Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Gümrük gullugy hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2010 ý., № 1, 15-nji madda)
(01.10.2011 ý. № 236-IV, 23.11.2016 ý. № 484-V, 03.06.2017 ý. № 573-V, 25.11.2017 ý.№ 657-V, 20.10.2018 ý. № 82-VI, 02.03.2019 ý. № 127-VI, 30.11.2019 ý. № 211-VI, 14.03.2020 ý.
№ 234-VI, 24.10.2020 ý. № 307-VI, 08.05.2022 ý. № 483-VI, 24.07.2022 ý. № 496-VI, 03.06.2023 ý. № 28-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun gümrük gullugynyň işiniň hukuk esaslaryny hem-de ýörelgelerini, wezipelerini, hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.
I bölüm. Umumy düzgünler
1-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň gümrük ulgamynyň işini düzgünleşdirmek babatdaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, gümrük meseleleri boýunça halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän, şeýle hem işleri bilen baglanyşykly kontrabanda we beýleki jenaýatlara, administratiw hukuk bozulmalaryna garşy göreşi amala aşyrýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy bolup durýar.
2-nji madda. Türkmenistanyň gümrük gullugy hakyndaky kanunçylygy
1. Türkmenistanyň gümrük gullugy hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Türkmenistanyň Gümrük Kodeksinden, şu Kanundan hem-de gümrük gullugynyň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň düzümi we ýolbaşçylygy
1. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň düzümine merkezi edarasy, onuň ýanyndaky Okuw merkezi, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher gümrükhanalary, olaryň gümrük nokatlary (mundan beýläk – gümrük edaralary) girýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň düzümine hojalyk hasaplaşygyndaky edaralary we beýleki edaralary hem girýär.
2. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan başlygy ýolbaşçylyk edýär.
3. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarlary, gümrükhanalaryň müdirleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýärler we wezipeden boşadylýarlar.
4. Türkmenistanyň gümrük gullugynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan ýolbaşçylarynyň we wezipeli işgärleriniň wezipeleriniň sanawy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.
5. Gümrük gullugynyň işgärlerine şahsyýetini we eýeleýän wezipesini tassyklaýan şahsyýetnama we bellenilen nusgadaky tapawutlandyryş nyşanlary, şeýle hem belgili şahsy möhür berilýär, şol şahsyýetnamanyň we belgili şahsy möhüriň nusgasy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy tarapyndan tassyklanylýar.
6. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň umumy sany hem-de onuň Merkezi edarasynyň gurluşy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.
4-nji madda. Gümrük gullugynyň hukuk derejesi
1. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan, gümrük gullugynyň edaralary hakynda Düzgünnamalar bolsa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy tarapyndan tassyklanylýar.
2. Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşylmagy esasynda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan zerurlygyna görä gümrükhanalar döredilip, üýtgedilip guralyp we ýatyrylyp bilner.
3. Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän we Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük nokatlary welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher gümrükhanalarynyň aýrybaşga bölümi bolup, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy tarapyndan tassyklanýan Düzgünnama esasynda hereket edýärler.
4. Gümrük nokatlary ýolagçy we haryt akymlarynyň möçberlerinden, aýry-aýry sebitleriň ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň wajyplygyndan, ulag kärhanalarynyň, harytlary daşary ýurtlara iberijileriň we daşary ýurtlardan getirijileriň, daşary söwda işi bilen meşgullanýan beýleki taraplaryň isleglerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döredilýär.
5-nji madda. Gümrük gullugynyň işiniň esasy ýörelgeleri
1. Gümrük gullugy öz işinde kanunylyk, raýatlaryň kanunyň öňündäki deňligi, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi, mertebesine hormat goýulmagy ýörelgelerinden ugur alýar.
2. Gümrük gullugy raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hakyndaky kanunçylygyň talaplaryna ters gelmeýän, şeýle hem döwlet syrynyň we kanun arkaly goralýan beýleki syrlaryň açylmagyna getirmeýän halatynda, aýanlyk ýagdaýynda hereket edýär.
