Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2010 ý., № 4,  79-madda)

 

(04.11.2017 ý. № 636-V, 09.06.2018 ý. № 41-VI  Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen) 

 

Şu Kanun Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamynyň esasyny kesgitleýär, buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegiň, maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklykda düzlüşiniň we berlişiniň umumy düzgünlerini belleýär. 

 

1-nji bap. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler 

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) buhgalterçilik hasaba alnyşynyň registrleri – hasaba almak üçin kabul edilen ilkinji hasaba alyş resminamalarynda bar bolan maglumatlaryň buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamynda beýan edilmegi üçin ulgamlaşdyrylmagy, umumylaşdyrylmagy we toplanylmagy üçin görnüşler; 

2) buhgalterçilik hasaba alnyşynyň standartlary – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işlenip düzülen Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegiň, maliýe hasabatlylygynyň düzlüşiniň we berlişiniň ýörelgelerini we usullaryny belleýän standartlar;

3) hasabat döwri – maliýe hasabatlylygynyň düzülýän döwri;

4) ilkinji hasaba alyş resminamalary – esasynda buhgalterçilik hasaba alnyşy ýöredilýän, ykdysady subýektiň ykdysady işiniň faktynyň, kagyz göterijisindäki, şonuň ýaly-da elektron göterijisindäki resminamalaýyn şaýatnamalary;   

5) jebislendirilen (konsolidirlenen) maliýe hasabatlylygy – ykdysady subýektleriň toparynyň ýeke-täk ykdysady subýektiň maliýe hasabatlylygy hökmünde berlen maliýe hasabatlylygy;

6) maliýe hasabatlylygy – ykdysady subýektiň hasabat senesindäki maliýe ýagdaýy, onuň hasabat döwründäki işiniň  maliýe netijesi, maliýe ýagdaýyndaky üýtgeşmeler we pul serişdeleriniň hereketi hakynda maglumatlar;

7) maliýe hasabatlylygynyň milli standartlary – maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklykda işlenip düzülen we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanan, Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegiň, maliýe hasabatlylygynyň düzlüşiniň we berlişiniň esaslaýyn ýörelgelerini we umumy düzgünlerini belleýän standartlar. 

Maliýe hasabatlylygynyň milli standartlarynda Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegiň, maliýe hasabatlylygynyň düzlüşiniň we berlişiniň aýratynlyklary göz öňünde tutulýar;

8) maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary – Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary boýunça gazna tarapyndan tassyklanan buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegiň, maliýe hasabatlylygynyň düzlüşiniň we berlişiniň esaslaýyn ýörelgelerini we umumy düzgünlerini belleýän maliýe hasabatlylygynyň standartlary we olar babatda düşündirişler, şeýle hem olaryň hil häsiýetnamalaryna bildirilýän talaplar; 

9) maliýe hasabatlylygyny peýdalanyjylar – ykdysady çözgütleri kabul etmek üçin maliýe hasabatlylygynda bar bolan maglumatlardan peýdalanýan ýuridik we fiziki şahslar; 

10) ykdysady subýektler – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanda döredilen ýuridik şahslar, Türkmenistanyň çäginde bellige alnan, daşary ýurt ýuridik şahslarynyň şahamçalary we wekilhanalary, Türkmenistanyň çäginde ýuridik şahsy döretmezden, salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamyna degişli bolmaýan telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar;

11) ykdysady subýektleriň topary – kärhanalaryň birleşikleri (assosiasiýalar, konsernler we birleşikleriň beýleki görnüşleri), düýp kärhana we onuň golçur kärhanalary; 

12) ykdysady işiň fakty – ykdysady subýektiň maliýe ýagdaýyna, onuň işiniň maliýe netijesine we (ýa-da) pul serişdeleriniň hereketine täsir edýän ýa-da täsir etmäge ukyply bolan geleşik, waka ýa-da hojalyk operasiýasy.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat. 

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň düzgünleri ulanylýar.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

 

1. Şu Kanunyň hereketi şu Kanunyň birinji maddasynyň 10-njy bendinde görkezilen ykdysady subýektleriň işine degişli bolup durýar.

2. "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda potratçylar we kömekçi potratçylar bolup durýan ykdysady subýektler babatda şu Kanunyň düzgünleri "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmagy bilen ulanylýar.

