Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň

täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň

netijelerinden goralmagy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 90-madda)

 

(28.02.2015 ý. № 200-V; 29.01.2016 ý. № 344-V we 26.03.2016 ý. № 382-V; 25.11.2017 ý. № 661-V, 20.11.2022 ý. № 516-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaça bilen)

 

Şu Kanun raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär, temmäki önümleri Türkmenistana getirilen, ýerlenilen hem-de ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

1-nji bap. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler 

Şu Kanunda şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) temmäki  temmäki önümleriniň öndürilmegi üçin çig mal (temmäki çig malyny) almak maksady bilen ösdürilip ýetişdirilýän, düzüminde nikotin we adamyň saglygy üçin zyýanly beýleki maddalary bar bolan bir we köpýyllyk otlaryň we gyrymsy agaçlaryň topary;

2) temmäki önümleri – çekmek (çekilýän temmäki önümleri), sormak, çeýnemek, ysgamak (çekilmeýän temmäki önümleri) we (ýa-da) temmäki önümlerini sarp etmegiň başga usullary üçin niýetlenen, souslar we (ýa-da) ys berijiler goşulan we goşulmadyk ýagdaýda, dolulygyna ýa-da bölekleýin fermentatiw temmäkiden (ýapragyndan) we (ýa-da) mahorkadan taýýarlanan önümler;

3) temmäki tüssesi – temmäki önümleri çekilýän ýa-da çekilen ýerdäki atmosfera howasynyň düzüminde bar bolan tüsse;

4) temmäki önümlerini ulanmagyň netijeleri – temmäki önümlerini ulanmagyň we temmäki tüssesiniň täsiri netijesinde adamyň janyna ýa-da saglygyna, onuň ýaşaýan gurşawyna zeper (zyýan)  ýetirilmegi, şeýle hem şonuň bilen baglanyşykly lukmançylyk, demografik, durmuş-ykdysady netijeler;

5) temmäki guramalary (senagaty) – temmäki önümleriniň taýýarlanylmagy, lomaý paýlanylmagy we getirilmegi bilen meşgullanýan ýuridik şahslar we hususy telekeçiler;

6) dolanyşyk – temmäki çig malynyň we (ýa-da) temmäki önümleriniň lomaý we bölek satuw söwdasy, şeýle hem olaryň saklanylmagy, getirilmegi we alnyp gidilmegi;

7) aksiz belgisi (markasy) – belgilenen temmäki önümleriniň gelip çykyşynyň kanunylygyny tassyklaýan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda temmäki önüminiň her birine edilýän, gorag elementlerine eýe bolan bellik;

8) temmäkä garşy göreş – temmäki önümleriniň dolanyşygyny, olaryň mahabatlandyrylmagyny we öňe sürülmegini, ulanylmagyny bes etmek ýa-da azaltmak, temmäki önümleriniň bikanun söwdasyna garşy hereket etmek maksady bilen kabul edilýän çäreler, şeýle hem raýatlaryň saglygyny goramaga gönükdirilen beýleki çäreler;

9) temmäki önümleriniň mahabatlandyrylmagy – haryda gyzyklanmany döretmek we saklamak maksady bilen, adamlaryň belli däl bir topary üçin niýetlenilen, islendik görnüşlerde we islendik serişdeleriň kömegi bilen ýaýradylýan maglumat, şol sanda anyk temmäki önümleri ýatlanylmazdan, olaryň söwda bellikleri we olaryň elementleri ulanylýan maglumat;

10) temmäkiniň we temmäki önümleriniň öňe sürülmegi  öndürijileriň we (ýa-da) satyjylaryň, dellallaryň temmäkä we temmäki önümlerine islegi, olaryň ýerleşdirilmegini ýokarlandyrmak, bazaryny giňeltmek maksady bilen edýän hereketleriniň, görýän çäreleriniň jemi;

11) temmäki önümleriniň hemaýatkärçiligi – maksady, netijesi ýa-da mümkin bolan netijesi temmäki önümleriniň satylmagyny ýa-da temmäkiniň göni ýa-da gytaklaýyn sarp edilmegini höweslendirmek bolan waka, çärä ýa-da aýratyn şahsa goýulýan goýumyň görnüşi;

12) temmäki önümleriniň bikanun söwdasy  temmäki önümleriniň öndürilmegine, ugradylmagyna, kabul edilmegine, paýlanylmagyna, satylmagyna ýa-da satyn alynmagyna gatnaşygy bolan, şol sanda şeýle işe ýardam etmek maksady bolan kanun tarapyndan gadagan edilen işiň görnüşi;

13) ingrediýent – temmäki önümi öndürilende peýdalanylýan we taýýar temmäki önüminde, şol sanda üýtgedilen görnüşde bolýan madda (temmäki ýapragy we temmäkiniň beýleki bölekleri muňa degişli däldir);

14) sarp ediliş gaby – alyjy tarapyndan satyn alynýan temmäki önümleriniň gabynyň iň kiçi birligi:

a) gap – sarp ediliş gabynyň, temmäki önüminiň anyk mukdaryny saklaýan gaty kagyzdan (karton), kagyzdan ýa-da başga serişdeden ýasalan birligi;

b) daňy (blok) – daşyna polimer örtgi, kagyz ýa-da kagyz sargysy oralan, çilim gaplarynyň anyk mukdary salynýan sarp ediliş gaplar topary;

ç) guty (boks) – daşyna polimer örtgi oralyp bilinýän, gaty kagyzdan ýasalan gapyrjaga ýerleşdirilen, çilim gaplarynyň anyk mukdary salynýan sarp ediliş gaplar topary.

 

2-nji madda. Raýatlaryň saglygyny temmäki

     tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini

     ulanmagyň netijelerinden goramak babatda    

     Türkmenistanyň     kanunçylygy

 Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramak babatda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistana temmäki önümleriniň getirilmegi, ýerlenilmegi we sarp edilmegi çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň maksady

        Keselleriň öňüni almak we temmäki önümleriniň sarp edilişini çäklendirmek, temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanly netijeleri, adamlaryň kesellemegi we ölümi barada maglumatlary ýaýratmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy arkaly Türkmenistanyň şu günki we geljekki nesilleriniň ömrüni we saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramak, şol sanda durmuş, ykdysady we ekologik netijelerden goramak şu Kanunyň maksady bolup durýar.

