Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" medalyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

 K A N U N Y

 

Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" 

medalyny döretmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1996 ý. № 1-2, 11-madda )

 

(27.09.1996 ý. № 169-1;  16.10.2001 ý. № 89-II; 13.07.2007 ý. № 131-III; 

02.10.2009 ý. № 68-IV we 01.03.2014 ý. № 31-V Türkmenistanyň Kanunlary esasynda

    girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

 

1-nji madda. Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" medalyny döretmeli.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" medalynyň Düzgünnamasyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).

 

3-nji madda. Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" medalynyň Ýazgysyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).

 

Türkmenistanyň                                                Saparmyrat

 Prezidenti                                                          Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri 

1996-njy ýylyň 18-nji iýuny 

 № 130-1

 

 

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň

DÜZGÜNNAMASY

(rejelenen görnüşi)

 

1. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak boýunça döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitirilen uly hyzmatlary üçin sylaglamak maksady bilen döredildi.

3. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen Türkmenistanyň raýaty däl adamlar hem sylaglanylyp bilner.

4. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde Türkmenistany berkarar etmek boýunça göreldeli hem önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işi hem-de onuň abraýyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin;

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, ykdysadyýetiň, ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, bilimiň we saglygy goraýşyň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly zähmet üstünlikleri we hyzmatlary üçin;

ýurduň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga, howpsuzlygy, hukuk tertibini we kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşandy üçin;

ýaşlary Watana söýgi, hormat goýmak we wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça ýokary hyzmatlary üçin sylaglanylýar.

5. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanylan adamlara Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly we şahadatnama gowşurylýar.

6. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanan raýatlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň üç essesi möcberde birwagtlaýyn baýrak berilýär.

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanan adamlar kanunçylykda bellenilen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

 

 

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň plankasynyň

ÝAZGYSY

 

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, çep gyrasyndan dikligine bäş sany haly gölli we iki tarapa ýaýrap duran zeýtun şahaly gyzyl zolak ýerleşdirilen. Plankanyň daşky gyrasy sary reňk bilen örtülendir.

 

 

 

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň

ÝAZGYSY

 

(rejelenen görnüşi)

 

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen diametri 42 mm bolan tegelek bolup, onuň içinde sekizburçluk ýerleşdirilen. Sekizburçlugyň altyn çaýylan her burçunda Gün şöhleleri görnüşinde çyzyklary bar we ortasynda ýaşyl sirkoniý daşy goýlan. Sekizburçlugyň burçlarynyň arasynda türkmen milli nagyşlary çekilen.

Sekizburçlukda diametri 30 mm we 22 mm bolan iki tegelek ýerleşdirilen. Daşky tegelek halka ak reňkli syrça bilen örtülip, onuň ýokarky böleginde «WATANA BOLAN SÖÝGÜSI ÜÇIN» diýen altyn çaýylan ýazgy, aşaky böleginde bolsa türkmen halysynyň bäş sany altyn çaýylan gölleri goýlan. 

Ýerligi ak reňkli syrçalanan içki tegelegiň ortasynda Ýer şarynyň şekilinde Türkmenistanyň ýaşyl reňkli syrçalanan kartasy, onuň aşagynda bolsa iki tarapa ýaýrap gidýän altyn çaýylan zeýtun şahalary ýerleşdirilen.

Medal altyn çaýylan halkajyk arkaly beýikligi 20 mm, ini 31 mm bolan gönüburçly kolodka birleşdirilýär. Kolodka Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny aňladýan syrçalanan şekil görnüşinde ýerine ýetirilen.

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly altyn çaýylan 925 mähekli kümüşden ýasalýar.