 

4-nji madda. Buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi

 

1. Buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy ulgamyny düzgünleşdirmegi şu Kanuna we maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryna laýyklykda amala aşyrýar, kredit edaralaryndaky buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy ulgamy muňa degişli däldir. 

3. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän kredit edaralarynda buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamynyň düzgünleşdirilmegini şu Kanuna we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklykda amala aşyrýar.

 

5-nji madda. Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamyny düzgünleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ygtyýarlylyklary

 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi:

1) maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryny işläp düzýär we tassyklaýar;

2) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň meseleleri boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzýär we tassyklaýar;

3) ilkinji hasaba alyş resminamalarynyň we buhgalterçilik hasaba alnyşynyň registrleriniň görnüşlerini işläp düzýär we tassyklaýar;

4) buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň meseleleri boýunça milli bilim maksatnamalaryny işläp düzmäge gatnaşýar;

5) ykdysady subýektleriň buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň meseleleri boýunça işini utgaşdyrmagy amala aşyrýar;

6) buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmegiň meseleleri boýunça Türkmenistanyň hünärliler jemgyýetçilik birleşikleri bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrýar;

7) buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

6-njy madda. Buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamyndaky resminamalar

 

1. Buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamyndaky resminamalar ilkinji hasaba alyş resminamalaryndan, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň registrlerinden, maliýe hasabatlylygyndan ybarat.

2. Ilkinji hasaba alyş resminamalary buhgalterçilik ýazgylarynyň geçirilmegi üçin esas bolup durýar we ykdysady işiň faktyny belleýär. Ilkinji hasaba alyş resminamalary ykdysady işiň faktynyň amala aşyrylan pursatynda, eger bu mümkin bolmasa – ol gös-göni tamamlanandan soň düzülmelidir.

3. Hasaba almak üçin kabul edilen ilkinji hasaba alyş resminamalaryndaky maglumatlar buhgalterçilik hasaba alnyşynyň registrlerinde yzygiderli ulgamlaşdyrylýar, umumylaşdyrylýar we toplanylýar. Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň registrlerinde toplanan maglumatlar maliýe hasabatlylygyny düzmek üçin çeşme bolup durýar.

4. Ilkinji hasaba alyş resminamalarynyň, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň registrleriniň görnüşleri hem-de olara bildirilýän talaplar öz ygtyýarlylyklaryna laýyklykda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýa-da Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan tassyklanylýar.

5. Ykdysady subýektiň ykdysady işiniň her bir fakty şu aşakdaky hökmany rekwizitleri bolan ilkinji hasaba alyş resminamasy bilen resmileşdirilmäge degişlidir:

1) resminamanyň ady; 

2) resminamanyň düzülen senesi;

3) ykdysady subýektiň ady ýa-da resminamany düzen hususy telekeçiniň familiýasy we inisiallary;

4) salgyt töleýjiniň hususy salgyt belgisi;

5) ykdysady işiň faktynyň mazmuny;

6) ölçeg birliklerini görkezmek bilen, ykdysady işiň faktynyň natural we (ýa-da) pul ölçeginiň möçberi;

7) ykdysady işiň faktynyň amala aşyrylmagy we resminamanyň düzülmegi üçin jogapkär şahslaryň wezipeleriniň ady, familiýalary, inisiallary we gollary.

Ilkinji hasaba alyş resminamalaryna ykdysady işiň faktynyň häsiýetine we hasaba alnyş maglumatlarynyň işleniliş usulyna görä, goşmaça rekwizitler hem goşulyp bilner.

6.Ykdysady subýektler işlenip düzülmegi degişlilikde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarlylygyna girýän ilkinji hasaba alyş resminamalarynyň görnüşlerinden başga, ol resminamalaryň öz ykdysady işiniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan görnüşlerini we olara bildirilýän talaplary özbaşdak işläp düzüp bilerler. 

Ilkinji hasaba alyş resminamalarynyň görnüşleri şu maddanyň bäşinji böleginde görkezilen hökmany rekwizitleri özünde jemlemelidir.

7. Ilkinji hasaba alyş resminamalary we buhgalterçilik hasaba alnyşynyň registrleri kagyz göterijisinde, şonuň ýaly-da elektron göterijisinde düzülip bilner.

