Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin
Döwlet býujeti hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 71-madda)
1-nji madda
Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler boýunça 94129,1 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 97829,1 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 18315,5 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 22015,5 mln. manat möçberde tassyklamaly.
2-nji madda
Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýetmezçiliginiň ahyrky derejesini 3700,0 mln. manat möçberde bellemeli.
2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary býujet ýetmezçiliginiň üstüni ýapmak üçin çeşme bolup durýar diýip bellemeli.
3-nji madda
Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler boýunça 85286,5 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 88986,5 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 9472,9 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 13172,9 mln. manat möçberde tassyklamaly.
4-nji madda
Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2014-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:
Goşulan baha üçin salgytdan | Peýdadan alynýan salgytdan | Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytdan | |
Aşgabat şäheri | 22,0% | 22,79% | 22,0% |
Ahal welaýaty | 95,0% | 95,0% | 95,0% |
Balkan welaýaty | 38,0% | 39,19% | 38,0% |
Daşoguz welaýaty | 95,0% | 95,0% | - |
Lebap welaýaty | 95,0% | 95,0% | 95,0% |
Mary welaýaty | 91,0% | 91,94% | 91,0% |
5-nji madda
2014-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin 1885,3 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:
Ahal welaýaty | 346,5 | mln. manat |
Daşoguz welaýaty | 1538,8 | mln. manat |
6-njy madda
Ýerli býujetleri 10727,9 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:
Aşgabat şäheri | 1937,3 | mln. manat |
Ahal welaýaty | 1635,1 | mln. manat |
Balkan welaýaty | 1361,0 | mln. manat |
Daşoguz welaýaty | 1823,0 | mln. manat |
Lebap welaýaty | 1989,2 | mln. manat |
Mary welaýaty | 1982,3 | mln. manat |
7-nji madda
Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.
8-nji madda
Türkmenistanyň Maliýe ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň 9-njy noýabry.
№ 441-IV.