Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Radiasiýa howpsuzlygy hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 3, 57-madda)
(29.08.2013 ý. № 429-IV Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun ilatyň we daşky gurşawyň radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýär.
I bap. Umumy düzgünler
1-nji madda. Ilatyň radiasiýa howpsuzlygy
Ilatyň radiasiýa howpsuzlygy (mundan beýläk – radiasiýa howpsuzlygy) – adamlaryň we geljekki nesilleriň saglygynyň hem-de janynyň, şeýle hem daşky gurşawyň ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň zyýanly täsirinden goraglylygynyň ýagdaýy.
2-nji madda. Türkmenistanyň radiasiýa howpsuzlygy hakyndaky kanuncylygy
1. Türkmenistanyň radiasiýa howpsuzlygy hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de ol şu Kanundan we Türkmenistanyň radiasiýa howpsuzlygynyň meselelerini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda bellenilen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlarynda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) ionlaşdyryjy şöhle saçma – maddalardaky zarýadlanan bölejikleriň radioaktiw dargamagynda, ýadro öwrülmelerinde, togtamagynda emele gelýän hem-de gurşaw bilen özara täsirde bolanda dürli belgilerdäki ionlary emele getirýän şöhle saçma;
2) tebigy radiasiýa fony – kosmos şöhle saçmasy hem-de toprakda, suwda, howada, biosferanyň beýleki elementlerinde, şeýle hem azyk önümlerinde we adam bedeninde tebigy ýagdaýda ýaýran tebigy radionuklidleriň şöhlelendirmeginiň netijesinde döreýän şöhle saçmanyň mukdary;
3) tehnogen üýtgedilen radiasiýa fony – adamyň iş etmegi netijesinde üýtgemäge sezewar bolan tebigy radiasiýa fony;
4) ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmelerinden peýdalanyjylar (mundan beýläk – peýdalanyjylar) – ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmelerini agtaryp tapýan, öndürýän, işläp çykarýan, gaýtadan işleýän, peýdalanýan, saklaýan, hyzmat edýän, daşaýan, zyýansyzlandyrýan we olary ýere gömmekligi amala aşyrýan ýuridik şahslar we fiziki şahslar;
5) gözegçilikde durýan zolak – adamlaryň radiasiýa gözegçiligi, zolaga goýberilmegi we ol ýerde ýaşamagy boýunça ýörite düzgünler hereket edýän çäk;
6) işgär (işgärler) – gös-göni ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmeleri bilen hemişe ýa-da wagtlaýyn işleýän fiziki şahs (şahslar);
7) radiasiýa heläkçiligi – adamlaryň bellenen ölçeglerden ýokary derejedäki şöhlä tutulmaklaryna ýa-da daşky gurşawyň radioaktiw hapalanmagyna getirip biljek ýa-da getiren enjamlaryň näsazlygy, işgärleriň hereketleri (hereketsizligi), tebigy heläkçilikler ýa-da başga sebäpler zerarly ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmesiniň dolandyryşynyň ýitirilmegi;
8) radiasiýa goragy – radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen sanitariýa-gigiýena, taslama-konstruktorçylyk, tehniki we guramaçylyk çäreleriniň toplumy;
9) radiasiýanyň monitoringi – ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmeleriniň ulanylýan desgalarynda, şonuň ýaly-da daşky gurşawda radiasiýa ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edilmegi.
4-nji madda. Radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň ýörelgeleri
Radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň esasy ýörelgelerine şular degişlidir:
1) kadalaşdyryş ýörelgesi – adamlaryň ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň ähli çeşmelerinden şöhlelenmesiniň bir adama düşýän mukdarynyň ýol berilýän çäklerinden ýokary geçilmezligi;
2) esaslandyryş ýörelgesi – ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmeleriniň ulanylmagy boýunça adam we jemgyýet üçin getirýän peýdasy tebigy radiasiýa fonuna goşmaça şöhlelenmäniň ýetirip biljek zyýanynyň töwekgelliginden geçmeýän işleriň ähli görnüşleriniň gadagan edilmegi;
3) gowulaşdyryş ýörelgesi – ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmeleriniň islendigi ulanylan mahalynda şöhläniň bir adama düşýän mukdarynyň ykdysady we sosial sebäpleriniň hem-de şöhlelenmä sezewar bolýan adamlaryň sanynyň göz öňünde tutulmagy bilen mümkin bolan iň pes we ýetip bolýan derejesinde saklanylmagy;
4) heläkçilik bolanda gowulaşdyryş ýörelgesi – heläkçilige uçralan ýagdaýda zyýanyň deregine köp peýda getirer ýaly kabul edilýän gowulaşdyryş çäreleri.
