Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Adatdan daşary ýagdaýlaryň
öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda
(rejelenen görnüşi)
1998-nji ýylyň 15-nji sentýabry
(rejelenen görnüşi - 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanuny - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 9-njy madda)
Şu Kanun adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi bilen baglanyşykly işiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny belleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) adatdan daşary ýagdaý – adam pidalaryna, adamlaryň saglygyna ýa-da daşky gurşawa zyýan ýetirilmegine, uly möçberde maddy ýitgilere we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň bozulmagyna getiren ýa-da getirip biljek heläkçilikler, gaýry tehnogen häsiýetli howply ýagdaýlar, weýrançylyklar, howply tebigy hadysalar ýa-da gaýry betbagtçylyklar netijesinde belli bir çäkde emele gelen ýagdaý;
2) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak – adatdan daşary ýagdaýlar döremezinden ozal geçirilýän adatdan daşary ýagdaýlaryň döremek töwekgelçiligini mümkin boldugyça aňrybaş derejede peseltmäge, şeýle hem olar dörän halatynda adamlaryň janyny halas etmäge we saglygyny gorap saklamaga, maddy we medeni gymmatlyklaryň ýitgileriniň möçberlerini azaltmaga gönükdirilen çäreleriň toplumy;
3) adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek – adatdan daşary ýagdaýlar dörände adamlaryň janyny halas etmäge we saglygyny gorap saklamaga, maddy we medeni gymmatlyklaryň ýitgileriniň möçberlerini azaltmaga gönükdirilen ewakuasiýa (göçüriş) çärelerini, şeýle hem heläkçilik - halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işlerini geçirmek, lukmançylyk we psihologik kömek bermek, adatdan daşary ýagdaýlaryň beýleki zolaklara ýaýramagyny çäklendirmek, adatdan daşary ýagdaýlara mahsus bolan howply ýagdaýlary ýok etmek;
4) adatdan daşary ýagdaýyň zolagy – adatdan daşary ýagdaýyň emele gelen çägi;
5) ilaty habardar etmek – adatdan daşary ýagdaýlaryň döremek howpy abananda ýa-da dörände emele gelýän howplar barada habardar etmek signallaryny we gyssagly maglumatlary ilata ýetirmek;
6) maglumatlary ilata ýetirmek – raýat goranyşy, ilaty we çäkleri adatdan daşary ýagdaýlardan goramak, şol sanda potensial taýdan howply desgalarda adamlaryň howpsuzlygyny we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem dörän ýa-da maglumat berilýän adatdan daşary ýagdaýlar barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýa-da beýleki serişdeler arkaly ilata maglumatlary ýetirmek.
2-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň
alynmagy we ýok edilmegi hakynda
Türkmenistanyň kanunçylygy
Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry
Şu Kanunyň hereketi adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek, şeýle hem olar dörände ilaty we çäkleri goramak boýunça fiziki we ýuridik şahslaryň işiniň barşynda döreýän gatnaşyklara degişlidir.
4-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary
Şu Kanunyň maksatlary:
1) adatdan daşary ýagdaýlaryň döremeginiň we ösmeginiň öňüni almak;
2) adatdan daşary ýagdaýlaryň zyýanynyň we ýitgileriniň möçberlerini azaltmak;
3) adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek;
4) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ygtyýarlyklaryny kesgitlemek.
5-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň
alynmagynyň we ýok edilmeginiň
esasy ýörelgeleri
Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi şu ýörelgeleriň esasynda amala aşyrylýar:
1) ynsanperwerlik;
2) adamyň janynyň we saglygynyň ileri tutulmagy;
3) aýanlyk;
4) maglumatlaryň takyklygy;
5) adatdan daşary ýagdaýlardan goramak üçin öňüni alyş çäreleriniň öz wagtynda geçirilmegi.
6-njy madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni
almak we ýok etmek boýunça bitewi
döwlet ulgamy
1. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça bitewi döwlet ulgamy döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ygtyýarlyklaryna adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça meseleleri çözmeklik degişli edilen kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň güýçlerini we serişdelerini jemleýär.
2. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça bitewi döwlet ulgamynyň düzümi we işiniň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýan Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.
