Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän
döwlet eýeçiligi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2010 ý., № 1, 18-madda)
Şu Kanun Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän döwlet eýeçiligini (mundan beýläk – eýeçilik) dolandyrmagyň, Türkmenistanyň eýeçilik hukugyny goramagyň, Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň obýektlerini döretmegiň we hereket etmeginiň, hasabyny ýöretmegiň we bellige almagyň ulgamynyň, onuň netijeli peýdalanylyşyna gözegçiligi guramagyň guramaçylyk hem-de hukuk esasyny belleýär, halkara şertnamalary baglaşylanda Türkmenistanyň döwlet eýeçilik hukugy babatynda Türkmenistana wekilçilik edýän ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.
Ι bap. Umumy düzgünler
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän döwlet eýeçiligi – daşary ýurtlarda ýerleşýän Türkmenistanyň eýeçilik hukugyna degişli bolan emläkler, gymmatly kagyzlar, intellektual işiň netijelerine bolan hukuklary, beýleki emläk we olar bilen bagly emläk hukuklary;
2) sanaw – Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän emlägine bolan hukuklarynyň we onuň bilen baglanyşykly geleşikleriň döwlet sanawy;
3) deklarirlemek – döwletiň, hökümetiň, ýuridik we fiziki şahsyň adyndan şol döwletiň, hökümetiň, ýuridik we fiziki şahslaryň Türkmenistanyň eýeçiligine degişliligiň alamatlary bolan obýektlerine eýelik edýändigini, peýdalanýandygyny, ygtyýar edýändigini mälim etmek;
4) Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini dolandyrmak – Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini netijeli peýdalanmagy we abat saklamagy üpjün etmek boýunça bitewi döwlet syýasatyny amala aşyrmaga gönükdirilen döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň işi.
2-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy we şu Kanunyň hereket ediş çygry
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan, eýeçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan ybaratdyr.
2. Şu Kanun eýeçiligiň obýektiniň görnüşine we haýsy pudaga degişliligine garamazdan, Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň ähli obýektleri babatynda ulanylýar.
3-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi babatynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň we Türkmenistanyň eýeçiliginiň ýerleşýän ýerindäki döwletleriň kanunçylygynyň we şu Kanunyň ulanylyşy
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi bilen baglanyşykly daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen gatnaşyklarda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.
2. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi bilen baglanyşykly daşary ýurt ýuridik we fiziki şahslary bilen gatnaşyklarda Türkmenistanyň eýeçiliginiň ýerleşýän döwletiniň kanunçylygynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän kadalary ulanylýar.
3. Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi bilen baglanyşykly gatnaşyklarda şu Kanuny gollanýarlar.
4-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň immuniteti
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi babatynda eýeçiligiň ýerleşýän ýeriniň döwleti tarapyndan, onuň häkimiýet edaralary, ýuridik we fiziki şahslary tarapyndan mejbury aýrybaşgalanmagyna ýol berilmeýär.
5-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçilik hukugynyň subýektleri
Türkmenistanyň adyndan daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi dolandyrmak şu aşakdakylar tarapyndan amala aşyrylýar:
a) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti;
b) döwlet emlägini dolandyrmak we ygtyýar etmek wezipelerini amala aşyrmaga ygtyýarlygy bolan döwlet häkimiýetiniň edarasy;
ç) Türkmenistanyň emlägi dolandyrmaga berlen edaralary we guramalary, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen tertipde Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi berlen Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň ýuridik hem-de fiziki şahslary.
