Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Uglewodorod gazy we gaz üpjünçiligi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 54-nji madda)
(08.06.2019 ý. № 153-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun Türkmenistanda gaz çygryndaky we gaz üpjünçiligindäki gatnaşyklaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we gaz bazarynyň netijeli işlemegi, gaz üpjünçilik ulgamlarynyň obýektleriniň ygtybarly we howpsuz ulanylmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.
1-nji BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) awtogaz dolduryjy kompressor bekedi – motor ýangyjy hökmünde peýdalanmak maksady bilen gysylan tebigy gazy komprimirlemek, saklamak we ýerlemek üçin niýetlenen tehnologik toplum;
2) gaz üpjünçiligi – sarp edijileri gaz bilen üpjün etmek, şol sanda gazy çykarmak, daşamak, saklamak we ibermek boýunça iş bolup, energiýa üpjünçiliginiň görnüşlerinden biri;
3) gaz üpjünçiligi ulgamy – gazy çykarmak, daşamak, saklamak we ibermek üçin niýetlenen, tehnologik, guramaçylyk we ykdysady taýdan özara baglanyşykly hem-de merkezleşdirilip dolandyrylýan önümçilik we gaýry obýektlerden durýan emläk önümçilik toplumy;
4) gaz bilen üpjün ediji gurama (kärhana) – sarp edijilere gazy şertnamalar boýunça ibermegi amala aşyrýan döwletiň ýuridik şahsy;
5) gaz paýlaýjy ulgam – magistral gaz geçirijisinden gazy sarp edýän ulgamlara çenli harytlyk gazy daşamak we bermek üçin niýetlenilen, tehnologik, guramaçylyk we ykdysady taýdan özara baglanyşykly obýektlerden durýan emläk önümçilik toplumy;
6) gaz-ulag kärhanasy – harytlyk gazy gaz geçirijiler boýunça ony kabul edýän nokatdan sarp edijä tabşyrylýan nokada çenli daşamak, tehnologik saklamak ýa-da ulagyň başga görnüşine geçirmek (bermek) boýunça hyzmatlary edýän döwletiň ýuridik şahsy;
7) gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň gorag zolagy – gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek üçin zerur bolan, oňa ýanaşyk çäk. Gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň gorag zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ýerden peýdalanmagyň aýratyn şertleri bellenilýär;
8) gysylan tebigy gaz – 20 MPa we köp basyşa çenli gysmak arkaly ballonlara doldurylan tebigy gaz;
9) harytlyk gaz – döwlet standartlaryna we tehniki şertlere laýyklykda çykarylan we daşamak üçin taýýarlanan tebigy gaz, nebit (ugurdaş) gazy;
10) hasaba alyjy abzallar – gazy ölçemegiň, toplamagyň, saklamagyň, onuň haçrlanylyşynyň, möçberiniň, temperaturasynyň, basyşynyň we abzallaryň iş wagty hakynda maglumatyny görkezmegiň wezipelerini ýerine ýetirýän ölçegleriň serişdeleri we beýleki tehniki serişdeler;
11) milli operator – Türkmenistanyň gaza bolan isleglerini üpjün etmek maksady bilen gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde işi amala aşyrýan döwlet guramasy;
12) sarp ediş ölçegi – gaz enjamynda hasaba alyş abzallary bolmadyk sarp edijiler üçin bellenilýän, gazyň ortaça aýlyk mukdaryny görkezýän hasaplaşyk ululygy;
13) sarp ediji – durmuş, jemagat-durmuş ýa-da senagat sarp edijisi;
14) suwuklandyrylan nebit (tebigy) gazy – komponentleriniň düzümi, hili we mukdary boýunça döwlet standartlarynyň we tehniki şertleriň talaplaryna jogap berýän, daşamak we saklamak maksady bilen suwuk ýagdaýa özgerdilen, uglewodorodlaryň garyndysyndan (propan-butan fraksiýaly) durýan nebitiň (tebigy gazyň) gaýtadan işlenen önümi (mundan beýläk – suwuklandyrylan gaz);
15) tebigy gaz – kadaly atmosfera basyşynda we temperaturada gaz şekilli ýagdaýda durýan uglewodorodlar, çig nebite ugurdaş we ugurdaş däl gazlar;
16) uglewodorod gazy – tebigy gaz, ugurdaş nebit gazy, nebitgaz-kondensat ýataklaryndan alynýan gaz hem-de gazy we nebiti gaýtadan işleýän kärhanalar tarapyndan işlenip çykarylýan gaz.
