Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan

goldamak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 3, 58-nji madda)

 

(29.08.2013 ý. № 429-IV; 03.05.2014 ý. № 84-V; 28.02.2015 ý. № 193-V,26.03.2016 ý.        № 385-V, 03.06.2023 ý. № 32-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen 

üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary we esasy wezipeleri

 

1. Kiçi we orta telekeçiligiň, üstünlikli işlemegi ykdysady ösüşe we durmuş taýdan kämilleşmäge ýardam edýän bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny döretmek şu Kanunyň maksatlary bolup durýar.

2. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerini döwlet tarapyndan goldamagyň netijeli guralyny hem-de telekeçiligiň ösdürilmeginiň höweslendirilmegi, täze iş ýerleriniň döredilmegi, watanymyzyň haryt öndürijileriniň bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy we ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde olaryň mümkinçilikleriniň doly möçberde ulanylmagy üçin amatly maliýe, maýa goýum, maddy-tehniki we beýleki şertleri döretmek şu Kanunyň esasy wezipeleri bolup durýar.

 

2-nji madda. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda  Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundaky kadalardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry

 

Şu Kanunyň hereketi şu Kanunyň 5-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine degişli bolup durýar, döwlet kärhanalary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar, bank, ätiýaçlandyryş işlerini, şeýle hem humarly oýunlar we pully oýunlar (humarly oýun işi) bilen baglanyşykly işleri amala aşyrýan kärhanalar oňa degişli däldir.

 

4-nji madda. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň esasy ýörelgeleri we görnüşleri

 

1. Şular Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň esasy ýörelgeleri bolup durýar:

1) kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň ileri tutulmagy;

2) kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň toplumlaýynlygy, aýanlygy, açyklygy;

3) kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri üçin döwlet goldawynyň elýeterliligi;

4) telekeçilik işiniň erkinligine, şeýle hem kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň eýeçilik hukugynyň goralmagyna kepillikleriň berilmegi.

2. Kiçi we orta telekeçiligiň döwlet derejesinde we welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň derejesinde goldanylmagy hukuk, guramaçylyk, emläk, maliýe, maglumat we beýleki görnüşlerde amala aşyrylýar.

3. Döwlet häkimiýet we dolandyryş hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen bilelikde hereket edýärler.

 

5-nji madda. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri

 

1. Şu Kanunyň maksatlary üçin kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri diýlip aşakdakylara düşünilýär:

1) telekeçi ýuridik şahslara:

a) senagatda, elektroenergetikada, gurluşykda, gaz we suw üpjünçiliginde işleýän işgärleriniň sanaw boýunça ortaça sany 15 adama çenli, beýleki pudaklarda 10 adamdan köp bolmadyk mikrokärhanalara;

b) senagatda, elektroenergetikada, gurluşykda, gaz we suw üpjünçiliginde işleýän işgärleriniň sanaw boýunça ortaça sany 16 adamdan 50 adama çenli, beýleki pudaklarda 11 adamdan 25 adama çenli bolan kiçi kärhanalara;

ç) senagatda, elektroenergetikada, gurluşykda, gaz we suw üpjünçiliginde işleýän işgärleriniň sanaw boýunça ortaça sany 51 adamdan 200 adama çenli, beýleki pudaklarda 26 adamdan 100 adama çenli bolan orta kärhanalara;

2) hususy telekeçiniň özüni hem goşmak bilen işleýän işgärleriniň sanaw boýunça ortaça sany 10 adamdan geçmeýän, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere.

2. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerinde işleýän işgärleriň sanaw  boýunça ortaça sany ähli işgärlerini, şol sanda esasy işi bilen utgaşdyryp işleýänleri, möwsümleýin we wagtlaýyn işgärleri, şeýle hem olaryň şahamçalarynyň, wekilhanalarynyň we özbaşdak ýuridik şahslar bolup durmaýan beýleki aýrybaşgalanan düzüm birlikleriniň işgärlerini hasaba almak bilen, senenama ýyly üçin kesgitlenilýär. 

3. Işgärleriň şu maddanyň birinji böleginde bellenilen sanaw boýunça ortaça sanynyň senenama ýyly boýunça artdyrylmagy şu Kanunda göz öňünde tutulan ýeňilliklere bolan hukugyň bes edilmegine getirýär. 