Elektron göterijisinde düzülen ilkinji hasaba alyş resminamalarynyň we buhgalterçilik hasaba alnyşynyň registrleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişlilikde kagyz göterijisinde düzülen ilkinji hasaba alyş resminamalary we buhgalterçilik hasaba alnyşynyň registrleri bilen deň ýuridik güýji bardyr. 

Ykdysady subýekt ykdysady işiň faktynyň beýleki gatnaşyjylary üçin, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda şeýle talap bildirmek hukugy berlen döwlet edaralarynyň talaby boýunça elektron göterijisinde düzülen ilkinji hasaba alyş resminamasynyň göçürme nusgasyny kagyz göterijisinde taýýarlamalydyr.

8. Kassanyň we bankyň ilkinji hasaba alyş resminamalaryna düzedişleriň girizilmegine rugsat berilmeýär. Başga ilkinji hasaba alyş resminamalaryna düzedişler ykdysady işiň faktynyň gatnaşyjylarynyň ylalaşmagy bilen girizilip bilner. 

Girizilen düzedişler, olaryň girizilen senesini görkezmek bilen, buhgalterçilik resminamalaryna gol çekmäge hukugy bolan adamlaryň gollary bilen berkidilmelidir.

9. Ilkinji hasaba alyş resminamalarynyň we buhgalterçilik hasaba alnyş registrleriniň alynmagyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde ýol berilýär. Ilkinji hasaba alyş resminamalaryny we buhgalterçilik hasaba alnyş registrlerini almagy amala aşyrýan şahslar, olaryň alnandygy hakynda teswirnama düzýärler, onuň göçürme nusgasy ykdysady subýektiň ýolbaşçysyna berilýär. 

Ykdysady subýekt alnan ilkinji hasaba alyş resminamalarynyň we buhgalterçilik hasaba alnyş registrleriniň göçürme nusgalaryny özünde galdyrmaga haklydyr.

 

7-nji madda. Buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamyndaky pul birligi 

 

1. Türkmenistanyň milli puly Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamynyň pul birligi bolup durýar.

2. Daşary ýurt pulundaky ykdysady işiň fakty Türkmenistanyň milli pulunda maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklykda bahalandyrylýar we hasaba alynýar.

 

8-nji madda. Buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamynyň dili 

 

 Ykdysady subýektler Türkmenistanyň döwlet dilinde buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ýöredilmegini, maliýe hasabatlylygynyň düzülmegini we berilmegini üpjün edýär. 

 

2-nji bap. Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ulgamy

 

9-njy madda. Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ulgamy

 

1. Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ulgamynyň maksady maliýe hasabatlylygynyň düzülmegi we berilmegi üçin maglumat esasyny üpjün etmek bolup durýar.

2. Buhgalterçilik hasaba alnyşy ykdysady subýektiň, onuň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kabul eden hasaba alyş syýasaty esasynda ykdysady işiniň faktlaryna syn etmegiň, olary ýygnamagyň, bellige almagyň we umumylaşdyrmagyň üznüksiz, tertipleşdirilen ulgamyny özünde jemleýär.

3. Ykdysady işiň faktlary buhgalterçilik ýazgylarynyň ilkinji hasaba alyş resminamalary bilen berkidilmegi esasynda buhgalterçilik hasaba alnyş ulgamynda öz wagtynda we doly möçberde hronologik tertipde beýan edilýär.

 

10-njy madda. Hasaba alyş syýasaty

 

1. Hasaba alyş syýasaty ykdysady subýektiň ykdysady işiniň faktlarynyň ilkinji gözegçilik edilmeginiň, bahalandyrylmagynyň, bellige alynmagynyň, gündelik toparlanylmagynyň we jemlenip umumylaşdyrylmagynyň amala aşyrylmagynyň maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlarynda bellenilen anyk usullarynyň we tärleriniň jemini özünde jemleýär.

2. Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň anyk obýekti babatda milli we halkara standartlarynda buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegiň usullary bolmadyk mahalynda ykdysady subýekt şeýle usuly professional buhgalterçilik çemeleşmä esaslanmak we şu Kanunyň talaplaryndan, maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlaryndan ugur almak bilen, özbaşdak işläp düzýär. 

