Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Sertifikatlaşdyrmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 89-njy madda)
(20.12.2014 ý. № 164-V, 28.02.2015 ý. № 195-V, 12.01.2016 ý. № 329-V, 23.11.2016 ý. № 484-V, 03.06.2017 ý. № 575-V, 09.06.2018 ý. № 41-VI, 22.08.2020 ý. № 271-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanda sertifikatlaşdyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär.
1-nji BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin şu esasy düşünjeler ulanylýar:
1) sertifikatlaşdyrmak – netijesi sertifikatlaşdyrmagyň obýektiniň sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalarda bellenen talaplara laýyk gelşiniň resminamalaýyn tassyk edilmegi bolup durýan iş;
2) laýyklyk sertifikaty – sertifikatlaşdyrmagyň obýektiniň sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalarda bellenen talaplara laýyk gelýändigini tassyk edýän resminama;
3) sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalar – işiň anyk görnüşlerine ýa-da olaryň netijelerine degişli düzgünleri, talaplary, umumy ýörelgeleri, häsiýetnamalary özünde jemleýän we “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy (mundan beýläk - ygtyýarly edara) tarapyndan bellige alnan kadalaşdyryjy resminamalar;
4) dowlet akkreditasiýasy (attestasiýasy) – ygtyýarly edara tarapyndan onuň garamagyndaky kärhanalaryň (guramalaryň), beýleki döwlet edaralarynyň, synag barlaghanalarynyň (merkezleriň) ýa-da sertifikatlaşdyrmak boýunça bilermen-auditorlaryň sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda sertifikatlaşdyrmak babatda anyk işleri ýerine ýetirmekde olaryň ukyplylygyny tassyk etmek maksady bilen amala aşyrylýan iş;
5) sertifikatlaşdyrmak boýunça bilermen-auditor (mundan beýläk bilermen-auditor) – bellenilen tertipde attestasiýadan geçirilen, sertifikatlaşdyrmak babatda kesgitlenen işleri geçirmek üçin degişli hünär derejesi bolan hünärmen;
6) önümi öndüriji, taýýarlaýjy, ýerine ýetiriji, satyjy, iberiji – önümi öndürýän, göýberýän, ýerleýän (işleri ýerine ýetirýän, hyzmatlary edýän) we onuň hili üçin jogapkärçilik çekýän hususy telekeçiler we ýuridik şahslar.
2-nji madda. Türkmenistanyň sertifikatlaşdyrmak
babatdaky kanunçylygy
1. Türkmenistanyň sertifikatlaşdyrmak babatdaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundaky kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanun sertifikatlaşdyrmak babatdaky iş bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
2. Şu Kanun döwlet edaralarynyň, olaryň döwlet akkreditasiýasyny almagynyň zerurlygy boýunça, Türkmenistanyň sertifikatlaşdyrmak babatda iş bilen baglanyşykly beýleki kanunlaryna laýyklykda amala aşyrýan gatnaşyklaryna ulanylýar.
4-nji madda. Sertifikatlaşdyrmagyň maksatlary
Şular sertifikatlaşdyrmagyň maksatlary bolup durýar:
1) fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerini sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmeýän önümden, işleriň ýerine ýetirilmeginden, hyzmatlaryň edilmeginden goramak;
2) raýatlaryň ýaşaýşy we saglygy, olaryň emläginiň we daşky gurşawyň goragy üçin önümiň, işleriň ýerine ýetirilmeginiň, hyzmatlaryň edilmeginiň howpsuzlygyny üpjün etmek;
3) maddy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek;
4) sarp edijilere oňat hilli önümi saýlamaga ýardam bermek;
5) içerki we halkara bazarlarda önümiň, işleriň ýerine ýetirilmeginiň, hyzmatlaryň edilmeginiň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek;
6) fiziki we ýuridik şahslaryň Türkmenistanyň ýeke-täk haryt bazarynda iş alyp barmagy üçin, şeýle hem olaryň halkara ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyga gatnaşmagy üçin amatly şertleri döretmek.
