine ýüklenilýär.
4. Gury ýerde, deňizde, derýalarda (çeşmelerde) we beýleki suwlarda Döwlet serhediniň goralyp saklanylmagy Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň üstüne ýüklenen, ol serhet giňişliginde Döwlet serhediniň düzgüni barada halkara şertnamalaryň we Döwlet serhedi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ähli şahslar tarapyndan berjaý edilmegine gözegçilik etmek bilen amala aşyrylýar.
5. Türkmenistanyň Howa giňişliginiň goralyp saklanylmagyny Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri amala aşyrýarlar.
6. Türkmenistanyň çägini dürli kesellerden, ösümlikleriň we haşal otlaryň zyýanlaryndan gorap saklamak Türkmenistanyň Saglygygoraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy we Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan amalaaşyrylýar.
7. Döwlet serhedinde Türkmenistanyň ykdysady bähbidini gorap saklamak Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.
8. Raýatlar we döwlet eýeçiliginde bolmadyk kärhanalar Döwlet serhedini goramaga we gorap saklamaga olaryň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we halkara şertnamalarynda kesgitlenen hukuklarynyň çäklerinde gatnaşyp biler.
6-njy madda. Döwlet serhedini belgilemek
1. Döwlet serhedi ýerlerde aýdyň görünýän serhet belgileri bilen belgilenilýär.
2. Serhet belgileriniň görnüşleri we olaryň beýany Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar.
Esasy serhet belgileriniň sütünlerinde Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň, şeýle hem parahatçylygyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň nyşany bolan iki tarapa ýaýrap gidýän altynsöw zeýtun şahalarynyň şekilleri ýerleşdirilýär.
3. Serhet belgileriniň ölçegleri, olary oturtmagyň we saklamagyň tertibi Türkmenistanyň baglaşan ýa-da ykrar eden halkara şertnamalary arkaly kesgitlenýär.
7-nji madda. Türkmenistanyň serhet giňişligi we oňa gözegçilik
1. Türkmenistanyň serhet giňişligi bu Döwlet serhedini, Döwlet serhediniň üstünden geçilýängözegçilik-geçiriş ýerlerini we olar bilen bagly ýerleri (desgalary) (mundan beýläk - gözegçilik-geçiriş ýerleri), serhet sebitini, serhet gözegçilik zolagyny, serhet zolagyny Türkmenistanyň çäk deňzini, içerki suwlaryny öz içine alýan giňişlikdir. Türkmenistanyň serhet giňişligine gözegçilik etmek serhet bozulmagynyň alamatlaryny hem-de Türkmenistanyň serhet giňişliginde bellenilen kadalary bozýanlary ýüze çykarmak we öňüni almak boýunça döwlet çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar.
2. Türkmenistanyň serhet giňişligine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy we Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly ygtyýarly edilen beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
8-nji madda. Döwlet serhedi hakynda meseleleri
düzgünleşdirmegiň tertibi
1. Döwlet serhedini geçirmek we bellemek – Döwlet serhediniň ýazgysyny ýazmak we ony karta geçirmek (delimitasiýa) we ony ýerinde kesgitlemek (demarkasiýa), şeýle hem serhet belgilerini dikeltmek (redemarkasiýa) meselelerini düzgünleşdirmek maksady bilen döwletara toparlar döredilýär.
2. Döwlet serhediniň ýazgysyny ýazmak we ony karta geçirmek, ony ýerinde kesgitlemek, şeýle hem serhet belgilerini dikeltmek boýunça döwletara toparynyň türkmen tarapyna degişli resminamalary Türkmenistanyň Prezidenti tassyklaýar.
II BAP. DÖWLET SERHEDINIŇ DÜZGÜNINI
ÜPJÜN ETMEK
9-njy madda. Döwlet serhediniň düzgüni
1. Döwlet serhediniň düzgüni:
1) Döwlet serhedini saklamagyň;
2) adamlaryň, ulag serişdeleriniň Döwlet serhedinden geçmeginiň hem-de ýükleriň we zatlaryň serhediň üstünden geçirilmeginiň;
3) Döwlet serhedinde hojalyk we beýleki işi alyp barmagyň;
4) serhet hadysalaryny-düşünişmezliklerini çözmegiň kadalaryny öz içine alýar.