2-nji madda. Uglewodorod gazy we gaz üpjünçiligi
hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Uglewodorod gazy (mundan beýläk – gaz) we gaz üpjünçiligi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundaky kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry
Şu Kanunyň hereketi gazy çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň, saklamagyň, daşamagyň we ibermegiň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklara degişlidir, “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Nebit işlerini geçirmegiň hem-de “Magistral turba-geçiriji ulag hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda magistral turba geçirijiler boýunça gazy daşamagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklar muňa degişli däldir.
4-nji madda. Gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde döwlet
syýasatynyň ýörelgeleri
Gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde döwlet syýasatynyň ýörelgeleri şu aşakdakylardyr:
1) ilatyň ýaşaýşynyň durmuş-ykdysady şertlerini gowulandyrmak, senagat we ekologiýa howpsuzlygyny hasaba almak bilen tehniki ösüşi üpjün etmek we Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin şertleri döretmek maksady bilen gaz pudagynyň ösüşini döwlet tarapyndan goldamak;
2) strategik ähmiýeti bolan gazyň gorlarynyň rejeli peýdalanylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek;
3) gaz üpjünçilik ulgamynyň maliýe durnuklylygyny üpjün etmek;
4) Türkmenistanyň ykdysady bähbitlerini goramak, gazyň eksporty boýunça halkara borçnamalary ýerine ýetirmek zerurlygyndan ugur alyp gazyň eksportyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek;
5) gazlaşdyrmagyň milli maksatnamasyny döretmegiň we durmuşa geçirmegiň esasynda ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygynyň, senagat kärhanalarynyň we Türkmenistanyň çäginde ýerleşen beýleki guramalaryň gazlaşdyrylyş derejesini ýokarlandyrmak;
6) gaz babatda baha syýasatynyň esaslaryny kesgitlemek;
7) motor ýangyjy we Türkmenistanyň himiýa senagaty üçin çig mal hökmünde gazy giňden peýdalanmak üçin şertleri döretmek;
8) gazyň çykarylyşynyň ygtybarly çig mal binýadyny üpjün etmek;
9) Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek.
2-nji BAP. GAZ ÇYGRYNDA WE GAZ ÜPJÜNÇILIGINDE
DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK
5-nji madda. Gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde
döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi
amala aşyrýan edaralar
Gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, gazy çykarmak, gaýtadan işlemek, saklamak, daşamak we ibermek babatda ygtyýarly döwlet edarasy (mundan beýläk – ygtyýarly edara) we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
gaz çygryndaky we gaz üpjünçiligindäki
ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde:
1) gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) şulary tassyklaýar:
a) gaz çygryny we gaz üpjünçilik ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny;
b) gazlaşdyrmagyň milli maksatnamasyny;
2-nji bendiň «ç» kiçi bendi 08.06.2019 ý. № 153-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;
d) ýangyç hökmünde gazdan peýdalanmagyň, çäklendirilmäge ýa-da bes edilmäge degişli bolmadyk gazy ibermegiň artykmaç hukugyna eýe bolan sarp edijileriň sanawyny;
e) Türkmenistanyň ilatyna gazy ibermegiň Kadalaryny we Türkmenistanda kärhanalar we guramalar tarapyndan gazdan peýdalanmagyň Kadalaryny, ýangyç hökmünde gazy peýdalanmagyň tertibini;
3) Türkmenistanda gazy çykarmagyň we ýerlemegiň geljekki deňeçerligini döretmegiň we tassyklamagyň tertibini belleýär;
4) gaz üpjünçilik ulgamynyň önümçilik-tehnologik obýektlerini gurmak we ulanmak üçin berilýän ýer bölekleriniň ölçeglerini we olary peýdalanmagyň tertibini kesgitleýär;
5) gaz bilen üpjün ediji guramalaryň (kärhanalaryň) hyzmatlary üçin baha syýasatyny döredýär;
6) adatdan daşary ýagdaýlarda gaz üpjünçilik ulgamynyň kärhanalarynyň, guramalarynyň durnukly işini üpjün etmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň tertibini belleýär;
7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
7-nji madda. Ygtyýarly edaranyň gaz çygryndaky we gaz