6-njy madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň obýektleri
Türkmenistan tarapyndan we (ýa-da) onuň adyndan edinilen emläk hem-de obýektler olaryň edinilen wagtyna garamazdan, Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi bolup durýarlar, şol sanda:
1) döwlet kärhanalarynyň, edaralarynyň we guramalarynyň hojalyk ygtyýarlygynda ýa-da hojalygy ýöredýän beýleki subýektlerde kärende, tölegsiz peýdalanmak, ynançly dolandyrmak we beýleki borçnamalaýyn gatnaşyklaryň şertlerinde olaryň ygtyýarynda bolan gozgalýan we gozgalmaýan emläk;
2) daşary ýurtlarda bellige alnan ýuridik şahslardaky Türkmenistana degişli gymmatly kagyzlar, paýnamalar, ülüşler we paýlar;
3) Türkmenistana degişli we daşary ýurt banklarynda saklanylýan ýa-da daşary ýurt döwletiniň çägine getirilen daşary ýurt puly we beýleki gymmatlyklar;
4) Türkmenistanyň ýurisdiksiýasyndaky döwlet edaralarynyň we ýuridik şahslaryň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginde, peýdalanmagynda, ygtyýar etmeginde bolýan ýer bölekleri, gozgalýan we gozgalmaýan emläk;
5) daşary döwlet (daşary ýurt) karzlary we maýa goýumlary, gaýry daşary talap hukuklary;
6) ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ylalaşyklara laýyklykda, hökümetara we pudagara ylalaşyklaryny hem goşmak bilen ähli görnüşlerdäki şertnamalaýyn hem-de beýleki işleri ýerine ýetirmekden alnan döwlet hojalygy ýörediji subýektleriniň önümleri we girdejileri;
7) howa, deňiz, ýerüsti we beýleki obýektler hem-de olaryň infrastrukturasy, şol obýektler babatynda hereket edýän ylalaşyklary hem-de şol obýektleriň aýratynlygyny hasaba almak bilen;
8) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, gämiçiligiň, awiasiýanyň, daşary söwda birleşikleriniň, ylmy edaralaryň we okuw jaýlarynyň, şeýle hem beýleki döwlet kärhanalarynyň, edaralarynyň we guramalarynyň ýa-da olaryň şahamçalarynyň we wekilhanalarynyň emlägi;
9) Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýan we halkara gözleginde bolýan ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gözleg yglan edilen emläk;
10) Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýan we daşary ýurt döwletleri, daşary ýurt ýuridik we fiziki şahslary tarapyndan hukuksyz aýrybaşgalanan emläk (resmileşdirilen ýa-da resmileşdirilmedik), eger şol emläk boýunça nägilelikler halkara-hukuk tertibinde düzgünleşdirilmäge degişli bolsa;
11) Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýan ýa-da şeýle hukuga eýelik ediji tarapyndan oňa peýdalanmaga berlen intellektual eýeçiligiň obýektleri, şol sanda ylym, edebiýat, sungat eserleri, nou-hau, söwda syrlary, haryt nyşanlary, firma atlary we hyzmat ediş nyşanlary we intellektual işiň netijeleri bolup durýan beýleki obýektler.
II bap. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän emlägine
eýeçiligik hukugyny üpjün etmek
7-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän emlägine eýeçilik hukugyny edinmek we bes etmek
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän emlägine eýeçilik hukugyny edinmek we bes etmek Türkmenistanyň baglaşan halkara şertnamalaryny, halkara hukugynyň kadalaryny hem-de eýeçilik obýektleriniň ýerleşýän daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyny nazarda tutmak bilen amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň eýeçiliginiň obýektleri olaryň ýerleşýän döwleti tarapyndan tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak ýa-da adatdan daşary häsiýetdäki beýleki ýagdaýlaryň zyýanly netijelerini ýok etmek üçin alnan ýa-da peýdalanylan halatynda, şol obýektleriň ýerleşýän ýurdunyň döwlet häkimiýet edaralary halkara hukugynyň kadalaryna we Türkmenistanyň baglaşan halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistana şoňa barabar eýeçiligi berýärler ýa-da emlägiň doly bahasyny töleýärler. Emlägiň bahasyny kesgitlemek eýeçiligiň ýerleşýän ýerindäki we ol obýektleriň beýleki döwletleriň çäklerine geçirilen ýagdaýyndaky bazar nyrhlaryny hasaba almak bilen amala aşyrylýar.