 

4-nji madda. Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň

     täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň

     netijelerinden goramak babatda döwlet

     syýasatynyň  ýörelgeleri

Şu aşakdakylar raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramak babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri bolup durýar:

1) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatdaky hukuklarynyň üpjün edilmegi;

2) temmäki tüssesiniň täsiri we temmäki önümleriniň ulanylmagy bilen baglanyşykly keselleriň öňüniň alynmagy;

3) ilata temmäki önümlerini ulanmagyň adamyň janyna we saglygyna zyýany we temmäki tüssesiniň zyýanly täsiri hakynda, şeýle hem temmäkä garşy göreş boýunça çäreler hakynda maglumatlaryň berilmegi;

4) temmäki tüssesiniň täsiriniň öňüniň alynmagyna we temmäki önümlerini ulanmagyň azaldylmagyna gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylmagy;

5) Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramak babatda halkara hyzmatdaşlygynyň amala aşyrylmagy;

6) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatdaky hukuklarynyň üpjün edilmegine gözegçilik edilmegi.

 

5-nji madda. Temmäki önümleriniň görnüşleri

1. Temmäki önümleriniň görnüşi – sarp ediliş häsiýetleri we sarp ediliş usuly boýunça çekilýän we çekilmeýän meňzeş temmäki önümleriniň jemi.

2. Temmäki önümlerine şu aşakdakylar degişlidir:

1) çilim – temmäki bogusynyň böleginden durýan, çilim kagyzyna dolanan, uzynlygyna ýelimlenen süzgüç müşdükli ýa-da müşdüksiz temmäki önümi;

2) sigara – üç gatdan durýar: içindäkiden (sigara we temmäki çig malynyň garyndysy), içki dolagyndan (sigara ýapragynyň bölegi) we perdeden (sigara ýapragy örtülen bölegi), içindäkisi we içki dolagy burumlaýyn dolanan temmäki önümi; 

 3) sigaretka – içki dolagsyz kiçijik sigara;

4) sigarilla (sigaritta) – sigara we başga temmäki çig malyndan ýasalan we köp gatly gurluşy bolan çekilýän önümleriň bir görnüşi: dilinen, kesilen sigara we başga görnüşli temmäki çig maly içinde bolan, içki dolakdan ýa-da onsuz, sigara ýapraklaryndan, dikeldilen temmäkiden ýa-da ýörite kagyzdan dolakly önüm. Sigarillalaryň süzgüç müşdükleri hem bolup biler;

5) papiroslar – bir bölegi kesilen temmäki bilen doldurylan, papiros gilzasyndan ybarat bolan temmäki önümleri;

6) bidi – owradylan temmäki ýapraklarynyň, damarjyklarynyň we baldajyklarynyň garyndysyndan taýýarlanan, tendunyň guradylan ýapragyna dolanan we sapak bilen oralan çekilýän temmäki önüminiň bir görnüşi;

7) kretek – owradylan gwozdikanyň we temmäki önümlerini taýýarlamak üçin kesilen çig malyň souslanan we yslandyrylan garyndysyndan ybarat bolan, çilim kagyzyna ýa-da mekgejöwen golçurynyň guradylan ýapragyna dolanan, süzgüçli ýa-da süzgüçsiz çekilýän temmäki önüminiň görnüşi; 

8) suw çilimi üçin temmäki – temmäki däl çig maly we beýleki goşundylary goşulan ýa-da goşulmadyk dilinen ýa-da kesilen temmäki çig malynyň we beýleki ingrediýentleriň suw çilimini ulanmak bilen çekmäge niýetlenen garyndysy;

9) şybyk (trubka) temmäkisi – temmäki çekilýän trubkada çekmäge niýetlenilen dilinen, kesilen, towlanan ýa-da basgylanan temmäkiden ybarat we temmäki däl çig maly, souslary we yslandyryjylary goşmak bilen önümiň 75 göterim sap agramyndan köp bolan möçberde süýüminiň ini 1 mm ýa-da ondan köp bolan çekilýän temmäki önüminiň  görnüşi;

10) çeýnelýän temmäki – kesilen temmäki ýapragynyň gysylan böleklerinden, temmäki däl çig malyny we başga goşundylary goşmak ýa-da goşmazlyk bilen taýýarlanan, çeýnemek üçin niýetlenen, çekilmeýän temmäki önüminiň görnüşi;

11) ysgalýan temmäki – temmäki däl çig malyny we beýleki goşundylary goşmak ýa-da goşmazlyk bilen, kesilen temmäkiniň pnewmatikasy arkaly alnan tozgasyndan taýýarlanan, ysgamak üçin niýetlenen, çekilmeýän temmäki önüminiň  görnüşi;

12) sorulýan temmäki (snýus) – temmäki däl çig malyny we beýleki goşundylary goşmak ýa-da goşmazlyk bilen, dolulygyna ýa-da bölekleýin arassa temmäki tozgasyndan we (ýa-da) kesilen temmäkiniň ownuk böleklerinden taýýarlanan, sormak üçin niýetlenen, çekilmeýän temmäki önüminiň görnüşi;

13) başga temmäki önümleri.

3. Çekilýän önümleriň düzüminde temmäki bolmadyk görnüşi:

1) çekilýän garyndy – dürli sintetik goşundylar bilen (ýa-da şolarsyz) guradylan dürli otlardan ybarat bolan, gowşak psihotrop täsiri (enteogenler) bolan (ýa-da şolarsyz) ösümlikleriň süýüminden ybarat, tebigy efir ýaglary bilen utgaşyklylykdaky temmäki däl çig malynyň garyndysy;

2) elektron çilimler – çilim sypatyndaky we sorulanda hakyky temmäki tüssesiniň tagamyny berýän, düzüminde nikotin bolup bilýän, bug emele gelmegi arkaly temmäki çeken ýaly ulanylýan elektron abzal.

