Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Býujet sistemasy hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Býujet sistemasy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1996 ý., № 1-2, 2-nji madda)

 

(18.04.2009 ý. № 32-IV, 09.06.2018 ý. № 41-VI, 13.03.2021 ý. № 350-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI, 03.06.2023 ý. № 28-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun býujet sistemasyny dolandyrmagy we onuň hereket etmegini guramagyň hukuk esaslaryny kesgitleýär, ähli derejedäki býujetleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

                                                        

I. bölüm

UMUMY DÜZGÜNLER

 

        1-nji madda. Býujet diýen düşünje

 

Býujet munuň özi döwlet häkimiýeti we dolandyryş, ýerine ýetiriji häkimiýet hem ýerli öz-özüňi dolandyryş organlary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly bellenen tertipde belli bir döwür üçin döredilýän we peýdalanylýan maliýe serişdeleriniň jemidir.

 

        2-nji madda. Býujet sistemasy hakyndaky kanunçylyk

 

Býujet sistemasy hakyndaky kanunçylyk şu Kanundan, Türkmenistanyň Ministrler kabineti, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlary tarapyndan bellenilen tertipde tassyklanylýan Türkmenistanyň Döwlet býujetini düzmegiň we ýerine ýetirmegiň Düzgünlerinden ybaratdyr.

 

3 -nji madda. Býujet ýyly

 

Býujet ýyly - bu özüne býujet taýýarlanylýan maliýe ýylydyr. Maliýe ýyly 1-nji ýanwarda başlanýar we 31-nji dekabrda tamamlanýar.

 

 

 

         4-nji madda. Býujet-maliýe syýasaty

 

Býujet-maliýe syýasaty munuň özi Türkmenistanyň ýokary döwlet häkimiýeti we dolandyryş organlary tarapyndan alnyp barylýan Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň sazlaşykly bolmagyny üpjün etmäge gonükdirilen salgyt, nyrh, pul-kredit we walýuta syýasatydyr.

                                               

II bölüm.

                            TÜRKMENISTANYŇ BÝUJET SISTEMASY

 

         5-nji madda. Türkmenistanyň býujet sistemasy

 

Türkmenistanyň ýeke-täk býujet sistemasyny Türkmenistanyň Döwlet býujeti we döredilmeginiň hem peýdalanylmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenilýän döwletiň beýleki maliýe serişdeleri düzýärler.

 

          6-njy madda. Türkmenistanyň Döwlet býujeti

 

Türkmenistanyň Döwlet býujeti, munuň özi öz düzümine merkezleşdirilen býujetiň we ýerli býujetleriň serişdelerini girizýän pul serişdeleriniň esasy fondudyr.

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň düzüminde ýörite maksatly fondlaryň serişdeleri we eýeçiligiň, döwlet görnüşine esaslanan hojalygy ýöredýän subýektleriň maliýe serişdeleri göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejileri bir maliýe ýylynyň dowamynda fiziki we ýuridik taraplar tarapyndan tölenen salgytlaryň, ýygymlaryň hasabyna we Türkmenistanyň kanunlary hem beýleki kanunçylyk aktlary tarapyndan bellenen beýleki hökmany tölegleriň we gelip gowuşýan beýleki çeşmeleriň hasabyna emele gelýär.

Türkmenistanyň, Döwlet býujetiniň girdejileri býujet ýyly üçin tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakyndaky Kanuna laýyklykda merkezleşdirilen býujetiň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň býujetleriniň arasynda paýlanylýar.

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylary döwlet häkimiýeti we dolandyryş, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özuňi dolandyryş organlarynyň işini üpjun edýän gündelik çykdajylardan we inwestision hem innowasiýon işleri maliýeleşdirmäge bolan çykdajylardan ybaratdyr.

 

7 - nji madda. Merkezleşdirilen býujet

 

Merkezleşdirilen býujet - munuň özi umumy milli programmalary maliýeleşdirmek üçin we döwlet häkimiýeti we dolandyryş organlarynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan pul serişdeleriniň fondudyr.

