Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň resminamalaýyn
mirasynyň aýawly saklanylmagyny
üpjün etmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 23-nji madda)
(05.10.2019 ý. № 190-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň resminamalaýyn mirasynyň toplanylmagyny, abat saklanylmagyny, hasaba alynmagyny, peýdalanylmagyny guramagyň hukuk esaslaryny kesgitleýär.
1-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň resminamalaýyn mirasy, şol sanda şahsy arhiwleri hem Türkmen döwletiniň we halkynyň aýratyn gymmatly milli emlägi bolup, döwletiň hukuk ygtyýarlygynda durýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň düzümindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasyna (mundan beýläk – Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy) hemişelik saklanylmaga berilýär.
Öz gelip çykyşy we mazmuny boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasynyň düzümine degişli resminamalar we maglumatlar raýatlaryň şahsy arhiwleriniň resminamalary we maglumatlary bolup bilmez.
2-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň resminamalaýyn mirasynyň düzümine resminamalaryň we maglumatlaryň haýsy ýerde we haçan döredilendigine, olaryň şahsy adamlara ýa-da kärhanalara, edaralara we guramalara degişlidigine garamazdan, şu aşakdakylar girýär:
1) kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň asyl nusgalary, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlary, kararlary we buýruklary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlary we buýruklary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryşynda toplanan dolandyryş resminamalary, gulluk hat alyşmalary;
2) Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýokary döwlet wezipelerine degişlilikde saýlanylmagyna we bellenilmegine çenli durmuşy we işi hakynda kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň dürli arhiwlerinde we gaznalarynda jemlenen resminamalar we maglumatlar;
3) golýazma görnüşindäki resminamalar we bütinleý şahsy häsiýetli maglumatlar: ýatlamalar, gündelikler, ýazgylar, hatlar, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň düzedişler we bellikler edilen makalalarynyň, sözlän sözleriniň, nutuklarynyň iş nusgalary;
4) nesil şejeresi bilen baglanyşykly resminamalar we maglumatlar;
5) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň durmuşy we işi hakynda raýatlaryň şahsy arhiwlerinden Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasyna berlen resminamalar we maglumatlar;
6) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň neşir edilen ylmy işleri we beýleki eserleri, durmuşy we işi hakynda çap edilen neşir önümleri.
3-nji madda. Türkmenistanyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, kärhanalar, edaralar we guramalar, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, raýatlar öz gaznalarynda bar bolan, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň durmuşyny we işini beýan edýän resminamalary we maglumatlary, şol sanda kino-, wideo-, fono-, fotoresminamalary hem-de maglumatlary ýa-da olaryň göçürilen nusgalaryny, golýazmalaryny, onuň bellikleri bolan resminamalaryny bellenen tertipde Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasyna berýärler.
4-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň resminamalarynyň we maglumatlarynyň bütin toplumynyň saklanylýan ýeri – Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasynyň aýawhanasydyr.
5-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň aýratyn taryhy gymmatlygy bolan we döwlet, jemgyýetçilik-syýasy işiniň ähli ugurlaryny beýan edýän resminamalaryň, şol sanda kino-, wideo-, fono-, fotoresminamalaryň we maglumatlaryň toplanylmagyny, hasaba alynmagyny, hemişelik saklanylmagyny we peýdalanylmagyny üpjün edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň taglymatyny, syýasatyny we alyp barýan işlerini, Türkmenistanyň halkynyň döwlet Garaşsyzlygynyň ýyllarynda gazanan üstünliklerini açyp görkezýän ylmy işleri we beýleki eserleri taýýarlamak we neşir etmek boýunça ylmy-barlag we redaksion-neşir işini guraýar we amala aşyrýar.
6-njy madda. Şu Kanunyň talaplaryny ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryş müdirliginiň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň üstüne ýüklenilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasynyň resminamalaryny saklamagyň hem-de peýdalanmagyň kadalaryny we tertibini bozan wezipeli adamlar, döwlet gullukçylary we raýatlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.
7-nji madda. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
2008-nji ýylyň 25-nji iýunynda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň resminamalaýyn mirasynyň aýawly saklanylmagyny üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 2, 35-nji madda);
2010-njy ýylyň 26-njy noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň II bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 4, 74-nji madda).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň 4-nji maýy.
№ 393-IV.