Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Ylmy edaralar hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Ylmy edaralar hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 74-nji madda)

 

(02.03.2019 ý. № 130-VI, 13.07.2024 ý. № 115-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun ylmy edaralaryň hukuk ýagdaýyny, maksatlaryny, wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, olaryň kysymlaryny we görnüşlerini, ylmy edaralaryň işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Ylmy edara hakynda düşünje

Ylmy edara – bu, eýeçiliginiň görnüşine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan esasy işi hökmünde ylmy-barlag we (ýa-da) ylmy-tehniki işleri, we (ýa-da) synag arkaly işläp taýýarlamalary (mundan beýläk – ylmy iş), ylmy işgärleri taýýarlamagy we hünär derejesini ýokarlandyrmagy amala aşyrýan hem-de esaslandyryjy resminamalaryna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hereket edýän, ýuridik şahsdyr. 

 

2-nji madda. Ylmy edaralar hakynda Türkmenistanyň

                      kanunçylygy

Ylmy edaralar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, ylmy edaralaryň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulandan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Ylmy edaralaryň hukuk ýagdaýy

1. Ylmy edaralaryň işi döwletiň ylmy-tehniki syýasatyna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar hem-de olaryň tertipnamalary bilen kesgitlenilýär.

2. Ylmy edaralaryň we ylmy işiň netijelerini peýdalanyjylaryň arasyndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär. 

3. Ylmy edara ylmy işi amala aşyrmak üçin oňa esaslandyryjy (esaslandyryjylar) tarapyndan berlen emläge eýelik edýär, ondan peýdalanýar we oňa ygtyýar edýär.

Ylmy edaranyň emlägine eýelik etmegiň, peýdalanmagyň we ygtyýar etmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

4. Ylmy edaralar öz ylmy-barlag we tejribe-synag binýatlaryny goldaýarlar we ösdürýärler, önümçilik gaznalaryny täzeleýärler.

5. Ylmy edaralary döretmek, bellige almak, üýtgedip guramak we ýatyrmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýerine ýetirilýär.

 

4-nji madda. Ylmy edaranyň maksatlary we wezipeleri

1. Şu aşakdakylar ylmy edaranyň maksatlary bolup durýar:

1) Türkmenistanyň tehnologiýa, ykdysady we durmuş taýdan ösüşine ýardam  edýän, tebigatyň, jemgyýetiň, adamyň we döwletiň ösüş kanunlary hakynda täze bilimleri almaga gönükdirilen düýpli we amaly ylmy barlaglary geçirmek;

2) döwlet häkimiýet edaralarynyň işini bilermenlik ylmy taýdan üpjün etmek;

3) Türkmenistanda ylmyň we tehnikanyň ösmegine hemmetaraplaýyn ýardam etmek; 

4) ylmy bilimleri ýaýratmak we abraýyny ýokarlandyrmak;

5) ylmyň we bilimiň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek; 

6) ylmyň we önümçiligiň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek;

7) ylym çygrynda işgärler kuwwatyny döretmek we ösdürmek;

8) ylmy işgärleriň hukuk ýagdaýynyň we durmuş goraglylygynyň ýokarlanmagyna ýardam etmek.

2. Şu aşakdakylar ylmy edaranyň esasy wezipeleri bolup durýar:

1) döwlet ylmy-tehniki syýasatyny döretmek we durmuşa geçirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak;

2) ylmy-tehniki maksatnamalara we taslamalara seljerme geçirmek;

3) Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda ylmy barlaglaryň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak;

4) Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, şeýle hem ýuridik we fiziki şahslara ylmy-maslahat beriş we bilermenler hyzmatlaryny bermek; 

5) dünýäniň we watanymyzyň ylmynyň gazanan üstünliklerini  öwrenmek we seljermek hem-de olary Türkmenistanyň bähbitleri üçin peýdalanmak boýunça teklipleri işläp düzmek;

6) ylmyň we bilimiň, ylmyň we önümçiligiň goşulyşmagynyň derejesini ýokarlandyrmagyň ýollaryny kesgitlemek;

7) ylmy edaralaryň maddy we durmuş binýatlaryny ösdürmäge, ylmy işgärleriň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmäge gönükdirilen teklipleri taýýarlamak;

8) ylmy işgärleri taýýarlamagyň, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň ulgamyny kämilleşdirmek;

9) ylmy, ylmy bilimleri we ylmy-tehnikanyň gazananlaryny  ýaýratmak we wagyz etmek.

 

5-nji madda. Ylmy edaranyň ygtyýarlyklary

Ylmy edaranyň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) ylmy işiň esasy ugurlaryny özbaşdak döretmek;

2) ylmy barlaglary ýerine ýetirmek;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çeşmeleriň hasabyna ylmy işleri maliýeleşdirmek boýunça bäsleşiklere gatnaşmak;

4) Türkmenistanda düýpli we  amaly ylmy barlaglary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça teklipleri işläp taýýarlamak; 

         5) Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň geçirýän düýpli we amaly ylmy barlaglaryny döwlet tarapyndan maliýeleşdirmegiň ugurlary we möçberleri boýunça teklipleri berýän bilermenler toparlaryna gatnaşmak;

         6) ylmy-tehniki maksatnamalara we taslamalara seljerme geçirmek, olaryň monitoringi we baha bermek, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralarynyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýan ylmy işiň netijelerine seljerme geçirmek;

7) ylmy işiň, ylmy intellektual eýeçiligi goramak çygrynda  kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamaga we seljermäge gatnaşmak;

8) redaksion-neşirýat işini amala aşyrmak, şol sanda ylmy ýygyndylary, monografiýalary we ylmy işleriň beýleki görnüşlerini, döwürleýin we yzygiderli neşirleri çap etmek, ylmy-tehniki maglumatyň maglumat binýadyny döretmek; 

         9) ylmy maslahatlary (konferensiýalary) we beýleki ylmy çäreleri geçirmek;

10) ylmy barlaglaryň netijelerini bahalandyrmagy geçirmek we olary önümçilige ornaşdyrmak;

         11) ylmy işiň möhüm ugurlary boýunça ylmy, bilermenler we  utgaşdyryjy geňeşlerini, toparlaryny döretmek;

         12) ylmy-barlag häsiýetli işleri tölegli esasda geçirmek barada ýuridik we fiziki şahslar bilen şertnamalary baglaşmak; 

 13) ylmy işiň netijesinde döredilen önüme bolan hukuklary durmuşa geçirmek maksady bilen tejribe-önümçilik barlaghanalaryny, ylmy-önümçilik merkezlerini we beýleki düzümleri döretmek;

         14) ylmy işgärleri taýýarlamagy we hünär derejesini ýokarlandyrmagy ýola goýmak we amala aşyrmak;

         15) ylmy işgärleri hünär synagyndan geçirmek;

16) ylmy işgärlere intellektual işiniň netijelerine bolan hukuklaryny tassyklaýan resminamalaryň bellige alynmagynda we olary almagynda, şeýle hem olaryň awtorlyk hukuklarynyň goralmagynda  ýardam etmek;

         17) ýokary okuw mekdebiniň, şeýle-de ylmy edaranyň binýadynda ylmy düzüm birliklerini (barlaghanalary, binýatlaýyn kafedralary) döretmek arkaly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrmak;

18) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işleri ylmy işiň netijelerini iş ýüzünde ulanmak (ornaşdyrmak) bolup durýan ylmy jemgyýetleri, assosiasiýalary, birleşikleri, şeýle hem kärhanalary, paýdarlar we beýleki innowasiýa edaralary we bileleşikleri döretmek (ýa-da agzalyk etmek);

19) Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda halkara ylmy guramalaryň işine gatnaşmak, daşary ýurtlaryň ylmy edaralary bilen ylmy-tehniki we ylmy- maglumat alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklary baglaşmak, halkara ylmy kongresleriň, maslahatlaryň, simpoziumlaryň we hünär okuwlaryň guralmagyna we geçirilmegine gatnaşmak, şeýle hem daşary ykdysady işi amala aşyrmak. 

 

6-njy madda. Ylmy edaranyň tertipnamasy

Ylmy edaranyň tertipnamasyny şu aşakdakylar düzmelidir:

1) ylmy edaranyň ady we hukuk salgysy;

2) bank rekwizitlerini, hukuk salgylaryny görkezmek bilen esaslandyryjy (esaslandyryjylar) onuň (olar) hakynda maglumat;

3) ylmy edaranyň işiniň görnüşleri;

4) ylmy edaranyň işini dolandyrýan we gözegçilik edýän edaralar barada maglumatlar;

5) ylmy edaralary üýtgedip gurmagyň we ýatyrmagyň şertleri;

6) ylmy işiň esasy ugurlary; 

7) Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, şeýle hem ýuridik we fiziki şahslara ylmy-maslahat beriş we bilermenler hyzmatlarynyň ylmy edara tarapyndan berilmeginiň şertleri we tertibi; 

8) esaslandyryja, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna (mundan beýläk – Ylymlar akademiýasy) we beýleki gyzyklanýan taraplara ylmy edaranyň işi hakynda maglumat bermegiň tertibi barada maglumatlar;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki maglumatlar.

