Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Karz edaralary we bank işi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 12-nji madda)
(18.08.2015 ý. № 272-V, 04.11.2017 ý. № 636-V, 05.06.2021 ý. № 386-VI, 03.06.2023 ý. № 32-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen goşmaça we üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun Türkmenistanda bank işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanyň bank ulgamynyň netijeli işlemegine gönükdirilendir.
1-nji bap. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) affilirlenen şahs – degişli karz edarasynda çözgütleriň kabul edilmegine täsir edip bilýän fiziki şahs ýa-da başga ýuridik şahsda (karz edarasynda) paýly gatnaşýan ýa-da başga bähbidi bolan we şonuň esasynda onda çözgüt kabul edilmegine täsir edip bilýän ýuridik şahs (karz edarasy);
2) bank – fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdelerini çekmäge, olary gaýtarylmak, tölenilmek we möhletlilik şertlerinde öz adyndan we öz hasabyna ýerleşdirmäge, ýuridik we fiziki şahslaryň bank hasaplaryny açmaga we ýöretmäge, şeýle hem gaýry bank amallaryny amala aşyrmaga aýratyn hukuk berlen karz edarasy;
3) bank däl karz edarasy – bank amallarynyň, sanawy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän aýry-aýry görnüşlerini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrmaga hukugy bolan karz edarasy;
4) bank işi – karz edaralarynyň bank amallaryny we geleşiklerini amala aşyrmak boýunça işi;
5) göterimiň bellenilen möçberi – karz edaralarynyň, öz geçirýän dürli görnüşdäki amallary boýunça belleýän göterimleriniň mukdar ölçegi;
6) karz edarasy – Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan berlen ygtyýarnamanyň esasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bank amallarynyň ähli ýa-da aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga hukugy bolan we esasy maksady peýda almak bolup durýan ýuridik şahs (bank ýa-da bank däl karz edarasy, şol sanda maýa goýum kompaniýasy);
7) korrespondent gatnaşyklary – karz edaralarynyň arasynda biri-biriniň tabşyrygy boýunça töleg-hasaplaşyk amallaryny amala aşyrmak maksady bilen ýola goýulýan şertnamalaýyn gatnaşyklar;
8) Türkmenistanyň bank ulgamy – Türkmenistanyň Merkezi bankyny (birinji dereje) we karz edaralaryny, şol sanda daşary ýurt banklarynyň Türkmenistanda bellige alnan şahamçalaryny we wekilliklerini (ikinji dereje) özünde jemleýän iki derejeli ulgam.
2-nji madda. Türkmenistanyň bank işi hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň bank işi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, "Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda" Türkmenistanyň Kanunyndan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Bank amallary we karz edaralarynyň başga geleşikleri
1. Bank amallaryna şular degişlidir:
1) fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdelerini goýumlara (depozitlere) çekmek;
2) çekilen serişdeleri öz adyndan we öz hasabyna gaýtarylmak, tölenilmek we möhletlilik şertlerinde, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşdirmek;
3) fiziki we ýuridik şahslaryň bank hasaplaryny, şol sanda gymmat bahaly metallardaky hasaplaryny açmak we ýöretmek;
4) gymmat bahaly metallary goýumlara (depozitlere) çekmek we ýerleşdirmek;
5) ýuridik we fiziki şahslaryň, şol sanda korrespondent-banklaryň hasaplaşyk we (ýa-da) kassa hyzmatlaryny amala aşyrmak;
6) fiziki şahslaryň tabşyrygy boýunça bank hasaplaryny açmazdan, pul serişdelerini geçirmegi amala aşyrmak;
7) nagt we nagt däl görnüşlerde daşary ýurt puluny satyn almak-satmak;
8) bank kepilliklerini bermek;
9) ýuridik we fiziki şahslar bilen şertnama boýunça pul serişdelerini we gaýry emlägi ynanyşykly dolandyrmak;
10) töleg-hasaplaşyk resminamalaryny inkassirlemek;
11) bankyň plastik kartlaryny dolanyşyga goýbermek we (ýa-da) ekwaýring;
12) gymmatly kagyzlar, maliýe gurallary, şol sanda başga maliýe amalyna esaslanýanlary bilen amallar;
13) gaýry bank amallary.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen amallary geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň namalary we karz edarasynyň içki namalary bilen bellenilýär.
