Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Raýat goranyşy hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2003 ý., № 4, 44 -madda)
(Türkmenistanyň 3.03.2008 ý. № 188-III; 04.02.2017 ý. № 505-V Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň Raýat goranyşynyň esasy wezipelerini, onuň guralyşynyň we işlemeginiň guramaçylyk ýörelgelerini, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ygtyýarlyklaryny, Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bölmadyk adamlaryň raýat goranyşy babatyndaky hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.
I bap. Umumy düzgünler
l-nji madda. Esasy düşünjeler we adalgalar
Şu Kanunda şu aşakdaky düsünjeler we adalgalar peýdalanylýar:
1) Raýat goranyşy - munuň özi ilaty, hojalygy ýörediji desgalary we ýurduň çägini hazirki zamanyň gyryjy serişdeleriniň gyryjy (weýran ediji) ahwalatlaryndan, tebigy we lehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň täsirinden goramak maksady bilen parahatçylyk we harby döwürde geçirilýän umumydöwlet çäreleriniň jemidir;
2) Raýat goranyşynyň dolandyryş edaralary - parahatçylyk we harby döwürde Raýat goranyşynyň çärelerine ýolbaşçylyk edýän we olaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän Türkmenistanyň ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarydyr, guramalarydyr;
3) guramaçylykly göçüriş edaralary - ilaty, maddy gymmatlyklary howpsuz guşaklyga guramaçylykly goçürmek, olaryň ýerleşmegini, önümçilik işini we durmuş üpjünçiligini guramak üçin ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary, kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan döredilýän guramaçylykly göçüriş we göçürilenleri kabul ediş toparlarydyr.
4) Raýat goranyşynyň güýçleri - Raýat goranyşynyň harby bölümleri, çäkleýin, desga birikmeleri, raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklarynyň birikmeleri, dessin halas ediş toparlary;
5) Raýat goranyşynyň bolümleri - Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredilýän Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby bölümleri;
6) Raýat goranyşynyň birikmeleri - welaýatlarda, etraplarda, şäherlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynda, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda döredilýän Raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň çäkleýin we desga birikmeleri, gulluklaryň birikmeleri;
7) Raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklary -Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary tarapyndan döredilýän Raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň merkezi, welaýat, etrap, şäher, desga gulluklary;
8) dessin halas ediş toparlary - barmasy kyn ýerlerde we ýokary çylşyrymly desgalarda gözleg-halas ediş işlerini alyp barmak üçin niýetlenen merkezi, welaýat, etrap, şäher we jemgyýetçilik guramalary;
9) "Hemmeleriň dykgatyna!" duýduryşy - Raýat goranyşynyň ýeke-täk şertli duýduryşy bolup, ol güýçli sesli we beýleki duýduryş serişdeleri bilen berilýär. Şol duýduryş boýunça ilat telewizorlaryny, radio kabul ediş enjamlaryny we beýleki habar kabul ediş serişdelerini işletmäge, berilýän habary ünsli diňlemäge we hereketleriň tertibi we ozüňi alyp barmagyň kadalary boýunça talaplary ýerine ýetirmäge borçludyr;
10) gorag desgalary gaznasy - önümçilik isgärlerini we ilaty häzirki zaman gyryjy serişdelerinden, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda goramak üçin ýörite niýetlenilen ähli bar bolan inženerçilik desgalarynyň jemi;
11) hojalygy ýörediji desgalar - senagat, oba hojalyk önümçiliginiň we jemgyýetiň işiniň beýleki çygyrlarynyň bähbitlerine peýdalanylýan jaýlar, desgalar we beýleki gurluşlar.
2-nji madda. Türkmenistanyň raýat goranyşy babatdaky kanunçylygy
1. Türkmenistanyň raýat goranyşy babatdaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şu Kanundan, seýle hem raýat goranyşynyň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.
2. Şu Kanunyň täsiri ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, kärhanalara, edaralara we guramalara, Türkmenistanyň wezipeli adamlaryna we raýatlaryna, Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurtly raýatlara we raýatlygy bolmadyk adamlara degişlidir.
3-nji madda. Raýat goranyşynyň esasy wezipeleri
1. Raýat goranyşyny guramak we alyp barmak döwletiň iň möhüm wezipeleriniň biridir, onuň goranmak çäreleriniň düzüm bölegidir.
2. Ilaty we hojalygy ýörediji desgalary goramak Raýat goranyşynyň birinji derejeli wezipesidir we häzirki zaman gyryjy serişdeleri ulanylanda we tebigy hem-de tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar dörände ýitgini azaltmagyň bähbitleri üçin ilatyň hereketiniň amatly usullaryny yhmy taýdan kesgitlemegiň we çäkleri hem-de hojalygy ýöretmegiň desgalaryny öz wagtynda taýýarlamagyň esasynda amala aşyrylýar.
3. Şular Raýat goranyşynyň esasy wezipeleridir:
1) dolandyryş, habar beriş we aragatnaşyk ulgamlaryny guramak, ösdürmek we hemişe taýýarlykda saklamak;
2) Raýat goranyşynyň güýçlerini döretmek, olary taýýarlamak we adatdan daşary ýagdaýlarda herekete hemişe taýýar saklamak;
3) ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işgärlerini we ilaty adatdan daşary ýagdaýlarda herekete taýýarlamak we okatmak;
4) radiasiýa, himiki, bakteriologik we biologik ýagdaýa syn etmek we barlaghana gözegçiligi;
5) Raýat goranyşynyň harby birikmeleriniň harby ýagdaýa geçirmek taýýarlygyny üpjün etmek;
6) hojalygy ýörediji pudaklaryň we desgalaryň işlemeginiň durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreler toplumyny geçirmek;
7) Raýat goranyşynyň gorag desgalarynyň zerur gaznasyny, şahsy gorag serişdeleriniň gorlaryny we başga emlägini toplamak we taýýar ýagdaýda saklamak, gyryjy serişdeler ulanylanda we adatdan daşary ýagdaýlar dörände ilaty gorag desgalary bilen üpjün etmek, olara şahsy gorag serişdelerini bermek;
8) Adamlaryň janyna we saglygyna howp hakynda we emele gelen ýagdaýda hereketleriň tertibi hakynda ilata, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralaryna habar bermek;
9) gözleg-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleri geçirmek, jebir çeken ilatyň durmuş üpjünçiligini we onuň howply guşaklyklardan başga ýere göçürilmegini guramak;
10) azygy, suw çeşmelerini, azyk çig malyny, ot-iými, mallary we ösümlikleri radioaktiw, himiki, bakteriologik we biologik zäherlenmeden, ýokanç kesellerden goramak.
4-nji madda. Raýat goranyşyny guramagyň ulgamy we tertibi
1. Raýat goranyşy Türkmenistanyň ahli ýerinde çäkleýin-önümçilik ýörelgesi boýunça guralýar.
2. Şu aşakdakylar raýat goranyşynyň ulgamyny düzýärler:
1) ygtyýarlylygyna adatdan daşary ýagdaýlarda ilatyň howpsuzlygy we goragy, öňüni almak, duýmak we hereket etmek bilen baglanyşykly wezipeler degişli ähli derejelerdäki ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary;
2) ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň hem-de eýeçiligiň we hojalygy ýöretmegiň görnüşlerine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalarynyň edara ediş müdirlikleriniň düzüminde ilaty goramak işini gündelik dolandyrýan edaralar;
3) Raýat goranyşynyň wezipelerini ýerine ýetirmäge niýetlenilen güýçler we serişdeler;
4) adatdan daşary ýagdaýlaryň dörän halaty üçin göz öňünde tutulan maliýe, lukmançylyk we maddy-tehniki serişdeler gaznalary;
5) aragatnaşyk, habar beriş we maglumat üpjünçiliginiň ulgamlary.