Merkezleşdirilen býujetiň girdejilerini Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenen salgytlar we başga hökmany tölegler düzýärler.

Merkezleşdirilen býujetiň belli bir bölegi dotasiýalar we subwensiýalar görnüşinde territoriýalary ykdysady, sosial we medeni taýdan gyradeň ösdürmegi üpjun etmek üçin welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň býujetlerine gönükdirilýär.

Merkezleşdirilen býujetiň serişdeleri şu maksatlar üçin peýdalanylýar, ýagny:

-  önümçilik we önümçilige degişli bolmadyk gurluşygy, proýekt-gözleg,  tebigaty goramak we başga   işleri  maliýeleşdirmäge;

- saglygy goraýyşy, bilimi, ylymy, medeniýeti we sporty, ilatyň sosial üpjunçiligini maliýeleşdirmäge;

- döwlet häkimiýeti we dolandyryş organlaryny, hukuk goraýjy, sud organlaryny saklamaga we goranyşa;

 - tebigy betbagtçylyklaryň ýetiren zyýanlaryny ýok etmek boýunça geçirilmeli  işleri maliýeleşdirmek üçin  ýörite fondlary döretmäge;

  -        Hökümetiň rezerw fonduny döretmäge;

 - döwletiň daşarky we içerki bergilerini üzmäge;
         -  merkezleşdirilen  tertipde maliýeleşdirilýän   beýleki  çäreleri.
   

    8 - nji madda. Ýerli býujetler

 

Ýerli býujetler - munuň özi ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş organlarynyň, garamagyndaky, öz üstlerine ýüklenen wezipelerini ýerine ýetirmekleri üçin döwletiň administratiw-territorial birlikleriniň pul serişdeleriniň fondudyr.

Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş organlary öz ygtyýarlaryna laýyklykda, öz býujetlerini özbaşdak düzýärler, býujet girdejileriniň möçberiniň, goýberilen dotasiýalaryň we subwansiýalaryň çäklerinde welaýatlary, şäherleri, etraplary, posýoloklary we obalary ykdysady, sosial we medeni taýdan ösdürmek boýunça çäreleri maliýeleşdirýärler.

Ýerli býujetlere Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kanunçylyk aktlary bilen bellenilen salgytlar geçirilýär.

Ýerli býujetleriň serişdeleri şu aşakdaky maksatlar üçin ulanylýar, ýagny:

-territoriýany  ösdürmek planlaryna  lapyklykda amala  aşyrylýan önümçilik we önümçilik däl gurluşyk üçin;

-şäheriň, posýoloklaryň we obalaryň, abadanlaşdyrylmagy  üçin;

-ýaşaýyş jaý fondunyň we kommunal maksatly obýektleriň, degişli tabynlykdaky ýollar setiniň saklanylmagy we düýpli remon­ty üçin;

-ýerli tabynlykdaky saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we sport guramalaryny maliýeleşdirmäge;

 -ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş organlaryny saklamak we beýleki maksatlar üçin peýdalanylýar.

 Ýerli býujetleriň girdejideriniň, bir bölegi dotasiýalar we subwensiýalar görnüşinde şu aşakdakylardan bölünip berilýär:

-         welaýatyň býužetinden etraplaryyň we etraplara deňleşdirilen şäherleriň býujetleri üçin welaýatyň häkimi tarapyndan;

- etrapyň býujetinden etrapdaky şäherleriň, posýoloklaryň, obalaryň býujetleri üçin etrabyň häkimi tarapyndan;

- Arkadag şäheriniň býujetinden etraplaryň býujetleri üçin Arkadag şäheriniň häkimi tarapyndan;

-         Aşgabat şäheriniň býujetinden etraplaryň we Pöwrize posýologynyň býujetleri üçin Aşgabat şäheriniň häkimi tarapyndan bölünip berilýär.

