Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp
geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen Türkmenistanyň ýadygärlik medalyny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2010 ý., № 3, 49-madda)
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe işjeň gatnaşan we ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine goşan şahsy goşantlaryny göz öňünde tutup, olary sylaglamak maksady bilen:
1. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medalyny döretrmeli.
2. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medaly hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).
3. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medalynyň we plankasynyň ýazgylaryny tassyklamaly (goşulýar).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2010-njy ýylyň 30-njy awgusty.
№ 125-IV.
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp
geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen
Türkmenistanyň ýadygärlik medalynyň
DÜZGÜNNAMASY
1. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medaly Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, çäk bitewiligini, konstitusion gurluşyny goramakda, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny berkitmekde we howpsuzlygyny üpjün etmekde tapawutlanan, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe işjeň gatnaşan we ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine şahsy goşantlaryny goşan harby gullukçylary sylaglamak maksady bilen döredildi.
2. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medaly bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşan we dabaraly harby ýörişi ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge goşant goşan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, şeýle hem beýleki hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri sylaglanylýar.
3. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medaly bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşan we dabaraly harby ýörişi ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge goşant goşan we işjeň gatnaşan hem-de:
- Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, döwletimiziň goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň hem-de onuň raýatlarynyň howpsuzlygyny we asudalygyny üpjün etmäge goşan şahsy goşantlary üçin;
- milli Ýaragly Güýçlerimiziň ýokary derejedäki söweşjeň taýýarlygyny üpjün etmekdäki, esgerleri çuňňur watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki, goşunda ýokary düzgün-tertibi ýola goýmakdaky we doganlyk-dostlugy ösdürmekdäki bitiren hyzmatlary üçin sylaglanylýar.
4. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medaly bilen sylaglananlara medal we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.
5. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medaly bilen sylaglananlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipdäki ýeňilliklerden peýdalanýarlar.
6. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medaly döşüň çep tarapyndan dakylýar we «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medalyndan soň ýerleşdirilýär.
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medalynyň
ÝAZGYSY
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medaly sekizburçluk, gyrasy inçe gyzyl çaýylan güberçek görnüşinde bolup, merkezi bölegi ýaşyl reňkli emal bilen syrçalanandyr.
Medalyň diametri 35 mm bolan ýaşyl reňkli emal bilen syrçalanan merkezi böleginiň içinde sekiz sany uzynlygy 5 mm we on alty sany uzynlygy 3 mm güberçek görnüşindäki ýüzüne gyzyl çaýylan burçlar ýerleşdirilen.
Medalyň umumy diametri 40 mm.
Medalyň merkezi böleginde diametri 25 mm bolan gyzyl çaýylan, inine 3 mm ölçegdäki güberçek görnüşindäki tegelegiň içinde 33 sany güberçek düwmejikler ýerleşdirilendir. Medalyň merkezi bölegindäki tegelegiň içi ýaşyl reňkli syrça bilen örtülip, içinde gyzyl çaýylan güberçek görnüşindäki «Garaşsyz Türkmenistana XIX ýyl» diýen ýazgy, Garaşsyzlyk binasy hem-de zeýtun şahalarynyň biri şekillendirilendir.
Medal mis bilen nikeliň garyndysyndan ýasalýar. Medalyň halkajyk arkaly birikdirilen ini 25 mm, beýikligi 15 mm bolan iki kertikli içki ini 20 mm, beýikligi 13 mm bolan ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen gönüburçluk görnüşli esasy meýdanynda sekizburçluk we bäş ýyldyzly ýarym aý şekillendirilen.
Kolodkanyň arka tarapynda ony geýime dakmak üçin ildirgiç bar.
Medalyň arka tarapy gyzyl çaýylan, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna ýadygärlik medaly» diýen ýazgy we bäş ýyldyzly ýarym aý güberçek görnüşinde şekillendirilen.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp
geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen Türkmenistanyň ýadygärlik medalynyň plankasynyň
ÝAZGYSY
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen Türkmenistanyň ýadygärlik medalynyň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, merkezinde sekizburçlugyň içinde bäş ýyldyzly ýarym aý şekillendirilen.
Plankanyň daşky gyrasy sary we goňur reňk bilen örtülen.