 

7-nji madda. Ylmy edaralaryň maglumat üpjünçiligi

1.Ylmy edaralar:

1) ylym we tehnika babatda maglumat çeşmelerini döredýärler;

2) ylmy-tehniki maglumaty ýygnamagy, analitiki usulda işläp taýýarlamagy we saklamagy amala aşyrýarlar;

3) öz işiniň ylmy ugurlarynyň talaplaryna jogap berýän edebiýaty, şol sanda ýurdumyzda çap edilýän we daşary ýurt ylmy žurnallaryny, kitaplary, şeýle hem beýleki çap önümlerini edinýärler;

4) maglumat gurluşlarynyň döwletara ulgamyny döretmäge gatnaşýarlar, daşary ýurt döwletleriniň ylmy edaralary bilen maglumat alşygyny amala aşyrýarlar.

2. Ylmy edaralar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän tertipde arhiw we döwlet maglumatlaryndan peýdalanmaga ygtyýarlydyrlar.

         Döwlet häkimiýet edaralary, olaryň gurluş düzüm birlikleri, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, taslamalaşdyrylan ylmy barlaglaryň ýerine ýetirilmegi üçin derwaýys bolan maglumaty ylmy edaralaryň ýüz tutmalary boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda berýärler.

3. Ylmy edaralar Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda ylym we tehnika babatdaky halkara maglumat gaznalaryndan we ulgamlaryndan peýdalanmaga ygtyýarlydyrlar.

 

II BAP. YLMY EDARALARYŇ KYSYMLARY

 

8-nji madda. Ylmy edaralaryň eýeçiliginiň görnüşleri

Ylmy edaralar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda eýeçiligiň şu aşakdaky görnüşlerinde bolup bilerler:

1) döwlet eýeçiliginde;

2) jemgyýetçilik birleşikleriniň (guramalaryň) eýeçiliginde;

         3) gatyşyk eýeçilikde;

        4) bilelikdäki kärhanalaryň eýeçiliginde.

 

9-njy madda. Ylmy edaralaryň guramaçylyk-hukuk

      görnüşleri

1. Ylmy edaralar işlerini şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşlerde amala aşyrýarlar:

1) döwlet ylmy edarasy;

2) ylmy işgärleriň jemgyýetçilik birleşigi;

3) jemgyýetçilik birleşiginiň  ylmy edarasy;

4) döwlet ylmy edarasynyň hojalyk jemgyýeti;

5) paýdarlar ylmy jemgyýeti;

6) bilelikdäki ylmy edara.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda ylmy edaralary we beýleki guramaçylyk-hukuk görnüşleri döretmek göz öňünde tutulyp bilner.

 

10-njy madda. Döwlet ylmy edarasy 

1. Türkmenistanyň ylym ulgamynyň esasyny döwlet ylmy edaralary düzýärler.

2. Döwlet ylmy edaralary – bu esaslandyryjylary döwlet häkimiýet  edaralary bolup durýan edaralardyr.

3. Esaslandyryjylar döwlet ylmy edaralarynyň tertipnamalarynda göz öňünde tutulan işinde esasy we dolanyşyk serişdelerini, ýer böleklerini we beýleki döwlet emlägini olara peýdalanmaga berýärler.

Döwlet ylmy edarasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we çäklerde döwlet eýeçiliginde durýan emläge eýelik etmek, ondan peýdalanmak we oňa ygtyýar etmek hukugyny amala aşyrýar.

4. Döwlet ylmy edarasynyň gurluşy, şeýle hem ony  dolandyrmagyň tertibi onuň esaslandyryjy (esaslandyryjysy) tarapyndan kesgitlenilýär we tertipnamasynda berkidilýär.

5. Döwlet ylmy edarasy özüniň borçnamalary boýunça özüne degişli ähli emlägi bilen jogap berýär. 

Döwlet ylmy edarasy esaslandyryjynyň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär, esaslandyryjy bolsa, edara berkidilen emläkden başga zada onuň  borçnamalary boýunça jogap bermeýär.

6. Döwlet ylmy edaralary alnan serişdeleri hereket edýän Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmäge, öz işgärleriniň ylmy işlerini maddy taýdan höweslendirmäge we sylaglamaga gönükdirilen goşmaça maliýeleşdirmek serişdesi hökmünde ulanmak maksady bilen ýuridik  we fiziki şahslara özleriniň hasabynda durýan emlägi şertnamalary baglaşmak arkaly tölegli esasda wagtlaýyn peýdalanmaga bermäge haklydyr. 

 

11-nji madda. Ylmy işgärleriň jemgyýetçilik birleşikleri

1. Ylmy işgärleriň jemgyýetçilik birleşigi – ylmyň we tehnikanyň geljegi uly bolan ugurlaryny maksatlaýyn ösdürmegiň, anyk ylmy barlaglaryň geçirilmegine ylmy güýçleri jemlemegiň, ylmy barlaglary guramagyň we geçirmegiň, ylmy bilimlerini we tejribesini alyşmagyň, şeýle hem ylmy işgärleriň hünär bähbitlerini goramagyň wezipelerini çözmek maksadynda, ylmy bähbitleriniň umumylygy esasynda birleşen ylmy işgärleriň başlangyjy boýunça döredilen, meýletin, öz-özüni dolandyrýan, täjirçilik däl birikmesidir. 

2. Ylmy işgärleriň jemgyýetçilik birleşikleri ýuridik şahslar bolup durýarlar, öz işini tertipnamalaryna laýyklykda amala aşyrýarlar, jemgyýetçilik birleşikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna  laýyklykda bellige alynmaga degişlidir. 

3. Ylmy işgärleriň jemgyýetçilik birleşikleri şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşleriň birinde döredilip bilner:

1) ylmy işi bilelikde alyp barmak üçin döredilýän jemgyýetçilik guramasy;

2) jemgyýetçilik gaznasy – maksady meýletin gatançlaryň, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki gelýän girdejileriň esasynda emlägi döretmekden hem-de ylmy we tehnikany ösdürmegiň taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin bu emlägi peýdalanmakdan ybarat bolup durýan birleşik. 

4. Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralary ylmy işgärleriň jemgyýetçilik birleşiklerini ylym we tehnika babatda kararlaryň taslamalaryny taýýarlamaga, ylmy seljermeleri geçirmäge, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän ylmy-tehniki maksatnamalaryň we taslamalaryň ýerine ýetirilmegine bäsleşik esasynda çekip bilerler.

5. Ylmy işgärleriň jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda daşary ýurt we halkara ylmy guramalary bilen hyzmatdaşlyk edip, halkara ylmy birleşikleriniň, arkalaşyklarynyň, jemgyýetleriniň köpçülikleýin agzalary bolup bilerler.

6. Ylmy işgärleriň jemgyýetçilik birleşikleriniň ylmy işlerini maliýeleşdirmek olaryň hususy, daşyndan çekilen we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň çeşmeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

7. Ylmy işgärleriň jemgyýetçilik birleşiklerini dolandyrmagyň tertibi onuň tertipnamasy bilen kesgitlenilýär.

8. Ylmy işgärleriň jemgyýetçilik birleşigi özleriniň borçnamalary boýunça özüne degişli ähli emlägi bilen jogap berýär.

 

12-nji madda. Jemgyýetçilik  birleşiginiň ylmy edarasy

1. Jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan döredilýän ylmy edaralar, jemgyýetçilik birleşikleriniň ylmy edaralary bolup durýarlar. 

2. Jemgyýetçilik birleşikleriniň ylmy edaralary döretmäge bolan hukugy olaryň esaslandyryjy resminamalarynda berkidilen bolmalydyr.

3. Jemgyýetçilik birleşikleriniň ylmy edaralarynyň işi olaryň esasy maksatlarynyň we wezipeleriniň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly bolmalydyr.

4. Jemgyýetçilik birleşikleriniň ylmy edaralary bu birleşikleriň öz serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki maliýe serişdeleriň we başga  emlägiň hasabyna döredilýär.

5. Jemgyýetçilik birleşiginiň ylmy edarasyny dolandyrmagyň tertibi onuň tertipnamasy bilen kesgitlenilýär.

6. Jemgyýetçilik birleşiginiň ylmy edarasy özleriniň borçnamalary boýunça özüne degişli ähli emlägi bilen jogap berýär.

 

13-nji madda. Döwlet ylmy edarasynyň hojalyk jemgyýeti 

1. Döwlet ylmy edaralary alyp barýan işi olaryň ylmy işiniň netijelerini iş ýüzünde ulanmakdan (ornaşdyrmakdan) ybarat bolup durýan hojalyk jemgyýetleriniň esaslandyryjylary (şol sanda başga şahslar bilen bilelikde) bolmak hukugyna eýedirler.