 

         9-njy madda. Ýörite maksatly fondlar

 

Ýörite maksatly fondlar ýörite maksada gönükdirilen döwletiň pul serişdeleriniň fondlarydyr.

Ýörite maksatlaýyn fondlar Türkmenistanyň, Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň aktlary bilen döredilip bilner.

 

           10 -njy madda. Eýeçiligiň döwlet görnüşine esaslanýan  hojalygy ýöredýän subýektleriň maliýe çeşmeleri

 

Eýeçiligin döwlet görnüşine esaslanýan hojalygy ýöredýän subýektleriň maliýe çeşmeleri salgytlary, ýygymlary we gaýry hökmany tölegleri, amortizasion otçisleniýeleri töländen soňra olaryň ygtyýarynda galýan peýdadan we beýleki girdejilerden emele gelýär.

Eýeçiligiň, döwlet görnüşine esaslanýan hojalygy ýöredýän subýektler özleriniň maliýe çeşmelerini normatiw taýdan paýlamagy we peýdalanmagy Türkmenistanyň Hökümetiniň umumy ykdysady syýasatyna laýyklykda amala aşyrýarlar.

 

11 -nji madda. Adatdan daşary býujet

 

Adatdan daşary ýagdaý girizilen halatynda Türkmenistanyň, Prezidentiniň adatdaň daşary býujeti tassyklamaga hukugy bardyr.

 

III bölüm

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BÝUJETINI DÜZMEGIҸ  GARAMAGYҸ TASSYKLAMAGYŇ WE ÝERINE ÝETIRMEGIŇ TERTIBI

 

         12-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmek we oňa garamak

 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlanylmagyny we düzülmegini guraýar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi býujet ýylynyň başlanmagyna çenli 5 aý öňünden ýörite maksatlaýyn fondlaryň prawleniýelerini, ministrlikleri we wedomstwolary, döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň beýleki organlaryny, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, häkimlerini býujetiň taslamasyny taýýarlamaga başlanylyşy we döwleti ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, halk hojalygynyň pudaklaryny we administratiw-territorial birlikleri ösdürmegiň ileri tutulmalary hakynda habarly edýär, býujetiň taslamasyny düzmek boýunça metodik maslahatlary iberýär hem-de olary saklamak üçin assignowaniýeleriň deslapky limitlerini we maksatlaýyn programmalaryň ýerine ýetirilişini habar berrýär.

Ministrlikler we wedomstwolar, ýörite maksatlaýyn fondlaryň prawleniýeleri, döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň beýleki organlary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri býujet ýylynyň başlanmagyna çenli 4 aý öňünden Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň rekomendasiýalaryna laýyklykda jemlenen maliýe planlarynyň we smetalarynyň taslamalaryny berýärler. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi jemlenen maliýe planlarynyň we smetalarynyň berlen taslamalaryna ykdysady baha, bermegi geçirýär we şolary düzedýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmsnistanyň Merkezi bankynyň we döwlet dolandyryşynyň beýleki gyzyklanýan organlaryň gatnaşmagynda makroykdysady ýagdaýy analizleýär, býujet ýyly üçin maliýe strategiýasyny işläp düzýär, girdejileriň real çeşmelerine baha berýär hem-de býujet çykdajylarynyň ähli görnüşleri boýunça netijäni berýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi býujet ýyly başlanmazyndan 2 aň öň Türkmenistanyň, Döwlet býujetiniň taslamasyny ýanynyň düşündirişli haty bilen Türkmenistanyň Ministrler kabinetine seretmek üçin berýär, şeýle hem ministrlikleriň we wedomstwolaryň, beýleki döwlet häkimiýeti we dolandyryş organlarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleriniň dykgatyna Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasynda olar üçin göz öňünde tutulan degişli görkezijileri şolaryň dykgatyna ýetirýär.

Türkmenistanyň Ministrler kabineti Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyna seredýär we ony Türkmenistanyň Prezidentine berýär.

