Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 3, 29-njy madda)
(26.03.2016 ý. № 381-V, 02.03.2019 ý. № 126-VI, 13.03.2021 ý. № 339-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň nyşany hökmünde türkmen halkynyň nesilbaşylary Beýik Oguzhan Türkmeniň we kuwwatly döwletleri döreden hem-de adamzadyň ösüşine düýpli täsirini ýetiren Beýik seljuklaryň gadymy medeni mirasyny özünde jemlän Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň derejesini belleýär. Şu Kanun Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň şekilini ulanmagyň tertibini düzgünleşdirýär.
1-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy Türkmenistanyň Döwlet häkimiýetiniň nyşanydyr.
2-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy biri-biriniň içinde mawy we gyzyl reňkli iki tegelek ýerleşdirilen sary-altynsow gaýmaly ýaşyl reňkli sekiz gyraňly şekillendirilendir.
Tegelekleriň arasynda birmeňzeş ini bolan sary-altynsow zolaklar bar.
Gyzyl tegelegiň daşyndaky ýaşyl reňkli sekiz gyraňda milli baýlygyň we Döwlet nyşanlarynyň esasy belgileri:
aşaky böleginde-ak pagtanyň gök ýaprakly bäş hanaly açylan gozalarynyň ýedisi;
ortaky böleginde-Tugranyň her tarapyndan iki sünbül bolmak bilen, sary-altynsow reňkli bugdaý sünbülleri;
ýokarky böleginde-ak reňkli bäş sany bäşburç ýyldyz bilen ýarymaý şekillendirilendir.
Möçberi mawy tegelegiň 2 diametrine barabar bolan gyzyl tegelegiň halkalaýyn zolagynda sagadyň diliniň ugry boýunça ahal-teke, salyr, ärsary, çowdur, ýomut gölleri bolan bäş sany esasy haly gölleri ýerleşdirilendir, olar türkmen halkynyň dostlugynyň we jebisliginiň nyşanlarydyr.
Tugranyň kiçi tegeleginiň içinde türkmen halkynyň milli buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi ahalteke bedewi şekillendirilendir.
3-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň şekili şu aşakdaky ýerlerde ýerleşdirilýär:
Türkmenistanyň Prezident köşgüniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, ministrlikleriniň, Döwlet komitetleriniň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kazyýetleriniň, beýleki Döwlet häkimiýet edaralarynyň jaýlarynda;
Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kazyýetleriniň mejlisler zallarynda, şeýle hem baglaşylan nikanyň, doglan çaganyň hem-de raýatlyk ýagdaýynyň beýleki namalarynyň dabaraly hasaba alynýan otaglarynda;
Türkmenistanyň raýatlarynyň pasportlarynda we raýatlara berilýán beýleki resmi döwlet namalarynda;
Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, ministrlikleriniň, döwlet komitetleriniň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kazyýetleriniň, döwlet kepillendiriş edaralarynyň we beýleki döwlet häkimiýet edaralarynyň möhürlerinde, güwänamalarynyň we beýleki resmi namalarynyň blanklarynda;
Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de olaryň edaralarynyň resmi neşirlerinde;
döwletiň gymmatly kagyzlarynda;
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň şekilini ýerleşdirmegiň beýleki halatlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň şekiliniň şu Kanunyň talaplarynyň bozulyp ýerleşdirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
4-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň şekili ýerine ýetirilen mahaly möçberine garamazdan, ol hemişe şu Kanunda bellenilen reňkli ýa-da bir öwüşginli (reňksiz) şekiline laýyk bolmaly.
5-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy şekillendirilen möhürleri taýýarlamagyň, peýdalanmagyň, saklamagyň hem-de ýok etmegiň tertibini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti kesgitleýär.
6-njy madda. "Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky” 1992-nji ýylyň Baýdak aýynyň 19-yndaky Türkmenistanyň Kanunyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Türkmenbaşy şäheri
2003-nji ýylyň 15-nji awgusty
№ 191 –II