Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň döwlet sylagyny - "Altyn asyryň hünär ussady" diýen ady döretmek hakynda"
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 1, 6- madda)
(Türkmenistanyň 16.10.2001 ý. № 89-II ,13.07.2007 ý. № 131-III we 02.10.2009 ý.
№ 68-IV Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
XXI asyr - Türkmenistanyň halkynyň altyn asyry bolup, ol türkmen jemgyýetiniň durmuşynda täze eýýamy aňladýar. Şu taryhy döwür häzirki zaman türkmen döwletiniň esaslandyryjysy, öz halkynyň wepaly we merdana ogly, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň baş ugurly maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň XXI asyrda döwleti we jemgyýeti ösdürmäge gönükdirilen, ylma esaslanan ajaýyp pikirleri we bitiryän beýik işleri Türkmenistanyň ähli raýatlaryny höweslendirdi we olaryň zähmet we döredijilik işeňňirligini galkyndyrdy.
Ähli zamanda ata-babalarymyzdan gelýän däbe görä, adamlaryň päk zähmetine, arassa we dörediji işine, olaryň ak ýürekden çekýän zähmetine sylag hem aýratyn hormat goýulýar. Ol öz nobatynda türkmen halkynyň belentliginiň we gülläp ösmeginiň baş ahwalaty boldy we şeýle bolmagynda galýar.
Raýatlaryň zähmet hyzmatlaryny höweslendirmek, olaryň gazanan zähmet üstünliklerini ýokary döwlet derejesinde ykrar etmek, işe bolan ahlak hyjuw-höwesini döretmek we ösdürmek, şeýle hem türkmen halkynyň Altyn asyrynda hünärinde ýokary ussatlyk netijelerini görkezýän adamlara aýratyn sylag-hormat goýmak maksady bilen:
1-nji madda. Türkmenistanyň döwlet sylagyny - "Altyn asyryň hünär ussady" diýen ady döretmeli.
2-nji madda. "Altyn asyryň hünär ussady" diýen adyň Düzgünnamasyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).
3-nji madda. "Altyn asyryň hünär ussady" diýen adyň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
2001-nji ýylyň 18-nji fewraly
№ 62 – II
Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen adyň
DÜZGÜNNAMASY
(rejelenen görnüşi)
1. Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen at Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup, ol zähmet işinde we hünärinde bitirilýän aýratyn hyzmatlar üçin niýetlenen tapawutlanyş derejesidir.
2. Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda bir kärhanada, edarada, guramada ýa-da bir pudakda, ýa-da iş çygrynda azyndan 10 ýyl işlän we öz işi bilen Türkmenistanyň özygtyýarlygyny we garaşsyzlygyny berkitmäge, döwletiň goranyş ukybyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, dünýä möçberinde ýurduň syýasy abraýyny artdyrmaga, ykdysadyýeti, ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti, sungaty we zähmet işiniň beýleki ugurlaryny ösdürmekde öňde goýlan maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmek işine uly şahsy goşant goşan we şunda ýokary ussatlygy hem-de ezber hünärliligi görkezen adamlara «Altyn asyryň hünär ussady» diýen at dakylýar.
3. Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen at Türkmenistanyň raýatlaryna dakylýar.
4. Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen at Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen dakylýar.
5. Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen at dakmak döwlet hakimiýetiniň we dolandyryşyň merkezi edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň teklipnamalary esasynda amala aşyrylýar.
Teklipnamalar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna iberilýär.
6. Ykdysadyýetiň pudaklarynyň, döwlet gullugy çygyrlarynyň, zähmet, döredijilik we jemgyýetçilik iş ugurlarynyň sanawy, şeýle hem Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» adynyň dakylmagyna hödürlenýän adamlaryň san düzümi her ýyl Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýär.
7. Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen at dakylan adamlara:
adyň şahadatnamasy we Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen döşe dakylýan nyşan gowşurylýar;
iň pes aýlyk zähmet hakynyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak berilýär;
iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna ýa-da pensiýasyna, kömek puluna her aýda iň pes aýlyk zähmet hakynyň 30 göterimi möçberinde goşmaça hak tölenilýär.
Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen adyň nyşanynyň
ÝAZGYSY
(täze redaksiýasy)
«Altyn asyryň hünär ussady» diýen adyň nyşany, ýerligi altyn çaýylan, diametri 42,5 mm bolan sekizburçly ýyldyz şekilindedir. Sekizburçly ýyldyzyň burçlarynyň arasynda, ýerligi haşamlanan gyzyl reňkli syrça bilen örtülen kiçi sekizburçly ýyldyz ýerleşdirilen. Kiçi sekizburçlugyň her burçunyň ortasynda üç sany ak sirkoniý daşjagazlar goýlan. Uly ýyldyzyň burçlarynyň ujunda altyn çaýylan togalak düwmejikler oturdylan. Ýyldyz iki tarapa ýaýrap gidýän zeýtun agajynyň ýapraklary bilen emele gelýän töwerek bilen sazlaşykly baglaşdyrylan. Ýyldyzyň ortasynda diametri 24 mm we 18 mm deň bolan iki tegelek ýerleşdirilen. Aýna görnüşli ak syrça örtülen merkezi tegelekde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň gapdala bakyp duran altyn çaýylan güberçek şekili ýerleşdirilen. Tegelegiň daşynda ýaşyl syrça örtülen diametri 24 mm, ini 3 mm bolan tegelek halkanyň ýokary böleginde «ALTYN ASYRYN HÜNÄR USSADY» diýen ýazgy, aşaky böleginde aýlawlaýyn 7 sany ak sirkoniý daşjagazy ýerleşdirilen.
«Altyn asyryň hünär ussady» diýen adyň nyşanynyň umumy diametri 45 mm.
Nyşan halkajyk arkaly altyn çaýylan, ini 31 mm, beýikligi 20 mm bolan göniburçly kolodka birleşdirilýär. Ýaşyl reňkli syrça örtülen kolodkada «TÜRKMENISTAN» diýen ýazgy, ýarym aý we ýyldyzlaryň bäşisi şekillendirilen.
Nyşan 925-nji mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylýar.