Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň "Ruhubelent" ordenini döretmek
hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý. № 3-4, 41-madda)
(13.07.2007 ý. № 131-III; 02.10.2009 ý. № 68-IV we 28.02.2015 ý. № 191-V
Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy Garaşsyzlyk hakynda eden arzuw-işlegleri wysal boldy. Garaşsyzlyk türkmeniň bir ganatyna, Bitaraplyk ikinji ganatyna öwrüldi. Şu iki ganatyň saýasynda bir agza bakyp, jebiş işläp, agzybir ýaşap, Garaşsyzlygyň her bir ýylynda asyra barabar işler bitirýäriş. Bitirilýän işleriň netijesinde hem biziň Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz içerki ykdysady ösüş boýunça dünýäde birinji orunda barýar.
Binýady berkden-berk tutulan Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün türkmen milli ösüşiň hil taýdan bütinleý täze zamanasyna - Altyn asyryna gadam başdy. Bu täze eýýäm milletiň ömrüne ömür goşdy. Munuň özi, ilki bilen ruhy eýýamdyr. Garaşsyz döwleti guran ilkinji günlerimizden başlap, ruhy baýlyga, halkyň ruhy ýaşaýşyna aýratyn üns berildi. Adamzadyň esasy güýjüniň ruhy güýjüdigini Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyly örän aýdyň görkezdi. Görlüp-eşidilmedik derejelerdäki üstünliklerimiziň gözbaşy ruhy galkynyşa aýratyn ähmiýet berenligimizdedir. Üstünliklerimiz - ruhy galkynyşymyzyň altyn miweleridir. Altyn ýaşaýşyň altyn açary - ruhy galkynyşdyr.
Bu gün Oguz han Türkmenden başlanýan ähli mukaddesliklerimizi - milli häsiýetlerimizi, milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda we olary täze taryhy altyn eýýama geçirmekde türkmen şahsyýetiniň üstüne uly borçlar düşýär.
Biz Altyn asyrda hem ata-babalarymyz ýaly durnukly, durumly, asylly, göwni giň şahsyýetler bolmalydyrys. Munuň üçin bolsa, iň gerek zat,bularyň barynyň ahlak-häsiýet esasy bolan zat - ruhubelentlikdir. Türkmen ruhybelentligi dünýa nusga bolmalydyr. Ruhubelentlik hemişe-de gerek. Taryhyň gözükmeleriniň üýtgeýän döwründe, ýonekeý adamlaryň özlerini garawsyz galan ýaly duýmazlyklary üçin ruhubelentlik has hem zerurdyr. Ruhubelentlik manysy - göwnüçökgünlikden daşda durmakdyr; il-güne ruhy hemaýat bolmakdyr; türkmeniň Altyn asyrynda altyn ýaşaýyşda ýaşamakdyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Türkmen üçin hemme zatdyr, baş ýaşaýyş gymmatlygydyr. Çünki hut milli döwlet täze türkmen milletiniň doly kemala gelmegi üçin ähli taryhy şertleri döredýär we taryhy mümkinçilikleri kepillendirýär.
Mukaddes Ruhnama - türkmeniň ruhubelentlik ýoludyr, taglymatydyr; türkmeniň bäşinji altyn eýýamynda altyn ýaşaýyşda ruhubelent ýaşamagyň ýol görkeziji şamçyragydyr; türkmeniň nähili ýaşamalydygynyň, nähili ahlak, syýasy, maddy belentliklere galmalydygynyň beýanydyr. Durmuş hakykaty bolsa Ruhnamanyň bereketi egsilmejek ruhy güýç ceşmesi boljakdygyny, bu kitabyň zerurdygyny subut etdi.
Ruhubelent şahsyýeti döretmek biziň Altyn asyrymyzdaky baş maksatlarymyzyň biridir. Altyn asyrda her bir şahsyýet özüniň ruhy-ahlak sypatynyň milletiň ruhy-ahlak sypatynyň cäginde bolmagy barada aladalanmalydyr. Türkmen şahsyýetiniň ýüregi öz milleti bilen bir bolmalydyr, onuň ýüregi milletden aýry bolmaly däldir. Türkmene Altyn asyrda Watan diýip urýan ýürekler, Watan, Türkmenim diýip işleýän akyllar gerek. Watan hem millet her bir şahsyýetiň dilinde dogasy, işlerinde itergişi bolmalydyr.
Biziň jemgyýetimizde adamlara baha berlende olaryň dine bir zähmet edermenliklerine baha bermek bilen, zähmet edermenlikleri üçin sylaglamak bilen çäklenmek bolmaz. Biz adamlaryň beýik ahlak sypatlaryna seredip hem baha bermegi sylaglamagy ýola goýmalydyrys. Görüm-göreldäniň jemgyýetde çäksiz uly orny bar. Bu mukaddes işde aýratyn tapawutlanýanlary sylaglamak üçin "Ruhubelent" ordenini döretmek zerurdyr.