 

           13- nji madda. Türkmenistanyň Döwlet býujetini tassyklamak

 

Türkmenistanyň Prezidenti býujet ýyly başlanmazyndan bir aý öň Türkmenistanyň Döwlet býujetinň taslamasyny seretmek we tassyklamak üçin Türkmenistanyň Mejlisine berýär.

Türkmenistanyň Mejlisine berilýän Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasynyň ýany bilen düşündirişli hat iberilýär, onda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň geçen we şol maliýe ýylynda ýerine ýetirilişine baha berilýär hem-de ol şundan ybarat bolmalydyr, ýagny:

-         býujet ýylyna Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy;

- kanun taslamasynyň esasy düzgünleri we ýurduň ykdysady ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň doklady;

- Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, merkezleşdirilen býujetiň aýratynlykda welaýatlaryň we Aşgabat  şäheriniň ýerli  býujetleriniň girdejileri hem  çykdajylary hakynda  maglumatlar;

- döwlet zaýomlary hakynda maglumatlar;

 -ministrlikleriň we wedomstwolaryň, ýörite maksatlaýyn fondlaryň jemlenen maliýe planlary.

Maliýe çeşmeleri bar mahalynda çykdajylary kemeltmek ýa-da olary köpeltmek boýunça kanun taslamasyna düzedişleri girizmäge Türkmenistanyň Mejlisiniň haky bardyr.

Türkmenistanyň Mejlisi býujet ýyly üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakyndaky Kanuny tassyklaýar, ol şundan ybaratdyr, ýagny:

-Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejileriniň we çykdajylarynyň umumy summasy;

-içerki we daşarky döwlet bergileriniň, we Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň defisitiniň aňryçäk möçberleri. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň defisitine diňe merkezleşdirilen býujetde ýol berlip bilner;

- defisity maliýeleşdirmegiň çeşmeleri;

-girdejileriň esasy çeşmeleriniň ws çykdajylaryň ugurlarynyň bölünip   berilmegi bilen merkezleşdirilen býujetiň girdejileriniň we çykdaýjylarynyň  umumy summasy;

- welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň býujetleriniň umumy möçberlerini we dotasiýalaryň hem-de subwensiýalaryň möçberleri;

- welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň býujetlerine merkezleşdirilen býujetiň girdejilerinden otçisleniýeleriň normatiwlerini;

-          çykdajylary gysgaltmak düzgüni girizilende, goralýan maddalaryň sanawyny.

Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakyndaky Kanun maliýe ýylynyň başyndan herekete girýär.

Eger býujet ýyly üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakyndaky Kanun maliýe ýylynyň başyna çenli tassyklanmasa, onda döwlet häkimiýeti we dolandyryş, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüni dolandyryş organlarynyň Kanunyň kabul edilen pursatyna çenli her aýyň dowamynda serişdeleri geçen ýylkynyň 1/12 möçberiniň çäklerinde harç etmäge hukugy bardyr.

Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri Türkmsnistanyň Döwlet býujeti hakyndaky Kanun tassyklanylandan soň, býujet ýyly üçin welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň býujetleri hakynda degişli kararlary kabul edýärler.

 

14 -nji madda. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi

 

Türkmenistanyň Ministrler kabineti Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişini Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, ministrlikleriň we wedomstwolaryň, döwlet dolandyryşynyň beýleki organlarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüni dolandyryş organlarynyň usti bilen guraýar.

Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň kassa ýerine ýetirimegini Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Kaznaçeý uprawleniýesi we onuň ýerli organlary amala aşyrýarlar. Kaznaçeý sçýotlarynyň bank hyzmatlaryny ygtyýarly banklar amala aşyrýarlar.

Merkezleşdirilen we ýerli býujetler Türkmenistanyň Döwlet býujetini düzmegiň we ýerine ýetirmegiň düzgünlerinde bellenen tertipde ýerine ýetirilýärler.