5-nji madda. Sertifikatlaşdyrmagyň ýörelgeleri
Sertifikatlaşdyrmak aşakdakylar esasynda amala aşyrylýar:
1) sertifikatlaşdyrmagyň geçirilişiniň tertibi baradaky maglumatlaryň ähli gyzyklanýan şahslar üçin açyklygy we hakykylygy;
2) ygtyýarly edaranyň, beýleki döwlet edaralarynyň, synag barlaghanalarynyň (merkezleriniň) we bilermen-auditorlaryň önüm öndürijilerden, taýýarlaýjylardan, ýerine ýetirijilerden, satyjylardan, iberijilerden we sarp edijilerden garaşsyzlygy;
3) belli bir önüm babatda sertifikatlaşdyrmak üçin berilýän resminamalaryň gutarnykly sanawynyň bellenilmegi;
4) sertifikatlaşdyrmak işlerini geçirmegiň möhletiniň amatlaşdyrylmagy;
5) sertifikatlaşdyrmak işleriniň geçirilmeginiň barşynda alnan maglumatlar babatda ýaşyrynlygyň we täjirçilik syrynyň berjaý edilmegi.
6-njy madda. Sertifikatlaşdyrmagyň obýektleri
1. Şular sertifikatlaşdyrmagyň obýektleri bolup durýar:
a) önüm;
b) prosesler;
ç) işiň ýerine ýetirilişi;
d) hyzmatlaryň edilmegi.
2. Ygtyýarly edara tarapyndan sertifikatlaşdyrmagyň obýektlerine sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplary bellenilen başga obýektler hem degişli edilip bilner.
7-nji madda. Sertifikatlaşdyrmak boýunça işleriň
guralyşy we amala aşyrylyşy
1. Sertifikatlaşdyrmagyň geçirilmegi boýunça işleriň guralmagyny ygtyýarly edara we beýleki döwlet edaralary amala aşyrýarlar.
2. Sertifikatlaşdyrmak boýunça işler önümçiligiň barlanylmagyny, önümiň, onuň häsiýetnamalarynyň sertifikatlaşdyrmak üçin kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýändigini barlamak üçin synag edilmegini, hususy telekeçiler, ýuridik şahslar tarapyndan sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilmegine döwlet tarapyndan gözegçiligi we gözegçilik barlagyny öz içine alýar.
3. Ygtyýarly edara, onuň garamagyndaky kärhanalar (guramalar), beýleki döwlet edaralary, synag barlaghanalary (merkezleri), şeýle hem bilermen-auditorlar sertifikatlaşdyrmak boýunça işleri amala aşyrýarlar.
4. Beýleki döwlet edaralary, synag barlaghanalary (merkezleri), şeýle hem bilermen-auditorlar sertifikatlaşdyrmak boýunça işleri ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde berlen akkreditasiýa (attestasiýa) hakynda degişli resminama esasynda amala aşyrýarlar.
5. Synag barlaghanalary (merkezleri) özleriniň akkreditasiýasy babatyndaky çäklerinde önümiň synaglaryny ýa-da synaglaryň anyk görnüşlerini amala aşyrýarlar, şeýle hem ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde we görnüşlerde synaglary resmileşdirýärler we netijelerini berýärler.
6. Akkreditasiýa hakynda degişli resminamasy bolan synag barlaghanalary (merkezleri) bolmadyk mahalynda attestasiýadan geçen synag barlaghanalary (merkezleri) ygtyýarly edara tarapyndan sertifikatlaşdyrmak boýunça işleriň amala aşyrylmagyna goýberilip bilner.
7. Bilermen-auditorlar ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde önümiň we hyzmatlaryň anyk görnüşleriniň sertifikatlaşdyrylmagy boýunça işleriň amala aşyrylmagyna gatnaşýarlar.
8-nji madda. Döwlet akkreditasiýasy (attestasiýasy)
1. Ygtyýarly edaranyň garamagyndaky kärhanalaryň (guramalaryň), beýleki döwlet edaralarynyň, synag barlaghanalarynyň (merkezleriniň), bilermen-auditorlaryň sertifikatlaşdyrmak babatda anyk işleri ýerine ýetirmäge ygtyýarlylygyny tassyklamak maksady bilen, ygtyýarly edara tarapyndan olaryň döwlet akkreditasiýasy (attestasiýasy) geçirilýär.
2. Döwlet akkreditasiýasynyň (attestasiýasynyň) tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.
9-njy madda. Sertifikatlaşdyrmak boýunça işleriň
maliýeleşdirilmegi
1. Şular sertifikatlaşdyrmak boýunça işleri maliýeleşdirmegiň çeşmeleri bolup durýar:
1) hususy telekeçilere we ýuridik şahslara ygtyýarly edara, başga döwlet edaralary tarapyndan sertifikatlaşdyrmak babatda edilýän tölegli hyzmatlardan gelýän serişdeler;
2) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik başga serişdeler.
2. Sertifikatlaşdyrmak babatda hyzmatlar üçin bellenilen nyrhlar ygtyýarly edara, başga döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşmak arkaly bellenilýär.
2-nji BAP. SERTIFIKATLAŞDYRMAK BABATDA
DÖWLET TARAPYNDAN
DÜZGÜNLEŞDIRMEK WE GÖZEGÇILIK
10-njy madda. Sertifikatlaşdyrmak babatda döwlet
tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi
amala aşyrýan edaralar
Sertifikatlaşdyrmak babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek we gözegçilik Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarly edara, özleriniň ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
11-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) sertifikatlaşdyrmak babatda bitewi döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) Türkmenistanyň sertifikatlaşdyrmak babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;
3-nji bent güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen - 22.08.2020 ý. № 271-VI Türkmenistanyň Kanuny;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýar.
12-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara:
1) sertifikatlaşdyrmak babatda bitewi döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) sertifikatlaşdyrmak babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, şeýle hem sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzýär we kabul edýär;
3) sertifikatlaşdyrmak babatda guramaçylyk-usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar;
4) beýleki döwlet häkimiýet edaralarynyň sertifikatlaşdyrmak babatda işini utgaşdyrýar;
5) sertifikatlaşdyrmagyň obýektlerini sertifikatlaşdyrýar;
6) hususy telekeçiler, ýuridik şahslar tarapyndan sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryny berjaý etmek boýunça barlaglary geçirýär, düzgün bozmalar ýüze çykarylan halatynda bolsa olar babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan degişli çäreleri ulanýar;
7) garamagyndaky kärhanalaryň (guramalaryň) we beýleki döwlet edaralarynyň akkreditasiýasyny, synag barlaghanalarynyň (merkezleriniň) akkreditasiýasyny (attestasiýasyny), bilermen-auditorlaryň attestasiýasyny amala aşyrýar;
8) şulary belleýär:
a) önümi sertifikatlaşdyrmagyň tertibini, şol sanda öň ulanyşda bolan harytlaryň;
b) garamagyndaky kärhanalaryň (guramalaryň) we beýleki döwlet edaralarynyň sertifikatlaşdyrmak babatda anyk işleri ýerine ýetirmekleri üçin akkreditasiýasynyň tertibini, synag barlaghanalarynyň (merkezleriniň) akkreditasiýasynyň (attestasiýasynyň) tertibini, bilermen-auditorlaryň attestasiýasynyň tertibini;
ç) sertifikatlaşdyrylan önüme gözegçilik barlagyň tertibini;
d) beýleki döwlet edaralarynyň, synag barlaghanalarynyň (merkezleriniň), bilermen-auditorlaryň sertifikatlaşdyrmak babatda işine gözegçiligiň tertibini;