6-njy madda. Gümrük gullugynyň esasy wezipeleri
Gümrük gullugynyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:
1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny goramak;
2) Türkmenistanyň daşary söwdasyny we milli ykdysadyýetini ösdürmäge ýardam bermek;
3) Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän şertleri döretmek;
4) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň gümrük serhedini goramak we gümrük gözegçiliginiň çägindäki düzgüniň berjaý edilişine gözegçilik etmek;
5) harytlar we ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilende ygtyýarlylandyryş we rugsat beriş düzgüniniň berjaý edilişine gözegçilik etmek;
6) gümrük tölegleriniň möçberlerini belleýän hem-de gümrük töleglerini tölemegiň tertibini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gümrük paçlaryny we gümrük ýygymlaryny, salgytlary töletdirmek;
7) gümrük işiniň çygrynda hukuk kadalarynyň bozulmalarynyň amala aşyrylmagy hakyndaky maglumatlary toplamak we seljermek;
8) kontrabandany hem-de gümrük kadalarynyň beýleki bozulmalaryny amala aşyran şahslara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çäre görmek;
81) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde jenaýatlaryň we beýleki hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, olary ýüze çykarmak, olara ýol bermezlik we olaryň üstüni açmak;
9) Türkmenistanyň daşary söwdasynyň gümrük statistikasyny we gümrük işi bilen baglanyşykly maglumatlar binýadyny ýöretmek, gümrük işi hakyndaky hasabatlary taýýarlamak we gyzyklanma bildiren taraplara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibe laýyklykda maglumat bermek;
10) gümrük işi hakyndaky kanunçylyk namalarynyň birmeňzeş berjaý edilmegini üpjün etmek;
11) gümrük işi boýunça hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak;
12) gümrük işine degişli Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek;
121) gümrük işi çygrynda täze maglumat ulgamlarynyň we tehnologiýalaryň ösdürilmegini we ornaşdyrylmagyny üpjün etmek;
122) döwrebap tehnologiýalaryň we enjamlaryň ulanylmagy bilen, gümrük işinde töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyna esaslanyp gümrük gözegçiligini kämilleşdirmek;
13) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek.
7-nji madda. Raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi
Gümrük kadalarynyň bozulmalaryna ýol berendigi güman edilip saklanan raýatlar öz hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegi babatda gümrük gullugynyň işgärlerinden maglumat almaga haklydyrlar.
8-nji madda. Gümrük edaralarynyň ýerleşýän ýeri
1. Gümrük edaralary gönüden-göni gümrük gullugynyň edaralary bolan jaýlarda, şeýle hem gyzyklanma bildirýän taraplara, şol sanda gümrük dellaly hökmünde işi amala aşyrýan ýa-da harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ammarlaryna eýeçilik edýän şahslara degişli bolan çäklerde we jaýlarda, şonuň ýaly-da aeroportlaryň, deňiz we derýa portlarynyň, demir ýol we awtomobil menzilleriniň çäklerinde we jaýlarynda ýerleşip bilerler.
2. Gümrük edaralary üçin ýer bölekleri "Ýer hakynda" Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyklykda ulanmaga berilýär.
9-njy madda. Gümrük edaralarynyň gümrük amallaryny amala aşyrýan ýeri
Harytlar, ulag serişdeleri babatda gümrük gözegçiliginiň we gümrük taýdan resmileşdirmegiň amallary gönüden-göni gümrük edarasynyň ýerleşýän ýerlerinde ýa-da şahslaryň ýüztutmasy boýunça gümrük gullugynyň dolandyryş edaralarynyň rugsady bilen beýleki ýerlerde amala aşyrylýar. Gümrük edaralary, eger munuň özi gümrük gözegçiliginiň netijeliligini pese düşürmeýän bolsa, harytlaryň we ulag serişdeleriniň ýerleşýän ýerlerinde gümrük amallaryny amala aşyrýarlar.
10-njy madda. Gümrük edaralarynyň iş tertibi
1. Gümrük edaralarynyň iş tertibi we iş wagty Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük gullugunyň ýolbaşçysy tarapyndan bellenilýär.
Aýry-aýry gümrük edaralarynyň harby gullukçylarynyň iş wagtynyň dowamlylygy olaryň iş ýeriniň we şertleriniň aýratynlygyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysy tarapyndan bellenilip bilner.
2. Deňiz we derýa portlaryndaky, aeroportlardaky we döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük edaralarynyň iş wagty öz işini şol ýerlerde amala aşyrýan edaralaryň we gulluklaryň iş wagtyna laýyk gelmelidir. Gümrük gullugynyň beýleki ýerlerdäki edaralarynyň iş wagty işine garaşly şahslaryň isleglerini kanagatlandyrmakdan ugur alnyp we gümrük gullugynyň hem-de dahylly döwlet gulluklarynyň mümkinçilikleri göz öňünde tutulyp bellenilýär.
II bölüm. Gümrük gullugynyň ygtyýarlyklary
11-nji madda. Gümrük gullugynyň Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralary bilen özara gatnaşyklary
Gümrük gullugy döwlet gümrük syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde, gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň öňüni almakda, olara ýol bermezlikde, seljeriş işleri geçirmekde, dessin-agtaryş, anyklaýyş we öňüni alyş işlerini we gaýry çäreleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralary bilen özara hyzmatdaşlykda bolýar.