3. Şol çäkde, pudakda ýa-da guramada has ähtimal bolan adatdan daşary ýagdaýlaryň we häzirki zaman gyryjy serişdeleriniň ösüşini hasaba ahmak bilen raýat goranyşy boýunça taýýarlyk deslapdan geçirilýär.
4. Raýat goranyşyna taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleri geçirmegiň tertibi, möçberi we möhletleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
5. Türkmenistanyň ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň hem-de kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary Raýat goranyşynyň çäreleriniň guralyşy we amala aşyrylyşy üçin jogapkärçilik çekýärler.
6. Adatdan daşary ýagdaýlar wagtynda raýat goranyşynyň wezipeleriniň ýerine ýetirilişine, onuň dolandyryş edaralarynyň we güýçleriniň hereketlerine gös-göni ýolbaşçylyk etmek, şeýle hem ol wezipeleriň amala aşyrylyşyna jogapkärçilik raýat goranyşynyň dolandyryş merkezlerine, adatdan daşary ýagdaýlarda ilaty goramak we oňa kömek bermek boýunça wezipeleri ýerine ýetirmäge çekilen ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýörite düzüm birliklerine we kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň raýat goranyşynyň wezipe sanawynda durýan işgärlerine ýüklenilýär.
7. Raýat goranyşynyň çäkleýin dolandyryş merkezleriniň ygtyýarlylyklary we ilaty goramak boýunça wezipeleri ýerine ýetirmäge çekilýän ministrfikleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
8. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary, kärhanalar, edaralar we guramalar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde Raýat goranyşynyň çäreleriniň ýerine ýetirilişi hakynda her ýyl hasabat berýärler.
II bap. Ilaty, çäkleri we hojalygy ýörediji desgalary
goramak babatda raýat goranyşynyň çäreleri
5-nji madda. Ilaty, çäkleri we hojalygy ýörediji desgalary tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlardan goramak babatda raýat goranyşynyň çäreleri
1.Ilaty, çäkleri we hojalygy ýörediji desgalary goramak boýunça çäreler öňünden geçirilýär we ol çareler ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi, ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, kärhanalar, edaralar, guramalar we Türkmenistanyň ilaty üçin hökmanydyr.
2. Ilaty, çäkleri we hojalygy ýörediji desgalary tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlardan goramak maksady bilen merkezi we ýerli ýerine ýetiriji edaralar, kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan şu aşakdakylar geçirilýär:
1) ilaty, ilatly mekanlary we hojalygy ýörediji desgalary tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlardan goramak boýunça geljekki döwür üçin we gündelik meýilnamalary we şol ýagdaýlary ýok etmek boýunça hereketleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak;
2) hojalygy ýörediji desgalaryň işiniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we adatdan daşary ýagdaýlarda işgärleriň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler toplumy;
3) habar bermegiň ýerli ulgamlaryny döretmek we olary hemişe taýýarlykda saklamak;
4) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň ýetiren zyýanlaryny ýok etmek boýunça güýçleri we serişdeleri döretmek, taýýarlamak we ulanmak üçin taýýar ýagdaýda saklamak, ejir çekenlere kömek bermek;
5) mümkin bolan suw joşmalaryny, silleri, süýşgünleri we beýleki howply daşky sebäpleriň täsirinden döreýän ýagdaýlary hasaba almak bllen çäkleriň jaý gurluşygyny meýilnamalaşdyrmak;
6) adatdan daşary ýagdaýlarda öýsüz-öwzarsyz galan ilat üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaý ätiýaçlygyny döretmek;
7) gözeçilik syn ulgamyny guramak, tehnogen betbagtçylyklary, mümkin bolan suw joşmalary, siller, süýşgünler we beýleki howply daşky sebäpleriň täsirinden döreýän ýagdaýlar hakynda ilata we hojalygy ýöredijilere habar bermek;
8)durmuş üpjünçiligi desgalarynda azygyň, dermanlaryň we maddy-tehniki serişdeleriň gorlaryny döretmek.
6-njy madda. Raýat goranyşynyň ýer titremelerden goramak boýunça çäreleri
1. Ilaty, çäkleri we hojalygy ýörediji desgalary mümkin bolan ýer titremelerinden goramak maksady bilen öňünden şu çäreler toplumy geçirilýär:
1) seýsmologik syn etmeleriň we ýer titremeleriň çaklamasynyň umumydöwlet ulgamyny ösdürmek;
2) Türkmenistanyň çäginiň seýsmiki howplulygyny ylmy taýdan çaklamak we baha bermek hem seýsmiki taýdan toplumça sebitleşdirmek;
3) seýsmologik howplulygyny hasaba almak bilen gurluşyk kadalaryny we düzgünlerini işläp taýýarlamak;
4) hasaplamalary ylmy taýdan esaslandyrmak we ýer titremegine durnukly jaýlaryň we desgalaryň netijeli gurnamalaryny hem-de hojalygy ýorediji desgalaryň ygtybarly işlemegini taslamak;
5) ýer titremegine durnukly jaýlaryň we desgalaryň gurluşygynyň hiline gözegçilik etmek;
6) jaý gurluşygynda häzirki bar bolan jaýlaryň we desgalaryň ýer titremegine durnuklylygyny we ygtybarly işlemegini üpjün etmek;
7) mümkin bolan seýsmiki täsirleri hasaba almak bilen çäkleriň jaý gurmagyny düzgünleşdirmek.
2. Ýer titremeleriniň netijeleri ýok edilende şu çäreler geçirilýär:
1) ýer titremegi hakynda maglumat almak, karar kabul etmek we ony sebitleriň dykgatyna ýetirmek;
2) gözleg-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleriniň dolandyryşyny, şeýle hem olaryň maddy-tehniki üpjünçiligini guramak;
3) ýer titremeginiň netijelerini ýok etmegiň meýilnamasyna laýyklykda Raýat goranyşynyň güýçleriniň we serişdeleriniň hereketlerine we beýleki çärelerine ýolbasçylyk etmek.
3. Ilaty mümkin bolan ýer titremelerinden goramak we ykdysady zyýany peseltmek maksady bllen ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi, ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary ilkibaşda sulara borçludyrlar:
1) seýsmiki sebitleşdirmegiň geçirilmegini we ilat hem daşky gurşaw üçin ýokary howp döredýän, hojalygy ýörediji desgalar ýerleşýän tabynlygyndaky çäklerde, şeýle hem yzygiderli nebit, gäz alynýan we ýerasty känlerde seýsmiki howpuna baha berlişini guramak;
2) jaýlaryň we desgalaryň, ozaly bilen ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, hassahanalaryň, adamlaryň köp barýan beýleki jaýlarynyň, desgalarynyň we ýaşaýsy üpjün ediji (ýylylyk, suw, gaz, energiýa üpjünçilik we aragatnaşyk, lagym) desgalaryň, himiki we partlama-ýangyn howply önümçilikleriň seýsmiki taýdan garşylyk görkezijiligini güýçlendirmek boýunça işleri geçirmek;
3) seýsmiki taýdan durnukly bolmadyk jaýlaryň we desgalaryň düýpli abatlaýşy geçirilende olaryň gurluşyk gurnamalarynyň hökmany seýsmiki taýdan garşylyk görkezijiliginiň güýçlendirilmegini nazarda tutmak;
4) jaýlaryň we desgalaryň seýsmiki durnuklylygyny üpjün etmek boýunça yörite çäreler görülmedik ýagdaýynda olaryň gurluşygyna, şeýle hem tektoniki jaýrykly, amatsyz toprak şertleri bolan guşaklykda we süýşgün howply ýapgytlarda olaryň gurluşygyna ýol bermezlik.