2. Döwlet ylmy edaralary hojalyk jemgyýetleriniň esaslyk  maýalaryna esasy goýum hökmünde, olara bolan aýratyn hukuklar özlerinde saklanyp galýan, intellektual işiň netijelerinden peýdalanmak hukugyny girizýärler.

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, hojalyk jemgyýetleriniň esaslyk maýalaryna esasy goýum hökmünde girizilen intellektual işiň netijelerinden peýdalanmak hukugy hojalyk jemgyýetleri tarapyndan şertnama esasynda üçünji taraplaryň ygtyýaryna berlip, şeýle hem başga esaslar boýunça üçünji taraplara tabşyrylyp bilinmez.

3. Döwlet ylmy edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde özleriniň dessin dolandyryşynda bar bolan emlägi hojalyk jemgyýetleriniň esaslyk maýalaryna goýum hökmünde girizip bilerler.

4. Esaslandyryjylary döwlet ylmy edaralary bolup durýan hojalyk jemgyýetleriniň işinden alynýan girdejiniň (peýdanyň) şertnama bilen bellenilen bir bölegi olaryň özbaşdak ygtyýaryna gelip gowuşýar, aýratyn hasapda hasaba alynýar we diňe bu ylmy edaralaryň tertipnamalaýyn işiniň amala aşyrylmagyna, intellektual işiň netijelerini hukuk taýdan goramaga, olaryň ylmy işgärlerine pul hakyny tölemäge gönükdirilýär.

5. Döwlet ylmy edaralarynyň hojalyk jemgyýetleriniň döredilmegi we hereket etmegi kärhanalar hakynda  Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

14-nji madda. Paýdarlar ylmy jemgyýeti

1. Paýdarlar ylmy jemgyýetleri Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň strategik maksatnamalaryny çözmäge gönükdirilen, ileri tutulýan umumydöwlet ähmiýeti bolan ylmy-tehniki maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin, şeýle hem daşary ýurtlaryňkyny goşmak bilen uly möçberlerdäki maýa goýumlaryny, häzirkizaman ylmy bilimleri we tehnologiýalary, ýokary professional ylmy kuwwatlyklary çekmek üçin döredilip bilner. 

2. Paýdarlar ylmy jemgyýetleriniň esaslandyryjylary bolup, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ylmy edaralar, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň degişli önümçilik we bilim gurluşlary çykyş edip bilýärler.

3. Paýdarlar ylmy jemgyýetleri özleriniň tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyklykda ylmy-barlag we ylmy-tehniki işleri, synag arkaly işläp taýýarlamalary toplumlaýyn amala aşyrýarlar.

4. Paýdarlar ylmy jemgyýetleri şu Kanuna, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda döredilýär we hereket edýär.

 

15-nji madda. Bilelikdäki ylmy edara

1. Bilelikdäki ylmy edaralar – bu Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň we daşary ýurt döwletleriniň ylmy edaralarynyň emlägini umumylaşdyrmak we bilelikde ulanmak arkaly ylmy we tehnikany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işi amala aşyrmak maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döredilen ylmy edaralardyr.

2. Bilelikdäki ylmy edara Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna hem-de onuň esaslandyryjy resminamalaryna laýyklykda döredilýär we hereket edýär. 

 

III BAP. YLMY EDARALARYŇ GÖRNÜŞLERI

 

16-njy madda. Ylmy edaralaryň ulgamy

1. Türkmenistanda ylmy edaralar ylmy işiniň ugurlary hem-de düýpli we amaly ylmy barlaglarynyň ugurlary boýunça şu aşakdaky görnüşlere bölünýärler:

1) ylmy-barlag institutlary;

2) ylmy-tehnologik merkezleri;

3) ylmy-kliniki merkezleri;

4) ylmy-önümçilik merkezleri;

5) ylmy-taslama merkezleri;

6) tejribe-önümçilik barlaghanalary;

7) ylmy işleri amala aşyrýan başga edaralar.

2. Türkmenistanda ylmy edaralar edara tabynlygy boýunça şu aşakdakylara bölünýär:

1) Ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralary;

2) pudagara ylmy edaralar;

3) pudaklaýyn ylmy edaralar;

4) ýokary okuw mekdepleriniň ylmy edaralary;

5) jemgyýetçilik birleşikleriniň ylmy edaralary.

 

17-nji madda. Ylmy-barlag institutlary

1. Ylmy-barlag instituty – bu ylmy işgärleri taýýarlamagy we  hünär derejesini ýokarlandyrmagy hem-de işiniň esasy ugurlary onuň tertipnamasy bilen kesgitlenilýän ylmy-barlag we (ýa-da) ylmy-tehniki işi esasy işi hökmünde amala aşyrýan ylmy edaradyr. 

2. Ylmy-barlag instituty ýuridik şahs bolup durýar, şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, esaslandyryjy resminamalaryna, öz tertipnamasyna laýyklykda döredilýär we hereket edýär.

3. Ylmy-barlag instituty şu Kanunyň 8-nji maddasynda göz öňünde tutulan eýeçiligiň görnüşlerinde esaslandyrylyp bilner. 

         4. Ylmy-barlag instituty öz işini şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşlerde amala aşyryp biler:

         1) döwlet ylmy edarasy;

         2) jemgyýetçilik birleşiginiň ylmy edarasy;

         3) bilelikdäki ylmy edara.

         5. Ylmy-barlag institutlary edara tabynlygy boýunça Ylymlar akademiýasynyň ulgamynda, ýokary okuw mekdeplerinde, pudaklaýyn ministrliklerde we edaralarda, jemgyýetçilik birleşikleriň düzüminde döredilip bilner, şeýle hem ylmy-tehnologiýa merkezleriniň düzümine girip bilerler. 

         6. Ylmy-barlag institutlary adam hukuklaryny, döwlet hakyndaky ylymlary, hukuk hakyndaky ylymlary, politologiýany, sosiologiýany we beýleki möhüm durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy meseleleri öwrenmek we ylmy taýdan seljermek maksady bilen, Türkmenistanyň ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň ýanynda döredilip bilner.

Türkmenistanyň ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň  ýanyndaky ylmy-barlag institutlary öz işini şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we öz  tertipnamalaryna laýyklykda amala aşyrýarlar.

7. Ylmy-barlag institutynyň guramaçylyk we wezipe gurluşynyň esasyny ylmy bölümler, bölümçeler we barlaghanalar hem-de ylmy işgärleriň wezipeleri düzýärler.

8. Ylmy-barlag institutlaryny dolandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna we olaryň tertipnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

9. Ylmy-barlag institutyny gönüden-göni dolandyrmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan onuň direktory amala aşyrýar.

10. Ylmy-barlag institutynda ylmy işi dolandyrmagyň kollegial guramasy – ygtyýarlyklary we işini guramagyň tertibi şu Kanun we ylmy-barlag institutynyň tertipnamasy bilen kesgitlenilýän alymlar Geňeşi döredilýär.

 

18-nji madda. Ylmy-tehnologik merkezler

1. Ylmy-tehnologik merkezler täze we ýokary tehnologiýalary döretmegiň hem-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem şonuň ýaly tehnologiýalara esaslanan geljegi uly bolan önümçilikler babatda  ylmyň, bilimiň, önümçiligiň we täjirçiligiň, iň amatly özara baglanyşygyny  üpjün etmek maksady bilen döredilýär. 

Ylmy-tehnologik merkezleriň işiniň esasy närsesi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň käbir pudaklaryny we möhüm tehnologik ugurlaryny innowasion taýdan ösdürmek bolup durýar.

2. Ylmy-tehnologik merkezler:

1) Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça innowasion iş üçin goýberilýän serişdeleri bir ýere jemleýärler;

2) ylmy-barlag, ylmy-tehniki, bilim bermek we innowasion işi, şeýle hem synag arkaly işläp taýýarlamalary goşulyşdyrýarlar;

3) ylmy edaralary, bilim edaralaryny, önümçilik we durmuş infrastrukturalary bitewi topluma birikdirýärler;

4) Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň birnäçe ileri tutulýan tehnologik ugurlary boýunça işi amala aşyrýarlar.

3. Ylmy-tehnologik merkezleriň esaslandyryjylary bolup, täze önümi işläp taýýarlamak, öndürmek we ýerlemek boýunça toplumlaýyn işleri ýerine ýetirýän, ylmy, önümçilik, innowasion we başga işleri amala aşyrýan Türkmenistanyň, daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň edaralary (ýuridik şahslar) çykyş edip bilýärler.

Ylmy-tehnologik merkezlerini esaslandyryjylaryň düzümine banklar we (ýa-da) banka degişli bolmadyk maliýe-karz edaralary girip bilýärler.

4. Ylmy-tehnologik merkezler Ylymlar akademiýasynyň ulgamynyň ylmy edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we ykdysadyýet pudagynyň kärhanalarynyň, edaralarynyň binýadynda döredilip bilner.