12-nji madda. Gümrük gullugynyň daşary ýurt döwletleriniň gümrük we hukuk goraýjy edaralary hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy
Gümrük gullugynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gümrük işi babatda özara gatnaşyk etmek, maglumat we resminamalary alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň esasynda daşary ýurt döwletleriniň gümrük gulluklary, hukuk goraýjy edaralary we halkara guramalary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we hyzmatdaşlyk etmäge hukugy bardyr.
13-nji madda. Gümrük gullugynyň ýuridik we fiziki şahslar bilen gatnaşyklary
1. Ýuridik şahslar eýeçiligiň görnüşine garamazdan we fiziki şahslar gümrük gullugynyň işgärlerine gulluk wezipelerini ýerine ýetirmekde ýardam bermelidirler.
2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük gullugy beýleki döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň we guramalarynyň gümrük gözegçiligine degişli bolan we olaryň ygtyýarlyklaryna girýän aýry-aýry hereketleri özleriniň gözegçiligi astynda amala aşyrmaklaryna ýol bermäge haklydyr.
14-nji madda. Gümrük gullugyna maglumat bermek we onuň derejesi
1. Gümrük işi bilen baglanyşykly hereketlere gatnaşygy bolan islendik şahs ygtyýarly gümrük işgäriniň talap etmegi boýunça Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň düzgünlerini berjaý etmek üçin zerur bolan resminamalary we maglumatlary bellenilen möhletlerde gümrük gullugyna bermäge borçludyr.
2. Öz mazmuny ýa-da gümrük edaralaryna berliş usuly boýunça gizlinlik derejeleri bolan ähli maglumatlaryň goragy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. Maglumaty beren şahsyň razylygy bolmazdan, gulluk syry bolan maglumaty aýan etmäge gümrük gullugynyň haky ýokdur. Türkmenistanyň kanunçylygynda gümrük gullugynyň maglumatlary bermäge borçly edilen ýagdaýlary muňa girmeýär.
15-nji madda. Gümrük gullugynyň amala aşyrýan işleri
Gümrük gullugy öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda şu aşakdaky işleri amala aşyrýar:
1) Türkmenistanyň döwlet gümrük syýasatyny işläp taýýarlamaga gatnaşýar we ony durmuşa geçirýär;
2) öz ygtýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny we ykdysady garaşsyzlygyny, bu ugurda döwletiň bähbitlerini goramaga gatnaşýar;
3) Türkmenistanyň gümrük işi hakyndaky kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün edýär;
4) harytlary we ulag serişdelerini Türkmenistanyň gümrük serhedinden üstaşyr geçirmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň berjaý edilişine gözegçilik edýär;
5) söwda-ykdysady işini gümrük taýdan düzgünleşdirmegiň serişdelerini ulanýar, gümrük serhedinden üstaşyr geçirilýän harytlar babatda ykdysady syýasatyň çärelerini işläp taýýarlamaga gatnaşýar;
6) Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden harytlar, ulag serişdeleri, fiziki şahslar geçirilen halatynda kontrabanda, gümrük kanunçylygynyň hukuk taýdan bozulmalaryna, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň, şeýle hem Türkmenistanyň halkynyň we daşary ýurt döwletleriniň çeperçilik, taryhy-arheologik gymmatlyklarynyň, intellektual eýeçilige degişli zatlaryň, ýitip gitmek howpy bolan haýwanlaryň we ösümlikleriň görnüşleriniň, beýleki harytlaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşýär;
7) ýaraglary, ok-därileri, zäherleýji we radioaktiw jisimleri hem-de maddalary, hereket edýän konstitusion gurluşy agdarmaga, jemgyýetçilik howpsuzlygyny we ahlagyny bozmaga çagyrýan neşirleri we beýleki maglumatlary Türkmenistanyň gümrük serhedinden bikanun geçirmäge edilýän synanyşyklaryň öňüni almak işlerini, terrorçylyga garşy göreşi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we beýleki hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde alyp barýar;
71) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde dessin-agtaryş çärelerini we anyklaýyşy geçirýär hem-de administratiw hukuk bozulmalary barada işler boýunça önümçiligi amala aşyrýar;
8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük tölegleriniň dogry hasaplanylyşyna, doly we öz wagtynda tölenilişine gözegçilik edýär;
9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük gullugy tarapyndan ygtyýarlandyrmagy bellenilen işleriň görnüşlerini ygtyýarlandyrýar;
10) gümrük işi babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;
11) gümrük gullugynyň maddy-tehniki binýadyny ösdürýär we kämilleşdirýär;
12) gümrük işini dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny işläp taýýarlaýar we olary ornaşdyrýar;
13) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük edaralarynyň edýän tölegli döwlet hyzmatlarynyň görnüşlerini, olar üçin alynýan tölegleriň möçberlerini belleýär we şeýle hyzmatlar üçin alynýan pul serişdeleriniň gümrük gullugynyň býujetden daşary serişdeler üçin hasabyna öz wagtynda tölenilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
131) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük dellalynyň (wekiliň) we paçsyz söwda dükanynyň işini amala aşyrýar;
132) gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmene dalaşgärleri okadýar we olara gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasyny berýär, şeýle hem gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmenleri gaýtadan okadýar we olaryň hünär synagyny geçirýär;
133) gümrük gullugynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary guraýar hem-de olaryň hünär synaglaryny geçirýär;
134) ulag serişdelerini ýa-da oturtma kuzowlary harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýbermek hakyndaky çözgüdi kabul edýär, şol sanda awtoulag serişdelerine halkara ýollarynda ýük daşamalarynyň kitapçasyny ulanmak bilen, ýükleri gümrük plombalary we möhürleri astynda daşamaga rugsat berýär;
135) wagtlaýyn saklanylýan ammarlara, gümrük ammarlaryna we paçsyz söwda dükanlaryna eýelik edýänleriň hem-de gümrük dellallarynyň sanawlaryny ýöredýär;
14) gümrük gullugynyň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki işleri amala aşyrýar.