II bap. Radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň
döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi
5-nji madda. Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda:
radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;
radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet tarapyndan dolandyrmagyň bir bitewi ulgamyny döredýär we onuň işlemegini üpjün edýär;
radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;
radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi üpjün edýän ýerine ýetiriji döwlet häkimiýet edaralaryny, olaryň özara gatnaşyklarynyň tertibini we wezipeleriniň aýdyňlaşdyrylmagyny kesgitleýär;
radiasiýa howpsuzlygynyň düzgünlerini tassyklaýar;
Türkmenistanyň çäginde radiasiýanyň ýagdaýyny barlaýar;
zerurlyk ýüze çykan halatynda radiasiýa taýdan hapalanýan zolaklarda ilatyň ýaşamagynyň aýratyn düzgünlerini girizýär;
radiasiýa heläkçiliginiň ýüze çykma howpy abanan halatynda, şeýle-de radiasiýa heläkçiligini we onuň netijelerini ýok etmek boýunça gyssagly çäreleri kabul edýär;
ilata radiasiýanyň ýagdaýy we radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hakynda habar berýär;
radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;
radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky öz ygtyýarlylygyna degişli başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
7-nji madda. Döwlet ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky ygtyýarlyklary
Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde:
1) radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri amala aşyrýarlar;
2) radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamalaryny işläp düzýärler we durmuşa geçirýärler;
3) Türkmenistanyň çäginde radiasiýa ýagdaýynyň barlagyny, gözegçiligini we monitoringini hem-de ilatyň şöhlelenmeginiň mukdaryny hasaba almagy amala aşyrýarlar;
4) ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmeleriniň ondan-oňa geçirilişini barlamaklygy amala aşyrýarlar;
5) radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça sanitariýa düzgünlerini, kadalaryny, gigiýena ölçeglerini, döwlet standartlaryny, gurluşyk kadalaryny we düzgünlerini, zähmeti goramagyň düzgünlerini we radiasiýa howpsuzlygynyň meselelerini düzgünleşdirýän gaýry resminamalary işläp düzýärler we tassyklaýarlar;
6) radiasiýa howpsuzlygyny seljerýärler we oňa baha berýärler;
7) radiasiýa heläkçiliginiň ýüze çykma howpy abanan halatynda, şeýle hem radiasiýa heläkçiligini we onuň netijelerini ýok etmek boýunça gyssagly çäreleriň guralmagyna we geçirilmegine gatnaşýarlar;
8) ilata radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda bilim bermegi amala aşyrýarlar;
9) radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen başga ygtyýarlyklaryny amala aşyrýarlar.
8-nji madda. Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ygtyýarlyklary
Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda:
radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda çäkler boýunça maksatnamalary işläp düzýärler we durmuşa geçirýärler;
degişli çäkde hukuk, guramaçylyk, inžener-tehniki, sanitariýa-gigiýena, lukmançylyk-öňüni alyş, terbiýeçilik, umumy bilim beriş häsiýetli çäreler toplumynyň geçirilmegini üpjün edýärler;
öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde degişli çäkdäki radiasiýanyň ýagdaýyny barlamagy, gözegçiligini we monitoringini amala aşyrýarlar;
radiasiýa heläkçiliginiň ýüze çykma howpy abanan halatynda gyssagly çäreleriň guralmagyna we geçirilmegine gatnaşýarlar;
öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda raýatlaryň hukuklarynyň amala aşyrylmagy we goralmagy hem-de döwletiň bähbitleriniň berjaý edilmegi üçin şertleri üpjün edýärler;
degişli çäkdäki radiasiýa heläkçilikleriniň netijelerini ýok etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyna gatnaşýarlar;
öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
9-njy madda. Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça barlag we gözegçilik edilmegi
1. Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet barlagy hem-de gözegçiligi ygtyýarly ýerine ýetiriji döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
2. Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça önümçilik barlagy peýdalanyjylar tarapyndan radiasiýanyň fonuna yzygiderli gözegçilik etmek arkaly geçirilýär.
3. Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça jemgyýetçilik barlagy jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan amala aşyrylýar.
10-njy madda. Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet kadalaşdyrmasy
1. Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet kadalaşdyrmasy sanitariýa düzgünleriniň, kadalarynyň, gigiýena ölçegleriniň, radiasiýa howpsuzlygynyň düzgünleriniň, döwlet standartlarynyň, gurluşyk kadalarynyň we düzgünleriniň, zähmeti goramagyň düzgünleriniň, radiasiýa howpsuzlygy boýunça görkezme beriji, ugrukdyryjy, usulyýet we gaýry resminamalarynyň ýola goýulmagy arkaly amala aşyrylýar. Görkezilen namalar şu Kanunyň düzgünlerine ters gelmeli däldir.
2. Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça sanitariýa düzgünleri, kadalary we gigiýena ölçegleri sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde tassyklanylýar.
3. Radioaktiw maddalar we beýleki ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmeleri bilen işlenen mahalynda radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine bildirilýän talaplary düzgünleşdirýän düzgünler her bir peýdalanyjy üçin olaryň ýerine ýetirýän işleriniň aýratynlyklary we şertleri hasaba alnyp kesgitlenilýär we sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar.
4. Radiasiýa howpsuzlygynyň meseleleri boýunça döwlet standartlary, gurluşyk kadalary we düzgünleri, zähmeti goramagyň düzgünleri, görkezme beriji, ugrukdyryjy, usulyýet we gaýry resminamalar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ygtyýarlyk berlen degişli döwlet edaralary tarapyndan tassyklanylýar.
11-nji madda. Ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmelerini ulanmak bilen baglanyşykly işleriň we hyzmatlaryň amala aşyrylmagy
Radioaktiw maddalary we materiallary hem-de ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň başga çeşmelerini öndürmek, tehniki hyzmat etmek, bejermek, daşamak, saklamak, ammarlaşdyrmak bilen baglanyşykly işler we hyzmatlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.
III bap. Radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine
bildirilýän umumy talaplar
12-nji madda. Radioaktiw galyndylaryň saklamak hem-de ýere gömmek maksady bilen Türkmenistana getirilmeginiň gadagan edilmegi
Radioaktiw galyndylaryň saklamak hem-de ýere gömmek maksady bilen Türkmenistana getirilmegi gadagan edilýär.
13-nji madda. Radiasiýa howpsuzlygynyň ýagdaýyna baha bermek
1. Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler meýilnamalaşdyrylanda, çözgütler kabul edilende we çäreler geçirilende, agzalan çäreleriň netijeliligi seljerilende döwlet edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem peýdalanyjylar tarapyndan radiasiýa howpsuzlygynyň ýagdaýyna baha bermek geçirilýär.
2. Radiasiýa howpsuzlygyna baha bermek şu aşakdaky esasy görkezijiler boýunça amala aşyrylýar:
1) daşky gurşawyň radioaktiw hapalanmagynyň häsiýetlendirilmegi;
2) radiasiýa howpsuzlygy boýunça çäreleriň netijeliliginiň derejesi;
3) radiasiýa heläkçilikleriniň ähtimallygy we olaryň çak edilýän gerimi;
4) radiasiýa heläkçilikleriniň we olaryň netijeleriniň ýok edilmegine taýýarlygyň derejesi;
5) ilatyň aýry-aýry toparlarynyň ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň ähli çeşmelerinden alýan şöhlelenmesiniň mukdarlary;
6) şöhlelenmäniň bellenen aňryçäk mukdaryndan artyk şöhlelenmä sezewar bolan adamlaryň sany.