 

6-njy madda. Temmäki önümleriniň düzümindäki zyýanly

      maddalaryň görnüşleri

Temmäki önümleriniň düzümindäki zyýanly maddalaryň görnüşlerine şular degişlidir: 

1) nikotin – temmäki ýapragynda we temmäki tüssesinde bolýan  alkaloid;

2) şepbik – nikotini bolmadyk temmäki tüssesiniň suwy çekilen kondensaty;

3) uglerodyň monooksidi (bogujy gaz) – temmäki önümi çekilende emele gelýän, düzüminde uglerod bolan maddalar doly ýanmadyk ýagdaýynda döreýän önüm;

4) adamyň saglygyna zyýanly başga maddalar.

 

2-nji bap. Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň

         täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň

         netijelerinden goralmagy babatda döwlet

         dolandyrylyşy

 

7-nji madda. Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň

     täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň

     netijelerinden goralmagy babatda döwlet

     dolandyrylyşyny amala aşyrýan edaralar 

Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda döwlet dolandyrylyşy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda ygtyýarly edara (mundan beýläk – ygtyýarly edara), öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde beýleki döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar

 

8-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň

     ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

3) ygtyýarly edarany kesgitleýär;

4) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda halkara hyzmatdaşlygynyň maksatnamalaryny tassyklaýar;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň çägine temmäki önümleriniň getirmek we ýerlemek meselelerini düzgünleşdirýär; 

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna  degişli beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

9-njy madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

Ygtyýarly edara:

1) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagyny amala aşyrýar; 

3) temmäki önümlerini ulanmagyň öňüniň alynmagy çygryndaky işleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýar;

4) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny ýerine ýetirmek boýunça, döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara gatnaşyklary amala aşyrýar;

5) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzýär, tassyklaýar (kabul edýär), ýatyrýar, olara üýtgetmeleri girizýär;

6) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy boýunça çäreleri işläp düzýär we durmuşa geçirýär;

7) temmäkä baglylykdanwe temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden bejergä mätäçlik çekýän raýatlara saglygy goraýyş edaralarynda lukmançylyk hyzmatlarynyň berilmegini üpjün edýär;

8) raýatlaryň saglygyna temmäki tüssesiniň täsiriniň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň netijeliligine monitoringi we baha bermegi, şeýle hem monitoringiň netijeleri hakynda maglumatlaryň ýaýradylmagyny amala aşyrýar;

81) sertifikatlaşdyrmak babatda ygtyýarly edara bilen bilelikde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibe laýyklykda temmäki önümlerini sertifikatlaşdyrmagy amala aşyrýar;

9) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda hünärmenleriň taýýarlanylmagyny we gaýtadan taýýarlanylmagyny amala aşyrýar;

10) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda işleri amala aşyrýan halkara guramalarynda Türkmenistana wekilçilik edýar;

11) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

10-njy madda. Beýleki döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-   özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy 

Beýleki döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

1) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

2) temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden raýatlaryň hukuklaryny goraýarlar;

3) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda işi amala aşyran mahalynda ygtyýarly edara bilen özara hereket edýärler;

4) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzýärler, tassyklaýarlar (kabul edýärler), bellige alýarlar,  ýatyrýarlar, olara üýtgetmeleri girizýärler;

5) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.

 

11-nji madda. Beýleki döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan   temmäki önümleriniň dolanyşygynyň, mahabatlandyrylmagynyň we ulanylmagynyň çäklendirilmeginiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi

        Temmäki önümleriniň dolanyşygynyň, mahabatlandyrylmagynyň we ulanylmagynyň çäklendirilmeginiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi şeýle-de şu aşakdakylar tarapyndan amala aşyrylýar:

1) temmäki önümleriniň Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden getirilmegi boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek böleginde – Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy;

2) temmäki önümleriniň getirilmegi we ýerlenilmegi babatda işiň ygtyýarlylandyrylmagy boýunça şu Kanunyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegine, temmäki önümleriniň söwdasynyň düzgünleriniň berjaý edilmegine gözegçilik etmek böleginde – Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi;

3) Temmäki önümleriniň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklygynyň sertifikatlaşdyrylmagy boýunça geçirilýän işleriň böleginde  «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy ygtyýarly edara bilen bilelikde;

4) şu Kanun bilen temmäki önümleriniň çekilmegi, gadagan edilen ýerlerde temmäki tüssesiniň täsirinden goralmagyna raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek, temmäki önümleriniň mahabatlandyrylmagy, temmäkiniň lomaý we bölek satuw söwdasy çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek böleginde – Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi;

5) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde beýleki döwlet häkimiýet edaralary.

 

12-nji madda. Temmäki önümleriniň bahasynyň döwlet

                         tarapyndan düzgünleşdirilmegi

1. Temmäki önümleriniň bahasynyň derejesini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek çäreleri olara iň pes bölek satuw bahalaryň bellenilmegi bilen amala aşyrylýar.

2. Temmäki önümlerine iň pes bölek satuw bahalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

 

13-nji madda. Temmäki önümleriniň bölek satuw söwdasynyň 

                        döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi

1. Türkmenistanyň çäginde temmäki önümleriniň bölek satuw söwdasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň çäginde temmäki önümleriniň bölek satuw söwdasy şu aşakdakylar bolanda amala aşyrylýar:

1) temmäki önümlerinin ýerlenilmegi üçin ygtyýarnama;

2) laýyklyk sertifikaty ýa-da bellenilen tertipde resmileşdirilen onuň göçürilen nusgasy;

3) bu önümleriň bellenilen talaplara laýyk gelýändiginiň tassyklanylmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan belgilemeler;

4) aksiz belgisi (markasy);

5) temmäki önümleriniň gelip çykyşyny tassyklaýan resminama;

6) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, elektron gözegçilik kassa enjamy ýa-da ýörite kompýuter ulgamlary;

7) temmäki önümleriniň ýigrimi bir ýaşyna ýetmediklere satylmagynyň gadagan edilýändigi hakynda temmäki önümleriniň satylýan ýerlerindäki bildirişler.

3. Bölek satuw söwdasy üçin hödürlenilýän temmäki önümi hakynda maglumatlar satyjy tarapyndan alyjylaryň dykgatyna satylýan temmäki önüminiň sanawynyň söwda zalynda ýerleşdirilmegi arkaly ýetirilýär, onuň ýazgysy ak esasda gara reňkli birmeňzeş ölçegli harplar bilen ýerine ýetirilmelidir we ol haýsy-da bolsa bir çyzgy şekilleri ýa-da suratlary peýdalanylmazdan, satylýan temmäki önüminiň bahasynyň görkezilmegi bilen elipbiý tertibinde düzülmelidir. 