2. Döwlet serhediniň düzgüni Türkmenistanyň döwletara şertnamalary esasynda bellenilýar we onuň berjaý edilmegi şu Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen üpjün edilýär.
10-njy madda. Döwlet serhedini saklamak
Döwlet serhedini saklamak Döwlet serhediniň demarkasiýasy we redemarkasiýasy hakynda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.
11-nji madda. Döwlet serhedinden geçmegiň tertibi
1. Adamlaryň, ulag we beýleki tehniki serişdeleriň Döwlet serhedinden geçmegi halkara gatnaw ýollary ýa-da Türkmenistanyň döwletara şertnamalary we ylalaşyklary ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen kesgitlenilen gaýry ýerler boýunça amala aşyrylýar. Gidilýän ugurlar hem-de gözegçilik-geçiriş ýerine çenli barmagyň we yzyna gaýtmagyň tertibi şol namalarda bellenilýär, şunda adamlaryň, zatlaryň, haýwanlaryň ulag serişdelerinden düşürilmegine hem-de olaryň alynmagyna ýol berilmeýär.
2. Harby däl deňiz we derýa gämileri we harby gämiler Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan hem-de «Deňizde ýüzüjiler üçin mälim etmeler» atly neşirde çap edilýän kadalara laýyk1ykda Döwlet serhedinden geçýärler hem-de Türkmenistanyň içerki suwlaryna, duralgalaryna we portlaryna girýarler.
Daşary ýurt suwasty gämileri we beýleki suwasty ulag serişdeleri Döwlet serhedinden geçende, Türkmenistanyň çäk deňzinde we içerki suwlarynda hereket edende suwuň ýüzünde ýüzmeli we baýdagy galdyrylan ýagdaýda bolmaly.
3. Howa gämileri tarapyndan Döwlet serhedinden geçmek onuň halkara ýollary bilen kesişýän ýerlerinde ýa-da şu maksatlar üçin ýörite bölünip berlen howa koridorlary boýunça ýerine ýetirilýär, muňa Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak hakynda düzgünnama bilen tertibi kesgitlenilýän uçuşyň aýratyn halatlary girmeýär.
Howa koridorlary baradaky maglumatlar Türkmenistanyň aeronawigasiýa maglumatlarynyň ýygyndysynda çap edilýär.
4. Döwlet serhedinden geçen howa gämilerini gondurmak we daşary ýurda gidýän howa gämilerini uçurmak diňe halkara uçuşlary üçin açyk aeroportlarda geçirilýär. Şeýle aeroportlaryň sanawy Türkmenistanyň aeronawigasiýa maglumatlarynyň ýygyndysynda çap edilýär.
5. Türkmenistanyň ýa-da daşary ýurt döwletiniň çäklerinde aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramak howpy dörän halatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda şol howp dörän ýerler bilen Döwlet serhediniň üstünden gatnaw wagtlaýyn çäklendirilip ýa-da ýatyrylyp bilner we bu barada degişli döwletleriň häkimiýetlerine habar berilýär.
12-nji madda. Döwlet serhedinden geçilende adamlaryň borçlary
Döwlet serhedinden halkara gatnawlary üçin açylan gözegçilik-geçiriş ýerleriniň üstünden geçýän adamlar öz şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryny, şeýle hem ulag serişdelerini gözden geçirmek üçin serhet gözegçilik edaralaryna görkezmäge borçludyr.
13-nji madda. Döwlet serhediniň golaýynda hojalyk we beýleki işleri alyp barmagyň tertibi
1. Döwlet serhedinde Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hojalyk, pişe-kär, barlag, gözleg we beýleki işleri, şol sanda bilelikdäki işleri alyp barmagy Türkmenistanyň halkara şertnamalary we Türkmenistanyň kanunçygy esasynda hem-de şol işler geçirilende Döwlet serhedinde degişli tertibi üpjün etmek bilen amala aşyrylýar.
