Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Baha kesmek işi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3, 53-madda)
(31.03.2012 ý. № 296-IV Türkmenistanyň Kanuny
esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun baha kesmek işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär, baha kesmek işini amala aşyrmakda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
1-nji bap. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) baha kesmek – baha kesmegiň obýektiniň mümkin bolup biljek bazar bahasyny ýa-da bazar bahasyndan tapawutlanýan, başga bahasyny kesgitlemek;
2) baha kesmek işi – baha kesmegiň obýektleri babatda bazar bahasyny ýa-da bazar bahasyndan tapawutlanýan, başga bahany bellemek maksady bilen amala aşyrylýan telekeçilik işi;
3) baha kesmegiň obýektleri – raýat hukuklarynyň şu Kanun bilen bellenilen, özleri babatda baha kesmek amala aşyrylyp bilinjek obýektleri;
4) baha kesiji – ýörite hünär derejesi, baha kesmegiň obýektleriniň bahasyny kesgitlemäge ukyby we tejribesi bolan, şu Kanuna laýyklykda olara baha kesmegi amala aşyrmaga doly ygtyýary bolan fiziki şahs;
5) baha kesmäge çemeleşme – baha kesmegiň bir ýa-da birnäçe usullaryny peýdalanmak bilen, baha kesmegiň obýektleriniň mümkin bolup biljek bazar bahasyny ýa-da bazar bahasyndan tapawutlanýan, başga bahasyny kesgitlemegiň usuly;
6) baha kesmek usuly – baha kesmegiň obýektleriniň bahasyny kesgitlemegiň baha kesmäge çemeleşmeleriň çäklerinde peýdalanylýan usuly;
7) baha kesmek hakynda hasabat – şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelýän, baha kesmegiň ýumuşy, maksady we beýleki ölçegleri babatda görkezmeleri, şeýle hem baha kesijini baha kesmegiň obýektiniň bazar bahasy ýa-da bazar bahasyndan tapawutlanýan, başga bahasy hakynda netijä gelmäge getiren seljermäniň netijelerini özünde jemleýän resminama;
8) baha kesmegiň senesi – baha kesmegiň obýektiniň mümkin bolup biljek bazar bahasy ýa-da bazar bahasyndan tapawutlanýan, başga bahasy kesgitlenilýän gün ýa-da wagtyň döwri;
9) baha kesmegiň standartlary – baha kesmek boýunça işleriň ýerine ýetirilmegine bildirilýän talaplary belleýän kadalaşdyryjy resminama;
10) bazar bahasy – geleşigiň taraplarynyň bu obýekt barada ähli elýeter maglumatlara eýelik etmek bilen hereket edýän, bäsleşigiň şertlerindäki geleşigiň esasynda baha kesmegiň obýektiniň aýrybaşgalanyp bilinmegi mümkin bolan hasaplaşyk pul möçberi, geleşigiň bahasyna bolsa, şu aşakdaky ýagdaýlar täsir etmeýär, ýagny haçanda:
a) geleşigiň taraplarynyň biri baha kesmegiň obýektini aýrybaşgalamaga, beýleki tarap bolsa – ony edinmäge borçly bolmasa;
b) baha kesmegiň obýekti baha kesmegiň şeýle meňzeş obýektleri üçin mahsus bolan baha bilen jemagat ofertasy arkaly açyk bazarda satmaga hödürlenende;
ç) geleşigiň taraplary geleşigiň mazmuny barada habarly bolanlarynda we öz bähbitlerini arap hereket edenlerinde;
d) geleşigiň bahasy baha kesmegiň obýekti üçin tölenýän puluň deň derejesini özünde jemlän halatynda, kimdir biriniň tarapyndan geleşigiň taraplary babatda geleşigi amala aşyrmaga mejbur etmek bolsa - bolmadyk mahalynda;
e) baha kesmegiň obýektiniň tölegi pul görnüşinde aňladylanda;
11) bazar bahasyndan tapawutlanýan, başga baha – baha kesmegiň obýektleriniň baha kesmegiň ähli başga maksatlary üçin bellenilen bahasy, maliýe hasabatlylygynyň düzülmeginiň maksatlary üçin baha kesmek muňa degişli däldir;
12) buýrujy – baha kesmek boýunça hyzmatlaryň edilmegi üçin şertnama baglaşan, baha kesmek boýunça hyzmatlardan peýdalanyjy, fiziki ýa-da ýuridik şahs;
13) gaýtadan baha kesmek – baha kesmek işiniň subýektleriniň arasynda baha kesmegiň netijeleri ýa-da buýrujynyň isleginiň meýletin beýan edilmegi boýunça düşünişmezlikler ýüze çykan ýagdaýynda baha kesmegiň obýektiniň bazar bahasyny ýa-da bazar bahasyndan tapawutlanýan, başga bahasyny kesgitlemek;
14) nädogry baha kesmek – baha kesmek hakynda hasabatda baha kesmegiň bolmadyk obýekti üçin ýa-da Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň we baha kesmek işiniň çygrynda baha kesmek standartlarynyň bozulmagy bilen, baha kesmegiň obýektiniň bazar bahasyny ýa-da bazar bahasyndan tapawutlanýan, başga bahasynyň ýoýulmagyna getirýän nädogry maglumatlaryň ulanylmagy bilen amala aşyrylýan baha kesmek;
15) ygtyýarly edara – Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen, baha kesmek işiniň çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi, gözegçiligi we gaýry wezipeleri amala aşyrýan döwlet edarasy.
2-nji madda. Baha kesmek işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Baha kesmek işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, Türkmenistanyň baha kesmek işiniň çygryndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş cygry
Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän we Türkmenistana doly ýa-da bölekleýin degişli bolan baha kesmegiň obýektlerine baha kesmek amala aşyrylanda ýüze çykýan gatnaşyklara degişlidir.
4-nji madda. Baha kesmek işiniň esasy ýörelgeleri
Baha kesmek işiniň esasy ýörelgeleri garaşsyzlyk, açyklyk, ygtybarlylyk, ýaşyrynlyk bolup durýar.
