Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Ýarag hakynda

TÜRKMENISTANYŇ 

K A N U N Y 

 

Ýarag hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 78-nji madda)

 

(04.08.2012 ý. № 314-IV, 23.05.2015 ý. № 229-V, 26.03.2016 ý. № 382-V, 

18.06.2016 ý. № 419-V, 26.08.2017 ý. № 603-V, 02.03.2019 ý. № 127-VI, 22.08.2020 ý. № 268-VI  Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň çäginde raýat, gulluk, şeýle hem el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaragyň, ok-därileriň dolanyşygynyň tertibini belleýär, bu ugurdaky hukuk gatnaşyklaryny kesgitleýär we düzgünleşdirýär hem-de raýatlaryň janyny we saglygyny, ähli görnüşdäki eýeçiligi goramaga, jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmäge, tebigaty we tebigy baýlyklary goramaga, jenaýatçylyga we ýaragyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

 

I BÖLÜM. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Türkmenistanyň ýarag hakyndaky kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň ýarag hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanda ýaragyň dolanyşygynyň meselelerini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Kanundakydan başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň düzgünleri ulanylýar.

 

2-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

 

Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň çäginde raýat, gulluk, şeýle hem el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaragyň, ok-därileriň dolanyşygyny kadalaşdyrýar we düzgünleşdirýär. 

 

3-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

1. Şu Kanunyň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ýarag – gurluş taýdan janly ýa-da başga nyşanany urmak, duýduryşlary bermek üçin niýetlenen enjamlar ýa-da närseler;

2) ok atýan ýarag – däriniň ýa-da başga bir zarýadyň energiýasynyň hasabyna aralykdan gülle ýa-da snarýad bilen ok atmak üçin niýetlenen islendik göterilýän nilli ýarag;

3) düzüm bölekleri we komponentler – ok atýan ýarag üçin ýörite niýetlenen we onuň işlemegi üçin zerur bolan islendik elementler ýa-da ätiýaçlyk detallary, şol sanda nil, korpus ýa-da nil gutusy, ýapgyç, baraban, ýapgyjyň osy ýa-da kazýonnik, şeýle hem atylanda döreýän sesi azaltmak üçin niýetlenen ýa-da uýgunlaşdyrylan islendik enjam;

4) sowuk ýarag – urulýan obýekt bilen gös-göni gatnaşyk bolanda adamyň el güýjüniň kömegi bilen nyşanany urmak, bölmek we çümdürmek üçin niýetlenen ýarag;

5) zyňylýan ýarag – adamyň el güýjüniň ýa-da mehaniki enjamyň kömegi bilen gönükdirilen hereketiň hasabyna alynýan, belli bir aralykdan snarýad bilen nyşanany urmak üçin niýetlenen ýarag;

6) pnewmatik ýarag – gysylan, suwuklandyrylan ýa-da gataldylan gazyň energiýasynyň hasabyna gönükdirilen hereketi alýan, belli bir aralykdan snarýad bilen nyşanany urmak üçin niýetlenen ýarag;

7) gaz ýaragy – göz ýaşardyjy ýa-da gyjyndyryjy maddalary ulanmak arkaly janly nyşanany wagtlaýyn hereketsizlendirmek ýa-da hereket etmek ukybyny peseltmek üçin niýetlenen ýarag;

8) duýduryjy ýarag – gurluş taýdan diňe yşyk, tüsse ýa-da ses duýduryşlaryny bermek üçin niýetlenen ýarag;

9) ok-däriler – nyşanany urmak üçin niýetlenen we partlaýan, zyňyjy, pirotehniki ýa-da kakyp gaçyryjy zarýadlary özünde saklaýan   ýa-da ýaraglanyşygyň ýa-da zyňylýan enjamyň närseleri ýa-da olaryň utgaşmagy, şol sanda ok; 

10) ok – peşeňiň kömegi bilen inisinirleýiş serişdelerini, zyňyjy zarýady we zyňylýan enjamy bir bitewä birikdirýän, ýaragdan atmak üçin niýetlenen enjam;

11) ýaragyň,ýaragyň düzüm bölekleriniň we komponentleriniň, şeýle hem onuň üçin ok-därileriň dolanyşygy – ýaragy, onuň düzüm böleklerini, komponentlerini we onuň üçin ok-därilerini taýýarlamak, olary satyn almak, satmak, bermek, edinmek, kolleksionirlemek, görkezmek, hasaba almak, saklamak, götermek, ibermek, äkitmek, daşamak, peýdalanmak, abatlamak, gurluşyny üýtgetmek, enjamlaşdyrmak, elinden almak, ýok etmek, Türkmenistanyň çägine ýaragy getirmek, ony Türkmenistanyň çäginden çykarmak we üstaşyr geçirmek.

2. Hojalyk-durmuş we önümçilik maksatly närseler hökmünde güwälendirilen, olar bilen gurluş taýdan meňzeş bolan önümler, sport snarýadlary ýaraga degişli däldir (mundan beýläk – gurluş taýdan ýarag bilen meňzeş bolan önümler).

 

4-nji madda. Ýaragyň görnüşleri

 

Degişli subýektler tarapyndan peýdalanmak maksatlaryna baglylykda, şeýle hem esasy ölçegler we häsiýetnamalar boýunça ýarag şu aşakdakylara bölünýär:

1) raýat ýaragy;

2) gulluk ýaragy;

3) el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýarag.

 

5-nji madda. Raýat ýaragy

 

1. Raýat ýaragyna sport we aw etmek bilen meşgullanmak üçin niýetlenen ýarag degişlidir. Ok atýan raýat ýaragy nobatma-nobat ok atmagy alyp barmagy aradan aýyrmalydyr we magazininiň (barabanynyň) sygyjylygy 10 okdan köp bolmaly däldir.

