Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna

bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja»

atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 40-madda)

 

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe işjeň gatnaşan we ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine goşan şahsy goşantlaryny göz öňünde tutup, olary sylaglamak maksady bilen:

1-nji madda. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmeli.

2-nji madda. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

3-nji madda. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň we onuň plankasynyň ýazgylaryny tassyklamaly (goşulýar).

4-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2009-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda kabul eden «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 68-nji madda) 11-nji maddasyna şu mazmunly bendi goşmaly:

«10) «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly.».

 

         Türkmenistanyň                               Gurbanguly

            Prezidenti                                 Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2011-nji ýylyň 21-nji maýy.

№ 196-IV.

 

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna 

bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» 

atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň

DÜZGÜNNAMASY

 

1. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, çäk bitewiligini, konstitusion gurluşyny goramakda, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny berkitmekde we howpsuzlygyny üpjün etmekde göreldeli gullugy bilen tapawutlanan, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe işjeň gatnaşan we ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine şahsy goşantlaryny goşan harby gullukçylary we işgärleri sylaglamak maksady bilen döredildi.

2. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hyzmatlary üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşan we dabaraly harby ýörişi ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge goşant goşan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, şeýle hem beýleki hukuk goraýjy we harby edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri sylaglanylýar.

3. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşan we dabaraly harby ýörişi ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge goşant goşan we işjeň gatnaşan hem-de:

- Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, döwletimiziň goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň hem-de onuň raýatlarynyň howpsuzlygyny we asudalygyny üpjün etmäge şahsy goşant goşanlar;

- milli Ýaragly Güýçlerimiziň ýokary derejedäki söweşjeň taýýarlygyny üpjün etmekde, harby gullukçylary ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, goşunda ýokary düzgün-tertibi ýola goýmakda we dostlugy pugtalandyrmakda hyzmatlary bitirenler sylaglanylýar.

4. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglananlara medal we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.

5. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglananlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipdäki ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

6. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly döşüň çep tarapyndan dakylýar we «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýadygärlik medalyndan soň ýerleşýär.

 

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna

bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja»

atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň

ÝAZGYSY

 

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly güberçek görnüşinde ýerine ýetirilen on alty burçluk görnüşinde, biri-birine galtaşýan iki sany sekizburçlukdan ybarat bolup, olaryň esasy sekiz burçly böleginiň ýüzüne altyn çaýylan, burçlarynda güberçek görnüşindäki sekizburçluklar ýerleşdirilen, beýleki galtaşýan sekiz burçly bölegi romb görnüşinde bolup, onuň her biriniň merkezi bölegi ýaşyl reňkli syrça bilen örtülendir.

Medalyň umumy diametri 45 mm.

Medalyň merkezi böleginde diametri 33 mm bolan altyn çaýylan, inine 5 mm ölçegdäkiiki gyrasy güberçek görnüşli zynjyrjyklar bilen jäheklenen tegelegiň içinde 20 sany güberçek görnüşindäki sekizburçluklar ýerleşdirilen. Medalyň merkezi bölegindäki tegelegiň içi iki bölege bölünen, onuň bir bölegi ak reňkli syrça bilen örtülip, ýokarlygyna ýaýraýan günüň şöhlesi ýerleşdirilen, ikinji bölegi bolsa ýaşyl reňkli syrça örtülen. Medalyň merkezi bölegindäki tegelegiň içinde, ýagny sary reňkli syrça bilen örtülen esasy meýdanynda Türkmenistanyň kontur kartasy, ak reňkli syrça bilen örtülen böleginde altyn çaýylan güberçek görnüşindäki «XX» rim san belgisi, ikinji ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen böleginde bolsa, güberçek şekilli altyn çaýylan Türkmenistanyň esasy bäş haly gölleri ýerleşdirilen. Tegelegiň merkezinde güberçek görnüşinde ýerine ýetirilen Garaşsyzlyk Binasynyň we altyn çaýylan, biri-biri bilen kesişip geçýän zeýtun şahalarynyň ikisiniň şekilleri ýerleşdirilendir. 

Medalyň arka tarapynda, ýagny inine 0,1 mm güberçek tegelegiň daşynda güberçek görnüşindäki «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medaly» diýen ýazgysy hem-de merkezi böleginde umumy diametri 20 mm tegelegiň içinde bolsa, güberçek görnüşindäki bäş ýyldyzly ýarym aýyň şekili bar.

Medal beýikligi 15 mm, ini 28 mm bolan iki gapdaly kertikli gönüburçluk görnüşindäki kolodka halka arkaly birleşdirilendir. Kolodkanyň ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen ähli tarapa günüň şöhlesi ýaýraýan esasy böleginde altyn çaýylan, güberçek görnüşindäki sekizburçlugyň we bäş ýyldyzly ýarym aýyň şekilleri ýerleşdirilen. 

Kolodkanyň arka tarapynda medaly geýime dakmak üçin  ildirgiç bar.

 

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna 

bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» 

atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň plankasynyň

ÝAZGYSY

 

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, ähli tarapa günüň şöhlesi ýaýraýan esasy meýdanynda bäş ýyldyzly ýarym aý şekillendirilen sekizburçlyk ýerleşdirilen.

Plankanyň daşky gyrasy sary reňk bilen örtülen.

Medalyň plankasynyň esasy mis bilen nikeliň garyndysyndan ýasalyp, ölçegi beýikligine 10 mm we inine 24 mm.