Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Medeniýet hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Medeniýet hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2010 ý., № 1, 16-njy madda)

 

(26.08.2017 ý. № 606-V, 05.10.2019 ý. № 189-VI, 13.03.2021 ý. № 345-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI, 03.06.2023 ý. № 28-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen) 

 

  Şu Kanun Türkmenistanyň halkynyň medeniýetini döretmek, gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek we peýdalanmak çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär; Türkmenistanyň raýatlarynyň medeni durmuşa gatnaşmaga we olar üçin  medeni gymmatlyklaryň elýeterli bolmagyna bolan konstitusion hukuklarynyň goralmagyna we üpjün edilmegine gönükdirilendir; medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Kanunda ulanylýan esasy  düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

medeniýet – adamzat tarapyndan döredilen we döredilýän, şahsyýetiň sazlaşykly ösdürilmegine, watançylygy terbiýelemäge, ýokary ahlaklylyk we ruhy-ahlaklylyk häsiýetlerini kemala getirmäge, Türkmenistanyň raýatlarynyň estetiki talaplaryny we bähbitlerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen maddy we ruhy gymmatlyklaryň jemidir;

medeni gymmatlyklar  ahlak we estetik ideallar, özüňi alyp barmagyň kadalary we nusgalary, diller, şiweler we gepleşikler, milli we etniki däpler hem dessurlar, taryhy toponimler, folklor, amaly-haşam halk senetleri, edebiýat we sungat eserleri, medeniýet babatdaky işiň ylmy barlaglarynyň netijeleri we usullary (ruhy gymmatlyklar), şeýle hem taryhy-medeni ähmiýeti bolan jaýlar, gurluşlar, esbaplar we tehnologiýalar, taryhy-medeni babatda seýrek duş gelýän ýerler we desgalar (maddy gymmatlyklar);

sungat  adam zähmetiniň edebiýat, suratkeşlik, grafika, heýkeltaraşlyk, bezeg (dizaýn), binagärlik, amaly-haşam sungaty, saz, aýdym, tans, teatr, sirk, kino, telewideniýe ýaly we beýleki görnüşleriniň üsti bilen hakykatyň çeper keşplerde beýan edilmegi;

türkmen halkynyň medeni mirasy  geçmişde döredilen we estetiki, durmuş-medeni, taryh, arheologiýa, binagärlik taýdan we gaýry nukdaýnazarlardan gymmatlyk bolup durýan, türkmen halkynyň milli-medeni özboluşlylygyny saklamak we ösdürmek üçin ähmiýeti bolan medeni gymmatlyklar;

Türkmenistanyň milli medeni baýlygy  başga döwletlere bermek hukugy bolmazdan diňe Türkmenistana degişli bolan we ýurduň taryhy hem medeniýeti üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan medeni gymmatlyklar;

Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawy  Türkmenistanyň milli medeni baýlygyna degişli bolan medeni gymmatlyklaryň sanawy;

milli medeni baýlygynyň desgalarynyň  aýratyn düzgüni – milli medeni baýlygynyň desgalarynyň saklanmagy, aýawly saklanmagy, dikeldilmegi, goralmagy we peýdalanylmagy boýunça döwlet tarapyndan görülýän çäreler;

medeniýet babatdaky iş  medeni gymmatlyklaryň döredilmegi, gaýtadan dikeldilmegi, aýawly saklanmagy, ösdürilmegi, ýaýradylmagy we peýdalanylmagy, şeýle hem olara raýatlary çekmek boýunça döwlet edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň işi;

medeniýet guramalary  Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, esasy maksady medeniýet babatdaky işi amala aşyrmak bolup durýan ýuridik şahslar (kärhanalar, guramalar, edaralar);

medeniýet işgäri  professional işi medeni gymmatlyklaryň döredilmegi, aýawly saklanmagy, ösdürilmegi, ýaýradylmagy we peýdalanylmagy, şeýle hem olara raýatlary çekmek bilen baglanyşykly fiziki şahs;

döredijilik işgäri  professional ýa-da professional däl (höwesjeň) esasda döredijilik işini amala aşyrýan fiziki şahs;

döredijilik işi  medeni gymmatlyklary döretmek we (ýa-da) olary düşündirmek bilen baglanyşykly medeniýet babatdaky işiň görnüşi.

 

2-nji madda. Medeniýet hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy we onuň wezipeleri

 

1. Medeniýet hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ol şu Kanundan we medeniýet babatdaky meseleleri düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenen bolsa‚ onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3. Türkmenistanyň medeniýet babatdaky kanunçylygynyň wezipeleri aşakdakylardan ybaratdyr:

1) Türkmenistanyň raýatlarynyň medeniýet babatdaky işine bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek we goramak;

2) döwlet syýasatynyň medeniýet babatdaky ýörelgelerini kesgitlemek;

3) medeni gymmatlyklaryň raýatlar üçin erkin elýeterli bolmagyny üpjün etmek;

4) medeniýet işiniň subýektleriniň gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hukuk kadalaryny we ýörelgelerini kesgitlemek;

5) Türkmenistanyň halkynyň medeniýetini aýawly saklamak we ösdürmek we medeniýeti döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk esaslary üçin hukuk binýadyny döretmek.

 

3-nji madda. Medeniýet hakyndaky kanunçylygyň ulanylyş çygyrlary 

 

1. Şu Kanun aşakdaky çygyrlardaky medeniýet işini düzgünleşdirýär:

- türkmen halkynyň medeni mirasynyň desgalarynyň aýawly saklanylmagy, gaýtadan dikeldilmegi, peýdalanylmagy, ýaýradylmagy we döwlet tarapyndan goralmagy;

- çeper edebiýat, teatr, saz, şekillendiriş we sirk sungaty, binagärlik we bezeg (dizaýn), fotosungat, sungatyň beýleki görnüşleri we žanrlary;

- telewideniýe, kino, radio we medeni gymmatlyklary döretmek  hem ýaýratmak bölegindäki beýleki audiogörüş serişdeleri;

- çeper halk döredijiligi, folklor, klub işi;

- çeper halk hünärleri we senetçiligi;

- arhiw resminamalarynyň, kitap ýadygärlikleriniň, muzeý esbaplarynyň we muzeý kolleksiýalarynyň aýawly saklanylmagy, öwrenilmegi we görkezilmegi;

- kitaphana işinde ulanylýan kitaphana gaznalarynyň we beýleki maglumat gorlarynyň ösdürilmegi, aýawly saklanmagy we peýdalanylmagy;

- medeni gymmatlyklary aýawly saklamak, döretmek, ýaýratmak we özleşdirmek üçin zerur bolan materiallaryň, enjamlaryň we beýleki serişdeleriň öndürilmegi;

- estetiki terbiýe, çeperçilik we saz bilimi, pedagogik iş, ylmy barlaglar we halkara medeni aragatnaşyklar we alyş-çalyşlar;

- medeni gymmatlyklaryň döredilýän, aýawly saklanylýan, ýaýradylýan we özleşdirilýän gaýry ugurlary. 

2. Medeniýet babatdaky intellektual eýeçiligiň desgalarynyň hukuklarynyň goragy we amala aşyrylmagy, awtorlyk hukugy we garyşyk hukuklar bilen baglanyşykly gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

4-nji madda. Medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň  ýörelgeleri

 

Türkmenistanyň medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň  ýörelgeleri şulardan ybarat:

1) medeniýeti döwlet tarapyndan goldamak, Türkmenistanyň raýatlarynyň medeniýet babatdaky işlerini amala aşyrmakdaky we medeni durmuşa gatnaşmakdaky hukuklaryny üpjün etmek we goramak;

2) Türkmenistanyň milli medeniýetini gaýtadan dikeltmek we ösdürmek;

3) medeniýet babatdaky medeni gymmatlyklaryň we medeni hyzmatlaryň ähli görnüşleriniň hemmelere elýeterliligi;

4) öz isleglerine we başarnyklaryna laýyklykda professional we professional däl (höwesjeň) esaslarda raýatlaryň döredijilik işiniň erkinligi;

5) raýatlaryň medeni gymmatlyklary döretmekde, gaýtadan dikeltmekde, aýap saklamakda, ösdürmekde, peýdalanmakda we ýaýratmakda hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň deňligi;

6) medeni gymmatlyklary peýdalanmak arkaly şahsyýeti ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek;

7) milli taryhy-medeni mirasy gorap saklamak;

8) bilim ulgamynyň üsti bilen ýaşlaryň milli we dünýä medeniýetiniň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna çekilmegi;

9) Türkmenistanyň milli medeniýetini özara baýlaşdyrmak we bütewiligini saklamak üçin daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen medeni aragatnaşyklary ösdürmek;

10) medeniýet babatda halkara aragatnaşygynyň ösdürilmegine ýardam etmek;

11) bazar şertlerinde işlemekleri üçin medeniýet guramalaryna amatly ýagdaýlaryň döredilmeginde ýardam etmek.