2. Raýat ýaragy şu aşakdakylara bölünýär:

1) sport ýaragy – ok atýan nili hyrly, ok atýan nili ýylmanak, sowuk tygly, zyňylýan, nil agzynyň energiýasy 3 jouldan ýokary energiýaly pnewmatik ýarag;

2) aw ýaragy – ok atýan nili hyrly, ok atýan kombinirlenen (hyrly we nili ýylmanak, şol sanda çalşylýan we dakylýan hyrly nilleri bolan), ok atýan nili ýylmanak (şol sanda, hyrly böleginiň uzynlygy 140 mm-den köp bolmadyk), zyňylýan, nil agzynyň energiýasy 25 jouldan köp bolmadyk pnewmatik, sowuk tygly ýarag;

3) duýduryş ýaragy;

4) gaz sapançalary we rewolwerleri.

 

6-njy madda. Gulluk ýaragy

 

1. Gulluk ýaragyna raýatlaryň janyny we saglygyny, eýeçiligiň ähli görnüşlerini goramak, tebigaty we tebigy baýlyklary, gymmatly we howply ýükleri, ýörite hat-habary goramak boýunça kanun esasynda öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gulluk ýaragyny götermek, saklamak we ulanmak rugsat berlen döwlet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we beýleki ýuridik şahslaryň işgärleriniň peýdalanmagy hem-de şol borçlary ýerine ýetirilýän döwürde zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda özüni goramak üçin niýetlenen ýarag degişlidir.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gulluk ýaragyny peýdalanmak we ulanmak bilen baglanyşykly wezipeler ýüklenen kärhanalar we guramalar aýratyn tertipnamalaýyn wezipeleri bolan ýuridik şahslar bolup durýarlar (mundan beýläk – aýratyn tertipnamalaýyn wezipeleri bolan ýuridik şahslar).

3. Gulluk ýaragyna ok atýan nili ýylmanak we nil agzynyň energiýasy 300 jouldan köp bolmadyk hyrly ýarag degişlidir.

4. Gulluk ýaragy nobatlar boýunça ok atmagy aradan aýyrmalydyr, hyrly gulluk ýaragy el bilen atylýan ýaragdan okunyň kysymlary we ölçegleri boýunça, raýat ýaragyndan bolsa güllede we peşeňde yz döretmegi boýunça tapawutlary bolmalydyr. Gulluk ýaragynyň magazininiň (barabanynyň) sygyjylygy 10 okdan köp bolmaly däldir. Ok atýan nili ýylmanak we hyrly ýarag üçin oklaryň gülleleriniň gaty materiallardan edilen serdeçnikleri bolmaly däldir. Gulluk ýaragy üçin oklar Türkmenistanda hereket edýän döwlet ölçegleriniň talaplaryna laýyk gelmelidir.

5. Dörediş resminamalaryna laýyklykda, şeýle hem ýerine ýetirýän işleriniň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde şu maddanyň birinji böleginde görkezilen esaslar boýunça ygtyýarlylygy bolan döwlet edaralaryna el bilen atylýan söweşjeň ýaragyň käbir görnüşleriniň gulluk ýaragy hökmünde peýdalanylmagyna rugsat berlip bilner.

 

7-nji madda. El bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýarag

 

1. El bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaraga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugy, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet feldýeger gullugy, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenen beýleki harbylaşdyrylan döwlet edaralary (mundan beýläk – harbylaşdyrylan döwlet edaralary) tarapyndan ýaraglanyşyga alnan, söweşjeň we dessin-gulluk wezipelerini çözmek üçin niýetlenen ýarag degişlidir. 

2. Gurluş ölçegleri eýýäm ýaraglanyşyga kabul edilen we kysymdaşlary babatynda olaryň urmak güýjüni artdyrmaýan el bilen atylýan söweşjeň ýaragyň we onuň üçin ok-därileriň nusgalary, şeýle hem sowuk ýarag Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde harbylaşdyrylan döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan ýaraglanyşyga kabul edilýär.

3. Harbylaşdyrylan döwlet edaralarynda el bilen atylýan söweşjeň we beýleki ýaragyň, ok-därileriň, şeýle-de sowuk ýaragyň dolanyşygynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

8-nji madda. Raýat we gulluk ýaragynyň dolanyşygy üçin bellenilýän çäklendirmeler

 

Türkmenistanyň çäginde şu aşakdakylar gadagandyr:

1) raýat we gulluk ýaragy hökmünde dolanyşyk:

- magazininiň (barabanynyň) sygyjylygy 10 okdan köp bolan, niliniň uzynlygy ýa-da nil gutusy bilen niliniň uzynlygy 500 mm-den az bolan we ýaragyň umumy uzynlygy 800 mm-den az bolan, şeýle hem atmagy geçirmek mümkinçiligi saklanyp galynanda onuň uzynlygyny 800 mm-den az etmäge mümkinçilik berýän gurluşy bolan uzyn nilli ok atýan ýarag;

- beýleki närselere meňzedilen görnüşi bolan ok atýan ýarag;

- hyrly nilli ok atýan ýaraga oklar üçin taýýarlanan nili ýylmanak ok atýan ýarag;

- sport snarýadlaryndan başga zarba urujy-owradyjy we zyňyş täsirli närseleri ýarag hökmünde peýdalanmak üçin gürziler, barmaklara ötürilýän sowuk ýaraglar, bumeranglar we beýleki ýörite abzallar;

- bronýany deşýän, ýakyjy, partlaýjy ýa-da ýagty yz galdyrýan  gülleleri bolan oklar, şeýle hem gaz sapançalary we rewolwerleri üçin pytradyjy snarýadlary bolan oklar;

