Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň "Bitaraplyk" ordenini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

 K A N U N Y

 

Türkmenistanyň "Bitaraplyk" ordenini döretmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1999 ý.¸ № 1¸ 11-madda)

 

(13.07.2007 ý.  № 131-Ш;  02.10.2009 ý. № 68-IV we 01.03.2014 ý. № 31-V 

Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň "Bitaraplyk" ordenini döretmeli. 

 

2-nji madda. Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeniniň Statutyny we Ýazgysyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).

 

  Türkmenistanyň                                        Saparmyrat

   Prezidenti                                                  Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

1998-nji  ýylyň 17-nji dekabry 

№ 334 - 1 

 

Türkmenistanyn «Bitaraplyk» ordeniniň

STATUTY

(rejelenen görnüşi)

 

1. Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurt döwletleriniň raýatlary sylaglanylýar.

3. Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň ykrar edilmegine we berkarar bolmagyna goşan goşandy, ýurtda ykdysadyýeti, medeniýeti, ylmy we halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin sylaglamak maksady bilen döredildi.

4. Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglanan adamlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň on bäş essesi möçberde birwagtlaýyn baýrak hem-de iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna her aýda iň pes aýlyk zähmet hakynyň 15 göterimi möçberinde goşmaga hak tölenilýär.

Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

5. Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglanan adamlara Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni we şahadatnama gowşurylýar.

 

Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeniniň plankasynyň

ÝAZGYSY

 

Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeniniň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, onuň merkezinde iki tarapa ýaýrap gidýän parahatçylygyň nyşany bolan altyn reňkli zeýtun şahalary ýerleşdirilen.

 

 

Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeniniň

ÝAZGYSY

 

(rejelenen görnüşi)

 

Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni sekizburçluk görnüşindedir. Ordeniň umumy diametri 42 mm. 

Ordeniň merkezinde diametri 29,7 mm bolan ýerligi ak reňkli syrçalanan tegeleginiň ortasynda Ýer şarynyň şekilinde Türkmenistanyň ýaşyl reňkli syrçalanan kartasy we Türkmenistanyň Bitaraplyk binasynyň güberçek altyn çaýylan şekili ýerleşdirilen.

Ordeniň merkezi tegeleginiň ýokarky böleginde «BITARAPLYK» diýen altyn çaýylan ýazgy, aşaky böleginde parahatçylygyň nyşany bolan iki tarapa ýaýrap gidýän altyn çaýylan zeýtun şahalary ýerleşdirilen.

Ordeniň her burçunda ýedi sany sirkoniý daşjagazlary, burçlaryň ortasynda bolsa, gyzyl reňkli daşjagazlar goýlandyr.

Orden halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 31 mm bolan açyk kitap görnüşinde şekillendirilen daşy altyn çaýylan bezeg bilen jäheklenen ýaşyl reňkli syrçaly kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň ortasynda gyzyl reňkli syrçalanan sütünde türkmen halysynyň bäş sany altyn çaýylan gölleri ýerleşdirilendir.

Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni altyn çaýylan 925 mähekli kümüşden ýasalýar.