5. Ylmy-tehnologik merkez ýuridik şahs bolup durýar we eýeçiligiň gatyşyk hem-de bilelikdäki görnüşlerinde esaslandyrylyp hem bilner.

Ylmy-tehnologik merkez işini şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk  görnüşlerde amala aşyryp biler:

1) paýdarlar ylmy jemgyýeti;

2) bilelikdäki ylmy edara.

Ylmy-tehnologik merkeziň düzümine girmegi edaralaryň  eýeçiliginiň görnüşlerini we guramaçylyk-hukuk görnüşlerini, onuň düzüjilerini üýtgetmeýär.

6. Ylmy-tehnologik merkezler Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça innowasion iş üçin gönükdirilýän döwletiň, hususy emlägiň, daşary ýurt maýa goýumlarynyň serişdelerini bir ýere jemleýärler;

Ylmy-tehnologik merkezleriň maliýe serişdeleri aşakdakylaryň hasabyna döredilýär: 

1) esaslandyryjylaryň gatançlarynyň;

2) Ylmy-tehnologik merkez eýesi bolup durýan ylmy, ylmy-tehniki we innowasion işiň netijelerine emläk hukugyny bermek boýunça işden alnan girdejileriň;

3) ýokary tehnologiýaly önümleri we başga täjirçilik işini döretmek boýunça ylmy barlaglary geçirmäge buýurmalaryň ýerine ýetirilmegi netijesinde emele gelýän peýdadan alynýan tutumlaryň;

4) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki  düşewüntleriň we girdejileriň.

7. Esaslandyryjylaryň geňeşi, ylmy-tehniki geňeş, daşyndan dolandyrýan kompaniýa we beýleki şolar hökmünde bolup biljek ylmy-tehnologik merkezi dolandyrmagyň görnüşi esaslandyryjy resminamalar bilen kesgitlenilýär. 

8. Ylmy-tehnologik merkez Türkmenistanyň döwlet ylmy-tehniki maksatnamalary boýunça işleri ýerine ýetiriji – baş edara bolup çykyş edip biler.

9. Ylmy-tehnologik merkezler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we şertlerde olar hakyndaky düzgünnamalarda  göz  öňünde tutulan maksatlara ýetmek üçin zerur bolan telekeçilik işini amala aşyryp bilerler.

10. Ylmy-tehnologik merkeziň we onuň esaslandyryjylarynyň, beýleki ýuridik şahslaryň özara gatnaşygynyň we işini utgaşdyrmagyň tertibi ylmy-tehnologik merkeziň esaslandyryjy resminamalary bilen kesgitlenilýär.

11. Ylmy-tehnologik merkezler möhüm tehnologik ugurlar boýunça täze önümi öndürmek we ýerlemek, barlaglar, işläp taýýarlamalar bilen baglanyşykly wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegi üçin jogapkärçilik çekýärler. 

12 Ylmy-tehnologik merkezi döretmegiň, üýtgedip guramagyň, ýatyrmagyň tertibi we işiniň şertleri şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan ol baradaky düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

 

19-njy madda. Ylmy-kliniki merkezler

1. Ylmy-kliniki merkezler – keselleri bejermek we öňüni almak,  anyklamak, ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin niýetlenilen ýöriteleşdirilen bejeriş-öňüni alyş edaralarydyr.

2. Ylmy-kliniki merkezleriň düzümine lukmançylyk işgärlerini taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy we hünär derejesini ýokarlandyrmagy, täze lukmançylyk tehnologiýalaryny işläp  taýýarlamagy we iş ýüzünde ornaşdyrmagy amala aşyrýan ýokary okuw mekdepleriniň we lukmançylyk ugry boýunça ylmy-barlag institutlarynyň kliniki düzüm birlikleri (kafedralar, bölümler, barlaghanalar), şeýle hem degişli bejeriş-öňüni alyş  edaralary girýärler.

3. Bejeriş-öňüni alyş edarasyna ylmy-kliniki merkez derejesi saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan ylmy-kliniki merkeziň dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdebiniň we (ýa-da) ylmy-barlag institutynyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça berilýär. Ylmy-kliniki merkez derejesini bermek üçin esas bolup, kliniki düzüm birlikleriniň merkeziniň düzüminde ýokary okuw mekdebiniň we (ýa-da) lukmançylyk ugry boýunça ylmy-barlag institutynyň barlygy bolup durýar.   

4. Ylmy-kliniki merkez eýeçiligiň şu aşakdaky görnüşlerinde  esaslandyrylyp bilner:

1) döwlet eýeçiliginde;

2) bilelikdäki kärhanalaryň eýeçiliginde.

5. Ylmy-kliniki merkez öz işini şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşlerde amala aşyryp biler:

1) döwlet ylmy edarasy;

2) bilelikdäki ylmy edara.

6. Ylmy-kliniki merkez ýuridik şahs bolup durýar, şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, esaslandyryjy resminamalaryna, öz tertipnamasyna laýyklykda döredilýär we hereket edýär.

7. Ylmy-kliniki merkezde ygtyýarlyklary we işini guramagyň tertibi şu Kanun we ylmy-kliniki merkeziň tertipnamasy bilen kesgitlenilýän ylmy işi dolandyrmagyň kollegial edarasy – alymlar Geňeşi döredilýär.

8. Ylmy-kliniki merkeziň esasy wezipeleri şu aşakdakylar bolup durýar:

1) ylmy-barlag işleriniň, işläp taýýarlamalaryň geçirilmegi we ýokary netijeli häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy üçin şertleri üpjün etmek;

2) ilata ýokary derejeli saglygy goraýyş kömegini bermek;

3) pudagyň lukmançylyk we farmasewtik işgärlerini taýýarlamak boýunça okuw-mugallymçylyk işini guramak we geçirmek üçin şertleri döretmek.

9. Ylmy-kliniki merkezler wezipeleri durmuşa geçirmek üçin:

1)  näsaglara anyklaýyş, bejeriş, maslahat beriş kömegini bermek we saglygyny dikeltmek boýunça ýöriteleşdirilen bölümleriň ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy-barlag institutynyň düzüm birlikleri bilen bilelikdäki işini guraýarlar;

2) okatmagyň häzirki zaman usullaryny, ylmyň we tejribäniň iň täze gazananlaryny ulanmak bilen okuw-mugallymçylyk işini geçirmek üçin zerur şertleri döredýärler;

3) bejeriş-anyklaýyş işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we täze lukmançylyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga ýardam berýän kliniki we patologoanatomiýa maslahatlaryny, hünär okuwlaryny, simpoziumlary, ylmy-amaly maslahatlaryny we beýleki çäreleri geçirýärler;

4) kliniki synaglaryň, näsaglaryň saglygyny anyklamagyň, bejermegiň, dikeltmegiň, keselleriň we gaýra üzülmeleriň öňüni almagyň täze netijeli usullaryna bilermenler tarapyndan baha berilmesiniň, ylmy-tehniki işleriň we ylmy-lukmançylyk işläp taýýarlamalaryň, gollanmalaryň bellenilen tertipde işlenip taýýarlanylmagyny we geçirilmegini üpjün edýärler; 

5) olaryň aýratynlyklaryny hasaba alýan başga çäreleri durmuşa geçirýärler.

10. Ylmy-kliniki merkezler  kesgitli çäklerde şol bir ugur boýunça işleýän beýleki bejeriş edaralaryna we bölümlere guramaçylyk we (ýa-da) usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyryp we ilata maslahat beriş kömegini berip  bilýärler. 

 

20-nji madda. Ylmy-önümçilik merkezleri

1. Ylmy-önümçilik merkezleri dünýä ylmynyň öňdebaryjy üstünliklerini, ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak maksadynda döredilýär. 

Ylmy-önümçilik merkezleri esasan, esasy ugurlary olaryň Tertipnamasy bilen kesgitlenilýän ylmy-tehniki işi we synag arkaly işläp taýýarlamalary amala aşyrýarlar.

Ylmy-önümçilik merkezleri innowasion işläp taýýarlamalaryň we  innowasion medeniýetiň öňe gitmegine, ylmy köp talap edýän önümi döretmäge we bazara çykarmaga, şeýle hem önümçiligiň, täjirçiligiň we ylmyň goşulyşmagyna ýardam edýärler.

2. Ylmy-önümçilik merkez eýeçiligiň şu aşakdaky görnüşlerinde  esaslandyrylyp bilner:

1) döwlet eýeçiliginde;

2) jemgyýetçilik birleşikleriniň eýeçiliginde;

3) bilelikdäki kärhanalaryň eýeçiliginde.

3. Ylmy-önümçilik merkez özüniň işini şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşlerde amala aşyryp biler:

1) döwlet ylmy edarasy;

2) jemgyýetçilik birleşikleriniň ylmy edarasy;

3) döwlet ylmy edarasynyň hojalyk jemgyýeti;

4) bilelikdäki ylmy edara.

4. Ylmy-önümçilik merkez ýuridik şahs bolup durýar, şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, esaslandyryjy resminamalaryna, öz tertipnamasyna laýyklykda döredilýär we hereket edýär.