- urujylyk täsiri radioaktiw şöhlelenmäni we biologik faktorlary peýdalanmaga esaslanan ýarag we gaýry närseler;

- urujylyk täsiri elektromagnit, şöhle, ýylylyk, infrases we ultrases şöhlelenmäni peýdalanmaga esaslanan ýarag;

- öz-özüňi goramak maksady bilen ok atyjy, pnewmatik, sowuk we ýaragyň beýleki görnüşleri;

- gaz ýaragynyň ähli görnüşleri we kysymlary;

- ok atyjy nilsiz ýarag, elektroşok enjamlary we uçgun beriji razrýadlar;

- tehniki häsiýetnamalary bolan, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň kriminalistik talaplaryna we Türkmenistanda hereket edýän ölçeglere laýyk gelmeýän ýarag we onuň üçin ok-däriler;

- tygly sowuk ýarag, şol sanda gamalar, fin pyçaklary, zyňylýan ýarag we düwmesine ýa-da ryçagyna basylanda rukoýatkadan awtomatiki suratda çykýan we olar tarapyndan bellenilýän ýa-da agyrlyk güýjüniň ýa-da çaltlandyrylan hereketiň hasabyna süýşýän we awtomatiki suratda bellenilýän tyglar we päkiler, tygynyň we päkisiniň uzynlygy 90 mm-den köp bolanda;

2) hyrly nilli ok atýan sport ýaragyny ýa-da nil agzynyň energiýasy 7,5 jouldan we kalibri 4,5 mm-den köp bolmadyk sport pnewmatik ýaragyny, şeýle hem sport sowuk tygly we zyňylýan ýaragyny sport desgalarynyň daşynda saklamak ýa-da peýdalanmak;

3) sessiz atmak üçin enjamlary we gije görülýän nyşanalary (nyşanalaryň toplumlaryny) raýat we gulluk ýaragynda oturtmak, şeýle hem olary satmak, aw etmek üçin nyşanalar muňa degişli däldir, olary peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibi berjaý etmezden ýaragy ibermek ýa-da başga birine bermek;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibi berjaý etmezden öz-özüňi goramak maksady bilen raýatlar tarapyndan ok atýan we sowuk ýaragyň ähli görnüşlerini we kysymlaryny götermek;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibi berjaý etmezden ok atýan ýaragyň ähli görnüşlerini we kysymlaryny, onuň üçin ok-därileri taýýarlamak, satyn almak, satmak, daşamak, bermek, edinmek.

 

9-njy madda. Raýat we gulluk ýaragynyň hem-de onuň üçin ok-därileriň güwälendirmesi

 

1. Raýat we gulluk ýaragynyň hem-de onuň üçin ok-därileriň Türkmenistanyň çägine getirilýän nusgalary, şeýle hem gurluş taýdan ýarag bilen meňzeş bolan önümler hökmany güwälendirilmäge degişlidir.

2. Raýat we gulluk ýaragyny hem-de onuň üçin ok-därileri, şeýle hem ýarag bilen gurluş taýdan meňzeş bolan önümleri güwälendirmek boýunça işleriň geçirilmegini guramak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda "Türkmenstandartlary" Baş döwlet gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän güwälendirmek baradaky edaralar tarapyndan berlen laýyk geliş güwänamalary Türkmenistanyň çäginde raýat we gulluk ýaragynyň hem-de onuň üçin ok-därileriň dolanyşygy üçin esas bolup durýarlar.

4. Raýat we gulluk ýaragyna hem-de onuň üçin ok-därilere bildirilýän tehniki talaplar Türkmenistanda hereket edýän ölçeglere we şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär.

 

10-njy madda.  Raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri satyn almak, satmak, daşamak, kolleksionirlemek we görkezmek işlerine rugsatnama bermek

 

1. Türkmenistanyň çäginde raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri satyn almak, satmak, daşamak, kolleksionirlemek we görkezmek işleri rugsatnama esasynda amala aşyrylýar (şu hereketleriň harbylaşdyrylan döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylmagy muňa girmeýär). 

2. Ýuridik şahslara raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri satyn almak, satmak, daşamak, kolleksionirlemek we görkezmek işlerine rugsatnamalar Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň arzasy esasynda berilýär.

3. Raýatlara raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri kolleksionirlemek we görkezmek işlerine rugsatnamalar Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň raýatlarynyň arzasy esasynda berilýär.

4. Rugsatnamanyň berilmegi hakyndaky arza Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan onuň berlen gününden bir aýyň dowamynda seredilýär. Arzada satyn almak, satmak, daşamak, kolleksionirlemek we görkezmek üçin meýilleşdirilýän raýat ýaragynyň we onuň üçin ok-därileriň görnüşleri hem-de raýat ýaragynyň we onuň üçin ok-därileriň hasaba alynmagyny we saklanylmagyny üpjün etmek üçin görlen çäreler hakyndaky maglumatlar görkezilýär. Arza bilen ýüz tutan ýuridik şahsyň dörediş we bellige alyş resminamalaryny ýa-da raýatyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalary we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki resminamalary bermäge borçludyr.

5. Rugsatnama bermegiň düzgünleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

6. Şu aşakdakylar rugsatnama bermekden ýüz döndermek üçin esas bolup durýar:

1) arza bilen ýüz tutan tarapyndan zerur maglumatlaryň berilmezligi ýa-da onuň nädogry maglumatlary bermegi;

2) raýat ýaragynyň ýa-da onuň üçin ok-därileriň hasaba alnyşyny we saklanylmagyny üpjün etmäge mümkinçiligiň bolmazlygy ýa-da bu şertleriň üpjün edilmezligi;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlar.

7. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi rugsatnama bermekden ýüz dönderen halatynda onuň delillendirilen sebäplerini görkezip, arza bilen ýüz tutana bu barada üç günüň dowamynda ýazmaça habar bermäge borçludyr. Rugsatnamany bermekden ýüz dönderilmegi ýa-da arza seretmegiň möhletiniň bozulmagy barada arza bilen ýüz tutan şahsyň  kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr.

 

II BÖLÜM. Ýaragy edinmäge, saklamaga we götermäge 

bolan hukuk. Kolleksionirlemek we görkezmek

 

11-nji madda. Ýarag edinmek hukugy bolan subýektler

 

Şu aşakdakylar Türkmenistanyň çäginde ýarag edinmek hukugyna eýedirler:

1) harbylaşdyrylan döwlet edaralary;

2) aýratyn tertipnamalaýyn wezipeleri bolan ýuridik şahslar;

3) ýaragy satyn almak, satmak, daşamak bilen meşgullanýan ýuridik şahslar;

4) ýaragy kolleksionirlemek ýa-da görkezmek bilen meşgullanýan ýuridik şahslar;

5) sport guramalary we awçylyk hojalygyny alyp barýan guramalar;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlary.

 

12-nji madda. Harbylaşdyrylan döwlet edaralarynyň ýarag edinmäge bolan hukugy

 

Harbylaşdyrylan döwlet edarasy el bilen atylýan söweşjeň we beýleki ýaragy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde edinmek hukugyna eýedir. Harbylaşdyrylan döwlet edaralarynyň ýaraglanyşygynda durýan ok atyjy ýaragdan Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde ok-peşeňhanalary döretmek üçin gözegçilik atyşy geçirilýär.

 

13-nji madda. Aýratyn tertipnamalaýyn wezipeleri bolan ýuridik şahslaryň ýarag edinmäge bolan hukugy

 

1. Aýratyn tertipnamalaýyn wezipeleri bolan ýuridik şahslar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde raýat we gulluk ýaragyny edinmek hukugyna eýedirler.

2. Edinilen ýarag onuň edinilen gününden başlap on gün möhletde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli edaralarynda bellige alynmaga degişlidir (getirilýän ýarag – onuň Türkmenistana getirilen gününden başlap). Ýarag bellige alnanda aýratyn tertipnamalaýyn wezipeleri bolan ýuridik şahslar we olaryň işgärlerine ýaragyň alynmagynyň kanunylygyny tassyklaýan resminamalaryň esasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ýaragy saklamak we götermek üçin rugsatnama berilýär. Rugsatnamanyň görnüşi Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

3. El bilen ok atýan söweşjeň ýaragyň aýry-aýry kysymlaryny we nusgalaryny aýratyn tertipnamalaýyn wezipeleri bolan ýuridik şahslaryň kanunda göz öňünde tutulmadyk başga maksatlarda peýdalanmagy gadagandyr.

4. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen tebigy baýlyklary goramak wezipeleri ýüklenen kärhanalara we guramalara Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilen tertipde gulluk ýaragy hökmünde ok atýan aw ýaragyny edinmäge, saklamaga we peýdalanmaga rugsatnama berilýär. 

5. Aýratyn tertipnamalaýyn wezipeleri bolan ýuridik şahslaryň işgärlerine ýarag bermek, görkezilen işgärler degişli taýýarlygy geçenlerinden soň we gulluk ýaragyny saklamak we götermek üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň rugsatnamasyny almaga olarda päsgel berýän esaslar bolmadyk mahalynda, şol ýuridik şahslaryň ýolbaşçylarynyň karary boýunça amala aşyrylýar. Bu işgärler ok atýan ýaragy ulanmak bilen baglanyşykly şertlerdäki hereketlere ýaramlylygy üçin yzygiderli barlagdan geçmäge borçludyrlar. Taýýarlyk maksatnamasynyň mazmuny we barlagy geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

6. Aýratyn tertipnamalaýyn wezipeleri bolan ýuridik şahslaryň işgärlerini taýýarlamak Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

 

14-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň ýarag edinmäge, saklamaga we götermäge bolan hukugy

 

1. Türkmenistanyň 18 ýaşy dolan raýatlary ýaşaýan ýerindäki Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň edaralaryndan ýaragy edinmäge bolan rugsatnamany alanlaryndan soň, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde raýat ýaragyny edinmek, saklamak we götermek hukugyna eýedirler.

2. Türkmenistanyň Awçylarynyň we balykçylarynyň birleşen jemgyýetindäki agzalyk ýylmanak nilli aw ýaragyny edinmek üçin esasdyr.

3. Ýylmanak nilli aw ýaraglaryny miras galan ýa-da sowgat berlen halatlarda raýatlara saklamak hukugyny olaryň islegi boýunça Türkmenistanyň Awçylarynyň we balykçylarynyň birleşen jemgyýetiniň agzasy bolmazdan, bellenilen tertipde içeri işler edaralarynda hasaba alyp, aw etmezlik şerti bilen bermek bolýar.

4. Sowuk tygly aw ýaragyny edinmek hukugyna ok atýan aw ýaragyny saklamaga we götermäge rugsatnamany bolan Türkmenistanyň raýatlary eýedirler. Sowuk tygly aw ýaragy bu ýaragy satýan ýöriteleşdirilen dükanlar tarapyndan aw etmäge hukugy tassyklaýan resminamalarda bellige alynýar.

5. Türkmenistanyň raýatynyň edinen nili ýylmanak ok atýan aw ýaragy raýatyň ýaşaýan ýeri boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli edaralarynda şol ýarag alnan gününden başlap on gün möhletde bellige alynmaga degişlidir.