e) daşary ýurt döwletleriniň sertifikatlaşdyrmak boýunça edaralarynyň beren laýyklyk sertifikatlarynyň we synaglaryň netijeleriniň ykrar edilmeginiň tertibini;
ä) sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwlet sanawynyň emele getirilmeginiň we ýöredilmeginiň tertibini;
9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sertifikatlaşdyrmak babatda gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär;
10) sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwlet sanawyny ýöredýär;
11) sertifikatlaşdyrmagyň meseleleri boýunça arza-şikaýatlara garaýar;
12) sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň bozulandygy üçin jerime salýar;
13) sertifikatlaşdyrmak babatda gözegçilik barlagyny amala aşyran mahalynda gümrük, sanitariýa, weterinariýa, hukuk goraýjy we beýleki döwlet häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşykda hereket edýär;
14) sertifikatlaşdyrmak babatda işi amala aşyrýan halkara guramalarynda Türkmenistana wekilçilik edýär;
15) sertifikatlaşdyrmak babatda halkara hyzmatdaşlygynyň anyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi barada teklipleri işläp düzýär we olary ylalaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine ýollaýar;
16) sertifikatlaşdyrmak babatda düzgün bozmalary aradan aýyrmak barada talapnamalary berýär;
17) sertifikatlaşdyrmak babatda kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň bozulmalary ýüze çykarylan halatynda önümiň öndürilişini, satylmagyny, ulanylmagyny (peýdalanylmagyny) togtadýar;
18) önümiň kybaplaşdyrylmagyny, synaglaryny we (ýa-da) bilermenler seljermesini geçirýär;
19) özleriniň beren laýyklyk sertifikatynyň hereketiniň möhletini uzaldýar, togtadýar, olaryň öwezlik nusgasyny berýär, şeýle hem laýyklyk sertifikatlaryny ýatyrýar;
20) berlen sertifikatlara gözegçiligi we gözegçilik barlagyny amala aşyrýar;
21) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýar.
13-nji madda. Beýleki döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy
Beýleki döwlet edaralary:
1) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde sertifikatlaşdyrmak babatda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;
2) akkreditasiýa ugruna laýyklykda önümi sertifikatlaşdyrýarlar;
3) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzýärler, şeýle-de olara üýtgetmeleri girizýärler we olaryň bellige alynmagy üçin ygtyýarly edara ýollaýarlar;
4) sertifikatlaşdyrmak babatda döwlet gözegçiligini amala aşyran mahalynda ygtyýarly edara, gümrük, sanitariýa, weterinariýa, hukuk goraýjy edaralar bilen özara gatnaşykdaky hereketlerini amala aşyrýarlar;
5) ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde özleri tarapyndan berlen laýyklyk sertifikatlarynyň hasabyny ýöredýärler;
6) önümiň kybaplaşdyrylmagyny, synaglaryny we (ýa-da) bilermenler seljermesini geçirýärler we laýyklyk sertifikatlaryny berýärler;
7) özleriniň beren laýyklyk sertifikatynyň hereketiniň möhletini uzaldýarlar, togtadýarlar, olaryň öwezlik nusgasyny berýärler, şeýle hem laýyklyk sertifikatlaryny ýatyrýarlar;
8) özleriniň beren laýyklyk sertifikatlaryna gözegçiligi amala aşyrýarlar;
9) ýüze çykarylan düzgün bozulmalary aradan aýyrmak hakynda talapnamalary berýärler;
10) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jerime salýarlar;
11) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýarlar.
3-nji BAP. SERTIFIKATLAŞDYRMAK BABATDA IŞIŇ
AMALA AŞYRYLMAGY
14-nji madda. Önümi sertifikatlaşdyrmak
1. Türkmenistanda öndürilýän önüm ýa-da Türkmenistana getirilýän önüm (Türkmenistana getirilýän ulanyşda bolan önüm muňa degişli däldir) ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde şu maddanyň ikinji, dördünji we bäşinji böleklerinde göz öňünde tutulan aýratynlyklary hasaba almak bilen, sertifikatlaşdyrylmaga degişlidir.
2. Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän önümler hem-de fiziki şahslaryň şahsy, maşgala we telekeçilik işiniň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly bolmadyk zerurlyklary üçin niýetlenip Türkmenistana getirilýän önümler sertifikatlaşdyrmakdan boşadylýar, şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
3. Fiziki şahslaryň şahsy, maşgala we telekeçilik işiniň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly bolmadyk zerurlyklary üçin niýetlenip Türkmenistana getirilýän önümleriň aýry-aýry görnüşleri sertifikatlaşdyrylmaga degişli edilip bilner. Şeýle önümleriň sanawlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
4. Türkmenistana getirilýän şu önümler sertifikatlaşdyrylmaga degişli däldir:
1) synaglary (barlaglary) geçirmek üçin niýetlenen nusga hökmündäki, şeýle hem olaryň bölekleri we ätiýaçlyk şaýlary;
2) sergi üçin niýetlenen (ýerlemek üçin getirilýän önümler muňa degişli däldir);
3) daşary ýurt döwletleriniň we Türkmenistandaky halkara guramalarynyň resmi wekiliýetleri, diplomatik we olara deňleşdirilen wekilhanalar üçin;
4) gümrük üstaşyry, wagtlaýyn getirmek, gümrük ammary, paçsyz söwda, erkin gümrük zolagy (erkin ammar), reimport, ýok etmek gümrük düzgünlerine ýerleşdirilýän;
5) poçta üsti bilen getirilýän;
6) tehniki we buhgalterçilik resminamalary, taslamalar, maketler, ygtyýarnamalar we şertnamalar;
7) döwürleýin çap edilýän, şeýle hem mahabat üçin niýetlenen çaphana we neşirýat önümleri.
5. Türkmenistanda elde taýýarlanan halk çeper döredijiliginiň önümleri, şeýle hem şekillendiriş sungatynyň önümleri we ýadygärlik sowgat önümleri sertifikatlaşdyrylmaga degişli däldir.
6. Sertifikatlaşdyrylmakdan boşadylýan önümler gyzyklanýan taraplaryň islegleri boýunça olaryň ýüztutmalary esasynda sertifikatlaşdyrylyp bilner.
7. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalary bilen önümleriň aýry-aýry görnüşleriniň sertifikatlaşdyrylmagynyň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp bilner.
8. Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek üçin niýetlenip Türkmenistana getirilýän önümleri sertifikatlaşdyrmagyň aýratynlyklary «Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenilýär. 14-nji maddanyň 8-nji bölegi 2017-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär.
141-nji madda. Hyzmatlary sertifikatlaşdyrmak
1. Hyzmatlaryň sertifikatlaşdyrylmagy ýerine ýetirijiniň we sarp edijiniň gös-göni özara hereketiniň netijesiniň, şeýle hem ýerine ýetirijiniň sarp edijiniň isleglerini kanagatlandyrmak boýunça işiniň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklygyny tassyklamak maksady bilen ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
2. Sertifikatlaşdyrylmaga degişli hyzmatlaryň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.
3. Sertifikatlaşdyrylmaga degişli bolmadyk hyzmatlar gyzyklanýan taraplaryň islegleri boýunça olaryň ýüztutmalary esasynda sertifikatlaşdyrylyp bilner.
15-nji madda. Senagat howpsuzlygyny sertifikatlaşdyrmak
1. Howply önümçilik obýektleriniň, işleriň ýerine ýetirilmeginiň, hyzmatlaryň edilmeginiň, önümçilik işgärleriniň goragynyň, ilata we daşky gurşawa howply we zyýanly önümçilik faktorlarynyň täsiriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen önümçilik we tehnologik enjamlar, maddy we himiki maddalar, howply ýükleri daşaýan ulag serişdeleri, şeýle hem işgärleriň aýratynlykda we köpçülikleýin gorag serişdeleri senagat howpsuzlygynyň talaplaryna laýyklygy babatda sertifikatlaşdyrylmaga degişlidir.
2. Senagat howpsuzlygynyň talaplaryna laýyklygyň sertifikatlaşdyrylmagy ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
16-njy madda. Laýyklyk sertifikaty we döwlet laýyklyk
nyşany
1. Ygtyýarly edara, başga döwlet edarasy tarapyndan önümleriň bellenilen talaplara laýyklygy tassyk edilen mahalynda laýyklyk sertifikaty berilýär we onuň esasynda önümi öndürijiniň, taýýarlaýjynyň, ýerine ýetirijiniň, satyjynyň, iberijiniň döwlet laýyklyk nyşanyny ulanmaga hukugy bardyr.
