Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda

 

(Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 4, 109-njy madda)

 

(16.03.2023 ý. № 541-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun ýerli öz-özüňi dolandyryşy amala aşyrmagyň hukuk esaslaryny, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny döretmegiň we işiniň tertibini, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, olaryň wezipeli adamlarynyň, agzalarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär hem-de döwlet häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryş

1. Ýerli öz-özüňi dolandyryş – Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary esasynda degişli çäkdäki ähli ilatyň bähbitlerinden ugur alyp, ýerli ähmiýetli meseleleri özbaşdak çözmek hem-de ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen raýatlaryň işiniň guralmagydyr.

2. Döwlet häkimiýet edaralary ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny döretmek we olaryň işini kämilleşdirmek üçin hukuk, guramaçylyk, maddy-maliýe we beýleki şertleri döredýärler.

 

2-nji madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamy

1. Ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyny Geňeşler we çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralary emele getirýärler.

2. Geňeş – agzalary degişli dolandyryş-çäk birliklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan gizlin ses bermek arkaly ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy esasynda bäş ýyl möhlete saýlanylýan wekilçilikli edara. Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi bilen kesgitlenilýär.

3. Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralary – ýuridik şahsy döretmezden, degişli çäkde ilatyň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen, dürli durmuş meselelerini bilelikde çözmegi maksat edinýän, agzalygy bolmadyk, meýletinlige esaslanýan, kämillik ukyby bolan fiziki şahslaryň (mundan beýläk – fiziki şahslaryň) bileleşigi.

4. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyna girmeýärler.

 

3-nji madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda

  Türkmenistanyň kanunçylygy

Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

 

4-nji madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryşy amala

   aşyrmakda raýatlaryň hukuklary

1. Degişli dolandyryş-çäk birliklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary ýerli sala salşyklara, saýlawlara, ýygnaklara gatnaşmak arkaly, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryşyň saýlawly edaralarynyň ýa-da ýygnaklarynyň üsti bilen ýerli öz-özüňi dolandyryşy amala aşyrýarlar.

2. Raýatlar milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, göni hem-de özleriniň saýlan wekilleriniň üsti bilen ýerli öz-özüňi dolandyryşy amala aşyrmakda deň hukuklara eýedirler.

Degişli çäkde hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar ýerli öz-özüňi dolandyryşa Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gatnaşyp bilerler.

3. Raýatlaryň ýerli öz-özüňi dolandyryşy amala aşyrmaga bolan hukuklarynyň çäklendirilmegi gadagandyr.

4. Döwlet häkimiýet edaralary raýatlaryň ýerli öz-özüňi dolandyryşy amala aşyrmaga bolan hukuklarynyň döwlet kepilliklerini üpjün edýärler.

 

5-nji madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň

    işiniň esasy ýörelgeleri

Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň esasy ýörelgeleri kanunylykdan, adam hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň ileri tutulmagyndan, aýanlykdan, ýerli ähmiýetli meseleleri çözmekde özbaşdaklykdan, özara ýardam bermekden, milli däp-dessurlary berjaý etmekden ybaratdyr.

 

6-njy madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň

     hukuk kepillikleri

1. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde özbaşdakdyrlar we degişli çäkde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen  ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

2. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklaryna degişli meselelerde olaryň işine gatyşylmagyna ýol berilmeýär.

 

7-nji madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň

    işine döwlet goldawy we utgaşdyrylyşy

Döwlet häkimiýet edaralary ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň öz işini ygtyýarlyklarynyň çäklerinde özbaşdak alyp barmaklary üçin zerur şertleri döredýärler hem-de raýatlaryň ýerli öz-özüňi dolandyryşa gatnaşmaga bolan hukuklaryny amala aşyrmaklaryna ýardam berýärler.

 

8-nji madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryşyň çäk gurluşy

1. Türkmenistanda etrapdaky şäherlerde, şäherçelerde we geňeşliklerde ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy – Geňeş döredilýär.

2. Ilatly ýerlere etrapdaky şäher, şäherçe derejesini bermek, geňeşlik döretmek hakyndaky kadalaşdyryjy hukuk namasy Geňeşi döretmeklige esas bolup durýar.

3. Şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň ýaşaýyş toplumlary, şaýollary, köçeleri, köp öýli ýaşaýyş jaýlary boýunça çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralary döredilip bilner.

 

II BAP. GEŇEŞIŇ IŞINIŇ GURALYŞY

 

9-njy madda. Geňeşiň işiniň görnüşi

1. Geňeşiň işiniň esasy görnüşi onuň mejlisidir. Geňeşiň mejlisini taýýarlamak, çagyrmak we geçirmek şu Kanunyň 10-njy maddasynda kesgitlenen tertipde amala aşyrylýar.

2. Geňeş özüniň alyp barýan işleri barada ilaty yzygiderli habarly edýär.

 

10-njy madda. Geňeşiň mejlisini çagyrmagyň we

      geçirmegiň tertibi

1. Geňeşiň mejlisi zerurlyga görä, ýöne her ýylda azyndan iki gezek geçirilýär. Geňeşiň mejlisi arçyn tarapyndan ýa-da Geňeş agzalarynyň umumy sanynyň ýarysyndan köpüsiniň başlangyjy boýunça çagyrylýar. Eger arçyn haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän bolsa, mejlis arçynyň orunbasary tarapyndan çagyrylýar.

2. Geňeşiň arçyny täze çagyrylyşyň birinji mejlisini saýlawlardan soň iki hepdäniň dowamynda çagyrýar, mejlisi açýar we Geňeş agzalarynyň ygtyýarlyklary ykrar edilip, täze arçyn saýlanylýança mejlisi alyp barýar. Eger-de täze çagyrylyşyň arçyny saýlanylmadyk bolsa, arçynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Geňeşiň çözgüdi bilen Geňeş agzalarynyň biriniň üstüne ýüklenilýär.

3. Eger saýlanylan Geňeş agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi mejlise gatnaşýan bolsa, mejlis doly ygtyýarly hasap edilýär.