Hasabat ýyly üçin işgärleriň sanaw boýunça ortaça sany artdyrylan mahalynda ýeňilliklere bolan hukuk hasabat ýylynyň soňundan gelýän ýylyň 1-nji aprelinden bes edilýär.

Eger işgärleriň sanaw boýunça ortaça sany şu maddanyň birinji bölegine laýyk getirilse, onda ýeňilliklere bolan hukuk ol bes edilenden bir ýyl geçenden soň dikeldilip bilner.

 

51-nji madda. Hasaba alyş we hasabatlylyk

 

Kiçi we orta telekeçiligiň subýekti hasaba alşy ýöredýär hem-de degişli döwlet edaralaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde we möhletlerde zerur bolan statistik, buhgalterçilik, salgyt we beýleki hasabatlary berýär.

 

52-nji madda. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniňişiniň we emläginiň ätiýaçlandyrylmagy

         

Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işiniň we emläginiň  ätiýaçlandyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

 

53-nji madda. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işiniň ygtyýarlylandyrylmagy, olara patentleriň berilmegi

 Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri tarapyndan amala aşyrylýan işiň aýry-aýry görnüşleriniň ygtyýarlylandyrylmagy, olara patentleriň berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

 

II bap. Kiçi we orta telekeçilik çygrynda döwlet tarapyndan

düzgünleşdirmek

 

6-njy madda. Kiçi we orta telekeçilik çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek

 

Kiçi we orta telekeçilik çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet topary (mundan beýläk – Döwlet topary), ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça welaýatlardaky, Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki toparlary (mundan beýläk – welaýat toparlary) tarapyndan amala aşyrylýar.

 

7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň  ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) kiçi we orta telekeçiligi goldamak baradaky döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) Kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň döwlet maksatnamasyny tassyklaýar;

3) Döwlet toparyny döredýär we ol barada Düzgünnamany tassyklaýar;

4) kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagy (gaýtadan bellige alynmagy) üçin bellige alyş ýygymynyň (döwlet pajynyň) ýeňillikli möçberini belleýär; 

5) Kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň döwlet maksatnamasynyň (mundan beýläk – Döwlet maksatnamasy) we welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň maksatnamalarynyň (mundan beýläk – welaýat maksatnamalary) durmuşa geçirilmegine gönükdirilýän Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň möçberini kesgitleýär;

6) ygtyýarly edilen banky kesgitleýär;

7) Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine gönükdirilen başga kararlary kabul edýär.

 

8-nji madda. Döwlet toparynyň  ygtyýarlyklary

 

1. Döwlet topary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda hereket edýän utgaşdyryjy we geňeş-maslahat beriji edara bolup durýar.

2. Döwlet topary ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlerinden, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylaryndan düzülýär.

3. Döwlet topary:

1) Döwlet maksatnamasynyň işlenip  düzülmegini utgaşdyrýar;

2) welaýat toparlarynyň, şeýle hem Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegi amala aşyrýan merkezi döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

3) kiçi we orta telekeçiligiň ýagdaýyna we ony döwlet tarapyndan goldamak boýunça çäreleriň netijeliligine seljerme geçirýär, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň çaklamalaryny we statistik barlaglar esasynda ony höweslendirmegiň çäreleri hakynda teklipleri taýýarlaýar;

4) şu aşakdakylary:

a) Döwlet maksatnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky teklipleri;

b) Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky kanunçylygyny kämilleşdirmek, şol sanda maýa goýum töwekgelçiliklerini hem-de edara ediş päsgelçiliklerini azaltmak boýunça teklipleri;

ç) Döwlet we welaýat maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşy hakyndaky her ýylky hasabaty;

d) kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerini döwlet tarapyndan goldamak hakynda başga teklipleri,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär.

 

9-njy madda. Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi  dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde:

1) welaýat maksatnamalaryny tassyklaýarlar we olaryň durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler;

2) welaýat toparlaryny döredýärler, olar hakynda Düzgünnamany tassyklaýarlar we olaryň işini guraýarlar;

3) welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerini goldamagyň infrastrukturasynyň emele gelmegini we ösüşini üpjün edýärler;

4) welaýat maksatnamalaryna laýyklykda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerini döwlet tarapyndan goldamak hakynda karar kabul edýärler;

5) şu aşakdakylary:

a) Döwlet maksatnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky teklipleri;

b) Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri;

ç) welaýat maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşy hakyndaky her ýylky hasabatlary;

d) kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerini döwlet tarapyndan goldamak hakynda başga teklipleri,

Döwlet toparyna berýärler.