6. Türkmenistanyň raýatynyň ýaşaýan ýeri boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli edaralarynda ok atýan raýat ýaragy bellige alnan mahalynda degişli ýaragyň alnandygynyň kanunylygyny tassyklaýan resminamanyň esasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ony maksatlaýyn ulanmak üçin saklamaga we götermäge rugsatnama berilýär. 

7. Ýarag edinmäge rugsatnama almak üçin Türkmenistanyň raýaty ýaşaýan ýeri boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli edarasyna bellenilen görnüşdäki arzany, ýaraga eýelik etmek mümkinçiligini aradan aýyrýan näsaglygyň ýokdugy hakyndaky lukmançylyk netijenamasyny bermäge borçludyr.

8. Şu aşakdaky raýatlara raýat ýaragyny edinmek üçin rugsatnama berilmeýär:

-  şu Kanunda bellenen ýaşa ýetmediklere;

- ýaraga eýelik etmek üçin näsaglyklaryň ýokdugy hakynda lukmançylyk netijenamasyny bermediklere;

- jemgyýetçilik tertibine ýa-da döwlet dolandyryşynyň bellenilen tertibine zeper ýetirýän dolandyryş hukuk tertibini bir ýylyň içinde gaýtadan bozanlara;

- bilkastlaýyn jenaýaty edendigi üçin ozal iş kesilenlik aýyby bolanlara;

- eden  jenaýaty üçin jezasyny çekýänlere;

- hemişelik ýaşaýan ýeri bolmadyklara;

- ýarag bilen iş salyşmakda howpsuzlyk kadalarynyň bilimini barlamakdan geçendigini tassyklaýan resminamalary we şu Kanunda görkezilen beýleki resminamalary Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine bermediklere.

9. Ýaraga eýelik etmäge päsgel berýän keselleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär. 

 

15-nji madda. Beýleki subýektleriň ýarag edinmäge bolan hukugy

 

1. Şu aşakdakylar öz tertipnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmek üçin raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri edinmek hukugyna eýedirler:

- raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri satyn almak, satmak we daşamak bilen meşgullanýan ýuridik şahslar – aw ýaragyny (hyrlydan başga);

-  sport guramalary – niliniň içi ýylmanak we hyrly aw hem-de sport ýaragyny;

- awçylyk hojalygyny alyp barýan guramalar – aw ýaragyny (hyrlydan başga).

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilýän rugsatnamalar boýunça raýat ýaragyny edinýärler.

 

16-njy madda. Ýaragy kolleksionirlemek we görkezmek

 

1. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli rugsatnamalary bolan Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary Türkmenistanyň çäginde ýaragy kolleksionirlemek we görkezmek bilen meşgullanmak hukugyna eýedirler.

2. Ýaragy, şeýle hem gurluş taýdan ýarag bilen meňzeş önümleri kolleksionirlemegiň we görkezmegiň kadalary, olary satyn almagyň, satmagyň, bermegiň, edinmegiň, görkezmegiň, kolleksionirlemegiň, saklamagyň we daşamagyň tertibi, şeýle hem ýaragyň nomenklaturasy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

III BÖLÜM. Ýaragy we ok-därileri Türkmenistanyň çägine

getirmek we olary Türkmenistandan çykarmak

 

17-nji madda. Ýaragy we ok-därileri Türkmenistanyň çägine getirmek we olary Türkmenistandan  çykarmak

 

1. Ýaragy, şol sanda gulluk, el bilen atylýan söweşjeň ýaragyny, ok-därileri we sowuk ýaragy Türkmenistanyň çägine getirmek, Türkmenistandan çykarmak we üstaşyr geçirmek Türkmenistanyň Minitsrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

2. Raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri Türkmenistana getirmek we Türkmenistandan çykarmak Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň rugsatnamasy boýunça, gurluş taýdan raýat ýaragyna meňzeş önümler babatda bolsa, şol önümlere güwälendirme geçirilenden soň Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ylalaşmak arkaly amala aşyrylýar. Şunda raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri Türkmenistana getirmek we Türkmenistandan çykarmak, olary satyn almak, satmak we daşamak işine degişli rugsatnamasy bolan ýuridik şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Raýat ýaragynyň we onuň üçin ok-därileriň ýeke-täk nusgalyklaryny Türkmenistanyň çägine getirmek we Türkmenistandan çykarmak hem-de üstaşyr geçirmek şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň rugsatnamasy bilen amala aşyrylýar. 

 

18-nji madda. Daşary ýurt raýatlary tarapyndan raýat ýaragyny Türkmenistanyň çägine getirmek we ony peýdalanmak hem-de Türkmenistandan çykarmak

 

1. Aw, sport we duýduryş ýaragy daşary ýurt raýatlary tarapyndan Türkmenistanyň çägine getirilip we aw etmäge rugsatnamasy, görkezilen ýuridik tarap bilen aw etmek üçin şertnamasy ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylan sport çärelerine gatnaşmak üçin çakylygy we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli rugsatnamasy bolan ýuridik şahsyň çakylygy bolan mahalynda getirilip we peýdalanylyp bilner. Görkezilen ýarag çakylykda ýa-da şertnamada görkezilen möhletlerde Türkmenistandan çykarylmalydyr.

2. Şahsy howpsuzlygyny, beýleki raýatlaryň ömrüni we saglygyny, olaryň eýeçiligini goramak, ýükleri ugratmak we eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda bu göz öňünde tutulmadyk bolsa, şu maddanyň birinji böleginde görkezilmedik başga maksatlar üçin daşary ýurtly raýatlara ýaragyň ähli görnüşlerini, kysymlaryny we nusgalaryny Türkmenistanyň çägine getirmek we Türkmenistanyň çäginde peýdalanmak gadagandyr.