4. Geňeşiň mejlisi açyk görnüşde geçirilýär. Geňeşiň çözgüdi boýunça onuň ýapyk mejlisi hem geçirilip bilner.

5. Geňeşiň mejlisiniň teswirnamasy düzülýär. Geňeşiň mejlisiniň teswirnamasyna arçyn hem-de mejlisiň kätibi gol çekýär.

6. Geňeşiň mejlisi hakyndaky habar hem-de mejlisde kabul edilen çözgütler ilatyň dykgatyna ýetirilýär.

 

11-nji madda. Geňeşiň çözgütleri

1. Geňeş Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kadalaşdyryjy çözgütleri kabul edýär.

2. Geňeşiň çözgüdi açyk ses bermek arkaly, Geňeş agzalarynyň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

3. Geňeşiň kabul eden çözgütleri hemmeleriň dykgatyna ýetirilýär we ilata ýetirilen pursadyndan güýje girýär.

 

12-nji madda. Geňeşiň çözgütleriniň üýtgedilmegi

     ýa-da ýatyrylmagy

Geňeşiň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, kanunlaryna we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garşy gelýän çözgütlerini üýtgetmek ýa-da ýatyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

13-nji madda. Geňeşiň möhletinden öň ýatyrylmagy

1. Geňeş şu ýagdaýlarda möhletinden öň ýatyrylyp bilner:

1) ýerli sala salşygyň çözgüdi esasynda;

2) Geňeşiň agzalarynyň umumy sanynyň sesleriniň üçden iki böleginden az bolmadyk köplügi bilen Geňeşiň kabul eden çözgüdi esasynda (öz-özüni ýatyrmagy);

3) dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgedilmegi esasynda.

2. Geňeş Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny bozan, öz wezipelerini ýerine ýetirmedik ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmedik halatlarynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýatyrylyp bilner.

3. Geňeşiň möhletinden öň ýatyrylmagy Geňeş agzalarynyň hem ygtyýarlyklarynyň bes edilmegine eltýär.

 

III BAP. ARÇYNY, ARÇYNYŇ ORUNBASARYNY WEZIPÄ

SAÝLAMAK WE WEZIPESINDEN BOŞATMAK. ARÇYNYŇ

BUÝRUKLARY. GEŇEŞIŇ, ARÇYNYŇ, ARÇYNYŇ

ORUNBASARYNYŇ YGTYÝARLYKLARY

 

14-nji madda. Arçyny, onuň orunbasaryny wezipä

     saýlamak we wezipesinden boşatmak 

1. Etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň arçyny we onuň orunbasary Geňeş agzalarynyň arasyndan açyk ses bermek arkaly agzalaryň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen saýlanylýar.

2. Arçyn Geňeşiň işine ýolbaşçylyk edýär hem-de Geňeşe hasabat berýär.

3. Arçyn öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik ýa-da wezipesinden boşadylan ýagdaýynda, onuň wezipesini arçynyň orunbasary wagtlaýyn ýerine ýetirýär. Arçynyň orunbasary arçynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik ýa-da wezipesinden boşadylan ýagdaýynda, arçynyň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmeklik Geňeşiň çözgüdi bilen Geňeş agzalarynyň biriniň üstüne ýüklenilýär.

4. Arçyny, onuň orunbasaryny wezipesinden boşatmak hakyndaky meselä garamak üçin şular esas bolup durýar:

1) wezipesinden boşadylmagy barada arza bermegi;

2) şol bir wagtda başga bir saýlawly edara saýlanylmagy;

3) başga işe geçmegi;

4) saglyk ýagdaýy sebäpli öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirip bilmezligi;

5) öz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmezligi;

6) özüniň hukuk ýagdaýy bilen bir ýere sygyşmaýan, abraýdan düşürýän etmişiň edilmegi;

7) ol barada kazyýetiň aýyplaw höküminiň kanuny güýje girmegi;

8) Geňeş agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden bir böleginiň talap etmegi;

9) ölmegi, kazyýetiň ony nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek  ýa-da ölen diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdiniň kanuny güýje girmegi;

10) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki esaslar.

5. Arçyny, onuň orunbasaryny möhletinden öň wezipesinden boşatmak hakynda çözgüt açyk ses bermek arkaly Geňeş agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.

 

15-nji madda. Arçynyň buýruklary

1. Arçyn öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde buýruklary çykarýar.

2. Arçynyň buýrugy Geňeş agzalarynyň teklibi, şäheriň, etrabyň prokurorynyň ýa-da häkiminiň teklipnamasy boýunça Geňeşiň çözgüdi bilen ýatyrylyp bilner.

 

16-njy madda. Geňeşiň ygtyýarlyklary

Geňeşiň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar girýär:

1) Geňeş agzalarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda olaryň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmak;

2) arçyny, arçynyň orunbasaryny wezipä saýlamak, wezipesinden boşatmak;

3) Geňeşiň diwanynyň çykdajylaryny tassyklamak;

4) arçynyň işi hakyndaky hasabatlara, şeýle hem Geňeş agzalarynyň öz borçlaryny ýerine ýetirişi hakyndaky hasabatlara garamak;

5) arçynyň kabul eden buýruklaryny tassyklamak ýa-da ýatyrmak;

6) ýerli sala salşygy geçirmek hakynda çözgüt kabul etmek;

7) öz çägini ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek;

8) býujeti düzmek we tassyklamak, onuň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty tassyklamak;

9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerli salgytlary, ýygymlary hem-de olary almagyň tertibini bellemek;

10) öz býujetine tölenilýän tölegler boýunça ýeňillikleri bermek;

11) tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça çäreleri kesgitlemek;

12) ilatly ýerleriň we dolandyryş-çäkleriň (birlikleriň) araçäklerini, hukuk ýagdaýyny hem-de atlaryny üýtgetmek hakynda teklipleri bermek, şunda ýüze çykýan emläk we hukuk häsiýetli meseleleri çözmek;

13) etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, obanyň ýaşaýyş toplumlaryna, şaýollaryna, köçelerine, meýdançalaryna, seýilgählerine we beýleki düzüm böleklerine at dakmak hem-de olaryň adyny üýtgetmek;

14) öz býujet serişdeleriniň we kanunda gadagan edilmedik beýleki maliýe serişdeleriniň hasabyna öz eýeçiligine degişli bolan önümçilik, söwda, hyzmat ediş kärhanalaryny gurmak we peýdalanmak;

15) degişli çäkde binalary gurmak zerurlygy baradaky teklip bilen etrap häkimligine ýüz tutmak;

16) köpçülikleýin bagçylyk ýerlerini, dynç alyş zolaklaryny, suwa düşülýän ýerleri abadanlaşdyrmak;

