Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medalyny döretmek hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y 

 

Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» 

medalyny döretmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 4, 47-nji madda)

 

(02.10.2009 ý. № 68-IV, 08.06.2019 ý. № 148-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaça bilen)

 

Watana köp ýyl wepaly gulluk eden we gulluk borjuny ýerine ýetirmekde nusgalyk görkezen içeri işler edaralarynyň işgärleriniň hyzmatlaryna mynasyp baha bermek maksady bilen:

1-nji madda. Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medalyny döretmeli.

2-nji madda. Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medalynyň Düzgünnamasyny we Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

 

      Türkmenistanyň                                               Gurbanguly

           Prezidenti                                                 Berdimuhamedow       

 

Aşgabat şäheri

2008-nji ýylyň 20-nji oktýabry 

№ 215-III

 

Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medalynyň

DÜZGUNNAMASY

(rejelenen görnüşi)

 

1. Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medaly döwlet sylagy bolup, ol içeri işler edaralarynda gulluk edýän, sylaglanmaga hödürlenýän wagtda hiç-hili temmisi bolmadyk we azyndan 10 ýyl gulluk eden içeri işler edaralarynyň işgärleri sylaglanýar.

2. Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medaly bilen sylaglamaklyk Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň teklipnamasy esasynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.

Medal üç derejeden ybaratdyr:

- I dereje - birkemsiz 20 ýyl gulluk edendigi üçin;

- II dereje - birkemsiz 15 ýyl gulluk edendigi üçin;

- III dereje - birkemsiz 10 ýyl gulluk edendigi üçin.

Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medalynyň I derejesi onuň iň ýokary derejelisidir. Medal bilen şeýle yzygiderlilikde, ýagny ilki III, soňra II we iň soňunda I derejesi bilen sylaglanylýar.

Medalyň döredilen pursadyna çenli eýýam 10, 15 ýa-da 20 ýyl gulluk eden şahslar, birbada degişlilikde medalyň III, II ýa-da I derejeleri bilen sylaglanylyp bilner.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda harby gullugy geçen döwründe Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalynyň III ýa-da   II derejesi bilen sylaglanylan Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgäri, gulluk eden ýyllaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medalynyň degişlilikde II ýa-da I derejesi bilen sylaglanylyp bilner.

3. Sylaga mynasyp bolan adamlara «Birkemsiz gullugy üçin» medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar. Soňra şol şahadatnama ýokary derejedäki medal bilen sylaglanmaklary barada degişli bellikler edilýär.

 

Tükmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medalynyň plankasynyň

ÝAZGYSY

 

Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» I, II, III derejeli medallarynyň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, onuň iki gyrasy gök reňk bilen örtülendir. Plankanyň merkezinde I derejeli medal üçin dikligine bir sany sary çyzyk, II derejeli medal üçin dikligine iki sany sary çyzyk, III derejeli medal üçin dikligine üç sany sary çyzyk geçýär.

 

 

Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medalynyň

Ý A Z G Y S Y 

 

Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medaly 16 burçly ýyldyz görnüşinde bolup, biri-birine galtaşýan iki sany sekizburçlukdan ybaratdyr. Medalyň esasy sekizburçlygynyň daşky kütek burçlary bilen beýleki sekizburçlugyň galtaşýan ýerindäki romb gornüşindäki şekili ýaşyl reňkli syrça bilen örtülendir.

Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medaly 16 burçly ýyldyz görnüşinde bolup, biri-birine galtaşýan iki sany sekizburçlukdan ybaratdyr. Medalyň esa­sy sekizburçlygynyň daşky kütek burçlary bilen beýleki sekizburçlugyň galtaşýan ýerindäki romb görnüşindäki şekili ýaşyl reňkli syrça bilen örtülendir.

Medalyň umumy diametri 40 mm.

Medalyň merkezi böleginde diametri 14 mm bolan güberçek görnüşli tegelek galkanyň şekili ýerleşdirilip, onuň daşyndaky halka görnüşli bezelen ini 4,8 mm ýaşyl zolagyň ýokarky böleginde döwlet dilinde beýikligi 3,0 mm deň bolan «TÜRKMENISTAN», aşaky böleginde «IÇERI IŞLER MINISTRLIGI» diýen ýazgylar ýerleşdirilendir. Galkanyň daşyna örülen görnüşde halka aýlanan. Medalyň merkezi bölegindäki te­gelek galkanyň şekiliniň daşynda güberçek görnüşde atanaklaýyn ýerleşdirilen 2 sany gylyjyň - uzynlygy 2,5 mm uç tarapynyň hem-de uzynlygy 5 mm 2 sany eltutarynyň şekili ýerleşdirilen.

Türkmenistanyň I derejeli «Birkemsiz gullugy üçin» me­dalynyň esasy 925 mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylýar.

Medal halkajyk arkaly, ini 25 mm, beýikligi 15 mm iki gapdaly kertikli, içki ini 20 mm, beýikligi 13 mm deň ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen gönüburçluk görnüşli, merkezinde dikligine ini 2 mm deň bolan sary reňkli syrça bilen örtülen 1 sany zolakly kolodka birleşdirilýär.

Medalyň arka tarapynda döwlet dilinde «20 ýyl birkemsiz gullugy üçin» diýen ýazgy we zeýtun şahalarynyň iki gapdala ýaýrap gidýän şekili şekillendirilendir.

Medaly geýime dakmak üçin kolodkanyň arka tarapynda ildirgiji bar.

Türkmenistanyň II derejeli «Birkemsiz gullugy üçin» medaly mis bilen sinkiň garyndysyndan ýasalyp, onuň ýüzüne nikel çaýylýar.

Medal halkajyk arkaly, ini 25 mm, beýikligi 15 mm iki gapdaly kertikli, içki ini 20 mm, beýikligi 13 mm deň ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen gönüburçluk görnüşli, merkezinde dikligine her biriniň ini 2 mm deň bolan sary reňkli syrça bilen örtülen 2 sany zolakly kolodka birleşdirilýär.

Medalyň arka tarapynda döwlet dilinde «15 ýyl birkemsiz gullugy üçin» diýen ýazgy we zeýtun şahalarynyň iki gapdala ýaýrap gidýän şekili şekillendirilendir.

Medaly geýime dakmak üçin kolodkanyň arka tarapynda ildirgiji bar.

Türkmenistanyň III derejeli «Birkemsiz gullugy üçin» medaly mis bilen sinkiň garyndysyndan ýasalyp, onuň ýüzüne misiň oksidirlenen ergini çaýylýar.

Medal halkajyk arkaly, ini 25 mm, beýikligi 15 mm iki gapdaly kertikli, içki ini 20 mm, beýikligi 13 mm deň ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen gönüburçluk görnüşli, merkezinde dikligine her biriniň ini 2 mm deň bolan, sary reňkli syrça bilen örtülen 3 sany zolakly kolodka birleşdirilýär.

Medalyň arka tarapynda döwlet dilinde «10 ýyl birkemsiz gullugy üçin» diýen ýazgy we zeýtun şahalarynyň iki gapdala ýaýrap gidýän şekili şekillendirilendir.

Medaly geýime dakmak üçin kolodkanyň arka tarapynda ildirgiji bar.