Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordenini döretmek hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y 

 

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordenini döretmek

hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ý., № 3, 18-madda)

 

(15.05.1997 ý.¸ № 217-1; 27.07.1998 ý. № 300-1; 16.10.2001 ý. № 89-II; 

13.07.2007 ý. № 131-III; 02.10.2009 ý. № 68-IV we 16.08.2014 ý. № 111-V

Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

 

Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär: 

1. Türkmenistanyň «Galkynyş» ordenini döretmeli.

2. Türkmenistanyň  «Galkynyş» ordeniniň statutyny we ýazgysyny tassyklamaly.

 

         Türkmenistanyň                                           Saparmyrat

          Prezidenti                                                     Türkmenbaşy

 

 Aşgabat şäheri 

1994-nji ýylyň 23-nji sentýabry 

№  962-XII

 

 

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeniniň 

STATUTY

(rejelenen görnüşi)

 

1. Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni döwletiň we jemgyýetiň öňünde önümçilik, ylym, medeniýet, edebiýat, sungat, bilim ugurlarynda we zähmetiň beýleki ugurlarynda bitiren uly hyzmatlary üçin sylaglamak maksady bilen döredildi.

3. Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen Türkmenistanyň raýaty däl adamlar hem sylaglanylyp bilner.

4. Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen:

ýurduň garaşsyzlygyny berkitmekde bitiren uly hyzmatlary üçin;

ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmekde, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda we zähmetiň durnukly ýokary netijelerini gazanmakda goşan uly goşandy üçin;

ylmy we tehnikany ösdürmekde, olaryň iň täze gazananlaryny işläp düzmekde hem-de öňdebaryjy usullary önümçilige ornaşdyrmakda bitiren ajaýyp hyzmatlary üçin, uly tehniki-ykdysady ähmiýeti bolan oýlap tapyşlary we täzelikleri hödürländigi üçin;

ýurduň goranmak ukybyny berkitmekde uly hyzmatlary üçin;

medeniýet, edebiýat we sungat ugurlarynda bitiren aýratyn netijeli işleri üçin;

ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda we terbiýelemekde, saglygy goraýyşda ýokary hünärli kadrlary taýýarlamakda, söwdany, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny, ilata durmuş hyzmatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde gazanan aýratyn netijeleri üçin;

döwlet we jemgyýetçilik işlerinde, kanunçylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmakda bitiren ýokary netijeli hyzmatlary üçin;

Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin sylaglanylýar.

5. Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglanan adamlara Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni we şahadatnama gowşurylýar.

6. Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglanan raýatlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak we iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna iň pes aýlyk zähmet hakynyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär.

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglanylan adamlar kanunlarda bellenilen ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

 

«Galkynyş» ordeniniň plankasynyň

ÝAZGYSY

 

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeniniň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, onuň merkezinde daşy sary, gyzyl, ak reňkler bilen çekilen sekizburçluk ýerleşýär.

Plankanyň daşky gyrasy sary reňk bilen örtülendir.

 

 

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeniniň

ÝAZGYSY

(rejelenen görnüşde)

 

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni sekizburçluk görnüşinde bolup, onuň gyralarynda sirkoniý daşjagazlarynyň segsenisi goýulan. Sekizburçlugyň her burçunda togalak düwme goýulan. Burçlaryň arasynda sary-ýaşyl reňkde şöhlejikleriň bäşisi şekillendirilen. Ordeniň umumy diametri 44 mm.

Ordeniň merkezinde, Günüň şöhleleri şekillendirilen altyn çaýylan, diametri 22 mm bolan tegelegiň merkezi böleginde Türkmenistanyň ýaşyl reňkli syrçalanan kartasy we Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň altyn çaýylan güberçek şekili hem-de tegelegiň aýlaw daşynda altyn çaýylan ýarymaý we ýyldyzlaryň bäşisi ýerleşdirilen.

Ordeniň merkezi tegeleginiň daşyndan diametri 28 mm we ini 4 mm bolan ýaşyl reňkli syrçalanan tegelek halkanyň içiniň ýokary böleginde «GALKYNYŞ» diýen ýazgy, aşaky böleginde bolsa iki tarapa ýaýrap gidýän altyn çaýylan zeýtun şahalary ýerleşdirilen.

Ordeniň her burçunda gyzyl reňkli daşlaryň sekizisi ýerleşdirilip, onuň her tarapynda bolsa milli nagyş şekillendirilen.

Orden halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 31 mm bolan açyk kitap görnüşinde şekillendirilen kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň ortasynda gyzyl reňk bilen syrçalanan sütünde türkmen halysynyň gölleriniň bäşisi goýulan. Kolodka ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen.

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni we onuň kolodkasy 925 mähekli kümüşden altyn çaýylyp ýasalýar.