Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň 2013-nji ýyl üçin
Döwlet býujeti hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 89-madda)
1-nji madda
Türkmenistanyň 2013-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler boýunça 86335,8 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 89735,8 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 15707,5 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 19107,5 mln. manat möçberde tassyklamaly.
2-nji madda
Türkmenistanyň 2013-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýetmezçiliginiň ahyrky derejesini 3400,0 mln. manat möçberde bellemeli.
2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary býujet ýetmezçiliginiň üstüni ýapmak üçin çeşme bolup durýar diýip bellemeli.
3-nji madda
Türkmenistanyň 2013-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler boýunça 78922,4 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 82322,4 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 8294,1 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 11694,1 mln. manat möçberde tassyklamaly.
4-nji madda
Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2013-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:
| Goşulan baha üçin salgytdan
| Peýdadan alynýan salgytdan
| Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytdan
|
Aşgabat şäheri | 24,0% | 24,3% | 24,0% |
Ahal welaýaty | 75,0% | 74,7% | 75,0% |
Balkan welaýaty | 39,0% | 39,8% | 39,0% |
Daşoguz welaýaty | 95,0% | 95,0% | - |
Lebap welaýaty | 71,0% | 70,4% | 71,0% |
Mary welaýaty | 95,0% | 95,0% | 95,0% |
5-nji madda
2013-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin 1487,1 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:
Daşoguz welaýaty 1191,8 mln. manat
Mary welaýaty 295,3 mln. manat
6-njy madda
Ýerli býujetleri 8900,5 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:
Aşgabat şäheri 1464,7 mln. manat
Ahal welaýaty 1444,0 mln. manat
Balkan welaýaty 1085,9 mln. manat
Daşoguz welaýaty 1448,2 mln. manat
Lebap welaýaty 1765,1 mln. manat
Mary welaýaty 1692,6 mln. manat
7-nji madda
Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalary diýip bellemeli.
8-nji madda
Türkmenistanyň Maliýe ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan, buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary 2013-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleri ýerine ýetirmegiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur ýagdaýlarynda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2012-nji ýylyň 19-njy oktýabry.
№ 338-IV.