4.Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryn we guramalaryň ýolbaşçylary ýer titremeginiň netijelerini ýok etmek maksady bilen şulara borçludyrlar:
1) gözleg-halas ediş işleriniň geçirilmegini we ejir çekenlere ilkinji lukmançylyk kömeginiň berilmegini guramaga;
2) ýer titremeginiň güýji, weýran bolmalar, ýitgiler hem-de onuň netijelerini ýok elmek boýunça kabul edilýän çäreler hakyndaky habary ýygnamaga we ýokarky edaralara bermäge, bu hakynda ilaty habarly etmäge;
3) ýer titremeginiň netijelerini ýok etmegi we ilatyň durmuş üpjünçiliginiň beýleki çärelerini guramaga.
7-nji madda. Raýat goranyşynyň uly suw howdanlarynyň we derýalaryň derejeleriniň üýtgemeginiň netijelerinden goramak boýunça çäreleri
1. Suw joşmalaryndan, suw basmalaryndan we suw howdanlarynyň we derýalaryň ýalpaklanmagyndan goramak boýunça çäreler ilatyň, hojalygy ýörediji desgalaryň, kömekçi desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir we şol çäreler şulary öz içine alýar:
1) derýalaryň hem-de uly suw howdanlarynyň derejeleriniň üýtgemeginiň mümkin bolan netijeleri barada ylmy barlaglar alyp barmak we çaklamalary taslamak;
2) gorag gidrotehniki we gaýry desgalary taslamak, gurmak we ulanmak;
3) derýalaryň we uly suw howdanlarynyň derejesiniň üýtgemeginiň ylmy barlaglarynyň netijelerini hasaba almak bilen çäkleriň jaý gurluşygyny meýilnamalaşdyrmak;
4) derýalaryň we uly suw howdanlarynyň derejesiniň üýtgemegine, daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçilik ulgamyny guramak, kenarýaka zolagynda ilaty we hojalygy ýöredijileri suw üstüniň üýtgemegi hakynda habarly etmek.
2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi, ýerli edaralary, ýerli oz-özüňi dolandyryş edaralary, kärhanalar, edaralar we guramalar ilaty, çäkleri goramak, derýalaryň we uly suw howdanlarynyň derejesiniň üýtgemeginden ykdysady zyýany peseltmek maksady bilen öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde şulara borçludyrlar:
1) derýalaryň we uly suw howdanlarynyň derejeleriniň ýokarlanyş we aşaklanyş hereketiniň çaklamasynyň ylmy esaslarynyň we usullarynyň ösüşini üpjün etmäge;
2) suw joşmalarynyň mümkin bolan ýerlerinde gorag gidrotehniki we gaýry desgalaryň gurluşygyny guramaga we hiline gözegçilik etmäge;
3) suw joşmalarynyň, suw basmalarynyň we kem-käsleýin suw basmalarynyň mümkin bolan zolaklarynda degişli kadalaryň we düzgünleriň hasaba alynman hojalyk hajatlary üçin desgalary gurmaga ýer parçalarynyň bölünip berilmegine ýol bermezlige;
4) derýalaryň we uly suw howdanlarynyň kenarýaka zolaklarynda ýerleriň, toprak we ösümlik örtüginiň we ýerasty suwlaryň hemişelik gözegçilik synyny üpjün etmäge.
8-nji madda. Raýat goranyşynyň gazylyp alynýan peýdaly ýataklary peýdalanmak bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlardan goramak boýunça çäreleri
Gaty, suwuk we gaz şekilli gazylyp alynýan ýataklary peýdalanmak bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlardan çäkleriň we hojalygy ýörediji desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi, ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler şulary öz içine alýar:
1) peýdaly baýlyklaryň gazylyp alynýan wagtynda ilat we daşky gurşaw üçin mümkin bolan zyýanlaryň howplulygyna ylmy barlaglar alyp barmak, çaklamak we baha bermek;
2) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň alnyşyny ösdürmegiň geljegini we geologiýa gurluşlarynyň durnuklylygyna onuň täsirini hasaba almak bilen çägiň jaý gurluşyny meýilnamalaşdyrmak, binalary we desgalary gurmak we ulanmak;
3) peýdalanylýan ýataklaryň ýakynlarynda bar bolan jaýlaryň we desgalaryň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny ýokarlandyrmak;
4) daşky gurşawyň ýagdaýynyň we peýdalanylýan ýataklaryň tehnologik şertleriniň gözegçilik syn ulgamlaryny guramak we mümkin bolan adatdan daşary ýagdaýlar hakynda ilata we hojalygy ýoredijilere habar bermek;
5) ýataklary peýdalanmak bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlardan mümkin bolan zyýany peseltmek boýunça öňüni alyş çärelerini guramak we geçirmek, eger olary geçirmek mümkin bolmasa, onda gorag çäreleriniň zerur toplumyny ýerine ýetirmek bilen gazylyp alnyşy bes etmek we ýataklary ýapyk goýmak;
6) ýerasty baýlyklaryndan peýdalanmagyň ähli tapgyrlarynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ekologiýa talaplaryny ileri tutulýan tertipde üpjün etmäge.
9-njy madda. Raýat goranyşynyň ilaty, çäkleri we hojalygy ýörediji desgalary häzirki zaman gyryjy serişdelerinden goramak boýunça çäreleri
Häzirki zaman gyryjy serişdeleri howp salanda we ulanylanda ilaty, çäkieri we hojalygy ýörediji desgalary goramak, zyýany we ýitgileri peseltmek maksady bilen ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary, kärhanalar, edaralar we guramalar, Türkmenistanyň Raýat goranyşynyň degişli gulluklary tarapyndan şular geçirilýär:
1) öňünden:
parahatçylyk we harby döwür üçin Raýat goranyşynyň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak;
Raýat goranyşynyň dolandyryş, habar beriş we aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek we ösdürmek hem-de olary peýdalanmak üçin taýýar ýagdaýda saklamak; Raýat goranyşynyň güýçlerini döretmek, üpjün etmek, enjamlaşdyrmak we taýýar ýagdaýda saklamak;
dolandyryş edaralaryny, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan ähli desgalaryň ýolbasçy we buýruk beriji-ýolbaşçylyk düzümini taýýarlamak we gyryjy serişdeler ulanylan halatlarynda gorag usullaryny we hereketlerini ilata ählumumy öwretmek;
Raýat goranyşynyň gorag desgalarynyň gaznasyny gurmak we toplamak hem-de işlemegi üçin olary taýýar ýagdaýda saklamak;
Raýat goranyşynyň çärelerini ýerine ýetirmek we ilatyň durmuş üpjüçiligi üçin şahsy gorag serişdelerini, maddy-tehniki serişdeleri, ätiýaçlyklary döretmek, toplamak we ol gorlary öz wagtynda täzelemek;
guramaçylykly goçüriş çärelerini meýilnamalaşdyrmak we geçirmek;
hojalygy ýörediji pudaklaryň we desgalaryň durnukly işlemegi boýunça çäreleri meýilnamalaşdyrmak we ýerine ýetirmek;
Raýat goranyşynyň harby birikmeleriniň harby ýagdaýa geçirmek taýýarlygyny üpjün etmek baradaky çäreleri geçirmek;
2) gyryjy serişdeler ulanylanda:
gyryjy serişdeleriň howpy we ulanylyşy hakynda habar bermek, ilaty hereketleriň tertibi we kadalary hakynda habarly etmek;
ilaty gorag desgalarynda goramak, zerur mahalynda şahsy gorag serişdelerini ulanmak;
ýaralylara we şikes alanlara lukmançylyk komegini bermek;
gözleg-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleri geçirmek;
dolandyryşyň, habar berşiň we aragatnasygyň bozulan ulgamlaryny dikeltmek;
ilatyň durmuş üpjünçiligi desgalarynda we hojalygy ýöretmegiň desgalarynda gaýragoýulmasyz abatlaýyş-dikeldiş işlerini geçirmek;
Raýat goranyşynyň birikmeleriniň taýýarlygyny dikeltmek;
guramaçylykly göçüriş çärelerini geçirmek.
