Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Eziz enelerimiziň, mähriban aýal-gyzlarymyzyň şanyna 8-nji marty ählihalk baýramçylygy hökmünde Halkara zenanlar güni diýip bellemek hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Eziz enelerimiziň, mähriban aýal-gyzlarymyzyň şanyna 8-nji marty ählihalk baýramçylygy hökmünde Halkara zenanlar güni diýip bellemek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý. № 2¸ 26-njy madda)

 

(17.04.2022 ý. № 469-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Garaşsyz Türkmenistanyň merdana halky durmuşymyzyň ähli ugurlarynda gazanan ägirt uly ösüşleri, agzybirlik, jebislik bilen XXI asyra - türkmeniň altyn asyryna ynamly gadam basdy.

Merdana türkmen enelerimiz, gelin-gyzlarymyz geçmişde pederlerimiziň ajaýyp ýörelgelerine laýyklykda, ata Watanyny erkekler bilen bile gözüniň göreji kimin gorap saklamaklygy, agzybirlikli, arkalaşykly ýaşap, päk zähmetiniň eşretini görüp, milli däp-dessurlarymyzy, ruhy gymmatlyklarymyzy ösdürip, azat, halal türkmen ojagynyň eýesi bolup geldiler. Türkmen halky ýürek yhlasynyň, çeper elleriniň gudratyndan inçe sungata öwüren nepis halysy, keşdesi, egin-eşigi bilen dünýäde meşhurlyk gazanan zenanlarymyza çuňňur hormat goýup, olaryň mertebesini hemişe belent saklap gelen halkdyr.

Bitarap döwletimizde aýal-gyzlarymyzyň bagtyýar ýaşamagy we işlemegi, altyn asyrymyzyň altyn nesillerini terbiýeläp ýetişdirmekligi üçin zerur şertleri döretmek, bagtly zamana, abadan durmuşa nazary düşen kümüş saçly, ak gyňaçly enelerimiziň ömür menzillerini uzaltmak baradaky asylly maksatlarymyzdan ugur alyp:

1. XXI asyryň - türkmeniň altyn asyrynyň ilkinji ýylyndan başlap ýazyň ilkinji aýynyň 8-nji mart gününi mähriban enelerimize, aýal-gyzlarymyza bagyşlanan ählihalk baýramçylygy hökmünde Halkara zenanlar güni diýip bellemeli

2. Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýyl 8-nji mart gününe eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şertinde aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, umumybilim edaralarynda okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmaly.

Pul sowgadynyň möçberi we onuň maliýeleşdirilmeginiň çeşmesi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Şu Kanunyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Minitsrler kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary gözegçilik etmeli.

 

 

Türkmenistanyň                                     Saparmyrat

Prezidenti                                                Türkmenbaşy

 

 

 

Aşgabat şäheri 

2000-nji ýylyň 9-njy marty 

№  18-II