 

10-njy madda. Welaýat toparlarynyň ygtyýarlyklary

 

1. Welaýat toparlary welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň ýanynda hereket edýän utgaşdyryjy we geňeş-maslahat beriji edaralar bolup durýarlar.

2. Welaýat toparlary welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň wekillerinden, etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň häkimlerinden, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekillerinden, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýerli birlikleriniň ýolbaşçylaryndan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de welaýatlardaky, Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden, şeýle hem telekeçi ýuridik şahslardan we hususy telekeçilerden düzülýärler.

3. Welaýat toparlary:

1) welaýat maksatnamalaryny işläp düzmekligi utgaşdyrýarlar;

2) kiçi we orta telekeçiligiň ýagdaýyna we döwlet tarapyndan goldamak boýunça çäreleriň netijeliligine welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň derejesinde seljerme geçirýärler, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegi höweslendirmegiň çäreleri hakynda teklipleri işläp düzýärler;

3) kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň täze iş ýerleriniň döredilmegine hem-de ilatyň we ýerli býujetleriň girdejileriniň ösmegine ýardam edýän progressiw başlangyçlaryny, maýa goýum taslamalaryny goldamak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gözegçiligi amala aşyrýarlar;

4) şu aşakdakylary:

a) welaýat maksatnamalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda teklipleri;

b) welaýat maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşy hakynda her ýylky hasabatlary;

ç) kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerini döwlet tarapyndan goldamak hakynda başga teklipleri,

degişli häkimliklere berýärler.

 

III bap. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak

 

11-nji madda. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň esasy ugurlary

 

Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak şu aşakdaky esasy ugurlar boýunça amala aşyrylýar:

1) kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine maliýe we maddy-tehniki serişdeleriň berilmegi;

2) kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine hukuk, ykdysady we gaýry maglumatyň, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we tehnologiýalaryň elýeterliliginiň üpjün edilmegi;

3) kiçi we orta telekeçiligiň subýektleritarapyndan durmuş-ykdysady ösüşiň döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilýän maýa goýumlaryň höweslendirilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi we ilatyň girdejileriniň ýokarlandyrylmagy;

4) kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerinden harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) döwlet tarapyndan satyn alynmagyny bäsleşik esasynda amala aşyrylmagy;

5) kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine işgärleri taýýarlamaga, gaýtadan taýýarlamaga we hünärini ýokarlandyrmaga ýardam etmegi;

6) daşary ykdysady işi, sebitara hyzmatdaşlygyny, şeýle hem kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň eksport mümkinçiligini ösdürmäge ýardam etmegi;

7) kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň jemgyýetçilik birleşiklerine goldaw berilmegi.

 

12-nji madda. Döwlet we welaýat maksatnamalary

 

1. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň esasy ugurlaryna laýyklykda Döwlet we welaýat maksatnamalarynda şu aşakdaky çäreler göz öňünde tutulýar:

1) telekeçilik işini, monopoliýa garşy işi we bäsleşigiň ösüşini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň hukuk esasyny kämilleşdirmek;

2) kiçi we orta telekeçiligi maliýe-karz we maýa goýum taýdan goldamagyň ulgamyny ösdürmek;

3) ylmy, innowasiýa we önümçilik-tehnologiýa taýdan goldaw bermek, şol sanda:

a) kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerini umumy döwlet ylmy-barlag we işläp taýýarlamak işlerine gatnaşmaga çekmekligi hem goşmak bilen, ylmy we innowasiýa telekeçilik işini ösdürmek;

b) tehnoparklaryň, tehnopolisleriň, önümçilik-tehniki merkezleriň innowasiýa işiniň we beýleki bazar düzümleriniň merkezleriniň ulgamyny döretmek;

ç) importyň ýerini tutýan we eksporta niýetlenýän önümleriň, enjamlaryň we tehnologiýalaryň täze görnüşlerini öndürmäge we bazara çykarmaga ýardam etmek;

4) ýerli serişdeleri netijeli peýdalanmak hem-de kiçi we orta telekeçiligiň sybýektleriniň welaýat maýa goýum maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy esasynda welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmek;