7-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň
alynmagy we ýok edilmegi üçin döredilýän
heläkçilik-halas ediş toparlary
1. Heläkçilik-halas ediş toparlary adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, ilatyň gündelik ýaşaýyş-durmuşynda, önümçilikde we ýol-ulag hadysalarynyň, ýangynlaryň, potensial taýdan howply desgalardaky betbagtçylyklaryň netijesinde emele gelen adatdan daşary ýagdaýlaryň zyýanly netijelerini aradan aýyrmak işlerini geçirmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýär.
2. Dörän adatdan daşary ýagdaýlarda we emele gelen betbagtçylyklarda gözleg-halas ediş işlerini alyp barmagyň tertibi halas ediş işleri babatda ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi üçin döredilýän heläkçilik-halas ediş toparlarynda harby gullugy geçýän halas edijileri ätiýaçlandyrmak «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.
8-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlary çaklamak
Adatdan daşary ýagdaýlary çaklamak adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça bitewi döwlet ulgamyna girýän degişli döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
9-njy madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň zolaklarynyň
araçäklerini kesgitlemek we ilaty
habardar etmek
Adatdan daşary ýagdaýlaryň zolaklarynyň araçäklerini kesgitlemegiň tertibi we ilaty habardar etmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
10-njy madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň
döremek töwekgelçiligini peseltmek
maksady bilen amala aşyrylýan
gorag çäreleri
Adatdan daşary ýagdaýlaryň döremek töwekgelçiligini mümkin boldugyça aňrybaş derejede peseltmek maksady bilen, aşakdaky gorag çäreleri amala aşyrylýar:
1) binalaryň hem-de desgalaryň seýsmiki taýdan durnuklylygyny güýçlendirmek;
2) gidrotehniki ulgamlaryň we desgalaryň durnuklylygyny üpjün etmek;
3) aragatnaşyk, energiýa üpjünçiligi, ulag we beýleki kommunikasiýa ulgamlaryny ulanmagyň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin olary kämilleşdirmek;
4) howply tebigy hadysalaryň, ýangynlaryň, epidemiýalaryň, epizootiýalaryň, epifitotiýalaryň we ösümlikleriň zyýankeşleriniň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça işleri öz wagtynda geçirmek;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki çäreler.
11-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň
alynmagy we ýok edilmegi çygrynda
maglumat we onuň aýanlygy
1. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygryndaky maglumat çaklanylýan ýa-da dörän adatdan daşary ýagdaýlar, olaryň netijeleri, şeýle hem degişli çäklerdäki radiasiýa, himiýa, lukmançylyk-biologik, partlama, ýangyn we ekologiýa howpsuzlygy baradaky maglumatlary özünde jemleýär.
2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygryndaky maglumatlar hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň bu çygyrdaky işi açyk we aýan bolup durýar.
3. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, kärhanalar, edaralar we guramalar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly, şol sanda adamlaryň köpçülikleýin toplanýan ýerlerinde ilaty habardar etmegiň we maglumatlary ýetirmegiň ýöriteleşdirilen tehniki serişdelerini ulanmak bilen we beýleki kanallar boýunça ilatyň we çäkleriň adatdan daşary ýagdaýlardan goralmagynyň ýagdaýy we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler, çaklanylýan we dörän adatdan daşary ýagdaýlar, ilaty olardan goramagyň tärleri we usullary barada maglumatlary ilata dessin we takyk ýetirmäge borçludyrlar.
4. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygryndaky maglumatlaryň gizlenmegi, öz wagtynda berilmezligi ýa-da görnetin ýalan maglumatlaryň berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.
5. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ilaty, döwlet häkimiýet edaralaryny, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny, kärhanalary, edaralary we guramalary maglumat bilen üpjün etmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
II BAP. ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARYŇ ÖŇÜNIŇ ALYNMAGY WE ÝOK EDILMEGI ÇYGRYNDA DÖWLET EDARALARYNYŇ WE ÝERLI ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞ EDARALARYNYŇ YGTYÝARLYKLARY
12-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda bitewi döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär, ony durmuşa geçirmegiň strategik we taktiki çärelerini işläp taýýarlaýar;
2) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we olary Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklamagyna hödürleýär;
3) şu Kanunyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar we gözegçilik edýär;
4) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ygtyýarly edaralary kesgitleýär;
5) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ylmy we tehnikany, esasy ylmy barlaglary hem-de işläp taýýarlamalary ösdürmek boýunça işiň utgaşdyrylmagyny amala aşyrýar;
6) adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini ýok etmek üçin niýetlenen ätiýaçlyk serişdelerini döretmegiň, saklamagyň, peýdalanmagyň we öwezini dolmagyň tertibini kesgitleýär;
7) Türkmenistanyň çägine getirilýän, ondan alnyp gidilýän we üstaşyr geçirilýän güýçli täsir ediji we partlaýjy maddalary, partladyjy serişdeleri, himikatlary, radiasiýa howply ýükleri, radioaktiw maddalary we olaryň çeşmelerini daşamagyň, saklamagyň hem-de ulanmagyň tertibini belleýär;
8) adatdan daşary ýagdaýlaryň toparlara bölünmesini belleýär;
9) adatdan daşary ýagdaýlardan ejir çeken raýatlara birwagtlaýyn maddy we maliýe kömegini bermek boýunça çözgüt kabul edýär;
10) döwlet häkimiýet edaralarynyň güýçlerini we serişdelerini adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek üçin çekmegiň tertibini kesgitleýär.
13-nji madda. Türkmenistanyň Adatdan daşary
ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň
ygtyýarlyklary
1. Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet topary:
1) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça bitewi döwlet ulgamynyň işine umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar;
2) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ýerine ýetirilmegi hökmany bolan çözgütleri kabul edýär;
3) adatdan daşary ýagdaý şertlerinde döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrýar;
4) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen onuň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
2. Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama we onuň düzümi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
14-nji madda. Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli
öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň
ygtyýarlyklary
1. Döwlet häkimiýet edaralary:
1) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýarlar;
2) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek maksady bilen, zerur güýçleriň we serişdeleriň taýýarlanylmagyny we taýýar ýagdaýda saklanylmagyny amala aşyrýarlar;
3) adatdan daşary ýagdaýlaryň döremek howpy abananda esasy hereketleri we olar dörände goranyş usullaryny tabynlygyndaky kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işgärlerine öwredilmegini guraýarlar;
4) adatdan daşary ýagdaýlarda ewakuasiýa (göçüriş) çäreleriniň geçirilmegini üpjün edýärler;
5) adatdan daşary ýagdaýlarda heläkçilik-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleriň geçirilmegini guraýarlar;
6) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda maliýeleşdirmegi amala aşyrýarlar;
7) adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek üçin maliýe we maddy gorlaryň ätiýaçlygyny döredýärler;
8) adatdan daşary ýagdaýlarda kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işleýşiniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirmäge ýardam edýärler;
9) heläkçilik-halas ediş toparlaryny aragatnaşygyň tehniki serişdeleri arkaly çagyryş ulgamynyň döredilmegini we işlemegini üpjün edýärler;
10) adatdan daşary ýagdaýlar dörände ýa-da döremek howpy abananda ilaty habardar etmegiň ulgamyny döredýärler we onuň hemişe taýýar ýagdaýda saklanylmagyny üpjün edýärler;
11) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda maglumatlaryň toplanylmagyny we olaryň alşylmagyny amala aşyrýarlar, şol sanda adatdan daşary ýagdaýlar dörände ýa-da döremek howpy abananda ilaty habardar etmegiň toplumlaýyn ulgamyny ulanmak arkaly döremek howpy abanýan ýa-da dörän adatdan daşary ýagdaýlar barada ilatyň öz wagtynda habardar edilmegini üpjün edýärler;
12) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça meýilnamalary işläp taýýarlaýarlar we tassyklaýarlar;
13) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen olaryň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.
2. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:
1) ilaty adatdan daşary ýagdaýlardan goramak üçin zerur güýçleri we serişdeleri döredýärler we taýýar ýagdaýda saklaýarlar;
2) adatdan daşary ýagdaýlardan goramak çygrynda ilaty taýýarlamagy amala aşyrýarlar;
3) adatdan daşary ýagdaýlarda ewakuasiýa (göçüriş) çäreleriniň geçirilmegini guraýarlar we amala aşyrýarlar;
4) adatdan daşary ýagdaýlar baradaky maglumatlaryň ilata ýetirilmegini amala aşyrýarlar;
5) adatdan daşary ýagdaýlarda heläkçilik-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleriň geçirilmegini guraýarlar hem-de özleriniň güýçleriniň we serişdeleriniň ýetmezçilik eden halatynda döwlet häkimiýet edaralaryna ýüz tutýarlar;
6) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça meýilnamalary işläp taýýarlaýarlar we tassyklaýarlar.
III BAP. ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARYŇ
ÖŇÜNIŇ ALYNMAGY WE ÝOK EDILMEGI
ÇYGRYNDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI
15-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň
alynmagy we ýok edilmegi çygrynda
ygtyýarly edaralar
Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işini utgaşdyrmagy amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bu çygyrda ygtyýarly edaralary kesgitleýär we olara degişli kadalaýyn düzgünleşdirmegi, şeýle hem ýörite rugsat berijilik, barlag we gözegçilik wezipelerini amala aşyrmagy ýükleýär. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ygtyýarly edaralaryň bellenilen tertipde döredilýän özüniň edara tabynlygyndaky düzüm birlikleri bolup biler.
16-njy madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň
alynmagy we ýok edilmegi çygrynda
döwlet häkimiýet edaralarynyň amala
aşyrýan işleri
1. Döwlet häkimiýet edaralary:
1) adatdan daşary ýagdaýlarda tabynlygyndaky kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işleýiş durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen guramaçylyk we inžener-tehniki çäreleri işläp taýýarlaýarlar we amala aşyrýarlar;
2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, önümçiligiň howpsuzlyk düzgünlerini we kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işgärlerini adatdan daşary ýagdaýlardan goramagyň düzgünlerini işläp taýýarlaýarlar we tassyklaýarlar;
3) radiasiýa, himiýa, lukmançylyk-biologik, partlama, ýangyn we ekologiýa howpsuzlygynyň berkidilmegi boýunça çäreleriň işlenilip taýýarlanylmagyny we durmuşa geçirilmegini, şeýle hem önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň taslamalaşdyrylmagynda, gurluşygynda we ulanylyşynda raýat goranyşynyň inžener-tehniki çäreleriniň kadalarynyň we düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün edýärler;
4) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we adatdan daşary ýagdaýlarda heläkçilik-halas ediş hem-de beýleki gaýragoýulmasyz işleri geçirmek boýunça çäreleriň geçirilmegini üpjün edýärler we maliýeleşdirýärler;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda beýleki işleri amala aşyrýarlar.
2. Döwlet häkimiýet edaralary ýörite taýýarlygy geçen halas edijilerden durýan güýçleri, şeýle hem serişdeleri adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek üçin ulanýarlar.
Adatdan daşary ýagdaýlar dörände döwlet häkimiýet edaralary adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça hereketleriň meýilnamasyna laýyklykda güýçleriň we serişdeleriň çekilmegini üpjün edýärler.
17-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň
alynmagy we ýok edilmegi çygrynda
kärhanalaryň, edaralaryň we
guramalaryň borçlary
Kärhanalar, edaralar we guramalar şu aşakdakylara borçludyrlar:
1) işgärlerini adatdan daşary ýagdaýlardan goramak boýunça zerur çäreleri meýilleşdirmäge we amala aşyrmaga;
2) adatdan daşary ýagdaýlarda kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işleýiş durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri meýilleşdirmäge we geçirmäge;
3) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek üçin güýçleriň we serişdeleriň döredilmegini, taýýarlanylmagyny we ulanmaga taýýar ýagdaýda saklanylmagyny üpjün etmäge;
4) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda işgärleriniň taýýarlanylmagyny amala aşyrmaga;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, adatdan daşary ýagdaýlar barada ýerli habardar ediş ulgamyny döretmäge we hemişe taýýarlykda saklamaga;
6) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça hereketleriň meýilnamalaryna laýyklykda garamagyndaky önümçilik we durmuş maksatly desgalarda we olara ýanaşyk ýerlerde heläkçilik-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleriň guralmagyny we geçirilmegini üpjün etmäge;
7) işgärlerini adatdan daşary ýagdaýlardan goramak boýunça çäreleri maliýeleşdirmäge;
8) adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek üçin maliýe we maddy gorlaryň ätiýaçlyklaryny döretmäge;
9) işgärlerini adatdan daşary ýagdaýlaryň döremek howpy abanýandygy ýa-da dörändigi barada habardar etmäge.
