Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
KANUNY
Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady
döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ý. № 3, 43-madda)
(13.07.2007 ý. № 131-III we 16.08.2014 ý. № 111-V Türkmenistanyň Kanunlary
esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
1.Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady döretmeli.
2.Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly. (goşulýar).
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1994-nji ýylyň 6-njy sentýabry
№ 957a-XII
Türmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen adyň
DÜZGÜNNAMASY
(täze redaksiýasy)
1. Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen at Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlaryny ösdürmekde, halkyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde uly iş bitiren hem-de durmuşda ile asylly görelde nusgasyny görkezen ýaşuly adamlara dakmak maksady bilen döredilýär.
2. Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen ada mynasyp bolan adamlara "Hormatly il ýaşulusy" diýen ýazgyly şahadatnama we nyşan gowşurylýar.
3. Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen ada mynasyp bolanlara:
iň pes aýlyk zähmet hakynyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn pul baýragy berilýär;
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan telpek, çäkmen we mesi-köwüş (erkeklere), ýa-da gyňaç, köýnek, çabyt we mesi-köwüş (aýallara) gowşurylýar;
iş hakynyň, aýlyk wezipe hakynyň, pensiýasynyň ýa-da kömek pulunyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär.
4. Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň şahadatnamasyny we serpaýlaryny Türkmenistanyň Prezidenti gowşurýar.
Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adynyň
döşe dakylýan nyşanynyň
ÝAZGYSY
(rejelenen görnüşde)
Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adynyň döşe dakylýan nyşany, ýerligi gyzyl we ak syrça bilen örtülen altyn çaýylan täç görnüşindäki şekillerden ybarat sekizburçluk görnüşindedir. Şekilleriň ýüzi aralary altyn çaýylan we ak syrça örtülen nagyşlar bilen bezelen. Täç görnüşli şekiller, ýüzünde dikligine sirkoniý daşlarynyň üçüsi oturdylan, altyn çaýylan sütünjikler bilen birleşdirilen. Täç görnüşli şekiller bilen altyn çaýylan sütünjikleriň ählisinde togalak düwmejikler oturdylan. Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adynyň döşe dakylýan nyşanynyň umumy diametri 45 mm.
Döşe dakylýan nyşanyň ortasy iki tegelekden ybarat bolup, diametri 19,5 mm bolan ýerligi ak syrça bilen örtülen Gün şöhleleri ýerleşdirilen merkezi tegelekde eli ok-ýaýly Oguzhanyň örboýuna duran keşbi şekillendirilen. Tegelegiň daşynda ýaşyl reňkli syrça örtülen, diametri 27,5 mm, ini 3,5 mm bolan daşky tegelegiň ýokarky böleginde «HORMATLY IL ÝAŞULUSY» diýen ýazgy, aşaky böleginde bolsa iki tarapa ýaýrap gidýän altyn çaýylan zeýtun şahalary şekillendirilen.
Döşe dakylýan nyşan halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 31 mm bolan altyn çaýylan gönüburçly kolodka birleşdirilýär. Ýaşyl reňkli syrça örtülen kolodkada «TÜRKMENISTAN» diýen ýazgy, ýarym aý we ýyldyzlaryň bäşisi şekillendirilen.
Döşe dakylýan nyşan we onuň kolodkasy 925 mähekli kümüşden altyn çaýylyp ýasalýar.