Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Her ýylda mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli
günä geçmek¸ tussagdan hem-de jezadan boşatmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1999 ý.¸ № 4¸ 61- madda)
Türkmenistanyň garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden başlap türkmen halkynyň milli Serdary¸ Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy halkymyzyň milli medeniýetini we däp-dessurlaryny dikeltmäge örän uly üns berýär. Munuň netijesinde ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda ömür süren täze ynsanperwerlik taglymlaryň häzirki zaman türkmen jemgyýetine ornaşmagyna ýardam edýär. Adama mähremlik etmek we ynsanperwerlik Saparmyrat Türkmenbaşynyň köptaraply döwlet işinde äşgär ýüze çykýar. Biziň Serdarymyzyň durmuşa geçirýän netijeli döwlet-hukuk syýasaty adalatlylygyň we ynsanperwerligiň aýdyň nusgasy bolup durýar.
Kanunlary gödek bozan we toba gelen adamlaryň günäsini geçmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň görlüp-eşidilmedik sahawatlylygy jemgyýetimizde giňden makullanma we doly goldaw tapdy. Şeýle asylly işde döwletimiziň Baştutany türkmen halkynyň baý taryhy tejribesine hem-de belent ruhubelentligine daýanýar.
Gadyr gijesi biziň halkymyzyň durmuşynda iň mukaddes seneleriň birine öwrülip gitdi. Gadym döwürlerden bäri mukaddes Remezan aýynyň bu gijesi adamlar birek-birege ýagşylyk edýärler¸ ýazyklylaryň günäsini geçýärler we öýke-kinelerden saklanýarlar. Halkymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlaryny dowam etdirip¸ Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de ynsanperwerleşdirmek hakynda Saparmyrat Türkmenbaşynyň baş taglymlaryny we çözgütlerini goldanyp:
Her ýyl mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli jenaýat edip¸ toba gelen¸ ýetirilen zeleliň öwezini dolan we düzelmek ýoluna ymykly düşen adamlaryň günäsini geçmeli¸ olary tussagdan hem-de jezadan boşatmaly.
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1999-njy ýylyň 29-njy dekabry
№ TK -1