16-njy madda. Gümrük gullugynyň hukuklary
Gümrük gullugy şu aşakdakylara hukuklydyr:
1) Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşyp, gümrükhanalary we olaryň düzüm birliginde gümrük barlaghanalaryny, şeýle hem hojalyk hasaplaşygyndaky edaralary we kinologiýa merkezlerini döretmäge;
2) gümrük düzgünlerine we gümrük amallaryna laýyklykda gümrük gözegçiligi we gümrük taýdan resmileşdirmek işi üçin zerur resminamalary, maglumatlary şahslardan soramaga we almaga;
3) gümrük işi bilen bagly hereketi ýerine ýetirmäge ygtyýarlylygyny tassyk etmegini şahslardan talap etmäge, raýatlaryň we wezipeli adamlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalary barlamaga;
4) gümrük barlaglaryny amala aşyrmaga, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, gümrük gözegçiligine degişli harytlar saklanýan jaýlara, ammarlara we olara degişli çäklere girmäge, zerur resminamalary almaga, şeýle jaýlary we ammarlary möhürlemäge;
5) gümrük ammarlaryny we harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ammarlarynyň işini amala aşyrmaga;
6) eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ýuridik şahslaryň ýolbaşçylaryndan, wezipeli adamlaryndan, hususy telekeçilerden we fiziki şahslardan gümrük kanunçylygynyň bozulmalaryny düzetmegi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde talap etmäge;
7) gümrük kadalaryny bozýan hem-de jenaýatçylykly hereketi amala aşyran ýa-da şeýle hereketleri etmekde şübhelenilýän adamlary saklamaga we Türkmenistanyň gümrük we hukuk goraýjy edaralarynyň, şeýle hem saglygy goraýyş edaralarynyň gulluk jaýlaryna eltmäge;
8) şahsyýetini we wezipesini tassyklaýan şahsyýetnamasy bilen gümrük gullugynyň işgärlerine gümrük edaralarynyň ýerleşýän çäklerine, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük nokatlaryna gulluk wezipelerini ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde päsgelçiliksiz barmaga;
9) wakalary we hadysalary resmileşdirmäge, olary surata düşürmäge, audio-wideo we kino ýazgylaryny amala aşyrmaga;
10) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde maglumatlary we resminamalary ulanmaga hem-de olary saklamaga;
11) habar beriş, aragatnaşyk we maglumatlary bermek ulgamlaryny, gümrük gözegçiliginiň tehniki serişdelerini, şeýle hem maglumatlary goramagyň serişdelerini, şol sanda kanunda bellenilen tertipde kriptografik goragyň serişdelerini işläp taýýarlamaga, döretmäge we ulanmaga;
12) gümrük gullugynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň döwlet býujetinde göz öňünde tutulan we gümrük gullugynyň býujetden daşary serişdeleriniň, Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmelerden maliýeleşdirilýän serişdeleriň hasabyna harytlary, şol sanda maddy-tehniki serişdeleri we tehnikalary almaga;
13) maliýe we emläk serişdelerini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolandyrmaga;
14) gümrük gullugynyň işgärlerini Türkmenistanyň çäklerine we daşary ýurt döwletlerine gulluk saparlaryna ibermäge;
15) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük işi bilen bagly hukuk kadalarynyň bozulmalary hakynda teswirnamalary düzmäge, gümrük gullugyna degişli edilen administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça önümçiligiň tertibini ýöretmäge we ony alyp barmaga hem-de administratiw tertibinde çäre görmek hakyndaky çözgütleri kabul etmäge;
151) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde dessin-agtaryş çärelerini tehniki serişdeleri ulanyp geçirmäge;
16) gümrük işi babatda raýat-hukuk gatnaşyklarynda çykyş etmäge hem-de hak islegleri bilen kazyýete ýüz tutmaga;
17) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmaga.
