Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalyny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 4, 46-njy madda)
(02.10.2009 ý. № 68-IV, 08.06.2019 ý. № 148-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaça bilen)
Watanyň berkararlygyny goramakda we berkitmekde köp ýyl wepaly gulluk eden harby gullukçylaryň hyzmatlaryna mynasyp baha bermek maksady bilen:
1-nji madda. Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalyny döretmeli.
2-nji madda. Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalynyň Düzgünnamasyny we Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2008-nji ýylyň 20-nji oktýabry
№ 214-III
Türkmenistanyň «Watan önündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalynyň
DÜZGÜNNAMASY
(rejelenen görnüşi)
1. Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medaly döwlet sylagy bolup, medal bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hatarynda, şeýle hem Türkmenistanyň kanunlarynda harby gulluk göz öňünde tutulan ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda gulluk edýän, sylaga hödürlenýän wagtda hiç-hili temmisi bolmadyk we azyndan 10 ýyl gulluk eden harby gullukçylar sylaglanýar.
2. Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medaly bilen sylaglamaklyk Türkmenistanyň Goranmak ministriniň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministriniň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň we Türkmenistanyň kanunlarynda harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň towakganamasy esasynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.
Medal üç derejeden ybaratdyr:
- I dereje - birkemsiz 20 ýyl gulluk edendigi üçin;
- II dereje - birkemsiz 15 ýyl gulluk edendigi üçin;
- III dereje - birkemsiz 10 ýyl gulluk edendigi üçin.
Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalynyň I derejesi onuň iň ýokary derejelisidir. Medal bilen şeýle yzygiderlilikde, ýagny ilki III, soňra II we iň soňunda I derejesi bilen sylaglanylýar.
Medalyň döredilen pursadyna çenli 10, 15 ýa-da 20 ýyl gulluk eden şahslar, medalyň birbada degişlilikde III, II we I derejeleri bilen sylaglanylyp bilner.
Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medalynyň III ýa-da II derejesi bilen sylaglanylan Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgäri, gulluk eden ýyllaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine, beýleki goşunlaryna we harby edaralaryna harby gulluga geçende «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalynyň degişlilikde II ýa-da I derejesi bilen sylaglanylyp bilner.
3. Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medaly bilen sylaglanylan adamlara Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medaly we şahadatnamasy gowşurylýar. Şol şahadatnama soňra ýokary derejedäki medallar bilen sylaglanmalar barada degişli bellikler edilýär.
Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalynyň plankasynyň
ÝAZGYSY
Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» I, II, III derejeli medallarynyň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, plankanyň daşky gyrasy goňrumtyl sary reňk bilen örtülendir. Plankanyň merkezinde I derejeli medal üçin dikligine bir sany sary çyzyk, II derejeli medal üçin dikligine iki sany sary çyzyk, III derejeli medal üçin dikligine üç sany sary çyzyk geçýär.
Türkmenistänyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalynyň
Ý A Z G Y S Y
Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medaly sekizburçluk şekilindedir.
Medalyň umumy diametri 40 mm.
Medalyň merkezi böleginde diametri 22 mm deň güberçek görnüşinde tegelek galkanyň ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen şekili ýerleşdirilendir, içinde döwlet dilinde «WATAN ÖŇÜNDÄKI BIRKEMSIZ HARBY GULLUGY ÜÇIN» diýen sözler güberçek görnüşinde ýerleşdirilip, ol ýazgynyň daşy halkalaýyn 24 sany düwme bilen bezelendir. Galkanyň daşyna örülen görnüşde halka aýlanan. Medalyň merkezi bölegindäki tegelek galkanyň şekiliniň daşynda güberçek görnüşinde atanaklaýyn ýerleşdirilen 2 sany gylyjyň - uzynlygy 4 mm uç tarapynyň hem-de uzynlygy 6 mm 2 sany eltutarynyň şekili ýerleşdirilen. Medalyň merkezi böleginde ýerleşýän galkanyň şekilinden ähli tarapa ýaýraýan Günüň şöhlesini şekillendirýän çyzyklar gidýär.
Türkmenistanyň I derejeli «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalynyň esasy 925 mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylýar.
Medal halkajyk arkaly, ini 25 mm, beýikligi 15 mm iki gapdaly kertikli, içki ini 20 mm, beýikligi 13 mm deň ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen gönüburçluk görnüşli, merkezinde dikligine ini 2 mm deň bolan sary reňkli syrça bilen örtülen 1 sany zolakly kolodka birleşdirilýär.
Medalyň arka tarapynda ýokarda I dereje belgisi we onuň aşagynda «Birkemsiz 20 ýyl gulluk edendigi üçin» diýen ýazgy we zeýtun şahalarynyň iki tarapa ýaýrap gidýän pudaklary ýerleşdirilendir.
Medaly geýime dakmak üçin kolodkanyň arka tarapynda ildirgiji bar.
Türkmenistanyň II derejeli «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medaly mis bilen sinkiň garyndysyndan ýasalyp, onuň ýüzüne nikel çaýylýar.
Medal halkajyk arkaly, ini 25 mm, beýikligi 15 mm iki gapdaly kertikli, içki ini 20 mm, beýikligi 13 mm deň ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen gönüburçluk görnüşli, merkezinde dikligine her biriniň ini 2 mm deň bolan sary reňkli syrça bilen örtülen 1 sany zolakly kolodka birleşdirilýär.
Medalyň arka tarapynda ýokarda I dereje belgisi we onuň aşagynda «Birkemsiz 20 ýyl gulluk edendigi üçin» diýen ýazgy we zeýtun şahasynyň iki tarapa ýaýrap gidýän pudaklary ýerleşdirilendir.
Medaly geýime dakmak üçin kolodkanyň arka tarapynda ildirgiji bar.
Türkmenistanyň II derejeli «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medaly mis bilen sinkiň garyndysyndan ýasalyp, onuň ýüzüne nikel çaýylýar.
Medal halkajyk arkaly, ini 25 mm, beýikligi 15 mm iki gapdaly kertikli, içki ini 20 mm, beýikligi 13 mm deň ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen gönüburçluk görnüşli, merkezinde dikligine her biriniň ini 2 mm deň bolan sary reňkli syrça bilen örtülen 2 sany zolakly kolodka birleşdirilýär.
Medalyň arka tarapynda ýokarda II dereje belgisi we onuň aşagynda «Birkemsiz 15 ýyl gulluk edendigi üçin» diýen ýazgy we zeýtun şahasynyň iki tarapa ýaýrap gidýän pudaklary ýerleşdirilendir.
Medaly geýime dakmak üçin kolodkanyň arka tarapynda ildirgiji bar.
Türkmenistanyň III derejeli «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medaly mis bilen sinkiň garyndysyndan ýasalyp, onuň ýüzüne misiň oksidirlenen ergini çaýylýar.
Medal halkajyk arkaly, ini 25 mm, beýikligi 15 mm iki gapdaly kertikli, içki ini 20 mm, beýikligi 13 mm deň ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen gönüburçluk görnüşli, merkezinde dikligine her biriniň ini 2 mm deň bolan sary reňkli syrça bilen örtülen 3 sany zolakly kolodka birleşdirilýär.
Medalyň arka tarapynda ýokarda III dereje belgisi we onuň aşagynda «Birkemsiz 10 ýyl gulluk edendigi üçin» diýen ýazgy we zeýtun şahasynyň iki tarapa ýaýrap gidýän pudaklary ýerleşdirilendir.
Medaly geýime dakmak üçin kolodkanyň arka tarapynda ildirgiji bar.