10-njy madda. Raýat goranyşynyň inženerçilik-tehniki çäreleri
1.Raýat goranyşynyň inženerçilik-tehniki çäreleri öňünden işlenilip taýýarlanylýar we geçirilýär.
2.Raýat goranyşynyň inženerçilik-tehniki çäreleriniň möçberi we mazmuny şäherleriň we hojalygy ýöredlji desgalaryň toparlaşdyrylyş derejesine baglylykda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Raýat goranyşynyň inženerçilik-tehniki çäreleri çäkleriň, ilatly mekanlaryň, senagat guşaklyklarynyň çugdamlanyş meýillendirmeginiň we gurluşyk alyp barmagyň çyzgylary we taslamalary düzülende, kärhanalaryň gurluşyk, giňeltmek, durkuny täzelemek we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak taslamalarynda nazarda tutulmalydyr.
4. Sebitleri ösdürmek, çäkleri gurmak, ilatly mekanlary we hojalygy ýörediji desgalary gurmak we durkuny täzelemek üçin taslama-çykdajylar sanawy resminamalary Raýat goranyşynyň dolandyryş edaralary bilen ylalaşylýar.
11-nji madda. Raýat goranyşy boýunça hünärmenleri we ilaty taýýarlamak
1. Raýat goranyşynyň meseleleri boýunça taýýarlyk Türkmenistanyň ähli raýatlary üçin hökmany hasaplanylýar we degişli okuw maksatnamalary boýunça geçirilýär. Taýýarlyk üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleri peýdalanylýar.
2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylaryny, hünärmenlerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak raýat goranyşynyň okuw-usullaýyn merkezinde we tapgyrlaýyn okuwlarynda amala aşyrylýar.
3. Raýat goranyşy üçin hünärmenleri taýýarlamak Türkmenistanyň harby, raýat mekdeplerinde, seýle hem daşary ýurt dowletlerinde we halkara merkezlerinde amala aşyrylýar.
4. Ýurduň ilatyny Raýat goranyşy boýunça taýýarlamak mekdebe çenli edaralardan başlap olaryň işleýän, okaýan we ýasaýan ýerinde geçirilýär.
III bap. Raýat goranyşynyň güýçleri
12-nji madda. Raýat goranyşynyň güýçleriniň düzümi
1. Raýat goranyşynyň güýçlerl Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düzümindäki Raýat goranyşynyň harby bölümlerinden, çäkleýin, desga birikmelerinden hem-de Raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlar gulluklarynyň birikmelerinden, merkezi, welaýat, etrap we şäher dessin halas ediş toparlaryndan durýar.
2. Parahatçylyk döwürde Raýat goranyşynyň güýçleri adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almagyň we ýok etmegiň döwlet ulgamynyň düzüm bölegidir.
3. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýän tertipde halas ediş işierini geçirmek üçin Goranmak ministrliginiň, Içeri isler ministrliginiň bölümleri we düzüm birlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýöriteleşdirilen abatlaýyş-halas ediş, abatlaýys-dikeldiş, harbylaşdyrylan we beýleki birikmeleri, şol sanda jemgyýetçilik birleşikleri çekilip bilner, olar halas ediş işleriniň umumy ýolbaşçyşynyň dessin ýolbaşçylygynda işleri ýerine ýetirýärler.
Bölünip berlen güýçler okadylmalydyr, tehnika, enjamlar bilen üpjün edilmelidlr we agtaryş-halas ediş işlerini özbaşdak geçirmäge taýýar bolmalydyr.
4. Raýat goranyşynyň güýçlerini peýdalanmak Raýat goranyşynyň degişli derejelerdäki başlyklarynyň karary boýunça amala aşyrylýar.
13-nji madda. Raýat goranyşynyň harby bölümleri we parahatçylyk hem-de harby döwürde olaryň wezipeleri
1.Türkmenistanyň Raýat goranyşynyň harby bolümleri parahatçylyk we harby döwürde adatdan daşary ýagdaýlar howp salanda we ýüze çykanda ilaty, hojalygy ýörediji desgalary we ýürduň çägini goramak üçin niýetlenendir.
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi Raýat goranyşynyň harby bolümlerini üpjün etmek, enjamlaşdyrmak we ulanmak üçin taýýar ýagdaýda saklamak boýunça çäreler görýär.
2. Raýat goranyşynyň harby bölümleriniň esasy wezipeleri sulardyr:
l) parahatçylyk döwürde:
şahsy düzümiň halas ediş işlerini geçirmek üçin hemmetaraplaýyn taýýarlygyny we hünär synagyny guramak;
gözleg-halas ediş işlerini geçirmek we ejir çeken ilatyň durmuş üpjünçiligine hemmetaraplaýyn kömek bermek;
adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almaga gönükdirilen çärelere gatnaşmak;
Türkmenistan bilen degişli döwletara şertnamalary bolan daşary ýurt döwletleriniň çäklerinde adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş işlerine gatnaşmak:
ynsanperwer kömek hökmünde adatdan daşary ýagdaýlaryň bolan ýerine getirilýän ýükleriň ýany bilen gitmek we olary goramak;
harby ýagdaýa geçirmegiň ýaýbaňlandyrylmagyna taýýarlyk we ýokary derejede söwesjeň taýýarlyk ýagdaýa geçirmek boýunça çäreleri amala aşyrmak;
parahatçylyk we harby döwürde Raýat goranyşynyň harby bölümleriniň ýaýbaňlanmagy hem-de halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleri geçirmek üçin niýetlenen tehnikany, beýleki maddy-tehniki serişdeleri toplamak. saklamak we öz wagtynda täzelemek;
2) harby döwürde:
zyýan ýeten ojaklarda we zäherlenen zolaklarda radiasiýa, himiki barlagy alyp barmak;
zyýan ýeten ojaklarda we zäherlenen hem-de betbagtçylykly suw basan zolaklarda halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleri geçirmek;
ilatyň we hojalygy ýörediji desgalaryň guramaçylykly göçüriliş işleriniň geçirilmegine gatnaşmak;
ilatyň durmuş üpjünçiligi desgalaryny dikeltmek boýunça işleriň geçirilmegine gatnaşmak, aerodromlary, ýollary, geçelgeleri we tylyň kömekçi desgalarynyň beýleki möhüm böleklerini dikeltmek bilen baglanyşykly çäkleýin goranyşynyň aýry-aýry wezipelerini ýerine ýetirmek.
3. Parahatçylyk döwürde Raýat goranyşynyň harby bölümlerini ulanmak
Türkmenislanyň Ministrler Kabinetiniň kesgitlän tertibinde Türkmenistanyň goranmak ministri tarapyndan amala aşyrylýar.
Raýat goranyşynyň hemişelik taýýarlykdaky harby bölümleri häzirki zaman ýörite tehnikasy we enjamlary bilen enjamlaşdyrylmalydyr we ejir çeken ilata kömek bermek boýunça şobada ulanmak üçin taýýar bolmalydyr.
4. Raýat goranyşynyň harby bölümlerini harby gullukçylar bilen üpjün etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
Raýat goranyşynyň harby bölümleri raýat işgärleri bilen hem üpjün edilýär. Wezipe sanawyny, raýat işgärleri bilen çalşyrylýan wezipeleriň sanawyny Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan umumy sanynyň çäklerinde Türkmenistanyň goranmak ministri belleýär.
