Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý.,  № 3, 30-madda)

(28.02.2007 ý. № 95-III we 28.02.2015 ý. № 189-V Türkmenistanyň Kanunlary 

esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanda Prezident häkimiýetiniň nyşany hökmünde türkmen halkynyň nesilbaşylary Beýik Oguzhan Türkmeniň hem-de döwletliligiň we häkimiýetiň güýç-kuwwatyny alamatlandyrýan Beýik seljuklaryň milli däplerini özünde jemleýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugunyň derejesini belleýär. Şu Kanun Türkmen Döwletiniň Tuguny ulanmagyň tertibini düzgünleşdirýär.

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy Türkmenistanda Prezident häkimiýetiniň nyşanydyr.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy ýaşyl reňkli gönüburçluk görnüşli parçadyr. Tuguň uzynlygy onuň ininiň bir ýarym essesine barabardyr.

Parçanyň ýokary çep burçunda, sapynyň golaýynda ak reňkli ýarymaý we bäş sany bäşburç ýyldyz şekillendirilendir, olar Tuguň ýüzünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň teswirine laýyklykda şekillendirilýär.

Parçanyň sag böleginde altynsow gaýmaly ýaşyl reňkli sekizgyraň şekillendirilendir, onuň ortasynda bolsa penjesinde ýeňilen iki kelleli ýylany saklap duran altynsow-sary reňkli bäş kelleli bürgüt ýerleşýär. Bürgüdiň üç kellesi Tuguň çep gyrasyna tarap, ikisi bolsa - sag gyrasyna tarap öwrülendir. Milli däpleri dowam etdirip, Oguzhanyň tugunda şekillendirilen, ýylany ýeňen iki kelleli bürgüdiň dowamy hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugunda bäş kelleli bürgüt we ýeňilen iki kelleli ýylan şekillendirilýär, munuň özi döwleti içerki we daşarky duşmanlardan goramagy şekillendirýär. Sekizgyraňyň ýaşyl düşeginde bäş kelleli bürgüdiň şekiliniň aýlawy boýunça «TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI» diýen ýazgy ýerleşdirilendir.

Tuguň asyl nusgasynyň sapyna Türkmenistanyň Prezidentiniň familiýasy we ady haşamlanyp ýazylan kümüş zolajyk berkidilýär.

 

3-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy:

Prezident köşgüniň üstünde - hemişe;

Türkmenistanyň Prezidentiniň rezidensiýasynyň (hemişelik ýaşaýan ýeriniň) jaýynyň üstünde - hemişe;

beýleki jaýlaryň üstünde - Türkmenistanyň Prezidenti olarda bolan döwründe;

ulag serişdelerinde - Türkmenistanyň Prezidenti olarda bolan mahaly dikilýär;

Türkmenistanyň Prezidenti resmi şahs hökmünde daşary ýurtda bolýan döwründe Tug halkara kadalaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň bolýan jaýlarynyň we münýän ulag serişdeleriniň üstünde dikilip bilner.

Türkmenistanyň kanunçylygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Tuguny ulanmagyň beýleki halatlary we ýagdaýlary göz öňünde tutulyp bilner.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy binalaryň üstünde dikilen baýdaksapylarda galdyrylýar ýa-da Tuguň aşaky bölegi ýerden azyndan 2,5 metr belentlikde bolar ýaly edilip, jaýlaryň öň taraplaryndaky tutawaçlarda ýerleşdirilýär.

 Türkmenistanyň Prezidentiniň Tuguny ulag serişdelerinde dikmek Türkmenistanyň Döwlet Baýdagyny ulag serişdelerinde dikmek üçin bellenilen kadalar boýunça amala aşyrylýar.

 

5-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bilen bir wagtda galdyrylan mahaly Tug we Döwlet Baýdagy ýanaşyk we deň derejede dikilýär. Tuguň Döwlet Baýdagy bilen bir wagtda galdyrylan ähli halatlarynda olaryň möçberleri birmeňzeş bolmalydyr.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugunyň şekili, reňki, möçberleri we ýasalan matasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy hakyndaky Düzgünnamada bellenilen şekile, reňke, ölçeglere we ýasalmaly matasyna laýyk bolmaly.

 

7-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugunyň asyl nusgasynyň ýerleşýän ýeri Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde, Prezident köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň iş otagydyr.

 

8-nji madda. Hatyra güni – 6-njy oktýabrda hatyra çäresi hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy aşak düşürilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň yglan eden çözgüdi boýunça beýleki halatlarda hem matam tutmak we hatyra çäresi hökmünde aşak düşürilip bilner.

 

9-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň Tuguna hormat goýmak (onuň sarpasyny tutmak) ol galdyrylanda we indirilende, şeýle hem dabaraly ýöriş bilen geçilende -"tijen" ýagdaýynda amala aşyrylýar.

 

10-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugunyň sarpasyna dilden we ýazmaça görnüşde, hereket (özüňi alyp barmak) arkaly we islendik beýleki görnüşde şek ýetirilmegine, şeýle hem ol baradaky hormatlamazlyga ýol berilmeýär.

 

11-nji madda. Şu Kanunyň talaplaryny bozan adamlar Türkmenistanyň ulanylýan kanunlaryna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

 

12-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugunyň şu kanunda beýan edilen talaplar berjaý edilip galdyrylmagy üçin jogapkärçilik, şeýle hem şu kanunyň takyk ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň Iş Dolandyryş Müdürliginiň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň üstüne ýüklenilýär.

 

13-nji madda. "Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy (baýdagy) hakyndaky" 1996-njy ýylyň Ruhnama aýynyň 27-sindäki Türkmenistanyň Kanunyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

 

Türkmenistanyň                                       Saparmyrat

Prezidenti                                                  Türkmenbaşy

 

Türkmenbaşy şäheri 

2003-nji ýylyň 15-nji awgusty 

№ 192- II