3. Karz edaralary şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan bank amallaryndan başga-da, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şu amallary we geleşikleri amala aşyrmaga haklydyr:
1) zamunlyklary bermek;
2) faktoring we forfeýting amallaryny geçirmek;
3) lizing amallary;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda gymmat bahaly metallary we (ýa-da) gymmat bahaly daşlary satyn almak-satmak;
5) ýuridik we fiziki şahslara resminamalary we gymmatlyklary saklamak üçin ýörite jaýlary ýa-da olarda duran seýfleri kärendesine bermek;
6) maliýe agenti we maýa goýumlaryny dolandyryjy hökmünde hyzmatlary etmek;
7) maslahatçy ýa-da maliýe maslahatçysy hökmündäki hyzmatlary etmek;
8) maglumat beriş hyzmatlaryny etmek;
9) Türkmenistanyň kanunçylygyna çapraz gelmeýän gaýry amallar we geleşikler.
4. Ýygym hak-heşdekleriniň bellenilen möçberleri, bank hyzmatlaryny etmek üçin tarifler karz edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda özbaşdak bellenilýär.
5. Karz edaralaryna önümçilik, söwda (ýubileý, ýatlama we numizmatik teňňeleri ýerlemekden başga), ätiýaçlandyryş işi (bank amallary boýunça töwekgelçilikleri ätiýaçlandyrmakdan başga) bilen meşgullanmak gadagan edilýär.
4-nji madda. Karz edarasynyň gymmatly kagyzlar bazaryndaky işi
1. Karz edarasy gymmatly kagyzlary goýbermegi, satyn almagy, satmagy, hasaba almagy, saklamagy we olar bilen gaýry amallary amala aşyrmaga, şeýle hem ýuridik we fiziki şahslar bilen şertnama boýunça olary ynanyşykly dolandyrmagy amala aşyrmaga haklydyr.
2. Karz edarasynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gymmatly kagyzlar bazarynda professional işi amala aşyrmaga hukugy bardyr.
3. Karz edarasynyň öz paýnamalaryny girewine alyp karz bermäge, bank kepilligini ýa-da zamunlyk bermäge haky ýokdur.
5-nji madda. Karz edarasynyň döwlet bilen özara gatnaşyklary
1. Karz edarasy döwletiň borçnamalary boýunça jogapkär däldir we döwlet hem karz edarasynyň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär, olaryň şeýle borçnamalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz üstüne alan halatlary muňa degişli däldir.
2. Karz edaralary gündelik bank işi bilen baglanyşykly çözgütleri kabul edenlerinde döwlet häkimiýet edaralaryndan garaşsyzdyr.
6-njy madda. Karz edaralarynyň birleşikleri (assosiasiýalary)
1. Karz edaralary öz agzalarynyň bähbitlerini goramak we olara wekilçilik etmek, olaryň işini utgaşdyrmak, halkara gatnaşyklaryny ösdürmek we karz edaralarynyň başga bilelikdäki wezipelerini çözmek üçin peýda almak maksatlaryny yzarlamaýan birleşikleri (assosiasiýalary) döredip bilerler.
Karz edaralarynyň birleşikleriniň (assosiasiýalarynyň) döredilmegi we bellige alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Karz edaralarynyň birleşiklerine (assosiasiýalaryna) bank amallaryny we geleşikleri amala aşyrmak gadagan edilýär.
2-nji bap. KARZ EDARASYNYŇ DÖREDILMEGI, ÜÝTGEDILIP GURALMAGY, IŞINI BES ETMEGI WE ÝATYRYLMAGY
7-nji madda. Karz edarasynyň döredilmegi we döwlet tarapyndan bellige alynmagy
1. Karz edarasynyň döredilmegi we döwlet tarapyndan bellige alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
2. Karz edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen guramaçylyk-hukuk görnüşlerinde döredilýärler.
3. Karz edarasynyň degişli guramaçylyk-hukuk görnüşindäki ýuridik şahs üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslandyryş resminamalary bolmalydyr.
4. Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň ýuridik we fiziki şahslary karz edarasynyň esaslandyryjylary bolup bilerler.
5. Esaslandyryjylaryň, şeýle hem affilirlenen şahslaryň işjeňlik abraýyna we maliýe ýagdaýyna bildirilýän talaplar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.
6. Türkmenistanyň Merkezi banky karz edaralarynyň sanawyny ýöredýär.
8-nji madda. Karz edarasynyň firma ady
1. Karz edarasynyň döwlet dilindäki doly firma ady bolmalydyr we onuň gysgaldylan firma adyny edinmäge haky bardyr. Karz edarasynyň, şeýle hem daşary ýurt dilleriniň birindäki doly we (ýa-da) gysgaldylan firma adyny edinmäge haky bardyr.
2. Karz edarasynyň firma adyna bildirilýän talaplar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär.
3. Türkmenistanda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bank amallaryny amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasyny alan ýuridik şahslardan başga ýuridik şahslar, Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, öz firma adynda "bank", "karz edarasy", "bank däl karz edarasy" sözlerini ulanyp ýa-da bu ýuridik şahsyň bank amallaryny amala aşyrmaga hukugynyň bardygyny başgaça görkezip bilmeýärler.