18-nji madda. Raýat goranyşy we adatdan daşary
ýagdaýlar baradaky bölümler (işgärler)
Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda meseleleri çözmek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertibe laýyklykda Raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar baradaky bölümler (işgärler) döredilýär.
19-njy madda. Adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmäge
jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy
1. Adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek boýunça çärelere jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň kanunçylygyna we özleriniň tertipnamalaryna laýyklykda gatnaşyp bilerler.
2. Adatdan daşary ýagdaýlaryň ýok edilmegine gatnaşýan jemgyýetçilik birleşikleri adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça bitewi döwlet ulgamynyň degişli dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylygynda hereket edýärler. Jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalaryny adatdan daşary ýagdaýlaryň zolagyna gatnatmak, olary ýerleşdirmek, azyk, zähmete hak tölemek, maddy-tehniki, lukmançylyk we adatdan daşary ýagdaýlaryň şertlerinde olaryň işiniň üpjünçiliginiň beýleki görnüşleri bilen bagly meseleleri çözmek jogapkärçiligi adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça bitewi döwlet ulgamynyň degişli dolandyryş edaralarynyň üstüne ýüklenýär.
3. Jemgyýetçilik birleşiklerinden adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmäge gatnaşyjylaryň degişli taýýarlygy bolmalydyr.
20-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek
üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň,
beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň
çekilmegi
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň güýçleri we serişdeleri adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çekilip bilner.
21-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlar ýok edilende
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň
güýçleriniň we serişdeleriniň ulanylmagy
Adatdan daşary ýagdaýlar ýok edilende Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň güýçleri we serişdeleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen olaryň üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda ulanylýar.
IV BAP. ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARYŇ
ÖŇÜNIŇ ALYNMAGY WE ÝOK EDILMEGI ÇYGRYNDA
RAÝATLARYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY
22-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň
alynmagy we ýok edilmegi çygrynda
raýatlaryň hukuklary
Türkmenistanyň raýatlarynyň şulara hukuklary bardyr:
1) adatdan daşary ýagdaýlar dörän halatynda janynyň, saglygynyň we şahsy emläginiň goralmagyna;
2) adatdan daşary ýagdaýlaryň döremek howpy abananda we dörände köpçülikleýin we şahsy gorag serişdelerinden hem-de ilaty goramak üçin niýetlenen gaýry emläkden peýdalanmaga;
3) adatdan daşary ýagdaýlaryň bolup biljek töwekgelçilikleri hem-de zerur howpsuzlyk çäreleri hakynda maglumatlary almaga;
4) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi meseleleri boýunça döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna ýüz tutmaga;
5) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça çärelere bellenen tertipde gatnaşmaga;
6) adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna;
7) adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek boýunça borçlaryny ýerine ýetirende şikes almagy ýa-da kesellemegi bilen baglylykda, zähmete ukyplylygyny ýitirende durmuş üpjünçiligine;
8) adamyň janyny halas etmek, eýeçiligi we hukuk tertibini goramak boýunça raýat borjuny ýerine ýetirende alnan şikesden wepat bolan ýa-da aradan çykan raýatlaryň maşgalalary üçin bellenilen tertipde ilaty we çäkleri adatdan daşary ýagdaýlardan goramak boýunça borçlaryny ýerine ýetirende alnan şikesden ýa-da keselden wepat bolanda ýa-da aradan çykanda ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa üpjünçiligine.