üpjünçiligindäki ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde:
1) döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) gaz çygryny we gaz üpjünçilik ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň, gazlaşdyrmagyň milli maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşýar;
3) pudagara utgaşdyrmagy amala aşyrýar;
4) Türkmenistany gazlaşdyrmagyň baş shemasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar;
5) gaz üpjünçilik ulgamynyň gurluşyny kesgitleýär;
6) Türkmenistanyň ilatyna gazy ibermegiň Kadalarynyň we Türkmenistanda kärhanalar we guramalar tarapyndan gazdan peýdalanmagyň Kadalarynyň, ýangyç hökmünde gazy peýdalanmagyň tertibiniň taslamalaryny işläp düzýär we tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär;
7) gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýar;
8) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;
9) harytlyk we suwuklandyrylan gazy sarp etmegiň ölçeglerini tassyklaýar;
10) gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň howpsuzlygyna gözegçilik edýär;
11) gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleri taslanylanda, gurlanda, ulanylanda, ulanyşdan çykarylanda senagat, ýangyn we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça kadalaryň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýar;
12) gaz çygryny ösdürmegiň meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;
13) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
8-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň
gaz çygryndaky we gaz üpjünçiligindäki
ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde:
1) gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň ulanylmaga kabul edilmegine we olar ýatyrylanda ýer bölekleriniň kabul edilmegine gatnaşýarlar;
2) heläkçilikleriň we adatdan daşary ýagdaýlaryň ýok edilmegine ýardam edýärler;
3) Türkmenistany gazlaşdyrmagyň baş shemasynyň durmuşa geçirilişine gatnaşýarlar;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
9-njy madda. Gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde tehniki
kadalaşdyrmak, standartlaşdyrmak we
güwälendirmek
1. Gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň işi bilen adamlaryň ömrüne we saglygyna, daşky gurşawa ýetirilip bilinjek zyýanyň (zeleliň) öňüni almak maksady bilen görkezilen ulgamyň aýry-aýry obýektleri we enjamy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet standartlary işlenilip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.
2. Adamlaryň saglygy, daşky gurşaw, emläk üçin howpsuzlyk bilen baglanyşykly Türkmenistanyň kadalaşdyryjy namalarynyň talaplaryna laýyk gelmegi üçin gaz üpjünçilik ulgamynda ulanylýan tehniki enjamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hökmany güwälendirilmäge degişlidir.
3. Döwlet standartlary işlenip taýýarlanylýan gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň we enjamlarynyň sanawy hem-de hökmany güwälendirilmäge degişli gaz üpjünçilik ulgamynyň tehniki enjamlarynyň sanawy standartlaşdyrmak babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.
10-njy madda. Gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde işiň
aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak
Gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
3-nji BAP. GAZ ÜPJÜNÇILIK ULGAMYNYŇ
IŞLEMEGI WE ÖSMEGI
11-nji madda. Içerki sarp edijileri gaz bilen üpjün etmegiň
ýeke-täk ulgamy
1. Içerki sarp edijileri gaz bilen üpjün etmegiň ýeke-täk ulgamy Türkmenistanda gaz üpjünçiliginiň esasy ulgamydyr.
2. Gaz üpjünçiligiň ýeke-täk ulgamy gaz geçirijileri, gazyň saklawhanalaryny, gaz paýlaýjy ulgamlary, awtogaz dolduryjy kompressor beketleri we beýleki tehnologik obýektleri öz içine alýar.
3. Gaz üpjünçiligiň ýeke-täk ulgamynyň obýektleri döwlet eýeçiligindedir.
12-nji madda. Gaz üpjünçiliginiň ýeke-täk ulgamynyň
bölünmezligi
Gazyň ygtybarly üpjün edilmegini, gazy çykarmagyň, daşamagyň we ibermegiň umumy tehnologik düzgüni bilen baglanyşykly gaz üpjünçiliginiň ýeke-täk ulgamynyň obýektleriniň howpsuz we durnukly işlemegini üpjün etmek üçin gaz üpjünçiliginiň ýeke-täk ulgamynyň bölünmegine ýol berilmeýär.