3. Daşary ýurt raýatlary tarapyndan Türkmenistandan ýarag çykarmak möhletleriniň, şeýle hem ony Türkmenistanyň çägine getirmegiň we Türkmenistanyň çäginde peýdalanmagyň tertibiniň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýaragyň elinden alynmagyna getirýär. 

4. Diplomatik ýörite goraglylykdan peýdalanýan daşary ýurt raýatlarynyň öz howpsuzlugyny ýa-da şahsy emlägini goramak we beýleki niýet bilen Türkmenistanyň çägine ok atýan ýaragy, onuň ok-därilerini getirmek Türkmenistanyň halkara ylalaşyklaryna hem-de ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar we olary götermeginiň, saklamagynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

 

IV BÖLÜM. Raýat ýaragynyň we onuň üçin ok-därileriň satyn alnyşy, satylyşy, daşalyşy, berlişi, sowgat edilişi we miras alnyşy

 

19-njy madda.  Raýat ýaragynyň we onuň üçin ok-därileriň

  satyn alnyşy, satylyşy, daşalyşy

 

1. Raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri Türkmenistanyň çäginde satyn almagy, satmagy we daşamagy amala aşyrmaga ýuridik şahslaryň rugsatnama esasynda hukugy bardyr.

2. Raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri satyn almak, satmak we daşamak hukugyna eýe bolan ýuridik şahslar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) degişli dörediş we bellige alyş resminamalary, raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri satyn almaga, satmaga we daşamaga bolan rugsatnamany edinmäge;

2) satylýan raýat ýaragyna we onuň üçin ok-därilere bolan güwänamalary, görkezilen ýaragy saklamak üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli edaralarynyň rugsatnamasyny edinmäge;

3) alyjydan ýaragyň şol görnüşini edinmek üçin rugsatnamanyň görkezilmegini talap etmäge;

4) alynýan ýa-da satylýan raýat ýaragynyň hasabyny, şeýle hem hasap resminamalarynyň 10 ýylyň dowamynda saklanylmagyny üpjün etmäge;

5) satylan raýat ýaragy we onuň üçin ok-däriler hakynda, olaryň alyjylary hakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan tassyklanylan görnüş boýunça maglumatlary her aýda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine bermäge;

6) raýat ýaragynyň we onuň üçin ok-därileriň saklanylmagyny we olaryň saklanylyşynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge.

3. Güwänamasy, belgisi we tagmasy bolmadyk raýat ýaragy ýa-da onuň Türkmenistanda hereket edýän ölçeglere laýyklyk güwänamasy bolmadyk ok-därileri satylmaga degişli däldir.

4. Raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri almaga, saklamaga ýa-da götermäge rugsatnamasybolmadyk fiziki we ýuridik şahslara olary satmak gadagandyr.

5. Raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri satyn almaga, satmaga we daşamaga rugsatnamasy bolan ýuridik şahslara ýaragyň we harytlaryň beýleki görnüşleriniň bir söwda zalynda satylmagyny utgaşdyrmak gadagandyr (sport, awçylyk we balykçylyk esbaplary we raýat ýaragy üçin ätiýaçlyk şaýlary muňa digişli däldir).

6. Raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri satyn almaga, satmaga we daşamaga rugsatnama raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri satyn almak, satmak we daşamak üçin döredilen ýuridik şahslaryň şahamçalarynyň açylmagyna hukuk bermeýär.

7. Türkmenistanyň raýatlary kanuny esaslarda özlerinde bar bolan raýat ýaragyny ylalaşyk bahalary boýunça ýörite dükanlaryň üsti bilen satmak hukugyna eýedirler. Raýat ýaragynyň eýesi ýaragy saklamaga we götermäge özüne rugsatnama beren Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli edarasyna bu hakda habar bermäge borçludyr. 

8. Saklamagyň, götermegiň ýa-da peýdalanmagyň düzgünleriniň bozulmagy sebäpli raýatlardan alnan raýat ýaragy we onuň üçin ok-däriler görkezilen düzgün bozulmalar aradan aýrylmadyk halatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde muzdsuz alynýar.

 

20-nji madda. Harbylaşdyrylan döwlet edaralarynyň ýaraglary we ok-därileri hem-de olaryň berlişi

 

Harbylaşdyrylan döwlet edaralary özleriniň ýaraglanyşygynda bolan el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaragyny, şeýle hem gulluk ýaragyny we onuň üçin ok-därileri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bermek hukugyna eýedirler.

 

21-nji madda. Raýat ýaragyny sowgat etmek we miras almak

 

1. Raýatlar özlerinde bar bolan şahsy eýeçilik hukugyndaky raýat ýaragyny sowgat etmek we miras almak hukugyna eýedirler. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli edaralarynda bellige alnan raýat ýaragyny sowgat etmek we miras almak mirasdarda ýa-da peýdasyna sowgat edilýän adamda raýat ýaragyny edinmäge rugsatnama bolan mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýän tertipde geçirilýär. Emlägi miras almak hakyndaky meseläniň çözülmegine we raýat ýaragyny edinmek üçin rugsatnamanyň alynmagyna çenli raýat ýaragynyň eýesi aradan çykan mahalynda görkezilen ýarag ony bellige alan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli  edarasy tarapyndan jogapkär saklamak üçin gaýragoýulmazdan alynýar.

2. Raýatlar tarapyndan hyrly ok atýan ýaragy we onuň üçin ok-därileri miras emlägi hökmünde özünde galdyrmak gadagandyr. Görkezilen ýarag we onuň üçin ok-däriler aradan çykanyň hossarlary tarapyndan gaýragoýulmazdan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli edarasyna tabşyrylýar we bellenilen tertipde onuň eýesine ýaragyň muzdy tölenilýär. 