 

5-nji madda. Medeniýet babatda raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet kepillendirmeleri

 

1. Döwlet milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlaryna garamazdan raýatlara medeni işe gatnaşmaga, medeniýet guramalaryndan peýdalanmaga, döwlet medeniýet guramalarynda durýan medeni gymmatlyklara elýeterlilige bolan hukugy kepillendirýär.

2. Döwlet raýatlara olaryň gyzyklanmalaryna we başarnyklaryna laýyklykda döredijilik işiniň ähli görnüşlerine, ahlak, estetiki we beýleki gymmatlyklary erkin saýlamaga, öz medeni özboluşlylygyny goramaga bolan hukugy kepillendirýär.

Raýatyň döredijilik işi bilen meşgullanmak hukugy professional hem-de professional däl (höwesjeň) esasda amala aşyrylyp bilner.

3. Döwlet raýatlara medeniýet ulgamynda işgärleri taýýarlamak üçin başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär we ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi edaralaryny, şeýle hem çagalar we ulular üçin sazçylyk, çeperçilik we horeografik ýaly beýleki sungat mekdepleriniň (merkezleriniň) ulgamyny döretmek arkaly olaryň medeniýet babatdaky bilime bolan hukugyny durmuşa geçirmek üçin şertleri döredýär.

4. Döwlet raýatlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän tertipde medeni gymmatlyklary öndürýän, köpeldýän, aýap saklaýan, ýaýradýan kärhanalary, guramalary we edaralary döretmek hukugyny berýär.

Raýatlar jemgyýetçilik birleşikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýän tertipde assosiasiýalary, döredijilik guramalaryny we medeniýet babatda beýleki jemgyýetçilik birleşiklerini döretmek hukugyna eýedirler. 

5. Raýatlar rejeleýiş işlerini we ylmy barlaglary amala aşyrmak üçin görkezmek, köpçülikleýin hödürlemek maksady bilen, beýleki zerur ýagdaýlarda, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän tertipde medeni gymmatlyklary satmak maksady bilen ýurduň çäklerinden daşyna çykarmak hukugyna eýedirler.

6. Döwlet Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan beýleki halklaryň milli-medeni özboluşlylygyny saklamaga we ösdürmäge bolan hukugy kepillendirýär.

7. Döwlet raýatlaryň döredijilik işine bikanun gatyşmakdan olaryň hukuk goragyny üpjün edýär.

8. Döwlet Türkmenistanyň halkynyň medeni mirasyny köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we medeniýet guramalary arkaly wagyz etmäge ýardam edýär.

 

II bap. Türkmenistanyň medeni gymmatlyklary we milli

medeni baýlyklary

 

 

6-njy madda. Medeni gymmatlyklar

 

Şular medeni gymmatlyklara degişlidir:

1) arheologik tapyndylar we arheologik açyşlar;

2) gadymy şaýlyklary, ordenleri, medallary, möhürleri goşmak bilen kolleksiýa materiallary we esbaplary;

3) kartinalary, suratlary, grawýuralary, litografiýalary, estamplary, heýkeltaraşlyk eserlerini, folklor we kompozitorçylyk eserlerini, klawiralary, partiturlary, teatr pýesalary we oýunlary, sirk ssenarileri, kino sungatyny, telewideniýäni we radiony goşmak bilen edebiýat we sungat eserleri;

4) amaly-haşam sungatynyň we halk senetkärleriniň önümleri, şol sanda gadymy halylar, haly önümleri, keçeler, altyndan, kümüşden, gymmat bahaly metallardan we beýleki materiallardan edilen milli önümler, gadymy nagyşlar saklanyp galan we çeperçilik eserlerine degişli nagyşlar, keşdeler;

5) bezeg işläp taýýarlamalary we binagärlik taslamalary;

6) gadymy (seýrek) golýazmalar, awtograflar, taryhy resminamalar, hatlaryň we kitaplaryň ýygyndylary, çap önümleri we olaryň kolleksiýalary;

7) binagärlik ýadygärlikleri, memorial jaýlamalary, şeýle hem görnükli ýerli we daşary ýurt medeniýet işgärleriniň durmuşy bilen ýa-da uly taryhy wakalar we ajaýyp döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri bilen baglanyşykly seýilgäh we tebigy-landşaft desgalary;

8) filatelistik materiallar, şol sanda aýratynlykda ýa-da kollekisýalardaky poçta markalary;

9) gadymy we seýrek duş gelýän saz gurallary;

10) fono-, surat-, wideo-, kino- (radio, telewideniýe) arhiwlerini goşup, arhiwler, arhiw gaznalary we kolleksiýalary, şeýle hem ylmy-tehniki resminama;

11) etnografik, etnologik we antropologik materiallar;

12) floranyň we faunanyň, mineralogiýanyň, anatomiýanyň seýrek kollekisiýalary we nusgalary hem-de paleontologiýa üçin gyzyklanma döredýän esbaplar;

13) taryhy, çeperçilik, ylmy ýa-da medeni ähmiýeti bolan, şeýle hem taryhy we medeni ýadygärlikler hökmünde döwlet tarapyndan gorag astyna alnan beýleki gymmatlyklar.

 

7-nji madda. Medeni gymmatlyklary hasaba almak

 

1. Medeni gymmatlyklary hasaba almak Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawynda we medeni gymmatlyklaryň gorag sanawlarynda alnyp barylýar.

Medeni gymmatlyklar hasaba alnanda şu aşakdaky maglumatlar ýazylýar: gelip çykyşy, eýesi, beýany, bahasy we gorag derejesi. Bu maglumatlaryň esasynda medeni gymmatlygyň eýesine degişli şahadatnama berilýär.

Medeni gymmatlyklary döwlet hasabyna almagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

2. Edara tabynlygyna garamazdan döwlet kitaphanalarynda, muzeýlerde we arhiwlerde saklanýan medeni gymmatlyklary ýüze çykarmak, hasaba almak we goramak bilen görkezilen edaralar meşgullanýarlar. 

Bu edaralar Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawyna hem-de medeni gymmatlyklaryň gorag sanawlaryna goşmak üçin maglumatlary ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli edaralaryna bermäge borçludyrlar.

3. Medeni gymmatlyklaryň bahasy, olaryň gorag derejesi we ýurduň çäklerinden daşyna çykarmak mümkinçiligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde seljermek arkaly medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär. 

 

8-nji madda. Medeni gymmatlyklaryň goragynyň derejeleri

 

1. Medeni gymmatlyklaryň goragy deslapky, konserwasiýa, dikeldiş we ýörite derejä eýedir. 

2. Goragyň deslapky derejesi tebigy landşaftyň desgalaryna, arheologik we binagärlik desgalaryna, bu desgalaryň taryhy ähmiýeti we bahasy bellenilýänçä monumental sungatyň eserlerine degişlidir. Döwlet häkimiýetiniň degişli ygtyýarly edaralary bilen ylalaşmazdan bu medeni gymmatlyklary ýykmak, ýok etmek, bölmek, olary täze gurluşlara goşmak, başga ýere üýtgetmek we olaryň daşky görnüşini üýtgetmek gadagan edilýär.

3. Goragyň konserwasiýa derejesi peýdalanmakdan doly alynmaga we döwlet häkimiýetiniň degişli ygtyýarly edaralarynyň gözegçiliginde çäklendirilen peýdalanmaga degişli medeni gymmatlyklara degişlidir. Goragyň bu derejesi golýazmalara, seýrek arhiw resminamalaryna, seýrek kitaplara, goraghanalara we beýleki medeni gymmatlyklara degişlidir.

4. Goragyň dikeldiş derejesi rejeleýiş işlerine mätäçlik çekýän medeni gymmatlyklar, olaryň ilkinji medeni ähmiýetini gaýtaryp getirmek ücin degişlidir. Desga babatda goragyň rejeleýiş derejesiniň ulanylmagyna çenli goragyň konserwasiýa derejesi bellenilip bilner.

5. Goragyň ýörite derejesi Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawyna goşulan milli medeni baýlygynyň desgalaryna degişlidir.

6. Gorag derejesine eýe bolan milli gymmatlyklaryň eýeleri ýa-da olary ulanyjylar bilen döwlet häkimiýetiniň degişli ygtyýarly edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklar gorag şertnamalary bilen kesgitlenilýär. Gorag derejesi bolmadyk medeni gymmatlyklar erkin peýdalanylýar.