4. Eger şeýle at eýýäm karz edaralarynyň sanawynda bar bolsa, onuň guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan karz edarasynyň firma adynyň peýdalanylmagyna ýol berilmeýär.
9-njy madda. Daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagyndaky karz edaralaryny döretmegiň aýratynlyklary
1. Türkmenistanda daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagyndaky karz edaralarynyň we pugta maliýe ýagdaýyna we birkemsiz işjeň abraýa eýe bolan daşary ýurt banklarynyň şahamçalarynyň açylmagyna rugsat berilýär.
2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti Türkmenistanyň bank ulgamyna daşary ýurt maýasynyň girmeginiň paýyny we şertlerini kesgitleýär.
3. Agzalan paý Türkmenistanyň daşary ýurt maýaly karz edaralarynyň esaslyk maýalaryndaky Türkmenistanyň dahylsyzlaryna degişli bolan umumy maýanyň we daşary ýurt banklarynyň şahamçalarynyň maýasynyň Türkmenistanyň çäginde bellige alnan karz edaralarynyň bilelikdäki esaslyk maýasyna bolan gatnaşygy hökmünde hasaplanylýar.
4. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti tarapyndan bellenilen paýlaryň çäklerinde daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagyndaky karz edaralaryny we daşary ýurt banklarynyň şahamçalaryny açmaga rugsat bermek hakynda çözgüt kabul edýär.
5. Türkmenistanyň Merkezi banky daşary ýurt maýasynyň Türkmenistanyň bank ulgamyna gatnaşmagynyň bellenilen paýyna ýetilende daşary ýurt maýasy bolan karz edaralaryna, daşary ýurt banklarynyň şahamçalaryna bank amallaryny amala aşyrmak üçin ygtyýarnama bermegini bes edýär.
6. Daşary ýurt maýasy bolan karz edaralary üçin esaslyk maýanyň iň az möçberi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň dahyllylary-daşary ýurt maýasy gatnaşmaýan karz edaralary üçin bellenilen esaslyk maýanyň iň az möçberine deňdir.
7. Daşary ýurt maýasy bolan karz edarasynyň esaslandyryjylarynyň (gatnaşyjylarynyň)-Türkmenistanyň dahylsyzlarynyň biri hökmany ýagdaýda karz edarasy bolmalydyr.
10-njy madda. Türkmenistanyň karz edaralarynyň şahamçasyny, wekilligini we beýleki düzüm birliklerini döretmek
1. Türkmenistanyň karz edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şahamçalaryny we wekilliklerini döredýärler.
2. Karz edarasy we onuň şahamçalary Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen tertipde özbaşdak balansy bolmadyk düzüm birliklerini (bank gulluklaryny, hasaplaşyk-kassa merkezlerini, prosessing merkezlerini, alyş-çalyş nokatlaryny we başgalary) döredip bilerler.
3. Karz edarasy şahamçalarynyň, wekillikleriniň we beýleki düzüm birlikleriniň döredilýändigi we işine başlaýandygy, şeýle hem olaryň işini bes edýändigi hakynda Türkmenistanyň Merkezi bankyna ýazmaça görnüşde habar berýär.
4. Karz edarasynyň şahamçalarynyň we beýleki düzüm birlikleriniň, şeýle hem onuň şahamçasynyň düzüm birlikleriniň karz edarasynyň adyndan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda müşderilere hasaplaşyk we (ýa-da) kassa hyzmatlaryny etmäge, daşary ýurt puluny alyş-çalyş we gaýry bank amallaryny amala aşyrmaga hukuklary bardyr.
5. Karz edarasynyň wekilligi onuň bähbitlerini goramagy we olara wekilçilik etmegi amala aşyrýar, onuň adyndan geleşikleri we başga ýuridik hereketleri amala aşyrýar.
11-nji madda. Karz edarasynyň Türkmenistanyň çäginden daşarda şahamçasyny, wekilligini we golçur bankyny döretmeginiň aýratynlyklary
1. Türkmenistanyň karz edarasy daşary ýurt döwletiniň çäginde şahamçasyny, wekilligini döredip ýa-da golçur bankyny esaslandyryp biler.
2. Karz edarasy Türkmenistanyň Merkezi bankyna özüniň daşary ýurt döwletiniň çägindäki şahamçasynyň, wekilliginiň ýa-da golçur bankynyň ýerleşýän ýeriniň üýtgändigi ýa-da işini bes edendigi hakynda habar berýär.