Alyja söwda dükanynda temmäki önüminiň görkezilmegi, onuň talap etmegi boýunça ol satylýan temmäki önüminiň sanawy bilen tanşandan soň amala aşyrylyp bilner.

4. Temmäki önümleriniň bölek satuw söwdasy şu aşakdaky ýagdaýlarda gadagan edilýär:

1) göçme söwda ulgamynyň üsti bilen (awtoulaglar, tirkegler we beýlekiler bilen), aýlap satmak, islendik emelleşdirilen tagtalardan we tekjelerden (köçelerde, ýollarda, howlularda, jaýlarda) satmak;

2) ownuk satuw söwda ulgamynyň üsti bilen (ilatly ýerde dükanlar bolmadyk halatynda temmäki önümleriniň söwdasyna başga söwda ýerlerinde ýa-da göçme söwdada ýol berilýär);

3) temmäki önümleriniň söwda ýerlerinde olaryň goýulmagy we görkezilmegi bilen, şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halat muňa degişli däldir;

4) sport edaralarynyň, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet edaralarynyň çäginde we jaýlarynda (şol sanda şypahana zolaklarynda), şol edaralaryň ýanyndaky jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda (şol sanda berhizlik naharhanalarynda), şeýle hem çaga iýmiti önümlerini satmak üçin ýöriteleşdirilen söwda obýektlerinde we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda;

5) demir ýol menzilleriniň we awtoulag menzilleriniň, howa menzilleriniň, deňiz we derýa portlarynyň çäginde we jaýlarynda (paçsyz söwda dükanlaryndan başga), myhmanhana hyzmatlarynyň, wagtlaýyn ýaşamagy üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň, durmuş hyzmatlarynyň edilmegi üçin niýetlenen jaýlarda;

6) bilim edaralarynyň serhedinden azyndan ýüz metr aradaşlykda;

7) ýöriteleşdirilen söwda binalarynda, şeýle hem çagalar üçin niýetlenen harytlaryň ýa-da sport harytlarynyň söwdasyny edýän her ugurly (uniwersal)  söwda ýerleriniň bölümlerinde;

8) öz-özüňe hyzmat ediş bölümlerde;

9) elden söwda etmek, şeýle hem söwda üçin bellenilmedik ýerlerde;

10) söwda awtomatlarynyň, beýleki elektron ýa-da mehaniki enjamlaryň peýdalanylmagy bilen;

11) temmäki önümleriniň hili tassyklanylýan degişli resminamalar bolmadyk, belgiler (belgilemeler) kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmedik mahalynda;

12) aragatnaşyk ulgamlarynyň ýa-da islendik beýleki tehnologiýalaryň pedalanylmagy bilen, Internet arkaly;

13) haýsy-da bolsa bir harytlaryň ýa-da hyzmatlaryň ýany bilen toplumda;

14) elektron çilimler görnüşinde;

15) gapda nikotiniň, şepbigiň, uglerodyň monooksidiniň bolmagy ýa-da olaryň aňryçäk ýol berilýän derejeden geçýändigi barada maglumatlar görkezilmedik ýagdaýynda;

16) paçsyz söwda dükanynyň ýörite belgilemesi bolanda;

17) açyk sarp ediliş gaplaryndan agramyny ölçäp, sanma-san  satmak, öz gabyndaky sigarlaryň we sigarillalaryň söwdasy muňa degişli däldir;

18) sarp ediliş gaby bolmadyk, aksiz belgisiz ýa-da hasaba alyş-gözegçilik resminamalary bolmadyk ýagdaýynda turbaly we kalýan  temmäkisiniň satylmagy;

19) aksiz belgileri bolmadyk ýagdaýynda;

20) süzgüçsiz çilimleri satmak;

21) çilimiň gabynda temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanlydygy barada ýazgy bolmadyk ýagdaýynda;

22) sorulýan we çeýnelýän temmäkini we çekilýän garyndylaryň islendik görnüşlerini.

5. Temmäki önümleriniň ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlar tarapyndan satylmagy, şeýle hem ýigrimi bir ýaşyna ýetmediklere satylmagy gadagandyr.

6. Temmäki önümleriniň satylýan ýerlerinde, kassa enjamynda ýa-da onuň ýanynda hökmany suratda “Temmäki önümlerini ýigrimi bir ýaşyna ýetmediklere satmak gadagandyr” diýen ýazgy ýerleşdirilen bolmalydyr.

7. Ýigrimi bir ýaşa ýetendigine şübhe dörän temmäki önümini alýan şahsa temmäki önümleri satylýan mahalynda satyjy şulara borçludyr:

1) alyjynyň hakyky ýaşyny kesgitlemek maksady bilen pasportyny (onuň ornuny tutýan resminamany) talap etmäge;

2) eger pasporty (onuň ornuny tutýan resminamasy) görkezilmedik ýagdaýynda, temmäki önümini satmakdan ýüz öwürmäge. 

8. Paçsyz söwda dükanynda ýerlenilýän temmäki önümleri paçsyz söwda dükanynyň ammarynda ýörite belgilemäge  degişlidir.

Belgilemegiň görnüşi, kysymy, şeýle hem onuň temmäki önümlerine belgilenilmeginiň usuly Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly degişli döwlet edarasy bilen ylalaşylan bolmalydyr.

Paçsyz söwda dükanynyň işgärleri öz müşderileriniň ýol resminamalarynda harytlaryň satyn alnandygy hakynda bellik edýärler.

Paçsyz söwda dükanynda harytlaryň lomaý, şol sanda ownuk lomaý ýerlenilmegine ýol berilmeýär. 

9. Türkmenistanyň çägine bikanun getirilen, gelip çykyşy bellenilmedik, belgilemesi, zyýanly maddalaryň düzüminde bolmagy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýän, degişli resminamalary, aksiz belgileri bolmazdan satylýan temmäki önümleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde alynmaga we ýok edilmäge degişlidir.

 

14-nji madda. Temmäki önümleriniň getirilmeginiň we 

                         lomaý söwdasynyň döwlet tarapyndan

                         düzgünleşdirilmegi

1. Temmäki önümleriniň getirilmegini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen degişli ygtyýarnamasy bolan şahslar amala aşyrýarlar, şu maddanyň dördünji bölegi muňa degişli däldir.