Medeni gymmatlyklaryň gorag derejesi awtorlyk hukugynyň hereket edýän möhletinde ulanylmaýar.

 

9-njy madda. Medeni gymmatlyklaryň goralyş sanawy

 

Möhüm medeni gymmatlyklary goramak maksady bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary degişlilikdäki (şäheriň, etrabyň) çäklerinde medeni gymmatlyklaryň goralyş sanawyny ýöredýärler. 

Medeni gymmatlygyň görkezilen sanawa girizilmegine ýa-da ondan erkin peýdalanmaga bolan rugsada olaryň eýeleriniň, ulanyjylarynyň arzalary, kitaphalaryň, muzeýleriň, arhiwleriň maglumatlary esasynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda garalýar. 

 

10-njy madda. Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawy

 

1. Medeni mirasy gorap saklamak maksady bilen, şu Kanunyň 6-njy maddasynda görkezilen aýratyn gymmaty bolan desgalar Türkmenistanyň milli-medeni baýlygynyň desgalarynyň  Döwlet sanawyna girizilýär. 

2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, şeýle hem (taryhy, arheologik, binagärlik we beýleki) ýadygärlikleri öwrenmek bilen meşgullanýan ylmy-barlag guramalary medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna Türkmenistanyň milli-medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawyna girizmäge degişli desgalar baradaky maglumaty bermäge borçlydyrlar. Täze desgalaryň we esbaplaryň ýüze çykmagy boýunça zerur bolan maglumatlar bilen täze habar berilýär. 

3.  Türkmenistanyň milli-medeni baýlygynyň desgalarynyň  Döwlet sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan alnyp barylýar. 

4. Desgalary Türkmenistanyň milli-medeni baýlygynyň Döwlet sanawyna goşmak hakyndaky ýuridik we (ýa-da) fiziki şahslaryň haýyşnamalary ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan garamak üçin hökmany bolup durýar. Görkezilen haýyşnamanyň berilmegi şeýle desgalardan peýdalanmagyň tertibine, mesele çözülýänçä, emma iki aýdan köp bolmadyk möhletde wagtlaýyn aýratyn düzgüniň girizilmegine esas bolup durýar.  

  

11-nji madda. Milli medeni baýlygyň desgalarynyň aýratyn düzgüni

 

1.  Her bir takyk desga boýunça döredilýän bilermenler toparynyň berýän teklipnamasy esasynda  medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ýörite rugsady bolmasa, Türkmenistanyň milli-medeni baýlygynyň desgalarynyň  Döwlet sanawyna girizilen milli-medeni baýlyk desgalarynyň ýok edilmegine, başga ýere göçürilmegine, üýtgedilmegine, nusgasynyň alynmagyna ýa-da dikeldilmegine ýol berilmeýär. 

2. Toplumy bilen  aýratyn çeperçilik ýa-da taryhy ähmiýete eýe bolan kolleksiýalar ýa-da zatlaryň ýygyndylary bölüşdirilmeli däldir.

3.  Taryhy, arheologiýa, şäher gurluşyk, binagärlik we monumental çeper ýadygärlikleriň, tebigy-landşaft desgalarynyň goragyny üpjün etmek maksady bilen gorag zolaklary bellenilýär, olary guramagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

Medeni gymmatlyklar babatdaky arheologik gazuw-agtaryşlary we arheologik ýadygärlikleriň gözleg, dikeldiş, abatlaýyş we konserwasiýa işlerini geçirmek Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

4. Türkmenistanyň milli-medeni baýlygynyň desgalarynyň olaryň taryhy, çeperçilik we dini maksatlary bilen bir ýere sygyşmaýan ýollar bilen peýdalanylmagyna ýol berilmeýär.

Dini urp-adat guramalaryna degişli milli-medeni baýlyklarynyň desgalary bolup durýan esbaplar olaryň urp-adat maksatlary göz öňünde tutulyp ulanylyp bilner.

Medeni gymmatlyklar, olaryň eýeleriniň ýa-da ulanyjylarynyň razylygy, dini maksatly medeni gymmatlyklar bolsa - degişlilikdäki dini gurluşyň razylygy bolmasa, nusgalary alnyp bilinmez, şeýle hem olar syýahatçylyk, gezelenç we mahabat maksatlary üçin ulanylyp bilinmez.

5. Türkmenistanyň milli-medeni baýlygynyň desgalarynyň ýagdaýyny we goralyp saklanylyşyny degişli tertipde berjaý etmek borçlary olaryň eýeleriniň ýa-da ulanyjylarynyň üstüne ýüklenilýär.   

Türkmenistanyň milli-medeni baýlygynyň desgalaryny saklamak üçin olaryň eýeleriniň ýa-da ulanyjylaryň maddy ýa-da beýleki mümkinçilikleri ýok mahalynda, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy medeni gymmatlygyň satylyşyny guraýar. Milli gymmatlygy saklamaga mümkünçiligi bolan ýuridik we (ýa-da) fiziki şahs alyjy hökmünde çykyş edip biler, ýa-da bu medeni gymmatlyklar kazyýet tertibinde bahasyny tölemek esasynda döwlet eýeçiligine geçirilýär. 

6. Döwlete degişli däl eýeçilikdäki aýratyn ähmiýete eýe bolan medeni gymmatlyklar  satylýan halatynda, olary ilkinji nobatda satyn almak hukugy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlete degişlidir. 

7. Ýer we suw aşagyndan, gurluşykda, tebigy desgalarda tapylan, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda elden alnan, şeýle hem mirasdüşerleri we  eýeleri bolmadyk  medeni gymmatlyklar kanunçylykda bellenilen tertipde döwlet eýeçiligine geçýär.

8. Döwlet eýeçiliginde bolan Türkmenistanyň milli-medeni baýlygynyň desgalary hususylaşdyrylmaga degişli däldir.

9. Türkmenistanyň milli-medeni baýlygynyň desgalarynyň bilkastlaýyn ýok edilmegi, ýykylmagy ýa-da zaýalanmagy üçin ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipdäki jogapkärçiligi çekýärler.

10. Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň                         aýratyn düzgüni awtorlyk hukugynyň we garyşyk hukuklaryň desgalaryna degişli däldir.

 

12-nji madda. Medeni gymmatlyklaryň getirilmegi we  äkidilmegi

 

1. Medeni gymmatlyklary Türkmenistanyň çäklerinden äkitmek we onuň çäklerine getirmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde  amala aşyrylýar.

2. Wagtlaýyn görkezmek, ýerlere sapara gitmek işi, dikeldiş we ylmy-barlar işleriniň, jemgyýetçilik bilen tanyşdyryşyň, sergileriň we halkara medeni çäreleriň geçirilişinden başga ýagdaýlarda, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen beýleki ýagdaýlarda milli medeni baýlygyň desgalaryny Türkmenistanyň çäklerinden äkitmek gadagandyr.

3. Medeni gymmatlyklaryň getirilmeginiň we äkidilmeginiň kadalary daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar tarapyndan Türkmenistanda döredilen desgalara hem degişlidir.

4. Medeni gymmatlyklaryň wagtlaýyn äkidilmegi, şeýle hem olaryň yzyna getirilmegi medeni gymmatlyklaryň getirilmegi we äkidilmegi baradaky bilermenler topary tarapyndan amala aşyrylýan seljerme esasynda ýerine ýetirilýär.

5. Türkmenistanyň çaklerinden bikanun çykarylan we (ýa-da) onuň çäklerine bikanun getirilen medeni gymmatlyklar hökmany suratda yzyna gaýtarylmaga degişlidir. Şunda bikanun çykarylan, şeýle hem kazyýetiň karary bilen elden alnan medeni gymmatlyklar degişlilikdäki ugurlary boýunça döwlet muzeýlerine tabşyrylmaga degişlidir.

 

III bap. Medeniýet guramalary

 

13-nji madda. Medeniýet guramalary we olaryň aýratyn hukuk ýagdaýy

 

1. Medeniýet guramalaryny döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

2. Medeniýet guramalarynyň işiniň görnüşleri olary esaslandyryjylar tarapyndan kesgitlenilýär we olaryň tertipnamalarynda görkezilýär.

3. Medeniýet guramalary eýeçiliginiň görnüşi boýunça Türkmenistanyň eýeçilik hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda döwlet, hususy we beýleki guramalar bolup biler.