17-nji madda. Gümrük gullugynyň borçlary
Gümrük gullugy şu aşakdakylara borçlydyr:
1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmäge we bellenilen tertipde kabul etmäge, olary ýerine ýetirmäge;
2) gümrük gözegçiligini we gümrük taýdan resmileşdirmegi amala aşyrmaga;
3) gümrük gözegçiligi we gümrük taýdan resmileşdirmek işlerini amala aşyrmak üçin zerur resmi iş kagyzlarynyň nusgalaryny tassyklamaga we dolanyşyga girizmäge;
4) gümrük gözegçiligine degişli harytlaryň we ulag serişdeleriniň wagtlaýyn saklanyljak ýerini kesgitlemäge we zerurlygyna görä, olaryň ýany bilen gitmäge;
5) Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän ýa-da geçirilmegi göz öňünde tutulýan harytlaryň daşary ykdysady işiniň haryt sanawy (DYIHS) boýunça kodlaryny kesgitlemäge we bu barada hem-de harytlaryň gelip çykan ýurdy barada deslapky çözgütleri kabul etmäge;
6) gümrük gullugynyň işgärleriniň maddy üpjünçiligini we durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak boýunça çäreler görmäge;
7) kontrabanda we gümrük töleglerini tölemekden boýun gaçyrmak hakyndaky işler boýunça anyklaýyş işlerini geçirmäge;
8) Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda üstüne ýüklenen beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
III bölüm. Gümrük gullugynda gullugy geçmegiň tertibi
18-nji madda. Gümrük gullugynyň işgärler düzümi
1. Harby gullukçylar we harby gullukda durmaýan beýleki işgärler (mundan beýläk – işgärler) gümrük gullugynyň işgärler düzümini emele getirýärler.
2. Gümrük gullugynyň harby gullukçylaryny wezipä bellemek, başga wezipä geçirmek we wezipeden boşatmak, olara harby atlary dakmak, şeýle hem harby atlardan mahrum etmek "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynda hem-de Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
3. Gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hem-de Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalarynda göz öňünde tutulan ýeňillikler we artykmaçlyklar degişlidir.
4. Gümrük gullugynyň harby gullukda durmaýan işgärleriniň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
19-njy madda. Gümrük gullugynyň işgärleriniň gulluga kabul edilmegi we gullukdan boşadylmagy
1. Gümrük gullugyna borçnama boýunça harby gulluga Türkmenistanyň raýatlary «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edilýär.
2. Gümrük gullugynda gulluk etmäge kabul edilýän raýata şu aşakdaky talaplar bildirilýär:
1) Türkmenistana, halka we Türkmenistanyň Prezidentine wepaly bolmak;
2) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny birkemsiz berjaý etmek;
3) raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini hormatlamak we goramak, ýokary medeniýetliligi berjaý etmek;
4) döwletiň özbaşdaklygyny, syýasy we ykdysady bähbitlerini goramak;
5) Türkmenistanyň halkynyň milli adatlaryna we däp-dessurlaryna hormat goýmak;
6) düzgün-nyzamy we jogapkärçiligi ýokary derejede berjaý etmek;
7) işe döredijilikli çemeleşmek, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk iş alyp barmagy başarmak;
8) salyhatlylyk, halallyk, öz işiniň netijelerine hakyky we tankydy baha bermegi başarmak ukyby.
3. Gümrük gullugyna işe kabul edilýän raýatlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda resminamalary we maglumatlary berýärler.
4. Işgärleriň eýeleýän wezipelerine laýyk gelýändigini kesgitlemek, olaryň hünärini ýokarlandyrmak maksady bilen gümrük gullugynda hünär synaglary geçirilýär. Hünär synagyny geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysy tarapyndan kesgitlenilýär.
5. Işgärleriň gysga möhletli harby türgenleşigi geçmekleriniň tertibi we harby türgenleşigiň möhletleri Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysy tarapyndan bellenilýär.
20-nji madda. Gümrük gullugynyň işgärleriniň gulluk wagty we dynç almaga bolan hukugy
1. Gümrük gullugynda işgärleriň hepdelik iş wagtynyň dowamlylygynyň we dynç alyş üçin wagtynyň hasaba alnyş tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.
