Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medalyny döretmek hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y 

 

Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» 

medalyny döretmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 4, 44-madda)

 

(02.10.2009 ý. № 68-IV Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

 

Harby gullukçylaryň köp ýyl birkemsiz gulluk edendigine mynasyp baha bermek maksady bilen:

1-nji madda. Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medalyny döretmeli.

2-nji madda. Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medalynyň Düzgünnamasyny we Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

 

       Türkmenistanyň                                                  Gurbanguly

           Prezidenti                                                      Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri

2008-nji ýylyň 20-nji oktýabry 

№ 212-III

 

Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medalynyň

DÜZGÜNNAMASY

(rejelenen görnüşi)

 

1. Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medaly döwlet sylagy bolup, ol harby gullukçynyň köp ýyl birkemsiz gulluk edendigini tapawutlandyrmak maksady bilen döredilýär.

2. Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medaly bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hatarynda, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça harby gulluk göz öňünde tutulan ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda birkemsiz 25 ýyl we ondan-da köp gulluk edip ýören ýa-da ätiýaçlyga göýberilen erkek adamlar, birkemsiz 20 ýyl we ondan-da köp gulluk edip ýören ýa-da ätiýaçlyga göýberilen aýallar - harby gullukçylar, harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly ýaralanmagyň, senselemegiň, şikes almagyň ýa-da kesellemegiň netijesinde maýyp bolan harby gullukçylar sylaglanmaga degişlidir.

3. Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medaly bilen sylaglamak Türkmenistanyň Goranmak ministriniň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministriniň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň we Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň teklipnamasy esasynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medaly bilen sylaglamak üçin towakganamalara seretmegiň tertibini Türkmenistanyň Goranmak ministri, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy we Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaçylary kesgitleýärler.

5. Sylaga mynasyp bolan şahslara «Harby gullugyň weterany» medaly we şahadatnama gowşurylýar.

6. Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medaly bilen sylaglanan şahslara Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna ortaça aýlyk iş hakynyň bäş essesi möçberinde birwagtlaýyn pul baýragy tölenilýär we kanunçylykda bellenilen beýleki ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

 

Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medalynyň plankasynyň

ÝAZGYSY

 

Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medalynyň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, her gapdalyndan dikligine iki sany açyk sary reňkli çyzyk geçýär. Plankanyň daşky gyrasy goňrumtyl sary reňk bilen örtülendir.

 

Türkmenistanyň «Harby gul­lugyň weterany» medalynyň

Ý A Z G Y S Y

 

Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medaly sekizburçluk şekilindedir.

Medalyň umumy diametri 40 mm.

Medal 925 mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylýar. Medalyň merkezi böleginde diametri 22 mm deň altyn çaýylan, güberçek görnüşinde tegelek galkanyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň diametri 12 mm deň bolan reňkli görnüşdäki güberçek şekili şekillendirilendir. Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň şekiliniň daşyndan aýlaw boýunça döwlet dilinde «HARBY GULLUGYŇ WETERANY» diýen sözler güberçek görnüşinde ýerleşdirilip, ol ýazgynyň daşy halkalaýyn 24 sany düwme bilen bezelendir. Galkanyň daşyna örülen görnüşde halka aýlanan. Medalyň merkezi bölegindäki tegelek galkanyň şekiliniň daşynda güberçek görnüşinde atanaklaýyn ýerleşdirilen 2 sany gylyjyň - uzynlygy 4 mm uç tarapynyň hem-de uzynlygy 6 mm 2 sany eltutarynyň şekili ýerleşdirilen. Medalyň merkezi böleginde ýerleşýän galkanyň şekilinden ähli tarapa ýaýraýan günüň şöhlesini şekillendirýän çyzyklar gidýär.

Medal halkajyk arkaly, ini 25 mm, beýikligi 15 mm iki gapdaly kertikli, beýikligi 13 mm deň ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen gönüburçluk görnüşli kolodka birleşdirilýär. Ýaşyl reňkli syrça örtülen kolodkada döwlet dilinde güberçeklenip altyn çaýylan «TÜRKMENISTAN» diýen ýazgy ýerleşdirilendir.

Medaly geýime dakmak üçin kolodkanyň arka tarapynda ildirgiji bar.