2. Bir çilimiň tüssesinde nikotini, şepbigi, uglerod monooksidini we beýleki zyýanly maddalary saklamak boýunça kadalaşdyryjy namalaryň talaplaryna laýyk gelmeýän çilimleriň getirilmegi, lomaý söwdasy we bölek satuwy gadagandyr.

3. Temmäki önümleri Türkmenistanyň çägine diňe temmäki önümlerini öndüriji tarapyndan gös-göni gaba ýelmenilen aksiz belgileri bolanda getirilýär, şu maddanyň dördünji bölegi muňa degişli däldir.

4. Şahsy zerurlyklar üçin niýetlenen temmäki önümleri Türkmenistanyň çägine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen mukdarda ygtyýarnamasyz we aksiz belgisiz getirilip bilner.

5. Temmäki önümleriniň lomaý söwdasy mahalynda hasaplaşyklar diňe geleşige gatnaşyjylaryň hasaplarynyň üsti bilen ikitaraplaýyn şertnamalaryň esasynda nagt däl tertipde amala aşyrylýar, ammar-dükanlaryň nagt pul serişdeleri bilen geçirýän hasaplaşyklary muňa degişli däldir.

 

15-nji madda. Temmäki önümlerine salgyt salynmagy

Temmäki önümlerine salgyt salynmagy Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär. 

 

3-nji bap. Temmäki önümlerine bildirilýän talaplar

 

16-njy madda. Temmäki önümlerine bildirilýän 

        umumy talaplar

1. Türkmenistanyň çägine getirilýän temmäki önümleri Türkmenistanyň kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyk gelmelidir.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda dolanyşygy Türkmenistanda gadagan edilen maddalaryň temmäki önümi üçin ingrediýentler hökmünde ulanylmagyna ýol berilmeýär.

3. Temmäki önümleriniň sarp ediliş gabynyň her bir birligi aksiz belgileri bilen hökmany tertipde belgilenmäge degişlidir.

 

17-nji madda. Aksiz belgileri (markalar)

1. Temmäki önümleriniň belgilenmegi üçin belgileriň  nusgalaryna bildirilýän talaplar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

2. Temmäki önümleri üçin aksiz belgisi pugta hasabatlylygyň resmi kagyzy bolup durýar, onuň bahasy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär. 

3. Aksiz belgileriniň taýýarlanylmagy, olaryň temmäki önümlerini  import edýän tarapyndan edinilmegi, olaryň temmäki önümlerini belgilemegi, zeper ýetirilen aksiz belgileriniň hasaba alynmagy we ýok edilmegi, şeýle hem olaryň kybaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

18-nji madda. Çilimleriň tüssesiniň düzümindäki zyýanly

       maddalara bildirilýän talaplar

1Süzgüçli bir çilimiň tüssesiniň düzümindäki zyýanly maddalaryň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalardan ýokary geçip bilmez.

2. Bir çilimiň tüssesiniň düzümindäki zyýanly maddalaryň möçberiniň döwürleýin peseldilmegi bilen baglanyşykly meseleler ygtyýarly edara tarapyndan düzgünleşdirilýär.

3. Bir çilimiň tüssesiniň düzümindäki zyýanly maddalar hakynda maglumatlar kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda sarp ediliş gabyna ýazylýar.

 

4-nji bap. Fiziki we ýuridik şahslaryň temmäki tüssesiniň

täsirinden we temmäki önümlerini  ulanmagyň

netijelerinden saglygy goramak babatda 

hukuklary we borçlary

 

19-njy madda. Raýatlaryň temmäki tüssesiniň täsirinden we

        temmäki önümlerini ulanmagyň

        netijelerinden saglygyň goralmagy babatda

        hukuklary we borçlary

1. Raýatlar temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden saglygyň goralmagy babatda şu aşakdaky hukuklara eýedirler: 

1) özleriniň ýaşamagy üçin amatly gurşawa we temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden  saglygynyň goralmagyna;

2) temmäki önümleri we olary ulanmagyň netijesinde ýetýän zyýan (zelel) hakynda, temmäki tüssesiniň täsiriniň öňüni almak we temmäki önümlerini ulanmagy azaltmak boýunça geçirilýän çäreler hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maglumat almaga;

3) zerur halatlarda saglygy goraýyş edaralarynda temmäkä garaşlylygy we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden bejertmek üçin lukmançylyk kömegini almaga;

4) temmäki tüssesiniň täsiriniň öňüni almak we temmäki önümlerini ulanmagy azaltmak boýunça geçirilýän çäreleriň durmuşa geçirilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmaga;

5) döwlet häkimiýet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagyny üpjün etmek boýunça teklipleri  bermäge;

6) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslar tarapyndan bozulmagynyň netijesinde olaryň ömrüne ýa-da saglygyna ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyna.

2. Raýatlar  temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden saglygyň goralmagy babatda şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmäge;

2) öz saglygy barada alada etmäge;

3) öz çagalary barada alada etmäge we olarda temmäki önümlerini ulanmaga inkär ediji garaýyşy döretmek hakynda, şeýle hem olaryň temmäki önümlerini ulanmaga çekilmegine ýol berilmezligi hakynda alada etmäge;

4) beýleki raýatlaryň ýaşaýşa ukyply amatly gurşawyna we temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden saglygynyň goralmagyna bolan hukuklarynyň bozulmagyna eltýän hereketleri amala aşyrmazlyga.

 

20-nji madda. Ýuridik şahslaryň we hususy telekeçileriň

       temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki

       önümlerini ulanmagyň netijelerinden

       raýatlaryň saglygynyň goralmagy babatda

       hukuklary we borçlary

1. Ýuridik şahslar we hususy telekeçiler temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden saglygyň goralmagy babatda şu aşakdakylara hukuklary bardyr:

1) temmäki önümleri we olary ulanmagyň netijesinde ýetýän zyýan (zelel) hakynda, temmäki önümlerini ulanmagy azaltmak we temmäki tüssesiniň täsiriniň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maglumat almaga;

2) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy boýunça çäreleriň işlenip düzülmegine we durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga, temmäki önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan şahslar muňa degişli däldir;

3) işgärler tarapyndan temmäki önümlerini ulanmagyň bes edilmegine gönükdirilen höweslendiriş häsiýetli çäreleri ulanmaga.