Býujet serişdeleriniň harçlanylmagy çykdajylaryň her bir görnüşi üçin hereket edýän normalaryň we limitleriň çäklerinde ministrlikler we wedomstwolar tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Peýdalanylmadyk býujet serişdeleriniň galyndylary maliýe ýylynyň ahyrynda degişli býujetleriň girdejilerine goşulýar.

Maliýe ýylynyň dowamynda býujetiň Kanun tarapyndan tassyklanylan ýetmezçiliginiň çäklerinde Türkmenkstanyň Döwlet býujetine üýtgetmeler girizmäge Türkmennstanyň Prezidentiniň hukugy bardyr.

Ýerli býujetleriň görkezijilerini olaryň girdejileriniň we çykdaýjylarynyň balansirlenilmeginiň, saklanylýan şertlerinde welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleriniň takyklamaga hukugy bardyr.

Merkezleşdirilen býujetler ýerine ýetirilende goşmaça alynana girdeýjiler¸ şeýle hem maliýe ýylynyň jemleri boýunça emele gelýän çykdaýjylardan artýan girdejileriň summasy ykdysady we sosial ösüş boýunça çäreleri maliýeleşdirmek üçin Türkmenýstanyň Ministrler kabineti tarapyndan peýdalanylýar.

Ýerli býujetler ýerine ýetirilende goşmaça alnan girdejiler, şeýle hem maliýe ýylynyň jemleri boýunça emele gelýän çykdaýjylardan artýan girdejileriň summasy ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş organlarynyň ygtyýarynda galýar.

Eger iki ýylyň dowamynda merkezleşdirilen býujet ýerine ýetirilýän prodesinde kaznaçeý sçýotlarynda oňaýly saldo saklanyp galýaň bolsa, onda bu serişdäniň azyndan 50 prosenti gymmatly kagyzlary dolanyşykdan aýyrmak ýada kreditleri üzlüşmek üçin goýberilýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine garamak üçin ony her bir maliýe ýylynyň 1-nji awgustyna çenli Türkmenistanyň Ministrler kabinetine berýär.

Býujetden maliýeleşdirilýän guramalar we edaralar çykdajylaryň smetalarynyň ýerine ýetirilişi barada Türkmenistanyň Döwlet býužetini düzmegiň we ýerine ýetirmegiň Düzgüni tarapynan bellenilen tertipde her bir kwartalda hasabat berýärler.

Ministrlikler we wedomstwolar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine her kwartalda jemlenen buhgalterlik we maliýe hasabatlaryny hasabatlaryny berýär, eýeçiligiň döwlet görnüşine esaslanan hojalygy ýöredýän subýektler hem-de ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynyň alyp barmagynda durýanlar bolsa, hojalyk işleriniň jemleri hakyndaky hasabatlary her bir kwartalda ýerli ykdysadyýet we maliýe organlaryna berýärler.

         Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligiň maliýe ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty we eýeçiligiň döwlet görnüşine esaslanýan hojalygy ýöredýän subýektleriň maliýe işleriniň jemleri hakyndaky doklady düzýär hem-de olary hasabat maliýe ýylyndan soňra gelýän ýylyň 30-njy apreline çenli Türkmenistanyň Ministrler kabinetine berýär.

 

           15-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat

 

Býujet ýyly başlanmazyndan bir aý öň Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Mejlisine geçen maliýe ýyly üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty berýär.

Türkmenistanyň döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat  Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanylýar.

Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, häkimleri degişli ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabatlary tassyklaýar.