14-nji madda. Ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmeleri bilen iş alnyp barlanda radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine bildirilýän talaplar
Ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmeleri bilen iş alnyp barlanda olardan peýdalanyjylar şu aşakdakylara borçludyrlar:
1) şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny, şeýle hem radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça kadalary, düzgünleri we ölçegleri berjaý etmäge;
2) radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça çäreleri meýilnamalaşdyrmaga we amala aşyrmaga;
3) ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmeleri bolup durýan täze (täzeleşdirilen) önümiň, materiallaryň we maddalaryň, tehnologiýa prosesleriniň we önümçilikleriň adamyň saglygy üçin radiasiýa howpsuzlygyny esaslandyrmak boýunça işleri geçirmäge;
4) peýdalanyjylaryň iş ýerlerindäki, jaýlaryndaky, çäklerindäki we gözegçilikdäki zolaklarda yzygiderli önümçilik gözegçiligini amala aşyrmaga;
5) işgärleriň şöhlelenmeginiň bir adama düşýän mukdaryna gözegçiligi we onuň hasabyny ýöretmäge;
6) ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmeleri bilen mydama ýa-da wagtlaýyn iş alyp barýan adamlary radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça taýýarlamaklygy we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olaryň hünär synagyny geçirmäge;
7) işgärleriň deslapky (işe giren mahalynda) we işiň barşynda wagtal-wagtal geçirilýän lukmançylyk gözegçiliklerini guramaga;
8) işgärlere olaryň iş ýerlerindäki ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň derejeleri we olaryň alan bir adama düşýän şöhlelenmesiniň möçberi hakynda yzygiderli habar bermäge;
9) radiasiýa howpsuzlygy boýunça döwlet barlagyny we gözegçiligini amala aşyrmaga ygtyýarly döwlet edaralaryna, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna heläkçilik ýagdaýlary, tehnologik düzgüniň bozulmalary, radiasiýa howpuny döredýän ýokary radiasiýa fony bolan önümiň getirilmegi hakynda öz wagtynda habar bermäge;
10) degişli ygtyýarly döwlet edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wezipeli adamlarynyň radiasiýa howpsuzlygy boýunça netijenamalaryny, kararlaryny, görkezmelerini ýerine ýetirmäge;
11) raýatlaryň radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge.
15-nji madda. Tebigy radionuklidler täsir edýän mahalynda radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi
1. Adamlaryň radonyň, onuň dargamagynyň düzüm bölekleriniň, şeýle hem uzak ömürli tebigy radionuklidleriň täsiri netijesinde ýaşaýyş we önümçilik jaýlarynda şöhlelenmegi bellenen ölçeglerden geçmeli däldir.
2. Adamlary tebigy radionuklidleriň täsirinden goramak maksady bilen şular amala aşyrylmalydyr:
1) jaýlaryň we desgalaryň gurluşygy üçin ýer bölekleriniň radonyň toprakdan bölünip çykmagynyň we tebigy radionuklidleriň gamma-şöhle saçmasynyň derejesini hasaba almak bilen saýlanyp alynmagy;
2) jaýlaryň we desgalaryň howasyna radonyň düşmezligi hasaba alnyp, taslamalarynyň düzülmegi we gurluşygynyň alnyp barylmagy;
3) gurluşyk materiallaryň önümçilik barlagynyň geçirilmegi, jaýlaryň we desgalaryň howasynda radonyň we tebigy radionuklidleriň gamma-şöhle saçmasynyň bolmagynyň howpsuz derejesiniň hasaba alynmagy bilen ulanmaga kabul edilmegi;
4) jaýlaryň we desgalaryň olarda radonyň we tebigy radionuklidleriň gamma-şöhle saçmasynyň howpsuz derejesiniň bolmagy hasaba alnyp ulanylmagy.
3. Jaýlarda we desgalarda radonyň we tebigy radionuklidleriň gamma-şöhle saçmasynyň bolmagynyň derejesiniň azaldylmagy arkaly kadalyk görkezijileri gazanmak mümkin bolmadyk mahalynda olary ulanmagyň häsiýeti üýtgedilmelidir.
4. Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň talaplaryny ödäp bilmeýän gurluşyk materiallaryny we önümlerini ulanmak gadagan edilýär.
16-njy madda. Iýmit önümleriniň we agyz suwunyň radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi
Azyk çig maly, iýmit önümleri, agyz suwy we taýýarlanan, saklanan, daşalan we ýerlenen mahalynda olar bilen galtaşýan materiallar we önümler radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň talaplaryna laýyk gelmelidirler we şu Kanuna laýyklykda önumçilik barlagyna degişlidirler.
17-nji madda. Lukmançylyk rentgen-radiologiýa işleri geçirilende raýatlaryň radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi
1. Lukmançylyk rentgen-radiologiýa işleri geçirilende raýatlary goramagyň serişdelerinden peýdalanylmalydyr.
Lukmançylyk rentgen-radiologiýa işleri geçirilende raýatlaryň şöhlelenme mukdary radiasiýa howpsuzlygy babatda ulanylýan kadalara, düzgünlere we kadalyk görkezijilere laýyk gelmelidir.
2. Raýatyň talaby boýunça lukmançylyk rentgen-radiologiýa işleri geçirilende oňa şöhlelenmäniň garaşylýan ýa-da onuň kabul edýän mukdary hem-de mümkin bolup biljek netijeleri hakynda doly maglumat berilýär.
3. Raýatyň lukmançylyk rentgen-radiologiýa işlerinden boýun gaçyrmaga haky bardyr, muňa epidemiologiýa babatda howply keselleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän öňüni alyş barlaglary degişli däldir.
18-nji madda. Şöhlelenmäniň bir adama düşýän mukdaryny
barlamak we hasaba almak
Adamlaryň ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmelerinden peýdalynalanda, lukmançylyk rentgen-radiologiýa işleri geçirilende alan, şeýle hem tebigy radiasiýa we tehnogen üýtgedilen radiasiýa fony bilen şertlendirilen şöhlelenmesiniň bir adama düşýän mukdaryny barlamak we ony hasaba almak saglygy goraýyş çygrynda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenen tertipde döredilýän şöhlelenmäniň bir adama düşýän mukdarynyň ýeke-täk döwlet barlag we hasaba alyş ulgamynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
IV bap. Radiasiýa heläkçiliginde radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi
19-njy madda. Ilatyň we işgärleriň radiasiýa heläkçiliginden goralmagy
Radiasiýa heläkçiligi bolup biljek kärhanalarda, guramalarda, edaralarda we beýleki obýektlerde şularyň bolmagy hökmanydyr:
1) bolup biläýjek radiasiýa heläkçilikleriniň sanawy, olaryň netijeleriniň hem-de radiasiýa ýagdaýynyň döremeginiň çaklamalary;
2) radiasiýa heläkçiligi ýüze çykan mahalynda çözgütleri kabul etmek üçin zerur ölçegler (kriteriler);
3) işgärleri we ilaty radiasiýa heläkçiliginden we onuň netijelerinden goramak boýunça radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet barlagyny we gözegçiligini amala aşyrýan ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen ylalaşylan çäreleriň meýilnamasy;
4) işgärlere we ilata habar bermek we radiasiýa heläkçiliginiň netijelerini ýok etmek üçin serişdeler;
5) radiasiýanyň ýetiren zeperleriniň öňüni almagyň we radiasiýa heläkçiliginde jebir çekenlere lukmançylyk kömegini bermegiň medisina serişdeleri;
6) işgärleriň hataryndan heläkçilikde halas ediş birlikleriniň döredilmegi.