3. Ykdysady subýekt öz hasaba alyş syýasatyny ykdysady işiň maksatlaryndan, wezipelerinden we aýratynlyklaryndan ugur almak bilen, özbaşdak emele getirýär.

4. Hasaba alyş syýasaty ykdysady subýektiň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

Ykdysady subýektiň ykdysady işiniň şertleri düýpli üýtgän mahalynda hasabat ýylynyň başyndan, şeýle hem Türkmenistanyň buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegiň we maliýe hasabatlylygynyň meselelerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary, maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlary üýtgedilen halatlarynda hasaba alyş syýasatynyň üýtgedilmegine ýol berilýär.

 

11-nji madda. Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň guralyşy

 

1. Ykdysady subýekt döredilen (bellige alnan) pursatyndan başlap ýapylmagyna çenli buhgalterçilik hasaba alnyş ulgamyny kabul edilen hasaba alyş syýasatyna laýyklykda guraýar. 

2. Buhgalterçilik hasaba alnyşy şu aşakdaky ýollar arkaly guralyp bilner:

1) degişlilikde başlyk ýa-da baş buhgalter tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmek boýunça aýratyn düzüm birliginiň döredilmegi ýa-da buhgalterçilik hasaba alnyşynyň merkezleşdirilen buhgalteriýa tarapyndan ýöredilmegi;

2) buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegiň wezipeleriniň şertnamalaýyn esasda ýöriteleşdirilen buhgalteriýa ýa-da auditor guramasyna, ýa-da buhgalter-hünärmene berilmegi; 

3) buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ykdysady subýektiň ýolbaşçysynyň özi tarapyndan ýöredilmegi.

3. Eýeçiligi döwlete degişli görnüşdäki ykdysady subýektler, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kredit edaralary buhgalterçilik hasaba alnyşy boýunça aýratyn düzüm birligini döretmek ýa-da buhgalterçilik hasaba alnyşyny merkezleşdirilen buhgalteriýa tarapyndan ýöretmek arkaly buhgalterçilik hasaba alnyşyny guraýarlar.

4. Buhgalterçilik hasaba alnyşy boýunça düzüm birliginiň başlygy ýa-da baş buhgalter ykdysady subýektiň ýolbaşçysy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda wezipä bellenilýär we wezipesinden boşadylýar.

Buhgalterçilik hasaba alnyşy boýunça düzüm birliginiň başlygy ýa-da baş buhgalter gös-göni ykdysady subýektiň ýolbaşçysyna tabynlykda bolýar, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň guralyşynyň we ýöredilişiniň dogrulygyna, doly we ygtybarly maliýe hasabatlylygynyň öz wagtynda düzülmegine we berilmegine jogapkärçilik çekýär. Buhgalterçilik hasaba alnyşy boýunça düzüm birliginiň başlygynyň ýa-da baş buhgalteriň ykdysady işiň faktlarynyň resminamaly resmileşdirilmegine we degişli resminamalaryň berilmegine bildirýän talaplary ykdysady subýektiň ähli düzüm birlikleri we işgärleri üçin hökmanydyr.

5. Ykdysady subýektiň buhgalterçilik hasaba alnyşy ýöretmek boýunça wezipeleriniň ýerine ýetirilmegi üçin şertnama baglaşýan buhgalter-hünärmeni Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir.

 

12-nji madda. Buhgalterçilik resminamalaryna gol çekmek hukugy

 

1. Ykdysady subýektiň ýolbaşçysy şu Kanunyň 11-nji maddasyna laýyklykda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň guralyşyna görä buhgalterçilik resminamalaryna gol çekmäge hukugy bolan şahslary kesgitleýär.

2. Ykdysady subýektiň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda buhgalterçilik resminamalarynda elektron san belgili gol peýdalanmaga hukugy bardyr. 

 

13-nji madda. Buhgalterçilik hasaba alnyş ulgamynda içerki gözegçilik

 

Ykdysady subýekt ykdysady işiň amala aşyrylýan faktlaryna içerki gözegçiligi guramaga hem-de amala aşyrmaga borçludyr. 

 

14-nji madda. Buhgalterçilik resminamalarynyň saklanylyşy

 

Ykdysady subýekt kagyz göterijilerdäki, şonuň ýaly-da elektron göterijilerdäki buhgalterçilik resminamalaryny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplara laýyklykda hem-de döwrüň dowamynda saklamaga borçludyr. 