5. Ylmy-önümçilik merkezleri edara tabynlygy boýunça Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, pudaklaýyn ministrlikler we edaralar tarapyndan, jemgyýetçilik birleşikleriň düzüminde döredilip hem-de ylmy-tehnologiýa merkezleriniň düzümine girip bilerler.

6. Ylmy-önümçilik merkez özüniň guramaçylyk we wezipe gurluşynda olarda ylmy işgärleriň wezipeleri bellenilýän ylmy bölümleri, bölümçeleri we barlaghanalary, şeýle hem zerurlygyna görä degişli hünärler we kärler boýunça işgärler düzümi bolan önümçilik we infrastruktura maksatly gurluş düzüm birliklerini özünde jemleýär.

 

21-nji madda. Ylmy-taslama merkezleri

1. Ylmy-taslama merkezleri geljegi bar bolan innowasion desgalaryň nusgalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, innowasion, tehnologik, binagärlik, konstruktiw çözgütleri taslamalaşdyrmak maksadynda  döredilýär hem-de esasan ylmy-tehniki işi we synag arkaly işläp taýýarlamalary amala aşyrýarlar, şeýle hem  innowasion işläp taýýarlamalaryň we  innowasion medeniýetiň öňe gitmegine, ylmy köp talap edýän önümi döretmäge we bazara çykarmaga ýardam edýärler. 

2. Ylmy-taslama merkezi eýeçiligiň şu aşakdaky görnüşlerinde  esaslandyrylyp bilner:

1) döwlet eýeçiliginde;

2) jemgyýetçilik birleşikleriniň eýeçiliginde;

3) bilelikdäki kärhanalaryň eýeçiliginde.

3. Ylmy-taslama merkezi özüniň işini şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşlerde amala aşyryp biler:

1) döwlet ylmy edarasy;

2) jemgyýetçilik birleşiginiň ylmy edarasy;

3) döwlet ylmy edarasynyň hojalyk jemgyýeti;

4) bilelikdäki ylmy edara.

4.Ylmy-taslama merkezi ýuridik şahs bolup durýar, şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, esaslandyryjy resminamalaryna, öz tertipnamasyna laýyklykda döredilýär we hereket edýär.

5. Ylmy-taslama merkezleri ylmy, önümçilik we bilim edaralary, taslamalaşdyryjy jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan döredilip hem-de ylmy-tehnologiýa merkezleriniň düzümine girip bilerler. 

         6. Ylmy-taslama merkezi özüniň guramaçylyk we wezipe gurluşynda olarda ylmy işgärleriň wezipeleri bellenilýän ylmy bölümleri jemleýär. 

 

22-nji madda. Tejribe-önümçilik barlaghanalary

1. Tejribe-önümçilik barlaghanalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ylmy-tehniki we innowasion taýdan ösdürmegiň wezipelerine laýyklykda synag işlerini geçirmek maksady bilen döredilýär.

2. Tejribe-önümçilik barlaghanalary ylmy-barlag we synag işleriniň daşary ýurt we watanmyzyň tejribelerini öwrenýärler, önümleriň innowasion görnüşlerini özleşdirmek, önümiň taslamalaşdyrylýan görnüşlerinde täze materiallary ulanmak, maddy-çig mal serişdelerini tygşytly harçlamak boýunça işleri geçirýärler.

         3. Tejribe-önümçilik barlaghanalary barlag-ölçeýiş enjamlarynyň ýagdaýyna we işleýşine, kärhanalaryň sehlerindäki tehnologiýa düzgün-tertibine barlagy üpjün edýärler, enjamlar parkyny täzelemegiň zerurlygynyň ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlaýarlar, enjamlara hyzmat etmegiň tehnologiýasynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar.   

         4. Tejribe-önümçilik barlaghanalary önümçilige gelip gowuşýan çig malyň, materiallaryň, polufabrikatlaryň, şeýle hem taýýar önümiň hereket edýän önümçilik standartlaryna we tehniki şertlere, ekologiýa standartlaryna laýyklygyny kesgitlemek maksady bilen olaryň hil barlagyny amala aşyrýarlar.

         5. Tejribe-önümçilik barlaghanalary şu aşakdaky şertleri berjaý edenlerinde ylmy edaranyň hukuk ýagdaýyna eýe bolýarlar: 

1) synag arkaly işläp taýýarlamalar ylmy işiň görnüşi hökmünde geçirilýän işiň möhüm düzüm bölegi bolup duranlarynda;

2) işgärleriň wezipe gurluşlarynda ylmy işgärleriň wezipeleri bar bolanda;

         3) ýuridik şahslar bolup duranlarynda.

         6. Tejribe-önümçilik barlaghanalary eýeçiligiň şu aşakdaky görnüşlerinde esaslandyrylyp bilner: 

1) döwlet eýeçiliginde;

         2) jemgyýetçilik birleşikleriniň eýeçiliginde;

3) bilelikdäki kärhanalaryň eýeçiliginde.

7. Tejribe-önümçilik barlaghanalary özüniň işini şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşlerde amala aşyrýarlar:

1) döwlet ylmy edarasy;

2) jemgyýetçilik birleşiginiň ylmy edarasy;

3) döwlet ylmy edarasynyň hojalyk jemgyýeti;

4) bilelikdäki ylmy edara.

         8. Tejribe-önümçilik barlaghanalary ylmy edaralaryň binýadynda döredilişi ýaly, önümçilik kärhanalarynyň binýadynda hem döredilip bilner.

 

         23-nji madda. Ylmy işi amala aşyrýan beýleki edaralar

         1. Ylmy iş  olar üçin işiniň esasy görnüşi bolup durmaýan edaralar, olaryň esaslandyryjy resminamalarynda berkidilen wezipeleri çözmek maksadynda öz gurluşynda ylmy düzüm birliklerini döretrmäge haklydyrlar.

         2. Ylmy edaralar şertnama laýyklykda ýa-da bäsleşik esasynda alnan granta laýyklykda ylmy işi amala aşyrýan we ýuridik şahsy döretmezden fiziki şahslary birleşdirýän wagtlaýyn ylmy toparlary döredip bilerler.

3. Ylmy işe ylmy taýdan hyzmat etmäge gatnaşýan edaralara, ylmy-tehniki seljeriş, ylmy-tehniki maglumat beriş edaralary, ylmy kitaphanalar, innowasion gaznalar we başgalar degişlidirler.

         4. Şu maddada görkezilen edaralara, olaryň ylmy gurluşlaryna we (ýa-da) ylmy işgärleriň wezipelerine degişli böleginde ylmy iş babatda şu Kanunda we “Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan ylmy edaralar hakyndaky düzgünler degişlidir. 

 

24-nji madda. Pudagara ylmy edaralar

1. Umumy döwlet ähmiýetli we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik maksatnamalaryny çözmäge gönükdirilen pudagara ylmy-tehniki maksatnamalary durmuşa geçirmek maksadynda, şeýle hem uly möçberlerdäki maýa goýumlary, häzirkizaman ylmy bilimleri we tehnologiýalary, ýokary professional ylmy kuwwatlyklary çekmek maksadynda pudagara ylmy edaralar döredilip bilner.

2. Pudagara ylmy edaralar eýeçiligiň şu aşakdaky görnüşlerinde bolup bilýärler:

1) döwlet eýeçiliginde;

2) bilelikdäki kärhanalaryň eýeçiliginde;

3) gatyşyk eýeçilikde.

         3. Pudagara ylmy edaralar özüniň işini şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşlerde amala aşyryp bilýärler:

1) döwlet ylmy edarasy;

2) bilelikdäki ylmy edara;

         3) paýdarlar ylmy jemgyýeti.

4. Pudagara ylmy edaralar ylmy işiniň ugurlary hem-de düýpli we  amaly barlaglarynyň esasy ugurlary boýunça şu aşakdaky görnüşlerde bolup bilerler: 

1) ylmy-barlag institutlary;

2) ylmy-tehnologik merkezler.

5. Pudagara ylmy edara ýuridik şahs bolup durýar, şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, esaslandyryjy resminamalaryna, özüniň tertipnamasyna laýyklykda döredilýär we hereket edýär. 

 

 

25-nji madda. Pudaklaýyn ylmy edaralar

1. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ylmy-tehniki we innowasion taýdan ösdürmek maksadynda ministrliklerde, pudaklaýyn edaralarda pudaklaýyn ylmy edaralar döredilip bilner.

2. Pudaklaýyn ylmy edaralar eýeçiligiň şu aşakdaky görnüşlerinde bolup bilýärler:

1) döwlet eýeçiliginde;

         2) bilelikdäkikärhanalaryň eýeçiliginde.

3. Pudaklaýyn ylmy edaralar özüniň işini şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşlerde amala aşyryp biler: 

1) döwlet ylmy edarasy;

2) bilelikdäki ylmy edara.