2. Gümrük gullugynyň işgärlerine «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda her ýylky esasy rugsady we rugsatlaryň beýleki görnüşleri berilýär.
21-nji madda. Gümrük gullugynyň işgärleriniň pul we gaýry üpjünçiligi
1. Gümrük gullugynyň işgärleriniň pul üpjünçiligi olaryň eýeleýän wezipesi üçin bellenilen wezipe aýlyk iş hakyndan, harby ady üçin tölenýän goşmaça töleglerden hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry goşmaça pul töleglerinden ybaratdyr.
2. Gümrük gullugynyň harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hukuklardan we ýeňilliklerden peýdalanýarlar hem-de pul, azyk we goş-golam bilen üpjün edilýärler.
IV bölüm. Gümrük gullugynyň işgärleri tarapyndan fiziki güýjüň, ýörite
güýçleriň we serişdeleriň, ok atýan (tabel) ýaragyň ulanylyşy
22-nji madda. Fiziki güýji, ýörite güýçleri we serişdeleri, ok atýan (tabel) ýaragy ulanmagyň maksady we çäkleri
1. Gümrük gullugynyň işgärlerine diňe şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde fiziki güýji, ýörite güýçleri we serişdeleri ulanmaga, ok atýan (tabel) ýaragy götermäge, saklamaga, ulanmaga hukuk berilýär.
2. Fiziki güýjüň, ýörite güýçleriň we serişde1eriň, ok atýan (tabel) ýaragyň ygtyýarlyklaryň we zerur goranyş çäkleriniň artdyrylmagy bilen ulanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
23-nji madda. Fiziki güýjüň ulanylmagy
Gümrük gullugynyň işgärleriniň kontrabandanyň we gümrük kadalarynyň beýleki howply bozulmalarynyň öňüni almak we soňuna çykmak, olary amala aşyran adamlary saklamak, öz kanuny talaplaryna garşy hereketleri aradan aýyrmak üçin, öz üstüne ýüklenen borçlaryň ýerine ýetirilmegini beýleki usullar bilen üpjün etmek mümkin bolmasa, fiziki güýji, şol sanda söweşjeň göreş usullaryny ulanmaga hukuklary bardyr.
24-nji madda. Ýörite güýçleriň we serişdeleriň ulanylmagy
1. Gümrük gullugynyň işgärleriniň şu aşakdaky halatlarda gol gandallaryny, rezin taýaklary, ulagy mejbury saklamak üçin gurluşlary, gulluk itlerini, şeýle hem beýleki ýörite ulag serişdelerini we güýçlerini ulanmaga hukuklary bardyr:
1) kontrabanda garşy göreşmek boýunça özleriniň gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirýän gümrük gullugynyň işgärleriniň we beýleki adamlaryň üstüne çozuşy serpikdirmekde;
2) gümrük edaralarynyň binalaryna, jaýlaryna, desgalaryna, ulag serişdelerine çozuşy serpikdirmekde;
3) eger gümrük gullugynyň işgärlerine boýun bolmaýan ýa-da garşylyk görkezýän bolsalar, gümrük kadalaryny bozujylary saklamakda;
4) gaçjakdygyny, daş-töweregindäkilere ýa-da özüne zeper ýetirjekdigini güman etmäge ýeterlik esas bar bolan saklanylanlary goragly äkitmekde we goramakda;
2. Adamyň janyna howp salýan çozuş, topar bolup çozuş ýa-da ýaragly garşylyk görkezilen halatlardan beýleki ýagdaýlarda göwreliligiň alamatlary bolan aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler we aç-açan maýyplyk alamatlary bolan adamlar babatda ýörite güýçleri we serişdeleri ulanmak gadagan edilýär.
3. Gümrük gullugynyň işgärleri tarapyndan ulanylýan ýörite güýçleriň we serişdeleriň sanawy we olaryň ulanylyş tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
25-nji madda. Ok atýan (tabel) ýaragyň saklanylyşy, göterilişi we ulanylyşy
1. Gümrük gullugynyň işgärleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetiryän wagtlary ok atýan (tabel) ýaragy saklamaga, götermäge we ulanmaga hukuklary bardyr.