 

V BÖLÜM. Ýaragy we onuň üçin ok-därileri saklamak.

Ýarag ulanmak

  

22-nji madda. Raýat we gulluk ýaragyny we onuň üçin ok-därileri saklamak

 

1. Raýat we gulluk ýaragyny hem-de onuň üçin ok-därileri saklamaga Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli edaralaryndan ýaragy saklamaga we götermäge rugsatnama alan ýuridik we fiziki şahslara rugsatnama berilýär. Raýat we gulluk ýaragy onuň saklanylmagyny, saklamak howpsuzlygyny üpjün edýän we oňa keseki adamlaryň barmagyny aradan aýyrýan şertlerde saklanylmalydyr. Raýat we gulluk ýaragynyň we onuň üçin ok-därileriň dürli görnüşlerini saklamagyň şertlerine bolan talaplar Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Ýuridik we fiziki şahslara özleriniň tapan ýa-da olaryň eýesi bolup durmaýan özlerine berlen ok atyjy ýaragy saklamak we peýdalanmak gadagandyr. Şeýle ýarag Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine gaýragoýulmazdan tabşyrylmaga degişlidir. 

 

23-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaragy ulanmagy

 

1. Türkmenistanyň raýatlary kanuny esaslarda özlerinde bar bolan ýaragy şahsyýetiň ömrüni, saglygyny, hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak üçin kanunda bellenilen zerur goranyş çäklerinden ýa-da aňrybaş zerurlyk çäginden çykmadyk ýagdaýynda ulanmaga haklydyrlar. Ýarag ulanmazdan öň bu hakda garşysyna ýarag ulanylýan adama takyk duýduryş berilmelidir, ýaragyň ulanylmagynda haýal-ýagallyk edilmegi adamlaryň ömri üçin gös-göni howp döredýän ýa-da beýleki agyr netijelere getirip biljek ýagdaýlar muňa degişli däldir. Şunda zerur goranyş ýagdaýynda ýaragyň ulanylmagy üçünji taraplara zyýan ýetirmeli däldir.

2. Ok atýan ýaragy aýallar, maýyplyk alamatlary aýdyň bolan adamlar, ýaşy görnüp duran ýa-da kämillik ýaşyna ýetmänligi mälim bolan adamlar babatda ulanmak gadagandyr, görkezilen adamlaryň ýaragly ýa-da toparlaýyn hüjümi amala aşyran halatlary muňa degişli däldir. Adamyň saglygyna zyýan ýetirilmegine elten ýaragyň her bir ulanylan halaty hakynda ýaragyň eýesi ýaragyň ulanylan ýerindäki Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzüm birligine gaýragoýulmazdan habar bermäge borçludyr.

3. Şu maddada göz öňünde tutulmadyk maksatlar bilen ýaragy ulanmagyň kadalary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

 

24-nji madda. Aw ýaragy üçin oklary taýýarlamak

 

Nili ýylmanak aw ýaragyna oklary taýýarlamak ok atýan nili ýylmanak aw ýaragyny saklamaga we götermäge rugsatnama bolan mahalynda özüniň peýdalanmagy üçin bu ýaragyň eýesi tarapyndan geçirilip bilner.

 

VI BÖLÜM. Raýat we gulluk ýaragy hem-de onuň üçin 

ok-däriler hakyndaky maglumatlaryň toparlara bölünişi

 

25-nji madda. Raýat we gulluk ýaragynyň hem-de onuň üçin ok-därileriň döwlet kadastry

 

1. Raýat we gulluk ýaragynyň hem-de onuň üçin ok-därileriň döwlet kadastry (mundan beýläk – Kadastr) resmi ýygyndy bolup, Türkmenistanyň çäginde dolanyşyga rugsat berlen raýat we gulluk ýaragy we onuň üçin ok-däriler hakyndaky toparlara bölünen maglumatlary özünde saklaýar.

2. Kadastr raýat we gulluk ýaragynyň hem-de onuň üçin ok-därileriň nusgalarynyň sanawynyň esasynda neşir edilýär, olar hakyndaky maglumatlar "Türkmenstandartlary" Baş döwlet gullugy we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň bilelikde hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Kadastra girizilýär we Kadastrdan çykarylýar. Sowuk tygly we zyňylýan ýarag hakyndaky, şeýle hem Türkmenistanyň çägine getirilýän ýa-da Türkmenistandan çykarylýan raýat ýaragynyň ýeke-täk nusgalyklary hakyndaky maglumatlar Kadastra goşulmaýar.

3. Kadastr "Türkmenstandartlary" Baş döwlet gullugy tarapyndan ýöredilýär we neşir edilýär. Kadastra üýtgetmeler raýat we gulluk ýaragynyň hem-de onuň üçin ok-därileriň nusgalarynyň sanawy tassyklanylandan soň alty aýdan gijä galman "Türkmenstandartlary" Baş döwlet gullugy tarapyndan girizilýär, olar hakyndaky maglumatlar Kadastra girizilýär we Kadastrdan çykarylýar.