2. Döwlet serhedinde hojalyk işiniň ähli görnüşlerini amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň ygtyýarly wekilleri bilen ylalaşylyp, ýerli şertleri göz öňünde tutmak bilen Türkmenistanyň ygtyýarly edaralary tarapyndan bellenilýär.
14-nji madda. Serhet hadysalaryny-düşünişmezlikleri
çözmegiň tertibi
Döwlet serhediniň düzgüniniň bozulmagy bilen bagly serhet hadysalaryny-düşünişmezliklerini çözmegiň, olary Türkmenistanyň serhet wekilleriniň ygtyýarlygyna degişli etmegiň tertibi Türkmenistanyň ýanaşyk döwletler bilen Döwlet serhedi we onuň düzgüni hakynda şertnamalary, Türkmenistanyň halkara şertnamalary, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.
15-nji madda. Pişe-kär, barlag we gözleg işiniň gadagan
edilmegi
Türkmenistanyň çäk deňzinde we içerki suwlarynda daşary ýurt raýatlarynyň, harby däl gämileriň we harby gämileriň pişe-kär, barlag hem-de gözleg işini alyp barmagy gadagan edilýär, bu işleriň Türkmenistanyň Prezidentiniň rugsat bermegi bilen ýa-da Türkmenistanyň baglaşan döwletara şertnamalary esasynda alnyp barylýan halatlary muňa girmeýär.
16-njy madda. Döwlet serhediniň düzgünini bozujylar
Döwlet serhediniň düzgünini bozujylara şu aşakdakylar degişlidir:
1) Döwlet serhedini saklamagyň tertibini, Döwlet serhedinde hojalyk, pişe-kär, barlag hem-de gözleg we beýleki işlerini alyp barmagyň kadalaryny bozan adamlar;
2) bellenilmedik ýerlerde Döwlet serhedinden aragatnaşygy amala aşyrýan, serhetde dürli işleri, hojalyk, pişe-kär, barlag we beýleki işleri alyp baranda Döwlet serhedinden geçmegiň kadalaryny bozan adamlar;
3) Döwlet serhedinde hem-de Türkmenistanyň serhet derýalarynyň, kölleriniň we beýleki suw howdanlarynyň suw böleginde dürli işleri, hojalyk, pişe-kär, barlag we beýleki işleri alyp barýan, şeýle hem Türkmenistanyň içerki suwlarynda we çäk deňzinde bolmagyň we onda ýüzmegiň kadalaryny bozan Türkmenistanyň we daşary ýurduň harby däl gämileri we harby gämileri;
4) Türkmenistanyň portlarynda ýa-da içerki suwlarynda ýüzmegiň we onda bolmagyň kadalaryny bozan daşary ýurt harby däl we harby gämileri;
5) Döwlet serhedinde aerofotosuraty we beýleki işleri alyp baranda uçmagyň kadalaryny we düzgünlerini bozan howa gämileri we beýleki uçuş serişdeleri.
6) adamlaryň, ulag serişdeleriniň Döwlet serhedinden geçmeginiň hem-de ýükleriň we zatlaryň serhediň üstünden geçirilmeginiň kadalaryny bozan adamlar.
17-nji madda. Döwlet serhedini bozujylar
Döwlet serhedini bozujylara şu aşakdakylar degişlidir:
1) Döwlet serhedini gözegçilik-geçiriş ýerlerinden başga ýerden dürli usullar bilen ýa-da gözegçilik-geçiriş ýerlerinden ýöne ondan geçmegiň düzgünlerini bozmak bilen geçen ýa-da geçmäge synanyşan adamlar;
2) Türkmenistandan bikanun gitmek maksady bilen daşary ýurt ýa-da daşary ýurda barýan ulag serişdeleriniň içine giren ýa-da girmäge synanyşan adamlar;
3) Türkmenistanyň çäk deňzine ýa-da içerki suwlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň serhet derýalarynyň, kölleriniň we suw howdanlarynyň suw bölegine girmegiň kesgitlenen düzgünini bozup giren daşary ýurt harby däl we harby gämileri, şonuň ýaly-da Döwlet serhedini suw asty ýagdaýda bozan daşary ýurt suwasty gämileri we beýleki suwasty ulag serişdeleri;
4) degişli rugsady bolmazdan Döwlet serhedini bozup geçen ýa-da Döwlet serhediniň üstünden uçup geçmegiň düzgünleriniň beýleki bozulmalaryny eden howa gämileri we beýleki uçuş serişdeleri.