Mukaddes Ruhnamany çuň öwrenen, öz asylly ahlak sypatlary esasynda jemgyýetde uly abraýa mynasyp bolan, şeýle hem türkmeniň mukaddes Ruhnamasynda öňde goýlan altyn wezipeleri durmuşa geçirmekde, adamlarda ruhubelentlik sypatlaryny ornaşdymakda aýratyn tapawutlanýan adamlary sylaglamak maksady bilen karar edýärin:
1-nji madda. Türkmenistanyň "Ruhubelent" ordenini döretmeli.
2-nji madda. Türkmenistanyň "Ruhubelent" ordeniniň Statutyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).
3-nji madda. Türkmenistanyň "Ruhubelent" ordeniniň Ýazgysyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
2001 ýylyň 22-nji oktýabry
№ 92-II
Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeniniň
STATUTY
(rejelenen görnüşi)
(28.02.2015 ý. № 191-V Türkmenistanyň Kanuny)
1. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni döwlet sylagy bolup, milletiň asylly ahlak sypatlary esasynda jemgyýetde uly abraýa mynasyp bolan, şeýle hem Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe öňde goýulan wezipeleri durmuşa geçirmekde, adamlarda ruhubelentlik sypatlaryny terbiýelemekde aýratyn tapawutlanan adamlary sylaglamak maksady bilen döredilýär.
2. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen adamlaryň nusgalyk ahlak sypatlary göz öňünde tutulyp sylaglanylýar.
3. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen:
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň wezipelerini işinde göreldeli durmuşa geçirýänler;
şahsy kämilligi bilen aýratyn tapawutlanýan adamlar;
ruhubelentligi bilen jemgyýetde ruhana gatnaşyklary sazlaşykly ýola goýmagyň hötdesinden gelýän adamlar;
ruhubelentligi, ajaýyp ahlak sypatlary bilen ýaş nesle görüm-görelde bolýan adamlar;
ýaş nesli beýik nusgalyk ahlak sypatlarynda, ruhubelentlikde terbiýeleýän terbiýeçiler, mugallymlar;
döredijiliginde adamlary ruhy galkynyşlara ruhlandyrmagy başarýan edebiýat, sungat, medeniýet işgärleri sylaglanylyp bilner.
4. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.
Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen beýleki döwletleriň raýatlary hem sylaglanyp bilner.
5. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen sylaglamak Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabat getirilip, ýylda bir gezek geçirilýär. Beýleki halatlarda Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen sylaglamak Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi bilen geçirilýär.
6. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen sylaglanan adamlara:
Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni we onuň şahadatnamasy gowşurylýar;
iň pes zähmet hakynyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak berilýär we
iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, döwlet kömek puluna, talyp hakyna iň pes aýlyk zähmet hakynyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenýär.
7. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunçygynda bellenilen tertipde we halatlarda beýleki ýeňilliklerden hem peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeniniň plankasynyň
ÝAZGYSY
(02.10.2009 ý. № 68-IV Türkmenistanyň Kanuny)
Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeniniň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, onuň merkezinde Türkmenistanyň kartasynyň çekili ýerleşdirilen, plankanyň çер gapdalynda gyzyl reňkli çyzyk geçýar. Plankanyň daşky gyrasy sary reňk bilen örtülendir.
Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeniniň
ÝAZGYSY
(täze redaksiýasy)
(13.07.2007 ý. № 131-III Türkmenistanyň Kanuny)
«Ruhubelent» ordeni, umumy diametri 44,0 mm bolan ak reňkli syrça bilen örtülen gül görnüşindäki sekizburçly ýyldyz şekilindedir. Gül şekilindäki sekizburçly ýyldyzyň burçlarynyň arasynda, ýerligi haşamlanan gyzyl reňkli syrça bilen örtülen kiçi sekizburçly ýyldyz ýerleşdirilen. Kiçi sekizburçlugyň her burçunyň gyraňy boýunça 5 sany göwher daşjagazlar goýlan. Gül şekilindäki ýyldyzyň burçlary altyn reňkli milli nagşy bilen bezelip, onuň merkezinde ýaşyl reňkli zümerret daşjagazlary goýlan.
Ordeniň merkezinde diametri 30 mm we 23 mm deň bolan iki tegelek ýerleşdirilen. Günüň şöhleleri nur saçyp duran merkezi tegelekde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkli şekili we Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň gapdala bakyp duran altyn çaýylan güberçek şekili ýerleşdirilen. Merkezi tegelegiň daşynda gök syrça bilen örtülen diametri 30 mm, ini 3,5 mm bolan tegelek halkanyň ýokary böleginde «RUHUBELENT» diýen ýazgy, aşaky böleginde iki tarapa ýaýrap gidýan zeýtun agajynyň şahalary ýerleşdirilen.
Orden halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 31 mm bolan açyk kitap görnüşinde şekillendirilen kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň ortasynda gyzyl reňk bilen syrçalanan sütünde türkmen halysynyň bäş sany göli goýlan. Onuň iki tarapy açylan kitap sahypasy görnüşinde bolup, ýaşyl reňkli syrça bilen reňklenendir.
«Ruhubelent» ordeni 750-nji mähekli altyndan ýasalýar.