5) kiçi we orta telekeçiligiň sybýektlerini innowasiýa maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, ylmy-barlag, tejribe-konstruktorçylyk we tehnologik işläp taýýarlamalara çekmek;

6) habar beriş infrastrukturasyny döretmek we ösdürmek, şol sanda:

a) Döwlet we welaýat toparlarynyň kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri üçin zerur bolan hukuk, ykdysady, statistik we beýleki maglumatlary özünde jemleýän internet-saýtlaryny guramak;

b) habar beriş hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmäge, elektron söwdasynyň ulgamyny guramaga we ösdürmäge, hukuk kömegini guramaga we habar beriş tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen konsalting hyzmatlaryny etmäge ýardam bermek;

ç) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň tematik neşirlerini we olara elektron hem-de kagyz göterijilerdäki düşündirişleri taýýarlamak;

7) kiçi we orta telekeçiligiň sybýektlerini emläk taýdan goldamak, şol sanda olara netijesiz peýdalanylýan we peýdalanylmaýan döwlet emlägini ýeňillikli şertlerde kärendesine ýa-da eýeçiligine bermek;

8) işgärleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak, şol sanda:

a) hünär öwretmek boýunça bilim maksatnamalaryna telekeçilik işi hünärini girizmek;

b) telekeçileri taýýarlamak üçin hünärmençilik bilim edaralaryny döretmek;

ç) umumybilim berýän edaralarda telekeçiligiň nazaryýet we amaly esaslaryny öwretmek;

d) täzeden başlaýan telekeçilere hünärini ýokarlandyrmaga we hünär taýdan gaýtadan taýýarlanmaga ýardam etmek;

e) welaýat, döwlet we halkara derejelerindäki biznes-maslahatlaryny guramak;

9) welaýat, döwlet we halkara derejelerinde harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) ýöriteleşdirilen lomaý bazarlaryny, sergilerini, ýarmarkalaryny guramak;

10) Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine salgyt ýeňilliklerini bermek boýunça teklipleri işläp taýýarlamaga ýardam etmek;

11) kiçi we orta telekeçiligiň sybýektlerine başga goldawy bermek.

2. Döwlet we welaýat maksatnamalary ýurduň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň, şeýle hem ykdysadyýetiň pudaklarynyň (ykdysady işiň görnüşleriniň) çaklamalaryny hasaba almak bilen gysga möhletli, orta möhletli we uzak möhletli döwürler üçin işlenip taýýarlanylýar.

3. Döwlet we welaýat maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna jogapkärçilik döwlet häkimiýet we dolandyryş hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň üstüne ýüklenilýär.

4. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň esasy ugurlaryna laýyklykda, şeýle-de döwletiň, maýa goýum kompaniýalarynyň, kiçi we orta telekeçiligiň özara gatnaşyklarynyň maksatnamalaryny; iri kompaniýalaryň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge gatnaşmagynyň maksatnamalaryny; döwletiň we işewürligiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň maksatnamalaryny; wençur maýasyny çekmegiň maksatnamalaryny we beýleki maksatnamalary hem goşmak bilen, ýörite maksatnamalar işlenip düzülip we amala aşyrylyp bilner.

 

13-nji madda. Kiçi we orta telekeçiligiň maliýeleşdirilmegi

 

1. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işi hususy we karz serişdeleriň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, täjirçilik banklarynyň, özara karzlaşdyryş jemgyýetleriniň, karzlaşdyryş birleşmeleriniň, mikromaliýe guramalarynyň karzlarynyň we zaýom serişdeleriň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär.

2. Täjirçilik banklary, özara karzlaşdyryş jemgyýetleri, karzlaşdyryş birleşmeleri we mikromaliýe guramalary kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işini maliýeleşdirmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrýarlar.

3. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işini karzlaşdyrmak, telekeçiligi ösdürmegi maliýeleşdirmek, täze we ekologiýa taýdan howpsuz  tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna grant bermek, ykdysady, söwda we senagat ýörite zolaklaryny döretmek bilen bagly infrastruktura, şol sanda inžener üpjünçiligi ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak, maýa goýum taslamalaryna paýly gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi bilen döwletiň hasabyna maliýe serişdeleri berlip bilner.