5-nji madda. Baha kesmek işiniň subýektleri
Baha kesmek işini amala aşyrýan baha kesijiler, guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan Türkmenistanyň ýuridik şahslary (mundan beýläk - baha kesmegi ýerine ýetirijiler), buýrujylar baha kesmek işiniň subýektleri bolup durýarlar.
6-njy madda. Baha kesmegiň obýektleri
Baha kesmegiň obýektlerine gozgalýan we gozgalmaýan emläk degişlidir, şol sanda:
1) maddy däl aktiwler we intellektual eýeçilik;
2) talap hukuklary, borçnamalar (bergiler);
3) emläk toplumlary hökmünde kärhanalar;
4) raýat hukuklarynyň özleri babatda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen olaryň raýat dolanyşygyna gatnaşmak mümkinçiligi göz öňünde tutulan başga obýektleri.
7-nji madda. Baha kesmek işini amala aşyrmak hukugy
1. Eger şu Kanuna laýyklykda alnan, baha kesijiniň hünär dereje şahadatnamasy bar bolsa we ol baha kesmegi ýerine ýetirijiniň wezipe sanawyndaky işgäri bolup durýan bolsa (şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir), baha kesijiniň baha kesmegi amala aşyrmaga haky bardyr.
Şu bölegiň birinji tesiminde beýan edilenler karz edaralary tarapyndan amala aşyrylýan girewe baha kesmek bilen baglanşykly gatnaşyklara degişli däldir.
2. Baha kesmegi ýerine ýetiriji diňe baha kesmek işini amala aşyrmak üçin alan ygtyýarnamasy esasynda baha kesmek işini amala aşyrmaga doly ygtyýarlydyr. Şunda baha kesmegi ýerine ýetirijiniň wezipe sanawynda baha kesijiniň hünär dereje şahadatnamasy bolan baha kesijileriň azyndan ikisi bolmalydyr.
3. Aýry-aýry halatlarda, baha kesmegiň döwlete degişli obýektine baha kesmek üçin, şeýle hem göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ýa-da halkara standartlary boýunça maliýe hasabatlylygyny düzmek maksady bilen, ol döwlet eýeçiliginden aýrylan we (ýa-da) hususylaşdyrylan halatlarynda:
1) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti buýruja baha kesmek boýunça hyzmatlary etmek üçin daşary ýurt baha kesiji kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga rugsat berip biler;
2) baha kesmegi ýerine ýetiriji ygtyýarly edaranyň rugsady bilen we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde özüne zerur bolan daşary ýurtly ýokary hünärli baha kesijileri çekip biler.
4. Baha kesmek işiniň çygryna degişli bolmadyk Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen halatlarda, döwlet emlägine baha kesmek öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet edaralarynyň (guramalarynyň) baha kesijileri (wezipe sanawyndaky işgärleri) tarapyndan amala aşyrylýar.
8-nji madda. Baha kesmegiň görnüşleri
1. Baha kesmek hökmany ýa-da başlangyçly bolup biler.
2. Baha kesmegiň obýektine baha kesmegi geçirmek şu aşakdaky ýagdaýlarda hökmany bolup durýar:
1) baha kesmegiň döwlete doly ýa-da bölekleýin degişli bolan obýektiniň bahasy döwlet eýeçiliginden aýyrmak we (ýa-da) hususylaşdyrmak maksady bilen kesgitlenilende (ýaşaýyş jaýlaryny we öýleri hususylaşdyrmak muňa degişli däldir), Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa, - ynançly dolandyrmaga ýa-da konsessiýa berlende;
2) baha kesmegiň döwlete degişli bolan obýekti satylanda ýa-da başgaça aýrybaşgalananda, döwlet emläginiň hususy eýeçilikde bolan emläk bilen alyş-çalyş edilmegi muňa degişli däldir;
3) baha kesmegiň obýekti ýuridik şahsyň esaslyk maýasyna (gaznasyna) pul däl goýum hökmünde geçirilende;
4) döwlete degişli bolan baha kesmegiň obýekti bilen baglanyşykly bergi borçnamalary başga birine berlende;
5) baha kesmegiň obýektiniň bahasyny kesgitlemek babatda taraplaryň arasynda jedel ýüze çykanda, taraplaryň biriniň ýüz tutmasy esasynda;
6) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda baha kesmegiň obýekti döwletiň zerurlygy üçin eýelerinden satyn alnanda ýa-da tölegli başgaça alnanda;
7) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga halatlarda.
3. Şu maddanyň ikinji böleginde bellenilen baha kesmegi geçirmek talaby şu aşakdakylara degişli däldir:
1) döwlet kärhanalary, guramalary we edaralary tarapyndan olara berkidilen emläk dolandyrylanda ýüze çykýan gatnaşyklara (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda emlägi dolandyrmagyň emlägiň eýesiniň razylygy bilen amala aşyrylýan halatlary muňa degişli däldir);
2) baha kesmek işiniň çygryna degişli bolmadyk Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kesgitlenen baha boýunça ýerlenilýän, döwletiň ýa-da karz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilen täze gurluşyk binalarynyň, desgalarynyň, jaýlaryň, öýleriň, şol sanda has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryndaky öýleriň gymmatyna baha kesmäge;
3) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige alnan şertnamalara laýyklykda kesgitlenilen baha boýunça ýerlemegi amala aşyrýan ýöriteleşdirilen awtosalonlardan, söwda merkezlerinden ýa-da beýleki dellallardan satyn alnan täze awtoulag serişdelerine;
4) baha kesmek işiniň çygryna degişli bolmadyk Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde baha kesmek işi amala aşyrylýan taryhy we medeni ýadygärlikleriň, antikwariatyň närseleriniň we beýleki gozgalýan medeni gymmatlyklaryň, gymmat bahaly metallaryň, gymmat bahaly daşlaryň we olardan ýasalan önümleriň bahasyna.
4. Başlangyçly baha kesmek buýrujynyň şu Kanunda bellenilen tertipde baha kesmegiň özüne degişli bolan islendik obýektine baha kesmegi geçirmäge islegi boýunça geçirilýär.