17) ýaşaýyş jaýlary gurlanda şol çäkde gurluşyk işlerini alyp barmak baradaky talaplaryň berjaý edilişine gözegçilik etmek;

18) meýletinlik esasynda öý hojalyklardan çägi abadanlaşdyrmak, dürli durmuş meselelerini çözmek, çäkde ýaşaýan hemaýata mätäç maşgalalara we raýatlara ýardam etmek üçin serişde ýygnamak barada çözgüt kabul etmek;

19) ýerli ähmiýetli ýollary, köprüleri gurmak we abatlamak, ilat üçin jemagat maksatly desgalary (suw-gaz geçirijilerini, lagym, energiýa-ýylylyk üpjünçiligi ulgamlaryny, suw howuzlaryny, guýulary, hammamlary we beýlekileri) gurmak we agyz suwy, elektrik, gaz, aragatnaşyk ulgamynyň desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmekde degişli edaralar bilen utgaşykly iş alyp barmak;

20) şäherde, şäherçede, obada abadanlaşdyryş we gür baglyga öwürmek işlerini geçirmek, baglara ideg etmek boýunça çäreleri guramak; 

21) ilatly ýerleriň suw üpjünçilik çeşmeleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň, söwda, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň, mekdepleriň we beýleki medeni-durmuş edaralarynyň hem-de olaryň ýanaşyk çäkleriniň arassaçylyk ýagdaýyna gözegçilik etmek, ýadygärlikleriň, gonamçylyklaryň arassa ýagdaýda saklanylmagyny üpjün etmek;

22) ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bellenilen tertipde içeri işler edaralarynyň işgärlerine jemgyýetçilik tertibini goramakda we jenaýatçylyga garşy göreşmekde ýardam etmek, kanunçylygy wagyz etmek, hukuk bozulmalarynyň we jemgyýete garşy özüni alyp barşyň amala aşyrylmagyna ýol bermezlik maksady bilen, adamlara terbiýeçilik taýdan täsir etmäge gönükdirilen durmuş, hukuk, guramaçylyk, maglumat we beýleki çäreleri guramak;

23) öz çäginde ýerleşýän medeniýet edaralarynyň işini utgaşdyrmak, olaryň ulgamyny giňeltmek, halk döredijiligini we çeper höwesjeňligi ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, ählihalk baýramçylyklary we hatyra günleri bilen baglanyşykly köpçülikleýin çäreleri guramaga ýardam etmek;

24) çäkdäki umumybilim edaralarynyň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň göwnejaý işini üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmäge, umumybilim edaralarynyň önümçilik bilen aragatnaşygynyň pugtalanmagyna, olaryň işiniň ýaşlary ýokary ahlakly, watançylyk ruhunda terbiýelemäge we olar üçin ýaşlykdan hünär saýlamak mümkinçiligini döretmäge gönükdirilmegine, çagalaryň dynç alşyny many-mazmunly guramaga ýardam etmek;

25) ýetim çagalary we ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalary ýörite bilim edaralaryna we raýatlaryň maşgalalaryna terbiýelemäge ýerleşdirmek üçin çäreleri durmuşa geçirmäge, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň gözegçiliksiz galmagynyň öňüni almak boýunça işi guramaga, hossarlary we howandarlary bellemek boýunça teklipleri we degişli resminamalary taýýarlamaga hem-de olaryň öz borçlaryny ýerine ýetirişine gözegçilik etmäge ýardam bermek;

26) saglygy goraýyş edaralarynyň ilata saglygy goraýyş kömegini bermek, eneligi, atalygy we çagalygy goramak, sanitariýa-öňüni alyş çärelerini, ýokanç kesellere garşy çäreleri durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işine ýardam etmek;

27) halk senetçiligini we hünärmentçiligini ösdürmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kiçi kärhanalaryň gurnalmagyna ýardam etmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň oba hojalyk pudagynyň ýerli guramalary bilen oba hojalyk önümini öndürmäge şertnama baglaşmaklaryna usulyýet, guramaçylyk we gaýry kömekleri bermek bilen, iş orunlarynyň döredilmegi ugrunda iş alyp barmak;

28) jemgyýetçilik ýerlerinde söwda etmek kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek;

29) özüne degişli eýeçiligi dolandyrmak;

30) özünde bar bolan maglumatlar esasynda raýatlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kepilnamalary bermek;

31) Türkmenistanyň kanunçylygynda Geňeşleriň ygtyýarlygyna degişli edilen beýleki meseleler.

 

17-nji madda. Geňeşe aýry-aýry döwlet

 ygtyýarlyklarynyň berilmegi

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 116-njy maddasyna laýyklykda, Geňeşlere amala aşyrylmagy üçin zerur bolan maddy we maliýe serişdelerini bölüp bermek arkaly, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen aýry-aýry döwlet ygtyýarlyklary berlip bilner.

2. Geňeşlere şu meseleler boýunça döwlet ygtyýarlyklary berilýär:

1) raýat ýagdaýynyň namalaryny bellige almak, olary resmileşdirmek we hasabyny ýöretmek;

2) notarial hereketleri amala aşyrmak;

3) özünde bar bolan maglumatlar esasynda raýatlara degişli kepilnamalary bermek;

4) statistiki maglumatlary ýöretmek we bermek;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki wezipeleri amala aşyrmak.

3. Berlen ygtyýarlyklaryň durmuşa geçirilmegine döwlet tarapyndan gözegçilik edilýär.

 

18-nji madda. Arçynyň ygtyýarlyklary

1. Arçyn:

1) Geňeşiň işine ýolbaşçylyk etmek bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

2) Geňeşiň mejlisini taýýarlamak we çagyrmak işini amala aşyrýar, mejlisiň gün tertibini mejlisiň geçiriljek gününe çenli azyndan on gün galanda Geňeş agzalarynyň dykgatyna ýetirýär, Geňeşiň çözgütleriniň taslamalary bilen tanyşmak mümkinçiligini üpjün edýär;

3) Geňeşiň mejlislerini alyp barýar;

4) dolandyryş-çäk gurluşyň meseleleri baradaky degişli maglumatlary taýýarlaýar;

5) döwlet häkimiýet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri, edara-kärhanalar bilen gatnaşyklarda Geňeşe wekilçilik edýär;

6) Geňeşiň çykaran çözgütlerine laýyklykda ýerli sala salşyklaryň geçirilmegini, şeýle hem Geňeşiň çözgütleriniň taslamalarynyň, ýerli we döwlet ähmiýetli beýleki möhüm meseleleriň raýatlar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylmagyny üpjün edýär;

7) raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak boýunça işi üpjün edýär;

 

8) özüniň garamagyndaky çäkde işleriň ýagdaýy hakynda, Geňeşiň çözgütlerini ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler hakynda Geňeşi habarly edýär;

9) ýerli çägi ykdysady, durmuş, medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de ýerli býujetiň taslamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna ýolbaşçylyk edýär, kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi we býujetiň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabatlary Geňeşiň garamagyna hödürleýär;

10) öz çäginde döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň eýeçiliginde durýan desgalaryň dolandyrylmagyny üpjün edýär;

11) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň hem-de welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna, sala salşyklara taýýarlyk we olary geçirmek boýunça saýlaw toparlaryna ýardam edýär;

12) çäkdäki obalaryň kethudalarynyň işini guramaga ýardam edýär;

13) raýatlary sylaglamak meseleleri boýunça teklipleri hem-de degişli maglumatlary taýýarlaýar we degişli häkimlige hödürleýär;

14) kanun tarapyndan goralýan döwlet we gaýry syrlaryň goralyp saklanylmagyny, şeýle hem wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly özüne mälim bolan, raýatlaryň şahsy durmuşyna, namysyna we mertebesine degişli maglumatlaryň aýan edilmezligini üpjün edýär; 

15) Türkmenistanyň kanunçylygynda arçynyň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.

2. Arçyn bank edaralarynda Geňeşiň býujet karzlarynyň we býujetden daşary hasabynyň serenjam berijisi hasaplanylýar.

3. Arçyn şu Kanunda görkezilen, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda Geňeşleriň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki borçlary Geňeş agzalarynyň arasynda paýlamak bilen, olaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmäge borçludyr.

 

19-njy madda. Arçynyň orunbasarynyň ygtyýarlyklary

Arçynyň orunbasary öz ygtyýarlyklaryny arçynyň tabşyryklaryna laýyklykda ýerine ýetirýär, arçynyň saýlanylmadyk ýa-da öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatynda onuň wezipelerini ýerine ýetirýär.

 

IV BAP. GEŇEŞ AGZALARYNYŇ

YGTYÝARLYKLARY

 

20-nji madda. Geňeş agzasy

1. Geňeş agzasynyň ygtyýarlyklary olary ykrar etmek hakynda Geňeş tarapyndan çözgüt kabul edilen pursadyndan başlanýar we täze çagyrylyşyň Geňeş agzalarynyň ygtyýarlyklarynyň ykrar edilen pursadynda tamamlanýar.

2. Geňeş agzasy ygtyýarlyklaryny jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda amala aşyrýar. Geňeş agzasy Geňeşiň mejlisleri geçirilýän, Geňeşiň tabşyryklaryny ýerine ýetirýän döwründe önümçilik ýa-da gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylýar.

3. Geňeşiň agzasy şulara hukuklydyr:

1) Geňeş tarapyndan döredilýän iş toparlaryna saýlamaga hem-de saýlanmaga; 

2) Geňeşiň mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşylýan meselelere garamagyň tertibi hem-de olaryň mazmuny barada teklipler girizmäge;

3) çözgütleriň taslamalaryny, taslamalara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri Geňeşiň garamagyna girizmäge;

4) raýatlaryň islegleri bilen bagly meseleleri Geňeşiň öňünde goýmaga;

5) degişli çäkde jemgyýetçilik tertibiniň berjaý edilişi, raýatlaryň hukuklarynyň goralyşy, ilatyň durmuş ýagdaýy hakyndaky meseleler boýunça döwlet häkimiýetiniň degişli ýerli edaralaryndan, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan hojalygy ýöredijileriň ählisinden zerur maglumatlary sorap almaga, zerur bolan mahalynda işi gowulandyrmak we ýüze çykarylan kemçilikleri düzetmek hakynda teklipleri girizmäge.

4. Geňeşiň agzasy şulara borçludyr:

1) Geňeşiň işine gatnaşmaga;

2) raýatlary kabul etmäge;

3) Geňeş tarapyndan tabşyrylan işleri öz wagtynda ýerine ýetirmäge;

4) raýatlaryň ýüztutmalary bilen bagly meseleleri Geňeşiň öňünde goýmaga.

 

21-nji madda. Geňeşiň agzasynyň ygtyýarlyklaryny

     möhletinden öň ýatyrmak

1. Geňeşiň agzasynyň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmak üçin şular esas bolup durýar:

1) öz ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmak barada arza bermegi;

2) häkim wezipesine bellenilmegi;

3) şol bir wagtda başga bir wekilçilikli edaralara saýlanylmagy;

4) Türkmenistanyň raýatlygynyň bes edilmegi;

5) ol babatynda kazyýetiň aýyplaw höküminiň kanuny güýje girmegi;

6) degişli çäkden başga ýere hemişelik ýaşamaga göçüp gitmegi;

7) özüniň hukuk ýagdaýy bilen bir ýere sygyşmaýan, abraýdan düşürýän etmişiň edilmegi;

8) ölmegi, kazyýetiň ony nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek ýa-da ölen diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdiniň kanuny güýje girmegi;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki esaslar.

2. Geňeşiň agzasynyň ygtyýarlyklaryny togtatmak ýa-da möhletinden öň ýatyrmak hakyndaky çözgüt agzalaryň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen açyk ses bermek arkaly kabul edilýär.

Geňeşiň agzasy barada jenaýat işi derňelýän döwürde onuň ygtyýarlyklary togtadylyp bilner.

 

22-nji madda. Geňeşiň agzasynyň işiniň hukuk kepillikleri

1. Geňeşiň agzasy, Geňeşden razylyk alynman, işleýän (gulluk edýän) ýerinde eýeleýän wezipesinden boşadylyp ýa-da pes hak tölenilýän işe geçirilip (wezipesinden peseldilip) bilinmez.

2. Geňeşiň agzasyna öz ygtyýarlyklaryny bökdençsiz we doly amala aşyryp bilmegi üçin şertler, şahsy eldegrilmesizligi, onuň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, janynyň, abraýynyň we mertebesiniň goralmagy kepillendirilýär.

3. Geňeşiň razylygy bolmasa, Geňeşiň agzasy tarapyndan edilen administratiw hukuk bozulmalary üçin ol kazyýet tertibinde administratiw jogapkärçiligine çekilmäge degişli däldir. 

