Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň "Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy" ordenini döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 4, 75-madda)
1-nji madda. Türkmenistanyň "Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy" ordenini döretmeli.
2-nji madda. Türkmenistanyň "Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy" ordeniniň Statutyny tassyklamaly (goşulýar).
3-nji madda. Türkmenistanyň "Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy" ordeniniň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).
4-nji madda. Şu Kanun kabul edilen pursadyndan güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2007-nji ýylyň 29-nji noýabry.
№ 151-III.
Türkmenistanyň "Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy" ordeniniň
STATUTY
1. Türkmenistanyň "Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy" ordeni - Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.
2. Türkmenistanyň "Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy" ordeni bilen diňe daşary ýurtlaryň ýokary wezipeli görnükli döwlet we jemgyýetçilik adamlary sylaglanylýar.
3. Türkmenistanyň "Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy" ordeni bilen:
sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmäge, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge goşan saldamly goşandy üçin;
Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokary galdyrandygy üçin;
Turkmenistan bilen beýleki döwletleriň arasynda syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin;
ýurduň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny dünýä ýaýmakda we berkitmekde bitiren uly hyzmatlary üçin;
özara ylalaşygy, jebisligi we agzybirligi saklamakdaky, parahatçylygy, halklaryň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekdäki uly goşandy üçin;
parlamentara we halkara gatnaşyklaryny ösdürmekdäki hem-de pugtalandyrmakdaky hyzmatlary üçin sylaglanylýar.
Türkmenistanyň "Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy" ordeniniň
ÝAZGYSY
Türkmenistanyň "Türkmenistanyň ilkinjiPrezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy" ordeni bilen diňe daşary ýurtlaryň ýokary wezipeli görnükli döwlet we jemgyýetçilik adamlary sylaglanylýar.
Orden 750-nji mähekli altyndan zynjyrgörnüşinde ýerine ýetirilip, ol 24 halkadan durýar, olaryň 12-si on alty gyraňlyk görnüşinde bolup, olar biri-birine sepleşen sekiz gyraňlyklaryň ikisinden ybaratdyr, onda gowherleriň 8-isi bezelipdir, halkalaryň beýleki 12-si milli nagyşlar görnüşinde ýerine ýetirilip, olar gowher daşlarynyň 10-usy bilen bezelendir.
On alty gyraňly halkalaryň diametri 40 mm, galan halkalaryň uzynlygy 40 mm.
On alty gyraňly merkezi halkada Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilendir. Zynjyryň galan bölegi ýaşyl syrça bilen örtülen on alty gyraňly 11 halkadan durýar, olarda ýarymaý we ýyldyzlaryň 5-isi, şeýle hem milli nagyşlaryň 12-siniň süýrümtik merkezi bölegi goýy gyzyl-gyzyl syrça bilen örtülendir, olaryň 10-usynda milli türkmen haly gölleri, ikisinde bolsa milli nagyşlar şekillendirilendir.
On alty gyraňlyk görnüşdäki asgyç ýelpewaç şekilli altyn kolodka arkaly zynjyr bilen birikdirilýär, onda gowher daşlarynyň 8-isi ýerleşdirildi. Asgyjyň umumy diametri 80 mm, töweregiň diametri 60 mm. On alty gyraňlygyň daşarky uçlarynyň sekizisi we içerki burçlarynyň on altysy gowher daşlary bilen bezelipdir. Merkezde ak reňkli syrça örtüginiň esasynda biri-biriniň arasyndan geçirilen sekiz gyraňlyklaryň ikisinden durýan ýene bir on alty gyraňlyk şekillendirildi, onda ýaýrap gidýän gün şöhleleri we aýna görnüşli ýaşyl syrçadan ýerine ýetirilen Türkmenistanyň kartasy, şeýle hem Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň gapdala bakyp duran we Garaşsyzlyk binasynyň güberçek altyn şekili şekillendirildi. Bu on alty gyraňlygyň içki burçlarynyň 8-isi hem gowher daşlary bilen bezeldi. Daşarky we içerki on alty gyraňlyklar diametri 60 mm we ini 7 mm bolan ýaşyl syrça bilen örtülen töwerek bilen öz arasynda bölünýär, tegelegiň ýüzünde "TÜRKMENISTANYŇ ILKINJI PREZIDENTI BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY" ORDENI" diýen ýazgy ýerleşdirilendir.
Ordeniň umumy agramy 760,0 (+/- 2,5%) gram, gowherleriň umumy mukdary 256 sany (18,5 karatdan) ybaratdyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugunyň logotipi şekillendirilen ýörite sowgatlyk gapda ýerleşdirilýär.