9-njy madda. Buýrujynyň baha kesmegiň obýektine baha kesmek hukugy
1. Buýrujynyň şu Kanunda bellenilen esaslarda we şertlerde özüne degişli islendik baha kesmegiň obýektlerine baha kesmegi geçirmäge hukugy bardyr.
2. Baha kesmegi geçirmäge bolan hukuk gümansyzdyr we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde esasy gaznalaryň indeksasiýasyny geçirmek, şol sanda döwlet statistik hasaba alşyny, buhgalterçilik hasaba alşyny we maliýe hasabatlylygyny düzmegi amala aşyrmak bilen bagly däldir.
Bu hukuk baha kesmegiň obýektine gaýtadan baha kesmegi geçirmäge hem degişlidir.
3. Baha kesmegi geçirmegiň netijeleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde buhgalterçilik hasaba alşynyň maglumatlaryna düzedişleri girizmek we maliýe hasabatlylygyny düzmek üçin peýdalanylyp bilner.
10-njy madda. Baha kesmegiň obýektiniň bazar bahasyny kesgitlemek hakynda çaklama
1. Baha kesmegiň obýektine baha kesmegi hökmany geçirmek hakynda talaby özünde jemleýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namasynda ýa-da baha kesmek boýunça hyzmatlary etmek üçin şertnamada baha kesmegiň obýektiniň anyk bahasy kesgitlenilmedik bolsa, şol obýektiň bazar bahasy bellenilmäge degişli diýlip çaklanylýar.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen kada "häzirki baha", "hakyky baha", "ekwiwalent baha", "degişli baha" we başgalar ýaly baha kesmegiň obýektiniň bahasynyň görnüşini kesgitleýän adalgalar baha kesmek işiniň çygryna degişli bolmadyk Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namasynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda peýdalanylan halatlarda hem ulanylýar.
11-nji madda. Baha kesmäge çemeleşmeler
1. Baha kesmegi geçirmek üçin şular ulanylýar:
1) harajatly çemeleşme - baha kesmegiň obýektini dikeltmek ýa-da çalşyrmak üçin zerur bolan harajatlaryň kesgitlenilmegine esaslanýan, onuň könelmegini hasaba almak bilen baha kesmegiň obýektiniň bahasyny kesmegiň usullarynyň jemi;
2) deňeşdirmeli çemeleşme - baha kesmegiň obýektini özleri babatda olara baha kesmegiň senesinde olar bilen geleşikleriň bahalary hakynda maglumatlary bolan meňzeş obýektler bilen deňeşdirilmegine esaslanýan baha kesmegiň obýektiniň bahasyny kesmegiň usullarynyň jemi;
3) girdejili çemeleşme - baha kesmegiň obýektinden garaşylýan girdejileriň we çykdajylaryň kesgitlenilmegine esaslanýan baha kesmegiň obýektiniň bahasyny kesmegiň usullarynyň jemi;
4) baha kesmäge başga çemeleşmeler.
2. Baha kesmegi geçirmek üçin baha kesmegiň standartlarynda we (ýa-da) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen baha kesmek işiniň çygryndaky dürli çemeleşmeler we usullar peýdalanylyp bilner.
3. Baha kesmäge çemeleşmeleri we usullary ulanmagyň şertleri we tertibi baha kesmegiň standartlary bilen bellenilýär.
2-nji bap. BAHA KESMEK IŞINIŇ ÇYGRYNDA DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK
12-nji madda. Baha kesmek işiniň çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanda baha kesmek işiniň çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.
13-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) baha kesmek işiniň çygryndaky döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) Türkmenistanda baha kesmek işiniň ösüş maksatnamasyny tassyklaýar;
3) ygtyýarly edarany kesgitleýär;
4) Türkmenistanyň baha kesmek işiniň çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;
5) baha kesmegiň obýektleri bilen geleşikleriň kepillendiriş taýdan tassyklanany üçin döwlet paçlarynyň möçberlerini belleýär;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baha kesmek işiniň çygryndaky başga wezipeleri amala aşyrýar.
14-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara:
1) baha kesmek işiniň çygrynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär we gözegçiligi amala aşyrýar;
2) Türkmenistanda baha kesmek işiniň ösüş maksatnamasyny işläp düzmegi amala aşyrýar we ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;
3) baha kesmek işiniň çygrynda baha kesijileriň hünärliler birleşikleri bilen bilelikde Baha kesmegiň milli standartlarynyň we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp düzýär;
4) baha kesmek işini ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýar;
5) baha kesijileri okatmagyň maksatnamalaryny işläp düzýär we tassyklaýar, baha kesijileriň hünär synagyny geçirmegiň tertibini belleýär, olaryň hünär synagyny geçirýär;
6) baha kesmek hakynda hasabatyň görnüşini tassyklaýar;
7) baha kesmek işiniň subýektlerine baha kesmek işiniň meseleleri boýunça maslahat kömegini berýär;
8) baha kesmek işiniň ähli subýektleri üçin deň şertleri döretmek arkaly baha kesmek boýunça hyzmat bazarynda bäsleşigiň ösdürilmegine ýardam edýär;
9) baha kesijileriň döwlet sanawyny ýöredýär;
10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baha kesmek işiniň çygryndaky başga wezipeleri amala aşyrýar.
15-nji madda. Baha kesmegiň standartlary
1. Baha kesmegiň milli standartlary - kadalary, ýörelgeleri, düzgünleri, şeýle hem baha kesmegi geçirmegiň tertibine we baha kesmek işiniň amala aşyrylmagyna bildirilýän başga talaplary belleýän kadalaşdyryjy resminama.
Baha kesmegiň milli standartlaryny işläp düzmek Baha kesmegiň halkara standartlarynyň esasynda amala aşyrylýar.
(15-nji maddanyň birinji böleginiň üçünji tesimi Türkmenistanyň 31.03.2012 ý. № 296-IV Kanuny bilen güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi.)
Baha kesmegiň milli standartlary baha kesmegiň maksadyna we obýektine garamazdan, ähli baha kesijileriň ulanmagy üçin hökmanydyr.