2. Gümrük gullugynyň işgärleriniň ok atýan (tabel) ýaragy ahyrky çäre hökmünde şu aşakdaky ýagdaýlarda ulanmaga hukuklary bardyr:
1) eger başga usul we serişdeler bilen adamlary goramak mümkin bolmasa, olaryň janyna we saglygyna howp salýan çozuşdan goramak üçin;
2) gümrük gullugynyň işgärleriniň kontrabanda we beýleki jenaýatlara garşy göreşmek boýunça gulluk borçlaryny berjaý edýän wagty ýaragly ýa-da başga çozuş edilende, olaryň janyna we saglygyna howp abanan halatynda ony serpikdirmek üçin;
3) gümrük gullugy tarapyndan goralýan obýektlere, binalara we jaýlara topar bolup ýa-da ýaragly edilen çozuşy serpikdirmek üçin;
4) ýaragly garşylyk görkezýän, şeýle hem ýaragy tabşyrmak hakyndaky kanuny talaplary ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan adamy, eger ulanylan başga usullar we serişdeler bilen ýaragly adamyň garşylygyny ýeňmek, saklamak ýa-da ýaragyny elinden almak mümkin bolmadyk ýagdaýynda ýaragly adamy saklamak üçin;
5) eger ulag serişdesini dolandyrýan adam gümrük gullugynyň işgäriniň saklanmak baradaky kanuny talaplaryna tabyn bolman, adamlaryň janyna we saglygyna howp salýan bolsa, saklamaga başga mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda.
3. Ok atýan (tabel) ýarag ulanylmazdan ozal, ony ulanmak meýliniň barlygy barada duýdurylmalydyr.
4. Ok atýan (tabel) ýarag şu ýagdaýlarda duýdurmazdan ulanylyp bilner:
1) ýaragly, söweş tehnikasyny, ulag serişdelerini, uçujy enjamlary, deňiz we derýa gämilerini ulanmak bilen, duýdansyz çozuş edilende;
2) kontrabandany we beýleki jenaýatlary amala aşyran ýaragly adamlaryň ulag serişdelerini ulanyp gaçan wagtynda.
5. Ok atýan (tabel) ýaragyň ulanylan ähli halatlarynda gümrük gullugynyň işgäri daş-töweregindäki adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri görmäge, zerurlyk bolan halatynda bolsa, jebir çekenlere gaýragoýulmasyz kömek bermäge borçludyr.
6. Göwreliligiň alamatlary bolan aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler we maýyplygyň aç-açan alamatlary bolan adamlar babatda ok atýan (tabel) ýaragy ulanmak gadagan edilýär, muňa olaryň işgäriň janyna howp salýan ýaragly çozuş eden, ýaragly garşylyk görkezen, ýarag ulanmak ýa-da topar bolup çozmak bilen ulag serişdelerini eýelän halatlaryndan beýleki ýagdaýlarda, eger ulanylan başga usullar, güýçler we serişdeler bilen şeýle çozuşy serpikdirip bolmadyk ýagdaýy girmeýär.
7. Ok atýan (tabel) ýaragyň her bir ulanylan halaty barada gümrük gullugynyň işgäri öz ýolbaşçysyna haýal etmän habar bermelidir we gözegçilik edýän prokurory habarly etmelidir.
26-njy madda. Gümrük gullugynyň işgärleriniň ýörite güýçleri we serişdeleri, ok atýan (tabel) ýaragy ulanmagynyň şertleri
Ýörite güýçleri we serişdeleri, ok atýan (tabel) ýaragy gümrük gullugynyň diňe ýörite taýýarlygy geçen işgärlerine ulanmaga rugsat berilýär.
V bölüm. Gümrük gullugynyň işgärleriniň hukuk
ýagdaýy we durmuş taýdan goragy
27-nji madda. Gümrük gullugynyň işgärleriniň hukuk ýagdaýy
1. Gümrük gullugynyň işgärleri öz gulluk borçlaryny ýerine ýetiryän wagtlary döwlet häkimiýetiniň wekilleri bolup durýarlar we döwletiň goragynda bolýarlar. Gümrük gullugynyň işgärleriniň kanuny talaplary fiziki we ýuridik şahslar, şeýle hem wezipeli adamlar tarapyndan hökmany ýerine ýetirilmäge degişlidir.
2. Gümrük gullugynyň işgärleriniň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmezlik, olara dil ýetirmek, garşylyk görkezmek, olary ynamdan gaçyrmak, zorluk ulanyp haýbat atmak ýa-da olaryň janyna, saglygyna, namysyna we mertebesine kast etmek ýa-da şek ýetirmek, olaryň üstüne ýüklenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegine päsgelçilik berýän beýleki hereketler, şeýle hem öz borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly, olaryň maşgala agzalaryna we ýakyn garyndaşlaryna islendik kast etmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
3. Gümrük gullugynyň işgärleri öz üstlerine ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirenlerinde şu Kanundan we gümrük işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ugur alýarlar. Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan ygtyýarly edilen adamlardan başga hiç kimiň gümrük gullugynyň işine gatyşmaga, gümrük gullugynyň işgärlerini olaryň wezipe borçlaryna girmeýän işleri ýerine ýetirmek üçin çekmäge hukugy ýokdur.