23-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň
alynmagy we ýok edilmegi çygrynda
raýatlaryň borçlary
Türkmenistanyň raýatlary şulara borçludyrlar:
1) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge;
2) hojalyk we gündelik zähmet işinde howpsuzlyk çärelerini berjaý etmäge, ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryny ýerine ýetirmäge;
3) adatdan daşary ýagdaýlar döremek howpy abananda esasy hereketleri we olar dörände goranyş usullaryny, ejir çekenlere ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň tärlerini, köpçülikleýin we şahsy gorag serişdelerinden peýdalanmagyň kadalaryny öwrenmäge;
4) zerur bolanda heläkçilik-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleriň geçirilmegine ýardam etmäge.
V BAP. ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARYŇ
ÖŇÜNIŇ ALYNMAGY WE ÝOK EDILMEGI
ÇYGRYNDA ILATY TAÝÝARLAMAK
24-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň
alynmagy we ýok edilmegi çygrynda
ilatyň taýýarlanylmagy
1. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ilaty taýýarlamagyň tertibi adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.
2. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ilatyň taýýarlanylmagy okuw usulyýet merkezlerinde, raýatlaryň işleýän, okaýan we ýaşaýan ýerlerinde geçirilýän okuwlar, tapgyrlaýyn okuwlar, türgenleşikler, wagyz-nesihat işleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ulanmak arkaly amala aşyrylýar.
3. Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar baradaky bölümleriň işgärleri ýa-da jogapkär işgärler adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýan bilim maksatnamalary boýunça taýýarlygy geçýärler.
25-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň
alynmagy we ýok edilmegi çygrynda
bilimleriň wagyz edilmegi
Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda bilimleriň wagyz edilmegi ilaty goramak we halas etmek bilen bagly işi amala aşyrýan döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygryndaygtyýarly edara tarapyndan geçirilýär.
VI BAP. ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARYŇ
ÖŇÜNIŇ ALYNMAGY WE ÝOK EDILMEGI
ÇYGRYNDA ÇÄRELERI MALIÝELEŞDIRMEK
26-njy madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň
alynmagy we ýok edilmegi çygrynda
maksatnamalary maliýeleşdirmek
Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda maksatnamalary maliýeleşdirmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
27-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň
alynmagy we ýok edilmegi boýunça
çäreleriň maliýe üpjünçiligi
1. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça çäreleri maliýeleşdirmek döwlet häkimiýet edaralary, kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, öz serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
2. Adatdan daşary ýagdaýlary we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça çäreleri maliýeleşdirmek adatdan daşary ýagdaýlar zolagynda ýerleşen kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň öz serişdeleriniň ýa-da degişli ýerli býujetiň, şeýle hem döwlet ätiýaçlandyrmasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen serişdeler ýeterlik bolmadyk halatynda, Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinde göz öňünde tutulan Türkmenistanyň Hökümetiniň ätiýaçlyk serişdeleriniň adatdan daşary ýagdaýlar üçin serişdeleri (gazna) ulanylýar.
28-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek üçin
niýetlenen maliýe we maddy gorlaryň
ätiýaçlygyny döretmek we peýdalanmak
Adatdan daşary ýagdaýlar dörän halatynda zerur serişdeleri dessin çekmek maksady bilen, adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek üçin niýetlenen maliýe we maddy gorlaryň ätiýaçlygy döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan öňünden döredilýär.
VII BAP. ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARYŇ
ÖŇÜNIŇ ALYNMAGY WE ÝOK EDILMEGI ÇYGRYNDA
DÖWLET SELJERIŞI WE DÖWLET GÖZEGÇILIGI
29-njy madda. Sebitleri ösdürmek, şäher gurluşygy,
desgalary gurmak, olaryň durkuny
täzelemek boýunça taslama
resminamalaryň döwlet seljerişi
Sebitleri ösdürmek, şäher gurluşygy, desgalary gurmak, olaryň durkuny täzelemek boýunça taslama resminamalaryň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda döwlet seljerişi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde amala aşyrylýar.
30-njy madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň
alynmagy we ýok edilmegi çygrynda
döwlet gözegçiligi
1. Şu Kanunyň, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda döwlet gözegçiligi amala aşyrylýar.
2. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
31-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin
jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
32-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2021-nji ýylyň 13-nji marty.
№ 334-VI.