2. Baha kesmegiň halkara standartlary baha kesijiler tarapyndan diňe Baha kesmegiň milli standartlarynyň tassyklanylmagyna çenli döwürde peýdalanylyp bilner.
3. Türkmenistanyň baha kesmek işiniň çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalary Baha kesmegiň milli standartlaryna çapraz gelmeli däldir.
16-njy madda. Baha kesmek işiniň ygtyýarlylandyrylmagy
Baha kesmek işiniň ygtyýarlylandyrylmagy "Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda" Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
17-nji madda. Baha kesijileriň hünär taýýarlygy we hünär synagy
1. Baha kesijileriň hünär taýýarlygy Türkmenistanyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şeýle okuwy amala aşyrmaga hukugy bolan olaryň bilim merkezleriniň binýadynda amala aşyrylýar.
2. Baha kesijileriň hünär taýýarlygy hünär dereje şahadatnamasyny almaga dalaş edýän fiziki şahslaryň hünär synagyna göýberilmegine bildirilýän hökmany talap bolup durýar.
3. Şu aşakdaky çygyrlar boýunça ýokary hünär bilimi bolan fiziki şahslar baha kesijiniň hünär şahadatnamasyny almaga dalaş edip bilerler:
1) baha kesmegiň obýektlerine baha kesmek;
2) menejment, ykdysadyýet, maliýe, hukuk öwreniş, gurluşyk ýa-da başga inžener-tehniki bilimi bolanlar we baha kesmegiň obýektlerine baha kesmek boýunça goşmaça hünär taýýarlygyny geçenler.
Şu bölegiň birinji tesiminiň talaplaryna laýyklykda ýokary hünär bilimi hakynda we hünäri boýunça goşmaça hünär taýýarlygy bolan daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanda ykrar edilen resminamalary bolan fiziki şahslaryň hem baha kesijiniň hünär dereje şahadatnamasyny almak üçin dalaş etmäge haky bardyr.
4. Şu aşakdaky fiziki şahslar hünär synagyna goýberilmeýär:
a) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öz-özünden aýrylmadyk ýa-da aýrylmadyk iş kesilenlik aýby bolanlar;
b) özleri babatda azyndan üç ýyl öň hünär synagynyň netijelerini ýatyrmak hakynda karar kabul edilenler.
5. Baha kesiji hökmünde hünär synagyndan üstünlikli geçen fiziki şahs, oňa baha kesijiniň hünär dereje şahadatnamasynyň berilmegi bilen baha kesijileriň döwlet sanawyna girizilýär.
Baha kesijiniň hünär dereje şahadatnamasy üç ýyl möhlet bilen berilýär we Türkmenistanyň ähli çäginde hereket edýär.
6. Türkmenistanyň baha kesmek işini ygtyýarlylandyrmak çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalarynda baha kesijiniň hünär dereje şahadatnamasyny almaga dalaş edýän fiziki şahslaryň hünär derejesine bildirilýän başga talaplar bellenilip bilner.
3-nji bap. BAHA KESIJILERIŇ HÜNÄRLILER BIRLEŞIKLERI
18-nji madda. Baha kesijileriň hünärliler birleşikleri
1. Baha kesijileriň hünärliler birleşikleri jemgyýetçilik guramasy görnüşinde sany bäş adamdan az bolmadyk öz esaslandyryjylarynyň başlangyjy boýunça döredilýär, agzalarynyň sanyna garamazdan hereket edýärler we Türkmenistanda baha kesmek işiniň jemgyýetçilik taýdan düzgünleşdirilmegi boýunça wezipeleri amala aşyrýarlar.
2. Baha kesijileriň hünärliler birleşikleri:
1) döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda öz agzalarynyň bähbitlerine wekilçilik edýärler;
2) baha kesmegiň obýektlerine baha kesmek bilen baglylykda jedel ýüze çykanda, öz agzalarynyň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goraýarlar;
3) Baha kesmegiň milli standartlarynyň taslamalaryny we Türkmenistanyň baha kesmek işiniň çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp düzmäge gatnaşýarlar;
4) baha kesijileriň hünär taýýarlygyna gatnaşýarlar;
5) baha kesmegiň standartlarynyň berjaý edilişine, onuň agzalary tarapyndan baha kesmek boýunça edilýän hyzmatlaryň hiline gözegçiligi amala aşyrýarlar;
6) kazyýetiň ýüz tutmasy ýa-da hukuk goraýjy we beýleki gözegçilik ediji döwlet edaralarynyň ýazmaça talabynyň esasynda ýa-da beýleki kanuny esaslar boýunça baha kesmegiň obýektlerine baha kesmek hakynda hasabatlaryň seljermesini (synyny) geçirýärler;
7) işjeňlik we hünärlilik etikasynyň kadalaryny tassyklaýarlar, olaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar, şeýle hem baha kesmegiň obýektlerine baha kesmegi amala aşyrmak boýunça öz agzalaryna başga talaplary belleýärler;
8) baha kesijileriň halkara we daşary ýurtly hökümete dahylsyz birleşikleri bilen baha kesmek işini ösdürmegiň meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy amala aşyrýarlar;
9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga işleri amala aşyrýarlar.
3. Baha kesiji baha kesijileriň hünärliler birleşiginiň diňe biriniň agzasy bolmalydyr.
4. Baha kesiji hünärliler birleşiginiň agzalygyna girmek şertlerini ýerine ýetiren halatynda, ony şol birleşigiň agzalygyna kabul etmekden boýun gaçyrylyp bilinmez.
5. Baha kesijileriň hünärliler birleşigi şu Kanunyň, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, baha kesmegiň standartlarynyň talaplarynyň, işjeňlik we hünärlilik etikasynyň kadalarynyň we birleşigiň tertipnamasynyň bozulandygy üçin baha kesijini öz agzalygynyň hataryndan çykarmak hakynda çözgüt kabul etmäge haklydyr.
