Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

"Türkmenistanyň at gazanan uçarmany" diýen hormatly adyny döretmek hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ 

K A N U N Y

 

"Türkmenistanyň at gazanan uçarmany" diýen hormatly 

adyny döretmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 19-madda)

 

Garaşsyz we bitarap Türkmenistanyň uly ykdysady ösüşlere eýe bolýan, raýat awiasiýasynyň iň bir kämil, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly awiasiýa enjamlary bilen üpjün edilýän täze Galkynyş we ösüş döwründe uçuşlaryň kämilligini üpjün etmekden, şeýle hem uçarmanlaryň ussatlygynyň döwlet tarapyndan ykrar edilmeginden we mynasyp baha berilmeginden ugur alyp:

1-nji madda. "Türkmenistanyň at gazanan uçarmany" diýen hormatly ady döretmeli.

2-nji madda. "Türkmenistanyň at gazanan uçarmany" diýen hormatly adyň Düzgünnamasyny tassyklamaly (goşulýar).

3-nji madda. "Türkmenistanyň at gazanan uçarmany" diýen hormatly adyň nyşanynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

 

           Türkmenistanyň                                          Gurbanguly

                Prezidenti                                           Berdimuhamеdow

 

Aşgabat şäheri

2008-nji ýylyň 3-nji marty 

№ 186-III

 

"Türkmenistanyň at gazanan uçarmany" diýen hormatly adyň

DÜZGÜNNAMASY

 

"Türkmenistanyň at gazanan uçarmany" diýen hormatly at bilen Bitarap Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçarmanlaryň täze awiasiýa tehnikasyny özleşdirmegi, uçuşlary ýerine ýetirýän işgärleri terbiýelemegi we taýýarlamagy, uçarlary we dikuçarlary sürmekde has öňdebaryjy usullary ulanmagy, köp ýyllaryň dowamyndaky heläkçiliksiz uçuş işleri, uçuşlaryň aýratyn howply ýagdaýlarynda uçuş düzgünleriniň talabyna laýyklykda eden hereketleri we görkezen edermenligi üçin 1-nji derejeli uçarman hünäri bolan raýat awiasiýasynyň uçarmanlary sylaglanylýar.

"Türkmenistanyň at gazanan uçarmany" diýen hormatly at dakylan adamlara "Türkmenistanyň at gazanan uçarmany» diýen nyşan, onuň şahadatnamasy we aşakdaky ýeňillikler berilýär:

a) iň pes zähmet hakynyň dört essesi möçberinde birwagtlaýyn pul baýragy berilýär;

b) iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna iň pes zähmet hakynyň 20 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär.

"Türkmenistanyň at gazanan uçarmany" diýen hormatly at dakylan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen halatlarda we tertipde beýleki ýeňilliklerden hem peýdalanýarlar. Türkmenistanyň hormatly adynyň döşe dakylýan nyşany döşüň sag tarapyndan dakylýar.

 

"Türkmenistanyň at gazanan uçarmany" diýen

hormatly adyň nyşanynyň

ÝAZGYSY

 

"Türkmenistanyň at gazanan uçarmany" diýen hormatly adyň döşe dakylýan nyşanynyň diametri - 35 mm bolan sekizburçluk ýyldyz görnüşli bolup, ýerligi ýaşyl syrça bilen örtülen, gyralary altyn reňkli.

Sekizburçlugyň merkezinde diametri - 18 mm bolan ýer togalagynyň şekili bar, onuň ýerligi asman reňkli we ýüzünden altyn reňkde atanaklaýyn çyzyklar geçýär.

Ýer togalagynyň üstünde altyn reňkli çep tarapa bakdyrylan uçup barýan howa gämisiniň şekili bar.

Ýer togalagynyň daşynda gyzyl syrçaly ini 3mm bolan halka ýerleşdirlen. Halkanyň ýokarky böleginde altyn harplar bilen "Türkmenistanyň at gazanan uçarmany" diýen ýazgy bolup, aşakdaky böleginde iki tarapa ýaýrap gidýän altyn reňkli zeýtun agajynyň şahalary ýerleşdirilen.

Hormatly adyň döşe dakylýan nyşanynyň esasy bölegi halkajyk arkaly, beýikligi - 14 mm we ini - 25 mm ölçeglerdäki, ýerligi ýaşyl reňk bilen örtülen, gyralary altyn reňkli temençeli dörtburçluk bilen birikdirilen. Dörtburçlugyň merkezinde altyn reňkli 5 sany ýyldyzjyklar bilen ýarym aý şekillendirilen. Ýarym aýyň aşagynda altyn harplar bilen "Türkmenistan" diýen ýazgy bar.

Hormatly adyň döşe dakylýan nyşanynyň esasy bölegi we dörtburçlugy eredilen mis we nikel metallaryndan ýasalyp, olaryň ýüzüne altyn çaýylan.