13-nji madda. Içerki sarp edijileri gaz bilen üpjün etmegiň
ýeke-täk ulgamyny tehnologik we dispetçerçilik
taýdan dolandyrmak
1. Içerki sarp edijileri gaz bilen üpjün etmegiň ýeke-täk ulgamyny tehnologik we dispetçerçilik taýdan dolandyrmak milli operator (mundan beýläk – operator) tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Operator:
1) gaz bilen üpjün etmegiň ýeke-täk ulgamynyň üznüksiz, netijeli, ygtybarly we howpsuz işlemegini üpjün edýär;
2) gaz bilen üpjün etmegiň ýeke-täk ulgamynyň obýektleriniň gurulmagyny, ulanylmagyny we ösdürilmegini üpjün edýär;
3) gaz bilen üpjün etmegiň ýeke-täk ulgamynyň obýektlerinde energiýa tygşytlaýjy enjamyň we ekologik taýdan howpsuz tehnologik prosesleriň peýdalanylmagyny üpjün edýär;
4) bellenilen tehnologik parametrleri berjaý etmek we ygtybarlylygyň hem-de howpsuzlygyň kadalaşdyryjy çelgilerini saklamak bilen zerur möçberlerde önümiň daşalmagyny amala aşyrýar;
5) gaz bilen üpjün etmegiň ýeke-täk ulgamynyň obýektlerinde tehniki hyzmaty, gündelik abatlamagy we anyklaýyş barlagyny amala aşyrýar;
6) senagat, ýangyn we ekologik howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýär;
7) gaz öndürijileriň, gaz bilen üpjün ediji guramalaryň (kärhanalaryň) we gazyň senagat sarp edijileriniň hasabyny ýöredýär;
8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
3. Operator öz işini amala aşyranda ýeke-täk gaz üpjünçilik ulgamyna girýän kärhanalar bilen ylalaşylan hereketleri üpjün edýär.
4-nji BAP. GAZ ÜPJÜNÇILIGINIŇ HUKUK ESASLARY
14-nji madda. Ýeke-täk gaz bazaryny döretmegiň we
ösdürmegiň esaslary
Türkmenistanyň çäginde ýeke-täk gaz bazaryny döretmegiň we ösdürmegiň esaslary şu aşakdakylardyr:
1) gazy önümçilige we durmuşa energetiki we ýangyç serişdesi hökmünde giňden ornaşdyrmagyň esasynda gazy sarp edijileriň toparyny döretmek – gazlaşdyrmagy ösdürmek;
2) gazy sarp edijileriň we iberijileriň ykdysady taýdan özara bähbitli gatnaşyklaryny ýola goýmak;
3) dürli derejedäki sarp edijileri gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin şertleri döretmek;
4) ýeke-täk gaz bazarynyň ösüşini höweslendirýän nyrh emele getirmegiň döwlet syýasatyny geçirmek.
15-nji madda. Türkmenistanda gazlaşdyrmagy
ösdürmegiň esaslary
1. Türkmenistanyň çäkleriniň, şeýle hem ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygynyň, senagat we beýleki kärhanalaryň we guramalaryň gazlaşdyrylmagyny ösdürmek gazy çykarmagyň we sarp etmegiň geljekki deňeçerliginiň we degişli milli maksatnamalaryň esasynda amala aşyrylýar.
2. Gazlaşdyrmak boýunça işleri maliýeleşdirmegiň çeşmeleri degişli milli maksatnamalar bilen kesgitlenilýär.
16-njy madda. Gazy ibermegiň hukuk esaslary
1. Gazy ibermek Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň ilatyna gazy ibermegiň Kadalaryna we Türkmenistanda kärhanalar we guramalar tarapyndan gazdan peýdalanmagyň Kadalaryna laýyklykda ony iberiji bilen sarp edijiniň arasynda baglaşylýan şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar.
2. Gazyň iberilmegi üçin şertnama baglaşmakda döwlet sarp etmeleri, raýatlaryň jemagat-durmuş we durmuş hajatlary üçin gazy sarp etmegiň döwlet buýrujylary bilen ylalaşylan möçberlerinde ony satyn alyjylar artykmaç hukukdan peýdalanýarlar.
3. Sarp edijilere gazy ibermek diňe iberilýän gaz döwletiň hil standartlaryna laýyk gelende we laýyk geliş güwänamasy bolanda amala aşyrylýar.
4. Iberiji gazyň iberilmegi üçin şertnamanyň şertlerine laýyklykda sarp edijileri gaz bilen bökdençsiz üpjün etmäge borçludyr.