4-nji bap. BAHA KESMEK IŞINI AMALA AŞYRMAGYŇ ESASLARY WE ŞERTLERI
19-njy madda. Baha kesmegiň obýektine baha kesmegi geçirmek üçin esas
1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baha kesmegi ýerine ýetiriji bilen buýrujynyň arasynda baglaşylýan baha kesmegi geçirmek üçin şertnama (mundan beýläk - şertnama) baha kesmegiň obýektine baha kesmegi geçirmek üçin esas bolup durýar. Şertnama kepillendiriş taýdan hökmany tassyklanylmagyny talap etmeýär.
2. Baha kesmegi ýerine ýetiriji şertnama boýunça baha kesmegiň obýektiniň bahasyny bellemek üçin hyzmatlary etmäge, buýrujy bolsa, ol hyzmatlary tölemäge borçlanýar.
Baha kesmegi ýerine ýetiriji bilen buýrujynyň arasyndaky şertnama bilen:
1) baha kesmegiň maksady, baha kesmek boýunça işleriň möçberi, ulanyljak düzgünler, ediljek çaklamalar, şeýle hem baha kesilmegine we (ýa-da) baha kesmek hakynda hasabatyň düzülmegine çenli ulanyljak çäklendirmeler we şertler bellenilýär;
2) baha kesmegiň anyk obýektine, baha kesmegiň birnäçe obýektlerine baha kesmegiň geçirilmegi ýa-da buýrujynyň arzasy boýunça oňa uzak möhletleýin hyzmat edilmegi göz öňünde tutulyp bilner.
3. Baha kesmek boýunça hyzmatlar üçin tölegiň möçberi baha kesmegiň obýektiniň bahasyna bagly bolup bilmez.
4. Baha ulanar ýaly bolmalydyr, şeýle hem diňe niýetlenilen maksady boýunça peýdalanylmalydyr.
5. Türkmenistanyň baha kesmek işiniň çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda baha kesmegiň obýektine baha kesmek, şol sanda gaýtadan baha kesmek kazyýetiň çözgüdiniň (ýüztutmasynyň) esasynda, şeýle hem ygtyýarly edaranyň karary boýunça geçirilip bilner.
6. Kazyýet we ygtyýarly edara baha kesmegi ýerine ýetirijini saýlamakda özbaşdakdyr.
7. Baha kesmegi geçirmek bilen baglanyşykly çykdajylar, şeýle hem baha kesmek boýunça hyzmatlaryň bahasyny tölemek buýrujy tarapyndan bellenilen tertipde ylalaşylan nyrhlara laýyklykda, şeýle nyrhlar bolmadyk mahalynda bolsa - şertnama bahasy boýunça öwezi dolunmaga degişlidir.
20-nji madda. Şertnama bildirilýän hökmany talaplar
1. Şertnama ýazmaça görnüşde baglaşylýar we onda şular bolmalydyr:
1) baha kesmegiň obýektiniň ady, onuň ýerleşýän ýeri;
2) baha kesmegi geçirmegiň möhletleri ýa-da senesi;
3) baha kesmegiň görnüşi;
4) baha kesmegiň obýektiniň kesgitleýän bahasynyň (bahalarynyň) görnüşi;
5) baha kesmek boýunça hyzmatlaryň edilmegi üçin tölegiň şertleri, tertibi we möçberi;
6) baha kesmegi ýerine ýetirijiniň raýat jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyrylmagy hakynda maglumatlar;
7) baha kesmegiň ýaşyrynlygynyň şertleri we baha kesijiniň borçlarynyň çäklendirmeleri;
8) taraplaryň hukuklary, borçlary we şertnamanyň şertleriniň ýerine ýetirilmänligi ýa-da bolmalysy ýaly ýerine ýetirilmänligi üçin jogapkärçiligi;
9) buýrujynyň baha kesmegiň obýektine eýeçilik hukugyny tassyklaýan resminamalar ýa-da buýruja baha kesmek hakynda şertnamany baglaşmaga hukuk berýän başga esaslar hakynda maglumatlar;
10) baha kesmegi ýerine ýetirijide baha kesmek işini amala aşyrmak üçin bar bolan ygtyýarnama hakynda maglumatlar;
11) taraplaryň rekwizitleri (ýuridik şahsyň doly ady, ýuridik salgysy, bank rekwizitleri we hususy salgyt belgisi ýa-da fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, pasport maglumatlary).
Şeýle-de şertnamada şu bölekde göz öňünde tutulmadyk başga maglumatlar we şertler hem görkezilip bilner.
2. Baha kesmegiň obýektine (obýektlerine) baha kesmek hakynda şertnama baha kesmegiň şol obýektine (baha kesmegiň obýektlerine) takyk salgylanmany, şeýle hem onuň (olaryň) beýanyny özünde jemlemelidir.
3. Döwlete degişli obýektlere baha kesilende şol obýektleriň balans saklaýjysy bilen şertnama baglaşylýar.
21-nji madda. Baha kesmek hakynda hasabat we onuň mazmunyna bildirilýän talaplar
1. Baha kesmegi ýerine ýetiriji baha kesmegi geçirenden soň baha kesmek hakynda hasabaty ýazmaça görnüşde düzýär we ony buýruja berýär.
2. Baha kesmek hakynda hasabatyň mazmuny onuň çaklanylýan peýdalanylmagyna, baha kesmegiň obýektiniň görnüşine we baha kesmek üçin ýumuşa baglydyr.
3. Baha kesmek hakynda hasabatda baha kesmäge düşünmek üçin zerur bolan maglumatlar bolmalydyr. Hasabatda baha kesijiniň baha kesmegiň obýektiniň bahasy hakynda pikiri takyk, göni manyda beýan edilmelidir. Hasabatda dürli düşündirmeleriň bolmagyna ýa-da buýrujynyň ýalňyşmagyna getirilmegine ýol berilmeýär, onda şeýle hem buýruja maglumatyň takyk seljermesine, baha kesmegiň ulanylan çemeleşmelerine we usullaryna, şeýle hem seljermäniň geçirilen, pikiriň döredilen we baha kesmegiň bahasy hakynda netijenamanyň (mundan beýläk - baha kesmek hakynda netijenama) düzülen sebäplerine esaslanýan baha kesmegiň anyk düşünjesi berilmelidir.