4. Pudaklaýyn ylmy edaralaryň görnüşleri şu Kanun we olaryň  tertipnamalary bilen kesgitlenilýär.

5. Pudaklaýyn ylmy edara ýuridik şahs bolup durýar, şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, esaslandyryjy resminamalaryna, öz tertipnamasyna laýyklykda döredilýär we hereket edýär.

 

         26-njy madda. Ýokary okuw mekdepleriniň 

                                   ylmy edaralary

1. Ýokary okuw mekdepleriniň ylmy edaralary bilim we ylmy işleri goşulyşdyrmak maksadynda şu aşakdakylar üçin döredilýär:

1) ykdysadyýeti ösdürmegiň ylmy we ylmy-tehniki wezipelerini  çözmek maksadynda ýokary mekdebiň ylmy kuwwatyny netijeli peýdalanmak;

         2) düýpli we gözleg barlaglarynyň ileri tutulyp ösdürilmegi, düýbünden täze tehnikalary, tehnologiýalary hem-de materiallary işläp taýýarlamak we döretmek;

3) okuwyň barşynda ylmy barlaglaryň netijelerini işjeň ulanmak, ylmy barlaglary ýerine ýetirmäge talyplary giňden çekmek, ylmy mekdepleri we ýokary hünär derejeli ylmy toparlary döretmek arkaly hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak;

4) ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlarynyň esasynda ykdysadyýetiň pudaklary üçin ýokary okuw mekdeplerinde ylmy işgärleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmek;

5) ylmy-tehniki wezipeleri bilelikde çözmek we ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň işläp taýýarlamalarynyň önümçilikde peýdalanylyşyny giňeltmek maksady bilen, ykdysadyýetiň pudaklary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan görnüşlerini ösdürmek;

6) bäsdeşlige ukyply ylmy-tehniki önümi bilelikde işläp taýýarlamak we öndürilişini ýola goýmak maksady bilen daşary ýurt döwletleriniň okuw mekdepleri, ylmy edaralary we firmalary bilen halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyny giňeltmek;

7) ýokary mekdebiň hil taýdan täze synag-önümçilik binýadyny döretmek;

8) ylma hyzmat etmek babatda ýokary okuw mekdepleriniň  arasynda çäk ylmy-önümçilik ulgamlaryny guramak;

9) bilim bermegiň üznüksiz bitewi ulgamyny döretmegiň we ösdürmegiň nazaryýet we usulyýet esaslaryny barlamak we işläp taýýarlamak.

2. Ýokary okuw mekdepleri ylmy barlaglary geçirmek üçin şu Kanuna laýyklykda öz binýadynda özbaşdak hasapda durýan we ýuridik şahsyň hukuk ýagdaýyna eýe bolan dürli görnüşlerdäki, eýeçiliginiň dürli görnüşlerindäki, dürli guramaçylyk-hukuk görnüşlerindäki ylmy edaralary döretmäge haklydyr.

 

27-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň ylmy edaralary

1. Jemgyýetçilik birleşikleriniň tertipnamalaýyn wezipelerini, şol sanda Türkmenistanyň ykdysadyýetini ylmy-tehniki we innowasion taýdan ösdürmäge, häzirki zaman senagat we telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmäge, ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmäge, raýatlaryň döwletiň durmuş-ykdysady durmuşyna gatnaşmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we başgalara gönükdirilen wezipeleri çözmek maksadynda, olaryň ýanynda ylmy edaralar döredilip bilner.

         2. Jemgyýetçilik birleşikleriniň ylmy edaralarynyň görnüşleri şu Kanun we olaryň tertipnamalary bilen kesgitlenilýär. 

3. Jemgyýetçilik birleşiginiň ylmy edarasy ýuridik şahs bolup durýar, şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk  namalaryna, esaslandyryjy resminamalaryna, öz tertipnamasyna laýyklykda döredilýär we hereket edýär. 

 

IV BAP. TÜRKMENISTANYŇ YLYMLAR AKADEMIÝASY

 

28-nji madda. Ylymlar akademiýasynyň hukuk ýagdaýy

1. Ylymlar akademiýasy – şu aşakdaky maksatlar üçin döredilýän döwlet ylmy edarasydyr:

         1) döwlet ylmy-tehniki syýasatyny durmuşa geçirmek;

2) döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny taýýarlamak we olaryň ýerine ýetirilmegini guramak;

3) tebigat, tehniki, lukmançylyk, oba hojalyk, jemgyýetçilik we ynsanperwerlik ylymlarynyň wajyp ugurlary boýunça Türkmenistanda geçirilýän düýpli we amaly ylmy barlaglary utgaşdyrmak;

         4) ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak;

5) döwlet häkimiýet edaralarynyň işini bilermenlik ylmy taýdan üpjün etmek;

6) ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-mugallymçylyk işgärlerini goşmak bilen, ylmy işgärleri taýýarlamagy we hünär derejesini ýokarlandyrmagy geçirmek;

7) Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň ylmy işlerine ylmy- usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek.

2. Ylymlar akademiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen döredilýär, üýtgedilip guralýar we ýatyrylýar.

3. Ylymlar akademiýasynyň işi şu Kanun, Ylymlar akademiýasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

4. Ylymlar akademiýasy, hukuklary Ylymlar akademiýasy hakyndaky Düzgünnama bilen kesgitlenilýän Umumy ýygnak tarapyndan dolandyrylýar.

         5. Umumy ýygnagy çagyrmagyň aralyk döwründe ýolbaşçylygy Ylymlar akademiýasynyň saýlawly edarasy – Ylymlar akademiýasynyň Prezidiumy amala aşyrýar.

         Ylymlar akademiýasynyň Prezidiumy, ygtyýarlyklary Ylymlar akademiýasy hakyndaky Düzgünnama bilen kesgitlenilýän Ylymlar akademiýasynyň hemişelik hereket edýän ýerine ýetiriji kollegial edarasy bolup durýar. 

         6. Ylymlar akademiýasynyň işine ýolbaşçylygy Ylymlar akademiýasynyň prezidenti amala aşyrýar.

         Ylymlar akademiýasynyň prezidenti gizlin ses bermek arkaly sesleriň ýönekeý köplügi bilen bäş ýyl möhlete Umumy ýygnak tarapyndan saýlanylýar we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

         7. Ylymlar akademiýasynyň işini guramaçylyk, hukuk, analitiki, maglumat, maliýe we maddy-tehniki taýdan üpjün etmek, işiniň tertibi Ylymlar akademiýasy hakyndaky Düzgünnama bilen kesgitlenilýän Ylymlar akademiýasynyň diwany tarapyndan amala aşyrylýar.

8. Ylymlar akademiýasyna edara garamagyndaky edaralaryň işiniň tertibi Ylymlar akademiýasy hakyndaky Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

9. Ylymlar akademiýasy hakyndaky Düzgünnama Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar. 

10. Ylymlar akademiýasyna şu Kanuna, Ylymlar akademiýasy hakyndaky Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, özüne berilýän döwlet eýeçiliginde durýan emläge eýelik etmek, ondan peýdalanmak we oňa ygtyýar etmek hukugy, şol sanda edara garamagyndaky ylmy taýdan hyzmat ediş we durmuş ulgamy edaralaryny döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak, edara garamagyndaky edaralara döwlet emlägini berkitmek hukugy, şeýle hem edara garamagyndaky edaralaryň tertipnamalaryny tassyklamak hukugy berilýär.

 

29-njy madda. Ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralary 

1.Ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralarynyň sanawy  Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

2. Ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralary, esasy ugurlary öz tertipnamasy bilen kesgitlenilýän ylmy-barlag we (ýa-da) ylmy-tehniki işi, şeýle hem ylmy işgärleri taýýarlamagy esasy işi hökmünde amala aşyrýarlar. 

3. Ylymlar akademiýasynyň ylmy edarasy ýuridik şahs bolup durýar, şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk  namalaryna, esaslandyryjy resminamalaryna, öz tertipnamasyna laýyklykda döredilýär we hereket edýär.

4. Ylymlar akademiýasynyň ylmy edarasy guramaçylyk-hukuk görnüşi boýunça döwlet ylmy edarasy bolup durýar. Önümçilik ulgamynda ylmy barlaglaryň netijelerini iş ýüzünde ornaşdyrmak boýunça işleri geçirmek üçin, guramaçylyk-hukuk görnüşleriň döwlet ylmy edarasynyň hojalyk jemgyýeti ýaly guramaçylyk-hukuk görnüşi  ulanylyp bilner. Şeýle hem Ylymlar akademiýasynyň ylmy edarasynyň binýadynda onuň öňde baryjy orny eýelemeginde paýdarlar ylmy jemgyýeti ýa-da bilelikdäki ylmy edara döredilip bilner.

5. Ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralary görnüşler boýunça,

ýerine ýetirýän wezipeleriniň häsiýetinden ugur alnyp ylmy-barlag institutlary, ylmy-önümçilik merkezleri, tejribe-önümçilik barlaghanalary ýaly görnüşlerde döredilip, şeýle hem ylmy-tehnologik merkezleriň düzümine girip bilerler.

6. Ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralarynyň guramaçylyk we wezipe gurluşynyň esasyny ylmy bölümler, bölümçeler we barlaghanalar hem-de ylmy işgärleriň wezipeleri düzýärler.

7. Ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralaryny dolandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna we olaryň tertipnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

         Ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralaryny gönüden-göni dolandyrmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan onuň direktory  amala aşyrýar. 

Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralarynda ylmy işi dolandyrmagyň kollegial guramasy – ygtyýarlyklary we işini guramagyň tertibi şu Kanun we ylmy-barlag institutynyň tertipnamasy bilen kesgitlenilýän alymlar Geňeşi döredilýär.

8. Ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralary şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we olaryň tertipnamalaryna laýyklykda olaryň dessin dolandyryşyna ýa-da hojalyk ygtyýaryna berilýän döwlet emlägine eýelik edýärler, ondan peýdalanýarlar we oňa ygtyýar edýärler.

        9. Şu maddada görkezilen ylmy edaralar, Ylymlar akademiýasyna hasabat berijilerdir.

 

         30-njy madda. Ylymlar akademiýasynyň döwlet häkimiýet

                                   we ýerli öz-özüňi dolandyryş

                                   edaralary, ýuridik we fiziki şahslar bilen

                                   özara gatnaşygy

         1. Ylymlar akademiýasy öz maksatlaryny we esasy wezipelerini durmuşa geçirende Türkmenistanyň kanunçylygynda we Ylymlar akademiýasy hakyndaky Düzgünnamada bellenilen tertipde döwlet häkimiýeti we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem ýuridik we fiziki şahslar bilen özara gatnaşygy we maglumat alşygyny amala aşyrýar.

2. Ylymlar akademiýasy öz işini amala aşyranda döwlet häkimiýet  we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary oňa hemmetaraplaýyn goldaw bermäge borçludyrlar.

3. Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Ylymlar akademiýasynyň öz tertipnamalaýyn işini amala aşyrmagy üçin gerekli, olarda bar bolan ylmy we (ýa-da) ylmy-tehniki maglumaty (şol sanda seljeriş we maglumatnama materiallary) Ylymlar akademiýasyna onuň ýüztutmasy boýunça muzdsuz bermäge borçludyrlar. Gerekli maglumaty bermek kanun tarapyndan goralýan döwlet we beýleki syrlary goramak boýunça talaplary berjaý etmek bilen geçirilýär.

4. Ýokary okuw mekdepleriniň ylmy edaralary, pudaklaýyn ylmy edaralar, pudagara ylmy edaralar we jemgyýetçilik birleşikleriniň ylmy edaralary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna, şeýle hem beýleki maliýe çeşmeleriniň hasabyna geçirilen düýpli we amaly ylmy barlaglar, alnan ylmy we (ýa-da) ylmy-tehniki netijeler hakynda hasabatlary Ylymlar akademiýasyna bermäge borçludyrlar.

5. Ylymlar akademiýasy Türkmenistanda düýpli we amaly ylmy barlaglaryň ýagdaýy we türkmen alymlarynyň möhüm ylmy üstünlikleri hakynda  maglumatlary,  şeýle hem Türkmenistanda düýpli we  amaly ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça teklipleri Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine ýylba-ýyl berýär.

6. Ylymlar akademiýasy döwlet häkimiýet edaralaryna olaryň tabşyrmagy boýunça döwlet ylmy-tehniki maksatnamalara we taslamalara geçirilýän seljermäniň, şeýle hem monitoringiň we olaryň edara degişliligine garamazdan döwlet ylmy edaralarynyň işiniň netijeliligine baha bermegiň netijelerini berýär.

 

31-nji madda. Ylymlar akademiýasynyň işini maliýeleşdirmek

1. Ylymlar akademiýasynyň işi, onuň ylmy edaralaryny we olara ylmy hyzmatlary amala aşyrýan edaralary goşmak bilen Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, hojalyk hasaplaşygy işiniň we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär.

2. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri Ylymlar akademiýasyna Ylymlar akademiýasynyň düýpli we amaly ylmy barlaglarynyň maksatnamasyna laýyklykda bölünip berilýär.

3. Ylymlar akademiýasynyň bäsleşige çykarylýan ylmy-tehniki maksatnamalaryny we taslamalaryny maliýeleşdirmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibe laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. 

4. Ylymlar akademiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasyndan serişdeleriň bölünip berilmegini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda amala aşyrýar.

Ylymlar akademiýasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň öňünde görkezilen Gaznanyň işi hakynda her ýyl hasabat berýär.

5. Ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralary hem-de olara ylmy hyzmatlary amala aşyrýan edaralar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, wagtlaýyn ulanylmaýan we olaryň hasabynda durýan emlägi satyn almak hukugyny bermezden kärendesine berip bilýärler. 

 

V BAP. YLMY EDARALARYŇ IŞINI DÖWLET

             TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK

 

32-nji madda. Ylmy edaralary dolandyrmak babatda

                        ygtyýarly döwlet edaralary we esasy ýörelgeler

1. Ylmy edaralaryň işini dolandyrmak döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň we öz-özüňi dolandyrmagyň ýörelgelerini utgaşdyrmak esasynda amala aşyrylýar.

2. Ylmy edaralaryň işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek ylmy guramalaryň işini hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen ylmy-tehniki syýasatyň kesgitlenilmeginde aňladylýar.

3. Ylmy edaralaryň işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek, ylmy döredijiligiň erkinligini bozmaýan çäklerde amala aşyrylýar.

4. Ylmy edaralaryň işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we ylmy edaralary dolandyrmak babatda ygtyýarly döwlet edaralary, şeýle hem olara ylmy hyzmatlary amala aşyrýan edaralar amala aşyrýarlar.

5. Ylmy edaralary dolandyrmak babatda ygtyýarly döwlet edaralaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) ylym we tehnika babatda düzgünleşdirmegi amala aşyrýan ygtyýarly döwlet edarasy – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy;

2) garamagynda ylmy edaralar bar bolan, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary;

3) ylmy we ylmy-mugallymçylyk işgärleriniň hünär synagy babatda ygtyýarly döwlet edarasy – Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa  komiteti;

4) ylmy edaralaryň işi bilen bagly böleginde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary.

6. Ylmy edaranyň alymlar Geňeşi onuň işiniň öz-özüňi dolandyryş edarasy bolup durýar. 

 

33-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 

                        ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, şu Kanunyň, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we ylmy edaranyň işi bilen baglanyşykly halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

2) ylmy edaralaryň işini ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň maksatlaýyn maksatnamasyny kabul edýär we ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

3) ylmy edaralary dolandyrmak babatynda ygtyýarly döwlet edaralarynyň işiniň kadalaşdyryjy düzgünleşdirmesini amala aşyrýar;

4) halkara standartlarynyň we tejribäniň, hojalygy dolandyrmagyň bazar ýörelgelerini ykdysadyýete ornaşdyrmak esasynda ylmy edaralaryň işiniň kadalaşdyryjy düzgünleşdirmesini amala aşyrýar;

5) Ylymlar akademiýasyny döwlet tarapyndan dolandyrmagy  amala aşyrýar;

6) ylmy edaralaryň ylmy işgärleri babatda durmuş syýasatyny  amala aşyrýar;

7) döwlet ylmy edaralarynyň işine degişli böleginde Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýär;

8) halkara guramalary we daşary ýurt döwletleriniň ylmy edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek meselelerini düzgünleşdirýär;

9) şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

34-nji madda. Ylymlar akademiýasynyň ygtyýarlyklary

Ylymlar akademiýasy:

1) eýeçiliginiň görnüşine, guramaçylyk-hukuk görnüşine we edara tabynlygyna garamazdan ylmy edaralarda döwlet ylmy-tehniki syýasaty geçirýär;

2) Türkmenistanda ylmy edaralar tarapyndan geçirilýän düýpli we amaly ylmy barlaglaryň ýerine ýetirilişini utgaşdyrýar;

3) edara tabynlygyna garamazdan ylmy edaralara ylmy-usulyýet ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

4) Türkmenistanyň ylmy edaralary tarapyndan geçirilýän ylmy barlaglary guramak boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar;

5) ylmy işgärleri hünär synagyndan geçirmegiň tertibi hakynda bir kysmy düzgünnamalary işläp taýýarlaýar;

6) ýokary okuw mekdepleriniň mugallymçylyk işgärlerini goşmak bilen, ylmy edaralarda ylmy işgärleri taýýarlamagy we hünär derejesini ýokarlandyrmagy ýola goýýar;

7) Türkmenistanda ylmy edaralaryň işini we kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine girizýär;

8) döwlet ylmy, ylmy-tehniki taslamalaryň we maksatnamalaryň hem-de olary ýerine ýetirmek boýunça hasabatlaryň hasabyny ýöredýär;

9) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilýän, ýerine ýetirilen ylmy, ylmy-tehniki taslamalar we maksatnamalar boýunça döwlet we beýleki ylmy edaralaryň hasabatlaryna seredýär we tassyklaýar hem-de olar boýunça çözgütleri kabul edýär we teklipleri işläp taýýarlaýar; 

10) ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ylmy edaralaryň ylmy işleriniň netijeleriniň peýdalanylmagyna ýardam edýär;

11) Türkmenistanyň ylmy edaralaryna halkara ylmy birleşiklerinde  we başga halkara ylmy edaralarynda wekilçilik edýär, daşary döwletleriň Ylymlar akademiýalary we ylmy-barlag edaralary bilen ylmy-maglumat alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklary baglaşýar, Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň gatnaşmagynda halkara ylmy kongresleri, maslahatlary, simpoziumlary we hünär okuwlaryny guramaga we geçirmäge ýardam edýär;

12) redaksion-neşirýat işini amala aşyrýar, şol sanda ylmy monografiýalary çap edýär, olarda Türkmenistanyň ylmy işgärleriniň barlaglarynyň netijeleri çap edilýän akademiki ylmy žurnallary döredýär we neşir edýär;

13) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, öz ygtyýaryna degişli beýleki meseleleri çözýär.