5. Raýat goranyşynyň harby bölümlerini harby ýagdaýa geçirmegiň ýaýbaňlanmagy üçin tehnika, ýarag, maddy we tehniki serişdeleriň gorlary olaryň düzüm sanawyna laýyklykda döredilýär we saklanylýar.
14-nji madda. Raýat goranyşynyň birikmeleri, olaryň wezipesi we dörediliş tertibi
l. Raýat goranyşynyň birikmeleri parahatçylyk we harby döwürde adatdan daşary ýagdaýlar howp salanda we ýüze çykanynda gözleg-halas ediş, abatlaýyş-dikeldiş we beýleki gaýragoýulmasyz işleri geçirmek üçin niýetlenendir.
Raýat goranyşynyň birikmeleri kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, etraplarda, şäherlerde, welaýatlarda döredilýär we desgalaýyn hem-de çäkleýin birikmelere bölünýär.
Desgalaýyn birikmeler eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, şeýle hem ýasaýan ýeri boýunça döredilýär we kada bolşy ýaly, olaryň bähbitlerine peýdalanylýar. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň karary boýunça desgalaýyn birikmeler degişli çäkleriň bähbitleri üçin işieri ýerine ýetirmäge çekilip bilner.
Çäkleýin birikmeler welaýatlarda, etraplarda, şäherlerde döredilýär we Raýat goranyşynyň degişli başlyklaryna tabyn bolýarlar. Çäkleýin birikmeleri döretmegiň binýady kärhanalar, edaralar we guramalardyr.
Raýat goranyşynyň birikmeleriniň düzümi we sany geljekki abatlaýys-halas ediş işleriniň çaklama hasaplamalary we möçberi esasynda parahatçylyk we harby döwür adatdan daşary şertlerinde ilatyň çäkleriň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ygtybarly goragyny üpjün edýän ýeterlik zerurlygyndan ugur alnyp kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň ýer titremelerine duçar bolujylykly sebitleri üçin Raýat goranyşynyň birikmeleri ilatyň 10 adamyna azyndan bir halas edijiniň; suw joşmalaryna, ýangynlara we beýleki bolaýmagy mümkin howplara sezewar bolujylykly senagal sebitleri we çäkleri üçin ilatyň 15-20 adamyna bir halas edijiniň hasabyndan taýýarlanylýar.
Raýat goranyşynyň birikmeleri döredilýän kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary bu birikmeleriň hünär taýýarlygy, häzirki zaman tehnikasy, gurallar, enjamlar, beýleki maddy serişdeler bilen enjamlaşdyrylyşy we olaryň hemişe taýýar ýagdaýda saklanylmagy üçin şahsy jogapkärçilik gekýärler.
2. Raýat goranyşynyň birikmeleriniň esasy görnüşleri:
1) halas ediş birikmeleri barlamak, agtaryş we zeper ýetenleri üýşmeklerden çykarmak, ilkinji saglygy goraýyş kömegini bermek üçin niýetlenendir we olar jemlenen halas ediş toparlaryndan, halas ediş toparlaryndan, adamlary agtaryş toparlaryndan, gözleg toparlaryndan we başgalardan durýar;
2) inženerçilik birikmeleri inženerçilik agtaryşyny, üýşmek päsgelçiliklerden geçelgeleri, ötelgeleri gurmak, ýollary we köprüleri, şol sanda suw böwetleriniň üsti bilen emeli geçelgeleri dikeltmek we gatnalýan ýagdaýynda saklamak. partlaýyş işlerini geçirmek, berbat edilen ýerlerde ýykylan desgalaryň üstüni açmak we beýleki inženerçilik işlerini geçirmek üçin niýetlenendir we inženerçilik toparlaryndan, ýol-köpri toparlaryndan, partlaýyş işleriniň toparlaryndan, inženerçilik agtaryş toparlaryndan we başgalardan ybaratdyr.
şozýän wezipeleriniň aýratynlygyna baglylykda inženerçilik birikmeleri işleriň özbaşdak ýerine ýetirilmegini üpjün edýän tehnika we enjam bilen üpjün edilmelidir.
3) Raýat goranyşynyň gulluklarynyň birikmeleri ilatyň durmuş üpjünçiligi, halas ediş birikmelerini güýçlendirmek, olaryň hereketlerini hemmetaraplaýyn üpjün etmek üçin niýetlenendir we olar lukmançylyk, aragatnaşyk, jemgyýetçilik tertibini goraýyş, ýangyna garşy göreş, abatlaýyş-tehniki, maddy üpjünçilik, ulaglar, haýwanlary we ösümlikleri goraýyş we başga birikmelere bölünýär.
3. Merkezi dessin halas ediş toparlary barmasy kyn ýerlerde, ýokary
çylşyrymly desgalarda gözleg-halas ediş işlerini geçirmek hem-de ejir çekenlere gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin niýetlenendir.
Merkezi dessin halas ediş toparlary ýokary taýýarlyk birikmeleridir we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen döredilýär.
4.Welaýat, etrap, şäher dessin halas ediş toparlary gözleg-halas ediş işlerini geçirmek we ejir çekenlere tiz kömek bermek üçin niýetlenendir. Olar ýokary taýýarlyk ýagdaýyndaky birikmeler hasaplanylýar, Raýat goranyşynyň degişli başlyklarynyň kararlary bilen döredilýär we ýerli býujetleriň hasabyna saklanylýar.
5.Raýat goranyşynyň birikmelerine zähmete ukyply ýaşdaky erkekler we aýallar kabul edilýär, harby ýagdaýa geçirmegiň ýaýbaňlanyş buýruknamalary bolan harby borçlular (harby döwürde), I, II, III toparlaryň maýyplary, göwreli aýallar, sekiz ýaşa çenli çagaly aýallar muňa degişli däldir.
IV bap. Raýat goranyşynyň dolandyryş edaralary we gulluklary
15-nji madda. Raýat goranyşyna ýolbaşçylyk etmek
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Raýat goranyşyna umumy ýolbaşçylyk edýär, ol wezipesi boýunça Türkmenistanyň Raýat goranyşynyn Başlygy hasaplanylýar.
2. Türkmenistanyň goranmak ministri wezipesi boýunça Türkmenistanyň Raýat goranyşynyň başlygynyň orunbasary hasaplanylýar we ýurduň raýat goranyşyna gös-göni ýolbaşçylyk edýär.
3. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynda, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda Raýat goranyşyna olaryň başlyklary ýolbaşçylyk edýärler, olar wezipesi boýunça Raýat goranyşynyň degişli başlyklary hasaplanylýar we Raýat goranyşynyň çäreleriniň guralyşy we amala aşyrylyşy üçin şahsy jogapkärçilik çekýärler.
4.Raýat goranyşynyň başlyklaryna şu hukuk berilýär:
1) degişli derejedäki Raýat goranyşynyň meýilnamalaryny Türkmenistanyň Raýat goranyşynyň Başlygy tarapyndan bellenilen tertipde tassyklamak we herekete getirmek;
2) ilaty guramaçylykly göçüriş işini tabynlygyndaky çäkde bellenilen tertipde geçirmek;
3) raýat goranyşynyň meseleleri boýunça buýruklar, kararlar, emrler çykarmak;
4) kanunçylykda bellenilen tertipde kärhanalary, edaralary, guramalary we raýatlary Raýat goranyşynyň çäreleriniň geçirilmegine çekmek;
5) şu Kanunyň we raýat goranyşy boýunça beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilmegini şahsy adamlardan we eýegiligiň görnüşlerine garamazdan, edara görnüşli taraplardan talap etmek.
