Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3, 54-madda)
Şu Kanun Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň işiniň hukuk esaslaryny, wezipelerini we ýerine ýetirýän işlerini, olary döretmegiň, işini togtatmagyň we bes etmegiň esaslaryny, diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlaryny we diplomatik personalynyň agzalaryny wezipä bellemegiň we işini bes etmegiň tertibini, şeýle hem olara we olaryň maşgala agzalaryna artykmaçlyklary hem-de immunitetleri bermegiň esaslaryny kesgitleýär.
1-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary (mundan beýläk - diplomatik wekilhanalar) bolýan döwleti bilen resmi döwletara gatnaşyklary saklamak, Türkmenistanyň we onuň raýatlarynyň hukuklaryna we bähbitlerine wekilçilik etmek hem-de goramak üçin döredilýär.
2-nji madda
Diplomatik wekilhanalar Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň esasynda döredilýär. Bu barada deslapky ylalaşyk daşary ýurt döwletleri bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn resminamalarynyň (şertnamalaryň, ylalaşyklaryň, teswirnamalaryň, ähtnamalaryň, beýannamalaryň, şeýle hem diplomatik notalary alyşmagyň we başgalaryň) esasynda bellenilýär.
Diplomatik wekilhana öz işini Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy esasynda togtadýar ýa-da bes edýär. Şunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi diplomatik ýollar arkaly bolunýan döwlete diplomatik wekilhananyň işiniň togtadylýandygy ýa-da bes edilýändigi barada degişli habary iberýär.
3-nji madda
Diplomatik wekilhanalar öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, Türkmenistanyň kanunlaryndan we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan gollanýarlar.
4-nji madda
Diplomatik wekilhanalar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ulgamyna girýärler.
Diplomatik wekilhanalar öz işinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hasabat berýärler.
5-nji madda
Diplomatik wekilhanalar ilçihanalara we missiýalara bölünýär.
Türkmenistanyň ilçihanalaryna Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri baştutanlyk edýärler.
Türkmenistanyň missiýalaryna Türkmenistanyň wekilleri, Türkmenistanyň işleri ynanylanlar, halkara guramalarynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilleri baştutanlyk edýärler.
Türkmenistanyň ilçihanalary we missiýalary daşary ýurt döwletleri bilen gatnaşyklary saklamak maksady bilen açylýar.
Türkmenistanyň missiýalary Hemişelik wekilhanalar, hemişelik ýa-da wagtlaýyn missiýalar görnüşinde halkara guramalarynyň ýanynda hem açylyp bilner.
6-njy madda
Diplomatik wekilhanalaryň personalynyň sany Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.
Zerur halatynda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň personalynyň sany hakyndaky mesele bolýan döwleti bilen deslapdan ylalaşylýar.
7-nji madda
Diplomatik wekilhanalar aşakdaky işleri amala aşyrýarlar:
1) bolýan döwletinde Türkmenistana wekilçilik edýärler;
2) bolýan döwleti we halkara guramalary bilen Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we özara gyzyklanma bildirýän beýleki çygyrlarda gatnaşyklarynyň we arabaglanyşyklarynyň ösdürilmegine ýardam edýärler;
3) bolýan döwletinde halkara hukugy we bu döwlet bilen ikitaraplaýyn halkara şertnamalary, şeýle hem döwletleriň ikisiniň gatnaşyjylary bolup durýan köptaraplaýyn şertnamalary bilen bellenen çäklerde Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýärler;
4) bolýan döwletinde Türkmenistanyň daşary we içeri syýasaty, onuň durmuş-ykdysady, medeni we ruhy durmuşy baradaky resmi maglumatlary ýaýradýarlar;
5) bolýan döwletiniň hökümeti we beýleki guramalary hem-de edaralary bilen gepleşikleri alyp barýarlar;
6) ýokary, hökümet we parlament derejelerinde döwletara gatnaşyklaryny, şeýle hem resmi wekiliýetleriň saparlaryny taýýarlamaga we amala aşyrmaga gatnaşýarlar, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň tabşyrmagy boýunça bolýan döwletine Türkmenistanyň wekiliýetlerini ugratmagyň meselelerini ylalaşýarlar;
7) bolýan döwleti we halkara guramalary bilen Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň taslamalaryny taýýarlamaga, şeýle hem halkara şertnamalaryny baglaşmak, tassyklamak, ýerine ýetirmek, hereketini togtatmak we ýatyrmak baradaky teklipleri taýýarlamaga gatnaşýarlar;
8) bolýan döwletiniň daşary syýasat edarasy bilen, şeýle hem bu döwletde ýerleşýän diplomatik, gaýry wekilhanalary we konsullyk edaralary bilen hemişelik aragatnaşyk saklaýarlar;
9) bolýan döwletindäki wakalar hakynda maglumatlary ähli kanuny usullar bilen alýarlar we olar barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Türkmenistanyň Hökümetine habar berýärler;
10) bolýan döwleti bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça tekliplerini bellenilen tertipde girizýärler;
11) bolýan döwletinde ýaşaýan watandaşlar bilen aragatnaşyklary hem-de arabaglanyşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge ýardam edýärler;
12) Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň tabşyrmagy boýunça halkara-hukuk kadalary bilen düzgünleşdirilen we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen konsullyk işlerini hem ýerine ýetirýärler;
13) Türkmenistanyň kanunçylygy hem-de halkara hukugynyň kadalary bilen olaryň ygtyýaryna degişli edilen beýleki işleri amala aşyrýarlar.
8-nji madda
Diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary (adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçiler, wekiller, işleri ynanylanlar we halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekiller) olaryň bellenilýän daşary ýurt döwletiniň razylygy (agreman) bellenilen tertipde alnandan soň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär.
