Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksini ulanmagyň tertibi hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksini ulanmagyň tertibi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1998 ý.¸ № 1¸ 1- madda)

 

1 madda. 1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 6 maddasyna laýyklykda jenaýat taýdan temmi berilýän etmişi eden adamyň jenaýat jogapkärçiligini aradan aýyrýan, jezasyny ýeňilleşdirýän ýa-da ýagdaýyny başga hili gowulandyrýan kanunyň güýjüniň yzyna hereket edýändigi bilen baglanyşyklylykda:

a) 1998 ýylyň 1 ýanwaryndan başlap güýje girizilen Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi boýunça jenaýat diýlip ykrar edilmeýän etmiş üçin 1961 ýylyň 22 dekabryndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi boýunça 1998 ýylyň 1 ýanwaryna çenli iş kesilen adamlar jezasyny çekmekden boşadylmaga degişlidir;

b) doznaniýe, deslapky derňew edaralarynda we sudlarda önümçilikde bolan, 1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi boýunça jenaýat diýlip ykrar edilmeýän etmişler hakyndaky jenaýat işleri bes edilmäge degişlidir.

 

2 madda. 1961 ýylyň 22 dekabryndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi boýunça iş kesilen, jezasyny çekmedik adamlara jeza çäreleri şu halatlarda, haçan-da olara bellenilen jeza 1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň degişli maddalarynda göz öňünde tutulandakydan has ýowuz bolsa, ol 1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň Jenaýat  kodeksine  laýyk getirilýär diýip bellemeli.

 

3 madda. Zähmete hökman çekmek bilen şertli iş kesilen adamlara (1961 ýylyň 22 dekabryndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 24-1 maddasy), şeýle hem özleri barasynda hökümiň ýerine ýetirilmegini gaýra goýmak ulanylan adamlara (1961 ýylyň 22 dekabryndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 45-1 maddasy) bellenilen jeza çäresi şertli iş kesmäge çalşyrylýar (1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 68 maddasy).

Zähmete hökman çekmek bilen azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinden şertli boşadylan adamlara (1961 ýylyň 22 dekabryndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 52-2 maddasy), azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezasynyň çekilmedik bölegi şertli iş kesmäge çalşyrylýar (1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 68 maddasy).

 

4 madda. Düzediş koloniýalarynda azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jezasyny çekýän adamlara olary saklamagyň düzgüni 1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine laýyk getirilýär.

 

5 madda. 1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi boýunça koloniýalarda-poseleniýelerde jezany çekmegiň diňe seresapsyzlykdan edilen jenaýatlar üçin kesgitlenilendigi bilen baglanyşyklylykda, bilkastlaýyn jenaýat edendigi üçin koloniýalarda-poseleniýelerde jezasyny çekýän adamlary saklamagyň düzgüni 1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine laýyklykda kesgitlenilýär.

 

6 madda. Şu Kanunyň 1 maddasynyň «a» punktuna laýyklykda jezasyny çekmekden boşadylan adamlar, şeýle hem ön jezasyny çeken ýa-da jezasyny çekmekden möhletinden öň boşadylan adamlar, eger olara 1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň jenaýat kodeksine laýyklykda jenaýat bolup durmaýan etmiş üçin iş kesilen bolsa, sud edilenlik aýby bolmadyk hasap edilýär.

 

7 madda. Şu Kanuny ýerine ýetirmek:

a) şu Kanunyň 1 maddasynyň «a» punktunda, 2, 3 we 4 maddalarynda görkezilen adamlar barasynda - şol adamlar barasynda hökümleri ýerine ýetirýän edaralaryň ýazyp bermegi boýunça jezanyň çekilýän ýerindäki sudlaryň;

b) şu Kanunyň 1 maddasynyň «b» punktuna laýyklykda bes edilmäge degişli işler barasynda - doznaniýe, deslapky derňew edaralarynyň we sudlaryň üstüne ýüklenilýär.

 

 Türkmenistanyň                                           Saparmyrat

    Prezidenti                                                   Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

1998-nji  ýylyň 6-njy fewraly 

№ 270 - 1