 

15-nji madda. Buhgalterçilik maglumatlarynyň syry 

 

1. Buhgalterçilik resminamalarynda umumy maksatly maliýe hasabatyndaky maglumatlardan başga bar bolan maglumatlar täjirçilik syry bolup durýar.

2. Mazmuny täjirçilik syry bolup durýan buhgalterçilik resminamalaryndan peýdalanyp bilýän şahslar, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, eýeleriniň razylygy bolmazdan olarda bar bolan maglumatlary ýaýratmazlyga borçludyrlar we olary öz şahsy bähbitleri üçin peýdalanmaga hukugy ýokdur.

 

3-nji bap. Maliýe hasabatlylygy

 

16-njy madda. Maliýe hasabatlylygy

 

1. Maliýe hasabatlylygy ykdysady çözgütleri kabul eden mahalynda peýdalanmagy üçin peýdalanyjylara ykdysady subýektiň maliýe ýagdaýy, işiniň maliýe netijeleri, maliýe ýagdaýyndaky üýtgeşmeler we pul serişdeleriniň hereketi hakynda maglumatlary bermek üçin niýetlenendir.

2. Maliýe hasabatlylygy umumy maksatly, maksatlaýyn wezipeli maliýe hasabatlylygynyň, aralykdaky maliýe hasabatlylygynyň, ýönekeýleşdirilen maliýe hasabatlylygynyň we aralykdaky ýönekeýleşdirilen maliýe hasabatlylygynyň toplumlaryndan ybarat. 

Umumy maksatly maliýe hasabatlylygynyň we aralykdaky maliýe hasabatlylygynyň toplumlary maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlaryna laýyklykda bellenilýär.

Maksatlaýyn wezipeli maliýe hasabatlylygynyň toplumy şeýle hasabatlylygyň berilmegini talap etmäge hukugy bolan peýdalanyjylar tarapyndan bellenilýär.

Ýönekeýleşdirilen maliýe hasabatlylygynyň we aralykdaky ýönekeýleşdirilen maliýe hasabatlylygynyň toplumy maliýe hasabatlylygynyň kiçi we orta telekeçilik üçin milli ýa-da halkara standartyna laýyklykda bellenilýär.

3. Maliýe hasabatlylygyna buhgalterçilik resminamalaryna gol çekmäge hukugy bolan adamlar tarapyndan gol çekilýär.

 

17-nji madda. Jebislendirilen maliýe hasabatlylygy

 

Ykdysady subýektleriň toparlary jebislendirilen maliýe hasabatlylygyny düzmegiň ýörelgelerini we düzgünlerini belleýän maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlaryna laýyklykda jebislendirilen maliýe hasabatlylygyny düzmäge we bermäge borçludyrlar.

 

18-nji madda. Hasabat döwri

 

1. 1-nji ýanwardan başlap 31-nji dekabry hem öz içine alýan senenama ýyly umumy maksatly maliýe hasabatlylygy üçin hasabat döwri bolup durýar.

2. Ýylyň çärýegi ýa-da ýarym ýyllyk döwri aralykdaky maliýe hasabatlylyk üçin hasabat döwri bolup durýar.

3. Degişlilikde senenama ýyly we ýarym ýyl ýönekeýleşdirilen maliýe hasabatlylygy hem-de aralykdaky ýönekeýleşdirilen maliýe hasabatlylygy üçin hasabat döwri bolup durýar.

4. Täze döredilen ykdysady subýekt üçin ilkinji hasabat döwri bolup onuň döwlet tarapyndan bellige alnan senesinden başlap, degişli ýylyň 31-nji dekabryny hem öz içine alýan döwür hasaplanylýar.

5. Dowam edýän ýylyň dördünji çärýeginde döredilen ykdysady subýekt üçin geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap 31-nji dekabryny hem öz içine alýan döwür onuň üçin ilkinji hasabat döwri hasaplanylýar. Şonuň bilen birlikde ykdysady subýektiň dowam edýän ýyldaky ykdysady işiniň faktlary geljek ýylyň maliýe hasabatlylygynda beýan edilýär.