4. Medeniýetiň döwlet guramalary hususylaşdyrylmaga degişli däldir.

5. Medeniýetiň döwlet guramalaryna, medeniýet babatda işi aýratyn döwlet we jemgyýetçilik ähmiýetine eýe bolan aýry-aýry professional çeperçilik we döredijilik kollektiwlerine "Milli" hukuk derejesi  berlip bilner.

"Milli" hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

6. Öz çygrynda öňdebaryjy bolup durýan döwlet medeniýet guramalaryna, aýry-aýry professional çeperçilik we döredijilik kollektiwlerine milli medeniýeti we sungatyň görnüşlerini döretmäge, ösdürmäge we wagyz etmäge goşan uly goşandy üçin "Akademiki"  hukuk derejesi berilýär. 

"Akademiki" hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

7. Milli medeniýeti we sungatyň görnüşlerini döretmäge, ösdürmäge we wagyz etmäge goşan uly goşandy üçin çeper höwesjeň kollektiwlerine "Halk" ady berilýär.

"Halk" adyny bermegiň tertibi we şertleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

 

14-nji madda. Medeniýet guramalarynyň ulgamy

 

Medeniýet guramalarynyň ulgamyna şu aşakdakylar girýär:

1) teatral-konsert:

- opera, balet, drama, sazly komediýa, sazly drama, ýaş tomaşaçylar, gurjak teatrlary we beýleki teatrlar;

- filarmoniýalar, konsert salonlary we köşkleri, sazçylyk zallary, sirkler, folklor toparlary, professional orkestrler we sazçylyk kollektiwleri, ses ýazýan studiýalar;

- teatr studiýalary, ussahana teatrlary, synag we okuw teatrlary, teatral we sazçylyk sungatynyň merkezleri;

2) kitaphana:

- milli kitaphanalar;

- jemagat, ýaşlar, çagalar kitaphanalary;

- pudaklaýyn kitaphanalar, ylmy kitaphanalar;

- welaýat, etrap, şäher, oba we şäherçe kitaphanalary;

- körler we lal-güňler üçin kitaphanalar;

3) muzeý:

- çeperçilik muzeýleri we sungat muzeýleri, taryhy we taryhy-ülkäni öwreniş muzeýleri;

- edebiýat, teatr we sazçylyk ugurly muzeýler, memorial muzeýler, ýatlama muzeýleri;

- muzeý-goraghanalary;

- pudaklaýyn muzeýler;

- jemgyýetçilik we mekdep muzeýleri;

4) çeperçilik galereýalary we sergi salonlary, şekillendiriş sungaty merkezleri;

5) haýwanat baglary, akwariumlar, planetariler, botanika baglary;

6) medeni we taryhy ugurly arhiwler;

7) dynç alşy guramagyň guramalary:

- şäher, etrap, oba we şäherçe medeniýet öýleri;

- medeniýet we dynç alyş seýilgähleri, dynç alyş merkezleri;

8) bilim guramalary:

- medeniýet babatda başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär we ýokary okuw mekdeplerinden soňky hünär bilim guramalary;

- çagalar çeperçilik we sungat mekdepleri;

- ulular üçin sazçylyk, çeperçilik, horeografik we beýleki sungat merkezleri;

- hünäri ýokarlandyryş kurslary;

9) ylmy, usulyýet:

- medeniýet babatdaky ylmy-barlag institutlary we merkezleri;

- medeniýet, muzeý işi boýunça ylmy-usulyýet merkezleri, sazçylyk bilimi boýunça usulyýet otaglary, muzeý gymmatlyklaryny dikeltmegiň ylmy merkezleri;

10) medeniýeti wagyz etmek we ýaýratmak boýunça:

- neşirýatlar, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary;

- kinoteatrlar, kinostudiýalar, telewideniýe we radioýaýlymlar;

- daşary ýurt kinowideo önümlerini ýaýratmak, satyn almak, terjime etmek, şeýle hem köpçülikleýin görkezmek boýunça edaralar;

- medeniýet ugurly habarlar merkezleri we beýlekiler.

 

15-nji madda. Işiň tölegli görnüşleri we medeniýet guramalarynyň telekeçilik işi 

 

1. Eger guramanyň dörediji resminamalarynda göz öňünde tutulan bolsa we kömekçi häsiýete eýe bolsa, täjirçilik däl medeniýet guramasy tölegli hyzmatlary etmäge we öz öndüren harytlaryny ýerlemäge haklydyr.

2. Döwlet eýeçiliginde durýan medeniýet guramalaryna mugt barmak we bu çykdajylar bilen baglanyşykly maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde kesgitlenilýär. 

3. Medeniýetiň döwlet guramalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde telekeçilik işini alyp barmaga haklydyrlar.

4. Döwlet medeniýet guramalarynyň medeni işiniň tölegli görnüşleri, eger olardan alynýan girdeji olary ösdürmäge we kämilleşdirmäge doly gönükdirilse, telekeçilik işi hökmünde garalmaýar.

Şertnamada göz öňünde tutulan öndürýän önümini ýerlemek we hyzmatlar etmek boýunça medeniýetiň täjirçilik däl guramalarynyň işi diňe bu işden alynýan girdejä esasy tertipnamalaýyn işi üpjün etmegiň, ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň hajatlary üçin bu gurama gös-göni maýa goýulmaýan babatda degişlidir.

5. Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagy döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýär.

 

16-njy madda. Medeniýet guramalarynyň fiziki we ýuridik şahslar bilen özara gatnaşyklary

 

1. Medeniýet guramalary mahabat we gaýry maksatlar üçin öz nyşanyny (resmi we beýleki atlaryny, haryt nyşanyny, emblemasyny) peýdalanmakda, şeýle hem şertnamalaýyn esasda şeýle peýdalanmagy beýleki ýuridik we fiziki şahslara rugsat etmekde aýratyn hukuga eýedirler.

Kärhanalar, edaralar we guramalar eýeleriniň we şekillendirilýän adamlaryň bellenilen tertipde berlen resmi rugsady bolan mahalynda medeniýet desgalaryny we medeniýetiň gazananlaryny, medeniýet işgärlerini şekillendirmek (nusgasyny almak) bilen önümi (şol sanda mahabat önümini) taýýarlap we ýerläp bilerler.

Görkezilen şekili peýdalanmak üçin töleg şertnamanyň esasynda bellenilýär. Degişlilikdäki rugsady bolmazdan görkezilen şekilleri peýdalanan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipdäki jogapkärçiligi çekýärler.

2. Ýuridik we fiziki şahslar medeniýet desgalaryna syýahatçylyk-gezelenç işini diňe medeniýet guramalary bilen şertnamalaryň esasynda amala aşyrýarlar.

3. Taryhy ýerlerde, ýadygärlikleriň gorag zolaklarynda ýerleşen kärhanalar, edaralar, guramalar (býujetdäkilerden başga) degişli ýadygärlikleriň ýerleşýän we olara taryhy ýerleriň we gorag zolaklarynyň berkidilen eýeçiliginde durýan döwlet häkimiýetiniň edaralary tarapyndan bellenilen tölegleri ýadygärlikleri hasaba alýan, peýdalanýan we dikeldýän döwlet edaralarynyň ýörite hasaplaryna geçirýärler. 

4. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary taryhy çäkleriň, ýadygärlikleriň gorag zolaklarynyň ýeri üçin tölegden ýerli býujetlere serişde geçirmeleriň göterimini belleýärler, olar bu çäklerde ýerleşen kärhanalardan, edaralardan we guramalardan, öý eýelerinden alynýar. Alnan serişdeler türkmen halkynyň medeni mirasynyň desgalaryny goramaga we dikeltmäge, taryhy çäkleri abadanlaşdyrmaga gönükdirilýär. 

5. Medeniýet guramasynyň ýerleşen jaýy başga kärhanalara, edaralara we guramalara (şol sanda dini) berlende bu işi ýerine ýetirýän döwlet edaralary medeniýet guramalaryna deň bahaly jaýy deslapdan bermäge borçludyrlar.

6. Ilata hyzmat etmek zerurlygy bilen baglanyşykly teatrlar, muzeýler we medeniýetiň beýleki degişli guramalary ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen ylalaşyp öz iş grafigini, şol sanda dynç günlerini belleýärler. 

 

17-nji madda. Döwlet we professional döredijilik işgärleriniň jemgyýetçilik birleşikleri

 

1. Medeniýet babatda bilelikdäki tagallalary, professional gatnaşygyň ýola goýulmagyny we aragatnaşygyň bellenilmegini, döredijilik bähbitleriniň goragyny talap edýän döredijilik işini amala aşyrmak maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde medeni işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça jemgyýetçilik birleşikleri – döredijilik guramalary döredilip bilner.