Diplomatik wekilhanalaryň baştutanlaryny wezipä bellemek Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň teklibi boýunça amala aşyrylýar.
Öz bellenilen döwletine gidýän Türkmenistanyň ilçilerine we wekillerine Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen weTürkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan kontrassiglenen ynanç haty berilýär.
Halkara guramalarynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara guramasynyň baştutanynyň adyna ýazylan haty berilýär.
Türkmenistanyň işleri ynanylanlara Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň kabul edýän döwletiň Daşary işler ministriniň adyna ýazylan degişli haty berilýär.
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň baştutany kabul edýän döwlete baranynda bu döwletde (halkara guramasynda) bellenen amallara laýyklykda ynanç hatyny (haty) gowşurýar.
9-njy madda
Diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary we diplomatik personalynyň agzalary diňe Türkmenistanyň raýatlary bolup bilerler.
Diplomatik wekilhananyň dolandyryş-tehniki we hyzmat ediji personalynyň agzalary bolýan döwletiniň raýatlary ýa-da bolýan döwletiniň çäginde ýaşaýan beýleki döwletleriň raýatlary bolup bilerler. Olary işe kabul etmek we işden boşatmak bolýan döwletiniň Daşary işler ministrligini habarly etmek bilen amala aşyrylýar.
10-njy madda
Türkmenistanyň ilçileri we wekilleri bolýan döwletindäki hereket edýän tejribä baglylykda şol döwletde öz wezipelerini ýerine ýetirmäge girişýärler, hususan-da:
1) ynanç hatyny ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň hatyny gowşuran pursadyndan başlap;
2) özleriniň bellenilen döwletiniň Daşary işler ministrligine baranlygy hakyndaky habary beren we ynanç hatynyň tassyklanan nusgasyny gowşuran pursadyndan başlap.
Türkmenistanyň işleri ynanylanlar özleriniň bellenilen döwletiniň Daşary işler ministrine degişli haty gowşuran pursadyndan başlap öz wezipelerini ýerine ýetirmäge girişýärler.
11-nji madda
Diplomatik wekilhananyň baştutanynyň we beýleki agzalarynyň bellenilen döwletindäki işi şu halatlarda bes edilýär:
1) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde işden boşanda;
2) aradan çykanda;
3) bolýan döwletinde ol persona non grata diýlip yglan edilende.
12-nji madda
Diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary:
1) Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan çykyş edýärler we hereket edýärler;
2) diplomatik wekilhanalaryň işini guraýarlar we ugrukdyrýarlar;
3) bolýan ýurdunyň döwlet häkimiýet edaralarynda Türkmenistanyň bähbitlerine degişli meseleleriň garalmagyna we çözülmegine gatnaşýarlar;
4) diplomatik wekilhanalaryň üstüne ýüklenilen wezipeleriň we işleriň ýerine ýetirilmegi üçin şahsy jogapkärçilik çekýärler, diplomatik, administratiw-tehniki we hyzmat ediji personalyň agzalarynyň jogapkärçilik derejesini belleýärler;
5) bolýan döwletinde öz işini alyp barýan Türkmenistanyň ähli wekilhanalaryna umumy syýasy ýolbaşçylygy amala aşyrýarlar.
13-nji madda
Eger bolýan döwletiniň islendigi tarapyndan garşylyk bildirilmese, diplomatik wekilhananyň baştutany şol bir wagtyň özünde daşary ýurt döwletleriniň birinde ýa-da birnäçesinde şol wezipä bellenilip bilner.
Diplomatik wekilhananyň baştutany, şonuň ýaly-da diplomatik wekilhananyň agzalary şu Kanunyň 8-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde islendik halkara guramasynda Türkmenistanyň wekilleri edilip bellenilip bilner.
14-nji madda
Diplomatik wekilhanalaryň baştutanynyň we diplomatik personalynyň agzalarynyň şulara hukugy ýokdur:
1) mugallymçylyk, ylmy we döredijilik işinden başga, beýleki hak tölenilýän iş bilen meşgullanmaga;
2) özüniň ýa-da ynanylan adamlarynyň üsti bilen telekeçilik işi bilen meşgullanmaga;
3) Türkmenistanyň Prezidentiniň razylygy bolmasa, daşary ýurt döwletleriniň, halkara we daşary ýurt guramalarynyň sylaglaryny, hormatly we ýörite atlaryny almaga.
15-nji madda
Eger bolýan döwleti bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn ylalaşyklarynda başgaça bellenilmedik bolsa, diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary we agzalary, şonuň ýaly-da olaryň maşgala agzalary, dolandyryş-tehniki we hyzmat ediji personalyň agzalary we olaryň maşgala agzalary diplomatik gatnaşyklar hakyndaky 1961-nji ýylyň Wena Konwensiýasynda hem-de bolýan döwletiniň kanunçylygynda göz öňünde tutulan artykmaçlyklardan we immunitetlerden peýdalanýarlar.
16-njy madda
Diplomatik wekilhanalar ýuridik şahsdyrlar we olaryň Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen hem-de Türkmenistanyň döwlet dilinde we iňlis dilinde öz atlary ýazylan möhri bardyr.
17-nji madda
Diplomatik wekilhananyň edara binasynda we Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň baştutanynyň rezidensiýasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyrylýar, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we Türkmenistanyň döwlet dilinde hem-de bolýan ýurdunyň dilinde ýazylan ýazgy goýulýar.
Türkmenistanyň döwlet nyşanlary bolýan döwletiniň protokol tejribesini göz öňünde tutmak bilen ulanylýar.
18-nji madda
Diplomatik wekilhanalaryň emlägi Türkmenistanyň eýeçiligidir.
19-njy madda
Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
1996-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen "Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., № 1-2, 5-nji madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2011-nji ýylyň 4-nji awgusty.
№ 210-IV.