4. Baha kesmek hakynda hasabatda şu aşakdakylar görkezilýär:
1) baha kesmegiň geçirilen senesi, şeýle hem hasabatyň düzülen senesi;
2) baha kesmegi geçirmegiň maksatlary;
3) baha kesmegiň obýektine baha kesmegi geçirmek üçin esas;
4) baha kesmegi ýerine ýetirijiniň we buýrujynyň rekwizitleri (ady, ýerleşýän ýeri (poçta, ýuridik salgysy), bank rekwizitleri, hususy salgyt belgisi);
5) baha kesmegi ýerine ýetirijä baha kesmek işini amala aşyrmak üçin berlen ygtyýarnama hakynda maglumatlar;
6) baha kesmegi ýerine ýetiren baha kesijiniň familiýasy, ady, atasynyň ady, hünär dereje şahadatnamasynyň belgisi we berlen senesi;
7) baha kesmegiň obýektiniň takyk beýany (kybaplanylmagy we kesgitlenilmegi), onuň balans bahasy;
8) baha kesmegiň standartlarynyň, baha kesmegiň çemeleşmeleriniň we usullarynyň (ulanylmagy, şonuň ýaly-da ulanylmazlygy delillendirilmäge degişlidir), baha kesmek geçirilende kabul edilen başlangyç maglumatlaryň (olaryň alnan çeşmesini görkezmek bilen), şeýle hem baha kesijiniň baha kesmegi ýerine ýetirende goýberen säwlikleriniň we eden çaklamalarynyň sanawy;
9) kesilen bahanyň mazmunyny düşündirýän görnüşi we kesgitlemesi;
10) baha kesmegiň tapgyrlary we baha kesmegiň obýektiniň teklip edilýän bahasyny kesgitlemegiň esaslary, çäklendirmeler we kesilen bahanyň ulanylýan ýerleri;
11) baha kesiji tarapyndan ulanylýan baha kesmegiň obýektiniň mukdar we hil taýdan häsiýetlendirilmegini belleýän resminamalaryň sanawy;
12) baha kesmegiň obýektini gözden geçirmegiň ykrarnamasy.
5. Eger baha kesmegiň obýektine baha kesmek geçirilende bazar bahasyndan tapawutlanýan, başga baha kesgitlenilen halatynda, hasabatda şol bahany bellemegiň ölçegleri we baha kesmegiň obýektiniň mümkin bolup biljek bazar bahasyndan üýtgemeleriniň sebäpleri görkezilýär.
6. Baha kesmek hakynda hasabatda islendik çaklamalar we baha kesmegiň esaslanýan çäklendiriji şertleri jikme-jik açylyp görkezilmelidir.
Şeýle hem baha kesmek hakynda hasabata baha kesijiniň pikirine görä bahasy kesilen obýektiň bahasyna düýpli täsir eden başga maglumatlar hem goşulyp bilner.
7. Baha kesmek hakynda hasabata baha kesmegi amala aşyran baha kesiji tarapyndan gol çekilmelidir, ol sahypalaýyn belgilenmelidir, çatylmalydyr we baha kesmegi ýerine ýetirijiniň ýolbaşçysynyň möhüri we goly bilen berkidilmelidir.
Eger baha kesmek baha kesmegiň obýektiniň düzümine girýän baha kesmegiň dürli obýektleri boýunça baha kesijileriň birnäçesi tarapyndan geçirilen bolsa, hasabata her bir baha kesiji tarapyndan, özüniň baha kesmegi geçiren obýektini görkezmek bilen, gol çekilýär.
8. Baha kesmek hakynda hasabata şu aşakdakylaryň nusgalary hem goşulýar:
1) baha kesmegi ýerine ýetirijiniň ygtyýarnamasynyň we baha kesmegi ýerine ýetiren baha kesijiniň hünär dereje şahadatnamasynyň;
2) baha kesiji tarapyndan peýdalanylan, esasynda baha kesmegiň obýektiniň hil we mukdar taýdan häsiýetlendirilmegi bellenilen, resminamalaryň.
9. Baha kesmek hakynda hasabat baha kesmegi ýerine ýetiriji tarapyndan bäş ýylyň dowamynda saklanylýar.
10. Buýruja baha kesmek hakynda hasabat bilen birlikde baha kesmek hakynda netijenama berilýär, onda baha kesmek hakynda hasabatyň esasy düzgünleri gysgaça beýan edilýär.
22-nji madda. Baha kesmek hakynda hasabatyň dogrulygy
1. Baha kesmegiň obýektiniň bazar bahasynyň ýa-da bazar bahasyndan tapawutlanýan, başga bahasynyň şu Kanunda göz öňünde tutulan esaslar we tertip boýunça düzülen, baha kesmek hakynda hasabatda görkezilen jemlenilen ululygy dogry diýlip ykrar edilýär we baha kesmegiň obýekti bilen geleşigi amala aşyrmagyň maksatlary üçin teklip ediji häsiýete eýe bolup durýar.
2. Baha kesmek hakynda hasabatda bellenilen, baha kesmegiň obýektiniň bazar bahasynyň ýa-da bazar bahasyndan tapawutlanýan, başga bahasynyň ululygynyň dogrulygy hakynda, şol sanda şol bir obýekte baha kesmek hakynda bar bolan başga hasabat bilen baglanyşykly jedel ýüze çykan halatynda taraplar kazyýete ýüz tutup bilerler.
3. Kazyýetiň gaýtadan garaşsyz baha kesmegi bellemäge we taraplary onuň netijelerine görä kesgitlenilen nyrh boýunça geleşigi amala aşyrmaga borçly etmäge haky bardyr.
4. Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän obýekte baha kesmek hakynda daşary ýurtly baha kesiji tarapyndan ýerine ýetirilen hasabatyň, şu Kanuna laýyklykda hereket edýän we ygtyýarly edara tarapyndan teklip edilen baha kesiji tarapyndan tassyklanylmagy hökmanydyr, şu Kanunyň 7-nji maddasynyň üçünji böleginde bellenilen halatlar muňa degişli däldir.