2. Döwlet döredijilik guramalary babatynda:

olaryň medeniýet babatdaky döwlet syýasatyny işläp taýýarlamaga gatnaşmak mümkinçiligini üpjün edýär;

döredijilik işgärleriniň iş bilen üpjünçiligi, hünär taýýarlygy, zähmeti goramak, durmuş taýdan goramak babatda çäreler işlenip taýýarlananda olar bilen maslahatlary geçirýär;

eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, olaryň işine gatyşmaýar;

olaryň ýüztutmalary boýunça aýry-aýry jemgyýetçilik peýdaly maksatnamalary maksatlaýyn maliýeleşdirmek arkaly şertnamalaryň aýry-aýry görnüşlerini, şol sanda işleri ýerine ýetirmek ýa-da hyzmatlar etmek hakynda şertnamalary baglaşmagynda, şeýle hem ýörite buýurma arkaly bäsleşik esasynda aýry-aýry çäreleriň geçirilmeginde olary goldaýar.

3. Döredijilik guramalarynyň tertipnamasynda bellenilen talaplara laýyk gelýän döredijilik işgäri döredijilik guramalaryna girmek hukugyna eýedir.

Dalaşgärlere we agzalara döredijilik guramalarynyň tertipnamasy bilen bildirilýän talaplar raýatlaryň emläk we emläk däl hukuklaryny kemsitmeli däldir, degişli döredijilik hünärdäki has hünärli wekilleriň onuň düzümine birleşmegine, olaryň professional we döredijilik ösüşiniň üpjün edilmegine ýardam etmelidir.

4. Halkara döredijilik guramalary bilen döredijilik guramalarynyň  gatnaşygy Türkmenistanyň kanunçylygy we halkara şertnamalary bilen düzgünleşdirilýär.

5. Döredijilik guramalaryny döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar. 

6. Döwlet, hukuk, durmuş-ykdysady we beýleki babatlarda professional döredijilik işgärleriniň haýsydyr bir jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalary bolup durmaýan döredijilik işgärlerine, şeýle hem şeýle döredijilik  guramalarynyň agzalaryna ýardam edýär.       

 

 18-nji madda. Professional däl (höwesjeň) döredijilik birleşikleri we kollektiwleri

 

Professional däl (höwesjeň) döredijilik birleşikleri we kollektiwleri raýatlaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, medeniýet guramalarynyň, ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralaryň başlangyçlary bilen döredilýär we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işleýärler. 

 

IV bap. Medeniýet babatda döwlet düzgünleşdirmesi

 

19-njy madda. Medeniýet babatda döwlet düzgünleşdiriş  edaralary

 

Medeniýet babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

20-nji madda. Medeniýet babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

 

1. Medeniýet babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň namalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar;

2) medeniýet babatdaky ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň işini kadalaşdyryp düzgünleşdirmegi amala aşyrýar;

3) medeniýet babatda döwlet syýasatyny işläp taýýarlaýar;

4) raýatlaryň medeni işlere bolan konstitusion hukuklarynyň goralmagyny we durmuşa geçirilmegini üpjün edýär;

5) medeni ösüşe döwlet dolandyryşyny amala aşyrýar;

6) halkara ülňüleri we tejribesi, türkmen milletiniň taryhy we mentaliteti we bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini alyp baryşy esasynda medeniýet babatda medeni özgertmeleriň geçirilmegini guraýar;

7) medeniýet ugrunyň ösüşiniň we kämilleşmeginiň maksatlaýyn maksatnamalaryny kabul edýär we ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

8) medeniýet babatdaky Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilmegini guraýar;

9) medeniýet işgärleri we döredijilik işgärleri babatdaky döwlet durmuş syýasatynyň işlenilip taýýarlanylmagyny amala aşyrýar we durmuşa geçirýär;

10) medeniýet babatdaky ylmy işiň ösdürilişi boýunça çäreleri amala aşyrýar;

11) daşary ýurt döwletleri bilen medeni gatnaşyklary ösdürmegi üpjün edýär;

12) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen onuň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.

2. Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

 

21-nji  madda. Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklary

 

Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar girýär:

1) medeniýet babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;

2) medeniýet ugrunyň ösüşiniň we kämilleşmeginiň maksatlaýyn maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;

3) milli medeni gymmatlyklary gaýtadan dikeltmek, gorap saklamak, ösdürmek we ýaýratmak;

4) medeniýet babatynda estetik terbiýe bermek, çeperçilik bilimi we pedagogik iş üçin şertleri döretmek;

5) medeniýet babatda medeniýet işiniň maglumat üpjünçiliginiň ýeke-täk döwlet ulgamyny döretmek;

6) medeniýet babatdaky işiň pudagara sazlaşdyrylyşyny we maglumat hem-de ylmy-usuly üpjünçiligini amala aşyrmak;

7)   medeniýet babatda Türkmenistanyň Döwlet býujetini işläp taýýarlamaga gatnaşmak;

8)  medeniýet guramalarynyň ösüşini üpjün etmek we olaryň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak;

9) döredijilik işini ösdürmek üçin şertleri döretmek;

10) medeniýet babatda işgärleri taýýarlamagy, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy amala aşyrmak;

11) medeniýet babatda haýyr-sahawatlylygyň we howandarlygyň, watandaşlarymyz bilen aragatnaşygyň  ösdürilmegine ýardam etmek;

12) Türkmenistanyň çäklerinde  taryhy we medeni ýadygärlikleri ýüze çykarmak, olaryň hasabyny ýöretmek, öwrenmek, gorap saklamak, konserwirlemek, dikeltmek we taryhy ýadygärlikleri, medeniýetiň maddy we ruhy desgalaryny ulanmak, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýetiniň görnükli işgärleriniň atlaryny ebedileşdirmek boýunça çareleri guramak;

13) Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawyny ýöretmek;

14) halkara medeni hyzmatdaşlygy çygryndaky işi utgaşdyrmak we  amala aşyrmak;

15) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy esasynda medeniýetiň döwlet guramalarynyň işgärleriniň hünär synagyny we hünär derejelerini ýokarlandyrmagyny geçirmegiň tertibini işläp taýýarlamak;

16) medeniýetiň döwlet guramalarynyň işgärleriniň hünär synagyny geçirmek;

17) medeniýetiň döwlet guramalaryna "Milli" diýen hukuk derejesiniň we "Akademiki" diýen hukuk derejesiniň dakylmagynyň düzgünnamalaryny işläp taýýarlamak;

18)  çeper höwesjeňler kollektiwlerine "Halk" diýen adyň dakylmagy hakyndaky düzgünnamany işläp taýýarlamak;

       181) medeniýet babatda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak;

       182) medeniýet babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek;

       183) garamagyndaky medeniýet guramalarynda, Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda hem-de beýleki edaralarynda, kärhanalarynda, guramalarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynyň tansçylarynyň hünär derejeleri hakynda Düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak;

      184) garamagyndaky medeniýet guramalarynda, Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda hem-de beýleki edaralarynda, kärhanalarynda, guramalarynda hereket edýän döredijilik toparlarynyň artistleriniň hünär derejeleri hakynda Düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak;

185) Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda Düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek;

186) garamagyndaky edaralarda elektron maglumat ulgamyny döretmek, elektron resminama dolanyşygynyň alnyp barylmagyny üpjün etmek we kämilleşdirmek;

      187) sanly hyzmatlary amala aşyrmak hem-de olaryň ösdürilmegi üçin şertleri döretmek;

19) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen onuň ygtyýarlyklaryna degişli edilen gaýry meseleleri çözmek. 

Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň işläp taýýarlaýan kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrygy boýunça bu edara tarapyndan tassyklanylyp bilner. 

 

22-nji madda. Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna öz tabynlygyndaky çäklerde şular degişlidir: 

1) medeniýet babatda döwlet syýasatyny amala aşyrmak;

2) milli medeniýetiň goralyp saklanylmagy, gaýtadan dikeldilmegi we ösdürilmegi üçin zerur bolan maddy-tehniki we guramaçylyk şertlerini üpjün etmek;

3) welaýatlaryň, şäherleriň, etraplaryň döwlet medeniýet edaralarynyň teatr, saz we çeperçilik sungatynyň ösmegine, medeniýetli dynç alyşyna we halk döredijiligine, kitaphana we muzeý işine gönükdirilen işini goldamak we üpjün etmek;

4) welaýatlarda, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherlerde, etraplarda, etrap hukukly şäherlerde döredijilik işiniň dürli ugurlaryndaky gözden geçirilişleriniň, festiwallarynyň, bäsleşikleriniň geçirilişini guramak;

5) welaýatlaryň, şäherleriň, etraplaryň taryhy ýadygärliklerini hasaba almak we gorap saklamak, konserwirlemek, dikeltmek, medeniýetiň maddy we ruhy desgalaryny ulanmak, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýetiniň görnükli işgärleriniň atlaryny ebedileşdirmek boýunça işleri guramak;

6) halk senetçiliginiň we hünärleriniň ösmegine ýardam etmek bilen täze iş orunlarynyň guralmagy üçin şertleri döretmek;

7) taryhy-medeni mirasy gorap saklamak boýunça işi guramak, taryhy, milli we medeni däp-dessurlaryň ösdürilmegine ýardam etmek;

8) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan olaryň ygtyýaryna degişli edilen gaýry meseleleri çözmek. 