12-nji madda. Karz edaralarynyň üýtgedilip guralmagy, işini bes etmegi we ýatyrylmagy
Karz edaralarynyň, şol sanda gurbunyň çatmazlygy (batmagy) esasynda, üýtgedilip guralmagy, işini bes etmegi we ýatyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
3-nji bap. KARZ EDARASYNYŇ MAÝASY
13-nji madda. Karz edarasynyň maýasy
1. Karz edarasynyň esaslyk maýasy onuň esaslandyryjylarynyň (gatnaşyjylarynyň) milli puldaky goýumlarynyň pul möçberinden, olaryň pul serişdelerini, gaýry emlägi (jaýlary, desgalary, enjamlary we ş.m.), pul bilen bahalandyrylýan emläk we gaýry hukuklaryny goýmagy arkaly emele gelýär.
2. Döredilýän karz edaralary üçin esaslyk maýanyň iň az möçberi, bank däl karz edarasy tarapyndan bankyň statusynyň alynmagy üçin hususy serişdeleriniň (maýasynyň) möçberi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýär.
3. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, karz edarasy Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, döwletiň býujetden daşarky gaznalarynyň, grantlaryň, çekilen we karz serişdeleriniň hasabyna esaslyk maýasyny döredip we onuň üstüni dolduryp bilmeýär.
4. Karz edarasynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaznalary we ätiýaçlyklary döretmäge haky bardyr.
4-nji bap. KARZ EDARASYNY DOLANDYRMAK
14-nji madda. Karz edarasynyň dolandyryş edaralary
1. Karz edarasyny dolandyrmak:
1) esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) umumy ýygnagy;
2) esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) umumy ýygnagy tarapyndan saýlanylýan Gözegçilik geňeşi;
3) ýeke-täk we (ýa-da) kollegial ýerine ýetiriji edaralar tarapyndan
amala aşyrylýar.
2. Esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) umumy ýygnagy karz edarasynyň iň ýokary dolandyryş edarasy bolup durýar.
3. Karz edarasynyň Gözegçilik geňeşi:
1) karz edarasynyň işiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär;
2) karz edarasynyň maýa goýum syýasatyny kesgitleýär;
3)Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda karz edarasynyň içki gözegçilik ulgamyny kesgitleýär;
4) töwekgelçilikleri dolandyrmagyň standartlaryny belleýär;
5) öz kabul edýän çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
6) öz ygtyýarlylygynyň çäklerindäki başga meseleleri çözýär.
4. Gözegçilik geňeşi karz edarasynyň esaslandyryjylarynyň (gatnaşyjylarynyň) we olaryň wekilleriniň hataryndan saýlanylyp bilner. Gözegçilik geňeşi öz agzalarynyň hataryndan geňeşiň başlygyny saýlaýar.
15-nji madda. Karz edarasynyň dolandyryşynyň ýerine ýetiriji edarasy
1. Karz edarasynyň gündelik işine gös-göni ýolbaşçylygy onuň kollegial ýerine ýetiriji edarasy (karz edarasynyň Müdiriýeti) we (ýa-da) ýeke-täk ýerine ýetiriji edara (karz edarasynyň Başlygy) tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Döwlet karz edarasynyň başlygy we onuň orunbasarlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýärler we wezipeden boşadylýarlar. Döwlet karz edarasynyň başlygy bir wagtyň özünde şol karz edarasynyň Müdiriýetiniň Başlygy bolup durýar.
3. Karz edarasynyň Müdiriýetiniň agzasy Gözegçilik geňeşiniň agzalygyna saýlanyp bilinmez. Gözegçilik geňeşiniň başlygy karz edarasyna Başlyk bellenilip bilinmez. Gözegçilik geňeşiniň agzasy karz edarasynyň Müdiriýetiniň agzalygyna saýlanylyp bilinmez.
4. Gözegçilik geňeşiniň agzalarynyň, karz edarasynyň Başlygynyň, onuň orunbasarynyň, karz edarasynyň baş buhgalteriniň, şeýle hem karz edarasynyň şahamçasynyň ýolbaşçysynyň, ýolbaşçysynyň orunbasarynyň, baş buhgalteriniň wezipelerine dalaşgärler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hünär dereje talaplaryna laýyk gelmelidirler.
5-nji bap. KARZ EDARALARYNYŇ IŞINI
DÜZGÜNLEŞDIRMEK
16-njy madda. Karz edaralarynyň işiniň esasy düzgünleri
1. Karz edarasy öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň namalaryna we ygtyýarnamasyna, şeýle hem öz içerki namalaryna laýyklykda amala aşyrýar.
2. Karz edarasy şulara borçludyr:
1) maýanyň ýeterlikligini we onuň ukyplylygyny saklamaga;
2) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda aktiwler boýunça bolup biljek ýitgileriň öwezini dolmak üçin ätiýaçlyklary döretmäge;
3) töwekgelçilikleri netijeli dolandyrmagy amala aşyrmaga.
3. Şu babyň düzgünleri daşary ýurt banklarynyň Türkmenistanyň çäginde bellige alnan şahamçalarynyň işine hem degişlidir.
