Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

«Altyn Aý» nyşanynyň ýazgysynyň täze redaksiýasyny tassyklamak hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

«Altyn Aý» nyşanynyň ýazgysynyň täze redaksiýasyny 

tassyklamak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1999 ý., № 3, 44-nji madda)

 

(11.07.2023 ý. № 40-VII Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

1. «Altyn Aý» nyşanynyň ýazgysynyň täze redaksiýasyny tassyklamaly.

2. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 1992-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda kabul edilen «Iň ýokary tapawutlandyryş derejesini - Turkmenistanyň Gahrymany diýen ady döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 3 maddasyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992-nji ýyl, № 9, 77 madda; 1995-nji ýyl, № 4, 56 madda).

 

  Türkmenistanyň                                               Saparmyrat 

      Prezidenti                                                     Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri 

1999-njy ýylyň 15-nji sentýabry

№ 390-1

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň «Altyn Aý» nyşanynyň 

ÝAZGYSY

(rejelenen görnüşi)

 

(08.11.2014 ý. № 146-V Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde)

 

(11.07.2023 ý. № 40-VII Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Türkmenistanyň «Altyn Aý» nyşany tegelek görnüşde bolup, ol biri-birine galtaşýan iki sany inedördüliň burçlary bilen emele gelen dogry sekizburçly ýyldyzy emele getirýär. Ýyldyz altyndan ýerine ýetirilen we dürli ululykdaky göwher daşlarynyň 128-si bilen bezelen Gün şöhleleriniň 48-sinden ybaratdyr. Nyşanyň umumy diametri - 60 mm.

Nyşanyň merkezinde merkezden çykýan Gün şöhleleriniň suduryndaky içki tegelegiň merkezi böleginde Türkmenistanyň altyn reňkli kartasy, töwereginde bolsa altyn ýarym aýyň we ýyldyzlaryň bäşisiniň şekilleri bar. Diametri 5 mm bolan her bir ýyldyza göwher daşy oturdylan. 

Töwerek boýunça ini 3 mm zolakda zümerret daşlarynyň 50-si halkalaýyn ýerleşdirilýär. Zümerret daşlary ýerleşdirilen zolagy hem goşmak bilen tegelegiň umumy diametri - 37,5 mm.

Nyşanyň arka tarapynda «Altyn Aý» Türkmenistanyň nyşany» diýen ýazgy we oýulyp ýazylan tertip belgisi bar. 

Nyşan halkajyk arkaly ini 30 mm, beýikligi bolsa 23 mm bolan kolodka bilen birleşdirilýär. Kolodkanyň ýokarky böleginde ini 30 mm, beýikligi bolsa 9,5 mm bolan gönüburçly çarçuwada «TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY» diýen ýazgy bar. Kolodkanyň bu bölegi gyzyl reňk bilen syrçalanan. Ini 26 mm, beýikligi bolsa 13,5 mm bolan ýerligi ýaşyl reňk bilen syrçalanan aşaky bäşburçly bölekde ýaýrap gidýän altyn reňkli zeýtun şahalarynyň ikisi şekillendirilen. 

Türkmenistanyň «Altyn Aý» nyşany we onuň kolodkasy 750 mähekli altyndan ýasalýar.