4. Geňeşiň agzasy Geňeşiň razylygy bolmasa, administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekilip, tussag edilip ýa-da başga hili ýol bilen onuň azatlygy çäklendirilip bilinmez.

5. Geňeşiň agzasy babatda jenaýat işini gozgamak, ony administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekmek, tussag etmek     ýa-da başga hili ýol bilen onuň azatlygyny çäklendirmek barada razylyk almak üçin prokuror degişli Geňeşe teklipnama berýär.

Teklipnama Geňeşiň agzasy barada jenaýat işi gozgalmazdan, oňa günä bildirilmezden, onuň tutulyp saklanmazyndan ýa-da ony tussag etmek ýa-da başga ýol bilen onuň azatlygyny çäklendirmek üçin sanksiýa berilmezinden we administratiw hukuk bozulmalar hakynda işe seredilmezinden öň berilýär.

6. Geňeş on bäş günden gijä goýman prokuroryň teklipnamasyna garaýar. Geňeş teklipnamada görkezilen meseleleri çözmek üçin zerur bolan goşmaça maglumatlary prokurordan sorap biler.

Geňeş degişli mesele hakynda çözgüt kabul edýär we bu barada prokurora habar berýär.

Geňeşiň agzasyny eldegrilmesizlik hukugyndan mahrum etmek hakyndaky meselä garalanda onuň Geňeşiň mejlisine gatnaşmaga haky bardyr.

7. Eger-de prokuror Geňeşiň çözgüdi bilen ylalaşmasa, ol şu meselä gaýtadan garalmagy hakynda Geňeşe teklipnama bermäge haklydyr.

Eger Geňeş çözgüdini tassyklasa we Geňeşiň agzasyny administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekmäge, ýa-da tussag etmäge, ýa-da başga hili ýol bilen onuň azatlygyny çäklendirmäge razylyk bermese, Türkmenistanyň Baş prokurorynyň teklipnamasy boýunça bu meselä Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan seredilýär.

8. Eger prokuroryň şu maddada göz öňünde tutulan tertipde beren teklipnamasyna degişli Geňeş tarapyndan on bäş günüň dowamynda garalmadyk bolsa, onda Türkmenistanyň Mejlisi Baş prokuroryň beren teklipnamasy boýunça, oňa haýal edilmän garalmagyny üpjün etmek üçin işleri geçirýär.

9. Prokuror işiň derňelişiniň ýa-da oňa garalyşynyň netijeleri hakynda Geňeşe habar bermäge borçludyr.

 

23-nji madda. Geňeşiň çykyp giden agzasynyň

     ýerine täze agza saýlamak

Geňeşiň çykyp giden agzasynyň ýerine täze agza saýlamak Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirilýär.

 

24-nji madda. Geňeş agzasynyň şahsyýetnamasy

1. Ygtyýarlyklary ykrar edilen Geňeş agzasyna degişli Geňeş tarapyndan şahsyýetnama berilýär.

2. Geňeşiň agzasynyň şahsyýetnamasynyň nusgasy Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanylýar.

3. Ygtyýarlyklary möhletinden öň ýatyrylan Geňeş agzasy şahsyýetnamasyny degişli Geňeşe gaýtaryp berýär.

V BAP. GEŇEŞIŇ IŞINI ÜPJÜN ETMEK.

GEŇEŞIŇ DIWANY

 

25-nji madda. Geňeşiň iş toparlary

1. Geňeşiň mejlisine taýýarlyk görmek, Geňeşiň çözgütleriniň taslamalaryny taýýarlamak, kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek üçin Geňeşiň iş topary döredilip bilner.

2. Iş topary Geňeşiň çözgüdi bilen döredilýär we wezipeleri kesgitlenilýär. Toparyň düzümine degişli hünärmenler hem goşulyp bilner.

3. Iş topary öz işi barada Geňeşe hasabat berýär.

 

26-njy madda. Geňeşiň işiniň üpjünçiligi

1. Geňeş ýuridik şahsdyr, onuň Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanan nusgadaky möhüri bolýar.

2. Geňeşiň, onuň wezipeli adamlarynyň we agzalarynyň işiniň guramaçylyk, maddy-enjamlaýyn  we gaýry üpjünçiligini onuň diwany amala aşyrýar.

 

27-nji madda. Geňeşiň diwany

1. Geňeşiň diwany Geňeşiň işini guraýar, gündelik we gaýragoýulmasyz meselelere garaýar.

2. Geňeşiň diwanyna arçyn ýolbaşçylyk edýär.

3. Geňeşiň diwanynyň çykdajylary onuň býujet serişdeleriniň hasabyna Geňeşiň çözgüdi bilen kesgitlenilýär.

4. Geňeşiň diwanynyň mysaly gurluşy, işgär sany Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

28-nji madda. Geňeşiň diwanynyň wezipeleri

Geňeşiň işini üpjün etmekde onuň diwanynyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) Geňeşiň mejlisini geçirmäge taýýarlyk görmekden, onuň gün tertibine degişli bolan teklipleri işläp taýýarlamakdan;

2) Geňeşiň mejlisini we beýleki çärelerini guramaçylyk, maddy-tehniki taýdan üpjün etmegi guramakdan;

3) Geňeşiň mejlisiniň gün tertibini taýýarlamagy üpjün etmekden, taslamalary taýýarlamakdan;

4) Geňeşiň mejlisinde meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda aýdylan teklipleri we bellikleri hasaba almakdan hem-de umumylaşdyrmakdan;

5) Geňeşiň resminamalaryny saklamagyň tertibini berjaý etmekden;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda raýat ýagdaýynyň namalaryny resmileşdirmegi, notarial hereketleri, hojalyk kitaplaryny ýöretmegi amala aşyrmakdan;

7) Geňeşiň gündelik meselelerine garamakdan we çözmekden;

8) Geňeşiň işini üpjün etmek boýunça Geňeşiň diwanynyň wezipelerine degişli edilen beýleki meseleleri çözmekden.