       

V bap. Medeniýet işgärleri we döredijilik işgärleri

 

23-nji madda. Medeniýet işgärleriniň derejeleri

 

1. Medeniýet işgärleri derejeleri boýunça esasy iki topara birleşýärler:

professional işi arhiwleriň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, çeperçilik galereýalarynyň we olara meňzeş guramalarynyň ýygyndylaryny ýygnamak, saklamak we hyzmat etmek bilen, şeýle hem medeni gymmatlyklary ýaýratmak, peýdalanmak we olara raýatlary çekmek bilen baglanyşykly işgärler;

professional işleri edebi, drama, saz, şekillendiriş we sungatyň beýleki eserlerini döretmek, olary ýerine ýetirmek, gaýtadan öndürmek ýa-da interpretasiýa etmek bilen baglanyşykly işgärler. Bu toparyň işgärleri döredijilik işgärleri hökmünde kesgitlenilýär. Şeýle hem görkezilen işleri professional däl (höwesjeňlik) esasda amala aşyrýan raýatlar döredijilik işgärlerine degişlidirler.

2. Birinji topara medeniýet işgärleriniň şu aşakdaky derejeleri degişlidir:

1) taryhy, ylmy ýa-da çeperçilik gyzyklanmany döredýän we resminamalary ýygnaýan, olara baha berýän we abat saklanmagyny üpjün edýän arhiwariuslar, muzeýleriň we kitaphanalaryň işgärleri;

2) ýazylan we çap edilen materiallary we dolandyryjylyk materiallary ýygnamagy, ulgamlaşdyrmagy we hyzmat etmegi amala aşyrýan kitaphanaçylar, bibliograflar, resminamalary öwrenijiler we ugurdaş hünärleriň hünärmenleri;

3) radionyň, telewideniýäniň tekstiň many-mazmunyny diňleýjä ýa-da tomaşaça ýetirýän, täzelikleriň maglumatlaryny, bildirişleri okaýan diktorlary hem-de konsertleriň, dabaralaryň we beýleki medeni çäreleriň alyp baryjylary;

4)  raýatlary medeni gymmatlyklara çekýän, medeni köpçülik we medeni aň-bilim çärelerini guraýan edaralaryň dynç alyşy guraýan we ýaýradýan işgärleri.

3. Ikinji topara medeniýet (döredijilik işgärleri) işgärleriniň şu aşakdaky derejeleri degişlidir:

1) çeperçilik edebiýat eserlerini we teatr pýesalaryny döredýän, ssenariýeleri we librettolary ýazýan prozaçylar, şahyrlar, dramaturglar, ssenariýeçiler, librettoçylar;

2) derhal habary şöhlelendirmek, mahabat boýunça dürli görnüşli makalalary taýýarlaýan, çap neşirlerini redaktirleýän, edebiýat we sungat eserleriniň çeperçilik derejesine tankydy baha berýän žurnalistler, edebiýaty öwrenijiler, sungaty öwrenijiler, saz öwrenijiler, teatry öwrenijiler, edebiýat, sazçylyk, teatr we kino tankytçylary;

3) suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, monumental we amaly-haşam sungatyň eserlerini döredýän, olary rejeleýän, çeperçilik gurnaw (dizaýn) boýunça işleri amala aşyrýan heýkeltaraşlar, suratkeşler we olar bilen ugurdaş sungat işgärleri;

4) saz eserlerini döredýän kompozitorlar, täzeden işleýän aranžirleýjiler, olary ýerine ýetirýän dirižýorlаr, sazandalar, aýdymçylar we saz goýberijiler (disk žokeýler);

5) temany saýlaýan, döredijilik pikirine laýyklykda tans eserlerini goýýan we ýerine ýetirýän horeograflar we tansçylar;

6) spektakllary, oýunlary, kino we telefilmleri goýýan hem-de bu eserlerde rollary ýerine ýetirýän teatryň, kinonyň, telewideniýäniň, radionyň režissýorlary we aktýorlary hem-de sungatyň beýleki işgärleri;

7) sirklerde köpçüligi güýmeýän, oýunlary oýnaýan we aýry-aýry sirk oýunlaryny görkezýän masgarabazlar, gözbagçylar, akrobatlar we beýleki artistler.

 

24-nji madda. Döredijilik işgärleriniň hukuk ýagdaýy we olary döwlet tarapyndan goldamak

 

1. Döredijilik işgärleriniň türkmen jemgyýetindäki hukuk ýagdaýy aşakdakylar bilen kesgitlenip, olar:

a) medeni gymmatlyklary döretmekde:

- ýokary çeperçilik ussatlygy, ideýa hem mazmun baýlygy, türkmen halkynyň mentalitetiniň milli aýratynlyklarynyň ýokary çeperçilikli beýan edilmegi bilen tapawutlanýarlar;

- türkmen jemgyýetiniň jebisleşmegine, onuň ahlak esaslarynyň pugtalanmagyna we ruhy taýdan baýlaşmagyna ýardam edýärler;

- täze Galkynyşlar zamanasynyň düýpli özgertmeleriniň esasy alamatlaryny beýan edýärler;

- ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň ykdysady we ruhy mümkünçiliklerini artdyrmaga ýardam edýän zähmet üstünliklerine ruhlandyrýarlar;

- ýaş nesillerde ýokary ahlaklylyk we ruhy-ahlaklylyk sypatlaryny kemala getirmäge ýardam edýärler.

b) türkmen halkynyň abadançylygy, Türkmenistanyň geljekde mundan beýläk hem gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlaryndaky özgertmelere işjeň gatnaşýarlar;

ç)  Türkmenistanyň halkynyň durmuşyny hakyky we talantly beýan edýärler;  

d) milli medeniýetiň mundan beýläkki ösüşine we olaryň ideýa-çeperçilik derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýärler.

2. Döwlet medeniýet babatdaky işde döredijilik işgäriniň aýratyn roluny ykrar edýär, onuň erkinligini, ahlak, ykdysady we durmuş hukuklaryny kepillendirýär.

3. Döwlet:

halkyň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga, medeniýeti aýap saklamaga we ösdürmäge gönükdirilen döredijilik işgärleriniň işini höweslendirýär;

döredijilik işgärleriniň zähmet we iş bilen üpjünçilik şertlerini döredijilik işine özlerini bagyş etmegiň olar üçin islenilýän görnüşde mümkinçilik bolar ýaly ýagdaýda üpjün edýär;

döredijilik işgärleriniň tölenilýän işi almaga mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen jemgyýet tarapyndan döredijilik önümine bolan islegiň ösüşine ýardam edýär;

döredijilik işiniň aýratynlygyny hasaba almak bilen döredijilik işgärleriniň durmuş taýdan üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirýär;

döredijilik işgärleriniň maddy taýdan üpjün edilmegine, durmuş taýdan goralmagyna, erkinligine we garaşsyzlygyna ýardam edýär;

döredijilik işgärleriniň iş aýratynlygyny hasaba almak bilen olara salgyt salmak ulgamyny kämilleşdirýär;

halkara döredijilik gatnaşyklarynyň giňeldilmeginde döredijilik işgärlerine ýardam edýär;

zenanlaryň we ýaşlaryň döredijilik işine gatnaşmak mümkinçiliklerini giňeldýär;

döredijilik işi bilen meşgullanýan çaganyň şahsyýetini we onuň ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen, çaganyň özüne mahsus aýratynlyklaryny nazara alýan BMG-nyň çaganyň hukuklary baradakyKonwensiýasynyň düzgünlerini durmuşa geçirýär;

döredijilik işgärleri üçin degişli bilim edaralaryna, kitaphanalara, muzeýlere, arhiwlere we beýleki medeniýet guramalaryna elýeterliligiň ýeňillikli şertlerini üpjün edýär.

4. Döredijilik guramasynyň agzasy bolup durýan döredijilik işgäriniň hukuk ýagdaýy onuň esaslandyryjy resminamalaryna laýyklykda bu gurama tarapyndan tassyklanylýar.