 

           16-njy madda. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişiniň guralyşy

 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilmegi babatda:

-Türkmenistanyň Döwlet býujetini düzmegiň we ýerine ýetirmegi Düzgünlerini işläp taýýarlaýar;

-býujet klassifikasiýasynyň gurluşy we düzümini işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

- hökümet operasiýalarynyň we buhgalterlik hasabat sçýotlarynyň döwlet planynyň hasabatyny alyp barýar;

-býujetiň çykdajylaryny kemeltmek  boýunça teklipleri  taýýarlaýar;

- býujetiň çykdajylarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlaýar;

- merkezleşdirilen býujetiň kaznaçeý sçýotlarynyň ýagdaýyna gözegçilik edýär;

- gelip gowuşýan girdejiler Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylaryny upjün etmek üçin ýeterlik bolmasa, Türkmenistanyň Ministrler kabineti bilen ylalaşyk esasynda çykdajylary kemeltmegiň mehanizmini girizýär.

 

IV bölüm. IÇERKI WE DAŞARKY DÖWLET BERGILERINI DOLANDYRMAK

 

           17-nji madda. Içerki döwlet bergilerini dolandyrmak

 

Türkmenistanyň Hökumetiniň ýuridik we fiziki taraplaryň öňünde milli walýutada bildiren borçnamalary Türkmenistanyň içerki döwlet bergisi bolup durýar.

Türkmenistanyň içerki bergisi Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň kepil geçmegi esasynda alnan we (ýa-da) goýberilen kreditler we (ýa-da) zaýomlar boýunça geçen ýyllaryň, bergisinden we täze dörän bergiden durýar.

Döwletiň içerki bergileri babatdaky syýasaty Türkmenistanyň Prezidenti kesgitleýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligiň döwletiň içerki bergilerini dolandyrmak boýunça Hökümetiň ygtyýarly agenti bolup durýar we kreditler hem zaýomlar babatda kontraktlar we şertnamalar baglaşylanda onuň bähbitlerine wekilçilik edýär.

Türkmenistanyň Ministrler kabineti özüniň kepili bolmazdan, kreditler we zaýomlar boýunça ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynyň baglaşan şertpamalary üçin jogapkärçilik çekmeýär.

 

         18-nji madda. Daşarky döwlet bergilerini dolandyrmak

 

Hökümetiň daşary ýurtly kreditorlar babatda bellenilen möhletlerde üzlüşmäge degişli maliýe borçnamalary Türkmenistan  döwlet daşarky bergisi bolup durýar.

Daşarky zaýomlary we kreditleri çekmek hakyndaky kararlar, şol sanda Türkmenistanyň Ministrler kabinetinin kepil geçýäni hem, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilýär.

Daşarky  zaýomlary  we kreditleri  çekmek   baradaky hökümetara şertnamalara  Türkmenistanyň Prezidenti ýa-da  onuň ygtyýarly  adamy tarapyndan gol çekilýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi daşarky döwlet bergilerini dolandyrmak boýunça hökümetiň ygtyýarly agenti bolup çykyş edýär, ol daşary ýurtly kreditorlar bilen şertnamalar baglaşmak baradaky gepleşiklere gatnaşmaga, olary baglaşmagyň maksadalaýyklygy hakynda Türkmenistanyň Ministrler kabinetini teklipler girizmäge haklydyr.

 

          19-njy madda.  Içerki we daşarky döwlet bergileriniň ýagdaýyna gözegçilik

 

          Içerki we daşarky döwlet bergileriniň ýagdaýyna gözegçilik Turkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan amala aşyrylýar.

 

V bölüm. 

JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

          20-nji madda. Býujet sistemasy hakyndaky kanunçylygyň bozulanlygy üçin jogapkärçilik

 

Ministrlikleriň we wedomstwolaryň, beýleki döwlet häkimiýeti hem dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş organlarynyň wezipeli adamlary, häkimler, eýeçiligiň döwlet formasyna esaslanan hojalygy ýöredýän subýektleriň ýolbaşçylary, býujet sistemasy hakyndaky kanunçylygyň bozulmagyna günäkär  adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.

 

Türkmenistanyň                                                       Saparmyrat

         Prezidenti                                                         Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri 

1996-njy ýylyň 18-nji iýuny

№ 121-1