2. Ýuridik şahslar we hususy telekeçiler temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden saglygy goramak babatda şu aşakdakylara borçludyr:

1) temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden raýatlaryň saglygynyň goralmagy babatda Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmäge;

2) işgärleriň ýaşaýşa ukyply amatly gurşawyna we temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden saglygynyň goralmagyna bolan hukuklaryny üpjün etmäge;

3) raýatlaryň öz işini amala aşyrmak üçin ulanýan çäklerinde we jaýlarda temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden saglygynyň goralmagy babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik etmäge;

4) raýatlara temmäki önümlerini ulanmagy azaltmak we temmäki tüssesiniň täsiriniň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler hakynda maglumat bermäge.

 

5-nji bap. Temmäki önümleri hakynda maglumatlara

bildirilýän talaplar

 

21-nji madda. Temmäki önümlerini ulanyjylar üçin

       maglumatlaryň ýazylmagynyň kadalary

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda temmäki önümlerini ulanyjylar üçin göz öňünde tutulan maglumatlar aşakda görkezilen ýerlerde ýerleşdirilmelidir:

1) sarp ediliş gabynda (gapda, daňyda, gutyda);

2) temmäki önümlerini sarp edijiler üçin sarp ediliş gabynda maglumaty girizmek mümkin bolmadyk halatynda, şeýle hem sigarlar we sigarillalar (sigaritler) sanma-san ýerlenilende sarp ediliş gabynyň (çilimler, papiroslar, bidiler, kretekler muňa degişli däldir) içlik kagyzynda. 

2. Maglumatlar döwlet dilinde beýan edilen bolmalydyr. 

Temmäki önümini taýýarlaýjynyň, ygtyýarnamanyň eýesiniň adynyň latyn elipbiýiniň harplarynda ýazylmagyna ýol berilýär. Bellige alnan haryt nyşanyna ýa-da senagat nusgasyna degişli maglumatlar bellige alnan dilinde ýazylýar. 

3. Maglumaty ýazmagyň serişdeleri we usullary temmäki önümleri daşalanda, saklanylanda we ýerlenilende onuň abat saklanylmagyny üpjün etmelidir.

4. Maglumat sarp ediliş gaby açylanda ýazgylaryň bütewiligini bozmaz ýaly ýagdaýda ýerleşdirilmelidir.

5. Çilimleriň sarp ediliş gabynda we çekilýan temmäki önümleriniň bölek söwdasynda peýdalanylýan islendik daşky gapda çilim çekmegiň zyýany barada teksti ygytyýarly edara tarapyndan tassyklanylýan duýduryjy ýazgylaryň biri ýazylýar.

6. Sarp ediliş gabyndaky çilim çekmegiň zyýany hakynda duýduryjy ýazgylarda ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylan suratlar (piktogrammalar), temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinde we temmäki tüssesi sorulanda adamyň bedenine weýran ediji täsiriniň fotosuratlary bolmalydyr. Suratlar (piktogrammalar), fotosuratlar çilimiň sarp ediliş gabynyň iki tarapynda çilim gabynyň her bir meýdany boýunça uly tarapynyň ýokarky böleginde ýerleşdirilip, onuň umumy meýdanynyň 65 göteriminden az bolmadyk ýeri tutmalydyr.

7. Ýazgylaryň tekstleri şu aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

1) tekst suratyň (piktogrammanyň) ýokarsynda goýy, takyk, ýeňil okalýan görnüşdäki harplarda ýerleşdirilýär. Şonda setirleriň aradaşlygy harplaryň beýikliginden geçmeli däl;

2) tekstiň ugry temmäki önümleriniň gabynyň ýa-da başga sarp ediliş gabynyň aşaky ýa-da ýokarky gyrasy bilen ugurdaş ýerleşýär. Şonda tekstiň ýerleşişi temmäki önümleriniň ulanylmagynyň we temmäki tüssesiniň adamyň bedenine edýän weýran ediji täsiriniň suratlaryny (piktogrammalaryny), fotoşekillerini mümkin boldugyça dolulygyna saklap galmalydyr;

3) çilim çekmegiň we temmäki tüssesiniň täsir edişiniň netijesini tassyk edýän şriftiň göwrümi duýduryşyň galan tekstinden iki esse uly bolmalydyr;

4) ýazgynyň reňki fotosuratyň düşeginiň reňki bilen gapma-garşylykly bolmalydyr. 

8. Sarp ediliş gaplaryndaky duýduryjy ýazgylaryň ýanyndaky suratlar (piktogrammalar), fotosuratlar ygtyýarly edaranyň karary bilen üç ýylda bir gezek üýtgedilip bilner.

9. Çekilmeýän temmäki önümleriniň sarp ediliş gabynyň her birine temmäki önümini ulanmagyň zyýany hakynda "Bu temmäki önümi Siziň saglygyňyza zyýan ýetirýär" diýlen bir duýduryş ýazgysy ýazylýar.

10. Içlik kagyzynda temmäki önümini ulanmagyň zyýany hakynda bir duýduryş ýazgysy ýazylýar:

1) çekilýän temmäki önümleri üçin: "Çilim çekmek Siziň saglygyňyza zyýan ýetirýär";

2) çekilmeýän temmäki önümleri üçin: "Bu temmäki önümi Siziň saglygyňyza zyýan ýetirýär".

Içlik kagyzynyň meýdany bu temmäki önüminiň sarp ediliş gabynyň görünýän üstüniň meýdanyndan az bolmaly däldir.

11. Şu maddanyň dokuzynjy we onunjy böleklerinde göz öňünde tutulan maglumatlar gara reňkli çarçuwada ýerleşdirilýär. Çarçuwa bilen çäklendirilen çägiň meýdany, çarçuwanyň öz meýdanyny hem goşmak bilen, sarp ediliş gabynyň ýa-da içlik kagyzyň meýdanynyň  uly bir tarapynyň (ýüz tarapynyň) 30 göterimden az bolmadyk ýerini tutmalydyr. Görkezilen maglumat ak ýerde gara reňkli harpda, mümkin bolan ululykda, okamak üçin düşnükli edilip ýazylan bolmalydyr. Setirleriň aradaşlygy harplaryň beýikliginden geçmeli däl. Maglumat çäklendirilen bütin meýdan boýunça deň derejede ýerleşdirilen bolmaly.