18-nji madda. Türkmenistanyň serhet wekilleri
1. Döwlet serhediniň düzgüniniň degişli kadalaryny berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmek, şeýle hem serhet hadysalaryny-düşünişmezliklerini kadalaşdyrmak üçin Döwlet serhediniň belli bir bölegi boýunça Türkmenistanyň serhet wekili we onuň orunbasarlary bellenilýär. Türkmenistanyň serhet wekilleriniň kömekçileri, ygtyýarly wekilleri, kätipleri we terjimeçileri bolýar. Türkmenistanyň serhet wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan, olaryň orunbasarlary, kömekçileri, ygtyýarly wekilleri, kätipleri we terjimeçiler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy - Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy tarapyndan bellenilýär.
2. Serhet meseleleri barada baglaşylan Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň serhet wekilleri we olaryň ýanyndaky adamlar serhetden geçenlerinde aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolýarlar.
3. Türkmenistanyň serhet wekilleriniň düzgünleşdirip bilmedik meseleleri diplomatik ýollar arkaly çözülýär.
4. Türkmenistanyň serhet wekilleri öz işinde şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna esaslanýar.
III BAP. HALKARA GATNAW ÝOLLARYNDA
EDILÝÄN SERHET GÖZEGÇILIGI
19-njy madda. Gözegçilik-geçiriş ýerleri
1. Döwlet serhediniň üstünden geçýän halkara gatnaw ýollarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda gözegçilik-geçiriş ýerleri döredilýär.
2. Gözegçilik-geçiriş ýerleri diýlip halkara gatnawy amala aşyrýan deňiz we derýa portlarynyň, aeroportlaryň, demir ýol we awtoulag menzilleriniň çäginde olaryň ýerleşýän ýer bölekleriniň çägine, şeýle hem şu maksatlar üçin döredilen ýörite enjamlaşdyrylan başga ýerlere düşünilýär, olarda Döwlet serhediniň üstünden geçýän halkara gatnaw ýollarynda Türkmenistanyň bähbidini goramagy üpjün etmäge borçly bolan serhet, gümrük we beýleki degişli gözegçilik edaralary we olaryň bölümleri işleýär.
20-nji madda. Gözegçilik-geçiriş ýerlerini açmak
1. Gözegçilik-geçiriş ýerleriniň binalaryny, desgalaryny, jaýlaryny gurmak, enjamlaşdyrmak hem-de saklamak işi Türkmenistanyň Ministirler Kabinetiniň tabşyrmagy boýunça degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar, olar bu işi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hem-de öz serişdeleriniň hasabyna alyp barýarlar.
2. Halkara gatnawy üçin gözegçilik-geçiriş ýerlerini açmak degişli binalar gurulandan, enjamlaşdyrylandan hem-de bu işler gözegçilik-geçiriş ýerlerinde gözegçilik işine gatnaşýan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, gümrük we beýleki edaralaryň wekilleri tarapyndan ulanmaga kabul edilenden soň Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda geçirilýär.