5-nji bap. BAHA KESIJINIŇ, BAHA KESMEGI ÝERINE ÝETIRIJINIŇ WE BUÝRUJYNYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY
23-nji madda. Baha kesijiniň hukuklary we borçlary
1. Baha kesijiniň şulara hukugy bardyr:
1) baha kesmegi geçirmegi şu Kanuna we baha kesmegi buýrujy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda meýilnamalaşdyrmaga;
2) baha kesmäge çemeleşmeleri baha kesilýän pursatda baha kesmegiň hereket edýän standartlaryna laýyklykda kesgitlemäge we baha kesmegiň usullaryny ulanmaga;
3) buýrujynyň baha kesmegi geçirmek üçin gerek bolan resminamalary bilen tanyşmaga mümkinçilik almaga, döwlet ýa-da täjirçilik syryny düzýän maglumatlar muňa degişli däldir;
4) buýrujydan baha kesmegi geçirmek üçin gerek bolan ýazmaça düşündirişleri we goşmaça maglumatlary almaga;
5) bahasy kesilýän emläge, baha kesijiniň baha kesmek işine, buýrujynyň buýurmasyna belli bir gatnaşygy bolan, baha kesijiler we buýrujylar bolup durmaýan taraplardan (mundan beýläk - üçünji taraplar) baha kesmegi geçirmek üçin gerek bolan maglumatlary ýazmaça görnüşde ýa-da dilden sorap almaga, döwlet ýa-da täjirçilik syryny düzýän maglumatlar muňa degişli däldir. Eger şeýle maglumatlary bermekden boýun gaçyrylmagy baha kesmegiň netijeleriniň dogrulygyna düýpli ýagdaýda täsir edýän bolsa, baha kesiji ony baha kesmek hakynda hasabatda görkezýär;
6) baha kesmegiň obýektiniň gözden geçirilmegini amala aşyrmaga;
7) zerur bolan halatynda baha kesmäge beýleki baha kesijileri çekmek hakynda haýyş bilen baha kesmegi ýerine ýetirijiniň ýolbaşçysyna ýüz tutmaga.
2. Baha kesijiniň şu aşakdaky halatlarda baha kesmegi geçirmekden boýun gaçyrmaga hukugy bardyr, ýagny, eger buýrujy:
1) şertnamanyň şertlerini bozan bolsa;
2) baha kesmegi geçirmek üçin maglumatlary we (ýa-da) resminamalary bermedik bolsa ýa-da doly däl ýa-da nädogry maglumatlary özünde jemleýän resminamalary beren bolsa;
3) baha kesmegiň obýektini gözden geçirmäge mümkinçiligi üpjün etmedik bolsa;
4) baha kesijiniň işlerine gatyşýan bolsa.
3. Baha kesiji şulara borçludyr:
1) şu Kanunyň we Türkmenistanyň baha kesmek işiniň çygryndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna, baha kesmek standartlaryna we baglaşylan şertnamanyň şertlerine laýyklykda baha kesmegi amala aşyrmaga;
2) buýruja onuň şu maddanyň ikinji böleginde we şu Kanunyň 22-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen oňa hakyky baha kesmegi geçirmäge päsgelçilik berýän ýagdaýlaryň ýüze çykandygy we (ýa-da) aradan aýrylmaýandygy zerarly baha kesmegi ýerine ýetirmäge mümkinçiligiň ýokdugy hakynda habar bermäga;
3) baha kesmek geçirilen mahalynda baha kesmegiň obýektini takyk kybaplamaga we kesgitlemäge, baha kesmegiň netijeleriniň maksadyny we çak edilýän ulanylmagyny bellemäge, kesilýän bahanyň ululygyna täsir edýän ähli düýpli faktorlary hasaba almaga, baha kesmek hakynda esaslandyrylan we obýektiw hasabaty düzmäge;
4) baha kesmek geçirilende we baha kesmek hakynda hasabat resmileşdirilende alynýan resminamalaryň aýawlylygyny üpjün etmäge;
5) baha kesmek geçirilende buýrujydan alnan ýaşyryn maglumaty jar etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir;
6) baha kesijileriň hünärliler birleşiginiň agzasy bolmaga we onuň işine gatnaşmaga. Bu talap baha kesijileriň ilkinji hünärliler birleşiginiň döwlet tarapyndan bellige alynmagyna çenli döwürde ulanylmaýar.
24-nji madda. Baha kesmegi ýerine ýetirijiniň hukuklary we borçlary
1. Baha kesmegi ýerine ýetirijiniň şulara hukugy bardyr:
1) baha kesmegiň obýektine baha kesmäge gatnaşmagy üçin öz wezipe sanawynda durýan islendik baha kesijini oňa çekmäge;
2) baha kesmek işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly ygtyýarly edaranyň, beýleki döwlet edaralarynyň çözgütlerine kazyýetde şikaýat etmäge.
2. Baha kesmegi ýerine ýetiriji şulara borçludyr:
1) buýrujynyň talap etmegi boýunça öz alan ygtyýarnamasynyň, ätiýaçlandyryş polisiniň, şeýle hem öz wezipe sanawynda durýan baha kesijileriň hünär dereje şahadatnamalarynyň nusgalaryny bermäge;
2) buýruja baha kesmek hakynda hasabaty we baha kesmek hakynda netijenamany öz wagtynda bermäge;
3) düzülen hasabatlaryň, baha kesmek hakynda netijenamalaryň, şertnamalaryň we baha kesmegiň obýektlerine baha kesmek bilen baglanyşykly beýleki resminamalaryň nusgalyklaryny bäş ýylyň dowamynda saklamaga;
4) baha kesmegiň obýektlerine baha kesmek bilen baglanyşykly saklanylýan hasabatlaryň ýa-da maglumatlaryň nusgalaryny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hukuk goraýjy, kazyýet we beýleki döwlet edaralaryna bermäge.