5. Raýat goranyşynyň degişli derejelerdäki başlyklarynyň raýat goranyşynyň meseleleri boýunça buýruklary, kararlary we emrleri ähli kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, şeýle hem wezipeli adamlaryň we raýatlaryň ýerine ýetirmegi üçin hökmanydyr.
16-njy madda. Raýat goranyşynyň dolandyryş edaralary
1. Raýat goranyşynyň çäreleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin şu edaralar döredilýär:
1) Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet topary we onuň düzüm gurluşly çäkleýin edaralary;
2) ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynda Raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar baradaky bölümler (işgärler);
3) kärhanalarda, edaralarda we guramalarda Raýat goranyşynyň dolandyryş merkezleri ýa-da raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar barada başga işlerden boşadylan hünärmenler, olar gös-göni Raýat goranyşynyň başlygyna tabyndyrlar.
2. Raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar baradaky dolandyryş edaralarynyň bölümleriň (dolandyryş merkezleriniň) ýolbaşçylary wezipesi boýunça Raýat goranyşynyň degişli başlyklarynyň orunbasarlary hasaplanylýar.
17-nji madda. Raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklary
1. Raýat goranyşynyň ýörite çäreleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek hem-de bu maksat bilen güýçleri we serişdeleri taýýarlamak üçin Raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň merkezi, welaýat, etrap, şäher gulluklary, şeýle hem zerur mahalynda bolsa kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň Raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar gulluklary döredilýär, olar gös-göni Raýat goranyşynyň başlygyna tabyn bolýarlar.
2. Raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar gulluklary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary, welaýat, etrap, şäher häkimleriniň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbasçylarynyň kararlary (buýruklary) bilen döredilýär.
5. Raýat goranyşynyň halas ediş çäreleriniň ýerine ýelirilmegini guramak maksady bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynda hem-de kärhanalarda, edaralarda we guramalarda guramaçylykly göçüriş, guramaçylykly goçürilenleri kabul ediş toparlary dörediýär.
V bap. Ýerine ýetlriji häkimiýet edaralarynyň,kärhanalaryň, edaralaryň
we guramalaryň ygtyýarlylyklary, Türkmenistanyň raýatlarynyň
raýat goranyşy babatyndaky hukuklary we borçlary
18-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň raýat goranyşy babatyndaky ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) Türkmenistanyň Raýat goranyşyna ýolbaşçylyk edýär;
2) Raýat goranyşy çygryndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny işläp taýýarlaýar we bu babatdaky döwlet maksatnamasyny Türkmenistanyň Prezidentine tassyklamak üçin berýär;
3) Raýat goranyşyny ösdürmegiň we kämilleşdirrnegiň esasy ugurlaryny, ony maliýeleşdirmegiň we maddy-tehniki taýdan üpjün etmegiň tertibini kesgitleýär;
4) parahatçylyk we harby döwürde ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly işlemegini ýokarlandyrmak baradaky çäreleriň işlenilip taýýarlanylyşyna we geçirilişine ýolbaşçylyk edýär;
5) şäherleri raýat goranyşy boýunça toparlara, kärhanalary, edaralary we guramalary bolsa derejelere degişli etmegiň tertibini we alamatlaryny tassyklaýar.
6) Raýat goranyşynyň ulgamyny parahatçylyk ýagdaýdan harby ýagdaýa geçirmegiň, guramaçylykly goçüriş çärelerini geçirmegiň tertibini kesgitleýär;
7) uly möçberli heläkçilikler, weýrançylyklar we tebigy betbagtçylyklar mahalynda abatlaýyş-halas ediş işlerini geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň aýry-aýry harby bölümleriniň ýaýbaňlandyrylmagy üçin karar kabul edýär.
19-njy madda. Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet topary:
1) Raýat goranyşynyň wezipelerini çözmäge gönükdirilen maksatly maksatnamalaryň işlenilip taýýarlanylmagyny we ýerine ýetirilmegini guraýar;
2) Raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklary hakyndaDüzgünnamany tassyklaýar;
3) gyryjy ahwalatlar we adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda ilatyň howpsuzlygynyň, hojalygy ýörediji desgalaryň durnukly işlemeginiň wezipeleri boýunça usullaýyn üpjünçilik meselelerinde ministrlikleriň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň hem-de guramalaryň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini guraýar hem-de utgaşdyrýar;
4) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we şol ýagdaýlary ýok etmek boýunça çärelere Raýat goranyşy güýçleriniň gatnaşmagyna ýolbaşçylyk edýär;
5) raýat goranyşy babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar.
6) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.
20-nji madda. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň raýat goranyşy babatdaky ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi:
1) Raýat goranyşyna gös-göni ýolbaşçylyk edýär;
2) raýat goranyşyna taýýarlygyň we ony alyp barmagyň meseleleri boýunça özygtyýarlylygynyň çäklerinde çözgütler kabul edýär, olary ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, şeýle hem Türkmenistanyň ilatynyň ýerine ýetirmegi hökmanydyr;
3) abatlaýyş-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işler geçirilende Raýat goranyşynyň birikmeleriniň we harby bölümleriň dolandyrylmagyny guraýar;
4) Türkmenistanyň Raýat goranyşynyň parahatçylyk we harby döwür üçin meýilnamasyny işläp taýýarlaýar we ony tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär;
5) raýat goranyşy babatda kanunçylyk we gaýry kadalaşdyryjy hukuknamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürleýär;
6) adatdan daşary ýagdaýlardan goramak babatynda tabynlygyndaky guramalary, şol sanda täjirçilik bolmadyk ýoriteleşdirilen guramalary, okuw mekdeplerini döretmek we üýtgedip guramak boýunça çäreleri geçirýär;
7) Raýat goranyşynyň harby bölümleriniň şahsy düzüminiň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň we Raýat goranyşynyň birikmeleriniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň, ilatyň raýat goranyşy boýunça ýörite taýýarlygyny guraýar, bu maksat bilen taýýarlamagyň we gaýtadan taýýarlamagyň tertibini we degişli okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;
8) raýat goranyşynyň bähbitleri üçin tehnika, gorag serişdelerine, ýaraga we beýleki maddy-tehniki serişdelere bolan islegi kesgitleýär;
9) Türkmenistanyň çäginde Raýat goranyşynyň çäreleriniň ýerine ýetirilişine we ýagdaýyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;
10) habar bermegi guramak we Türkmenistanyň Raýat goranyşynyň ulgamyny taýýarlyk ýagdaýa getirmek boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar;
11) söweşjeň taýýarlyk ýagdaýynyň degişli derejesiniň girizilmegi hakynda, şeýle hem harby ýagdaýa geçirmegiň ýaýbaňlanyşyny yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparyna, harby wekillikleriň üsti bilen bolsa welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi Goranmak minislrliginiň harby bölümlerine we birikmelerine habar berýär;
12) Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlary esasynda raýatlary Türkmenistanyň Raýat goranyşynyň ulgamyna harby gulluga çagyryşlaryny, harby gullukçylary ätiýaçlyga goýbermegi, çagyrylyş düzümini tälim alyş ýygnanyşyklaryna çagyrmagy, şeýle hem raýatlaryň harby ýagdaýa geçirmegiň ýaýbaňlanyşy boýunça çagyryşyny geçirýär;
13) Türkmenistanyň Raýat goranyşynyň harby bölümleriniň söwesjeň we harby-ýagdaýa geçirmek ýaýbaňlanyşyna taýýarlygyny üpjün edýar;
14) Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligini we onuň ýerlerdäki birliklerini, Raýat goranyşynyň harby bölümlerini we tabynlygyndaky guramalary çagyrylyş boýunça harby gullukçylar we harby ýagdaýa geçirmegiň ýaýbaňlanyş serişdeleri bilen üpjün edilmegini, ofiserleriň ätiýaçlykdan harby gulluga çagyrylmagyny (kabul edilmegini), harby gullukdan boşadylmagyny amala aşyrýar, şeýle hem özygtyýarlylygynyň çäklerinde olara harby atlary dakmagyň meselelerini çözýär;
15) häzirki zaman gyryjy serişdelerini ulanmagyň netijelerinden ilaty we çäkleri goramak boýunça, seýle hem tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we şol ýagdaýlaryň ýetiren zyýanlaryny ýok etmek boýunça meseleler çözülende Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet topary bllen ylalaşykly hereket edýär;
16) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlygyna degisli edilen beýleki meseleleri çözýär.
