Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň «Içeri işler edaralarynyň weterany» medalyny döretmek hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y 

 

Türkmenistanyň «Içeri işler edaralarynyň weterany» 

medalyny döretmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 4, 45-madda)

 

(02.10.2009 ý. № 68-IV Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

 

Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň köp ýyl birkemsiz gulluk edendigine mynasyp baha bermek maksady bilen:

1-nji madda. Türkmenistanyň «Içeri işler edaralarynyň weterany» medalyny döretmeli.

2-nji madda. Türkmenistanyň «Içeri işler edaralarynyň weterany» medalynyň Düzgünnamasyny we Ýazgysyny tas­syklamaly (goşulýar).

 

       Türkmenistanyň                                                  Gurbanguly

           Prezidenti                                                      Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri

2008-nji ýylyň 20-nji oktýabry 

№ 213-III

 

Türkmenistanyň «Içeri işler edaralarynyň weterany» medalynyň

DÜZGÜNNAMASY

(rejelenen görnüşi)

 

1. Türkmenistanyň «Içeri işler edaralarynyň weterany» medaly döwlet sylagy bolup, ol içeri işler edaralarynyň işgäriniň köp ýyl birkemsiz gulluk edendigini tapawutlandyrmak maksady bilen döredilýär.

2. Türkmenistanyň «Içeri işler edaralarynyň weterany» medaly bilen Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynda we birliklerinde birkemsiz 25 ýyl we ondan-da köp gulluk eden erkek adamlar, birkemsiz 20 ýyl we ondan-da köp gulluk eden aýallar, Türkmenistanyň (öňki SSSR-iň) ordenleri we medallary bilen sylaglanan, hormatly atlara mynasyp bolan, Türkmenistanyň (öňki SSSR-iň) kanungylygynda göz öňünde tutulan pudaklaýyn tapawutlandyryş nyşanlary bilen sylaglanan, şol sanda ätiýaçlyga göýberilen, gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ýaralanmagyň, seňselemegiň, şikes almagyň ýa-da kesellemegiň netijesinde maýyp bolan içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiser işgärleri sylaglanylýar.

3. Türkmenistanyň «Içeri işler edaralarynyň weterany» medaly bilen sylaglamaklyk Türkmenistanyň Içeri isler ministriniň teklipnamasy esasynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Türkmenistanyň «Içeri işler edaralarynyň weterany» medaly bilen sylaglamak üçin towakganamalara seretmegiň tertibini Türkmenistanyň Içeri işler ministri kesgitleýär.

5. Sylaga mynasyp bolan şahslara Türkmenistanyň «Içeri işler edaralarynyň weterany» medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.

6. Türkmenistanyň «Içeri işler edaralarynyň weterany» medaly bilen sylaglanan şahslara Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna ortaça aýlyk iş hakynyň bas essesi möçberinde birwagtlaýyn pul baýragy tölenilýär we kanunçylykda görkezilen beýleki ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

 

Türkmenistanyň «Içeri işler edaralarynyň weterany» 

medalynyň plankasynyň

ÝAZGYSY

 

Türkmenistanyň «Içeri işler edaralarynyň weterany» medalynyň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýpek mata bolup, onuň iki gapdalyndan dikligine iki sany sary reňkli çyzyk gelýar.

 

Türkmenistanyň «Içeri işier edaralarynyň weterany» medalynyň

Ý A Z G Y S Y 

 

Türkmenistanyň «Içeri işler edaralarynyň weterany» medaly 16 burçly ýyldyz görnüşinde bolup, biri-birine galtaşýan iki sany sekizburçlukdan ybaratdyr. Medalyň esasy sekizburçlygynyň daşky kütek burçlary bilen beýleki sekizburçlugyň galtaşýan ýerindäki romb görnüşindäki şekili ýaşyl reňkli syrça bilen örtülendir.

Medalyň umumy diametri 40 mm. Medal 925 mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylýar.

Medalyň merkezi böleginde diametri 14 mm deň bolan, tegelek galkanyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň reňkli güberçek şekili şekillendirilendir. Galkanyň daşyna örülen görnüşde halka aýlanan. Galkanyň şekiliniň daşynda güberçek görnüşde atanaklaýyn ýerleşdirilen 2 sany gylyjyň -uzynlygy 3 mm uç tarapynyň hem-de uzynlygy 5 mm 2 sany eltutarynyň şekili ýerleşdirilen.

Medalyň merkezindäki galkanyň daşy halka görnüşli bezelen ini 4,8 mm deň bolan ýaşyl syrça bilen örtülen 2 sany zolagyň ýokarky böleginde döwlet dilinde beýikligi 3,0 mm deň bolan «IÇERI IŞLER», aşaky böleginde «EDARALARYNYŇ WETERANY» diýen sözler ýazylandyr.

Medal halkajyk arkaly, ini 25 mm, beýikligi 15 mm iki gapdaly kertikli, içki ini 20 mm, beýikligi 13 mm deň ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen gönüburçluk görnüşli kolodka birleşdirilýär. Ýaşyl reňkli syrça örtülen kolodkada döwlet dilinde güberçeklenip altyn çaýylan «TÜRKMENISTAN» diýen ýazgy ýerleşdirilendir.

Medaly geýime dakmak üçin kolodkanyň arka tarapynda ildirgiji bar.