25-nji madda. Baha kesijiniň işiniň çäklendirmeleri we onuň garaşsyzlygy
1. Baha kesijiniň baha kesmegiň obýektiniň bahasyny kesgitlemäge haky ýokdur, eger-de ol:
1) baha kesmegiň obýektiniň eýesi bolsa;
2) baha kesmegiň obýektine emläk hukugy bolan Türkmenistanyň ýuridik şahsynyň esaslandyryjysy, paýdary ýa-da wezipeli işgäri bolsa;
3) buýrujy bolsa;
4) şu bölegiň 1-3-nji bentlerinde görkezilen adamlardan biriniň äri (aýaly) ýa-da (kanun boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen birinji we ikinji nobatly mirasdüşere deňleşdirilýän) başga ýakyn garyndaşy bolsa;
5) baha kesmekde öz şahsy, gös-göni ýa-da gytaklaýyn bähbidi bolan şahs ýa-da onuň adalatlylygyna şübhe döredýän başga ýagdaýlar bar bolsa.
2. Eger baha kesmegiň obýektine baha kesmegi geçirmegiň netijeleriniň dogrulygyna, şol sanda baha kesmegiň obýektine baha kesmek geçirilen mahalynda anyklanylmagyna ýa-da kesgitlenilmegine degişli meseleleriň toparynyň çäklendirilmegine ýaramaz täsir edýän bolsa, buýrujynyň ýa-da üçünji taraplaryň baha kesijiniň işine gatyşmagyna ýol berilmeýär.
26-njy madda. Baha kesmegi ýerine ýetirijiniň raýat jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyrylmagy
1. Baha kesmegi ýerine ýetirijiniň raýat jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyrylmagy buýrujylaryň hukuklarynyň goralmagyny üpjün edýän goşmaça şert bolup durýar we ol Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Ätiýaçlandyryş polisiniň bolmagy baha kesmek hakynda şertnamany baglaşmak üçin hökmany şert bolup durýar.
3. Baha kesmegi ýerine ýeitirijiniň raýat jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyrylmagy baha kesmek işiniň anyk görnüşi boýunça (baha kesmegiň obýektine baglylykda) ýa-da baha kesmegiň obýektine baha kesmek hakynda anyk şertnama boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak görnüşinde amala aşyrylyp bilner.
27-nji madda. Buýrujynyň hukuklary we borçlary
1. Buýrujynyň şulara hukugy bardyr:
1) baha kesijiden Türkmenistanyň baha kesmek işiniň çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplary, şeýle hem baha kesmegi geçirmegiň çemeleşmeleri we usullary hakynda maglumatlary almaga;
2) Türkmenistanyň baha kesmek işiniň çygrynda baha kesmek hakynda hasabatyň, baha kesmek hakynda netijenamanyň we baha kesijiniň netijeleriniň esaslanýan kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen tanyşmaga;
3) baha kesiji şertnamanyň şertlerini bozan halatynda onuň hyzmatlaryndan boýun gaçyrmaga.
2. Buýrujy şulara borçludyr:
1) baha kesijä baglaşylan şertnama laýyklykda baha kesmegi öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin zerur şertleri döretmäge;
2) baha kesijä baha kesmegi geçirmek üçin zerur bolan resminamalary we maglumatlary bermäge, şeýle hem baha kesijiniň talaby boýunça öz adyndan üçünji taraplara ýazmaça talaplary ibermäge;
3) baha kesijiniň işine gatyşmazlyga.
6-njy bap. ŞU KANUNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK. JEDELLERIŇ ÇÖZLÜŞI
28-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
1. Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär bolan baha kesmek işiniň subýektleri, wezipeli adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.
2. Baha kesiji baha kesmegiň netijelerini bilkastlaýyn ýoýandygy, baha kesmek işiniň ýörelgelerini berjaý etmändigi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýär.
3. Baha kesmegi ýerine ýetiriji nädogry baha kesilendigi (baha kesiji tarapyndan baha kesmek hakynda nädogry hasabatyň düzülendigi), döwlet ýa-da täjirçilik syrynyň jar edilendigi, şeýle hem baha kesmegi geçirmek üçin buýrujy tarapyndan baha kesijä berlen resminamalaryň saklanylmagynyň we bütewiliginiň üpjün edilmändigi netijesinde buýruja ýetirilen zyýan (zelel) üçin onuň öňünde jogapkärçilik çekýär.
4. Elden giderilen peýdany hem goşmak bilen, baha kesmegiň ýaramaz hilli geçirilendigi ýa-da bolmalysy ýaly geçirilmändigi netijesinde buýruja ýetirilen ýitgiler, Türkmenistanyň kanunçylygyna we şertnamanyň şertlerine laýyklykda baha kesmegi ýerine ýetiriji tarapyndan öwezi dolunmaga degişlidir.
5. Eger olar buýrujy ýa-da üçünji taraplar tarapyndan nädogry resminamalaryň we maglumatlaryň berilmeginiň netijesinde ýüze çykan bolsa, baha kesmegi ýerine ýetiriji baha kesmek hakynda hasabatda we baha kesmek hakynda netijenamada görkezilen ýa-da baha kesmegiň obýektiniň kazyýet tarapyndan ykrar edilen nädogry bahasy üçin buýruja ýetirilen ýitgiler üçin jogapkärçilik çekmeýär.
29-njy madda. Jedelleriň çözlüşi
Baha kesmegi ýerine ýetiriji bilen buýrujynyň arasynda baha kesmegi geçirmek üçin şertnama ýerine ýetirilende ýüze çykýan we (ýa-da) baha kesmegiň obýektiniň baha kesmek hakynda şertnamada görkezilen bazar bahasynyň ýa-da bazar bahasyndan tapawutlanýan, başga bahasynyň dogrulygy hakyndaky, şeýle hem baha kesmek bilen baglanyşykly jedeller kazyýet tertibinde çözülýär.
7-nji bap. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
30-njy madda. Döwlet pajy
Baha kesmegiň obýektleri bilen geleşikleriň kepillendiriş taýdan tassyklanylmagy üçin döwlet pajy baha kesmegiň obýektiniň bazar bahasy ýa-da bazar bahasyndan tapawutlanýan, başga bahasy baha kesmegiň obýektiniň bahasyna düýpli täsir etmeýän möçberde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
31-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.
2. Şu Kanuna çapraz gelýän Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanuna laýyk getirilmäge degişlidir.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2011-nji ýylyň 4-nji awgusty.
№ 209-IV.