 

14-nji madda. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerini döwlet tarapyndan bellige almak

 

1. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagy, gaýtadan bellige alynmagy we ýatyrylmagy ýuridik şahslary we hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige alýan edaralar tarapyndan haýsy-da bolsa bir goşmaça rugsat almazdan we başga döwlet edaralary we toparlary bilen ylalaşylmazdan amala aşyrylýar.

Kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerini döwlet tarapyndan bellige almakdan esassyz boýun gaçyrylanda kazyýete şikaýat edilip bilner.

Ikinji bölek - 03.05.2014 ý. № 84-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

 

15-nji madda. Gümrük ýeňillikleri

 

Kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine gümrük ýeňillikleriniň berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 

 

16-njy madda. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) döwlet tarapyndan satyn alynmagyna gatnaşmagy 

 

1. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) döwlet tarapyndan satyn alynmagyna gatnaşmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki gatnaşyjylar bilen deň şertlerde amala aşyrylýar.

2. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) döwlet tarapyndan satyn alynmagyna gatnaşmagynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýär.

 

17-nji madda. Bäsleşigiň ösdürilmegi we monopoliýa garşy iş

 

Döwlet häkimiýet we dolandyryş hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna şu aşakdakylar gadagan edilýär:

1) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini çäklendirýän namalary kabul etmek we (ýa-da) hereketleri amala aşyrmak;

2) şu aşakdakylara, ýagny:

a) bahalaryň (tarifleriň) ynsapsyz bäsdeşlige getirýän ýokarlanmagyna ýa-da öňki derejesinde saklanyp galmagyna;

b) bazaryň çäk ýörelgesi boýunça, satylyş ýa-da satyn alnyş möçberi boýunça, satylýan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) görnüşleri boýunça ýa satyjylaryň ýa-da alyjylaryň (sargytçylaryň) toparlary boýunça bölünmegine;

ç) kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň harytlarynyň (işleriniň, hyzmatlarynyň) bazara çykarylmagynyň çäklendirilmegine ýa-da olaryň bazara goýberilmezligine, 

getirýän ýa-da getirip biljek ylalaşyklary baglaşmak ýa-da ylalaşykly hereketleri amala aşyrmak.

 

18-nji madda. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň maliýe-hojalyk işiniň barlagy

 

Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň maliýe-hojalyk işiniň barlagy döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan üç ýylda bir gezekden ýygy bolmazdan geçirilýär, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde dessin-agtaryş işi we kazyýet çözgütleriniň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly barlaglar, şeýle hem kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň ýatyrylan we telekeçilik işiniň bes edilen ýagdaýlary muňa degişli däldir.

 

181-nji madda. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň

                              jemgyýetçilik birleşikleriniň döwlet

  tarapyndan goldanylmagy

1. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýän jemgyýetçilik birleşikleriniň döwlet tarapyndan goldanylmagy telekeçiligiň ösdürilmegi üçin has amatly şertleri, päk ýürekli bäsleşigi üpjün etmek, kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň jogapkärçiligini we ygtyýarlygyny ýokarlandyrmak, olaryň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryndaky bähbitlerini köpçülikleýin goramak maksady bilen telekeçileriň jemgyýetçilik birleşikleriniň dürli görnüşlerine birleşmegine bolan höwesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

2. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň jemgyýetçilik birleşikleriniň döwlet tarapyndan goldanylmagy döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan şular arkaly amala aşyrylýar:

1) olar tarapyndan hususy telekeçiligi ösdürmegiň meseleleri boýunça jemgyýetçilik çäreleriniň geçirilmegi üçin jemgyýetçilik birleşikleriniň olaryň agzalarynyň we kärhanalarynyň zerurlyk bolan mahalynda jaýlar we aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilmegine ýardam bermek;

2) jemgyýetçilik birleşiklerini we olaryň agzalaryny kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny, degişli sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginiň maksatnamalaryny taýýarlamaga çekmek;

3) kiçi we orta telekeçiligiň pikirlerini ýaýratmak we düşündirmek maksady bilen, jemgyýetçilik birleşiklerine we olaryň agzalaryna köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden peýdalanmaklaryna mümkinçilik bermek;

4) jemgyýetçilik birleşiklerini we olaryň agzalaryny maslahatlara, seminarlara we beýleki döwlet çärelerine, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşmaga çekmek.

