Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordenini döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 1, 5-nji madda)
(16.10.2001 ý. № 89-II; 13.07.2007 ý. № 131-III; 02.10.2009 ý. № 68-IV we
16.08.2014 ý. № 111-V Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen
üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Türkmenistanyň halkynyň Altyn asyry bolan XXI asyr türkmen jemgyýetiniň durmuşynda täze eýýamdyr.
Bu taryhy döwrüň başy häzirki zaman Türkmen döwletini esaslandyryjy, öz halkynyň wepaly we şöhratly ogly, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady bilen bütinleý baglanyşyklydyr.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň türkmen halkynyň ägirt uly Altyn asyr Maksatnamasynda amala aşyrylan we XXI asyrda milletiň gülläp ösmegine gönükdirilen asylly taglymlary Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, milli döwletliligi pugtalandyrmak, halkara möçberinde onuň abraýyny ýokarlandyrmak, däbe öwrülen ruhy-ahlak başlangyçlary adamlaryň durmuşynda dikeltmek we ösdürmek üçin kuwwatly güýçdir. Milli baştutanymyz tarapyndan bu Maksatnamada goýlan, uzak möhletli taryhy geljege niýetlenen maksatlaryň we wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ähli türkmenistanlylaryň netijeli zähmet işi bilen köp derejede baglanyşyklydyr.
Adamlaryň halal we döredijilikli zähmeti hemme wagtda däp-dessurlary zähmet adamyna we onuň işlerine bolan hormata we aýratyn sylaga taryhy taýdan esaslanan türkmen halkynyň gülläp ösmeginiň we belentliginiň esasy sebäbi boldy we bolmagynda galýar.
Raýatlaryň döwletiň we jemgyýetiň öňündäki hyzmatlaryny höweslendirmek, olaryň zähmet üstünliklerini ýokary döwlet derejesinde ykrar etmek, şeýle hem aýratyn tapawutlanan, türkmen halkynyň Altyn asyrynda ýokary zähmet we hünärlilik netijelerini gazanan adamlary bellemek maksady bilen:
1 madda. Dowlet sylagyny - Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordenini döretmeli.
2 madda. Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeniniň düzgünnamasyny tassyklarnaly (goşulýar).
3 madda. Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeniniň ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
2001-nji ýylyň 18-nji fewraly
№ 61 – II
Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeniniň
STATUTY
(rejelenen görnüşi)
1. Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni Türkmenistanyň döwlet sylagy bolmak bilen, XXI asyrda - türkmen halkynyň Altyn asyrynda zähmet we hünär işinde aýratyn hyzmatlar üçin tapawutlandyryş derejesidir.
2. Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeniniň üç derejesi bar. Olar:
I derejeli «Altyn asyr» ordeni;
II derejeli «Altyn asyr» ordeni;
III derejeli «Altyn asyr» ordeni.
I dereje ýokary derejedir.
3. Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni bilen:
Türkmenistanyň özbaşdaklygyny we garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, döwletiň goranmak ukybyny we howpsuzlygyny berkitmäge, ýurtda kanunylygyň we hukuk tertibiniň ýokary derejesini saklamaga, Türkmenistanyň halkara möçberindäki abraýyny ýokarlandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin;
ykdysadyýeti, ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti, sungaty ösdürmekde görkezen hyzmatlary üçin;
ajaýyp döredijilik üstünlikleri, ýokary ussatlygy we hünär ezberligi üçin sylaglanylýar.
4. Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak yzygiderli: üçünji derejeli, ikinji derejeli we birinji derejeli tertipde geçirilýär. Şunda ordeniň has ýokary derejesi bilen sylaglamaklyk ordeniň şondan öňki derejelisi bilen sylaglanylmagynyň azyndan bäş ýyl geçenden soň geçirilýär.
5. Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni bilen Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.
Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni bilen beýleki döwletleriň raýatlary hem sylaglanylyp bilner.
6. Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak ýylda bir gezek geçirilýär we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabat getirilýär.
Beýleki halatlarda Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi boýunça geçirilýär.
7. Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglanan adamlara:
Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni we şahadatnama gowşurylýar;
iň pes aýlyk zähmet hakynyň ýigrimi essesi möçberde birwagtlaýyn baýrak berilýär («Altyn asyr» ordeniniň I, II, III derejeleri bilen sylaglananlar üçin);
iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna şu aşakdaky möçberlerde her aýlyk goşmaça töleg bellenilýär:
I derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglananlara - 30 göterim;
II derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglananlara - 20 göterim;
III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglananlara- 10 göterim.
Şunda «Altyn asyr» ordeniniň iki ýa-da üç derejesi bilen sylaglanan adamlara has ýokary dereje üçin göz öňünde tutulan möçberde her aýda goşmaça töleg tölenilýär.
Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeniniň plankasynyň
ÝAZGYSY
Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeniniň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, onda dikligine bäş sany haly gölleri we iki tarapa ýaýrap duran altyn reňkli zeýtun şahalary ýerleşdirilen, plankanyň aşaky gyrasynda göllerden çep gapdala uzynlygyna üç sany çyzyk ýerleşdirilen. Plankanyň sag gapdalynda I derejeli orden üçin altyn reňkli bir sany dik çyzyk, II derejeli orden üçin kümüş reňkli iki sany dik çyzyk, III derejeli orden üçin bürünç reňkli üç sany dik çyzyk ýerleşdirilen.
Plankanyň daşky gyrasy sary reňk bilen örtülendir.
Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeniniň
ÝAZGYSY
(rejelenen görnüşde)
Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni sekizburçluk görnüşinde bolup, burçlarynyň arasy ýaşyl reňkli dik çyzyklar bilen birikdirilen we burçlaryň hersi: I derejeli «Altyn asyr» ordeni göwher daşlarynyň, II we III derejeli «Altyn asyr» ordenleri bolsa ak sirkoniý daşlarynyň üçüsi bilen bezelen. Sekizburçlygyň içinde ýerleşdirilen tegelekler altyn çaýylan zynjyryň şekili bilen jäheklenen. Ordeniň umumy diametri 44 mm.
Ordeniň merkezinde Günüň şöhleleri şekillendirilen diametri 22 mm bolan ýerligi ak reňkli syrça bilen örtülen tegelegiň merkezi böleginde Türkmenistanyň altyn çaýylan kartasy we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasynyň altyn çaýylan güberçek şekili ýerleşdirilen.
Ordeniň merkezi tegeleginiň daşynda diametri 4 mm bolan ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen ýarym aýlawyň ýokary böleginde «ALTYN ASYR» diýen ýazgy, altyn çaýylan aşaky bölegi bolsa iki tarapa ýaýrap gidýän arasynda pagta hanalarynyň bäşisi goýulan, bugdaý sümmülleri ýerleşdirilen.
Orden halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 31 mm bolan açyk kitap görnüşinde şekillendirilen kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň ortasynda gyzyl reňk bilen syrçalanan sütünde türkmen halysynyň gölleriniň bäşisi goýulan. Kolodka ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen.
Ordeniň arka tarapynda onuň derejesine baglylykda I «DEREJE», II «DEREJE» we III «DEREJE» diýen ýazgy bar.
Türkmenistanyň I derejeli «Altyn asyr» ordeni we onuň kolodkasy 750 mähekli altyndan ýasalýar.
Türkmenistanyň II derejeli «Altyn asyr» ordeni we onuň kolodkasy 925 mähekli kümüşden ýasalýar.
Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni we onuň kolodkasy 925 mähekli kümüşden bürünç çaýylyp ýasalýar.