 

         35-nji madda. Garamagynda ylmy edaralar bar bolan ýerine

                   ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklary   

Garamagynda ylmy edaralar bar bolan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy: 

1) ylmy iş babatda döwlet syýasatyny işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge gatnaşýar, ykdysadyýetiň degişli pudagynda ylmy barlaglaryň geçirilmegini utgaşdyrýar we amala aşyrýar;

2) ykdysadyýetiň degişli pudagynda düýpli we amaly ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlaryny döredýär; 

3) edara garamagyndaky ylmy edaralaryň güýji bilen, ylmy, ylmy-tehniki taslamalaryň we maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegini guraýar;

4) edara garamagyndaky ylmy edaralar tarapyndan ýerine ýetirilen ykdysadyýetiň degişli pudagyndaky ylmy, ylmy-tehniki taslamalar we maksatnamalar boýunça hasabatlara seredýär we tassyklaýar;

5) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ykdysadyýetiň degişli pudagynyň geljekki ösüşiniň we netijeli işlemeginiň wezipelerini çözmäge gönükdirilen ylmy barlaglary ýerine ýetirmek üçin ylmy edaralary döredýär;

6) edara garamagyndaky ylmy edaralaryň guramaçylyk, işgärler, maliýe, maddy-tehniki we durmuş meseleleriniň çözülmegini üpjün edýär;

7) şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

36-njy madda. Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa 

                         komiteti we ylmy edaralary dolandyrmak 

                         babatda ygtyýarlyklary

1. Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komiteti (mundan beýläk –ÝAK) Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň ylmy işgärlerini we bilim edaralarynyň ylmy-mugallymçylyk işgärlerini hünär synagyndan geçirmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän döwlet edarasy bolup durýar.

2. Öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ÝAK:

1) ylmyň, bilimiň, tehnikanyň, tehnologiýanyň we medeniýetiň ähli ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy we ylmy-mugallymçylyk işgärlerini taýýarlamak boýunça döwlet syýasatyny geçirýär;

2) alymlyk derejelerini bermek we alymlyk atlaryny dakmak  boýunça ylmy we ylmy-mugallymçylyk işgärlerini hünär synagyndan geçirmegiň ulgamyna ýolbaşçylyk edýär we bu ulgama bildirilýän talaplaryň bitewiligini üpjün edýär;

3) alymlyk derejelerini bermek we alymlyk atlaryny dakmak boýunça işleri amala aşyrýar;

4) alymlyk derejelerini bermäge hödürlenilýän ylmy işleriň ylmy  we amaly gymmatyny, ylmy taýdan derejesini kesgitleýär hem-de olaryň ylmy netijelerini giňden wagyz etmegi amala aşyrýar;

5) ylmy we ylmy-mugallymçylyk işgärleriniň  hünär synaglaryny geçirmek  babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär.

         3. ÝAK Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagynda durýar, öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan düzgünnamasyna laýyklykda amala aşyrýar.

 

37-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň

                        ygtyýarlyklary

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary ylmy edaralaryň işi bilen bagly böleginde:

1) sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini çözmäge gönükdirilen ylmy-tehniki maksatnamalary ýerine ýetirmäge ylmy edaralary çekýärler;

2) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde olaryň çäklerinde ýerleşýän ylmy edaralaryň işine ýardam edýärler;

3) şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

 

38-nji madda. Ylmy edaranyň alymlar Geňeşiniň

                         ygtyýarlyklary 

1. Ylmy edaranyň alymlar Geňeşi:

1) ylmy edaranyň ylmy işiniň ugurlaryny kesgitleýär;

2) ylmy edarada ýerine ýetirilen ylmy barlaglaryň mazmunyna we netijelerine ylmy we ylmy-tehniki baha bermegi amala aşyrýar;

3) ylmy barlaglaryň we ylmy edarany ösdürmegiň meýilnamalaryna seredýär we tassyklaýar;

4) ylmy edarada ýerine ýetirilen dissertasiýa işlerine seredýär we goramaga hödürleýär;

5) ylmy edaranyň ylmy işgärleriniň hünär synaglarynyň netijelerini tassyklaýar;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ylmy işleri we ylmy edaralaryň ylmy işgärlerini döwlet sylaglaryny almaga, alymlyk derejelerini bermäge we alymlyk (şol sanda hormatly) atlary dakmaga dalaşgärleri hödürleýär;

7) ylmy edarada ýerine ýetirilen ylmy, usulyýet, okuw kitaplary we ylmy monografiýalary neşir etmäge hödürleýär;

8) ylmy işiň gidişi we netijeleri hakynda ylmy işgärleriň, aspirantlaryň, doktorantlaryň, goraýan adamlaryň, ylmy edaralaryň hünärmenleriniň hasabatlaryny diňleýär;

9) ylmy edaralaryň işiniň, onuň tertipnamasy bilen kesgitlenen başga meselelerini çözýär.

2. Şu maddanyň 1-nji böleginde bellenilen ygtyýarlyklardan ugur alnyp, ylmy edaranyň alymlar Geňeşi, adatça, şu aşakdaky ylmy edara görnüşlerinde döredilýär: ylmy-barlag instituty, ylmy-kliniki merkez. 

Ylmy edaranyň alymlar Geňeşiniň düzümi, ony döretmegiň, işini guramagyň tertibi onuň tertipnamasy bilen kesgitlenilýär. 

 

VI BAP. YLMY EDARALARYŇ HALKARA 

                HYZMATDAŞLYGY

 

39-njy madda. Halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk

1. Türkmenistan halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy goldaýar, ylmy edaralaryň daşary ýurt döwletleriniň ylmy edaralary bilen, şeýle hem halkara ylmy guramalary bilen erkin we deňhukukly gatnaşyklary ýola goýmagy üçin zerur  bolan hukuk we ykdysady şertleri döredýär.

2. Ylmy edaralaryň halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy şu aşakdaky ýol bilen amala aşyrylýar:

1) bilelikdäki ylmy-tehniki maksatnamalaryň, kooperasiýanyň esasynda bilelikdäki ylmy barlaglary, tehniki we tehnologik işläp taýýarlamalary geçirmek bilen;

2) bilelikdäki ylmy edaralary, şeýle hem daşary ýurt alymlarynyň gatnaşmagynda wagtlaýyn toparlary döretmek bilen;

3) ylmy-tehniki maglumaty özara alyşmagy amala aşyrmak, halkara maglumat gaznalaryny we maglumat binýatlaryny peýdalanmak bilen;

4) halkara maslahatlaryny, hünär okuwlaryny, kongresleri, simpoziumlary geçirmek, şeýle hem bilelikdäki ylmy neşirleri çap etmek bilen;

5) ylmy işgärleri özara alyşmak bilen.

3. Ylmy edaralar Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda bellenilen tertipde öz ylmy işgärlerini tejribe alyşmak üçin, şeýle hem halkara maslahatlaryna we başga çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň çäginden daşary ugradyp bilýärler.

4. Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň we daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň, şeýle hem halkara ylmy guramalaryň  bilelikdäki ylmy işiniň netijeleri Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda peýdalanylýar.

 

40-njy madda. Ylmy edaralaryň daşary ykdysady işi

Ylmy edaralar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde daşary ykdysady işi amala aşyrmak hukugyna eýedir.

 

41-nji madda. Daşary ýurt döwletleriniň we halkara

                        guramalarynyň ylmy edaralarynyň we

                        alymlarynyň  Türkmenistanyň çägindäki işi

Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň ylmy edaralarynyň we alymlarynyň Türkmenistanyň çägindäki işi Türkmenistanyň kanunçylygy we halkara şertnamalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

42-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.

 

43-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 9-njy noýabry.

№ 444-IV.