21-nji madda. Türkmenistanyň ministrlikleriniň we ýerine ýetlriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralarynyň raýat goranyşy babatyndaky ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň ministrlikleri we ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralary raýat goranyşy babatda;
1) Raýat goranyşynyň meýilnamalaryny işläp taýýarlaýarlar, pudaklarda raýat goranyşyna ýolbaşçylyk edýärler;
2) Raýat goranyşynyň güýçlerini we serişdelerini, dolandyryş, habar beriş we aragatnaşyk ulgamlaryny döredýärler we olary hemişe taýýar ýagdaýda saklaýarlar;
3) Raýat goranyşynyň birikmeleriniň taýýarlygyny we pudagyň işgärlerine häzirki zaman gyryjy serişdelerinden goranmagyň usullaryny we adatdan daşary ýagdaýlar şertlerindäki hereketleri öwretmegi guraýarlar;
4) tabynlygyndaky kärhanalarda, edaralarda we guramalarda abatlaýyş halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleriniň geçirilmegini guraýarlar we ýolbaşçylyk edýärler;
5) häzirki zaman gyryjy serişdeleri howp salanda we ulanylanda, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde pudagyň işgärlerini goramak boýunça çäreleri meýilnamalaşdyrýarlar we geçirýärler;
6) parahatçylyk we harby döwürde pudagyň durnukly işlemegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görýärler;
7) işgärleri we olaryň maşgalalaryny guramaçylykly göçürmäge taýýarlamak we guramak boýunça çäreleri amala aşyrýarlar;
8) tabynlygyndaky kärhanalarda, edaralarda we guramalarda maddy-tehniki, azyk, lukmançylyk we gaýry serişdeleriň gorlaryny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bellän tertibinde raýat goranyşynyň bähbitleri üçin döredýärler we saklaýarlar hem-de olaryň toplanylyşyna, saklanylyşyna. täzelenilişine we ulanmak üçin taýýar saklanylyşyna gözegçilik edýärler.
22-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň raýat goranyşy babatdaky ygtyýarlylyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary:
1) Raýat goranyşynyň parahatçylyk we harby döwür üçin meýilnamalaryny işläp taýýarlaýarlar, tabynlygyndaky çäkde olaryň durmuşa geçirilişine ýolbaşçylyk edýärler;
2) tabynlygyndaky çäkde ýerleşen kärhanalar, edaralar we guramalar
tarapyndan Raýat goranyşynyň çäreleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik
edýärler;
3) ilata habar bermek we aragatnaşyk ulgamlaryny haýal etmän peýdalanmak üçin hemişe taýýarlygyny, olaryň enjamlaşdyrylyşyny we ösüşini üpjün edýärler;
4) dolandyryş edaralarynyň, Raýat goranyşynyň güýçleriniň we serişdeleriniň taýýarlygyny we taýýar saklanylmagyny, olaryň şahsy düzüm bilen üpjün edilmegini hem-de abatlaýyş-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işlerini alyp barmak üçin zerur tehnika, ýörite enjamlar, serişdeler bilen enjamlaşdyrylmagyny üpjün edýärler;
5) häzirki zaman gyryjy serişdeleri ulanylanda goranmagyň usullaryny we adatdan daşary ýagdaýlar şertlerindäki hereketleri kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ýolbaşçylaryna we hünärmenlerine hem-de ilata öwredilmegini guraýarlar;
6) abatlaýyş-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleri geçirmegi guraýarlar we geçirýärler, guramaçylykly göçüriş çäreleriniň geçirilmegini üpjün edýärler;
7) häzirki zaman gyryjy serişdeleri ulanylan şertlerinde we tebigy betbagtçylyklarda Raýat goranyşynyň emläginiň, maddy-tehniki, azyk, lukmançylyk we ilatyň ýasaýşynyň ilkinji nobatda üpjün edilmegini kepillendirýän gaýry serişdeleriň möçberlerini kesgitleýärler we olaryn toplanylyşyna, saklanylyşyna, täzelenişine we taýýar saklanylyşyna jogap berýärler;
8) parahatçylyk we harby döwürde guramalaryň durnukly işlemegini üpjün etmek boýunça çäreleri guraýar;
9) tabynlygyndaky çäkde Raýat goranyşynyň ýagdaýy üçin jogapkärçilik çekýärler.
23-nji madda. Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň raýat goranyşy babatdaky ygtyýarlylyklary
Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary:
1) parahatçylyk we harby döwür üçin Raýat goranyşynyň meýilnamalaryny işläp taýýarlaýarlar we olaryň durmuşa geçirilişine ýolbaşçylyk edýärler;
2) işleýän işgärleri, hojalygy ýörediji desgalary häzirki zaman gyryjy serişdeleriniň täsirinden hem-de tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlardan goramak boýunça çäreleri amala aşyrýarlar;
3) kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryn parahatçylyk we harby döwürde durnukly işlemegini üpjün edýärler;
4) Raýat goranyşynyň birikmelerini döredýärler we olary taýýarlyk ýagdayynda saklaýarlar hem-de öz desgalarynda abatlaýyş-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleri geçirmek üçin olaryň öwredilen hünärmenler bilen üpjün edilmegini we zerur tehnika, gurallar bilen enjamlaşdyrylmagyny üpjün edýärler;
5) habar bermegiň çäklendirilen ýerli ulgamyny, köpçülikleýin we şahsy gorag serişdelerini döredýärler we hemişe taýýarlyk ýagdayynda saklaýarlar;
6) işçileriň we gullukçylaryň raýat goranyşy boýunça öz borçlaryny ýerine ýetirmekleri üçin olara zerur şertleri döredýärler;
7) harby döwürde we adatdan daşary ýagdaýlarda Raýat goranyşynyň wezipelerini ýerine ýetirmek üçin ulag, maddy serişdelerini, gurallary we enjamlary kanunçylykda bellenilen tertipde berýärler.
24-nji madda. Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan adamlaryň raýat goranyşy boýunça hukuklary we borçlary
1. Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanyň çäginde ýasaýan daşary ýurtly raýatlar we raýatlygy bolmadyk adamlar şu hukuklara eýedirler:
1) häzirki zaman gyryjy serişdelerini ulanmagyň, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerinden öz janyny we saglygyny goramaga;
2) Raýat goranyşynyň wezipeleri ýerine ýetirilende maýyp bolan ýa-da aradan çykan mahalynda maddy we beýleki töleglere.
2. Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurtly raýatlar we raýatlygy bolmadyk adamlar şulara boçludyrlar:
l) Raýat goranyşynyň çäreleriniň ýerine ýetirilmegine gatnaşmaga, şeýle hem raýat goranyşy boýunça okuw geçmäge;
2) "Hemmeleriň dykgatyna!" duýduryşy boýunça hereketleriň tertibini, goranmagyň köpçülikleýin we şahsy serişdelerinden peýdalanmagyň düzgünlerini, goranmagyň esasy usullaryny we ejir çekenlere ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny bilmäge we ýerine ýetirmäge;
3) Raýat goranyşynyň desgalaryna we emlägine aýawly garamaga;
4) harby döwürde we adatdan daşary ýagdaýlarda raýat goranyşynyň wezipelerini ýerine ýetirmek üçin hususy ulanyşygynda bolan ulag serişdelerini, gurallaryny we enjamlaryny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bermäge.