 

29-njy madda. Geňeşiň diwanynyň hünärmenleriniň

      hukuklary we borçlary

  1. Geňeşiň diwanynyň hünärmenleri aşakdakylara hukuklydyr:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kanunlary bilen kepillendirilen hukuklardan we azatlyklardan peýdalanmaga;

2) gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek üçin bellenilen tertipde kärhanalara, edaralara, guramalara barmaga we degişli maglumatlary almaga;

3) Geňeşiň diwanynyň işiniň görnüşlerini we usullaryny kämilleşdirmek barada teklipleri bellenilen tertipde girizmäge;

4) hünärine, hünär endiklerine, ukybyna görä işde wezipesiniň ýokarlandyrylmagyna;

5) hünär taýýarlygyna we gaýtadan taýýarlygyna, hünärini ýokarlandyrmaga;

6) sagdyn we howpsuz zähmet şertlerine;

7) durmuş we hukuk goraglylygyna;

8) pensiýa we durmuş taýdan üpjünçilige;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki hukuklardan peýdalanmaga.

  2. Geňeşiň diwanynyň hünärmenleri aşakdakylara borçludyrlar:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, şu Kanuny we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny berjaý etmäge;

2) degişli çäkde agzybirligiň we jebisligiň berjaý edilmegine ýardam etmäge;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möhletlerde raýatlaryň ýüztutmalaryna, tekliplerine, arzalaryna, şikaýatlaryna garamaga hem-de olar babatynda zerur işleri geçirmäge;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklerde öz wezipelerini amala aşyrmaga;

5) zähmet düzgün-nyzamyny, gulluk etikasynyň kadalaryny berjaý etmäge;

6) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýolbaşçylaryň çykaran buýruklaryny, tabşyryklaryny, ýokarda durýan edaralaryň çözgütlerini we görkezmelerini ýerine ýetirmäge;

7) öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işleri barada degişli ýolbaşçylaryna yzygiderli hasabat bermäge;

8) gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly özüne mälim bolan, raýatlaryň şahsy durmuşy, namysy we mertebesi bilen bagly maglumatlary aýan etmezlige;

9) gulluk borçlaryny netijeli ýerine ýetirmek üçin hünär derejesini we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga;

10) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki borçlary berjaý etmäge.

 

VI BAP. ÇÄK JEMGYÝETÇILIK ÖZ-ÖZÜŇI

DOLANDYRYŞ

 

30-njy madda. Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi

                          dolandyryş edaralary

1. Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralary degişli çäkde ýaşaýan ilatyň bähbitlerinden ugur alnyp, ýerli ähmiýetli meseleleri özbaşdak çözmek hem-de ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, gyzyklanýan raýatlaryň başlangyjy boýunça döredilip bilner we ol öz işini öz-özüňi dolandyryş esasynda guraýar.

2. Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasynyň ýokary guramasy onuň ýygnagydyr.

3. Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasy degişli Geňeşde ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda hasaba alynýar.

4. Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasyny hasaba almak üçin esaslar:

1) çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasyny döretmek, onuň tertipnamasyny tassyklamak hakyndaky hem-de ýolbaşçy saýlamak baradaky maglumatlary özünde jemleýän ýygnagyň teswirnamasy;

2) çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasynyň Tertipnamasy;

3) çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy we oňa gatnaşyjy wekiller barada maglumatlar.

Şu bölekde görkezilenlerden başga resminamalaryň talap edilmegine ýol berilmeýär.

5. Hasaba almak şu maddanyň dördünji böleginde görkezilen resminamalaryň berlen pursadyndan başlap, on günüň dowamynda amala aşyrylýar.

31-nji madda. Fiziki şahslaryň ýygnagy

1. Fiziki şahslaryň ýygnagyna (mundan beýläk – ýygnak) şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň ýaşaýyş toplumlarynyň, şaýollarynyň, köçeleriniň, köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň çäginde hemişelik, köplenç       ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan fiziki şahslar gatnaşýarlar.

Eger degişli çäk birliginde fiziki şahslaryň sany bir müňden köp bolsa, onda ýygnaklara saýlanylan wekiller gatnaşyp bilerler. Ol wekiller çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryşyň çäk birlikleriniň ýygnaklarynda saýlanylýarlar.

2. Ýygnagy çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy zerurlyga görä çagyrýar. Ýygnak şäher, etrap häkiminiň, arçynyň ýa-da degişli çäkde ýaşaýan fiziki şahslaryň (wekilleriň) azyndan üçden bir böleginiň başlangyjy bilen hem çagyrylyp bilner.

3. Ýygnaga degişli çäkde ýaşaýan fiziki şahslaryň umumy sanynyň azyndan ýarysy, wekilleriň ýygnagyna olaryň azyndan dörtden üç bölegi gatnaşýan bolsa, onda ýygnak doly ygtyýarly hasap edilýär.

4. Ýygnak ilatyň bähbitlerini aramak maksady bilen, öz ygtyýarlyklarynyň çäginde degişli çägiň meseleleri bilen bagly çözgütleri kabul edýär.

5. Ýygnagyň çözgütleri açyk ses bermek arkaly ýygnaga gatnaşýanlaryň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär we degişli çägiň ilatynyň dykgatyna ýetirilýär.

Kabul edilen çözgüt barada degişli Geňeşe ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasyna habar berilýär. 

 

32-nji madda. Ýygnagyň ygtyýarlyklary

Ýygnak:

1) degişli çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysyny saýlaýar;

2) degişli çäkde kanunçylygyň ýerine ýetirilişine, ilata jemagat hojalyk hyzmatlaryň ýerine ýetirilişine, binalary gurmak hem-de howlularyň we jaýlaryň töweregindäki çäkleri saklamagyň kadalarynyň berjaý edilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrýar;

3) degişli çägi durmuş, medeni taýdan ösdürmek, abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek, arassaçylyk we sanitariýa kadalarynyň berjaý edilmegi boýunça işleri guraýar;

4)  meýletinlik esasynda öý hojalyklaryndan çägi abadanlaşdyrmak, dürli durmuş meselelerini çözmek, çäkde ýaşaýan hemaýata mätäç maşgalalara we raýatlara ýardam etmek üçin serişde ýygnamak barada çözgüt kabul edýär;

5) degişli çäkde binalary gurmak zerurlygy baradaky teklip bilen Geňeşe, etrap, şäher häkimligine ýüz tutýar;

6) degişli çäkde elektrik, gaz, agyz suwy, lagym, aragatnaşyk ulgamynyň desgalarynyň bökdençsiz işlemegi üçin degişli edaralar bilen utgaşykly iş alyp barýar;

7) ilata toý dabaralary we beýleki däp-dessurlary geçirmek boýunça maslahatlary berýär;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki işleri amala aşyrýar.