17-nji madda. Bank işini ygtyýarlylandyrmak
1. Türkmenistanda bank işini ygtyýarlylandyrmak Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Fiziki ýa-da ýuridik şahs tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasy bolmazdan bank işiniň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
18-nji madda. Hökmany ykdysady kadalaşdyryjylar we ätiýaçlyk talaplar
1. Karz edaralary Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen şu hökmany ykdysady kadalaşdyryjylary ýerine ýetirmelidirler:
1) döredilýän karz edaralary üçin esaslyk maýanyň iň az möçberini, bank däl karz edarasy tarapyndan bank statusynyň alynmagy üçin hususy serişdeleriniň (maýasynyň) möçberini;
2) karz edarasynyň esaslyk maýasyna emläk (pul däl) goýumlarynyň aňryçäk möçberini;
3) bir karz alyjy ýa-da karz alyjylaryň baglanyşykly topary üçin töwekgelçiligiň iň uly möçberini;
4) iri karz töwekgelçilikleriniň iň ýokary möçberini;
5) karz edarasynyň ukyplylygynyň kadalaşdyryjylaryny;
6) hususy serişdeleriň (maýanyň) ýeterlilik kadalaşdyryjylaryny;
7) karz edarasynyň başga ýuridik şahslaryň paýnamalaryny (paýlaryny) satyn almak üçin hususy serişdelerini (maýasyny) peýdalanmagynyň kadalaşdyryjylaryny;
8) karz edarasy tarapyndan öz esaslandyryjylaryna (gatnaşyjylaryna) berilýän karzlaryň, bank kepillikleriniň we zamunlyklarynyň iň uly möçberini;
9) zerur halatlarda – töwekgelçilikleri dolandyrmak üçin başga kadalaşdyryjylary.
2. Karz edaralary Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän ätiýaçlyk talaplary berjaý etmäge borçludyrlar.
3. Karz edarasy içerki syýasatyny töwekgelçilikleri dolandyrmagyň düzgünlerini, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän hökmany ykdysady kadalaşdyryjylary berjaý etmek bilen alyp barýar.
19-njy madda. Daşary ýurt puly bilen bank amallary
Karz edaralary daşary ýurt puly bilen bank amallaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýarlar.
20-nji madda. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek
Karz edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň bank ulgamynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak, terrorçylygy maliýeleşdirmek we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyny maliýeleşdirmek maksady bilen ulanylmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri görmäge borçludyrlar.
6-njy bap. KARZ EDARALARYNYŇ WE OLARYŇ
MÜŞDERILERINIŇ ÖZARA GATNAŞYKLARY
21-nji madda. Karz edaralarynyň, karz edarasy bilen Türkmenistanyň Merkezi bankynyň özara gatnaşyklary
1. Karz edaralarynyň, karz edarasy bilen Türkmenistanyň Merkezi bankynyň özara gatnaşyklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.
2. Karz edarasy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň borçnamalary boýunça jogapkär däldir we Türkmenistanyň Merkezi banky hem karz edarasynyň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär, olaryň şeýle borçnamalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz üstüne alan halatlary muňa degişli däldir.
3. Karz edarasy şertnamalaýyn esasda başga karz edaralaryna goýumlar (depozitler), karzlar görnüşindäki serişdeleri ýerleşdirip, hasaplaşyk merkezleriniň we korrespondent hasaplarynyň üsti bilen hasaplaşyklary amala aşyryp, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan berlen ygtyýarnamada göz öňünde tutulan başga amallary geçirip biler.
4. Türkmenistanyň bank ulgamynyň ösdürilmegine we karz-pul gatnaşyklary ulgamynyň netijeli işlemegine gönükdirilen çäreleri işläp düzmek maksady bilen kollegial edara bolup durýan Bankara geňeşi döredilýär.
Bankara geňeşi öz wezipelerini Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama laýyklykda amala aşyrýar.
22-nji madda. Karz edaralarynyň müşderiler bilen özara gatnaşyklary
1. Karz edaralarynyň müşderiler bilen özara gatnaşyklary, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, şertnama esasynda amala aşyrylýar.
2. Şertnamada karzlar we goýumlar (depozitler) boýunça göterimleriň bellenilen möçberleri, bank hyzmatlarynyň bahasy we olary ýerine ýetirmegiň möhletleri, tölegleriň amala aşyrylyş möhletleri boýunça borçnamalaryň bozulandygy üçin jogapkärçiligi hem goşmak bilen, şertnamanyň bozulandygy üçin taraplaryň emläk jogapkärçiligi, şeýle hem şertnamanyň bozulyş tertibi we şertnamanyň beýleki möhüm şertleri görkezilýär.