12. Temmäki önümlerini çekmegiň zyýany hakynda duýduryjy ýazgylaryň, suratlaryň (piktogrammalaryň), fotosuratlaryň ýazgysyna, sanyna ýa-da ölçegine üýtgetmeler girizilen halatynda taýýarlaýjy we (ýa-da) import ediji bir ýylyň dowamynda temmäki önümleriniň sarp ediliş gabyna degişli üýtgetmeleri girizýär.

13. Temmäki önümleriniň sarp ediliş gabynyň bezelişine täze talaplar güýje girenden soň, bir ýylyň dowamynda temmäki önümlerini ulanmagyň adam üçin weýran ediji netijeleri hakynda suratlary (piktogrammalary), fotosuratlary bolmadyk sarp ediliş gaplaryndaky çilimler dolanşykda bolup biler.

 

22-nji madda. Temmäki önümleriniň düzümindäki

       ingrediýentler hakynda maglumatlara

       bildirilýän talaplar

1. Türkmenistanyň çäginde ýerlenilýän temmäki önümini taýýarlaýjy ýa-da import ediji hasabat senenama ýylyndan soň gelýän ýylyň 1-nji martyndan gijä galman her ýyl ygtyýarly edara temmäki önümleriniň düzümindäki ingrediýentler hakynda hasabat bermäge borçludyr.

2. Ingrediýentler hakynda hasabatyň görnüşi we onuň mazmunyna bildirilýän talaplar ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

3. Ygtyýarly edara ingrediýentler hakynda hasabatlarda saklanýan maglumatlary öz islegine görä bermäge haklydyr. 

 

6-njy bap. Temmäki önümleriniň bikanun söwdasynyň öňüni 

 almak. Çilim çekmegiň, temmäki önümleriniň

 mahabatlandyrylmagynyň, sarp edilmeginiň 

 höweslendirilmeginiň, satylmagynyň gadagan

 edilmegi

 

23-nji madda. Temmäki önümleriniň bikanun söwdasynyň

       öňüniň alynmagy

1. Temmäki önümleriniň bikanun söwdasynyň öňüni almak maksady bilen şular amala aşyrylýar:

1) Тürkmenistana getirilýän temmäki önümleriniň, lomaý we bölek söwdasy amala aşyrylan mahalynda hasaba alynmagy;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda temmäki önümleriniň bikanun söwdasynyň edilen halatlarynyň ýüze çykarylmagy we bikanun söwdasynyň öňüniň alynmagy boýunça çäreler. 

2. Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üsti bilen getirilýän temmäki önümleriniň hasaba alynmagy, temmäki önümleriniň lomaý we bölek satuw söwdasy temmäki önümleriniň aksiz belgileri bilen belgilenmegine gözegçilik edýän edaralaryň maglumatlary esasynda amala aşyrylýar. 

3. Temmäki önümleriniň dolanyşygyny, mahabatlandyrylmagyny  we ulanylmagynyň çäklendirilmegini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň öz aralarynda maglumat alyşmagynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär. 

 

24-nji madda. Aýry-aýry çäklerde, kärhanalaryň,

       guramalaryň we edaralaryň jaýlarynda

       temmäki önümlerini çekmegiň gadagan edilmegi

 Temmäki tüssesiniň adam saglygyna täsiriniň öňüni almak üçin şu aşakdaky ýerlerde  temmäki önümlerini çekmek gadagan edilýär:

1) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň jaýlarynda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, guramalarda we edaralarda, harby bölümlerde we birikmelerinde, söwda binalarynda, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, durmuş hyzmatlary edaralarynda, myhmanhanalarda;

2) medeniýet we bilim edaralarynyň çäklerinde we jaýlarynda, bedenterbiýe we sport, saglygy goraýyş we şypahana toplumlarynyň binalarynda;

3) demir ýol menzilleriniň, awtomenzilleriň, howa menzilleriniň, deňiz we derýa portlarynyň jaýlarynda, ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmatlary etmek üçin niýetlenen demir ýol menzilleriniň, awtomenzilleriň, howa menzilleriniň, deňiz we derýa portlarynyň jaýlarynyň girelgelerinden azyndan on bäş metr aralykda açyk howada, otlularda, gämilerde, howa gämilerinde we jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde, ýolagçy platformalarynda, awtomobillere ýangyç guýýan beketlerde;

4) seýilgählerde we skwerlerde, ýerasty geçelgelerde, plýažlaryň bolan çäkleriniň serhetlerinde we raýatlaryň köpçülikleýin barýan beýleki ýerlerinde;

5) köp öýli jaýlaryň liftlerinde we umumy peýdalanylýan jaýlarynda, çagalar meýdançalarynda;

6) Türkmenistanyň kanynçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýerlerde.

 

25-nji madda. Temmäki önümlerini mahabatlandyrmagyň

        sarp edilmegini höweslendirmegiň, 

                          satmagyň we olara  hemaýatkärlik etmegiň       

        gadagan edilmegi

1. Temmäki önümleriniň sarp edilmegini azaltmak maksady bilen, şular gadagan edilýär:

1) temmäki önümleriniň islendik görnüşde we islendik keşpde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şeýle hem söwda ýerlerinde mahabatlandyrylmagy;

2) temmäki önümleriniň ilatyň arasynda mugtuna, şol sanda sowgatlar görnüşinde ýaýradylmagy;

3) temmäki önümleriniň bahasyna islendik usullarda indirimleriň ulanylmagy;

4) temmäki önümleriniň aýratynlaşdyrylmagy üçin, şeýle harytlar öndürilende temmäki önümleri bolup durmaýan harytlaryň beýleki görnüşleri üçin hyzmat edýän haryt nyşanynyň peýdalanylmagy, şeýle hem temmäki önümleri bolup durmaýan, ýöne olarda temmäki önümleriniň aýratynlaşdyrylmagy üçin hyzmat edýän haryt nyşanynyň ulanylan harytlarynyň lomaý we bölek söwdasy;

5) şeýle harytlaryň lomaý we bölek söwdasynda temmäki önümleri bolup durmaýan harytlaryň başga görnüşleri öndürilende temmäki önüminiň peýdalanylmagy we oňa meňzedilmegi;

6) gatnaşylmagynyň şerti temmäki önümleriniň edinilmegi bolup durýan ýa-da olarda temmäki önümleri baýrak hökmünde bellenilýän çäreleriň (şol sanda lotereýalaryň, bäsleşikleriň, oýunlaryň) guralmagy we geçirilmegi;

7) haýyr-sahawat işi amala aşyrylanda firma atlarynyň, haryt nyşanlarynyň we hyzmat ediş nyşanlarynyň, şeýle hem temmäki senagatyna ( gurama) degişli täjirçilik belgileriniň ulanylmagy;

8) temmäki önümleriniň hemaýatkärligi.