20-nji madda. Radiasiýa heläkçiligi bolan mahalynda peýdalanyjylaryň radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça borçlary
Ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmelerini ulanmak bilen işi amala aşyrýan peýdalanyjy radiasiýa heläkçiligi bolan halatynda şulara borçludyr:
1) işgärleri we ilaty radiasiýa heläkçiliginden we onuň netijelerinden goramak boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge;
2) radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet barlagyny we gözegçiligini amala aşyrýan ygtyýarly döwlet edaralaryna, şeýle-de ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, ýokary derejeli şöhlelenmäniň bolup biljek çäkleriniň ilatyna radiasiýa heläkçiligi hakynda habar bermäge;
3) radiasiýa heläkçiliginde ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermek boýunça çäreleri görmäge;
4) radioaktiw hapalanmanyň ojagyny çäklendirmäge we daşky gurşawda radioaktiw maddalaryň ýaýramagynyň öňüni almaga;
5) radiasiýa heläkçiligi mahalynda radiasiýa heläkçiliginiň artyşynyň we radiasiýanyň ýagdaýynyň üýtgeýişiniň seljermesini geçirmäge we çaklamany taýýarlamaga;
6) ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmelerini ulanmak bilen iş alyp barýan peýdalanyjynyň çäginde radiasiýa heläkçiligi ýok edilenden soň radiasiýanyň ýagdaýynyň kadalaşdyrylmagy boýunça çäreleri görmäge.
21-nji madda. Radiasiýa heläkçiliginiň netijelerini ýok etmek üçin işe çekilýän raýatlaryň meýilnamalaşdyrylýan ýokary şöhlelenmesi
1. Radiasiýa heläkçiliginiň netijelerini ýok etmek, heläkçilikde halas ediş işleri we dezaktiwasiýa üçin işe çekilýän raýatlaryň meýilnamalaşdyrylýan ýokary şöhlelenmesi diňe adamlary halas etmek we olaryň has köp şöhlä tutulmagynyň öňüni almak zerurlygy bilen şertlendirilip bilner.
2. Radiasiýa heläkçiliginiň netijelerini ýok etmek üçin işe çekilýän raýatlaryň meýilnamalaşdyrylýan ýokary şöhlelenmesine olaryň meýletin razylygynda we şöhlä tutulmagynyň mümkin bolup biljek mukdary hem-de saglygy we jany üçin töwekgelligi hakynda öňünden habar bermek bilen, ömrüniň dowamynda bir gezek ýol berilýär.
V bap. Raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň radiasiýa howpsuzlygy boýunça hukuklary we borçlary
22-nji madda. Raýatlaryň radiasiýa howpsuzlygyna bolan hukuklary
Türkmenistanyň raýatlarynyň, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň radiasiýa howpsuzlygyna bolan hukuklary bardyr. Bu hukuk adamyň bedenine ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň bellenen kadalardan we ölçeglerden ýokary derejedäki radiasiýa täsiriniň öňüni almak boýunça çäreler toplumynyň geçirilmegi, şeýle hem ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmelerinden peýdalanmak bilen iş alyp barýan raýatlar we peýdalanyjylar tarapyndan radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilmegi bilen üpjün edilýär.
23-nji madda. Raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň maglumat almaga bolan hukugy
Raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde ygtyýarly döwlet edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen radiasiýa howpsuzlygy boýunça dogry maglumat almaga hukugy bardyr.
24-nji madda. Raýatlaryň janyna, saglygyna we emlägine ionlaşdyryjy şöhle saçma, şeýle hem radiasiýa heläkçiligi netijesinde şöhlelenmegi bilen şertlendirilen ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyna bolan hukugy
1. Raýatlaryň öz janyna, saglygyna we emlägine ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň, şeýle hem radiasiýa heläkçiligi netijesinde bellenen çäkleriň mukdaryndan ýokary şöhlelenmegi bilen şertlendirilen ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr.
2. Adamlaryň janyna we saglygyna radiasiýanyň täsir etmeginiň ýetiren zyýanynyň (zeleliniň) öwezini dolmaklygyň görnüşleri, möçberleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.
25-nji madda. Raýatlaryň radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda borçlary
Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar şulara borçludyrlar:
1) radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky talaplary berjaý etmäge;
2) radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga;
3) radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ygtyýarly döwlet edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň talaplaryny ýerine ýetirmäge.
26-njy madda. Şu Kanunyň bozulanlygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
27-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2009-njy ýylyň 15-nji awgusty.
№ 56-IV