 

33-nji madda. Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş

    edarasyna ýolbaşçylyk

1. Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasyna ýolbaşçylyk saýlanylan şahs tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ýolbaşçy açyk ses bermek arkaly, sesleriň ýönekeý köplügi bilen saýlanylýar.

3. Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy jemgyýetçilik başlangyçlarynda iş alyp barýar. Işiň aýratynlyklaryna görä ýolbaşça ýygnagyň çözgüdi esasynda höweslendiriş çäreleri ulanylyp bilner.

4. Eger ýolbaşçy ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmekden ýüz dönderse ýa-da başga bir sebäplere görä öz borçlaryny berjaý edip bilmese, täze ýolbaşçy saýlamak boýunça ýygnak geçirilýär.

 

34-nji madda. Ýolbaşçynyň ygtyýarlyklary

Ýolbaşçy şu aşakdakylara ygtyýarlydyr:

1) ýygnagy çagyrmaga we ýygnagyň garamagyna meseleleri hödürlemäge;

2) ýygnagyň çözgütlerini ýerine ýetirmek üçin degişli işleriň geçirilmegini guramaga hem-de bu işleriň gidişi barada ýygnakda hasabat bermäge; 

3) döwlet häkimiýet edaralarynda, ýuridik we fiziki şahslar bilen gatnaşyklarda degişli çägiň ilatynyň bähbitlerini aramaga;

4) öý hojalyklaryndan çägi abadanlaşdyrmak, dürli durmuş meselelerini çözmek, çäkde ýaşaýan hemaýata mätäç maşgalalara we raýatlara ýardam etmek üçin ýygnalan serişdeleriň niýetlenilen maksada laýyk harçlanylmagyny we olaryň hasabynyň ýöredilmegini üpjün etmäge;

5) ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we bellenilen tertipde içeri işler edaralarynyň işgärlerine jemgyýetçilik tertibiniň berjaý edilişine gözegçilik etmekde ýardam bermäge;

6) hemaýata mätäç maşgalalaryň, ýetim çagalaryň, ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň, şeýle hem tebigy hadysalardan we tehnogen häsiýetli betbagtçylykdan jebir çeken raýatlaryň maddy we ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak barada degişli döwlet edaralaryna teklipleri bermäge;

7) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna täze gonamçylyklary döretmek we hereket edýänlerinde abatlaýyş işlerini geçirmek hakynda teklipleri bermäge;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmaga.

 

35-nji madda. Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş

edarasy tarapyndan jemgyýetçilik

gözegçiliginiň amala aşyrylyşy

Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasy tarapyndan jemgyýetçilik gözegçiligi şu aşakdaky görnüşlerde amala aşyrylýar:

1) degişli çäkde kanunçylygyň ýerine ýetirilişiniň ýagdaýyny öwrenmek;

2) degişli çäkdäki ilatyň bähbitlerine degişli ähmiýetli meselelere seretmek we degişli işleri geçirmek üçin döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralaryna ýüz tutmak;

3) döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralaryna olaryň ygtyýarlygyna degişli we jemgyýetçilik ähmiýetli meseleler boýunça resmi sowallary we ýüztutmalary ibermek.

 

36-njy madda. Jemgyýetçilik gözegçiligine köpçülikleýin

                          habar beriş serişdeleriniň, guramalaryň

                          wekilleriniň gatnaşmagy

1. Jemgyýetçilik gözegçiligi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we döwlete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleri bilen bilelikde hem geçirilip bilner. 

2. Döwlet häkimiýet edaralary çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasynyň jemgyýetçilik gözegçiliginiň netijeleri boýunça ýüztutmalaryna öz wagtynda garamalydyrlar.

 

 

 

37-nji madda. Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş

                         edarasyny üýtgedip guramak we onuň

                         işini bes etmek

Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasyny üýtgedip guramak ýa-da onuň işini bes etmek ýygnagyň çözgüdi bilen amala aşyrylýar.

 

 

VII BAP. ÝERLI ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞYŇ

EÝEÇILIGI WE MALIÝE ÜPJÜNÇILIGI

 

38-nji madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryşyň eýeçiligi

1. Ýerli öz-özüňi dolandyryşyň emläginiň düzümi we ony edinmegiň usullary, ol emläge eýelik etmegiň, ulanmagyň, ygtyýar etmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy we ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň çözgütleri bilen bellenilýär.

2. Ýerli öz-özüňi dolandyryşa degişli bolan emläge eýeçilik etmegiň wezipelerini Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy ýerine ýetirýär.

 

39-njy madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryşyň çäkleri

     üýtgände emläk gatnaşyklary

Ýerli öz-özüňi dolandyryş döredilen, ýatyrylan ýa-da onuň çägi üýtgän ýagdaýynda gozgalmaýan emlägiň ýerli öz-özüňi dolandyryşyň bölünip berlen çäginde duran bölegi beýleki ýerli öz-özüňi dolandyryşa geçirilýär. Geçirilýän gozgalmaýan emläk bilen bir hatarda, onuň bilen baglanyşykly maliýe we beýleki borçlar we hukuklar hem geçirilýär. Beýleki emläkler we algy-bergiler ýerli öz-özüňi dolandyryşyň hakyky ýagdaýyna baha berlenden soňra, ygtyýarly edilen döwlet edarasynyň çözgüdi boýunça öz-özüňi dolandyryşyň arasynda paýlanylýar.

 

40-njy madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryşyň maliýe

     serişdeleri we olary peýdalanmak

1. Geňeşiň maliýe serişdeleri şulardyr:

1) býujete salgyt girdejileriniň hasabyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alynýan serişdeler;

2) ýerli öz-özüňi dolandyryşyň emläginden (eýeçiliginden) peýdalanylandygy üçin alnan girdejiler;

3) kanunçylykda bellenen tertipde jerimelerden alnan serişdeler;

4) kanunçylykda bellenilen ýerli ýygymlar;

5) Geňeşiň döwlet ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmeginden gelen serişdeler;

6) hasaplarynda galan girdejiler;

7) döwlet býujetinden bölünip berlen kömek pullary;

8) kanunçylykda bellenilen gaýry girdejiler;

9) yzyna gaýtarylmaga degişli bolmadyk maliýe kömekleri (pul serişdeleri, meýletin gatançlar);

10) karz pullar.

2. Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasynyň maliýe serişdeleri kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň, telekeçileriň, ilatyň meýletin beren serişdelerinden we geçirilýän çärelerden alynýan girdejileriň, haýyr-sahawatlaryň hem-de hemaýatlaryň hasabyna hem döredilip bilner.