2. Tele we wideo filmleri goşmak bilen, täze döredilen audio wizual eserlerde, teatr-tomaşa oýunlarynda, tele, wideo we kino gepleşiklerinde temmäki önümleriniň we onuň ulanylmagynyň görkezilmegine, şeýle hem temmäki önümleriniň we onuň ulanylmagynyň görkezilmegi bilen olaryň köpçülikleýin ýerine ýetirilmegine, radio alyp eşitdirişiň gepleşiklerinde wagyz edilmegine ýol berilmeýär, şeýle hereket çeper pikiriň aýrylmaz bölegi bolup durýan halatlar muňa degişli däldir.

3. Maglumat möwsümleri geçirilen mahalynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde temmäki tüssesiniň zyýanly täsiri we temmäki önümlerini ulanmagyň zyýany hakynda ilata habar berlende temmäki önümleriniň we olaryň sarp edilmeginiň görkezilmegine ýol berilýär.

 

7-nji bap. Temmäki önümlerini ulanmagyň zyýany

hakynda bilimleriň wagyz edilmegi. Lukmançylyk

kömeginiň berilmegi

 

26-njy madda. Temmäki önümlerini ulanmagyň zyýany

        hakynda bilimleriň wagyz edilmegi

1. Temmäki önümlerini ulanmagy azaltmak, olaryň ulanylmagy bilen baglanyşykly keselleriň öňüniň alynmagy, saglyga jogapkärli garamagy we temmäki önümlerini ulanmaga ýaramaz garaýyşy döretmek maksady bilen temmäki önümlerini ulanmagyň zyýany we temmäki tüssesiniň adama zyýanly täsiri hakynda bilimleri wagyz etmek amala aşyrylýar.

2. Temmäki önümlerini ulanmagyň zyýany hakynda maglumat şu aşakdaky maglumatlary öz içine alýar:

1) temmäki önümlerini ulanmagy bes etmegiň artykmaçlyklary hakynda;

2) temmäki önümlerini ulanmagyň ýaramaz lukmançylyk, demografik, durmuş-ykdysady we ekologik netijeleri hakynda;

3) temmäki guramasy (senagaty) hakynda.

3. Temmäki önümlerini ulanmagyň zyýany hakynda ilata habar bermek döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Temmäki önümlerini ulanmagyň zyýany we temmäki tüssesiniň zyýanly täsiri hakynda ilatyň arasynda aň-bilim işleriniň geçirilmegi maşgalada, bilim edaralarynda terbiýe bermegiň we okatmagyň dowamynda, saglygy goraýyş edaralarynda, şeýle hem iş berijiler tarapyndan iş orunlarynda amala aşyrylýar.

Umumybilim we hünär bilimi maksatnamalarynda temmäki önümlerini ulanmagyň adam bedenine täsirini we temmäki tüssesiniň zyýanly täsiriniň öwrenilmegine degişli bölümler bolmalydyr.

5. Temmäki önümlerini ulanmagyň zyýany hakynda bilimleriň wagyz edilmeginiň görnüşleri we usullary ygtyýarly edara tarapyndan gyzyklanýan şahslar bilen ylalaşmak arkaly kesgitlenilýär.

 

27-nji madda. Temmäki önümlerini ulanmakdan we

       olary ulanmagyň netijelerinden

       bejerilmäge mätäçlik çekýän şahslara

       lukmançylyk kömeginiň berilmegi

1. Temmäki önümlerini ulanmakdan we olary ulanmagyň netijelerinden bejerilmäge mätäçlik çekýän şahslara degişli lukmançylyk kömegi berilýär.

2. Keseliň öňüniň alynmagyny, anyklanylmagyny we bejerilmegini hem goşmak bilen şeýle şahslara lukmançylyk kömegi döwlet saglygy goraýyş ulgamynyň saglygy goraýyş edaralary tarapyndan raýatlara lukmançylyk kömeginiň berilmeginiň döwlet maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Lukmançylyk kömegi bejeriji lukman tarapyndan lukmançylyk kömeginiň bellenilen standartlaryna we ony etmegiň tertibine laýyklykda näsaga zerur maglumatyň berilmegi esasynda berilýär.

 

         8-nji bap. Jemleýji düzgünler

 

28-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

 

29-njy madda. Jedelleriň çözülişi 

Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

30-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär, şu maddadaky güýje girmegiň beýleki möhletleri bellenilen düzgünler muňa degişli däldir.

2. Şu Kanunyň 12-nji maddasynyň ikinji bölegi, 13-nji maddasynyň ikinji böleginiň 4-nji bendi we dördünji böleginiň 19-njy bendi, 14-nji maddasynyň üçünji bölegi, 16-njy maddasynyň üçünji bölegi, 21-nji maddasynyň dokuzynjy bölegi şu Kanun güýje giren gününden başlap on iki aý geçenden soň güýje girýär.

3. Şu Kanunyň 13-nji maddasynyň üçünji bölegi we dördünji böleginiň 3-nji bendi, 21-nji maddasynyň birinji bölegi 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

4. Şu Kanunyň 21-nji maddasynyň altynjy bölegi çilim çekmegiň zyýany hakynda suratlaryň, piktogrammalaryň we (ýa-da) fotosuratlaryň sanawy ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanandan soň on iki aýyň geçmegi bilen güýje girýär.

5. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanunyň güýje giren gününden başlap alty aý möhletiň dowamynda oňa laýyk getirilmäge degişlidir.

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 18-nji dekabry.

№ 460-IV.