21-nji madda. Gözegçilik-geçiriş ýerleriniň düzgüni
1. Gözegçilik-geçiriş ýerlerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň çykaran namalary esasynda adamlaryň, ulag serişdeleriniň şol ýerlere barmagy, onda bolmagy we şol ýerden gitmegi; ýukleriň hem-de zatlaryň şol ýerlere getirilmegi, olaryň şol ýerde bolmagy hem-de şol ýerden alnyp gidilmegi, şeýle hem Döwlet serhediniň üsti bilen geçirip goýberilmegi bilen baglanyşykly işler baradaky kadalary kesgitleýän düzgün bellenilýär.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki düzgün hakynda çykaran namalary esasynda ulag kärhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, gümrük we gözegçilik edýän beýleki edaralaryň degişli wezipeli adamlary bilen bilelikde şol gözegçilik-geçiriş ýerlerinde bolmaly düzgüni kesgitleýän gözükdiriji çykarýar. Gözegçilik-geçiriş ýerlerinde düzgüniň berjaý edilişine gözegçiligi serhet gözegçilik edaralarynyň üstüne ýüklenilýär.
3. Gözegçilik-geçiriş ýerleri ulag karhanasynyň çäginden başga ýerde ýerleşýän halatynda degişli gözükdiriji gümrük edaralary we şol gözegçilik-geçiriş ýerlerinde adamlara, ulag serişdelerine, harytlara hem-de haýwanlara gözegçilik edýän beýleki edaralar bilen ylalaşyp Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy tarapyndan bellenilýär.
22-nji madda. Gözegçilik-geçiriş ýerlerinde edilýän gözegçilik
1. Döwlet serhediniň üsti bilen geçýän (geçirilýän) adamlar, ulag serişdeleri, ýük we beýleki zatlar gözegçilik-geçiriş ýerlerinde serhet, gümrük, migrasiýa we sanitariýa-karantin gözegçiligine degişlidir. Maldarçylyk ýükleri we biologiki materiallar, ösümlikler, oba hojalygynyň hem-de balyk önümçiliginiň onümleri serhetden geçirilende weterinariýa we fitosanitariýa gözegçiligi amala aşyrylýar. Zerur bolan halatynda başga hili gözegçilik geçirilýär.
2. Gözegçiligiň görnüşlerini we mazmunyny her bir gözegçilik-geçiriş ýerlerine laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti belleýär. Gözegçiligiň serişdeleri hem usullary, olary ulanmagyň tertibi adalat we saglygy goraýyş edaralary bilen ylalaşylyp, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyjy hukuk namalary arkaly bellenilýär.
3. Ulag serişdeleri, deňiz we derýa gämileri Döwlet serhedini kesip geçen we olaryň gözegçilik-geçiriş ýerleriniň ýok ýerine gelen halatynda gözegçilik Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy tarapyndan gümrük we beýleki degişli edaralary bilen bilelikde amala aşyrylýar.
4. Howa gämileri Döwlet serhedini kesip geçen we olaryň gözegçilik-geçiriş ýerleriniň ýok ýerine gelen (gonan) halatynda gözegçiligi Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralary ygtyýarly edilen beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde geçirýärler.
221-nji madda. Gözegçilik-geçiriş ýerlerinde güýçlendirilen
gözegçilik çäreleri
1. Ilatyň saglygyna köpçülikleýin zyýan ýetirip biljek islendik hadysalar ýüze çykan ýagdaýynda gözegçiligiň aýratyn we has güýçlendirilen goşmaça görnüşleri göz öňünde tutulyp, gözegçilik-geçiriş ýerlerinde awtoulaglary zyýansyzlandyryş geçelgeleri, awtomobil we demirýol ulaglaryny zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa maksatly desgalar gurulýar, enjamlaşdyrylýar we olarda degişli zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär hem-de ulaglaryň ähli görnüşlerinde getirilýän karantin astyndaky ösümlik we ösümliklerden alnan önümlerde geçirilýän ilkinji barlaglaryň netijesine laýyklykda mör-möjeklere garşy zyýansyzlandyryş-fumigasiýa işleri bellenen tertipde geçirilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan işler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrmagy boýunça degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen çäreleri amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
IV BAP. SERHET DÜZGÜNI
23-nji madda. Serhet gözegçiligi zolagy
1. Döwlet serhedinde degişli tertip-düzgüni hem-de raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen serhet gözegçiligi zolagy - gury ýerdäki, deňziň, serhet derýalarynyň, kölleriniň we başga suwly ýerleriniň kenarlaryndaky Döwlet serhedinden başlap, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň inžener-tehniki (gözegçilik) desgalaryny ýerleşdirmek üçin bölünip berlen ýer zolagyna çenli aralygy öz içine alýan zolak bellenilýär.