3. Ýerli öz-özüňi dolandyryşyň serişdeleri şu maksatlar üçin peýdalanylyp bilner: 

1) ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň tassyklan durmuş we ykdysady, şeýle hem beýleki maksatnamalaryny amala aşyrmak;

2) ýerli öz-özüňi dolandyryşyň edaralaryny saklamak;

3) jemagat hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegini guramak;

4) çägi abadanlaşdyrmak;

5) dürli durmuş meselelerini çözmek;

6) çäkde ýaşaýan hemaýata mätäç maşgalalara we raýatlara ýardam etmek;

7) ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözmek.

4. Döwlet ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek üçin (döwlet tarapyndan ygtyýarlandyrylan ýerli öz-özüňi dolandyryşa) serişdeler döwlet býujetinden ýa-da döwlet pul gaznalaryndan bölünip berilýär we ýerli öz-özüňi dolandyryşa ýörite maksatlaýyn döwlet kömek puly hökmünde berilýär.

 

41-nji madda. Geňeşiň býujetini taýýarlamak we

                         oňa gözegçilik etmek

1. Her bir Geňeş özüniň özbaşdak býujetine eýedir. Geňeşiň býujeti bir býujet ýylyna düzülýär we Geňeş tarapyndan tassyklanylýar. Geňeşiň býujetini taýýarlamagyň düzgüni, oňa garamak we tassyklamak Türkmenistanyň Býujet kodeksi bilen bellenilýär.

2. Geňeşiň býujetini düzmek üçin öz-özüňi dolandyryş edarasy tarapyndan tassyklanylýan durmuş, ykdysady we beýleki maksatnamalar, şeýle hem öz-özüňi dolandyryşyň wezipelerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maliýe serişdeleriniň hasaplamalary esas hasaplanýar.

3. Geňeş öz-özüňi dolandyryşyň býujetiniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýaşaýjylara şert döretmelidir.

4. Zerurlyk bolanda Geňeşiň işlerine maliýe auditi geçirilip bilner.

 

42-nji madda. Geňeşiň býujetiniň serişdeleriniň ulanylyşy

1. Geňeş arçynyň teklipnamasy boýunça:

1) býujetiň serişdelerini haýsy maksatlar üçin we näçe mukdarda ulanmalydygyny kesgitleýär;

2) býujetiň girdeji we çykdajy böleklerine düzediş girizýär;

3) Geňeşiň diwanyny saklamak üçin çykdajylaryň möçberini tassyklaýar.

2. Býujet ýerine ýetirilende goşmaça alnan girdejiler, şeýle hem alynmaly girdejileriň artyk gelen möçberi ýa-da çykdajy etmekde tygşytlylyk gazanylmagy netijesinde girdejileriň çykdajylardan artyk galan bölegi Geňeşiň ygtyýarynda galýar, ol ýokarda durýan döwlet edaralary tarapyndan yzyna alynmaga degişli däldir hem-de Geňeşiň çözgüdine laýyklykda peýdalanylýar.

 

43-nji madda. Geňeşiň býujetden daşary hasaby

1. Geňeşiň býujetden daşary hasabyna şu aşakdaky serişdeler geçirilip bilner:

1) goşmaça alnan girdejilerden hem-de ykdysady we durmuş meselelerini çözmek boýunça Geňeşiň guran çäreleriniň durmuşa geçirilmeginiň hasabyna alnan maliýe serişdeleri;

2) raýatlaryň, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň meýletin beren gatançlary hem-de serişdeleri;

 

3) Geňeşiň döwlet ygtyýarlyklaryny amala aşyranda ýerine ýetiren hyzmatlary üçin tölegler;

4) býujetden daşary gelip gowuşýan beýleki serişdeler.

2. Geňeşiň býujetden daşary serişdeleri bank edaralarynda açylýan ýörite hasaplarda saklanylýar, ol serişdeler ýokarda durýan döwlet edaralary tarapyndan yzyna alynmaga degişli däldir hem-de Geňeşiň çözgüdine laýyklykda peýdalanylýar.

VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

44-nji madda. Geňeş tarapyndan Türkmenistanyň

     döwlet nyşanlarynyň ulanylmagy

Geňeşiň diwanynyň ýerleşýän jaýynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy gerilýär we Döwlet tugrasy ýerleşdirilýär.

 

45-nji madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryşyň we olaryň

                         wezipeli adamlarynyň ýüztutmalaryna

                         garamagyň hökmanylygy

Ýerli öz-özüňi dolandyryşyň we olaryň wezipeli  adamlarynyň ýüztutmalaryna döwlet häkimiýet edaralary, kärhanalar, edaralar, guramalar we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kanunda bellenilen tertipde garalmagy hökmanydyr.

 

46-njy madda. Geňeş we dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgemegi

1. Eger Geňeş dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgemegi netijesinde agzalarynyň sanynyň Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýändigi bilen baglylykda öz işini amala aşyryp bilmese, degişli çäkde Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirilýär.

2. Dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgemeginiň käbir halatlarynda Türkmenistanyň Mejlisi Geňeş agzalarynyň ygtyýarlyklaryny saklap galmak hakynda karar kabul edip biler. 

 

47-nji madda. Jedelleriň çözülişi

Ýerli öz-özüňi dolandyryşyň işi babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

48-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin

     jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

49-njy madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1) 2003-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndaky «Geňeş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 1, 2-nji madda);

2) 2005-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky «Geňeş hakynda (rejelenen görnüşi)» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resminamalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., № HM-82);

3) 2005-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky «Türkmenistanyň kanunlaryny kabul etmek we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resminamalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., № HM-85);

4) 2007-nji ýylyň 28-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 2, 53-nji madda);

5) 2008-nji ýylyň 23-nji oktýabryndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 4, 65-nji madda);

6) 2015-nji ýylyň 23-nji maýyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I böleginiň 2-nji bendini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 73-nji madda);

7) 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky «Geňeş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 75-nji madda);

8) 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Geňeş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 82-nji madda);

9) 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I böleginiň 1-nji bendini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 98-nji madda);

10) 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I böleginiň 6-njy bendini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 25-nji madda).

 

Türkmenistanyň                                                         Serdar

     Prezidenti                                                      Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2022-nji ýylyň 20-nji noýabry.

№ 509-VI.