4. Gümrük gullugynyň kabul edýän çözgüdine täsirini ýetirmek ýa-da onuň işine päsgel bermek maksady bilen döwlet häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, olaryň wekilleriniň, şeýle hem wezipeli adamlaryň islendik görnüşde täsir etmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
5. Gümrük gullugynyň işgärlerine mugallymçylyk, ylmy we döredijilik işinden başga hak tölenýän islendik iş bilen meşgullanmak gadagan edilýär.
28-nji madda. Gümrük gullugynyň işgärleriniň durmuş taýdan goragy
1. Gümrük gullugynyň işgärleriniň durmuş taýdan goragy döwlet tarapyndan kepillendirilýär.
2. Gümrük gullugynyň işgärleriniň gulluk borçlaryny berjaý etmegi bilen baglanyşykly döwlet ätiýaçlandyrmasy «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
3. Gümrük gullugynyň işgärleriniň wezipe borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda ýetirilen zyýanyň öwezi we gulluk bilen baglanyşyklylykda, onuň maşgala agzalarynyň emlägine ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunýar.
4. Gümrük gullugynyň işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gulluk ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär.
5. Gümrük gullugynda azyndan on ýyl işlän işgärler, aradan çykan işgärleriniň maşgala agzalary, şeýle hem ýaşaýyş jaý kanunçylygynda görkezilen beýleki ýagdaýlarda, başga ýaşaýyş jaýy berilmezden, gulluk ýasaýyş jaýyndan çykarylmaga degişli däldir.
6. Ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak boýunça hasapda duran, aradan çykan işgäriň maşgalasynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak baradaky hukugy saklanyp galýar.
7. Gümrük gullugynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde bellenilen beýleki hukuklardan we ýeňilliklerden peýdalanýarlar.
29-njy madda 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky № 211-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.
30-njy madda. Gümrük gullugynyň işgärleriniň gulluk iş saparynda bolan wagtyndaky hukuklary
Gümrük gullugynyň gulluk iş saparynda bolýan işgäriniň gulluk iş saparynyň şahadatnamasy boýunça ilkinji nobatda ulaglaryň ähli görnüşleri üçin ýolagçy resminamalaryny almaga, şeýle hem myhmanhanada ýerleşmäge hukugy bardyr.
VI bölüm. Gümrük gullugynyň maliýe we
maddy-tehniki üpjünçiligi
31-nji madda. Gümrük gullugynyň işini maliýeleşdirmek
1. Gümrük gullugynyň işi bellenilen tertipde Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
2. Gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmek we maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, gümrük gullugynyň býujetden daşary serişdeleriniň hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gadagan edilmedik beýleki çeşmelerden alynýan serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilip bilner.
3. Gümrük gullugy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öz maliýe-hojalyk işiniň hasabatyny ýöredýär, buhgalteriýa hasabatyny alyp barýar we statistiki hasabaty ýöredýär.
32-nji madda. Gümrük gullugynyň maddy-tehniki üpjünçiligi
1. Gümrük gullugyny maddy-tehniki serişdeler bilen üpjün etmek we ony dolandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ministrlikler we beýleki ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralary gümrük edaralaryna gulluk maksatlary üçin gulluk jaýlaryny, ulag, aragatnaşyk serişdelerini we başga emlägi we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde muzdsuz esasda ulanmaga berýärler.
VII bölüm. Jemleýji düzgünler
33-nji madda. Gümrük gullugynyň we onuň işgärleriniň çözgütlerine şikaýat etmek
Gümrük gullugynyň we onuň işgärleriniň çözgütlerine Türkmenistanyň kanunçylygyndabellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.
34-nji madda. Gümrük gullugynyň işine gözegçilik
Gümrük gullugynyň işine Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti gözegçilik edýär.
35-nji madda. Gümrük gullugy tarapyndan kanunylygyň berjaý edilişine gözegçilik
Türkmenistanyň gümrük gullugy tarapyndan kanunlaryň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar gözegçilik edýärler.
36-njy madda. Gümrük gullugynyň işgärleriniň jogapkärçiligi
Gümrük gullugynyň işgärleri öz ygtyýarlyklarynyň çäginde raýatlaryň hukuklarynyň we döwletiň kanuny bähbitleriniň goralmagy, hukuk düzgünleriniň üpjün edilmegi üçin jogapkärdirler. Gümrük gullugynyň işgärleri özleri tarapyndan ýol berlen hukuk bozulmasynyň häsiýetine we agyrlygyna görä, düzgün-nyzam, maddy, administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligini çekýärler.
37-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2010-njy ýylyň 12-nji marty.
№ 91-IV.