2. Serhet gözegçiligi zolagyna Türkmenistanyň çäk deňzi we içerki suwlary girýär.
231-nji madda. Serhet zolagy
1. Serhet gözegçilik zolagynyň çäginde gury ýerlerde Döwlet serhedinden, şeýle-de serhet derýalarynyň, kölleriniň we beýleki suw howdanlarynyň kenarlaryndan kesgitlenen aralykdaky ýer böleginde serhet zolagy bellenilýär. Serhet zolagynyň ini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
2. Serhet zolagynda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, şeýle hem serhet derýalarynda, köllerinde we beýleki suw howdanlarynda hanalary berkitmek we suwdan peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işlerden başga işleri geçirmek gadagan edilýär.
24-nji madda. Serhet sebiti
1. Serhet sebitine Döwlet serhedi bilen gönüden-göni ýanaşykda durýan etraplar we etrap hukukly şäherler girýär.
2. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň teklip etmegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan düzgün çäklendirmeleri - serhet sebitine gelmek we ol ýerde bolmak kadalary, şeýle hem ulag serişdelerini gözden geçirmek düzgüni hem-de adamlaryň serhet sebitine barmagyny çäklendirmek düzgüni wagtlaýyn girizilip bilner.
25-nji madda. Serhet sebitinde düzgün çäklendirmelerine
gözegçilik etmek
1. Serhet sebitinde düzgün çäklendirmeleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek işi Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň bölümleri bilen arkalaşykda serhetýaka etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň içeri işler edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Serhet sebitinde düzgün çäklendirmelerini girizmegi teklip eden döwlet edaralary öz wekillerini şol sebitde döredilen gözegçilik nokatlaryna ibermäge borçludyr.
26-njy madda. Serhet düzgüni
Serhet sebitine, serhet gözegçiligi zolagyna hem-de serhet zolagyna barmagyň, şol ýerde bolmagyň, raýatlaryň we beýleki şahslaryň hereket etmeginiň, hojalyk işlerini geçirmegiň, Türkmenistanyň çäk deňzinde we içerki suwlarynda hem-de Türkmenistanyň serhet derýalarynyň, kölleriniň we beýleki suw howdanlarynyň suw böleginde özi ýöreýän we özi ýöremeýän gämileri hasaba almagyň, olaryň ýüzmeginiň we saklanylmagynyň kadalaryny öz içine alýan serhet düzgüni Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen bellenilýär.
V BAP. DÖWLET SERHEDINI GORAP SAKLAMAGA DÖWLET HÄKIMIÝET EDARALARYNYŇ
WE RAÝATLARYŇ GATNAŞMAGY
27-nji madda. Döwlet serhedini gorap saklamaga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň gatnaşmagy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Döwlet serhedini gorap saklamaga gatnaşmak bilen şu aşakdakylary amala aşyrýar:
1) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň beren sargytlaryna laýyklykda serhet gullugynyň edaralaryna ýaraglary, tehnikalary, maddy serişdeleri we emläkleri, olaryň ätiýaçlyk gorlaryny satyn almagy, öndürmegi, enjamlaşdyrmagy hem-de olara degişli hyzmatlary guraýar;
2) serhet gözegçilik zolagynda iş geçirýän we ýaşaýan raýatlara ýerden peýdalanmakda ýeňillikler bermegiň hem-de ondan mahrum etmegiň tertibini belleýär.
28-nji madda. Döwlet serhedini gorap saklamak işine ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagy
1. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Döwlet serhediniň düzgünini berjaý etmek meselelerini çözýär hem-de Türkmenistanyň serhet wekilleriniň çözüp bilmedik serhet hadysalaryny-düşünişmezliklerini düzgünleşdirýär.
2. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi:
1) serhet düzgüniniň, serhet sebitiniň düzgüniniň hem-de gözegçilik-geçiriş ýerleriniň düzgüniniň berjaý edilişine içeri işler edaralarynyň gatnaşmagyny üpjün edýär;
2) zerur bolsa gözegçilik-geçiriş ýerlerinde göçme nokatlaryny döredýär;
3) ýeterlik esas bolan halatlarynda neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň, şeýle hem alkogolly we temmäki önümleriniň, nasyň, psihoaktiw, güýçli täsir edýän ya-da beyleki seri dumanladyjy maddalaryň bikanun dolanyşygyny ýüze çykarmak üçin Döwlet serhedinden geçýän raýatlaryň ulag serişdelerini, ýüklerini we goşlaryny gözden geçirýär;
4) administratiw hukuk bozulmalary barada işler boýunça önümçiligi amala aşyrmakda, anyklaýyş, dessin-agtaryş çärelerini geçirmekde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna ýardam edýär;
5) Dowlet serhedinde halkara häsiýetli köpçülikleýin çäreler geçirilende, şeýle hem serhetde adatdan daşary ýagdaý dörände jemgyýetçilik tertibini üpjün edýär;
6) serhet sebitindäki ilata hukuk terbiýesini bermek, Döwlet serhediniň düzgüni bilen baglanyşykly hukuk bozulmalarynyň öňüni almak işine gatnaşýar.
3. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi:
1) serhet sebitindäki we halkara gatnaw ýollaryndaky syýasy, durmuş-ykdysady ýagdaýy hem-de jenaýata ýol açýan ýagdaýy seljerme we olaryň çaklama işlerini amala aşyrýar;
2) milli howpsuzlyk edaralarynyň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň dessin-agtaryş, razwedka we kontrazwedka işini daşary ýurtlaryň ýörite gulluklarynyň, jenaýatçylykly toparlaryň hem-de aýry-aýry adamlaryň Döwlet serhediniň üsti bilen edýän bikanun hereketini ýüze çykarmaga, duýdurmaga we onuň öňüni almaga gönükdirýär;
3) Türkmenistanyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidi üçin daşary ýurt döwtleriň ýörite gulluklary bilen aragatnaşyk saklaýar;
4) Döwlet serhedinde halkara derejesindäki köpçülikleýin çäreler geçirilende, şeýle hem serhetde adatdan daşary ýagdaý dörän halatynda howpsuzlygy üpjün etmek işine gatnaşýar.
4. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Döwlet serhediniň gury ýerde we suwda (şol sanda suwuň astynda) goralmagyna gatnaşmagyny üpjün edýär.
5. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy halkara gatnawlary üçin açylan gözegçilik-geçiriş ýerlerinde migrasiýa gözegçiliginiň edilmegini, şol sanda Döwlet serhedinden geçýän Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hasaba alynmagyny, olaryň şahsyýetini tassyklaýan we Döwlet serhediniň üstünden geçmäge hukuk berýän resminamalaryny barlamagy, şeýle hem daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň barmagy we hereket etmegi üçin ýapyk bolan ýere (serhet gözegçilik zolagyna) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda rugsat berilmegini üpjün edýär.
6. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy:
1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Döwlet serhedinde Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny goramak boýunça çäreleri guraýar we geçirýär;
2) Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük taýdan resmileşdirilmegini we gümrük gözegçiligini amala aşyrýar;
3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Döwlet serhedini goramagy üpjün etmekde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna ýardam berýär;
4) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde jenaýatlaryň we beýleki hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, olary ýüze çykarmak we olara ýol bermezlik boýunça çäreleri geçirýär;
5) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde dessin-agtaryş çärelerini we anyklaýyşy geçirýär hem-de administratiw hukuk bozulmalary barada işler boýunça önümçiligi amala aşyrýar.
29-njy madda. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy
1. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzümini, gurluşyny hem-de işgär sanyny Türkmenistanyň Prezidenti tassyklaýar.
2. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy:
1) ähli çäreleri ulanmak arkaly Döwlet serhediniň bikanun üýtgedilmegine ýol berilmezligi üpjün edýär;
2) Döwlet serhedi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ähli şahslar tarapyndan berjaý edilmegine gözegçilik edýär, şunda zerur bolsa mejbur etmek çäresini ulanýar;
3) dessin-agtaryş çärelerini geçirýär, razwedka we kontrazwedka işini amala aşyrýar;
4) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen garamagyna degişli edilen administratiw hukuk bozulmalary barada işler boýunça önümçiligi amala aşyrýar;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda özüne degişli edilen işler boýunça anyklaýyş çärelerini geçirýär;
6) Döwlet serhediniň üstünden geçmek we serhet düzgünini berjaý etmek bilen baglanyşykly hukuk bozulmalarynyň öňüni almak işini geçirýär.
30-njy madda. Ýörite serişdeleri, ýaragy we söweş
tehnikasyny ulanmak
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň Döwlet serhedini goramak we gorap saklamak wezipelerini ýerine ýetirenlerinde Türkmenistanyň çägine ýaragly hüjümi we çozup girişi yzyna serpikdirmek, şeýle hem ýarag ýa-da güýç ulanan adamlara garşy gaýtawul bermek üçin gury ýerde, suwda we howada ýörite serişdeleri, ýaragy we söweş tehnikasyny bellenilen tertipde ulanmaga hukugy bardyr.
31-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň Döwlet serhedini gorap saklamak meselelerini
çözmäge gatnaşmagy
Serhetýaka etrap we etrap hukukly şäher ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary Döwlet serhedini gorap saklamak meselelerini çözmäge gatnaşmak bilen şu aşakdakylary amala aşyrýarlar:
1) Döwlet serhedini gorap saklamagyň hajatlary üçin ýer bölekleri mugt peýdalanmaga berýärler, berlen ýer bölekleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik edýärler;
2) Döwlet serhedini şu Kanunyň 5-nji maddasynda görkezilen goşunlaryň we edaralaryň güýji bilen gorap saklamak üçin şertleri döredýärler;
3) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümleriniň serkerdeleriniň teklipnamalaryna laýyklykda ýollarda - serhet gözegçilik zolagyna girilýän ýerde serhet gözegçiligi hakynda duýduruş berýän belgileri we görkezijileri oturdýarlar;
4) serhet gözegçilik zolagynda işleriň alnyp barlyşyna hem-de Döwlet serhediniň düzgüniniň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýärler;
5) raýatlara Döwlet serhediniň düzgüni baradaky kadalary hem-de serhet gözegçiligi zolagynda özüňi alyp barmagyň kadalaryny düşündirmek işini yzygiderli alyp barýarlar;
6) serhet sebitine şol ýeriň hemişelik ýaşaýan ýaşaýjylary bolmadyk adamlaryň gelýän döwründe (möwsümleýin iş, aw awlamak, syýahat) olary Döwlet serhediniň düzgüni, özüňi alyp barmagyň kadalary hem-de düzgüniň bozulanlygy üçin jogapkärçilik barada habarly edýärler.
32-nji madda. Döwlet serhedini gorap saklamaga raýatlaryň gatnaşmagy
Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem onuň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlary hem-de raýatlygy bolmadyk adamlar Döwlet serhediniň düzgüni, serhet düzgüni we gözegçilik-geçiriş ýerleriniň düzgüni barada bellenen talaplary berjaý etmäge, şu Kanunyň 5-nji maddasynda görkezilen goşunlaryň we edaralaryň wekilleriniň bildirýän kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge borçludyrlar.
VI BAP. ŞU KANUNYŇ BOZULMAGY ÜÇIN
JOGAPKÄRÇILIK
33-nji madda. Şu Kanunyň bozulmagy üçin jogapkärçilik
Döwlet serhediniň düzgüniniň, serhet düzgüniniň we gözegçilik-geçiriş ýerleriniň düzgüniniň, şeýle hem şu Kanunyň beýleki bozulmalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
34-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. 1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 9-10, 74-nji madda), oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňky kanunlary ýa-da olaryň degişli bölümlerini we böleklerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň 4-nji maýy.
№ 389-IV.