Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň "Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin" diýen ordenini döretmek hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ 

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň "Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin" diýen ordenini döretmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1999 ý.¸ № 1¸ 11-madda)

 

(13.07.2007 ý.  № 131-Ш; 02.10.2009 ý. № 68-IV we 16.08.2014 ý. № 111-V 

Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar  bilen)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň "Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin" diýen ordenini döretmeli.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň "Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin" diýen ordeniniň Statutyny we Ýazgysyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).

 

 Türkmenistanyň                                               Saparmyrat 

     Prezidenti                                                     Türkmenbaşy

                                          

Aşgabat şäheri 

1999-njy ýylyň 1-nji marty 

№ 343-1

 

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeniniň

STATUTY

(rejelenen görnüşi)

 

1. Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurt döwletleriniň raýatlary sylaglanylýar.

3. Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ylmy we tehnikany ösdürmäge, ýurduň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan uly goşandy üçin, medeniýetde, edebiýatda, sungatda, saglygy goraýyşda, döwlet we jemgyýetçilik işinde, kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmakda, ösüp gelýän nesli okatmakda we terbiýelemekde, Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň we halkara guramalarynyň arasynda ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin sylaglamak maksady bilen döredildi.

4. Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglanan adamlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň on bäş essesi möçberde birwagtlaýyn baýrak hem-de iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna her aýda iň pes aýlyk zähmet hakynyň 15 göterimi möçberde goşmaça hak tölenilýär.

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

5. Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglanylan adamlara Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni we şahadatnama gowşurylýar.

 

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeniniň plankasynyň

ÝAZGYSY

 

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeniniň plankasynyň düşegi uzynlygyna ak çyzykly ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, onuň merkezinde altyn reňkli sekizburçlugyň şekili ýerleşdirilen.

 

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan

beýik söýgüsi üçin» diýen ordeniniň

ÝAZGYSY

(rejelenen görnüşde)

 

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni sekizburçly ýyldyz görnüşinde bolup, onuň gyralarynda   ak reňkli sirkoniý daşlarynyň 56-sy hem-de burçlaryň içinde   gyzyl reňkli sirkoniý daşlarynyň 8-si  bilen bezelen we her burçynda togalak düwme goýulan. Burçlaryň arasy ýaşyl reňkli ýapraklaryň ýedisi bilen gyralary jäheklenen. Ordeniň umumy diametri 44 mm.

Ordeniň merkezinde, Günüň şöhleleri şekillendirilen altyn çaýylan, diametri 22 mm bolan tegelegiň merkezi böleginde Türkmenistanyň ýaşyl reňkli syrçalanan kartasy we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasynyň altyn çaýylan güberçek şekili ýerleşdirilen.

Ordeniň merkezi tegeleginiň daşyndan diametri 31 mm we ini 4 mm bolan ýaşyl reňkde syrçalanan tegelek halkanyň içiniň ýokarky böleginde «GARAŞSYZ TÜRKMENISTANA BOLAN BEÝIK SÖÝGÜSI ÜÇIN» diýen ýazgy, aşaky böleginde bolsa iki tarapa ýaýrap gidýän altyn çaýylan zeýtun şahalary şekillendirilen.

Orden halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 31 mm bolan açyk kitap görnüşinde şekillendirilen kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň ortasynda gyzyl reňk bilen syrçalanan sütünde türkmen halysynyň gölleriniň bäşisi goýulan. Kolodka ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen.

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni we onuň kolodkasy 925 mähekli kümüşden altyn çaýylyp ýasalýar.