Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda (rejelenen görnüşi)

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda

 

1992-nji ýylyň 19-njy fewraly

 

(rejelenen görnüşi - 2001-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary¸ 2001 ý., № 1, 3-nji madda)

 

(26.03.2011 ý. № 175-IV, 20.12.2014 ý. № 162-V, 26.03.2016 ý. № 381-V, 20.10.2018 ý. 

№ 80-VI, 13.03.2021 ý. № 339-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

1 madda. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň halkynyň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydyr.

2 madda. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy gönüburçly matadyr. Baýdagyň uzynlygy onuň ininden birýarym esse uludyr.

Baýdak ýaşyl reňklidir. Gyzyl-gyrmyzy zolakda ýokardan aşak bäş sany esasy haly gölleri bolan ahalteke, ýomut, salyr, çowdur, ärsary gölleri ýerleşdirilendir, olar türkmen halkynyň dostlugynyň we jebisliginiň nyşanlarydyr. Olaryň her biriniň daşyna hem haly nagşy aýlanan, onuň daşky gyrasy zolagyň gyralary bilen utgaşdyrylan. Gyzyl-gyrmyzy zolagyň aşaky böleginde başlaýan ýerinde bir-birini kesip geçýän we ýokaryk dürli taraplara gönükdirilen iki sany zeýtun pudagy şekillendirilendir. Olaryň her biri aşakysyndan we ýokarkysyndan başgasy jübüt ýerleşen, uçlarynda kiçelýän ýapraklaryň onusyndan ybaratdyr.

Baýdagyň uly ýaşyl böleginde çep ýokarky burçda ak reňkli ýarymaý we bäş sany bäşburçly ýyldyz şekillendirilendir.

3 madda. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy aşakdaky ýerlerde
gerilýär:

Türkmenistanyň Prezident köşgüniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, gaýry döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň jaýlarynda – hemişelik;

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň maslahatlarynyň geçirilýän ýerlerinde - maslahatlaryň geçirilýän bütin döwründe; 

döwlet kärhanalarynyň, edaralarynyň we guramalarynyň jaýlarynda ‒ hemişelik;

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik, konsullyk we gaýry wekilhanalarynyň jaýlarynda – hemişelik;

ulag serişdelerinde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň diplomatik we gaýry resmi wekilleri bolan mahalynda.

Türkmenistanyň kanunçylygynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny ulanmagyň beýleki ýagdaýlary we halatlary göz öňünde tutulyp bilner.

4 madda. Hatyra güni – 6-njy oktýabrda hatyra çäresi hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy aşak düşürilýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň yglan eden çözgüdi boýunça beýleki halatlarda matam tutmak we hatyra çäresi hökmünde aşak düşürilip bilner.

5 madda. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, onuň reňki, şekili, ölçegi we materialy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakyndaky Düzgünnama arkaly bellenilen ölçege, reňke, materiala we şekile laýyk gelmelidir.

6 madda. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyrylan we düşürilen mahaly, şeýle hem dabaraly yöriş bilen geçilen mahaly baýdaga hormat goýmak, nyzamy «göneliň» ýagdaýynda amala aşyrylýar.

7 madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny ulanmagyň beýleki ýagdaýlary we halatlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

8 madda. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şu Kanunyň talaplarynyň bozulyp ulanylmagy, onuň hormatynyň gaçyrylmagy ýa-da oňa hormat goýulmazlygy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                   Saparmyrat

      Prezidenti                                                       Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

2001-nji ýylyň 24-nji ýanwary 

№ 57-II