3. Türkmenistanyň eýeçiligini almak ýa-da peýdalanmak bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň hereketi bes edilen halatynda, taraplar bolsa şol pursada çenli emlägiň gymmatyny tölemek barada ylalaşyga gelmedik bolsalar, şol emläk onuň ýitirilen gymmatynyň öwezini tölemek bilen Türkmenistana gaýtarylyp berilmelidir.
8-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň obýektlerini gözlemek
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän obýektlerine eýeçilik hukugynyň alamatlary bar bolsa, gözleg yglan edilip bilner.
2. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçilik hukugynyň obýektlerini gözlemek Türkmenistanyň adyndan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan berlen ynanç hatynyň esasynda amala aşyrylýar.
3. Türkmenistanyň eýeçilik hukugyny yzyna gaýtaryp almaga, abat saklamaga we anyklamaga gönükdirilen gözleg işini geçirmegiň tertibi daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edaralary bilen gepleşikleri geçirmäge mümkinçiligi göz öňunde tutmalydyr.
4. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçilik obýektlerine bolan eýeçilik hukugyny gözlemek, gorap saklamak we resmileşdirmek bilen baglanyşykly çykdajylar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde maliýeleşdirilýär.
9-njy madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän emlägine eýeçilik hukugyny resmileşdirmek
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän emlägine eýeçilik hukugyny resmileşdirmek şu Kanunda we Türkmenistanyň eýeçiliginiň ýerleşýän döwletiniň kanunçylygynda göz öňünde tutulan amallara laýyklykda geçirilýär.
10-njy madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini saklamak borjy
1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň baglaşan halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini saklamak borjuny Türkmenistan çekýär.
2. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän we täjirçilik dolanyşygyna gatnaşmaýan obýektleri (diplomatik wekilhanalar, konsullyk edaralary, halkara guramalarynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanalary we başgalar) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna saklanylýar.
11-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän emlägini ätiýaçlandyrmak
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän emlägi Türkmenistanyň peýdasyna emläkleýin ätiýaçlandyrylmaga degişlidir.
2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen ýuridik şahslar özlerine hojalygy alyp barmaga, kärendesine, ynançly dolandyrmaga berlen emlägi ýitirilmek töwekgelçiliginden we ýuridik şahsa hojalygy alyp barmaga, kärendesine ýa-da ynançly dolandyrmak üçin berlen emlägiň raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmagy, eger emlägiň ýerleşýän ýerindäki döwletiň kanunynda başgaça görkezilmedik bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda amala aşyrýarlar.
3. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän emlägini ätiýaçlandyrmak hojalyk ygtyýarlygyna, kärendesine, ynançly dolandyrmaga bermegiň şertnamasynda bellenen tertibe we şertlere laýyklykda ýuridik şahslaryň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
12-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligine ýetirilen zyýany töletdirmek
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligine ýetirilen zyýan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda günäkär adamlara töletdirilýär.
III bap. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini
hasaba almak
13-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän emläginiň obýektlerini döwlet belligine almak
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň obýektlerine eýeçilik hukugy, ol hukuklaryň döremegi, çäklendirilmegi, başga birine geçmegi we bes edilmegi Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň Döwlet sanawynda bellige alynmaga degişlidir.
2. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini döwlet belligine almak şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarly eden döwlet edaralary tarapyndan geçirilýär.
3. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini ýerleşýän ýeri boýunça döwlet belligine almak şol eýeçiligiň ýerleşýän döwletiniň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.
4. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň Döwlet sanawynda Türkmenistanyň daşary ýurtdaky eýeçiliginiň obýektlerine dowam edip gelýän we bes edilen hukuklary, şol sanda gözleg yglan edilen obýektleri baradaky maglumat bolmalydyr.
