Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
«Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 60 ýyllygyna» diýen Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary¸ 2005 ý¸ № 2¸ 15-madda)
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 60 ýyllygyny şöhratlandyrmak hem-de ata Watanymyzdaky bu urşa gatnaşanlary sylaglamak maksady bilen:
1-nji madda. «Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 60 ýyllygyna» diýen Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmeli.
2-nji madda. «Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 60 ýyllygyna» ýubileý medaly hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (gosulýar).
3-nji madda. «Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 60 ýyllygyna» ýubileý medalynyň ýazgysyny tassyklamaly (gosulýar).
4-nji bölüm güýjüni ýitiren. - 07.12.2005 ý. № 29-III Türkmenistanyň Kanuny.
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
2005-nji ýylyň 6-njy apreli
№ 16-III
«Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşin 60 ýyllygyna»
diýen ýubileý medaly hakynda
DÜZGÜNNAMA
1. «Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 60 ýyllygyna» diýen ýubileý medaly 1941 -1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 60 ýyllygy mynasybetli urşa gatnaşyjylary sylaglamak üçin döredildi.
2. «Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 60 ýyllygyna» diýen ýubileý medaly bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.
3. «Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 60 ýyllygyna» diýen ýubileý medaly bilen 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda mähriban ýurdumyzyň, halkymyzyň azatlygy ugrundaky söweşlerde mertligiň, edermenligiň, watansoýüjüligiň belent nusgasyny görkezen, şeýle hem Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýurt garaşsyzlygy ýyllary içinde halkymyzyň agzybirligini, bitewiligini, jebisligini gazanmakda, ýaş nesillerimizi Watana, halka, Türkmenistanyň Prezidentine wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly hyzmatlary bitiren raýatlar sylaglanylýar.
4. Şu medal bilen sylaglanylanlara «Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 60 ýyllygyna» diýen ýubileý medaly hem-de onuň şahadatnamasy gowşurylyar.
5. Ýubileý medaly döşün çep tarapyndan dakylýar we beýleki sylaglary bolanda «Gaýrat» medalyndan soň ýerleşdirilýär.
«Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Yeňsiň 60 ýyllygyna»
diýen ýubileý medalynyň
ÝAZGYSY
Ýubileý medaly sekizburçluk bolup, onuň töwereginiň ölçegi 47 mm, ortasynda ölçegi 32 mm bolan altyndan ýasalan tegelek şekillendirilendir. Altyn tegelegiň yüzünde Günüň şöhle saçyp durşy jekillendirilen.
Onuň ortasynda Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyn kyblasy Atamyrat Nyýazowyň heýkeliniň güberçek jekili ýerleşdirilen. Şekiliň aşak ýüzünde zeýtun pudaklary ýerleşdirilen. Altyn tegelegiň gyrasynda «Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan Türkmenistanyň merdana raýatyna» diýen ýazgy güberçeklenip ýazylan.
Medalyň sekizburçlugy tompak metalyndan ýasalyp, ýaşyl reňkli syrça çaýylan. Sekizburçlugyň her burçunyň ortasyndan şöhle görnüşli şekil tompak metalyndan ýasalyp, altyn çaýylyp, sekizburçlugyň burçlaryna berkidilen.
Ýubileý medalynyň arka ýüzünde «Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 60 ýyllygyna» diýen ýazgy bar.