Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşinde
jenaýat jeza çäresini ulanmagyň tertibi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý.¸ № 1¸ 4-nji madda)
Türkmenistanyň jenaýat-hukuk syýasatyny ynsanperwerleşdirmek baradaky çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen:
1. Esasy jeza hökmünde belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşinde jeza bellenilen mahaly ýa bolmasa azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly jezanyň çekilmedik bölegi belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jeza bilen çalşyrylan mahaly sud şeýle görnüşli jezany ulanmagyň maksadalaýyklygy hakynda döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň pikirini nazara alýar. Şunda görkezilen pikir ýazmaça beýan edilýär hem-de oňa sud edilýän ýa-da iş kesilen adam öz ulgamynda işlän döwlet häkimiýet ýa-da dolandyryş edarasynyň, jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşinde jezany ulanmak bilen baglanyşykly meseläniň garalýan ýeri boýunça welaýatyň ýa bolmasa Aşgabat şäheriniň häkimi tarapyndan gol çekilýär.
2. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezanyň çekilýän ýerini Türkmenistanyň Prezidenti kesgitleýär.
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
2000-nji ýylyň 23-nji marty
№ 22-II