2. Laýyklyk sertifikatlarynyň, akkreditasiýa (attestasiýa) baradaky şahadatnamalaryň nusgalary, döwlet laýyklyk nyşanynyň görnüşleri we ölçegleri ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.
3. Laýyklyk sertifikaty bolmadyk önümleriň mahabatlandyrylmagyna we (ýa-da) ýerlenilmegine ýol berilmeýär.
4. Türkmenistana önümleriň getirilmegi üçin baglaşylýan şertnamalaryň şertlerinde olaryň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan resminamalaryň bolmagy göz öňünde tutulmalydyr.
5. Şu Kanunyň 14-nji maddasyna laýyklykda sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümlere berlen laýyklyk sertifikaty gümrük edaralaryna gümrük deklarasiýasy bilen bilelikde berilýär we önümleriň Türkmenistana getirilmegine (Türkmenistandan alnyp gidilmegine) rugsat almak üçin zerur resminama bolup durýar.
6. Laýyklyk sertifikatlary ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwlet sanawynda hökmany bellige alynmaga degişlidir.
7. Sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwlet sanawynda bellige alynmadyk laýyklyk sertifikatlary hakyky däldir.
17-nji madda. Sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwlet sanawy
1. Sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwlet sanawy maglumatlar binýadyny özünde jemleýär we synag barlaghanalary (merkezleri), bilermen-auditorlar, sertifikatlaşdyrylan obýektler we önümçilikler, sertifikatlaşdyrylan önümler baradaky habarlary, şeýle hem tehniki syýasatyň alnyp barylmagy we önümleriň sertifikatlaşdyrylmagynyň dolandyrylmagy boýunça işe maglumat taýdan ulgamlaýyn hyzmat etmek üçin zerur bolan başga maglumatlary özünde saklaýar.
2. Sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwlet sanawynyň emele getirilmeginiň we ýöredilmeginiň tertibi, beýleki döwlet edaralary tarapyndan berlen laýyklyk sertifikatlarynyň hasaba alnyşy boýunça maglumatlaryň ygtyýarly edara berilmeginiň tertibi, şeýle hem fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslar tarapyndan sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwlet sanawynda saklanýan maglumatlaryň berilmeginiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.
18-nji madda.Daşary ýurt döwletleri tarapyndan berlen
sertifikatlaşdyrmak boýunça resminamalaryň
ykrar edilmegi
1. Önümiň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan, Türkmenistanyň çäginden daşarda alnan resminamalar Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ykrar edilýär. Halkara şertnamasy bolmadyk ýagdaýynda, önümiň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan resminamalaryň ykrar edilmegi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
2. Getirilýän önümler üçin ygtyýarly edara tarapyndan hasaba alnan sertifikatlaşdyrmak boýunça Türkmenistanda hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalar bolmadyk halatynda, şeýle hem laýyklyk sertifikatlarynyň özara ykrar edilmegi hakynda ikitaraplaýyn halkara şertnamasy baglaşylmadyk bolsa, sertifikatlaşdyrmak maksady bilen öndürijiden ýa-da daşary ýurt döwletleriniň sertifikatlaşdyrmak boýunça edarasyndan önümleriň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan resminamalaryň ykrar edilmegine we ulanylmagyna ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde rugsat berilýär.
4-nji BAP. SERTIFIKATLAŞDYRMAK BABATDA
DÖWLET GÖZEGÇILIK BARLAGY
19-njy madda. Sertifikatlaşdyrmak babatda döwlet gözegçilik
barlagynyň amala aşyrylmagy
1. Sertifikatlaşdyrmak babatda döwlet gözegçilik barlagy hususy telekeçiler we ýuridik şahslar tarapyndan sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilişini barlamak arkaly amala aşyrylýar.