 

 

IV bap. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işiniň

goralmagynyň döwlet kepillikleri

 

19-njy madda. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işiniň hukuk goragynyň kepillikleri

 

1. Şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy kepillendirilýär.

2. Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň bähbitlerine degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary olar üçin elýeterli bolmalydyr. 

3. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynyň üýtgetmeleri kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işiniň hukuk esaslaryny ýaramazlaşdyrýan gadagan etmelere we çäklendirmelere getirýän bolsa, onda kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri bellige alnan mahalynda hereket eden Türkmenistanyň kanunçylygy olar babatda bäş ýylyň dowamynda ulanylýar.

 

20-nji madda. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işine esassyz gatyşylmadan kepillendirmeler

 

1. Döwlet häkimiýet we dolandyryş hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wezipeli adamlarynyň, şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň hojalyk işine esassyz gatyşmagy, bikanun hereketleri (hereketsizligi) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen wezipeli adamlaryň esassyz gatyşmagy, bikanun hereketleri (hereketsizligi) zerarly kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine ýetirilen zyýanyň (zeleliň) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öwezi dolunmaga degişlidir.

3. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň hasaplaşyk hasaplarynda bar bolan pul serişdelerini öz islegine görä ulanmaga hukugy bardyr, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen halatlar muňa degişli däldir.

 

21-nji madda. Emläk muzduny töläp mejbury alnan mahalynda öwezini dolmalaryň kepillendirmeleri

 

1. Tebigy betbagtçylyklary, heläkçilikleri, epidemiýalary, epizootiýalary we olaryň netijelerini hem goşmak bilen adatdan daşary häsiýeti bolan ýagdaýlary ýeňip geçmek maksady bilen kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň emläginiň döwletiň eýeçiligine ýa-da wagtlaýyn ulanmagy üçin muzduny töläp rekwizisiýa görnüşinde mejbury alynmagyna diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda ýol berilýär.

2. Rekwizisiýanyň geçirilen ýagdaýlarynyň hereketi togtadylan mahalynda kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri saklanyp galan emläginiň gymmatyny aşaklatmazdan gelýän  zyýanlary (zelelleri) tutup almak bilen rekwizirlenen emläk üçin öz alan öwezini dolmagyň möçberlerini gaýtarmak şerti bilen saklanyp galan emlägiň gaýtarylmagyny talap etmäge haklydyrlar.

3. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň emläginiň rekwizisiýa edilen mahalyndaky öwezini doluş tölegi emlägiň öwezini doluş tölegi hakynda kararyň kabul edilen pursatyndaky bazar gymmatyna laýyk gelmelidir.

4. Rekwizirlenen emläge we onuň gymmatyny aşaklatmazdan  gelýän zyýanlara (zelellere) baha bermek, şeýle hem rekwizirlenen emlägiň kanunylygy, emlägiň rekwizisiýa edilen mahalyndaky zyýanlaryň (zelelleriň) öweziniň dolunmagy hakyndaky jedelleri çözmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

 

211-nji madda. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine degişli gozgalmaýan emlägiň obýektleriniň ýykylyp aýrylmagynyň netijesinde öweziniň dolunmagynyň kepillendirilmegi

  1.  
  2. 1. Ýer bölekleriniň döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin yzyna alynmagy bilen baglanyşykly bu obýektleriň eýeleri bolup durýan kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine degişli gozgalmaýan emlägiň obýektleriniň ýykylyp aýrylmagy, olara deň derejedäki başga ýer bölekleri bölünip berlenden we gozgalmaýan emlägiň obýektleri olaryň ýykylyp aýrylýanlarynyň deregine täze ýerde gurlandan soň amala aşyrylýar.

2. Ýer bölekleriniň bölünip berilmegi, şeýle hem täze ýerde gozgalmaýan emlägiň obýektleriniň gurluşygy bilen baglanyşykly çykdajylaryň öweziniň dolunmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde amala aşyrylýar.

 

 

 

212-nji madda. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine degişli bolan harytlara we pul serişdelerine ygtyýarlyk etmegiň kepillendirilmegi 

 

1. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri özleri tarapyndan öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) eýeleri bolup durýarlar.

2. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlardan başga ýagdaýlarda, ähli önümçilik çykdajylary, salgytlar we beýleki hökmany tölegler tölenenden soň galýan girdejä (peýda) özleriniň garamagyna görä ygtyýarlyk edýärler.

3. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň karz edaralary bilen özara gatnaşyklary, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, şertnama esasynda amala aşyrylýar.

4. Bank hasaplar babatda talaplar bildirilen mahalynda pul serişdeleriniň tükelligini, şeýle hem kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň hasaplarda duran pul möçberiniň çäklerinde ol serişdelere päsgelçiliksiz ygtyýarlyk etmäge bolan hukugyny kepillendirmek bilen kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň bank hasaplarynda bolan pul serişdelerini öz adyndan we öz hasabyna ýerleşdirmäge haklydyr.

5. Döwlet edaralarynyň, banklaryň ýa-da başga karz edaralarynyň kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň  pul serişdeleriniň peýdalanylyş ugurlaryny kesgitlemäge we oňa gözegçilik etmäge hem-de olaryň pul serişdelerine öz seretmegine görä ygtyýarlyk etmäge bolan hukuklaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk başga çäklendirmeleri bellemäge hukuklary ýokdur.

 

213-nji madda. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň daşary ykdysady işiniň erkinliginiň kepillendirilmegi 

 

1. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri daşary ykdysady işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda özbaşdaklykda amala aşyrýarlar.

2. Döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri telekeçiligi goldamak maksady bilen, kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň halkara sergilerine we şüweleňlerine, daşary ykdysady aragatnaşyklar boýunça maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaklaryny giňeltmek boýunça çäreleri amala aşyrýarlar.

Üçünji bölek 03.06.2023 ý. № 32-VII Türkmenistanyň Kanuny bilen güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

 

214-nji madda. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň maglumatlardan peýdalanyp bilmeginiň kepillendirilmegi 

 

1. Döwlet edaralary, olaryň wezipeli adamlary kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary, olaryň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine degişli resminamalar, kararlar we başga materiallar bilen tanyşmagy üçin mümkinçiligi üpjün etmäge borçludyrlar, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir. 

2. Maglumatlardan peýdalanylyp bilinmegi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we degişli materiallaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilmegi we ýaýradylmagy, şol sanda bütindünýä Internet ulgamynyň üsti bilen döwlet edaralarynyň resmi web-saýtlarynda ýaýradylmagy arkaly üpjün edilýär.

3. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine degişli maglumatlar mugt berilýär, başga maglumatlaryň berlendigi üçin bolsa, bellenilen tertipde töleg töletdirilip bilner.

 

215-nji madda. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektiniň täjirçilik syrynyň goralmagynyň kepillendirilmegi

 

1. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektiniň üçünji şahslara belli bolmadyk täjirçilik syryny düzýän maglumatlary, eger şeýle maglumatlar üçünji şahslara belli bolmandygy ýa-da kanuny esasda onuň bilen tanyşmaga mümkinçiligiň ýokdugy sebäpli şol maglumatyň hakykatdan ýa-da bolup biljek gymmaty bar bolsa we maglumata eýelik edýän onuň ýaşyrynlygyny goramak üçin çäre görýän bolsa, ol goralýar.

2. Döwlet edaralary we olaryň wezipeli adamlary kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri bellige alnanda, olaryň işi barlananda, degişli edaralaryň wezipelerinden gelip çykýan başga hereketler amala aşyrylanda alnan täjirçilik syryna degişli maglumatlary ýaýratmazlyga borçludyrlar, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir. 

3. Bellige almak, barlag we gözegçilik ýumuşlaryny ýerine ýetiren mahalynda döwlet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň öz öňlerinde duran wezipelerini ýerine ýetirmegi üçin zerur bolanlaryndan başga täjirçilik syryny düzýän maglumatlary alyp bilmeginiň üpjün edilmegini talap etmäge hukuklary ýokdur.

 

V bap. Jemleýji düzgünler

 

22-nji madda. Jedelleri çözmek

 

Kiçi we orta telekeçiligi goldamak babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

23-nji madda. Şu Kanunyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

 

24-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Türkmenistanyň şu Kanuna ters gelýän kadalaşdyryjy hukuk namalary onuň güýje giren gününden başlap bir aýyň dowamynda şu Kanuna laýyk getirilmäge degişlidir.

 

     Türkmenistanyň                                                Gurbanguly

        Prezidenti                                                  Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2009-njy ýylyň 15-nji awgusty.

№ 57-IV