6. Ýatyrylýan ykdysady subýektiň hasabat ýylynyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýatyrylan senesine çenli döwür onuň üçin hasabat döwri bolup durýar. 

 

19-njy madda. Maliýe hasabatlylygynyň berlişi

 

1. Ykdysady subýekt şu aşakdakylara umumy maksatly maliýe hasabatlylygyny berýär:

1) esaslandyryş resminamalaryna laýyklykda esaslandyryja; 

2) bellige alnan ýeri boýunça döwlet statistikasy edarasyna;

3) bellige alnan ýeri boýunça salgyt edarasyna;

4) döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maliýe hasabatlylygynyň başga peýdalanyjylaryna.

2. Ykdysady subýektler üçin maliýe hasabatlylygynyň ähli görnüşleriniň berliş möhletleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýa-da Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan olaryň ygtyýarlyklaryna laýyklykda bellenilýär.

 

20-nji madda. Maliýe hasabatlylygynyň çap edilmegi

 

1. Ykdysady subýektler (açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri, paýdarlar täjirçilik banklary, maýa goýum we beýleki gaznalar, şol sanda daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagyndaky gaznalar) hasabat ýyly üçin jemagat bähbidini emele getirýän maliýe hasabatyny, auditor netijenamasyny hem goşmak bilen hasabat ýylynyň soňundan gelýän ýylyň 1-nji iýulyndan gijä galman çap etmäge borçludyrlar.

2. Ýyllyk maliýe hasabaty neşir edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, Internet-saýtlarynda çap edilip bilner, broşýuralarda, bukletlerde we hasabatlylygyň peýdalanyjylaryna elýeter bolan beýleki neşirlerde bolup biler. 

3. Türkmenistanda maliýe hasabatlylygy jemagat bähbidini emele getirýän ykdysady subýektler boýunça maglumatlaryň elektron gory (depozitariý) döredilip bilner.

4. Maglumatlaryň elektron goruny (depozitarini) döretmegiň we maliýe hasabatlylygynda bar bolan maglumatlary bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär. 

 

21-nji madda. Maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlaryna laýyklykda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ýöredilmegine, maliýe hasabatlylygynyň düzülmegine we berilmegine geçmegiň möhletleri

 

1. Türkmenistanda maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlaryna laýyklykda buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmäge, maliýe hasabatlylygynyň düzülmegine we berilmegine geçmegiň tapgyrlaýyn möhletleri göz öňünde tutulýar.

2. Ykdysady subýektler (kredit edaralaryndan başgasy) 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap tapgyrlaýyn geçmegiň möhletlerini göz öňünde tutmak bilen maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryna laýyklykda buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmäge, maliýe hasabatlylygynyň düzülmegine we berilmegine geçmegi amala aşyrýarlar.

3. Maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryna laýyklykda buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmäge, maliýe hasabatlylygynyň düzülmegine we berilmegine tapgyrlaýyn geçmegiň möhletleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilýär.

4. Kredit edaralary 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçilmegini amala aşyrýarlar we 2011-nji ýylyň netijelerinden başlap, halkara standartlaryna laýyklykda her ýylky maliýe hasabatlylygynyň düzülmegini we berilmegini amala aşyrýarlar.

5. Şu Kanuna laýyklykda maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlary esasynda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ýöredilmegine, maliýe hasabatlylygynyň düzülmegine we berilmegine geçilýänçä buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ýöredilmegi, maliýe hasabatlylygynyň düzülmegi we berilmegi "Buhgalterlik hasaba alnyşy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we buhgalterçilik hasaba alnyşynyň şu Kanuna laýyklykda kabul edilen standartlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

4-nji bap. Jemleýji düzgünler

 

22-nji madda. Türkmenistanyň buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik

 

Türkmenistanyň buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrmaga ygtyýarlylygy bolan degişli döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. 

 

23-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

24-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanunda bellenilen möhletlere görä maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlary esasynda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ýöredilmegine, maliýe hasabatlylygynyň düzülmegine we berilmegine geçilen pursatyndan başlap üç aý möhletde şu Kanuna laýyk getirilmäge degişlidir.

 

 

   Türkmenistanyň                                                    Gurbanguly

       Prezidenti                                                     Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2010-njy ýylyň 27-nji noýabry.

№ 155-IV.