2. Sertifikatlaşdyrmak babatda döwlet gözegçilik barlagy ygtyýarly edaranyň wezipeli adamlary tarapyndan olaryň ygtyýarlylygynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
20-nji madda. Sertifikatlaşdyrmak babatda döwlet gözegçilik
barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň
esasy hukuklary we borçlary
1. Sertifikatlaşdyrmak babatda döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň şulara hukugy bardyr:
1) gulluk şahadatnamasyny görkezmegi boýunça sertifikatlaşdyrylan önümleriň hiline, işleriň ýerine ýetirilmegine, hyzmatlaryň edilmegine, şeýle hem sertifikatlaşdyrmak babatda beýleki döwlet edaralarynyň we synag barlaghanalarynyň (merkezleriniň) işine döwlet gözegçiligini amala aşyrmak üçin päsgelçiliksiz baryp bilmäge;
2) fiziki we ýuridik şahslardan sertifikatlaşdyrylan önümleriň hiline, işleriň ýerine ýetirilmegine, hyzmatlaryň edilmegine döwlet gözegçilik barlagyny geçirmek üçin, şeýle hem sertifikatlaşdyrmak babatda beýleki döwlet edaralarynyň we synag barlaghanalarynyň (merkezleriniň) işine döwlet gözegçilik barlagyny geçirmek üçin zerur bolan resminamalary we maglumatlary soramaga we almaga;
3) sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda onuň laýyklygynyň gözegçiligi üçin önümleriň nusgalyklaryny we nusgalaryny saýlap almagy geçirmäge;
4) sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalarda bellenilen talaplaryň bozulmalaryny aradan aýyrmak ýa-da laýyklyk sertifikatlary (laýyklyk sertifikatlarynyň göçürme nusgalary) bolmadyk halatynda bozulmanyň häsiýetiniň göz öňünde tutulmagy bilen, önümiň ýerlenilmegini kesgitlenilen möhlete gadagan etmek hakynda talapnamalary bermäge;
5) önümleriň sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalarda bellenilen talaplara laýyk gelmeýändigi ýüze çykarylan halatynda laýyklyk sertifikatlaryny togtatmaga we (ýa-da) ýatyrmaga;
6) sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalarda bellenilen talaplara laýyk gelmeýän önümleri taýýarlaýan we (ýa-da) ýerleýän şahslary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekmäge.
2. Döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlar şulara borçludyrlar:
1) sertifikatlaşdyrmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmak boýunça düşündiriş işlerini geçirmäge, öndürijileri, taýýarlaýjylary, ýerine ýetirijileri, satyjylary, iberijileri sertifikatlaşdyrmak boýunça bar bolan kadalaşdyryjy resminamalar barada habarly etmäge;
2) täjirçilik we kanun tarapyndan goralýan başga syrlary berjaý etmäge;
3) sertifikatlaşdyrmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrmagyň tertibini berjaý etmäge;
4) geçirilen döwlet gözegçilik barlagynyň netijeleri esasynda ýüze çykarylan düzgün bozulmalary aradan aýyrmak boýunça çäreleri görmäge.
21-nji madda. Bilermen-auditorlaryň esasy hukuklary we
borçlary
1. Bilermen-auditorlaryň şulara hukugy bardyr:
1) anyk önümleriň kybaplaşdyrylmagyny we bilermenler seljermesini amala aşyrmaga we olar boýunça özleriniň attestasiýa babatda çäklerinde netijenamalary bermäge;
2) barlanylýan kärhananyň (guramanyň) zerur resminamalary bilen tanyşmaga;
3) barlag geçirmek üçin zerur bolan maglumatlary soramaga, döwlet ýa-da täjirçilik syryny düzýän maglumatlar muňa degişli däldir.
2. Bilermen-auditorlar şulara borçludyrlar:
1) sertifikatlaşdyrmagyň obýektleriniň garaşsyz resminamalaşdyrylan seljermesini geçirmäge;
2) özleriniň sertifikatlaşdyrmagyň barşynda alan ýaşyryn maglumatlaryny ýaýratmazlyga, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir;
3) anyk önümleriň kybaplaşdyrylmagy we bilermenler seljermesi amala aşyrylan mahalynda netijenamalarda şol önümiň görkezijilerini esaslandyryp we dogry beýan etmäge.