Karz edarasy şertnama baglaşmazdan öň bank hyzmatlarynyň edilmeginiň şertleri, şol sanda karzlar, goýumlar (depozitler) boýunça göterimleriň bellenilen möçberleri, amallar boýunça ýygym hak-heşdekleri, bank hyzmaty üçin töleg bilen müşderini tanyşdyrmaga borçludyr.
3. Fiziki şahslaryň karz edarasyny erkin saýlamaga hukugy bardyr we eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, olar bir ýa-da birnäçe karz edarasynda bank hasaplaryny açyp bilerler.
4. Ýuridik şahslaryň, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslaryň karz edarasyny erkin saýlamaga hukugy bardyr we olar bir ýa-da birnäçe karz edarasynda bank hasaplaryny açyp bilerler, her biri diňe bir karz edarasynda açylyp bilinýän hasaplaşyk we gündelik walýuta hasaplary muňa girmeýär.
5. Karz edarasynyň, şeýle hukugyň şertnamada göz öňünde tutulan halatlaryndan başga ýagdaýlarda, şertnamanyň şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan şertlerini birtaraplaýyn tertipde üýtgetmäge hukugy ýokdur.
23-nji madda. Karz edarasy tarapyndan hasaplaşyklaryň amala aşyrylmagy
Karz edarasy, elektron tölegler ulgamy we Internet ulgamy ulanylýan hasaplaşyklary hem goşmak bilen, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen we bank işiniň halkara tejribesinde kabul edilen düzgünler, görnüşler we standartlar boýunça hasaplaşyklary amala aşyrýar.
24-nji madda. Karzlaryň gaýtarylmagynyň üpjün edilmegi
1. Karz edarasy tarapyndan berilýän karzlar emlägiň, şol sanda döwlete degişli we başga gymmatly kagyzlaryň girewi, bank kepillikleri, zamunlyklar we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga görnüşlerdäki borçnamalar bilen üpjün edilip bilner.
2. Karz alyjy tarapyndan karz şertnamasy boýunça borçnamalar bozulan mahalynda, eger bu şertnamada göz öňünde tutulan bolsa, karz edarasy beren karzlaryny we olar boýunça hasaplanan göterimleri möhletinden öň tutup almaga, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde girewine goýlan emlägiň hasabyna töletdirmäge haklydyr.
3. Karz edarasynyň üpjünçiliksiz karz (ynanyşykly karz) bermek hakynda çözgüt kabul etmäge hukugy bardyr.
4. Karz edarasy bergini tutup almak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ähli çäreleri görmäge borçludyr.
5. Eger görlen çäreler karz alyjylaryň karz şertnamasy boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmeýän bolsa, karz edarasynyň berginiň möçberini şu Kanunyň 16-njy maddasynyň ikinji böleginde görkezilen ätiýaçlyklaryň hasabyna balansdan öçürmäge haky bardyr.
25-nji madda. Karz edarasynyň amallary boýunça hak isleýiş wagt möhleti
Hak isleýiş wagt möhleti şu aşakdakylaryň talaplaryna degişli däldir:
1) goýumçylaryň, karz edaralaryna goýan goýumlary babatynda;
2) karz edarasynyň, şu Kanunyň 24-nji maddasynyň bäşinji bölegine laýyklykda hasapdan öçürilen karzlary hem goşmak bilen, beren karzlary boýunça.
26-njy madda. Bäsleşigiň üpjün edilmegi
1. Karz edaralaryna bank hyzmatlary bazarynyň monopoliýalaşdyrylmagyna, şeýle hem bank işindäki bäsleşigiň çäklendirilmegine gönükdirilen şertnamalary baglaşmak we ylalaşykly hereketleri amala aşyrmak gadagan edilýär.
2. Karz edaralarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz işini mahabatlandyrmaga hukugy bardyr.
3. Türkmenistanyň Merkezi banky karz edaralary tarapyndan bank hyzmatlary bazarynyň monopoliýalaşdyrylmagyna we bank işinde bäsleşigiň çäklendirilmegine gönükdirilen hereketlere ýol berilmezligine gözegçiligi amala aşyrýar.
7-nji bap. TÜRKMENISTANDA SÜÝŞÜRINTGI IŞI
27-nji madda. Fiziki şahslaryň bank goýumlary (depozitleri)
1. Fiziki şahslaryň bank goýumlary (depozitleri) diňe Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan berilýän ygtyýarnama laýyklykda şeýle hukugy bolan banklar tarapyndan kabul edilýär.
2. Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurtlaryň raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar bankyň goýumçylary bolup bilerler.
3. Bank fiziki şahsdan goýumlara (depozitlere) pul serişdelerini alan mahalynda goýumça goýumy (depoziti) alandygyny tassyklaýan resminama berýär.