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň Döwlet sanawyny ýöretmegiň düzgünleri şu Kanuna laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarly eden ýerine ýetiriji häkimiýet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
5. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň Döwlet sanawy berk hasabatda duran we hemişelik saklanylýan resminamadyr.
14-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini hasaba almak
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini hasaba almak we tükellemek Türkmenistanyň döwlet emlägini dolandyrmak baradaky edarasy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň obýektlerini bellenilen tertipde dolandyrmaga berlen döwlet edaralary, ýuridik we fiziki şahslar şol obýektleriň buhgalterlik hasabyny ýöredýärler we degişli hasabaty Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen döwlet edaralaryna berýärler.
3. Tükelleme Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligine degişli ilkinji resminamalaryň seljermesini, şeýle hem Türkmenistanyň eýeçiligine eýelik we ygtyýar edýän ýuridik we fiziki şahslar, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary tarapyndan döwlet emlägini dolandyrmak baradaky edaranyň ýazmaça talap etmegi boýunça hökmany maglumatyň berilmegini öz içine alýar.
15-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň obýektlerini deklarirlemek
Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde özleriniň eýelik etmeginde, peýdalanmagynda, ygtyýar etmeginde, şol sanda hojalygy ýöretmekde, kärendede, lizingde, ynançly dolandyrmakda duran Türkmenistanyň daşary ýurtdaky eýeçiliginde bolan obýektleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen döwlet edaralaryna deklarirleýärler. Bu obýektler ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan öz wagtynda deklarirlenmedik halatynda Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen jogapkärçilige eltýär.
IV bap. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini
dolandyrmak
16-njy madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini dolandyrýan edaralar
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýa-da onuň ygtyýarly eden ýerine ýetiriji häkimiýet edarasy dolandyrýar.
2. Türkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň edaralary Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň obýektlerini Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde dolandyrýarlar.
17-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini dolandyrmak
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen ynanç hatlarynyň esasynda dolandyrylýar.
Ynanç hatyna ygtyýarly edilen edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilýär.
2. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini dolandyrmaga, barlamaga we tükellemäge ynanç hatlaryny bermegiň (yzyna almagyň) düzgünleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
3. Türkmenistan öz daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini dolandyrmaga ygtyýarly edilen ýuridik ýa-da fiziki şahsyň Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini dolandyrmak bilen baglanyşykly bolmadyk borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär.
18-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini dolandyrmaga ynanç hatyny bermegiň şertleri
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini dolandyrmaga ynanç haty Türkmenistanyň eýeçiliginiň ýerleşýän döwletiniň çäginde eýeçiligi dolandyrmak meselelerinde ygtyýarly döwlet edarasyna, ýuridik ýa-da fiziki şahsa berilýär.
2. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň obýektlerini täjirçilik maksady bilen peýdalanmaga ýuridik we fiziki şahslara bermegiň hökmany şerti ynanç hatynyň bäsleşikleýin ulgamy hem-de Türkmenistanyň ykdysady bähbitleriniň durmuşa geçirilmegini we goragyny üpjün edýän görkezijileriň anyklanmagy bolup durýar.
19-njy madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi bilen baglanyşykly geleşikler
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi bilen baglanyşykly geleşikler şu Kanun, Türkmenistanyň we eýeçiligiň ýerleşýän ýurdunyňbeýleki kanunçylyk namalarynyň esasynda amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini aýrybaşgalamak, şol sanda daşary ýurtda ýerleşýän we Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýan gozgalmaýan emlägi satmak, çalyşmak, girewine goýmak, sowgat bermek, yzyna almak, döwlet kärhanalarynyň, edaralarynyň we guramalarynyň arasynda gaýtadan paýlamak, ony daşary ýurtda ýerleşýän ýa-da döredilýän ýuridik şahslaryň maýalyk gorlaryna goşmak, şeýle hem Türkmenistana degişli daşary ýurtda bellige alnan ýuridik şahslaryň gymmatly kagyzlary, paýnamalary, ülüşleri we paýlary bilen baglanyşykly geleşikler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary esasynda amala aşyrylýar.
3. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän we Türkmenistanyň daşary ykdysady işini üpjün etmek üçin ulanylýan eýeçiliginiň obýektlerine eýelik etmegiň, peýdalanmagyň, ygtyýar etmegiň (söwda wekilhanalary, halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalar, agentlikler we döwlet edaralary bolup durmaýan beýleki guramalar) hukuk düzgüni halkara hukugynyň kadalaryna hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýörite kararlary bilen bellenilýär.
4. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän we halkara şertnamalarynyň esasynda edinilen eýeçilik bilen baglanyşykly gatnaşyklar halkara şertnamalary arkaly düzgünleşdirilýär. Görkezilen esaslarda edinilen emläk diňe Türkmenistanyň eýeçiliginde durup biler.
5. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň obýektleriniň dolanyşyk ukyby halkara hukugynyň kadalary, şol obýektiň ýerleşýän ýurdunyň kanunçylygy we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.
6. Gymmatly kagyzlar,paýlar boýunça girdejileri, paýnamalar üçin diwidendleri, hojalygy ýöretmek hukugynda Türkmenistanyň döwlet guramalaryna berkidilen emläk bilen baglanyşykly edilen geleşiklerden alnan girdejileri, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň rugsat edilen görnüşlerinden alnan girdejileri goşup, Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň obýektlerini peýdalanmagyň netijesinde alnan serişdeler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Döwlet býujetine gönükdirilýär.
20-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň barlagy
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi barlag geçirilmäge degişlidir.
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen ýerine ýetiriji häkimiýet edarasy Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň obýektlerini barlamaga bolan hukuga eýedir.
2. Barlag geçirmegiň tertibi şu Kanuna we Türkmenistanyň eýeçiliginiň barlag geçirilýän obýektleriniň ýerleşýän döwletiniň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
V bap. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän aýry-aýry
obýektlerini dolandyrmagyň aýratynlyklary
21-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän, Türkmenistanyň diplomatik we halkara söwda däl işini üpjün etmek üçin niýetlenilen eýeçiligini dolandyrmagyň aýratynlyklary
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän, diplomatik we halkara söwda däl işini üpjün etmek üçin ulanylýan obýektlerine (diplomatik wekilhanalar, konsullyk edaralary, halkara guramalarynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanalary, şeýle hem Türkmenistanyň medeni mirasynyň ýa-da onuň arhiwleriniň bir bölegini düzýän eýeçilik, obýektleriň ekspozisiýalarynyň bir bölegi bolup, ylmy, medeni ýa-da taryhy gymmatlygy bolan eýeçilik we başgalar) eýelik etmegiň, peýdalanmagyň we ygtyýar etmegiň tertibi diplomatik gatnaşyklar hakynda 1961-nji ýylyň, konsullyk gatnaşyklar hakynda 1963-nji ýylyň Wena Konwensiýalary, halkara hukugynyň beýleki kadalary we Türkmenistanyň hem-de şol obýektleriň ýerleşýän döwletleriniň gatnaşyjylary bolup durýan ýörite ylalaşyklary bilen kesgitlenilýär.
2. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň agzalan obýektleriniň hukuk düzgüni diplomatik immunitet bilen üpjün edilýär.
Şu eýeçilik bilen emläk geleşiklerini etmäge diňe Türkmenistanyň ýörite halkara ylalaşyklary baglaşylandan ýa-da immunitet aýrylandan soň ýol berilýär.
22-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň ýörite obýektlerini dolandyrmagyň aýratynlyklary
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň ýörite obýektlerini (intellektual işiň netijeleri, maglumat serişdeleri we ş.m.) dolandyrmagyň aýratynlyklary halkara hukugynyň kadalaryna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2010-njy ýylyň 12-nji marty.
№ 94-IV.