Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ

 K A N U N Y 

 

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň

20 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 31- madda)

 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanan raýatlary sylaglamak maksady bilen: 

1-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmeli.

2-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

3-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

4-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2009-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda kabul eden «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 68-nji madda) 11-nji maddasyna şu mazmunly bendi goşmaly:

«9) Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly;».

 

 

Türkmenistanyň                                             Gurbanguly

     Prezidenti                                               Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2011-nji ýylyň 26-njy marty.

№ 187-IV.

 

 

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň

20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hakynda

DÜZGÜNNAMA

 

 

1. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýylynyň dowamynda Watanymyzyň we jemgyýetiň ösüşi üçin halal zähmeti bilen uly hyzmatlary bitiren adamlary sylaglamak üçin döredilýär.

 

2. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen:

-          Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, işjeň we önjeýli döwlet, jemgyýetçilik işi hem-de ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin;

- Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ylmyny, bilimini, medeniýetini, sungatyny, saglygy goraýşyny hem-de ýurduň durmuşynyň beýleki ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanan maksatnamalary abraýly durmuşa geçirmekde gazanan ajaýyp üstünlikleri we ýokary hyzmatlary üçin;

- Garaşsyz Türkmenistanyň goranmak ukybyny berkitmäge, raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek işine goşan uly şahsy goşandy üçin;

- ösüp gelýän ýaş nesli Watana söýgi we oňa wepalylyk, mertlik, halallyk, ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemek işinde görkezen ýokary hyzmatlary üçin sylaglanylýar.

 

3. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen Garaşsyz Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan daşary ýurt raýatlary hem sylaglanyp bilner.

 

4. Şu sylaga mynasyp bolan adamlara Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.

5. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanan adamlara iň pes iş hakynyň üç esse möçberinde birwagtlaýyn baýrak berilýär.

 

6. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

 

 

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň

20 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň

ÝAZGYSY

 

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly sekizburç ýyldyz görnüşinde bolup, onuň ak reňkli syrça çaýylan ýerliginde altyn çaýylan milli nagyşlar ýerleşdirilen. Sekizburçlygyň gyralaryndan ýaşyl reňkli syrçadan inçe çyzyk geçýär. Medalyň umumy diametri 44 mm.

Sekizburçlugyň merkezinde diametri 27,5 mm, ini 3,25 mm bolan ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen aýratyn gatly halka geçýär. Halkada her tarapyndan altyn çaýylan üç sany ýyldyzlar bilen bölünen «GARAŞSYZ TÜRKMENISTAN» diýen ýazgy ýerleşdirilen.

Halkanyň içki böleginiň ýaşyl-ak reňkli düşeginde çogup çykýan nurly güneşiň şekilinde, altyn çaýylan kümüşden Garaşsyzlyk binasynyň, Türkmenistanyň kartasynyň şekilleri, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesini aňladýan «XX» rim san belgisi, şeýle-de gyzyl syrça bilen örtülen bäş sany milli haly gölleriniň şekilleri, Türkmenistanyň bitaraplygyny aňladýan iki sany zeýtun şahalary ýerleşdirilen.

Medal we kolodka 925 mähekli altyn çaýylan kümüşden ýasalan.

Medal üç sany halkajyk arkaly ini 31 mm, beýikligi 20 mm bolan, ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen gönüburçluk görnüşli kolodka birikdirilýär. Kolodkanyň ýaşyl reňkli düşeginde bäş ýyldyzly ýarym aý şekillendirilen. Kolodkanyň arka tarapynda ony geýime dakmak üçin ildirgiç bar.