Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp
geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen Türkmenistanyň ýadygärlik medalyny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 67-madda)
(01.01.2010 ý. № 79-IV Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, şeýle hem Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe işjeň gatnaşan we ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine goşan şahsy goşantlaryny göz öňünde tutup, olary sylaglamak maksady bilen:
1-nji madda. "Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja" diýen Türkmenistanyň ýadygärlik medalyny döretmeli.
2-nji madda. "Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja" diýen Türkmenistanyň ýadygärlik medaly hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).
3-nji madda. "Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja" diýen Türkmenistanyň ýadygärlik medalynyň we plankasynyň ýazgylaryny tassyklamaly (goşulýar).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2009-njy ýylyň 2-nji oktýabry.
№ 66-IV
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp
geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen
Türkmenistanyň ýadygärlik medalynyň
DÜZGÜNNAMASY
1. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medaly Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, çäk bütewiligini, konstitusion gurluşyny goramakda, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny berkitmekde we howpsuzlygyny üpjün etmekde tapawutlanan, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe işjeň gatnaşan we ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine şahsy goşantlaryny goşan harby gullukçylary sylaglamak maksady bilen döredildi.
2. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medaly bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, şeýle hem Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşan we dabaraly harby ýörişi ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge goşant goşan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, şeýle hem beýleki hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri sylaglanylýar.
3. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medaly bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşan we dabaraly harby ýörişi ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge goşant goşan we işjeň gatnaşan hem-de:
- Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, döwletimiziň goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň hem-de onuň raýatlarynyň howpsuzlygyny we asudalygyny üpjün etmäge goşan şahsy goşantlary üçin;
- Milli Ýaragly Güýçlerimiziň ýokary derejedäki söweşjeň taýýarlygyny üpjün etmekdäki, esgerleri çuňňur watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki, goşunda berk düzgün-tertibi ýola goýmakdaky we doganlyk-dostlugy ösdürmekdäki bitiren hyzmatlary üçin sylaglanylýar.
4. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medaly diýen sylaglananlara medal we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.
5. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medaly bilen sylaglananlar kanunçylykda bellenen tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medalynyň
ÝAZGYSY
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen ýadygärlik medaly sekizburçluk, gyrasy inçe gyzyl çaýylan güberçek görnüşinde bolup, merkezi bölegi ýaşyl reňkli emal bilen syrçalanandyr.
Medalyň diametri 35 mm bolan ýaşyl reňkli emal bilen syrçalanan, merkezi böleginiň içinde sekiz sany uzynlygy 5 mm we on alty sany uzynlygy 3 mm güberçek görnüşindäki ýüzüne gyzyl çaýylan burçlar ýerleşdirilen.
Medalyň umumy diametri 40 mm.
Medalyň merkezi böleginde diametri 25 mm bolan gyzyl çaýylan, inine 5 mm ölçegdäki güberçek görnüşli tegelegiň içinde 33 sany güberçek düwmejikler ýerleşdirilendir. Medalyň merkezi bölegindäki tegelegiň içi ýaşyl reňkli syrça bilen örtülip, içinde gyzyl çaýylan güberçek görnüşindäki «Garaşsyz Türkmenistana 18 ýyl» diýen ýazgy, Garaşsyzlyk binasy hem-de zeýtun şahalarynyň biri şekillendirilendir.
Medal mis bilen nikeliň garyndysyndan ýasalýar. Medal halkajyk arkaly ini 22 mm we beýikligi 18 mm iki bölekden ybarat bolan, birinji bölegi dört burçly, beýikligine 7 mm gyzyl reňkli syrça bilen örtülen esasy meýdanynda Türkmen halysynyň 5 sany gölli hem-de ikinji bölegi üc burçly, beýikligine 11 mm ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen esasy meýdanynda güberçek görnüşindäki bäş ýyldyzly ýarym aý şekillendirilen.
Kolodkanyň arka tarapynda ony geýime dakmak üçin ildirgiç bar.
Medalyň arka tarapy gyzyl çaýylan, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja ýadygärlik medaly» diýen ýazgy we bäş ýyldyzly ýarym aý güberçek görnüşinde şekillendirilen.
"Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp
geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja" diýen Türkmenistanyň ýadygärlik medalynyň plankasynyň
ÝAZGYSY
"Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja" diýen Türkmenistanyň ýadygärlik medalynyň plankasynyň düşegi gyzyl reňkli ýüpek mata bolup, onda bäş sany haly gölleriniň şekili ýerleşdirilen. Plankanyň çep tarapynda dikligine ýaşyl reňkli zolak geçýär, ýaşyl zolakda ak reňkli ýarymaý we bäş sany kiçi bäşburçly ýyldyz şekillendirilen.
Plankanyň daşky gyrasy sary we goňur reňk bilen örtülen.