Döredijilik guramalarynda durmaýan döredijilik işgäriniň hukuk ýagdaýy  güwänama bilen tassyklanylýar.

Dalaşgäriň döredijilik işi döredijilik işgäriniň güwänamasyny almaga esas bolup durýar.

 

25-nji madda. Medeniýet guramalarynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary

 

Medeniýet guramalarynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

 

26-njy madda. Medeniýet işgäriniň hukuklary we borçlary 

                         

Medeniýet işgäri (şol sanda döredijilik bilen meşgullanýan adam) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, zähmet şertnamasy, kollektiwleýin şertnama (ylalaşyk) bilen göz öňünde tutulan hukuklardan peýdalanýar we borçlary ýerine ýetirýär.

 Bulardan başga-da döredijilik işgäri şu aşakdaky hukuklara eýedir:

 1) aýan edilmegi ýa-da ýitirilmegi onuň döredijilik işi bilen baglanyşykly bähbitlerine zeper ýetirip biljek maglumaty goramaga;

 2) öz işine üçünji adamy çekmäge;

 3) döredijilik we professional bähbitleri boýunça jemgyýetçilik birleşiklerine we guramalaryna girmäge;

 4) döredijilik işini amala aşyrmak üçin arhiwlere, kitaphanalara, muzeýlere we medeniýetiň beýleki guramalaryna elýeterli bolmaga. 

 

27-nji madda. Medeniýet guramalarynyň  işgärlerini taýýarlamak, gaýtadan   taýýarlamak, hünär derejelerini ýokarlandyrmak we olaryň hünär synagy

 

1. Işini Türkmenistanyň bilim babatdaky kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýan degişli hünär bilimi edaralarynyň dürli kysymlarynda we görnüşlerinde medeniýet babatdaky iş üçin professional işgärler taýýarlanylýar.

2. Medeniýet guramalary döredijilik işgärleriniň we medeniýet işgärlerini gaýtadan taýýarlamak, hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin  zerur bolan şertleri döredýärler.

3. Döwlet medeniýet guramalarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna bolşy ýaly, şertnamalaýyn başlangyçlarda, döwlete degişli däl medeniýet guramalarynyň işgärlerini bolsa, şertnamalaýyn esasda amala aşyrylyp bilner.

Medeni taýýarlygyň ugurlary (hünärleri) boýunça okaýan medeniýet işgärleriniň we döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak bilim edaralarynyň ähli kysymlarynda bolşy ýaly degişlilikdäki ygtyýarnamalary bolan  medeniýet guramalarynda hem geçirilip bilner.

4. Medeniýet guramalarynyň işgärleri we olaryň ýolbaşçylary özleriniň hünär derejesini tassyklamak üçin Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen bellenilen tertibe we medeniýet babatdaky ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýän hünär synagynyň şertlerine laýyklykda hünär synagyndan geçýärler. 

5. Döwlet daşary ýurtlaryň öňdebaryjy medeniýet guramalarynda we degişlilikdäki bilim edaralarynda medeniýet işgärlerini taýýarlamakda we gaýtadan taýýarlamakda, hünär derejesini ýokarlandyrmakda ýardam edýär. 

 

28-nji madda. Medeniýet işgärleriniň maddy üpjünçiligi hem-de durmuş taýdan goralyşy

 

1. Medeniýet guramalarynyň işgärleriniň, ylmy işgärleriň, medeniýet ulgamynyň ýokary we orta hünärment okuw mekdepleriniň pedagogik işgärleriniň zähmetine hak tölemek, goşmaça hak tölemek, aýlyk iş hakyna goşmaça hak tölemek, öwezini dolmalaryň we ýeňillikleriň beýleki görnüşlerini amala aşyrmak, şeýle hem olary pensiýa bilen üpjün etmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

2. Işleri zähmetiň zyýanly (aýratyn zyýanly) şertleri, professional keselleriň ýokary töwekgelçiligi we howpy bilen baglanyşykly  medeniýet işgäriniň we döredijilik işgäriniň durmuş taýdan goraglylygy we ätiýaçlandyrylmasy, seýle hem olaryň pensiýa üpjünçiligi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde amala aşyrylýar.

3. Medeniýet işgärleri we döredijilik işgärleri  medeniýet we sungat babatda gazanan üstünlikleri üçin şertleri, maddy üpjünçiligi we ýeňillikleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýän döwlet sylaglaryna mynasyp bolýarlar.

4. Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini, seýle hem aýratyn zehinli ýaş döredijilik işgärlerini  döwlet tarapyndan goldamak maksady bilen  Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde medeniýet babatdaky döwlet stipendiýalary döredilýär. 

 

VI bap. Medeniýet babatdaky ykdysady kadalaşdyryş

 

29-njy madda. Medeniýet babatdaky işiň ykdysady taýdan üpjünçiligi

 

1. Döwlet medeniýetiň aýawly saklanmagyny we ösmegini, medeni gymmatlyklaryň ýurduň ähli raýatlary üçin çäk, baha we maglumat elýeterliligini kepillendirýär.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýan medeniýet ulgamynyň Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdelerinden maliýeleşdirilmegi medeniýetiň aýawly saklanmagynyň we ösmeginiň döwlet kepillikleriniň durmuşa geçmeginiň esasy bolup durýar.

3. Medeniýeti ösdürmegi goldamak üçin döwlet salgyt we beýleki ýeňillikleriň berilmegini we täjirçilik däl medeniýet edaralarynyň artykmaçlyklaryny kanun taýdan düzgünleşdirýär, medeniýetiň ösmegine öz serişdelerini goýýan ýerli we daşary ýurtly ýuridik we fiziki şahslara ýeňillikleriň berilmeginiň ulgamyny göz öňünde tutýar. Şeýle ýeňillikleriň berilmeginiň şertleri we tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

 

30-njy madda. Medeniýet babatdaky emläk gatnaşyklary

 

1. Türkmenistanda medeni gymmatlyklara eýeçiligiň ähli görnüşlerine, şeýle hem medeniýet babatda ulanmak üçin niýetlenilen jaýlara, desgalara, emläk toplumlaryna, enjamlara  we medeniýet babatda ulanmak üçin niýetlenen beýleki emläge ýol berilýär.

Medeniýet babatda medeni gymmatlyklaryň we  beýleki emlägiň hususyýetçileriniň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

2. Türkmenistanda medeniýet guramalarynyň emlägi (jaýlary, desgalary, emläk toplumlary, enjamlary) olary esaslandyryjylaryň eýeçiliginde durýar, olaryň karary boýunça ol eýeçilige, hojalykly ýöretmäge ýa-da derhal dolandyrmaga gös-göni medeniýet guramalaryna berlip bilner.

Medeniýet babatynda döwlet eýeçiligine ygtyýar etmek we dolandyrmak ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary tarapyndan we olaryň tabşyrmagy boýunça ýörite ygtyýarly edilen döwlet edaralary, guramalary tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Medeniýet guramasy özüne berkidilen eýeçiligiň abat saklanylmagy we netijeli peýdalanylmagy üçin hususyýetçiniň öňünde jogapkärçilik çekýär. Bu babatda medeniýet guramasynyň işine esaslandyryjy (esaslandyryjylar) ýa-da hususyýetçi tarapyndan ygtyýarly edilen başga adam tarapyndan gözegçilik edilýär.

4. Medeniýet guramasyna berkidilen ýer böleklerini goşup, döwlet eýeçiligi hususyýetçi tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we şertlerde aýrybaşgalanyp bilner.

Döwlet eýeçiliginde durýan, türkmen halkynyň medeni mirasynyň elden alynmaga ýa-da aýrybaşgalanmaga degişli bolmadyk desgalarynyň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

5. Döwlet muzeýlerinde, surat galereýalarynda, kitaphanalarda, arhiwlerde we medeniýetiň beýleki döwlet guramalarynda saklanýan medeni gymmatlyklar karzy üpjün etmegiň esbaplary ýa-da girew esbaplary hökmünde peýdalanyp bilinmez.

6. Türkmen halkynyň medeni mirasy hususylaşdyrylmaga degişli däldir.

Beýleki medeniýet desgalarynyň hususylaşdyrylmagyna şu aşakdaky şertler bolanda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän tertipde ýol berilýär:

işiň esasy görnüşi hökmünde medeniýet işi aýalyp saklananda;

ugurlar boýunça hyzmatlar aýalyp saklananda;

ilatyň ýeňillikli derejelerine hyzmat etmek guralanda;

işgärlere iş orunlarynyň emele gelen sany we durmuş kepillikleri üpjün edilende.          