5. Iberiji sarp edijä gazyň iberlişini şu aşakdaky halatlarda birtaraplaýyn tertipde togtatmaga haklydyr:
1) gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň howpsuzlyk kadalary sarp ediji tarapyndan bozulanda;
2) gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň tehniki näsazlygynda;
3) gaz enjamy sarp ediji tarapyndan özbaşdak birikdirilende;
4) iberilen gaz üçin debitorlyk bergi bolanda.
17-nji madda. Gazy sarp edijiler tarapyndan gazy sarp ediji
ulgamlaryň we gaz enjamynyň ulanylmagy
1. Gazy sarp ediji ulgamlaryň we gaz enjamynyň eýeleri olaryň ygtybarly tehniki ýagdaýyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge borçludyrlar.
2. Gazy sarp edijilere degişli gazy sarp ediji ulgamlara we gaz enjamyna tehniki hyzmat Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan Türkmenistanda kärhanalar we guramalar tarapyndan gazdan peýdalanmagyň Kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
5-nji BAP. IBERILÝÄN GAZY DAŞAMAK, SAKLAMAK,
HASABA ALMAK
18-nji madda. Gazy daşamak we saklamak
1. Harytlyk gazy gaz geçirijileri we gaz üpjünçilik ulgamlary boýunça daşamak, şeýle hem harytlyk gazy harytlyk gaz saklawhanalarynda saklamak boýunça hyzmatlary gaz ulag kärhanalary we gaz bilen üpjün ediji guramalary (kärhanalary) edýärler.
2. Gaz ulag kärhanalary, gaz bilen üpjün ediji guramalary (kärhanalary) şu aşakdakylara borçludyrlar:
1) harytlyk gazyň eýelerine gaz geçirijilere, harytlyk gazyň saklawhanalaryna ýa-da gaz paýlaýjy ulgama elýeterliligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda deň şertlerde bermäge;
2) gazy daşamak, saklamak we (ýa-da) ibermek boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine täsir edýän meýilleşdirilýän abatlaýyş we öňüni alyş işleri hakynda harytlyk gazyň eýelerine we sarp edijilere habar bermäge.
3. Gaz ulag kärhanasy "Magistral turba geçiriji ulag hakynda" Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen halatlarda harytlyk gazy daşamakda we (ýa-da) saklamakda onuň eýesine boýun gaçyrmaga haklydyr.
4. Suwuklandyrylan gazy daşamak howply ýükleri daşamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylan demir ýol, awtomobil, deňiz ýa-da içerki suw ulagy bilen amala aşyrylýar.
5. Suwuklandyrylan gazy saklamagyň hem-de demir ýol, awtomobil, deňiz we içerki suw ulagy bilen daşamak serişdeleriniň konstruksiýasy we ulanyş şertleri degişli tehniki şertleriň talaplaryna laýyk gelmelidir.
19-njy madda. Gazy hasaba almak
1. Gazyň möçberini hasaba almazdan onuň daşalmagyna, saklanylmagyna we iberilmegine ýol berilmeýär.
2. Gazy hasaba almak hasaba alyş abzallary boýunça Türkmenistanyň ilatyna gazy ibermegiň Kadalaryna we Türkmenistanda kärhanalar we guramalar tarapyndan gazdan peýdalanmagyň Kadalaryna laýyklykda, hasaba alyş abzallary bolmadyk ýa-da olar gaz enjamynyň parametrlerine laýyk gelmedik mahalynda bolsa – senagat we durmuş-jemagat sarp edijileriň gazy sarp ediji enjamynyň kuwwaty boýunça, durmuş sarp edijileri tarapyndan gazy sarp etmegiň kadalary boýunça amala aşyrylýar.
6-njy BAP. GAZ ÜPJÜNÇILIK ÇYGRYNDA YKDYSADY
GATNAŞYKLARYŇ ESASLARY
20-nji madda. Gaz üçin bahalary döwlet tarapyndan
düzgünleşdirmek
1. Türkmenistanda içerki bazara iberilýän gaz üçin bahalary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek amala aşyrylýar.
