Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň Döwlet senasy hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2008 ý., № 4, 67-nji madda)
(13.03.2021 ý. № 339-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
1-nji madda. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 15-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýazgysyny we sazynyň notasyny tassyklamaly (senanyň ýazgysy we sazynyň notasy goşulýar).
2-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet senasy garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň döwlet nyşanydyr we ol türkmen milletiniň agzybirligini hem-de jebisligini janlandyryp görkezýär.
3-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet senasy sazly-şahyrana eser bolup, ol şu Kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda ýerine ýetirilýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy orkestr, orkestriň ýa-da gaýry saz gurallarynyň sazandarlyk etmeginde hor tarapyndan ýerine ýetirilip bilner. Onuň ýerine ýetirilişi ses- we wideoýazgy serişdeleri, şeýle hem tele- we radio alyp beriş serişdeleriniň üsti bilen amala aşyrylyp bilner.
Türkmenistanyň Döwlet senasy onuň tassyklanan ýazgysyna we sazynyň notasyna takyk laýyklykda ýerine ýetirilmelidir.
4-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet senasy şu aşakdaky ýagdaýlarda ýerine ýetirilýär:
1) Türkmenistanyň Prezidenti kasam kabul edip öz wezipesine girişende;
2) Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatlary açylanda we tamamlananda;
3) Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň resmi taýdan galdyrylyş dabaralarynda;
4) diplomatik protokola laýyklykda daşary ýurt döwletleriniň resmi sapar bilen gelen döwlet we hökümet baştutanlaryny garşylamagyň we ugratmagyň dabaralarynda;
5) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby düzgünnamalaryna laýyklykda harby däp-dessurlar geçirilýän wagtynda;
6) Türkmenistanyň döwlet baýramçylyklaryna bagyşlanan dabaralar açylanda we tamamlananda;
7) döwlet teleýaýlymlarynyň we radioýaýlymlarynyň işiniň başlanan we tamamlanan pursadynda;
8) Türkmenistanyň döwlet derejesinde geçirilýän çärelerinde.
Türkmenistanyň Döwlet senasy şu aşakdaky ýagdaýlarda ýerine ýetirilip bilner:
1) ýadygärlikler açylanda;
2) döwlet edaralary we guramalary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem beýleki guramalar tarapyndan döwlet ähmiýetli dabaraly çäreler geçirilýän wagtynda.
5-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň şu Kanuny bozmak bilen ýerine ýetirilmegi ýa-da peýdalanylmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet senasynyň hormatynyň gaçyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.
6-njy madda. Türkmenistanyň Döwlet senasyny ýerine ýetirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
7-nji madda. «Türkmenistanyň Döwlet gimni hakynda» 1996-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., №3, 57-nji madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2008-nji ýylyň 5-nji dekabry.
№235-III.
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SENASY
Janym gurban saňa, erkana ýurdum,
Mert pederleň ruhy bardyr köňülde.
Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur,
Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde.
Gaýtalama:
Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!
Gardaşdyr tireler, amandyr iller,
Owal-ahyr birdir biziň ganymyz.
Harasatlar almaz, syndyrmaz siller,
Nesiller döş gerip gorar şanymyz.
Gaýtalama:
Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!