22-nji madda. Önüm öndürijileriň, taýýarlaýjylaryň, ýerine
ýetirijileriň, satyjylaryň, iberijileriň esasy
hukuklary we borçlary
1. Önüm öndürijileriň, taýýarlaýjylaryň, ýerine ýetirijileriň, satyjylaryň, iberijileriň şulara hukuklary bardyr:
1) sertifikatlaşdyrmakdan geçen önümler babatda döwlet laýyklyk nyşanyny ulanmaga;
2) beýleki döwlet edaralarynyň, synag barlaghanalarynyň (merkezleriniň), bilermen-auditorlaryň bikanun hereketleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edara ýüz tutmaga;
3) öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin kazyýete ýüz tutmaga.
2. Önüm öndürijiler, taýýarlaýjylar, ýerine ýetirijiler, satyjylar, iberijiler şulara borçludyrlar:
1) önümleri diňe sertifikatlaşdyrmakdan geçenden soň dolanyşyga goýbermäge;
2) önümleri diňe olaryň hilini we howpsuzlygyny tassyk edýän sertifikaty bar bolan mahalynda ýerlemäge;
3) önümiň ýany bilen iberilýän resminamalarda sertifikatlaşdyrmak hakynda we sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalar hakynda olara laýyk gelmeli maglumatlary görkezmäge we ol maglumatlaryň sarp edijilere ýetirilmegini üpjün etmäge;
4) döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaralara, şeýle hem sarp edijilere önümleriň sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýändiginiň resminamalaýyn tassyklanylmasyny bermäge;
5) taýýarlanylýan we (ýa-da) ýerlenilýän önümleriň hiliniň sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmäge we ony bellenilen tertipde döwlet laýyklyk nyşany bilen belgilemäge;
6) eger sertifikatlaşdyrylan önümler, sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa, şeýle hem sertifikatyň hereket ediş möhleti tamamlanan ýa-da laýyklyk sertifikatynyň hereketi togtadylan halatynda ýa-da sertifikatlaşdyrmak babatda döwlet gözegçiligini we gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaranyň çözgüdi bilen ýatyrylan bolsa, onda şeýle önümleriň taýýarlanylmagyny we (ýa-da) ýerlenilmegini bes etmäge ýa-da togtatmaga;
7) önümleriň sertifikatlaşdyrylmagyny we sertifikatlaşdyrmagyň obýektlerine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlara öz wezipelerini päsgelçiliksiz ýerine ýetirmegi üçin şertleriň üpjün edilmegine;
8) bellenilen tertipde sertifikatlaşdyrylan önümleriň tehniki resminamalaryna ýa-da öndürilişiniň tehnologik prosesine girizilen üýtgetmeler barada ygtyýarly edara habar bermäge.
5-nji BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
23-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.
24-nji madda. Jedelleriň çözülişi
Sertifikatlaşdyrmak babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
25-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şulary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
1) 1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda kabul edilen “Önümleriň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 9-10, 94-nji madda);
2) 1999-njy ýylyň 23-nji noýabrynda kabul edilen “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999 ý., № 4, 56-njy madda);
3) 2001-nji ýylyň 7-nji iýulynda kabul edilen “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň V bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 2, 22-nji madda);
4) 2009-njy ýylyň 18-nji noýabrynda kabul edilen “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň XIII bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda);
5) 2011-nji ýylyň 4-nji awgustynda kabul edilen “Önümleriň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3, 63-nji madda);
6) 2012-nji ýylyň 4-nji awgustynda kabul edilen “Önümleriň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3, 70-nji madda).
3. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanunyň güýje giren gününden başlap, üç aý möhletiň dowamynda oňa laýyk getirilmäge degişlidir.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň 18-nji dekabry.
№ 459-IV.