VI bap. Raýat goranyşynyň zerurlyklarynyň maddy-tehniki üpjünçiligi. Raýat goranyşynyň desgalary we emlägi
25-nji madda. Raýat goranyşynyň harby bölümleriniň esasy gaznalary
1. Raýat goranyşynyň harby şäherçeleriniň ýasaýyş jaýlary we beýleki jaýlary, harby bölümleriniň okuw desgalary, okuw-maddy binýady, maddy we tehniki serişdeleri döwlet eýegiligindedir we olar Raýat goranyşynyň bölümleriniň esasy gaznalaryny düzýärler.
2. Raýat goranyşynyň harby bölümlerini ýerleşdirmek we hemişelik işi üçin ýerler we jaýlar, ammarlar we beýleki desgalar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hemişelik ýa-da wagtlaýyn peýdalanmaga berilýär.
3. Raýat goranyşynyň harby bölümleri Türkmenistanyň kanunçylygyna
laýyklykda ýerden, suwdan, howa we suw giňişliginden peýdalanýarlar.
26-njy madda. Raýat goranyşynyň desgalary we emlägi
1. Raýat goranyşynyň desgalaryna we emlägine şular degişlidir: ürkmenistanyň döwlet edaralarynyň, ähli derejedäki ýerine ýetiriji ýerli häkimiýetiň edaralarynyň ýerasty desgalaryň we ýerüsti jaýlaryň toplumy bilen bilelikdäki dolandyryş mesgenleri, Raýat goranyşynyň aýratyn durýan we gaýry binalaryň içinde gurlan gaçybatalgalary, Raýat goranyşynyň radiasiýadan goranmak üçin niýetlenen bukulalgalary, Raýat goranyşynyň emlägini saklamak üçin ammar jaýlary, şahsy gorag serişdeleri, radiasiýa, himiki aňtaw we dozimetrik gözegçilik abzallary, ýörite arassalaýjy abzallar, Raýat goranyşynyň gorag desgalarynyň howany süzgüç wentilýasiýasy we regenerasiýa serişdeleri, şahsy lukmançylyk serişdeleri, aragatnaşyk we habar beriş serişdeleri hem-de döwlet eýeçiligi bolup durýan beýleki maddy-tehniki serişdeleri, şeýle hem Raýat goranyşynyň bähbitlerine peýdalanmak üçin degişli edaralaryň býujet, býujetden daşary we öz serişdeleriniň hasabyna döredilen ýa-da satyn alnan beýleki maddy-tehniki serişdeleri, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň serişdeleri.
2. Welaýatlarda, etraplarda, säherlerde, säherdäki etraplarda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynda, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda Raýat goranyşynyň çärelerini üpjün etmek üçin Raýat goranyşynyň emläginiň gorlary döredilýär.
3. Raýat goranyşynyň desgalary we emlägi hususylaşdyrylmaga degişli däldir.
4. Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň dolandyryş gurluşlary we hojalyk işiniň görnüşleri üýtgedilen mahalynda Raýat goranyşynyň desgalarynyň we emläginiň maksatlaýyn peýdalanylyşy, şeýle hem olary döretmek we toplamak boýunça tabşyryklar olarda saklanyp galýar.
5. Raýat goranyşynyň desgalaryny döretmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
27-nji madda. Raýat goranyşynyň zerurlyklaryny maddy-tehniki aýdan üpjün etmek
Raýat goranyşynyň zerurlyklaryny maddy-tehniki taýdan üpjün etmek sular arkaly amala aşyrylýar:
1) merkezleşdirilen üpjün etmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna;
2) pudaklaýyn we çäkleýin üpjün etmek ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň hasabyna;
3) desgalaýyn üpjün etmek kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň öz serişdeleriniň hasabyna.
VII bap. Raýat goranyşynyň çärelerini maliýeleşdirmek
28-nji madda. Raýat goranyşynyň çärelerini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri
1. Raýat goranyşynyň çärelerini şeýle çeşmeler bilen maliýeleşdirmeklik amala aşyrylýar:
1) Türkmenistanyň döwlet häkimiýeti edaralarynda we olaryň tabynlygyndaky býujet guramalarynda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna;
2) welaýatlarda, etraplarda, şäherlerde, şäherdäki etraplarda we olaryň tabynlygyndaky býujet guramalarynda-degişli býujet serişdeleriniň hasabyna;
3) eýeçiligiň başga görnüşindäki kärhanalarda, edaralarda, guramalarda - olaryň serişdeleriniň hasabyna.
29-njy madda. Raýat goranyşynyň dolandyryş mesgenlerini we edaralaryny, harby bölümlerini saklamak
1. Raýat goranyşynyň harby bölümleri we düzüm birlikleri, Türkmenistanyň Raýat goranyşynyň Başlygynyň, minislrlikleriň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralarynyň dolandyryş mesgenleri Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna saklanylýar.
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň dolandyryş mesgenlerini döretmek, ol mesgenleri we olara hyzmat ediji isgärleri saklamak degişli býujetleriň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
2. Raýat goranyşynyň harby bölümleriniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň we onuň ýerlerdäki birlikleriniň dolandyryş mesgenleriniň, okuw edaralarynyň, barlaghanalaryň we beýleki edaralarynyň harby gullukçylary harby gulluga durýarlar we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ähli hukuklardan we ýeňilliklerden peýdalanýarlar. Raýat goranyşynyň harby bölümlerinde we beýleki guramalarynda hakyna tutma boýunça işleýän işçileriň we gullukçylaryň iş haky Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tölenllýär.
VIII bap. Jemleýji düzgünler
30-njy madda. Raýat goranyşynyň çärelerini ýerine ýetirmäge çekilýän adamlary ätiýaçlandyrmak hem-de olar aradan çykan ýa-da maýyp-müjrüp bolan mahalynda zyýanyň öwezini dolmak
Raýat goranyşynyň çärelerini ýerine ýetirmäge hem-de heläkçilikler, weýrançylyklar, tebigy we gaýry betbagtçylyklar bilen sertlendirilen adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini ýok etmeklige çekilen adamlar hökmany ätiýaçlandyrylmaga degişlidir hem-de olar aradan çykanda ýa-da maýyp-müjrüp bolanda zyýanyň öwezini dolmak, birwagtlaýyn kömek puluny bermek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
31-nji madda. Raýat goranyşy babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik
Şu Kanun we raýat goranyşy babatda beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly hukuga garşy hereketlere (hereketsizlige) ýol beren wezipeli adamlar we Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurtly raýatlar we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkarçilik çekýärler.
32-nji madda. Raýat goranyşy babatda halkara hyzmatdaşlygy
1. Raýat goranyşy babatda halkara hyzmatdaşlygy şulary nazarda tutýar:
1) raýat goranyşy boýunça halkara taslamalaryna gatnaşmagy, bu babatda ylymda we tehnikada gazanylanlaryň erkin alşylmagynyň amala aşyrylmagyny;
2) Raýat goranyşynyň güýçlerini halkara şertnamalary esasynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň çäklerinden daşyndaky adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini ýok etmäge çekmegi.
2. Eger Türkmenistanyň tassyklan halkara şertnamalarynda şu Kanunda bellenilendäkä garanda başga kadalar göz öňünde tutulsa, onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
2003-nji ýylyň 29-njy noýabry
№ 206-II