4. Kadastry herekete getirmegiň we neşir etmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

26-njy madda. Ýaragy hasaba almak, götermek, getirmek, äkitmek, ýok etmek

 

Ýaragy hasaba almagyň, götermegiň, getirmegiň, äkitmegiň we ýok etmegiň kadalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

27-nji madda. Rugsatnamalary ýatyrmak

 

1. Raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri satyn almaga, satmaga, daşamaga, edinmäge, kolleksionirlemäge, görkezmäge, saklamaga we götermäge bolan rugsatnamalar olary beren edaralar tarapyndan şu aşakdaky halatlarda ýatyrylýar:

1) görkezilen rugsatnamalardan meýletin ýüz dönderilse;

2) ýuridik şahs ýatyrylsa ýa-da raýat ýaragynyň eýesi aradan çyksa; 

3) şu Kanunda we ýaragyň dolanyşygyny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan talaplar ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan yzygiderli (bir ýylyň içinde azyndan iki gezek) bozulsa ýa-da ýerine ýetirilmese; 

4) rugsatnamalary almak mümkinçiligini aradan aýyrýan, şu Kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlar ýüze çyksa;

5) raýat we gulluk ýaragy hem-de olar üçin ok-däriler olaryň eýesi tarapyndan gurluş taýdan üýtgetmek amala aşyrylsa, eger bu görkezilen ýaraglaryň we olar üçin ok-därileriň ballistik we beýleki tehniki häsiýetnamalarynyň üýtgemegine getirýän bolsa;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça rugsatnamalary ýatyrmak hakynda karar kabul edilmezinden öň rugsatnama beren edara tarapyndan bu barada rugsatnamanyň eýesine deslapdan ýazmaça duýdurylmalydyr. Duýduryşda haýsy hukuk kadalarynyň we düzgünleriniň bozulandygy ýa-da ýerine ýetirilmändigi görkezilýär we ýol berlen düzgün bozmalary düzetmek üçin möhlet bellenilýär.

3. Rugsatnamany ýatyrmak hakyndaky karara kazyýet tertibinde şikaýat etmäge olaryň eýeleriniň hukugy bardyr.

4. Rugsatnama ýatyrylan halatynda onuň ýatyrylan gününden başlap üç ýyl geçenden soň onuň gaýtadan berilmegi baradaky meselä seredilip bilner.

5. Rugsatnamadan meýletin ýüz dönderilen bolsa ony almak üçin gaýtadan ýüz tutmagyň möhleti bellenilmeýär.

 

28-nji madda. Ýaragy we ok-därileri almak

 

1. Ýaragy we ok-därileri almak şu aşakdakylar tarapyndan geçirilýär:

1) Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli edaralary tarapyndan şu aşakdaky ýagdaýlarda:

- raýat ýaragyny we onuň üçin ok-därileri satyn almak, satmak, daşamak, kolleksionirlemek, görkezmek, şeýle hem görkezilen ýaragy edinmek, saklamak ýa-da götermek üçin rugsatnamalar bolmasa;

- görkezilen rugsatnamalar bellenilen tertipde ýatyrylsa;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gutarnykly kararyň kabul edilmegine çenli ýaragy bermegiň, edinmegiň, kolleksionirlemegiň we/ýa-da görkezmegiň, bellige almagyň, hasaba almagyň, saklamagyň, götermegiň, getirmegiň, daşamagyň we ulanmagyň şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen kadalary ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan bozulsa;

- üýtgedilen ballistik we beýleki tehniki häsiýetnamalary bolan elde ýasalan ýa-da üýtgedilen ýarag we ok-däriler ýüze çykarylsa;

- emlägi miras almak hakyndaky meseläniň çözülmegine çenli raýat ýaragynyň eýesi aradan çyksa, şeýle hem kanuny esaslarda söweşjeň we gulluk ýaragy bolan raýat aradan çyksa;

- ýuridik şahs ýatyrylsa.

2) tebigaty goramak kanunçylygynyň bozulmalarynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň edaralary tarapyndan;

3) Türkmenistanyň Gümrük kodeksinde göz öňünde tutulan halatlarda gümrük edaralary tarapyndan;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki halatlarda.

2. Ýaragy we ok-därileri almagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Ýaramsyz ok atýan ýarag Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde ýok edilmäge degişlidir.

 

VII BÖLÜM. Jemleýji düzgünler

 

29-njy madda. Ýaragyň we ok-därileriň dolanyşygyna gözegçilik

 

1. Türkmenistanyň çäginde raýat, gulluk ýaragynyň we ok-därileriň dolanyşygyna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli edaralary gözegçilik edýärler.

2. Harbylaşdyrylan döwlet edaralarynyň ýaraglanyşygynda bar bolan ýaragyň we ok-därileriň dolanyşygyna Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde gözegçilik edilýär.

3. Raýat, gulluk ýaragynyň we ok-därileriň dolanyşygyna gözegçilik etmäge ygtyýarly edilen edaralaryň wezipeli adamlary şu aşakdaky hukuklara eýedirler:

1) ýaragyň taýýarlanylýan, satyn alynýan, satylýan we daşalýan, onuň saklanylýan we ýok edilýän ýerlerinde ony gözden geçirmek;

2) Türkmenistanyň çäginde dolanyşygy gadagan edilen ýaragy bellenilen tertipde muzdsuz almak we ýok etmek ;

3) öz gözegçilik wezipelerini ýerine ýetirmek üçin gerek bolan resminamalaryň ýa-da olaryň nusgalarynyň, ýazmaça ýa-da dilden aýdylýan maglumatyň berilmegini ýuridik we fiziki şahslardan talap etmek;

4) ýaragyň we ok-därileriň dolanyşygynyň bellenilen kadalarynyň bozulmalary ýüze çykarylan mahalynda bu düzgün bozulmalary düzetmek hakynda Türkmenistanyň raýatlarynyň we wezipeli adamlarynyň ýerine ýetirmegi üçin hökmany bolan tabşyryknamalary bermek;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki çäreleri görmek.

 

30-njy madda. Şu Kanunyň talaplarynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň talaplarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

31-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                              Gurbanguly

     Prezidenti                                                Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2009-njy ýylyň 21-nji noýabry.

№ 75-IV