4. Bank fiziki şahslaryň goýumlarynyň (depozitleriniň) doly aýawlylygyny we olaryň birinji talap etmegi boýunça berilmegini kepillendirýär.
5. Fiziki şahslaryň goýumlarynyň (depozitleriniň) aýawlylygynyň kepilligi, banklar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda fiziki şahslaryň goýumlarynyň (depozitleriniň) kepilliginiň gaznasynyň döredilmegi arkaly üpjün edilýär.
8-nji bap. KARZ EDARALARYNDA HASABA ALYŞ WE
HASABATLYLYK
28-nji madda. Karz edaralarynda buhgalterçilik hasaba alşy we hasabatlylyk
1. Karz edarasynyň maliýe ýyly diýip 1-nji ýanwardan 31-nji dekabry öz içine alýan döwür (senenama ýyly) bellenilýär.
2. Karz edaralary buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ýöredilmegini, maliýe we statistik hasabatlylygynyň düzülmegini we berilmegini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guraýarlar.
29-njy madda. Karz edaralary tarapyndan resminamalaryň hasaba alnyşy we saklanylyşy
1. Karz edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda resminamalaryň pugta hasaba alnyşyny we saklanylyşyny üpjün etmäge borçludyrlar.
2. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz edaralary tarapyndan resminamalaryň saklanylmagynyň meselelerini düzgünleşdirýän namalary kabul edip biler.
9-njy bap. KARZ EDARALARYNYŇ IŞINE
GÖZEGÇILIK BARLAGY WE AUDIT
30-njy madda. Karz edarasynyň işiniň bank düzgünleşdirmesi we bank gözegçilik barlagy
1. Karz edarasynyň işiniň bank düzgünleşdirmesi we bank gözegçilik barlagy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň Merkezi banky karz edarasynyň Gözegçilik geňeşine ýa-da Müdirýetine bank gözegçilik barlagy tertibinde geçirilen barlagyň netijeleri hakynda habar berýär.
3. Türkmenistanyň Merkezi banky karz edarasynyň işinde düzgün bozulmalar ýüze çykarylan halatlarynda oňa Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen temmileri ulanmaga haklydyr.
31-nji madda. Karz edarasynyň auditor komiteti
1. Karz edarasynyň esaslandyryjylarynyň (gatnaşyjylarynyň) umumy ýygnagy karz edarasynyň maliýe hasabatlylygyna gözegçilik etmek we içki gözegçiliginiň guralyşyna gözegçilik barlagyny etmek maksady bilen auditor komitetini döretmäge hukugy bardyr.
2. Auditor komitetiniň düzümi, onuň wezipeleri we ygtyýarlylyklary şol karz edarasynyň esaslandyryjylarynyň (gatnaşyjylarynyň) umumy ýygnagy tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Karz edarasynyň Gözegçilik geňeşiniň Başlygy, karz edarasynyň Başlygy we karz edarasynyň Müdirýetiniň agzalary auditor komitetiniň agzalary bolup bilmezler.
4. Auditor komiteti her ýyl Gözegçilik geňeşine we esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) umumy ýygnagyna öz işi hakynda hasabat berýär.
32-nji madda. Içki gözegçiligiň guralyşy
Karz edarasy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen talaplara laýyklykda töwekgelçiliklere içki gözegçiligi guramaga borçludyr.
33-nji madda. Karz edarasynyň auditi we işiniň barlagy
1. Karz edarasynyň ýyllyk maliýe hasabatlylygynyň daşky auditor barlagy karz edarasy tarapyndan kesgitlenilýän garaşsyz auditor guramasy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Karz edarasynyň şol bir auditor guramasyny yzygider bäş ýyldan köp möhlete auditor bellemäge hukugy ýokdur.
3. Degişli döwlet gözegçiligini we gözegçilik barlagyny üpjün etmäge ygtyýarly edilen döwlet edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we Türkmenistanyň Merkezi bankyna habar bermek bilen karz edarasynyň barlaglaryny amala aşyrýarlar.
4. Döwlet edaralary özleri tarapyndan şeýle gözegçilik we gözegçilik barlagy amala aşyrylan mahalynda alan maglumatlarynyň ýaşyrynlygyny üpjün etmäge borçludyrlar.
34-nji madda. Bank syry
1. Bank syry – karz edaralarynyň müşderileriniň we korrespondentleriniň bank hasaplary, amallary we goýumlary hakynda ýaýylmazlyga degişli maglumatlar.
2. Bank syryna şular hakyndaky maglumatlar degişlidir:
1) karz edarasynyň müşderileri we korrespondentleri, olaryň bank hasaplary we olar boýunça amallary;
2) goýumlar, çekilen we ýerleşdirilen pul serişdeleri;
3) fiziki şahslaryň hasap açmazdan, karz edaralarynyň üstünden amala aşyrýan pul geçirimleri;
4) müşderiniň pul serişdeleri we karz edarasynyň saklamagynda duran başga gymmatlyklary.