31-nji madda. Medeniýet babatdaky  işi  maliýeleşdirmek

 

1. Döwletiň medeniýet guramalaryny maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we haýyr-sahawat we howandarlyk kömegi görnüşinde gelip gowuşýan hem-de Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde peýdalanylýan beýleki serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Döwlet medeniýet guramalarynyň işi medeniýet guramalarynyň her bir kysymy we görnüşi boýunça döwlet tarapyndan maliýeleşdirmegiň kadalaşdyrmalaryna laýyklykda maliýeleşdirilýär. Beýleki çeşmelerden gelip gowşan serişdeler medeniýet guramasyny maliýeleşdirmegiň kadalaşdyrmalaryny we absolýut möçberlerini azaltmaýarlar.

Döwlet medeniýet guramalaryny maliýeleşdirmegiň kadalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

3. Döwlet teatrlaryna, kinoteatrlaryna, konsert we medeni dynç alyş guramalaryna Türkmenistanyň Döwlet býujetinden ilatyň ähli gatlaklary üçin teatral, konsert we medeni dynç alyş çärelere elýeterliligi üpjün etmek boýunça hyzmatlary bermek bilen baglanyşykly ýitgileri ýapmak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde subsidiýalar berilýär.

Döwlet muzeýlerine Türkmenistanyň Döwlet býujetinden taryhy-medeni gymmatlyklaryň abat saklanylmagyny, hasaba alynmagyny, toplanylmagyny we dikeldilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly ýitgileri ýapmak üçin Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde subsidiýalar berilýär.

4. Döwlete dahylsyz medeniýet guramalaryny maliýeleşdirmek hyzmatlary etmegiň, esaslandyryjylaryň serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

5. Medeniýet guramasynyň Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýuridik we fiziki şahslaryndan, halkara guramalaryndan haýyr-sahawat we hemaýatkärlik kömegini almaga bolan hukugy çäklendirilmeýär.

6. Jemgyýetçilik birleşikleri, şeýle hem kärhanalar, guramalar we raýatlar medeniýet babatdaky işi maliýeleşdirmek üçin özbaşdak ýa-da şertnamalaýyn esasda gaznalary döretmek hukugyna eýedirler. Görkezilen gaznalary guramak we işi ýöretmek olaryň  tertipnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

7. Medeniýet guramalary maliýe serişdelerini Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda peýdalanýarlar.

 

32-nji madda. Medeniýet babatda bahalar we nyrh emele getirmek

 

1. Biletler üçin bahalary goşup, tölegli hyzmatlara we önümlere bolan bahalary (nyrhlary) medeniýet guramalary özbaşdak ýa-da şertnamalaýyn esasda, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen göz öňünde tutulan halatlarda bolsa, döwlet bahalary boýunça belleýärler.

2. Tölegli çäreler guralanda medeniýet guramalary mekdebe çenli ýaşly çagalar, okuwçylar we talyplar, maýyplar, çagyrylyş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar üçin ýeňillikleri belleýärler. Ilatyň bu derejeleri üçin ýeňillikleri bellemegiň tertibi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan kesgitlenilýär.   

3. Raýatlary durmuş taýdan goramak maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde önümleriň aýratyn görnüşlerine, medeniýet we maglumat ähmiýetli işleriň we hyzmatlaryň bahalaryny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmäge rugsat berilýär.

 

33-nji madda.  Medeniýet guramalarynyň maddy-tehniki üpjünçiligi

 

1. Döwlet medeniýet  guramalarynyň maddy-tehniki goldawyny üpjün edýär, medeni mirasyň seýrek duş gelýän desgalarynyň durkuny täzelemek we medeniýet desgalarynyň ulgamyny giňeltmek boýunça çäreleri görýär. Medeniýet desgalary taslananda we ulanylanda çagalaryň, maýyplaryň, gartaşan raýatlaryň bu desgalara elýeterli bolmaklaryndaky talaplary göz öňünde tutulýar.

2. Medeniýet  guramalarynyň maddy-tehniki üpjünçiligi býujet we hususy serişdeleriň çäklerinde medeniýet guramalarynyň özleri tarapyndan amala aşyrylýar. 

3. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde edara tabynlygyndaky medeniýet guramalaryna olaryň maddy-tehniki binýatlaryny saklamak we ösdürmek baradaky meseleleri çözmekde kömek bermäge borçludyrlar. 

4.  Medeniýet guramalarynyň  maddy-tehniki binýadyny we emlägini olaryň öz maksatlaryndan başga zatlara ulanmak gadagandyr.

 5. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary döredijilik işi bilen meşgul raýatlara zerur bolan studiýalaryň, ussahanalaryň, barlaghanalaryň döredilmeginde ýardam etmäge borçludyrlar. 

 

VII bap. Medeniýet babatdaky halkara işi

  

34-nji madda.  Medeniýet babatda halkara hyzmatdaşlygy

 

1. Türkmenistan medeniýetiň dürli ugurlaryndaky guramaçylyk işiniň tejribesini, medeniýet babatdaky işleriň netijelerini, medeni gymmatlyklary, hünärmenleri we talyplary, döredijilik toparlarynyň alyş-çalyşyny hem goşmak bilen halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam edýär.

 2. Ýerlere sapara gitmek we sergi işleri, medeniýet işgärleriniň taýýarlanylmagy we tälim alyşlary, medeni gymmatlyklaryň bilelikde öndürilmegi we olaryň alyş-çalyşy, taryhyň we medeniýetiň seýrek duş gelýän ýadygärlikleriniň dikeldilmegi, medeniýet işi üçin enjamlaryň, tehniki serişdeleriň, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, usulyýetleri, okuw maksatnamalaryny we gollanmalaryny alyşmak Türkmenistanyň medeniýet babatdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary  bolup durýarlar.

 3. Döwlet medeniýet babatdaky halkara hyzmatdaşlygynyň subýektleriniň çygrynyň giňemegine ýardam edýär, medeniýet guramalarynyň we fiziki şahslaryň özbaşdak medeni aragatnaşyklaryny, şeýle hem daşary ýurtlarda milli medeni merkezleriň açylmagyny höweslendirýär.

 

35-nji madda. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan      watandaşlarymyz bilen medeni hyzmatdaşlyk   

 

Türkmenistan daşary ýurtly watandaşlarymyz we olaryň nesilleri bilen aragatnaşygy goldamak bilen türkmen medeniýetiniň daşary ýurtlarda ösdürilmegine ýardam edýär, Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda milli medeni merkezleriň, milli jemgyýetleriň, ildeşlikleriň, assosiasiýalaryň we watandaşlarymyzyň beýleki medeniýet guramalarynyň maddy, ahlak we guramaçylyk goldawyny amala aşyrýar.

 

36-njy madda. Medeniýet babatda halkara guramalaryna  gatnaşmak

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň çäklerinde halkara täjirçilik däl medeniýet edaralarynyň şahamçalary we wekilhanalary, şeýle hem bilelikdäki döredijilik kollektiwleri döredilip bilner.

2. Islendik ýuridik we fiziki şahs halkara medeni guramalaryna olaryň tertipnamasy we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenen tertibe laýyklykda girip biler.

3. Türkmenistanyň medeniýet guramalarynyň öz hatarlaryna daşary ýurtly agzalary çekmäge, seýle hem daşary döwletlerden, halkara guramalaryndan we şahsy adamlardan gelýän maksatlaýyn pul girdejilerini özbaşdak peýdalanmaga hukuklary bardyr.

 

37-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky medeni gymmatlyklary

 

1. Türkmenistan özüniň çäklerinden bikanun äkidilen medeni gymmatlyklaryň yzyna gaýtarylmagy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda bir maksada gönükdirilen syýasaty amala aşyrýar.

Türkmenistanyň milli medeni baýlygy hökmünde ykrar edilen, ýurduň daşyna bikanun äkidilen ähli medeni gymmatlyklar, olaryň nirede ýerleşýändigine, wagtyna, äkidiliş ýagdaýlaryna garamazdan, Türkmenistana gaýtarylyp berilmäge degişlidir.

2. Türkmenistan özüniň eýeçiligi bolup durýan  daşary ýurtlardaky türkmen halkynyň medeni mirasynyň desgalarynyň aýawly saklanylmagyny üpjün edýär.

 

VIII bap. Jemleýji düzgün

 

38-nji madda. Medeniýet babatdaky kanunçylygyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Türkmenistanyň medeniýet babatdaky kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

     Prezidenti                                                      Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2010-njy ýylyň 12-nji marty. 

№ 92-IV.