2. Gaz üpjünçilik çygryndaky döwletiň baha syýasaty şulary göz öňünde tutýar:
a) tutuş Türkmenistanyň senagaty boýunça gaz üçin lomaý bahanyň, kärhanalar üçin gaza bolan lomaý bahalaryň, ilata goýberilýän gaz üçin bahanyň bellenilmegini;
b) gazyň çykarylmagy, daşalmagy, saklanylmagy we iberilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegini;
ikinji bölegiň «ç» kiçi bendi 08.06.2019 ý. № 153-VI Türkmenistanyň Kanuny esasyndagüýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;
d) gaz üpjünçilik çygrynda düzgünleşdirilýän bahalaryň we nyrhlaryň berjaý edilişine gözegçilik edilmegini;
ikinji bölegiň «e» kiçi bendi 08.06.2019 ý. № 153-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.
7-nji BAP. GAZ ÜPJÜNÇILIK ULGAMYNYŇ
OBÝEKTLERI GURLANDA WE ULANYLANDA
ÝERDEN PEÝDALANYLYŞYNY
DÜZGÜNLEŞDIRMEK
21-nji madda. Gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektlerini
gurmak üçin ýer böleklerini bermek
1. Gaz üpjünçilik ulgamynyň önümçilik-tehnologik obýektlerini gurmak üçin ýer bölekleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde operatora hemişelik peýdalanmaga berilýär.
2. Obýektleriň gurulmagyny ýa-da abatlanylmagyny üpjün etmek üçin çäklendirilen wagtyň dowamynda operatora wagtlaýyn peýdalanmak üçin gerek bolan ýer bölekleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berilýär.
22-nji madda. Gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň
gorag zolaklary
1. Ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawa zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak, şeýle hem gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektlerini howpsuz ulanmak üçin şertleri döretmek maksady bilen olara ýanaşyk çäklerde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde gorag zolaklary bellenilýär.
2. Gorag zolaklarynyň çäklerinde ýerleşýän ýer bölekleri üçin ýerden peýdalanmagyň aýratyn düzgüni bellenilýär, onda ýer eýeleri, bu ýerlerden peýdalanyjylar ýa-da kärendeçiler şu aşakdaky çäklendirmeler bilen olary eýeçilikli peýdalanmak hukugyna eýedirler:
1) senagat we raýat gurluşygyny alyp barmak gadagandyr;
2) operator bilen ylalaşmazdan islendik işleri ýerine ýetirmek gadagandyr.
3. Operator gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektlerini abatlamak we hyzmat etmek boýunça işleri, şeýle hem heläkçilikleriň netijelerini ýok etmek boýunça işleri ýer eýelerine, ondan peýdalanyjylara ýa-da bu ýer bölekleriniň kärendeçilerine deslapdan habar bermek we ýetirilen zyýanyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möçberlerde soňra öwezini dolmak bilen gorag zolaklarynyň çäklerinde geçirmek hukugyna eýedir.
8-nji BAP. GAZ ÜPJÜNÇILIK ULGAMLARYNYŇ
HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK
23-nji madda. Gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde
döwlet gözegçilik barlagy we gözegçiligi
1. Gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde döwlet gözegçilik barlagy we gözegçiligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Gaz üpjünçilik obýektleriniň howpsuzlygyna döwlet gözegçilik barlagy we gözegçiligi şu aşakdakylary öz içine alýar:
1) gaz üpjünçilik obýektleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ölçegleriň we kadalaryň işlenip taýýarlanylmagynyň guralmagyny, tassyklanylmagyny we herekete getirilmegini;
2) gaz üpjünçilik obýektlerini taslamak, gurmak we abatlamak we gazy daşamak üçin ygtyýarnamalaryň berilmegini;
3) gaz üpjünçilik obýektleriniň tehniki we ýangyn howpsuzlygy üçin döwlet gözegçilik barlagynyň amala aşyrylmagyny;
4) gaz üpjünçilik obýektleri gurlanda, ulanylanda, abatlanylanda we ulanmakdan çykarylanda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäreleriň işlenip taýýarlanylyşyna we durmuşa geçirilişine gözegçiligiň amala aşyrylmagyny.
24-nji madda. Gaz üpjünçilik obýektleriniň senagat we
ekologik howpsuzlygyny üpjün etmegiň
aýratynlyklary
1. Gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň howpsuz işlemegini üpjün etmek maksady bilen olaryň senagat we ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek üçin şu aşakdaky talaplar berjaý edilýär:
1) gaz üpjünçilik ulgamynyň tehnologik obýektlerini taslamalaşdyrmak, gurmak we ulanmak diňe degişli ygtyýarnamasy bolan guramalar tarapyndan amala aşyrylýar;
2) gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýän gorag düzgüni bellenilýär;
3) gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleri gurlanda, ulanylanda ýa-da abatlanylanda howpsuzlyk kadalaryny bozmakda, şeýle hem olary goramagyň kadalaryny bozmakda günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler;
4) sowuk-sala garamagyň, gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektlerine bilkastlaýyn zeper ýetirilmeginiň ýa-da beýleki bikanun hereketleriň netijesinde ýetirilen maddy zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunýar.
2. Gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektlerine çenli gurluşyk ölçegleri we kadalary bilen bellenilen iň az aralyklaryň golaýynda gurlan jaýlar, binalar we desgalar düzgün bozmalara ýol beren fiziki we ýuridik şahslaryň hasabyna ýykylmaga degişlidir.
25-nji madda. Bolup biljek heläkçilikleri çäklendirmek
we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça
hereketlere gaz üpjünçilik ulgamynyň
obýektleriniň taýýarlygy
1. Bolup biljek heläkçilikleri çäklendirmek we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça hereketlere gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen operator şulary üpjün edýär:
1) gaz üpjünçilik ulgamynyň howply obýektleriniň heläkçilik-halas ediş gullugynyň, tehniki anyklaýyş ulgamynyň, heläkçilik ýagdaýlarynyň ýüze çykandygy hakynda habar beriş ulgamynyň döredilmegini;
2) bolup biljek heläkçilikleri çäklendirmek, olaryň netijelerini ýok etmek meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyny;
3) işgärleriň heläkçilik ýagdaýyndaky hereketlere taýýarlygyny;
4) gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň işini bozan we (ýa-da) daşky gurşawy hapalan heläkçilikleriň netijelerini düzetmek boýunça gaýragoýulmasyz we netijeli hereketleriň geçirilmegini.
2. Operator heläkçilikleriň netijelerini ýok etmek üçin degişli ýöriteleşdirilen gulluklary şertnamalaýyn esasda çekmäge haklydyr.
26-njy madda. Zyýanyň ýetirilmegi üçin jogapkärçiligiň
hökmany ätiýaçlandyrylmagy
1. Operator gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektlerini ulanmagyň barşynda fiziki we ýuridik şahslara, daşky gurşawa ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik çekýär.
2. Operator gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň işlemegi bilen baglanyşykly adamlaryň ömrüne ýa-da saglygyna, emläge, daşky gurşawa ýetirilen zyýan üçin jogapkärçiliginiň hökmany (döwlet) ätiýaçlandyryşyny amala aşyrýar.
3. Zyýanyň ýetirilmegi üçin jogapkärçiliginiň hökmany (döwlet) ätiýaçlandyryşy şu aşakdakylara degişlidir:
1) gaz üpjünçilik ulgamynyň tehnologik obýektleriniň emlägine;
2) gorag zolakda ýerleşen obýektleriň, gaz üpjünçilik ulgamynyň beýleki ýuridik şahslara degişli obýektleriniň emlägine.
4. Suwuklandyrylan gazy awtomobil ulagy bilen daşamagy amala aşyrýan daşary ýurtlaryň ýuridik şahslary şu madda laýyklykda adamlaryň ömrüne ýa-da saglygyna, emläge, daşky gurşawa ýetirilen zyýan üçin jogapkärçiliginiň hökmany (döwlet) ätiýaçlandyryşyny amala aşyrýarlar.
9-njy BAP. GAZ ÜPJÜNÇILIK ULGAMYNYŇ
MOBILIZASIÝA TAÝÝARLYGY
27-nji madda. Gaz üpjünçilik ulgamynyň mobilizasiýa
taýýarlygy
1. Adatdan daşary ýagdaýyň düzgüni girizilende Türkmenistanyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen döwletiň ýaşaýşy üçin möhüm ähmiýete eýe bolan gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň mobilizasiýa taýýarlygy amala aşyrylýar.
2. Gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň mobilizasiýa taýýarlygy aýry-aýry çäkleri, strategik taýdan möhüm obýektleri we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini energiýa serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
3. Mobilizasiýa taýýarlygy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan meýilnama boýunça amala aşyrylýar.
4. Gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň mobilizasiýa taýýarlyk çärelerini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
10-njy BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
28-nji madda. Şu Kanunyň bozulmagy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
29-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň 29-njy awgusty.
№ 424-IV.