3. Bank syryna degişli maglumatlar şu aşakdakylara berilýär:
1) karz edarasynyň müşderisine, onuň kanuny wekiline, müşderiniň-ýuridik şahsyň ýokarda duran edarasyna –şol sanda müşderi bilen karz edarasynyň özara gatnaşyklary bes edilenden soň hem , onuň bank hasaby we saklamakda duran gymmatlyklary babatda;
2) karz edarasynyň korrespondentine, onuň kanuny wekiline, korrespondentiň ýokarda duran edarasyna – şol sanda karz edaralarynyň arasyndaky korrespondent gatnaşyklary bes edilenden soň hem, onuň bank hasaby we saklamakda duran gymmatlyklary babatda;
3) Türkmenistanyň Merkezi bankyna;
4) öz ygtyýarlylyklaryna laýyklykda gözegçilik we gözegçilik barlag wezipelerini amala aşyrýan döwlet edaralaryna;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek baradaky ygtyýarly edara;
6) kazyýetlere, olaryň önümçiliginde duran işler babatynda;
7) derňew edaralaryna, olaryň önümçiliginde duran karz edarasynyň müşderileri babatynda jenaýat işleri boýunça;
8) salgyt edaralaryna – salgyt salmak meseleleri boýunça;
8¹) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine – Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralaryna berilmegi göz öňünde tutulan maglumatlary we resminamalary;
9) auditor guramalaryna;
10) döwlet kepillendiriş edaralaryna, diplomatik wekilhanalara ýa-da konsullyk edaralaryna – mirasdüşerlik we hukuk oruntutarlyk işleri boýunça.
4. Gözegçilik we gözegçilik barlag wezipelerini amala aşyrýan we öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda bank syryna degişli maglumatlary almaga hukugy we ondan peýdalanmaga mümkinçiligi bolan döwlet edaralary onuň üçünji taraplara ýaýylmagyndan goralmagyny üpjün edýärler.
5. Karz edarasynyň işgärleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly özlerine belli bolan bank syryny we başga gulluk maglumatlaryny Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan gaýry ýagdaýlarda ýaýmaga, şeýle hem olary şahsy bähbitleri üçin ulanmaga haky ýokdur.
6. Bank syryny we başga gulluk maglumatlaryny ýaýmakda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
10-njy bap. KARZ EDARASYNDA DURAN PUL SERIŞDELERINIŇ WE GAÝRY GYMMATLYKLARYŇ TUSSAG EDILMEGI
WE OLARYŇ TÖLETDIRIP ALYNMAGY
35-nji madda. Karz edarasynyň müşderileriniň pul serişdeleriniň we gaýry gymmatlyklarynyň tussag edilmegi
1. Karz edarasynyň müşderileriniň hasaplarynda we goýumlarynda ýa-da karz edarasynyň saklamagynda duran pul serişdeleri we gaýry gymmatlyklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet, şeýle hem deslapky derňew we anyklaýyş edaralary tarapyndan tussag edilip bilner.
2. Hasaplarda we goýumlarda duran pul serişdeleri tussag edilen mahalynda karz edarasy tussag etmek hakynda kazyýetiň çözgüdini ýa-da deslapky derňew we anyklaýyş edaralarynyň kararyny (kesgitnamasyny) alan badyna haýal etmän tussag edilen serişdeleriň çäklerinde degişli hasap (goýum) boýunça çykdajy amallaryny bes edýär.
36-njy madda. Karz edarasynyň müşderileriniň pul serişdeleriniň we gaýry gymmatlyklarynyň töletdirip alynmagy
1. Karz edarasynyň müşderileriniň, karz edarasynyň hasaplarynda we goýumlarynda ýa-da saklamagynda duran pul serişdeleri we gaýry gymmatlyklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda töletdirilip alnyp bilner.
2. Karz edarasy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda öz müşderileriniň pul serişdeleriniň we gaýry gymmatlyklarynyň tussag edilmegi ýa-da olaryň töletdirilip alynmagy netijesinde ýetirilen ýitgi üçin jogapkärçilik çekmeýär.
11-nji bap. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
37-nji madda. Jedelleriň çözülişi
Karz edaralarynyň işiniň barşynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
38-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
39-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. 1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen "Täjirçilik banklary we bank işi hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 9-10, 87-nji madda), oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňky kanunlary ýa-da olaryň degişli böleklerini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
3. Türkmenistanyň şu Kanuna çapraz gelýän kadalaşdyryjy hukuk namalary ol güýje giren gününden başlap üç aýyň dowamynda oňa laýyk getirilmäge degişlidir.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2011-nji ýylyň 25-nji marty.
№ 168-IV.